galyndysyz ykdysadyýetiň ähmiýeti we mümkinçilikleri
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmak, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze önümçilikleri ýola goýmak, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, galyndysyz ykdysadyýete geçmek meselelerine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Biz bu ugurlarda döwlet strategiýasy, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada teswir-düşündiriş bermeklerini sorap, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary Çarymuhammet Şallyýew hem-de Muhammetguly Muhammedow bilen «tegelek stol» söhbetdeşligini guradyk.
— Hormatly mugallymlar, söhbedimiziň başynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy maksatlary barada gysgaça aýdyp geçseňiz!
Ç.Şallyýew: — Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmegi hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlediler. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady bolup durýandygyny nygtady. Ine, hut şu maksatlar hem ýurdumyzyň ykdysady ösüş nusgasynyň we strategiýasynyň esasyny düzýär.
— Muhammetguly mugallym, dünýäde «durnukly ösüş» düşünjesiniň döreýşi, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde durnukly ösüş konsepsiýasynyň tutýan orny barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?
— «Durnukly ösüş» düşünjesi Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw we ösüş boýunça komissiýasynyň 1987-nji ýylda çap edilen degişli hasabatyndan bäri ulanylýar. Ol daşky gurşawa zyýan bermezden, adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen çäreler toplumyny aňladýar we geljek nesilleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak babatdaky hukugyna zeper ýetirmezligi göz öňünde tutýar. Diňe ykdysady ösüşiň, durmuş taýdan jogapkärçiligiň, daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy saklamak arkaly durnukly ösüşi gazanmak mümkindir. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi kabul edildi. Türkmenistan Gün tertibini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň ählisini ilkinjileriň hatarynda resmi taýdan kabul eden ýurt boldy. Bu maksatlar häzirki zamanyň möhüm ykdysady, durmuş we ekologik meselelerine degişlidir.
— Durnukly ösüşi gazanmak babatda dünýä ykdysady nazaryýetinde nähili täzeçe çemeleşmeler bar?
Ç.Şallyýew: — Häzirki wagtda durnukly ösüşi öwrenýän ylmy mekdepleriň esasy ünsi az harajat etmek arkaly köp önüm öndürmäge gönükdirilendir. Ykdysatçylaryň arasynda «galyndysyz ykdysadyýet» düşünjesi has köp ulanylmaga başlady. Dürli neşirlerde, okuw we ylmy merkezlerde, ykdysady düşünjeler toplumynda ol «aýlawly hereket edýän ykdysadyýet», «yzygiderli tapgyrlar boýunça hereket edýän ykdysadyýet», «sirkulýar ykdysadyýet», «üznüksiz dolanyşyk ykdysadyýeti» ýaly görnüşlerde hem atlandyrylýar. Şunda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň wezipelerini we Durnukly ösüşiň senagatlaşdyrma, innowasiýalar, infrastruktura maksadyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzda BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Maýa goýumlary we tehnologiýalary ösdürmek boýunça edarasy bilen galyndysyz tehnologiýalary ulanmak babatda hyzmatdaşlygy ilerletmek maksadalaýyk hasaplanýar.
«Galyndysyz ykdysadyýet» konsepsiýasy geçen asyryň 80-nji ýyllarynda dörän hem bolsa, 90-njy ýyllaryň ahyrynda, 2000-nji ýyllaryň başynda dünýäde giňden ýaýrady. Ol birnäçe ylmy akymlary, ýagny W.Ştaheliň «täsirli ykdysadyýetini», J.Beniýusuň «biomimikriýasyny», R.Lifsetiň «senagat ekologiýasyny», W.MakDonafyň we M.Braungartyň «dizaýn filosofiýasyny», G.Pauliniň «ýaşyl» ykdysadyýetini özüne birleşdirýär. Täze ykdysady nusga barada gürrüň edilende, diňe aýratyn bir pudagyň ýa-da ykdysady işjeňligiň däl-de, ähli ugry öz içine alýan we düýbünden başgaça ýörelgelere esaslanýan çemeleşmäniň göz öňünde tutulýandygyny nygtamak zerurdyr. Eger adaty ykdysadyýetde esasy ýörelge «öndürmek», «ulanmak», galyndylary zyňmak bolan bolsa, galyndysyz ykdysadyýet daşky gurşawy hapalamagy azaldýan önümlere we hyzmatlara ünsi jemläp, öňden gelýän önümçilik nusgasyny üýtgetmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady edebiýatlarda «ýaşyl» jemi içerki önüm» adalgasy hem giňden ulanylýar. Bu görkezijiniň öwrenilmegi bioykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ykdysady deňeşdirmeleridir seljermeleri geçirmäge giň mümkinçilik döredýär. Galyndysyz ykdysady nusgada esasy ýörelge galyndylary zyňmak däl-de, gaýtadan işlemek bolup durýar. Has anygy, bu işde «aýlawlylyk» esasy orny eýeleýär. Käbir çeşmelerde muňa «3R düzgüni» hem diýilýär. Bu adalga «reduce» — azaltmak, «reuse» — gaýtadan ulanmak, «recycle» — gaýtadan işlemek diýen iňlis sözlerinden gelip çykandyr. Umuman, galyndysyz ykdysadyýet her bir adamyň hereketleriniň, sarp ediş endikleriniň üýtgemegini, has oýlanyşykly önümçilige we sarp edilişe geçilmegini, umuman, düýbünden başgaça pikirlenmek ulgamyny göz öňünde tutýar.
— Galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynyň amaly taýdan oňyn netijeleri berjekdigi barada delillendirilen pikirler barmy?
M.Muhammedow: — Galyndysyz ykdysadyýet ýapyk kadaly arabaglanyşygy gaýtalamaga ymtylýan täsirli işewürlik nusgasynyň işlemegi we ösmegi bolup, onda öndürilen, jemgyýetde ulanylan ähli zatlar, ekologik meseleleri döretmezden, ýene-de şol ýapyk aýlanyşygyň içinde işlenilmelidir. Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, dünýä ýurtlarynda galyndysyz ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy täze materiallaryň ulanylmagyny 2050-nji ýyla çenli 53 göterime çenli azaldyp biler. Mysal üçin, gurluşykda, awtomobil senagatynda, himiki serişdeleriň önümçiliginde ýangyç we dikeldip bolmaýan energiýa çeşmeleriniň ýerine gaýtadan dikeldilýänlerini ulanmak mümkindir. Ellen MakArtur gaznasynyň hasaplamalaryna görä, galyndysyz ykdysadyýet eýýäm 2025-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetiniň girdejisini ýylda 1 trillion amerikan dollary möçberinde artdyryp biler. Bu nusga geçilmegi bilen, önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy we innowasiýalaryň sanynyň köpelmegi, netijede, öndürijiligiň hem-de dünýäniň jemi içerki önüminiň artyşy üçin uly mümkinçilikleriň döreýändigini nygtamak gerek. Gaznanyň wekilleri galyndysyz ykdysadyýetiň aýlawlylyk ýörelgesini entek önümçilikde taslama görnüşinde ornaşdyrmagyň zerurdygyny belleýärler. Olar öz garaýyşlaryny bizi gurşap alýan islendik zadyň — iýmitden başlap, binalara çenli ilkibaşda taslanandygy we dizaýn edilendigi bilen düşündirýärler. Şunda olar «aýlawlylyk» ýörelgesini islendik taslama üçin hökmany şert hökmünde kesgitlemegi teklip edýärler we tehniki tabşyryklarda bu talabyň bolmalydygy hakyndaky pikiri orta atýarlar.
— Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgelerini ulanmaga näderejede ähmiýet berilýär?
Ç.Şallyýew: — Ýurdumyzda olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça birnäçe anyk çäreler amala aşyrylýar. Ilkinji nobatda, bu ugurda ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýady döredilýär. 2024-nji ýylyň fewralynda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde türkmen wekiliýeti tarapyndan öňe sürlen teklipleriň arasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşe gönükdirilen Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz (sirkulýar) ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak teklibi hem bar.
Döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işler, aslynda, galyndysyz ykdysadyýetiň talaplaryna doly laýyk gelýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologik nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen bagly degişli innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga hem-de zyňyndylary azaltmaga aýratyn üns berilýär. Şunda Arkadag şäherini üstünlikli durmuşa geçirilýän durnukly ösüş syýasatynyň ajaýyp miweleriniň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Häzir ilatly ýerlerde galyndylary dolandyrmagyň, durmuş we senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty ykdysadyýetiň pudaklaryny ekologik taýdan howpsuz derejede ösdürmäge, tebigaty goramagyň we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasynda sazlaşygy gazanmaga gönükdirilendir. Galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgeleriniň ykdysadyýetimizde ornaşdyrylmagynyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde täsirli gural bolup biljekdigini aýratyn nygtamalydyrys.
— Hormatly mugallymlar, galyndysyz ykdysadyýet ýörelgeleri bilen bagly beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size bu ugruň nazary esaslaryny öwrenmek işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris.
«Türkmenistan»