«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig malyň binýadynda olaryň önümçiliginiň kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki wagtda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak üçin geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, özümizde we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň möçberini artdyrmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigini, ýurdumyzyň baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawoddyr kärhanalaryň döredilmegine gönükdirilen işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şu ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hem bu ugurdaky işlere mynasyp goşant boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhanada geçen ýyllardan bäri ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Birinji sement zawodynyň golaý çäginde «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyrylyp, ähli önümçilik işleri doly awtomatlaşdyrylandyr. Hasaplamalara görä, bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň rugsat edilýän derejeden hem ep-esli az bolmagy, howa goýberilýän tozanlary toplamak, arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ulanylmagy kärhanada önümçiligiň ekologik taýdan arassadygyny we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilýändigini görkezýär.
Zawodyň zerur çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde gurulmagy, onuň gazylyp alynýan ojaklara golaý çäkde ýerleşmegi önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, Köýtendag etraby — peýdaly magdanlara baý sebit. Bu ýerden önümçilik üçin zerur hek, kwars çägesi, gips we toýun, opoka ýaly çig mallar alynýar. Türkmen geologlarynyň gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan «Başhatyn» känindäki toýnuň ägirt uly gorlary, «Garajumalak» känindäki hek daşy, «Akgum» känindäki kwars çägeleri Lebap sement zawody üçin gymmatly önümler bolup durýar. Has öňräk bu ýerde opoka görnüşli toýnuň uly gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Alymlaryň pikirine görä, ol tektonik ýagdaýlar sebäpli topragyň görnüşiniň üýtgemegi esasynda döräpdir. Opoka toýna çalymdaş bolsa-da, fiziki häsiýetleri boýunça ondan tapawutlanýar. Öte dykyz, berk we suwda ýumşamaýandygy üçin ol sement senagaty üçin arzan hem giňden ýaýran çig maldyr. Sement önümçiliginde opokanyň ulanylmagy materialyň özüne düşýän bahasyny arzanladýar we berkligini has güýçlendirýär, süýji hem-de sulfatly suwlarda sementiň suwa, sulfata durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Portlandsement gurluşyk işlerinde iň wajyp önüm bolup durýar. Portlandsement we onuň görnüşleri monolit demirbeton konstruksiýalary gurlanda, ýygnalan demirbeton konstruksiýalarynyň we önümleriniň önümçiliginde, gurluşyk erginleri, gury garyndylar taýýarlananda, sementiň ýörite görnüşleriniň önümçiliginde, başga-da birnäçe gurluşyk materiallaryny taýýarlamakda ulanylýar. Aýratyn häsiýetli berkidiji materiallary almak üçin klinkeriň düzümine silikatlary, alýuminatlary, mineral goşundylary goşýarlar. Portlandsement gidrawliki berkidiji madda bolup, düzüminde 70 — 80 göterim kalsiý silikatlaryny saklaýan portlandsement klinkerine tebigy gipsiň goşulyp, bilelikde ownuk üwelmegi bilen alynýar. Çig mal garyndysynyň talap edilýän himiki düzümini üpjün etmek üçin dürli goşundylar ulanylýar. Sement üwelende mineral we organiki goşundylaryň goşulmagy, berkidijiniň häsiýetini ugrukdyryp üýtgetmäge, klinkeri tygşytlamaga, betondaky sementiň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Täze kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Zawodyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik, durmuş şertleri döredilendir. Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşuldy. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.
Ahal welaýatyndaky Bäherden sement zawodynyň täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement öndürmäge niýetlenen ikinji tapgyryň işe girizilmegi bilen bu ugurdaky işleriň gerimi has-da giňär.
Şeýle kuwwatly kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin inžener-hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde özleşdirmek üçin hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmäge, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mynasyp goşantdyr.
Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.