Milli özygtyýarlylygyny gazanmak bilen, özbaşdak dolandyryş ulgamyny, şol sanda maliýe-bank ulgamyny döreden döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşlere ýetdi. Häzirki taryhy döwürde Türkmenistanda ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, raýatlara döredilýän şertlerde döwrebap ýörelgelerden ugur alynýar. Durnukly ykdysady ösüşiň netijesinde döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň hem möhüm ähmiýete eýedigini bellemek zerur. Bu ugurda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini, amatlylygyny ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýedir.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, maýa goýum syýasatyny ilerletmekde, bu babatda daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga işjeň çekmekde netijeli tagallalary edýändigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň döwlete degişli edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, esasan-da, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Häzirki wagtda bank 20-ä golaý ýurduň banklarynyň we maliýe guramalarynyň 50-den gowragy bilen işjeň hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa halkara hasaplaşyklary we müşderileriň sargytlary boýunça tölegleri çalt hem-de netijeli amala aşyrmaga ýardam edýär. Bank halkara maliýe guramalary we ösüş gaznalary, banklar bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, OPEC gaznasy we beýlekiler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Döwlet daşary ykdysady iş banky 1994-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan bäri Yslam ösüş bankynyň, 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan bäri Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň, 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden bäri Maýa goýumlary we eksport karzlary ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam korporasiýasynyň, şeýle-de 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan bäri Söwdany maliýeleşdirmek boýunça halkara Yslam korporasiýasynyň agzasy bolup çykyş edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi ulag we aragatnaşyk, nebitgaz, ýangyç-energetika, senagat, söwda, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda, hyzmatlar ulgamynda öndürijilikli netijeleriň günsaýyn artmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň barha rowaçlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň açylmagynda we ähli pudaklaryň işiniň ilerlemeginde daşary ýurtly maýa goýujylaryň hyzmaty uly bolup, olar köp sanly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar. Esasan-da, olaryň degişli taslamalary maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalarydyr ylalaşyklary uly ähmiýete eýedir. Bank milli eksport-import we eksport ätiýaçlandyryş bilen hyzmatdaşlyk babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň Eksim banklary, Germaniýadaky Hermes, Italiýanyň eksport ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Bu bolsa, öz nobatynda, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmelerini kesgitleýär.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna degişli desgalaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagynda Döwlet daşary ykdysady iş banky möhüm orun eýeleýär. Ol bu ugurlar boýunça karz ylalaşyklarynyň baglaşylmagynda wajyp hyzmaty ýerine ýetirýär. Maliýe-bank işini alyp barmakda onuň esasy maksady daşary ýurt maýa goýujylaryny ýurdumyzyň iri taslamalaryna çekmekden ybaratdyr. Bu ugurda geçen ýyllaryň dowamynda köp sanly taslamalardyr degişli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen karz ylalaşyklarynyň hasabyna birnäçe giň gerimli taslamalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Gyýanlyda polipropilen we polietilen önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy, Garabogazda karbamid zawody hem-de Owadandepede gazy gaýtadan işlemek we ondan benzin öndürmek boýunça senagat toplumy, şeýle-de Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy, beýleki iri önümçilik desgalary gurlup, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga uly mümkinçilikler döredildi.
Daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, bu ugurda taslamalary maliýeleşdirmek üçin hem Yslam ösüş bankynyň Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen maliýe ylalaşygyna gol çekildi we doly özleşdirildi. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça halkara maliýe guramalary we banklary bilen degişli işler dowam etdirilýär. Bu gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki ähli gurluşyk işlerini gurnamak hem-de turbalaryň we degişli enjamlaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek boýunça Yslam ösüş banky bilen degişli karz ylalaşyklaryna gol çekildi.
Geçen ýyllarda Yslam ösüş bankyndan we OPEC gaznasyndan iki sany «Ro-Ro» görnüşli gämini we bir ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini çekmek barada ylalaşyk baglaşyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylda Italiýa resmi saparynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Adipson Ind. Srl» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama esasynda Lebap welaýatynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany gurmak işlerini maliýeleşdirmek göz öňünde tutuldy.
2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň gaz turbinaly elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň we howa süzgüçleriniň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygynyň «ING Bank N.V.» bankynyň Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki şahamçasy bilen karz ylalaşyklaryna gol çekildi. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän sehiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini çekmek boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen ylalaşyk baglaşyldy. 2021-nji ýyldan bäri bu gazna bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň çäginde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasyny, Jebel şäherçesinde howa menzili toplumyny we Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin üç sany karz ylalaşygy baglaşyldy. Häzirki wagtda berlen karz serişdeleri özleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Arap we fransuz banklary bileleşiginiň arasynda gol çekilen degişli Ylalaşyk bolsa eksport-import amallaryny maliýeleşdirmek, Türkmenistan bilen Fransiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmek bilen bagly hyzmatdaşlygy ilerletmegi göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde bank tarapyndan halkara «VISA» töleg ulgamy bilen bilelikde, «Milli VISA karty», «Overdraft karty» ýaly bank kartlary, «Visa Virtual» elektron karty ornaşdyryldy hem-de «Elektron söwda», «Internet bank», «Onlaýn karz» hyzmatlary işe girizildi. Baş maksady maýa goýumlary işjeň çekmek bolan bankyň içerki serişde dolanyşygyny, degişli amallary hem beýleki banklar bilen deň derejede alyp barmagy onuň tejribesiniň hemmetaraplaýyn häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär.
Häzirki döwrüň geljegi uly ugurlarynyň biri hem döwrebap tehnologiýalary, şol sanda töleg kartlarynyň işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usulyny giňden ornaşdyrmak bolup durýar. Döwlet daşary ykdysady iş banky bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmakda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. «VISA» kartlarynyň ulanylyşyny, «Internet bank» hyzmatyny, umuman, dünýä tejribesinden gündelik özleşdirilýän we milli şertlere laýyklykda alnyp barylýan iş usullaryny ilkinjileriň hatarynda ýola goýdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda möhüm wezipeleriň biri bolan bank ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen degişli derejeleriň maliýe ugrunda dünýädäki abraýymyzy has-da ýokarlandyrýandygyny nygtaýar. 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ikinji gezek «Fitch Ratings» agentliginiň geçiren seljermeleri netijesinde, halkara reýting agentligi Türkmenistanyň reýtingini «B+oňyn» derejesinde çaklama bilen tassyklady. «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara derejeler ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ýurduň daşary ykdysady işini has-da ösdürmäge ýardam edýär.
Maliýe-bank ulgamynyň maýa goýum syýasatynyň ösmegine itergi berýän işleriň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň gatnaşmagynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegini-de görkezmek bolar. Munuň özi netijeli ykdysady özgertme bolup, ähli pudaklaryň işi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Mahlasy, taryh üçin uly bolmadyk 30 ýyldan gowrak döwürde ýokary kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem döwrebap özgertmeler bilen aýakdaş ösüşi ýylsaýyn artýar.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Meýilleşdiriş we seljeriş müdirliginiň başlygy.