Sanly hyzmatlar portalynyň giň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda innowasion ösüş babatda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda maglumat-aragatnaşyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hyzmatlaryň hiliniň barha ýokarlanmagyna we ulanyjylaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Takmynan, 30 ýyl çemesi mundan öň maglumatlary öwrenmek üçin kitapdyr gazet-žurnallary satyn almak zerurlygy bardy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi döwrebap şertlerde ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Indi sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady işiň esasy bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek ýurduň öňe ilerlemeginde, öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagynda möhüm ädim bolup durýar. Maglumat hökmünde belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. Şeýlelikde, ykjam telefonlarda, kompýuterlerde, umuman, internete baglanyşygy bolan enjamlarda maglumatlary göz açyp-ýumasy salymda ýükläp, olar bilen tanşyp bolýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, degişli Konsepsiýa kabul edildi. Şonuň esasynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän milli web saýtlar, mobil goşundylary döredilýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýän taslamalaryň artmagy bu ugurda gazanylýan üstünliklere şaýatlyk edýär.

Sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly özünde maglumatlary ýygnamak bilen bir hatarda, aragatnaşyk boýunça, ýagny ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary onlaýn görnüşde amala aşyrmaga, sanly ulgam arkaly raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerinde köp ýeňillikleri döretmäge, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda bu portalda jemi 500-den gowrak hyzmatlara salgylanmalar ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda 40-dan gowrak onlaýn töleglere we hyzmatlara, 270-den agdyk sanly maglumatlara, döwlet edaralarynyň 150-den hem köp web saýtlaryna, şeýle-de olaryň amala aşyrýan 50-ä golaý hyzmatlaryna salgylanmalar bar.

Her bir ulanyjy bu portalda öz «şahsy otagyny» döredip, ondaky hyzmatlardan doly derejede peýdalanyp, aragatnaşyk, jemagat hyzmatlaryna tölegleri nagt däl görnüşde töläp, jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri satyn alyp we beýleki awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlaryndan peýdalanyp bilýär. Bu usul resminamalary merkezleşdirilen görnüşde tabşyrmaga, olaryň taýýarlanylyşyna hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine syn etmäge şert döredýär. Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Döwlet hyzmatlar portalynda 50 müňe golaý «şahsy otaglaryndan» peýdalanýanlar hasaba alyndy.

Portal ulanyjylary üçin ýurdumyzyň howa maglumaty, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kurslary bilen günüň islendik wagtynda tanyşmaga we habarly bolmaga-da mümkinçilik döretdi. Portalyň sanly hyzmatlarynyň, olary ulanyjylaryň sanynyň yzygiderli artmagy, onuň mümkinçilikleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ulanyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Ähli ýaşdaky raýatlara düşnükli, türkmen we rus dillerinde, sada hem göze gelüwli «bir penjire» Döwlet hyzmatlar portalyny ulanyjylara wagt we serişde tygşytlylygyny üpjün edýär. Bu mobil goşundysyny «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygy döwrebap derejede ýola goýuldy. Şeýle işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimizde döwrebap ösüşlere eýe bolunýar. Şunda dünýä ülňülerine laýyk gelýän elektron hyzmatlara bolan islegler hem günsaýyn artmak bilen.

Batyr KULIÝEW.

«Türkmenistan».