Новости
Baş maksat — milli ykdysadyýetimizi ösdürmek

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan toýlanan şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen umumyhalk maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, onda milli ykdysadyýetimizi geljekde hem ösdürmegiň ugurlary we öňde duran wezipeler anyk kesgitlenildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi uludan bellendi. Iň täze taryhymyz bolan geçen 30 ýyllyk döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Bu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris» diýip, aýratyn nygtady. Degişli ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetine 200 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak möçberde iri maýa goýumlar goýuldy. Olaryň 60 göterimden hem köpüsi bolsa senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. Häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda iň kämil tehnologiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna düýpli ornaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklarymyzyň has-da artmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyna itergi berýär. Muňa ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň hem-de «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan «B+durnukly» derejäniň berilmegi doly güwä geçýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen bagly işler häzirki döwürde hem netijeli dowam edýär. Bu ugurda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda milli Liderimiz halk hojalygyny ösdürmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekligiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda baş maksat hökmünde kesgitlenendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bagtygül ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42135

02.10.2021
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar. Şundan ugur alnyp, Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.


Hormatly adamlar!


Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Şundan ugur alyp, «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda öz işine başlaýan Türkmenistanyň milli pawilýony hem ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdik. Çünki Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen tagallalarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Bu gün Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Biz mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryna we taslamalaryna badalga bermek bilen, ähli ugurlarda halkymyzyň ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris.


Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýokary derejede guralan Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň her biriňize berk jan saglyk, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

01.10.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!


Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan bu halkara baýram mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň hem-de dili senaly ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, nesilleriň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde durmuşda mynasyp orny eýeleýär. Ýaşulularyň halkara gününe ömür menzillerinde baý durmuş tejribesini toplan ýaşuly nesillerimize hormat goýmagyň, olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryny, jemgyýetimiziň agzybirligini we döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde çeken zähmetini ykrar etmegiň baýramy hökmünde uly sarpa goýýarys. Bu baýram mynasybetli Garaşsyz Diýarymyzyň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň älem-jahana ýaň salýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan, ýaşuly nesillerimiziň hormatyna mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli obadyr şäherlerinde baý mazmunly dabaralar geçirilýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda adam hakyndaky aladany ileri tutup, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda ýaşlarymyzy hakyky watançy nesiller hökmünde terbiýelemekde ajaýyp mekdep bolup durýan, parahat, bagtyýar durmuşymyza guwanýan, buýsanýan ýaşuly nesillerimize goýulýan sarpanyň örän belentdigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.


Mähriban halkym!


Türkmenistanyň halkynyň milli bähbitleri biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şu maksatdan ugur alyp, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, tehnologiýa ugurlarynda ynamly ösýän abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýädäki ornunyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli zerur şertleri döredýäris. Şunuň bilen baglylykda, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, gymmatly nesihatlary bilen ýaş nesillere görelde bolýan ýaşulularymyz hakynda uly alada edýäris. Ömri mekdebe, pendi edebe öwrülen, dilleri senaly, il sylagly ýaşulularymyzyň, mähriban enelerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, durmuş taýdan goraglylygyna döwlet derejesinde uly üns berýäris.

Durmuşyň her bir ädiminde ýaşululara sala salmak, her bir işde olardan maslahat soramak türkmen halkynyň asylly ýörelgesidir. Bu gün ýaşuly nesillerimize döwletli törlerimiziň bezegi, akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys. Biz Watanymyzyň okgunly ösüşine we beýik geljegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyza badalga berenimizde, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan «Garry — öýüň sütüni», «Garryly öý — gaznaly öý» ýaly ýörelgelerimize eýerip, dili senaly ýaşulularymyza maslahat salýarys. Rysgal-berekediň, eşretli durmuşymyzyň gönezligi bolan ak bugdaýyň hem-de pagtanyň ekişine, bol hasylyň ýygnalyşyna, täze binalaryň açylyşyna ak pata bermegi ýaşuly nesillerimize ynanýarys. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly iş bitiren hem-de durmuşda görelde nusgasyny görkezen ýaşuly adamlara «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakýarys.

Baý durmuş we zähmet tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyzyň, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň bähbidine döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, zähmetsöýerlik we hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk baradaky nesihatlary Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň beýik mekdebidir.


Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!


Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ata Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

01.10.2021
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýylýazgysynyň altyn sahypalary

Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna watandaşlarymyza hem-de ýurdumyzyň köp sanly dostlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, kitabyň ilkinji nusgalary milli Liderimiz tarapyndan Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde gowşuryldy.

Maliýe-ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady toplumda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylar milli Liderimize parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Eziz Diýarymyzdaky asudalyk we durnuklylyk ýagdaýynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.

Täze kitap Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydyr. Şunuň bilen birlikde, täze neşiriň maksady diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdyr.

Geçmiş häzirki döwre, şu günki günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly düşünmäge hyzmat edýär. Parasatly syýasatçy we alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoluna baha bermäge hut şu nukdaýnazardan çemeleşip, ýurdumyzyň iň täze taryhyna türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy bilen sazlaşykda, milli aň-düşünjäniň ösüşi babatda garaýar.

Eýýamlar möçberinde geçilen 30 ýyllyk ýol bir pursada deňdir, ýöne halkymyzyň ykbaly üçin tutuş eýýamlary ruhlandyran döwrüň bir bölegidir. Garaşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler geljekde has-da belent sepgitlere ýetmek üçin esas bolar.

Milli Liderimiz ädimme-ädim jemgyýetçilik aňyny özgertmekde, milli we ruhy gymmatlyklary dikeltmekde, durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretmekde döwlet Garaşsyzlygynyň ähmiýetini açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň resmi taýdan ykrar edilmegi bu taryhy ýoluň möhüm wakasy hökmünde beýan edilýär. Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygymyzyň sütüni bolup durýar we Türkmenistanyň ynsanperwer halkara syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedigi baradaky netijä gelýär.

Döwlet Baştutanymyz halkara derejede ykrar edilen Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesi barada aýdyp, tutuş adamzadyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we nurana geljeginiň bähbidine halklary jebisleşdirýän ýörelgeleriň ähmiýetini açyp görkezýär.

Hakykatdan hem, halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmagyň möhüm şertleriniň biri boldy. Şu ýolda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Pudaklaryň her biri umumy işe goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika we obasenagat toplumynyň ösüşi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan rowaçlanmagy, raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy hem-de durmuş taýdan goraglylygy we iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada anyk maglumatlary getirýär.

Kitapda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzyň senagat taýdan üstünlikli ösüşi, elektron senagaty we döwrebap önümçilikleri döretmek, medeniýet, ulag hem-de maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, hususy telekeçiligi goldamak babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary barada gürrüň berilýär.

Täze neşiriň aýry-aýry sahypalary daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlandy.

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti, bilim hem-de ylym, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlary kemala getirmegiň tapgyrlaryndan üstünlikli geçip, milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly täze wezipeleri çözmäge girişdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişligine has-da işjeň goşulyşýandygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy dereje we halkara gatnaşyklarda netijeli gural hökmünde bitaraplygyň ähmiýeti barha artýar.

“Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly neşir ata Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň ykbalynda özüniň jogapkärli wezipesine düşünýän hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatçynyň kitabydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we döredijiligi mähriban topragymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň oý-pikirleri halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, arzuwlary bolsa eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak baradadyr.

Resmilik, garaşsyz we özygtyýarly ösüşiň 30 ýyllyk döwrüne ylmy taýdan berlen anyk baha wakalary beýan etmegiň şahyranalygy bilen utgaşýar. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan eseriň many-mazmunynyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilendigine göz ýetirmek bolýar. Neşir köp sanly suratlar bilen bezelipdir.

Fotosuratlar Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, täsin tebigaty hem-de baýlyklary, gadymy taryhy we medeniýeti bolan, ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan garaşsyz, dünýewi we demokratik döwlet barada gürrüň berýär. Olar täze döwrüň ruhuny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly işini, amala aşyrýan daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwerlik many-mazmunyny her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleriň okgunlylygyny açyp görkezýär.

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly çärä medeniýet ulgamynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, döredijilik, sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabyň alymlar hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma bildirýändigini, türkmen garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän möhüm, dokumental çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Çykyş edenler täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetini nygtadylar.

Medeniýet işgärleri, şahyrlar, sungat ussatlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan türkmenleriň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamaga hem-de mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan nygtadylar.

Meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Olar Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we köpöwüşginliligi hem-de döredijilik mekdepleriniň köp ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň hem-de milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýän folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýylynda neşir edilen bu ajaýyp eser milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň taryhy we geljegi baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi.

Tanyşdyrylyş dabaralarynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýüzlenme kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady, türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge we giňden wagyz etmäge berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42048

01.10.2021
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin mümkinçilikler giňelýär

Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” köpugurly toplumyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün toplumyň düzümine girýän Söwda we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Hökümet agzalary çagalary, agtyklary bilen bolup, merkezde çagalaryň we uly adamlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar.

Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň ösen häzirki zaman şähergurluşyk tejribelerini özünde jemleýän bu desgalar toplumy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berildi.

Täze taryhy eýýamda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli görnüşli, şol sanda durmuş maksatly iri desgalar, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem açylyp ulanylmaga berilýär. Munuň özi ilatyň durmuş üpjünçiligine, halkymyzyň amatly ýaşamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bu gün Aşgabat dünýäniň we sebitiň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda innowasiýalary, iň gowy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, täze Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumynyň halkara derejedäki güwänamalara eýe bolandygyny bellemeli. Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşi tarapyndan bu topluma “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänama, Dokland,s (London) ylmy-barlag akademiýasynyň “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu merkeze Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärçilik instituty tarapyndan “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň berlendigini we onuň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigini bellemeli.

Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegini hem-de ilatynyň artmagyny nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan bu taslamada söwdanyň we dynç alşyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini bellemeli. Şeýlelikde, täze merkezde dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredildi. Şunda körpe nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Söwda we dynç alyş merkeziniň täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy bu ýere gelýänleriň ruhuny göterýär. Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanýan bezeg aýratynlyklary adamlara ýakymly täsir edýär. Onda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm üns berilýändigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilatyň köpugurly isleglerini kanagatlandyrmak, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmeklerine ýardam bermek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelýän söwda kärhanalarynyň işiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şeýle hem Söwda we dynç alyş merkezinde islän harydyňy satyn almak, maşgala bolup dynç almak, dürli söwdalary guramak, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin şertler döredildi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýji önümlerini satyn alyp bilerler.

Merkeziň çäginde körpeler üçin niýetlenen güýmenje mekanlary has-da özüne çekýär. Onuň düzümine körpeler hem-de uly ýaşly çagalar, maşgala bolup dynç alýanlar üçin ýörite bölümler hereket edýär. Attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi çagalaryň we ýetginjekleriň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Merkeze gelen çagalar olary uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumda oýunlar ulgamyndaky örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar goýlupdyr. Olar hatda uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Bu ýere gelýän çagalar we ene-atalar döredilýän mümkinçilikler, şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar. Olar häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde ýaş nesilleriň gowy okamaklary, sazlaşykly ösmekleri hem-de şadyýan dynç almaklary babatda ähli şertleriň döredilýändigini uly guwanç bilen belleýärler.

Mundan başga-da, dynç alyş we güýmenje toplumynda kinoteatr, bilýard we bouling oýnamak üçin meýdançalar ýerleşýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly Söwda we dynç alyş toplumy Aşgabadyň esasy binagärlik aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42047

01.10.2021
Işewürligiň öň hatarynda

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde, ýetilen belent sepgitlerde hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Paýtagt şäherimizde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän hususy kärhanalarda, hojalyk jemgyýetlerinde, daýhan hojalyklarynda gelin-gyzlaryň müňlerçesi yhlasly zähmet çekýär. Olar azyk, senagat, gurluşyk önümlerini öndürip, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarda haryt bolçulygyny döredýärler. Ajaýyp halylary dokap, owadan milli lybaslarymyzy taýýarlap, ene-mamalarymyzyň çeper el işlerini ussatlyk bilen dowam etdirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli işewür zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik, ine, şular dogrusynda boldy.

Ogulsoltan IŞIMOWA,

Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy:

— Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, hususy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, onuň düzüminiň giňeldilip, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Şonuň netijesinde hem hususy işewürlik milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçilik işiniň ugurlary, olaryň ygtyýarlyklary giňeldilýär, hususy işewürler maýa goýum taslamalaryny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe we maddy-tehniki kömegini bermek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerini mydama üns merkezinde saklaýar. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» elektron söwda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Döwür bilen deň gadam urýan işewürler häzirki wagtda milli internet dükanlarynyň, onlaýn hyzmatlarynyň işini göwnejaý ýola goýdular, olardan peýdalanýanlaryň sany-da barha artmak bilen.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen halkara işewür gatnaşyklary barha ösdürilýär, olaryň arasynda ulag we logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda bilelikdäki önümçilikleri döretmek, ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara, Ylalaşyklara gol çekilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dünýä tejribesini öwrenmegine, täze önümçilikleriň döredilip, olarda işleriň täze, innowasion tehnologiýalar esasynda ýola goýulmagyna getirýär. Bu babatdan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda garalan meseleler barada gürrüň etmek bolar. Konsultatiw duşuşykda sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, telekeçilik işjeňliginiň artmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Munuň özi geljekde hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde we giňeldilmeginde has-da möhüm ähmiýetlidir.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen telekeçileriniň ýeten belent derejesini eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde görýäris. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hususy pudagyna iri möçberli taslamalary, düýpli gurluşyklary ynanýar. Olaryň ýokary hilli amal edilmegi üçin maýa goýum üpjünçiligine aýratyn üns berýär. Türkmen telekeçileri tarapyndan edil şu günlerde iri taslamalaryň — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulandyrylmagyna goşant goşmaga döredilýän giň şertler üçin milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy:

— Milli telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynyň miwesi bolup, erkinligiň, özygtyýarlylygyň oňaýly täsiri bilen sanlyja ýylyň içinde düýpli özgertmelere, uly üstünliklere eýe boldy. Ýörjen-ýörjenlikden bedew batly ösüşlere ýetdi. Welaýatymyzyň işewürleriniň ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde ilkinjileriň biri bolup hereket edip başlandyklaryny buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu ýöne ýerden däl. Çünki geçmişde Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Merw irki döwürlerde-de täjirleriň şäheri diýlip tanalypdyr. «Täze aý», «Ak hünji», «Bereket», «Maksat deri», «Şatumar», «Datly şerbet» hususy kärhanalary, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti pederlerimiziň nusgalyk ýoluny ilkinjileriň hatarynda dowam etdirip, häzirki wagtda asylly işleri bilen diňe welaýatymyzda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda-da giňden tanalýarlar.

Bu gün maryly telekeçileri mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüji syýasaty bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti bir saçagyň başyna birikdirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýat merkezinde döwrebap ülňülerde gurlan «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän edara binamyzda telekeçiler bilen işewürlik maslahatlaryny geçirmäge, sergileri guramaga giň mümkinçilikler bar. Biz mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyndan ugur alyp, öz işimizi döwlet maksatnamalaryna esaslanan ýörite meýilnama boýunça alyp barýarys. Şol meýilnama esasynda telekeçiler tarapyndan medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap oba-şäherleri gurmak, iri önümçilik kärhanalaryny döretmek işlerini alyp barýarlar. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk, senagat we gurluşyk önümlerini öndürýärler. Hyzmatlar ulgamynda dünýä nusgalyk işleri alyp barýarlar.

Şolaryň hatarynda telekeçi zenanlarymyzyň bolmagy diýseň buýsandyrýar. Tejribeli telekeçi Aýhan Hajyýewa Mary şäherinde ýerleşýän, ýylda 20 million jübüt aýakgap önümçiligine niýetlenen döwrebap önümhana ýolbaşçylyk edýär. Onda gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi zähmet çekip, çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar we oglanlar üçin dürli biçüwdäki we ölçegdäki aýakgaplary öndürýärler. «Gerçek» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň söwda dükanlaryna ýaýran ýokary hilli aýakgaplaryň Owganystana, Gyrgyzystana eksport edilmegi, bu önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyndan habar berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu telekeçi zenanyň durmuşy şatlykly wakalara baý boldy. Aýhan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginde «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edilip, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada mynasyp boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşikde hem «Ýylyň işewür senagatçysy» ugry boýunça birinji orny eýeledi.

Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, her öý, her ojakda bellenilýär. Bizem halkymyz, ýurdumyz üçin uly ähmiýetli bolan bu şanly baýramçylyga mynasyp zähmet sowgatly geldik. Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Bahargül ÇARYÝEWA,

«Bahar keşdeleri» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

— Beýik Garaşsyzlyk milli mirasymyzyň täzeden dikeldilmegine, kämilleşmegine we döwrebaplaşmagyna hem giň ýol açdy. Geçmiş taryhymyzda hem ajaýyp halylary dokamak, owadan keşdeleri çekmek bilen dünýä halklarynyň ünsüni özüne çeken ene-mamalarymyz bize egsilmez genji-hazynany — çeper el işlerini miras goýupdyr. Ony mynasyp dowam etdirip, geljekki nesillere ýetirmek bolsa biziň — tikinçi gyz-gelinleriň paýyna düşýär.

Her bir işe yhlas-başarnyk hem höwes gerek. Meniň hususy eýeçilikde tikinçilik öýüni açmagyma-da çagalykdan çeper el işlerine bolan höwesim itergi berdi. Köýneklerimi özüm biçip-tikip, ýakasyny-da özüm bejererdim. Soňra goňşy-golam gyz-gelinleriň haýyşy bilen olaryň hem köýneklerini tikip-bejerip berdim. Daş-töwerekden buýurmalar köpelip ugrady. Netijede, çeper el işine ökde gelin-gyzlaryň onlarçasyny ýygnap, tikinçilik işi bilen meşgullanýan hususy kärhanany ýola goýduk. Häzirki wagtda kärhanamyzda kürteleriň, donlaryň, çabytlaryň, ýeňsizleriň dürli görnüşlerini taýýarlap, ýörite dükanymyzda zenanlarymyza elýeterli bahadan hödürleýäris.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirip, sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi bilen bagly şatlykly waka bizi has-da begendirdi. Bu nusgalyk el işiniň biçilişi, tikilişi, nagyşlary bilen gyzyklanyp, ene-mamalarymyzdan entek öwrenmeli zatlarymyzyň kändigine göz ýetirdik. Milli lybaslarymyzyň gadymy nusgalaryna döwrebap röwüş çaýylanda has owadan bolýar. Şonuň üçin lybaslarymyzyň müşderileri-de ýeterlik.

Ýurdumyzyň hususy pudagynda ajaýyp haly we haly önümlerini öndürip, dürli milli lybaslary taýýarlap adygan telekeçi zenanlarymyzyň sany barha artýar. Tejribeli telekeçiler Orazgül Eýeberdiýewa, Ogulhan Rozyýewa, Kümüş Täjibaýewa dagy öz önümleri bilen daşary ýurtlarda geçirilen halkara sergilere gatnaşyp, türkmen halylarynyň meşhurlygyny dünýä ýaýan bolsalar, Aknabat Towyýewa, Aýna Durdylyýewa dagyny halkymyz inçelik bilen taýýarlanylan owadan milli lybaslary bilen tanaýar.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunda gelin-gyzlarymyzy biziň ajaýyp milli lybaslarymyz bezär. Mähriban Arkadagymyzy, bagtyýar halkymyzy naýbaşy baýramymyz bilen gutlaýarys. Ýurdumyz parahat, iller abadan bolsun! Toýlarymyz toýa ulaşsyn!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Keýik UMAROWA

«Zenan kalby»


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41919

01.10.2021
Milli Liderimiziň ählumumy başlangyçlary

Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine gönükdirilendir

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi açyldy. 21 — 27-nji sentýabrda bolsa utgaşykly görnüşde mejlisiň esasy bölegi — umumy geňeşmeleriň hepdeligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli geňeşmeleriň ilkinji gününde çykyş edip, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi.

Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş taryhyň häzirki tapgyrynda adamzadyň bir wagtda meseleleriň birnäçe toplumy, ýagny pandemiýa, ýaragly dawalardyr gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, deňsizlik we beýlekiler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýratyn nygtap, tizden-tiz olaryň öňüni almagyň zerurdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz maksatnamalaýyn çykyşynda häzirki umumydünýä ýagdaýlaryna, syýasy, ykdysady, durmuş hadysalarynyň meýillerine syn berip, ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde döwletlerdir iri halkara guramalaryň özara utgaşykly hereketleriniň esasy talap bolup durýandygyny belledi. «...Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara hem-de beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde umumy pikire gelinmeginiň örän möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň entek ýeterlik däldigini açyk aýdyp, howply wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda COVID-19 pandemiýasynyň düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykarandygyna ünsi çekdi. Şunda Türkmenistan üýtgewsiz garaýşa eýerýär: koronawirus meselesini syýasylaşdyrmagy, ony döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmagy ýol berilmesiz hasaplaýar. Koronawirusa garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde esasy ornuň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna degişli bolmalydygynyň tarapdary hökmünde çykyş edýän ýurdumyz ylmy diplomatiýa ugry babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny göz öňünde tutup, Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde bu ugurda täze teklipleri öňe sürdi. Pandemiýanyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek şunda esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 48 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama dünýäde häzirki dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlaryň öňe çykaran zerurlygydyr. Çünki durnukly ulag ulgamy bolmazdan, Ýer ýüzünde doly derejeli durnukly ösüşi gazanmak asla mümkin däl. Şoňa görä-de, ählumumy derejede koronawirus ýokanjynyň ýaýran şertlerinde ulag ulgamynyň ähmiýeti has-da artdy. Azyk önümleridir lukmançylyk enjamlarynyň, dermanlardyr beýleki zerur ýükleriň durnukly halkara daşamalarynyň üpjün edilmeginiň pandemiýa garşy göreşmekde netijeli işleri kesgitleýändigini toplanan tejribeden aýdyň görmek bolýar.

Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli hem-de sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler barada durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistanyň halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalaryň kadalarydyr ýörelgeleri esasynda çözmäge goldaw bermegini dowam etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky mejlisiň çäklerinde geçen ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreler durmuşa geçiriler.

Aslynda, hemişelik Bitaraplyk — bu bitaraplygyň ýokary görnüşi bolup, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin uly mümkinçilige eýedir. Ählumumylaşma hadysasynyň barha tizleşmegi bilen, bitarap ýurtlaryň täze wezipeleri ýerine ýetirmek mümkinçiliklerine garalýar. Olar häzirki zaman halkara hem-de şahsy howpsuzlygy saklamak meselelerini çözmäge oňaýly täsir etmäge ukyplydyr. Gürrüň, hususan-da, bitarap döwletleriň dürli görnüşlerdäki gepleşikleri geçirmek ýa-da özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maslahatlary bermek arkaly ýurtlaryň arasyndaky «siwilizasion gatnaşyklary» ösdürmäge goşýan goşandy hakynda barýar. Çünki bitaraplyk ideologiýasyna mahsus bolan özboluşlylyk, pragmatizm hem-de ylalaşyklylyk ýaly ýörelgeler dürli medeniýetlerdir siwilizasiýalaryň asuda ýaşamagy üçin kadalary işläp taýýarlamakda zerurdyr.

Milli Liderimiz nobatdaky mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň düýp mazmuny döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, aýratyn-da, ählumumy parahatçylygy, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy üpjün etmek maksady bilen, anyk hereketler arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Kararnamada dünýä jemgyýetçiligini parahatçylyga we ynanyşmaga durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de adam hukuklaryny hormatlamagy üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş beýan edilýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak gapma-garşylyklaryň bolmazlygyny, birek-birege hormaty alamatlandyrýar. Parahatçylyk we ynanyşmak Ýer ýüzünde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem esasydyr. Muňa garamazdan, käbir sebitlerde parahatçylygy gazanmak çylşyrymly wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, degişli Kararnamanyň kabul edilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, hususan-da, durnukly ösüşiň hatyrasyna parahatçylyk söýüji we açyk jemgyýetiň gurulmagyna ýardam bermegi göz öňünde tutýan 16-njy maksady iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryny utgaşdyryp, parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen paýtagtynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň guralmagy bolsa bu ugurda ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn bermäge, häzirki meýilleri hem-de geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemäge nobatdaky mümkinçilik bolar.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň golaýda açylan 76-njy mejlisindäki çykyşy Merkezi Aziýada howpsuzlygy pugtalandyrmak, Owganystandaky ýagdaýlary dünýä bileleşiginiň utgaşykly tagallalary esasynda kadalaşdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen özara hereketleri giňeltmek ýaly möhüm meseleleri hem öz içine aldy. Bu mejlisde milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipelere esaslanýan köptaraplaýyn resminama bolmak bilen, onda beýan edilen başlangyçlary ilerletmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna girýän diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bilelikdäki işiniň netijelerine baglydyr.

Aksoltan ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42046

01.10.2021
Milli Liderimiziň beýik baýramyň hormatyna täze kitaby

Aşgabat, 29njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezin-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly tä-ze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukad-des Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hemde köpçülikle-ýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amalyhaşam sungaty-nyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüş-gin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çy-kan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze ta-ryhyna özboluşly syýahatdyr.
Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, atababalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýylly-gyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hemde onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanyl-magynyň durýandygyny nygtaýar.
Şunda milli Liderimiz: “Bagtymyzy gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler ilhalkymyzyň egsilmez gaýra-tynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidir” diýip belleýär.
“Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeketäk eýesi” diýen bölümde hut milli özboluşlylygyň hemde türkmenlere mahsus bolan sabyrkanagatlylygyň netijesinde, ýaş, özbaşdak döwletiň kema-la gelýän döwründe hökman we esasly çözülmegini talap edýän ençeme çylşyrymly meseleleri ýe-ňip geçmegiň başardandygy tötänden nygtalmaýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşy hemde dünýä jemgyýetçiligi tara-pyndan doly goldanylýan durmuş ýörelgeleri halkyň arzuwislegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly atababalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýar.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar döwletiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyr-maga hemde jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen yhlasly işleri üçin hormatly Pre-zidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin päk niýetliligiň şamçyragy bolan gadymy milli däplerimiziň dowamatdo-wamdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligi berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işlerde iki pala-taly parlamentiň we köppartiýaly ulgamyň döredilmeginiň möhüm ädim bolandygy nygtaldy.
Bu gün Türkmenistan özbaşdak içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda atababalarymyzyň ýenede bir beýik arzuwyna — parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen belledi.
Geçilen ýolda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagy möhüm waka öwrüldi. Geçen ýy-lyň dekabrynda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2015nji ýy-lyň 3nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69njy mejlisinde halka-ra bileleşigine agza döwletleriň ählisiniň — 193 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemi-şelik Bitaraplygy hakynda ikinji gezek ýörite Kararnama kabul edildi.
Mundan başgada, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMGniň Baş Assambleýasy 12nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şeýle hem BMGniň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi. Häzir oňa dünýäniň 19 döwleti girýär.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwlet-leriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hemde abraýly guramalar bilen köpu-gurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we gurama-lar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.
Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän belent ynam we hormat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny üpjün etdi. Şol başlangyç-lar döwrüň wajyp meselelerini çözmäge — parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly-lygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmäge, ulag ulga-mynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen-dir.
Şeýle hem Türkmenistan 2030njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibini işläp düzmäge işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara hemde durmuşyk-dysady taýdan ösüş taslamalaryna girizmäge ilkinjileriň hatarynda girişdi.
Garaşsyz Türkmenistanyň kemala gelşiniň möhüm tapgyrlaryny beýan edýän kitapda bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwre garamazdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýet-mek üçin hemme çäreler görülýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt-lardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, Türkmenistany ýokary derejeli senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda ähli ugurlary gurşap alýan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz uly ösüş gazandy. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hemde üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly öz-gertmeleriň iri möçberli strategiýasy gönüdengöni ýardam etdi. Şol strategiýa, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny hemde ony sanly ulgama geçirmegi, täzeçil tehno-logiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy-ny, häzirki zaman önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Strategik ulgamlaryň — ýangyçenergetika hemde obasenagat toplumlarynyň, ulag we maglu-mataragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bir hatarda, “intellektual ulgama” — ählumumy ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde mynasyp ykrar edilen bilime hemde ylma uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Halkymyzyň ruhy hemde beden taýdan yzygiderli kämilleşmegine hyzmat edýän ähli zatlar — saglygy goraýyş, medeniýet we sport hem anyk beýanyny tapan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ugrudyr.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdanda, gymmatly kitabynyň Berkarar döw-letimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşi-niň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuşykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiziň ata Watanymyza hemde mähriban halky-myza bolan egsilmez söýgüsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Şu gün döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geçirildi.
Şu çärelere gatnaşyjylar Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2948 

30.09.2021
Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­ýik baý­ra­myň hor­ma­ty­na tä­ze ki­ta­by

Aş­ga­bat, 29njy sent­ýabr (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz” at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu ki­tap şöh­rat­ly se­nä — Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan öz­bo­luş­ly ede­bi ese­re öw­rül­di.

Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň we Halk Mas­la­ha­ty­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hemde köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da­ky bu çä­re aý­ra­tyn da­ba­ra­ly ýag­daý­da geç­di.

Hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň su­but­na­ma­la­ry bo­lan şe­kil­len­di­riş we ama­lyha­şam sun­ga­ty­nyň nus­ga­la­ry ser­gi di­war­lyk­la­ry­nyň aja­ýyp de­re­je­de üs­tü­ni ýe­tir­di. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň, meş­hur aý­dym­çy­la­ryň we sa­zan­da­la­ryň joş­gun­ly çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne aja­ýyp öwüş­gin çaý­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny” di­ýen çuň­ňur maz­mun­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýän şu şan­ly ýyl­da çap­dan çy­kan ki­ta­by asyr­la­ryň do­wa­myn­da en­çe­me be­ýik döw­let­le­ri dö­re­den türk­men hal­ky­nyň iň tä­ze ta­ry­hy­na öz­bo­luş­ly sy­ýa­hat­dyr.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ese­rin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ataba­ba­la­ry­my­zyň he­mi­şe ar­zuw eden, ikin­ji müň­ýyl­ly­gyň ahy­ryn­da dö­re­di­len Ga­raş­syz Türk­men döw­le­ti dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da my­na­syp or­ny eýe­läp, tu­tuş adam­za­da öz şug­la­sy­ny sa­çyp, düý­bün­den tä­ze, bag­ty­ýar döw­rüň baş­la­nan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ki­ta­by­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da Ga­raş­syz­lyk hemde onuň göz­baş­la­ry ba­ra­da pi­kir ýö­re­dip, hem­me be­ýik ýe­ňiş­le­riň, üs­tün­lik­le­riň we hä­zir­ki Türk­me­nis­ta­nyň bar­ha art­ýan hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň öze­nin­de hut döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy­nyň dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.

Şun­da mil­li Li­de­ri­miz: “Bag­ty­my­zy ga­zan­mak, ber­kit­mek, Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň ýo­ly bi­len öňe, di­ňe öňe äkit­mek ug­run­da ama­la aşy­ry­lan we ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ilhal­ky­my­zyň eg­sil­mez gaý­ra­ty­nyň, joş­gun­ly zäh­me­ti­niň ne­ti­je­si­dir” di­ýip bel­le­ýär.

“Türk­men hal­ky — döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ketäk eýe­si” di­ýen bö­lüm­de hut mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gyň hemde türk­men­le­re mah­sus bo­lan sa­byrka­na­gat­ly­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, ýaş, öz­baş­dak döw­le­tiň ke­ma­la gel­ýän döw­rün­de hök­man we esas­ly çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän en­çe­me çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri ýe­ňip geç­me­giň ba­şar­dan­dy­gy tö­tän­den nyg­tal­ma­ýar.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let gur­lu­şy hemde dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýan dur­muş ýö­rel­ge­le­ri hal­kyň ar­zuwis­le­gi­ni we pi­kir­le­ri­ni he­mi­şe na­zar­da tu­tan pa­ra­sat­ly ataba­ba­la­ry­my­zyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ýe­re ýyg­na­nan­lar döw­le­tiň hu­kuk esas­la­ry­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­ga hemde jem­gy­ýe­ti­mi­zi de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len yh­las­ly iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Bu bol­sa hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­ler üçin päk ni­ýet­li­li­giň şam­çy­ra­gy bo­lan ga­dy­my mil­li däp­le­ri­mi­ziň do­wa­matdo­wam­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ýur­du­myz­da ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi ber­ka­rar et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de iki pa­la­ta­ly par­la­men­tiň we köp­par­ti­ýa­ly ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi­niň mö­hüm ädim bo­lan­dy­gy nyg­tal­dy.

Bu gün Türk­me­nis­tan öz­baş­dak içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýan ha­ky­ky de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ki­ta­byn­da ataba­ba­la­ry­my­zyň ýe­nede bir be­ýik ar­zu­wy­na — pa­ra­hat­çy­lyk­da ýa­şa­mak ar­zu­wy­na la­ýyk gel­ýän kuw­wat­ly döw­le­tiň gur­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­di.

Ge­çi­len ýol­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lun­ma­gy mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015nji ýy­lyň 3nji iýu­nyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69njy mej­li­sin­de hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň äh­li­si­niň — 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da ikin­ji ge­zek ýö­ri­te Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.

 Mun­dan baş­gada, ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMGniň Baş As­samb­le­ýa­sy 12nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­di. Şeý­le hem BMGniň çäk­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry­nyň to­pa­ry dö­re­dil­di. Hä­zir oňa dün­ýä­niň 19 döw­le­ti gir­ýär.

Çy­kyş eden­ler Ga­raş­syz­lyk de­re­je­si­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýü­zü­niň has dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar hemde ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­den­di­gi­ni, şol döw­let­ler we gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de üs­tün­lik­li ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan bil­di­ril­ýän be­lent ynam we hor­mat mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň­den gol­da­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­di. Şol baş­lan­gyç­lar döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge — pa­ra­hat­çy­ly­gy, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze gur­lu­şy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge, ulag ul­ga­myn­da, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Şeý­le hem Türk­me­nis­tan 2030njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da Äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi­ni iş­läp düz­mä­ge iş­jeň gat­naş­dy we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny mil­li mak­sat­na­ma­la­ra hemde dur­muşyk­dy­sa­dy taý­dan ösüş tas­la­ma­la­ry­na gi­riz­mä­ge il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da gi­riş­di.

Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ke­ma­la gel­şi­niň mö­hüm tap­gyr­la­ry­ny be­ýan ed­ýän ki­tap­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin çyl­şy­rym­ly döw­re ga­ra­maz­dan, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin hem­me çä­re­ler gö­rül­ýär. Ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň we eks­port ugur­ly önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, Türk­me­nis­ta­ny ýo­ka­ry de­re­je­li se­na­gat döw­le­ti­ne öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da äh­li ugur­la­ry gur­şap al­ýan öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ýur­du­myz uly ösüş ga­zan­dy. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan hemde üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ägirt uly öz­gert­me­le­riň iri möç­ber­li stra­te­gi­ýa­sy gö­nü­dengö­ni ýar­dam et­di. Şol stra­te­gi­ýa, il­kin­ji no­bat­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny hemde ony san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­gi, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy­ny, hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar.

Stra­te­gik ul­gam­la­ryň — ýan­gyçener­ge­ti­ka hemde oba­se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, ulag we mag­lu­matara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi bi­len bir ha­tar­da, “in­tel­lek­tual ul­ga­ma” — äh­lu­mu­my ösü­şiň he­re­ket­len­di­ri­ji­si hök­mün­de my­na­syp yk­rar edi­len bi­li­me hemde yl­ma uly ma­ýa go­ýum­lary gö­nük­di­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň ru­hy hemde be­den taý­dan yzy­gi­der­li kä­mil­leş­me­gi­ne hyz­mat ed­ýän äh­li zat­lar — sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet we sport hem anyk be­ýa­ny­ny ta­pan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň örän mö­hüm ug­ru­dyr.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk se­ne­si my­na­sy­bet­li öz hal­ky­na aja­ýyp sow­ga­da öw­rü­len, maz­mu­ny bo­ýun­ça, ha­ky­kat­danda, gym­mat­ly ki­ta­by­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ägirt uly ga­za­nan­la­ry­nyň, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dy­gy­ny, eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muşyk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň bol­sa, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ady bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata Wa­ta­ny­my­za hemde mäh­ri­ban hal­ky­my­za bo­lan eg­sil­mez söý­gü­si üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny we aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­dyr.

Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry çap usu­lyn­da ne­şir edi­len ki­tap giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen­dir.

Şu gün döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hem ge­çi­ril­di.

Şu çä­re­le­re gat­na­şy­jy­lar Ýüz­len­me ka­bul edip, ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk se­ne­si­ne ba­gyş­lan aja­ýyp dö­re­di­ji­lik sow­ga­dy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41890

30.09.2021
Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine gönükdirilendir

Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylan Bitarap Türkmenistan özüniň okgunly ösüşinde ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň halklarynyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyna ýardam berýär.

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi. Öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek babatda has kabul ederlikli çözgütleri tapmak üçin tagallalary birleşdirmek boýunça ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesi barada aýdyp, bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň ýeterlik däldigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, 76-njy mejlisiň barşynda şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti babatdaky dialogyň meseleleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmalydygyny we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmalydygyny aýratyn nygtap, Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Şunuň bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildirýändigini we şeýle bolmagynda-da galýandygyny belledi. Şunda biz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýändigimizi tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda migrasiýa syýasatyny belläp, Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplap, bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýan ynsanperwerlik däplerine, ýörelgelerine hem-de hoşniýetli erk-islegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka boldy.

Milli Liderimiz çuňňur many-mazmunly çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda okgunly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwleti gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, adamlaryň durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işlere ýokary baha berip, parahat söýüjilige hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Taryh üçin gysga wagtyň içinde ösüşiň garaşsyzlyk ýoly bilen barýan Türkmenistan dünýäde uly abraý gazanan döwlete öwrüldi. Bu döwür içinde biziň demokratik hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy, döwlet gurluşyny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi, harby, hukuk goraýjy we milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Milli goşun döredildi, milli pul dolanyşyga girizildi.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar.

«Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli işde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlaryň birnäçesine gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy. Kitap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.

Milli Liderimiz bu sylaglara Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurdumyzy ösdürmegiň jemleri, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly bolan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda mähriban halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň uly kuwwata eýe bolmagy netijesinde ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günä geçmek hakynda Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy jeza çekmekden boşadyldy.

Şeýle hem milli Liderimiz VI Hazar sammitini, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk toparlaryny döretmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Şeýle hem geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bina ediler. Olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasyny muzdsuz gurup bermegi barada türk potratçysy bilen ylalaşyk gazanyldy.

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde Tatarystanyň Baştutanynyň hyzmatlaryny belläp, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady hem-de şu günki wakanyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow, “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buig, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Taslamasy “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylan täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezleri, kafe, inženerçilik desgalary, çüwdürim, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredildi.

Söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling-zal, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi ýerleşdirildi.

Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr. Üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýlerde giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Hormatly Prezidentimiz 17 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň birine bardy hem-de öý eýeleri bilen söhbetdeşlikde otaglaryň ýerleşişi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli jaý toýuny toýlaýanlara gymmat bahaly sowgatlary gowşuryp, olara maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

Şu günki dabaranyň çäklerinde milli Liderimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Söwda-dynç alyş merkeziniň eýwanlarynyň birinde dabara sanly ulgam arkaly gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmenistanlylary Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar we paýtagtymyzdaky täze “Aşgabat” toplumynyň özboluşlylygyny, onuň gurluşygynda binagärçilik hem-de inženerçilik pikirleriniň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylandygyny bellediler.

Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň adyndan täze Söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň, «Docklands» ylmy-barlag akademiýasynyň (London) “Certificate of Excellence 2021” güwänamasynyň, Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň gowşurylandygy, şeýle hem bu merkeziň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz täze merkeziň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guraljakdygyna, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigine ynam bildirdi we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň 30-synyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçirilýän sergi milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň, rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň egsilmez döredijilik kuwwatynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Köp sanly diwarlyklarda ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň binýatlaýyn pudaklarynyň ösüşiniň depgini görkezildi. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň parasatlydygyny hem-de netijelidigini görkezdi.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41889

30.09.2021
Ganatly bedewler bilen Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galýar

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.

Täze taryhy eýýamda behişdi bedewler döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň we nesilleriň dowamatlylygynyň, adamzat ösüşiniň medeni genji-hazynasyna saldamly goşant goşan türkmen halkynyň aýdyň döredijilik zehininiň beýanyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmaty bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli döredijilikli işleriniň netijesinde bu gün ýurdumyzyň atçylyk pudagy kuwwatly ösüşe eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda arassa ganly behişdi bedewleri köpeltmegiň, ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň milli däplerini aýawly saklamak, dowam etdirmek hem-de baýlaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler dowam etdirilýär. Ugurdaş düzümler yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şeýle gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam edýär. Atly sportuň görnüşlerini, milli at üstündäki oýunlary hem-de at çapmak sungatyny wagyz etmäge uly üns berilýär.

Türkmenistanda her ýyl aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirilýär. Şu ýyl bu sene ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirildi. Şu ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylandygy bellärliklidir. Munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi döredildi. Her gezek bu abraýly gözden geçirilişiň emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk wezipe durýar — täsin bedewleriň iň gowularynyň arasyndan gowularyny seçip almak aňsat däl. Şol bedewleriň her biri gözelligi hem-de syrdamlylygy bilen tapawutlanýar.

Ahalteke tohum atlary halkymyzyň ägirt uly baýlygy hem-de buýsanjydyr. Bedewleriň taryhy ençeme müňýyllyklardan gözbaş alýar. Türkmen seýisleri atlary kämilleşdirmek bilen, ýelden ýüwrük bedewleriň täsin aýratynlygyny aýawly saklap, toplanan tejribäni hem-de bilimleri nesillerden-nesillere geçiripdirler. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesiniň netijesidir.

Atlar ähli döwürlerde türkmenleriň wepaly dosty we syrdaşy bolupdyr. Owadanlygy hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bedewler ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Ýurdumyzda bellenilýän ähli baýramçylyklarda däp bolan at çapyşyklary geçirilýär. Şol dabaralar ajaýyp, okgunly, ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini syn etmäge hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik berýär.

27-nji sentýabrda behişdi bedewler paýtagtymyzda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna geçirilen ýubileý ýörişinde hem özleriniň gözelligini we başarjaňlygyny görkezdiler.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi.

Artistleriň we döredijilik toparlarynyň hem-de bagşylar toparynyň joşgunly çykyşlary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus bolan hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde göreşýän pälwanlar öz ussatlyklaryny subut etdiler.

Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde däp bolan ak öýler gurnaldy hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri, özboluşly halk senetleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Muzeý gymmatlyklaryny hem öz içine alan giň gerimli sergi ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlandy. Bedewler gadymy döwürlerde-de, häzirki günde-de döredijilik ylhamynyň çeşmesidir.

Hakykatdan hem türkmen bedewleri wasp edilmäge mynasypdyr we olar görenleri haýran galdyrýar. Halk döredijiliginde atlar gözellik, maksadaokgunlylyk hem-de wepalylyk, dostluk, asyllylyk, gaýduwsyzlyk, ar-namys, eziz Watanymyza söýgi ýaly düşünjeleri alamatlandyrýar. Häzirki döwrüň sungat ussatlary şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini üstünlikli dowam etdirip, ajaýyp eserleri döredýärler. Şol eserlerde milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň ajaýyplygy wasp edilýär.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk sergisini synlady. Şol sergide paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň medeni-taryhy gymmatlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr.

Sergi gymmatlyklarynyň arasynda at esbaplarynyň nusgalary bar. Ussalar şol esbaplary taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşýärler.

Gadymy döwürlerde dörän aty bezemek däbi hem mähriban halkymyzyň bedewlerini çäksiz söýýändiginiň hem-de olara mähir bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öňki döwürlerde şeýle bezegler goranyş wezipesini hem ýerine ýetiripdir we gözden-dilden goramagyň serişdesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde bu ajaýyp däpler häzirki zaman ussatlarynyň zehinli işlerinde öz beýanyny tapýar. Olaryň taýýarlaýan owadan, inçelik bilen ýasalan bezeg şaý-sepleri ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de olaryň gözelligini açyp görkezýär.

Sergide bezeg şaý-sepleriniň we el işleriniň, haly, dokma, ýüpek, keçe, gön we agaç önümleriniň täsin nusgalary, milli saz gurallary, dürli sowgatlyk önümler görkezildi. Türkmenleriň däp bolan lybaslary we başgaplary, hojalykda ulanylýan serişdeleriniň, zähmet gurallarynyň nusgalary we beýlekiler görkezildi. Sergi gymmatlyklarynyň arasynda düýeler üçin niýetlenen bezegler, şol sanda toý kerweniniň aýrylmaz bölegi bolan owadan bezelen kejebe hem bar.

Bu sergi türkmen halkynyň köpugurly zehininiň hem-de zähmetsöýerliginiň, özüniň baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň nyşanydyr.

Baýramçylyk dabarasynda “Bedew ata şan getirdiň, Arkadag!” diýen aýdymyň ruhubelentlik we joşgun bilen ýerine ýetirilmegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň merkezi münberine çykýar.

Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýmak bilen, ussat çapyksuwar, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly adyň eýesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň örän köpdügine garamazdan, at çapmak, bedewler bilen didarlaşmak üçin hemişe wagt tapýar.

Döwlet Baştutanymyz özüniň tutanýerli zähmeti we hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň atçylyk sport pudagyny höweslendirmäge hem-de ösdürmäge, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmaga saldamly goşant goşýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde özleriniň okgunlylygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Geçirilen çapyşyklaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, atly sportda bedewiň hem-de çapyksuwaryň sazlaşykly hereket etmegi örän wajypdyr. Sportuň şu görnüşinde yzygiderli we tutanýerli türgenleşikler arkaly gazanylýan üstünlik köp babatda çapyksuwaryň we atyň sazlaşykly hereketi bilen kesgitlenilýär. Çapyksuwar batyrgaý we aýgytly bolmalydyr, özüniň wepaly ýoldaşyna oňat düşünmelidir hem-de ony başarjaňlyk bilen ugrukdyrmalydyr. Bularyň ählisi ýeňşiň kepilidir.

1400 metr aralyga geçirilen ilkinji dört çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar.

Ilkinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly mele bedew 1 minut 31,5 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi. Ony çapyksuwar B.Babaýew çapdy.

Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr atly gurt mele bedew geldi. Ol bu aralygy 1 minut 33,5 sekuntda geçdi. Onuň çapyksuwary — Ö.Ýalkabow.

Üçünji çapyşykda çapyksuwar N.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gumdag atly dor at 1 minut 31,7 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi.

Dördünji çapyşykda Energetika ministrligine degişli Menekli atly gara gysrak bedew ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 1 minut 32 sekunda deň boldy. Çapyksuwary — J.Hydyrow.

Galan çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewler ýaryşdylar.

1800 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kelete atly dor bedew 2 minut 2,3 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary — B.Bajamow.

2200 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişli Syrdaşym atly gyr at iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu aralygy 2 minut 23,7 sekuntda geçdi. Ony çapyksuwar B.Berdimuhammedow çapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky şeýle aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar atly gyr bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 2 minut 31,2 sekuntda geçdi. Çapyksuwary — B.Bajamow.

Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1-6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň baýragyny — 300 müň manady 2200 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahaltekeatçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow gowşurdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda atly sporty höweslendirmek we ösdürmek, seýisleri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, at çapmagyň şöhratly milli däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz at çapyşyklarynyň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, ähli seýisleri, atşynaslary, şeýle hem tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna möhüm waka hökmünde giren şanly sene — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bäsdeşlik ruhy ýeňiş gazanmak ugrundaky yhlasly ýaryşlara özboluşly öwüşgin çaýdy. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler at çapmagyň ussatlary hasaplanylýar. Bedew hem-de çapyksuwar bir bitewi sazlaşygy emele getirip, hemmeleri haýran galdyrýar.

Ahalteke bedewleri asyllylyk hem-de okgunlylyk ýaly häsiýetlere eýe bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde çapyksuwar babatda ösen aň-paýhas we duýgurlyk ýaly häsiýetlerini görkezýär. Bedewiň hem-de çapyksuwaryň arasyndaky doly özara düşünişmek ýagdaýy atlary seýislemegiň milli mekdebiniň özboluşly aýratynlygydyr. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk mekdebi täze ösüşe eýe boldy.

Ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz ylmy seljermäniň hem-de giň göwrümli taryhy we häzirki döwrüň maglumatlaryny umumylaşdyrmagyň esasynda ýazylan behişdi bedewler baradaky ajaýyp kitaplaryň ençemesini döretdi. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen, türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler daşary ýurtly okyjylar hem-de ady rowaýata öwrülen ganatly bedewlere uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hünärmenler we atşynas alymlar üçin elýeterli boldy.

Dünýäniň köp ýurtlarynda ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi. 2018-nji ýylda bu bedew on metr aralygy iki aýagynda 4,19 sekuntda geçmegi başaryp, bäsleşigiň şu görnüşinde dünýä rekordyny täzeledi. Şu ýylyň ýaz paslynda Akhanyň ilkinji taýçanagynyň peýda bolandygy bellärliklidir. Türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna taýçanaga Aşgabat ady dakyldy.

Ahalteke bedewleriniň hem-de çapyksuwarlaryň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilen iri gözden geçirişlerinde hem-de sirk festiwallarynda ýeňiji bolandygy bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giň meşhurlyga eýe boldy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu topar halkara bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” toparynyň at çapmak babatdaky ýokary ussatlygy, onuň agzalarynyň ýerine ýetirýän täsin akrobatik tilsimleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrýar.

Milli Liderimiz ýeňiji bolan çapyksuwarlary gazanan ýeňişleri bilen ýene bir gezek gutlap, hemmeler bilen bilelikde edermen harby uçarmanlarymyzyň ýerine ýetiren uçuşlaryny synlady.

Şol pursatda häzirki zaman uçarlaryna erk edýän birnäçe harby uçarmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýokarsyndan baýramçylygyň hormatyna birnäçe çylşyrymly uçar tilsimlerini ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna asmanyň giňişligini salýutyň öwüşginleri bezedi. Munuň özi dabara gatnaşyjylaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy.

Harby uçarmanlaryň bu görkezme çykyşlary özleriniň ajaýyp häsiýetleri bilen “asman bedewleri”, “ganatly bedewler” ýaly deňeşdirmelere mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şan-şöhratynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Gadymy rowaýatlardan mälim bolşy ýaly, ganatly ahalteke bedewleri biziň şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň nyşanyna öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň harby uçarmanlary tarapyndan ýerine ýetirilen çylşyrymly tilsimler, göýä, ganatly bedewleriň okgunlylygyny görkezýär. Atlaryň çapyşyny uçuş bilen deňeşdirmek bolýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olaryň ygtyýaryna häzirki zamanyň iň kämil we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalary gelip gowuşýar. Bu bolsa harby uçarmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarly bolmak bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda türkmen uçarmanlary iň täze uçarlara ussatlyk bilen erk edip, olarda çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýärler. Olaryň şu günki görkezme çykyşlary eziz Watanymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan çäreleriň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz çapyksuwarlaryň höwes edýän ugurlary, geljekde saýlap aljak hünärleri bilen gyzyklandy we olara durmuşda ak ýol arzuw etdi.

Milli Liderimiz çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýurdumyzyň Hökümet agzalary döwlet Baştutanymyzy giňden dabaralandyrylan şanly sene bilen gutladylar. Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini, oňa halkymyzyň işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy ähmiýetli pursatlaryň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwatyna beslenen gadymy küştdepdi tansy döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41751

29.09.2021
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň işi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di

Aş­ga­bat, 28nji sent­ýabr (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na döw­let sy­lag­la­ry­ny, no­bat­da­ky har­by we ýö­ri­te at­la­ry dak­mak hemde hü­när de­re­je­le­ri­ni ber­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze “Türk­men eder­men” me­da­ly hemde “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly gow­şu­ryl­dy.

Ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de, döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­ny ber­kit­mek­de we go­rap sak­la­mak­da hemde ka­nu­ny­ly­gy, hu­kuk ter­ti­bi­ni berk ber­jaý et­mek­de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­mu­şyn­da we mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm orun eýe­le­ýän şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li gu­ra­lan me­de­niköp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň, da­ba­ra­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi de­giş­li dü­züm­le­riň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­nyň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lup dur­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, düýn he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly se­ne­si­niň giň ge­rim­li da­ba­ra­lar bi­len bel­le­ni­len­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let mün­be­ri­niň hä­zir­ki za­man top­lu­my­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň şah­sy dü­zü­mi­niň har­by ýö­ri­şi ge­çi­ril­di. Şeý­le hem oňa zäh­met­de aja­ýyp üs­tün­lik­ler ga­za­nan wa­tan­daş­la­ry­myz gat­naş­dy­lar.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­di, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ber­ki­dil­di. Mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­di. Di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan ýur­du­my­zyň Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li dü­züm­le­riň mad­dyen­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyşdur­muş şert­le­ri­ni hasda go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­ler ge­çi­ril­di. Döw­le­ti­miz gel­jek­de hem bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çi­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­ny hemde Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni, go­şun­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň hä­zir­ki za­man har­by teh­ni­ka­laryň, şol san­da ho­wa, gu­ry­ýer we de­ňiz har­by en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­li­şi­ni gör­ke­zen da­ba­ra­ly ýö­ri­şe gat­na­şan har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň äh­li şah­sy dü­zü­mi­ni da­ba­ra­ly ýö­ri­şiň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, şeý­le hem da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şiň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň hemde har­by gul­luk­çy­la­ryň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­lan­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­ny ber­kit­mek­de we go­rap sak­la­mak­da, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da go­ran­mak kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, ra­ýat­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny, asu­da­ly­gy­ny, ka­nu­ny­ly­gy hemde hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek­de, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­ny mert­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­rynyň, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na gu­ra­lan da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge go­şan şah­sy go­şant­la­ry­nyň na­za­ra alnyp, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na hemde har­by gul­luk­çy­la­ryň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyl­ýan­dy­gy­ny, şeý­le hem olara har­by we ýö­ri­te at­la­ryň da­kyl­ýan­dy­gy­ny, hü­när de­re­je­le­ri­niň be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türk­men eder­men” me­da­ly hemde “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň ka­bul eden kararlaryny oka­dy we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za de­giş­li döw­let sy­lag­la­ry­ny gow­şur­dy.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny gow­şur­dy hemde no­bat­da­ky har­by we ýö­ri­te at­la­ry dak­dy.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, ge­ne­ralleý­te­nant Ç.Ama­no­wa “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­lyny we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­my­zy gow­şur­dy. Şeý­le hem wi­seprem­ýe­re, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na ge­ne­ralpol­kow­nik har­by ady da­kyl­dy.

Wi­seprem­ýer, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, har­by ka­sa­ma, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly­ly­gyň hemde pa­ra­hat we dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şyň go­ra­gyn­da dur­ma­ga taý­ýar­ly­gyň ka­sa­my­ny aýt­dy.

Soň­ra go­ran­mak mi­nist­ri, ge­ne­ralma­ýor B.Gün­dog­dy­ýe­we ýu­bi­leý me­da­ly, ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­myz gow­şu­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny bi­len, Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy­na ge­ne­ralleý­te­nant har­by ady da­kyl­dy.

Go­ran­mak mi­nist­ri sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, har­by bor­ja, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri Ö.Ho­ja­ny­ýa­zo­wa “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­myz gow­şu­ryl­dy. IIMniň ýol­baş­çy­sy har­by ka­sa­ma, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze he­mi­şe we­pa­ly­ly­gyň hemde pa­ra­hat we dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şy­ň go­ra­gyn­da dur­ma­ga taý­ýar­lyk ka­sa­my­ny aýt­dy.

Soň­ra Baş pro­ku­ror B.At­da­ýew “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­myz bi­len sy­lag­lan­dy. Baş pro­ku­ror sy­la­gy ka­bul edip, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Us­sa­ne­pe­so­wa “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy gow­şu­ryl­dy. Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, Wa­ta­ny­my­za he­mi­şe­lik we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny aýt­dy we gel­jek­de hem özü­niň mu­kad­des wa­tan­çy­lyk bor­ju­ny ab­raý bi­len ber­jaý et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri G.An­na­ýew mil­li Li­de­ri­mi­ziň özü­ne gow­şu­ran “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­my­zy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, har­by ka­sa­my aýt­dy.

“Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­myz bi­len sy­lag­la­ny­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň howp­suz­lyk gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy D.Me­re­dow sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, har­bywa­tan­çy­lyk ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew mil­li Li­de­ri­mi­ziň gow­şu­ran “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Ada­lat mi­nist­ri, ýus­ti­si­ýa­nyň uly ge­ňeş­çi­si B.Mu­ha­me­dow ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” ýu­bi­leý me­da­ly­na, ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny­ — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­my­za my­na­syp bol­dy. Mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na şeý­le hem ýus­ti­si­ýa­nyň 3nji de­re­je­li döw­let ge­ňeş­çi­si hü­när de­re­je­si be­ril­di.

Mi­nistr sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, har­by ka­sa­ma, Wa­ta­ny­my­za he­mi­şe­lik we­pa­ly­ly­gyň hemde hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da dur­ma­ga taý­ýar­lyk ba­ra­da­ky ka­sa­my ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy, pod­pol­kow­nik M.Hu­daý­ku­ly­ýe­we “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” ýu­bi­leý me­da­ly, ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­myz gow­şu­ryl­dy. Şeý­le hem oňa Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Per­ma­ny bi­len pol­kow­nik har­by ady da­kyl­dy. Güm­rük gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­sy sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz we­pa­ly­lyk ka­sa­my­ny aýt­dy.

Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy, pod­pol­kow­nik N.Ata­ga­ra­ýe­we my­na­syp bo­lan ýu­bi­leý me­da­ly, ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny — Al­tyn şaý mil­li ma­na­dy­myz gow­şu­ryl­dy hemde oňa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, pol­kow­nik har­by ady da­kyl­dy.

Gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy sy­la­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, mu­kad­des ka­sa­my aýt­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň howp­suz­lyk gul­lu­gy bo­ýun­ça A.Hu­daý­ber­di­ýe­we no­bat­da­ky har­by at da­kyl­dy.

Ol har­by adyň ny­şa­ny­ny ka­bul edip, har­by wa­tan­çy­lyk ka­sa­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Soň­ra ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýa­dy­gär­lik sow­ga­dy gow­şu­ryl­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz wa­tan­daş­la­ry­my­za hemde Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li özü­ne gow­şu­ry­lan döw­let sy­lag­la­ry­ny — Türk­me­nis­ta­nyň “Türk­men eder­men” me­da­ly­ny, “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny hal­ky­my­zyň ýo­ka­ry sy­lag­la­ry hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, biz äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, tu­tuş adam­za­dyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýa­rys, äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýa­rys. Bi­ziň aba­dan dur­mu­şy­myz, bü­tin dün­ýä­de ag­zy­bir­li­gi, dostdo­gan­ly­gy ber­kit­mek üçin ed­ýän ta­gal­la­la­ry­myz bi­rekbi­re­ge hor­mat goý­ma­gyň ny­şa­ny­dyr. Bu bol­sa alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­si­dir.

Ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­miz, eziz Wa­ta­ny­my­zyň go­ran­mak kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek­de ga­zan­ýan uly üs­tün­lik­le­ri­miz me­ni mer­da­na hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­mu­şy ug­run­da mun­dan beý­läk hem yh­las bi­len äh­li ukypba­şar­nyk­la­ry­my, güýçkuw­wa­ty­my gaý­gyr­man zäh­met çek­mä­ge borç­ly ed­ýär. Alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­myz­da he­mi­şe eziz hal­ky­ma da­ýan­ýa­ryn di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­ň ýol­baş­çy­la­ry­ny my­na­syp bo­lan döw­let sy­lag­la­ry we no­bat­da­ky har­by at­la­ry hemde ber­len hü­när de­re­je­le­ri bi­len gut­la­dy.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni bel­läp, da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň hemde hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan jo­gap­kär­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41752

29.09.2021