1964-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe döwletleri, Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy döretdiler. Munuň özi sebitleýin ykdysady birleşikleriň ýörgünli däldigi sebäpli, şol döwürlerde öňdengörüjilikli başlangyç boldy. Şol bir wagtda dünýäde ählumumy we sebitleýin garaýyşlaryň, olaryň umumy çözgütleriniň ýokdugyna garamazdan, Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk sebit derejesinde netijeli köptaraplaýyn çemeleşmelere çagyrdy hem-de merkezi utgaşdyryjy gurama hökmünde uly orun eýeledi. Umuman, bu düzümi döretmegiň maksady şol üç döwletiň taryhy taýdan ýakynlygyny we halklarynyň doganlyk gatnaşyklaryny anyk kesgitlenen köptaraplaýyn meýdança öwürmekden ybarat bolupdy.
Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk 1979-njy ýyla çenli hereket edip, biraz wagtlyk arakesmeden soň, onuň işi 1985-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ady bilen gaýtadan dikeldildi. Soňra taryhy ösüşiň täze tapgyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, bu sebitiň ýurtlary we Owganystan hem guramanyň agzalygyna kabul edilip, 10 döwleti öz içine alan YHG-nyň düzümi has-da giňedi. Guramanyň söwda, aragatnaşyk, syýahatçylyk, energetika, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak bilen bagly umumy maksady öz garaşsyzlygyny saklamaga we ykdysady taýdan gülläp ösüşi gazanmaga çalyşýan agza döwletleriň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebiti köp ugurda artykmaçlyklara eýedir. Bu sebitiň halklary taryhyň ähli döwürlerinde-de dini, medeni taýdan, guryýer we deňiz arkaly özara gatnaşyklar babatda umumylyklary paýlaşýandyklary bilen bellidir. Täjirler bu sebitdäki dürli görnüşli söwda ýollarynyň kömegi bilen bütin dünýä syýahat etmäge mümkinçilik alypdyrlar. Meselem, biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan başlap Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyran söwda geçelgeleriniň ulgamyny emele getiripdir. Bu ýol sebitleriň we halklaryň arasynda ykdysady, syýasy, medeni hem-de dini taýdan özara gatnaşyklaryň merkezi bolupdyr.
Häzirki wagtda «Beýik Ýüpek ýoly» adalgasy Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýany Günorta Aziýa, Pars aýlagy, Arabystan ýarym adasy, Ýakyn Gündogar, Gündogar Afrika hem-de Günorta Ýewropa bilen birleşdirýän guryýer, deňiz ýollaryny aňlatmak üçin ulanylýar. Soňlugy bilen esasy söwdadan täjirçilik hereketlerine geçildi, geçmişden galan ýollar häzirki döwletleriň arasyndaky täze geçelgelere öwrüldi. Ilkibaşda söwda hereketleri söwdany goramak üçin däp bolan usullar we täjirçilik harytlaryna ýeňil çäklendirmeler arkaly serhetleri kesip geçmäge mümkinçilik berýän erkin söwda hakyndaky halkara ylalaşyklar arkaly alnyp barylmandyr. Muňa garamazdan, döwrüň ösmegi innowasion ulaglary we pikirleri ýüze çykarýar, şol sanda harytlary alyş-çalyş etmek işi hem döwrebaplyga eýe bolýar.
28-nji noýabrda «Bilelikde geljege» şygary astynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde hem, ine, hut şu meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitara hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýete eýe bolan bu sammite gatnaşmak üçin, YHG-nyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary Aşgabada ýygnandylar.
Geçen ýyllaryň dowamynda YHG-nyň çäginde söwda, aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, medeniýet, durmuş we ylmy işläp taýýarlamalar ulgamlarynda derwaýys başlangyçlardyr çözgütler kabul edildi. Gurama tarapyndan sebitleýin institutlardyr ýöriteleşdirilen edaralar hem döredildi. Şol başlangyçlaryň hatarynda sebitiçi söwdany ilerletmek üçin çäklendirmeleri hem-de böwetleri aradan aýyrmak maksady bilen, söwda geçelgelerini döretmek; syýahatçylygy, halkara syýahatçylygy we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin YHG-nyň wiza düzgünini ýola goýmak; ylmy, medeni we bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam bermek; YHG-nyň Söwda banky hem-de guramanyň Kliring birleşmesi ýaly sebitleýin taslamalary maliýeleşdirmek üçin degişli maliýe institutlaryny döretmek ýaly wezipeler bar. Bularyň ählisiniň maksady YHG-nyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmakdan, geçmişde işjeň alnyp barlan özara söwda hereketlerini gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda dünýä ýüzüni gurşap alan COVID-19 pandemiýasy özara hereketleriň, söwda we ýükleri daşamak işiniň yzygiderliligine ýaramaz täsirini ýetirdi. Ol adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda kynçylyklary döretdi. Şunda söwda we syýahatçylyk ulgamlary has köp zyýan çekdi. Bu kynçylyklar YHG-nyň sebitine hem degişlidir. Şeýle şertlerde gurama öz iş ugruny üýtgedip, senenamada bellenen çäreleri dowam etdirmek hem-de işleriň ýyllyk meýilnamasyny ýerine ýetirmek üçin, wirtual we gibrid görnüşli özara hereketleri ýola goýdy. Üstümizdäki ýylda Yslamabat — Tähran — Stambul ulag geçelgesiniň işe girizilmegi ulag ulgamyndaky özara hereketlerde gazanylan uly üstünlikleriň biri boldy. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Pakistanyň Karaçi şäherinden Türkiýä we Azerbaýjana iki gezek ýük ugradyldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem bu düzümiň işiniň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk etmegi, Aşgabatda gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň we YHG-nyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi bu ugurdaky tagallalaryň anyk mysalydyr. Şeýle-de YHG öz agza döwletleriniň her biriniň ägirt uly mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmaga çalyşýar. Çünki ýurtlaryň käbirleri tebigy baýlyklaryň iri gorlaryna eýe bolsa, käbirleri durmuş üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürmekde aýratyn tapawutlanýar. Sebitiň içinde şol harytlardyr hyzmatlara isleg barha artýar, munuň özi birek-biregiň mümkinçiliklerinden hem-de hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly ykdysady bähbitleri gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz şu we beýleki ugurlarda öňde durýan meseleleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmakda YHG-nyň nobatdaky 15-nji sammiti gurama agza döwletler üçin täze mümkinçilikleri açdy diýip aýdyp bileris. Aşgabat sammitiniň şygary, hakykatdan-da, agza ýurtlaryň bilelikde geljegi guramaga umumy islegini aýdyň şöhlelendirdi.
Rahim Haýat KUREŞI,