Önümçilikde diňe döwrebap tehnologiýalar

«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýleni. Bizem öň tarypyny eşidenem bolsak, bu toplumy gözümiz bilen görmegi, onda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy maksat edinip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşigine tarap ýola düşdük. Obanyň içinden geçýän asfalt ýol bizi giň meýdany eýeleýän döwrebap topluma getirdi.

Ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etini öndürip başlan tejribeli telekeçi Maksat Ibragimowyň ýolbaşçylygyndaky bu toplum alty bölekden ybarat bolup, ilki baranymyz hind guşlarynyň idedilýän ketekleri boldy. Hatara duran dört ketegiň birinjisiniň gabadynda aýak çekdik. Maksat ketekleriň aňryýanyndaky giň meýdana göz aýlap:

— Biz geljekde ketekleriň sanyny 10-a ýetirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle bolanda, önümçiligimiz ýene-de artyp, hind guşunyň eti bilen diňe halkymyzy üpjün etmän, ony daşarky bazarlara ibermäge-de mümkinçilik dörär. Ýurdumyzda ilkinji bolup et önümlerini eksport etmegiňem biziň paýymyza düşendigini buýsanç bilen aýdyp bilerin. Golaýda Azerbaýjan Respublikasyna hind guşunyň etiniň 22,5 tonnasyny iberdik. Ýakyn günlerde onuň ýene-de bir tapgyryny Gruziýa we Ermenistan Respublikasyna ibermegi göz öňünde tutýarys — diýdi.

Bu täsin guşuň idedilişi barada pikir edenimizde, dogrusy, başda giň ketegiň içinde olara iým, suw berip ýören köp sanly idedijileri göreris öýdüpdik. Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan iş otagyna girenimizde, monitoryň ýüzündäki görnüş bada-bat ünsümizi çekdi. Görüp otursak, Germaniýanyň öňdebaryjy «Prüllage» kompaniýasynyň enjamlary ketegiň içindäki ýagdaýy tutuşlygyna dolandyryp dur. Howanyň ýagdaýy, çyglylyk, gyzgynlyk derejesi, guşlaryň günüň dowamynda iýýän iýminiň, içýän suwunyň mukdary, ätiýaçlyk ot-iýmler... Operator Döwletgeldi Ibragimow oturan ýerinden gerekli düwmejikleri basyp, bu ýagdaýlary aç-açan görüp bilýär we işleri sazlaşykda alyp barýar. Ynha, täze tehnologiýa!

Hind guşlarynyň 4 müňüsi saklanýan ketegiň içiniň garaňkylygy-da ünsümizi çekdi. Operator bu ýagdaýy şeýleräk düşündirdi:

— Hind guşlary, esasan, et ugurly bolansoň, biziň maksadymyz hem olaryň köp agram bermegini gazanmak. Ýagtylyk bolanda, hereket köp bolýar, ýagny guşlar biri-birini kowalap, oýun oýnamak isleýärler. Munuň özi olaryň agram almagyna päsgel berýär. Hereket köp edilende, olaryň damarlary çykyp başlaýar. Şonuň üçin jüýjeler inkubatordan çykandan soň, iki gün ýagtylykda ýaşap, kem-kemden garaňkylyga öwrenişip başlaýarlar. Ýagtylykda ýaşan şol iki gününde-de olar iýmiň, suwuň ýerleşýän ýerini aňynda saklap galýarlar we ajygyp, suwsan halatynda, şondan çelgi alýarlar. Gowy idedilende, horazlaryň agramy 25, mäkiýanlaryňky bolsa 13 kilograma ýetýär. Ot-iýmlik ekinleriň özümizde öndürilmegi guşlaryň öz wagtynda, ýeterlik derejede ýokumly iýmitler bilen iýmitlenip, ýokary agram almagyna oňaýly şertleri döredýär.

Soňra biz toplumyň jüýje çykarylýan bölümine tarap ugradyk. Bu ýerde-de işler täze tehnologiýalar esasynda alnyp barylýar. Önümhanada Belgiýanyň «Petersime» kompaniýasynyň hersi 14 müň 120 sany jüýje çykarmaga ukyply bolan enjamlarynyň 5-si ornaşdyrylypdyr. Jüýjeleriň ýumurtganyň içinde wagty dem alşyna, nähili ýagdaýda oturyşyna ýörite rentgen enjamy arkaly gözegçilik edilýär. Enjamlaryň iş ýagdaýlary ene towugyň tebigy hereketlerini ýada salýar. Wagty gelende, ene towuk çüňki bilen ýumurtgany ýaryp, jüýjäniň çykmagyna ýardam edýän bolsa, inkubatorda 26-njy günde bu enjam arkaly ýumurtgadan kislorod sorulyp, ýerine kömürturşy gazy goýberilýär. Netijede, jüýjeler ýumurtgany ýaryp çykmak bilen bolýarlar. Jüýje çykan dessine, daşynda perdejikler bolýar. Ene towuk ol perdejikleri ganaty bilen kakyp aýyrýar, tehnologiýada bolsa perdejikleri sorýan ýörite enjam ulanylýar. Jüýjeler seljerilip, sanjym edilýär, soňra keteklere goýberilýär.

— Toplumyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 4 müň 800 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda 42 görnüşli önüm öndürilýär. Hind guşunyň eti böleklere bölünip, döşi, budy, bagyrdyr ýüregi aýratynlykda gaplanýar. Gaýtadan işleýän bölümde hind guşunyň etinden şöhlat önümleri, şeýle-de börek, manty, kotlet ýaly ýarymfabrikatlaryň doňdurylan görnüşleri taýýarlanylýar. Biziň önümlerimiz paýtagtymyzyň söwda dükanlarynda «Maksada okgunly» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öňünde dünýä tejribesini öwrenmek, täze önümçilikleri ýola goýmak babatda anyk wezipeleri goýýar. Täze tehnologiýalarda, ýokary öndürijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde harytlaryň täze görnüşleriniň ýene-de 15-sini öndürmek bilen, önümçiligimiziň gerimini has-da giňeltmäge çalyşýarys. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşandymyz bolar — diýip, tejribeli telekeçi Maksat Ibragimow gürrüň berýär.

...Ýola düşenimizde, hind guşunyň etinden we taýýar önümlerden ýüküni ýetiren ýörite awtoulag toplumyň derwezesinden çykyp, paýtagta tarap ugur aldy. Munuň özi ak bazarlarymyzyň täzeje hind guşy eti hem-de ondan taýýarlanylan süýji nygmatlar bilen baýlaşjakdygyndan habar berýär. Bazarlarymyzyň, saçaklarymyzyň azyk önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegi bolsa halkymyzyň bolelin ýaşaýşyndan nyşan.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/49524