Öňdengörüjilikli strategiýa we wajyp çözgütleriň öz wagtynda kabul edilmegi dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň hem-de çäklendirmeleriň dowam edýän häzirki döwründe milli ösüş depginini durnukly derejede saklamaga, pudaklary döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmäge, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky degişli Karary esasynda kabul edilen «Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de ony durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamada» bellenen wezipeleriň amala aşyrylmagy dünýä ykdysady ulgamyna ynamly goşulyşmagymyzy üpjün edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlap geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede üpjün edildi. Bu bolsa dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara garşy netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde gol çeken Karary bilen «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Bu çözgüt ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň pudaga ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksadyndan ugur alýar.
Maksatnamanyň esasy maksatlary geljek ýylda eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň ykdysady işjeňligini üpjün etmek üçin milli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmakdan hem-de pudaklaryň durnukly ösüşini gazanmak bilen, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirjek täsirlerini peseltmek hem-de pudaklary durnukly ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly işleri anyk kesgitlemek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär.
Geljek ýylda makroykdysady durnuklylygy gazanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini pese gaçyrman saklamak, önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny artdyrmak we bu ugurda desgalary netijeli ulanmak, çig mal, kömekçi serişdeler, beýleki önümler bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, içerki bazaryň işini ösdürmek, munuň hasabyna senagat, azyk harytlaryna elýeterliligi has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmek, olaryň işini guramaçylyk taýdan dolandyrmak, ýerli hem-de bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça çäreleri maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirmek bellenilýär.
Ýurdumyzyň amatly ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we milli harytlaryň amatly ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazarlaryna çykarylmagyna ýardam bermek, üstaşyr ýükleri artdyrmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek degişli pudagyň öňünde wezipe edilip goýulýar.
Döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşleridir usullaryny has-da kämilleşdirmek, bu babatda hususylaşdyrmagy dowam etdirmek we gymmatly kagyzlar bazarynyň işini ýaýbaňlandyrmak, döwlet býujetini döwrebap dolandyrmak, elektron salgyt ulgamyny döretmek, bank işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmek, oýlanyşykly pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek wajyp ugurlaryň hatarynda görkezilýär.
Hususy ulgamy döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligini artdyrmak, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek bilen, eksporta niýetlenen hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini ýokary derejede ulanmak üçin şertleri döretmek, höweslendirmek boýunça çärelere uly ähmiýet berilýär.
Maksatnamanyň çäklerinde döwlet kärhanalarynyň, hususy önüm öndürijileriň çig mal, himiki serişdeler we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak arkaly olaryň önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegini gazanmak, ýurduň çäginde duş gelýän himiki elementleriň, şol sanda selçeň-ýer elementleriniň, magdanlaryň senagat ähmiýetli gorlaryny ýüze çykarmak hem-de tassyklamak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Goşulan gymmaty ýokary bolan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri ösdürmek, eksportyň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümleriň paýyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryňdyr enjamlaryň amatly bahalardan göni önüm öndürijiden ýa-da onuň resmi wekillerinden satyn alynmagyny gazanmak, sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmek boýunça işleri çaltlandyrmak meýilleşdirilýär. Ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, dünýä bazaryna amatly ugurlarda goşulyşmak, ýükleriň üstaşyr geçirilmegini höweslendirmek boýunça işleri geçirmek degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde wezipe edilip goýulýar.
Bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň çäginde eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça işler dowam etdiriler. Iri kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, döwlet emlägini ynançly we döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy görnüşinde dolandyrmak işleri durmuşa geçiriler. Elektron salgyt ulgamyna geçmegi tizleşdirmek, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp kämilleşdirmek hem-de beýleki ýurtlaryň gazna biržalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri geçirmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna amatly şertlerde karz serişdeleri, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça degişli işler alnyp barlar. Daşary ýurt we abraýly halkara maliýe guramalary, banklary bilen hyzmatdaşlyk ösdüriler.
Maksatnamada adam maýasyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek we ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi üçin şertleri döretmek maksady bilen, «Arkadag nesilleri» atly ylym-bilim maksatly gaznany döretmek hem-de ýörite saýlanyp alnan ýaşlary onuň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde inžener, nebitgaz, himiýa, energetika, genetika, sanly ulgam, kibernetika, lukmançylyk, halkara hukuk, seýsmologiýa we beýleki ugurlarda okatmak boýunça çäreleri geçirmek bellenilýär.
Hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň toplumlaýyn ösdürilmegi we olar üçin amatly işewürlik şertleriniň döredilmegi, eksport başlangyçlarynyň höweslendirilmegi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam berer. Halkara we daşary ýurt maliýe guramalary bilen ýurdumyzyň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maýa goýum ulgamyny has-da kämilleşdirmäge hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge, şol sanda önümçilige, jemgyýetçilik sagdynlygy, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlaryna maýa goýmaga, hususyýetçilik we işewürlik gurşawyny has-da kämilleşdirmäge şertleri döreder.
Geljek ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň ugurlaryny giňeltmäge, täze kuwwatlyklary işe girizmäge, ösen tehnologiýalara esaslanýan kärhanalary döretmäge, olaryň taslama kuwwatlyklarynda işlemegi üçin şertleri döretmäge, önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetde, daşary ykdysady gatnaşyklarda hususy eýeçiligiň paýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny goldamaga, ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan giňden goldaw bermegi dowam etdirmäge, olaryň ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda işjeňligini artdyrmaga uly itergi berer.
Orazmuhammet AŞYROW,