Новости
Aşgabat sammiti dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýurdumyzyň başlangyjy boýunça yglan edilen 2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy hem-de bu uly ähmiýetli waka degişli maglumat we habar beriş meýdançasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça YHG-nyň döredilen gününde geçirilen sammit öz işine başlamagynyň öňüsyrasynda žurnalistler tarapyndan, ýokary derejede geçirilen köptaraply gepleşikleriň we onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň syýasy ähmiýeti nazara alnyp, umumydünýä ähmiýetli wakalaryň hatarynda goýuldy.

Öňdebaryjy halkara habarlar agentlikleri, maglumat-syn portallary, telewideniýe ýaýlymlary hem-de köp sanly internet serişdeleri Aşgabat sammitine we onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara syn berdiler. YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlaryny, tekliplerini hem-de başlangyçlaryny, abraýly sebitleýin guramanyň işiniň geljekki ugurlaryny teswirlediler.

Türkiýäniň «Anadolu» habarlar agentligi, Eýranyň «Mehrnews» we «IRNA», Pakistanyň «Assoсiated Press of Pakistan» agentlikleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň sanly hem-de metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdeleri paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk barada ilkinjiler bolup seslendiler.

Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler köp sanly daşary ýurtlaryň elektron neşirleriniň üns merkezinde boldy. Russiýanyň PRIME ykdysady habarlar agentligi YHG-a agza ýurtlaryň Liderleriniň guramanyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine seretjekdiklerini habar berdi. Şunda energetika hem-de onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem-de pandemiýa ýokanjyna garşy göreşmek, onuň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm üns beriljekdigi bellenildi.

Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasylarynyň birine öwrüldi. Russiýanyň «RIA Nowosti» halkara habarlar agentligi YHG-nyň Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň wajypdygyny ykrar edýändigini hem-de bu ýurdy dikeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirip, üýtgewsiz goldaw berilmelidigi baradaky başlangyjyny beýan etdi.

«Kaspiýskiý westnik» maglumat-syn portaly öz gezeginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi. Ol sebitara we halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak, aýratyn-da, YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de onuň päsgelçiliklerini aradan aýyrmak boýunça Eýranyň eýeleýän ornuny, tekliplerini beýan etdi.

Ýokary derejede geçirilen giň möçberli guramaçylyk işleriniň netijesinde wekilçilikli forumyň işi ähli isleg bildirýänler üçin açyk meýdança öwrüldi. Täzeçil sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly sammite gatnaşyjylaryň hemmesiniň çykyşlary onlaýn tertibinde ýaýradyldy hem-de türkmen telewideniýesinde we öňdebaryjy maglumat giňişliklerinde göni ýaýlyma berildi.

Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wakanyň geçýän ýerinde surata düşürdiler we wideogepleşikleri taýýarladylar. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly žurnalistleriň netijeli işi üçin köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» otelinde häzirki zaman kompýuter enjamlary we zerur aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen giň metbugat zaly berildi.

Dünýä metbugaty bu gezekki forumy dolulygyna beýan etdi. YHG-a agza ýurtlar ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ähli möhüm ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynda bir pikire geldiler.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamyndaky çykyşlar, olary beýan etmek işi täzeçil nukdaýnazardan, dostlukly we erkin gatnaşyklar esasynda alnyp baryldy. Bu ýere ýygnanan döwlet we hökümet Baştutanlary forumyň jemleri hem-de onda gazanylan ylalaşyklar boýunça umumy pikire gulluk etdiler.

Sammitiň üstünliklere beslenmeginiň şu ýyl YHG-a başlyklyk edýän Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde mümkin bolandygy bellenildi. 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz şu ýyllaryň dowamynda köpugurly özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşdy we gurama agza döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde YHG-a başlyklyk edýän ýurdumyzyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlandygy we ony BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň garamagyna hödürländigi bellenildi. On ýurduň awtordaşlyk etmeginde hödürlenen bu halkara resminamanyň şu ýylyň 9-njy sentýabrynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

«Ýörite işlenip taýýarlanylan hem-de sebit derejesinde durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, guramanyň giňişligindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we onuň çäginiň giňeldilmegine, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak işiniň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ýörite Konsepsiýa esaslanyp, YHG-a başlyklyk eden Türkmenistanyň anyk netijeleri gazanmagy, bu jogapkärçilikli wezipäniň ýerine ýetirilmegine oýlanyşykly çemeleşmeleri aýan edýär» diýip, halkara media wekilleri bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna hem-de möhüm ugurlardaky sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňe sürlen tekliplere möhüm üns berildi. Milli Liderimiziň çykyşynda aýdan sözleri öňdebaryjy täzelikler we habarlar agentlikleriniň, ýokary tehnologiýaly hem-de tutuş dünýäde köp million okyjylary bolan meşhur internet saýtlarynyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň: «Biz bu forumyň geçirilmegine biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys» diýen sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň bu gün dünýäniň ösüşiniň esasy ugry ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini YHG-nyň wajyp ugry hökmünde görkezýändigi nygtaldy.

Häzir YHG-nyň giňişligindäki ýurtlaryň arasynda hem-de onuň çäklerinden daşarda-da goşmaça energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek zerurdyr. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu ugurda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletara birleşmeleri bilen maksadaokgunly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, meşhur elektron neşirler döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda Hazar we Gara deňiz sebitlerinde Ýewropa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgeleri işjeňleşdirmek maksady bilen, logistik we düzümleýin desgalary peýdalanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip edendigini nygtadylar.

Milli Liderimiziň söwda-maýa goýum gatnaşyklarynyň durnukly, sazlaşykly ösüşini üpjün edýän netijeli gurallary döretmek hem-de ony köpugurly esasda ösdürmek, orta we kiçi telekeçilik ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda öňe süren täze teklipleriniň halkara bileleşikde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi.

Sammitde döwlet Baştutanymyz YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik binýadynda döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny döretmek boýunça oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Olaryň her biri gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we giňeltmek boýunça öz ugurlary boýunça işläp bilerler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ozaly bilen, ýokary sanly tehnologiýalary, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek örän möhüm ugurdyr. Munuň özi harytlary we hyzmatlary öňe ilerletmekde döwrüň möhüm talabydyr.

Iri sebit neşirleri milli habarlar agentlikleriniň maglumatlaryna salgylanyp, duşuşyga gatnaşyjylaryň saglygy goraýyş we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada aýdanlaryny giňişleýin beýan etdiler.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebit gatnaşyklarynyň ýagdaýyna oňyn täsirini nygtamak bilen, bu gün YHG-nyň hormata eýe bolan abraýly halkara ykdysady düzüme öwrülendigini, umumy taryhy, söwda hem-de medeni gatnaşyklary bilen baglanyşykly halklary birleşdiriji guraldygyny bellediler.

Pakistanyň «Associated Press of Pakistan» habarlar agentligi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň eýeleýän geostrategik ýagdaýy hem-de Hytaý, Ýewropa, Russiýa we Pars aýlagy ýurtlary bilen goňşuçylykda ýerleşýän sebitiň uly mümkinçiliklerini aýratyn nygtady.

«YHG-a agza döwletleriň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy, hakykatdan-da, yklymda täze geoykdysady giňişligiň emele gelmeginde hil taýdan täze ädimi alamatlandyrýar, hyzmatdaşlyk, daşary ýurtlaryň iri maýa goýum serişdelerini çekmek, birnäçe durmuş meselelerini çözmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar» diýlip, şu günler çap edilýän makalalarda bellenilýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wezipä täze bellenilen Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşyna salgylanmak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG), Ýewropa komissiýasy, Yslam Ösüş banky (YÖB), Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG), ASEAN, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG), Türki döwletleriň guramasy hem-de beýleki guramalar, düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň YHG-nyň daşary gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhüm ugrudygyny habar berdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda we anyk tekliplerinde bu guramanyň mundan beýläk-de ösüşiniň geljegine garaýyşlaryny beýan etmek bilen, YHG-nyň 15-nji sammitiniň «Geljege bilelikde» diýen şygaryny goldadylar.

Özbegistanyň Milli habarlar agentligi, bu goňşy ýurduň sammitiň işini giňden beýan eden uz.sputniknews, yuz.uz, darakchi.uz internet serişdeleri 2022-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmegiň Özbegistan Respublikasyna geçmegi bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň möhüm başlangyçlaryna, hususan-da, YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA) bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek baradaky teklibine ünsi çekdiler.

«AZERTAC» we «TREND» habarlar agentlikleri, öz nobatynda, Azerbaýjanyň Prezidentiniň täze ulag geçelgelerini döretmek hem-de möhüm ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek baradaky tekliplerini nygtadylar.

Gyrgyzystanyň «24.kg» habarlar agentligi Prezident Sadyr Žaparowyň YHG-a agza döwletleriň bu guramanyň maksatlaryna, wezipelerine ýetmek üçin, şol sanda ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy, şeýle hem ägirt uly tebigy serişdelerine eýedikleri baradaky aýdan pikirlerini getirýär.

Täjigistanyň täzelikler saýtlary — «tj.sputniknews» hem-de «tajikistan24.com» internet serişdeleri howanyň üýtgemegi we tebigy heläkçilikleriň wehimlerini peseltmek meselelerine çynlakaý üns bermegi teklip eden Prezident Emomali Rahmonyň çykyşyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň 2025-nji ýyly «Buzluklary goramagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek, Buzluklaryň Bütindünýä gününi esaslandyrmak hem-de YHG-da Buzluklaryň halkara gaznasyny döretmek baradaky teklipleriniň goldanyljakdygyna ynam bildirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi maglumat serişdesi hem halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekdi. Hususan-da, Russiýanyň meşhur «TASS» habarlar agentligi Gazagystanyň hökümet Baştutanynyň her ýurduň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, guramanyň çäklerinde söwda akymlaryny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagy teklip edendigini belledi.

YHG-nyň Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň işi, onda beýan edilen teklipler, forumyň çäklerinde geçirilen çäreler, hususan-da, ikitaraplaýyn duşuşyklar we YHG-nyň işewürlik maslahaty barada «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — «Mir 24» teleýaýlymy hem-de habarlar internet portaly, SNG.TODAY, Central Asia.news saýtlary, köp sanly beýlekiler jikme-jik habar berdiler.

«Duşuşykda köp sanly teklipler, peýdaly garaýyşlar we baha bermeler beýan edildi. Olar, gürrüňsiz, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlär. Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy YHG-nyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezdi. Onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryň iri hem-de täsirli düzüm bölegi hökmünde häzirki zaman dünýä we kontinental işlerine işjeň, netijeli gatnaşmaga ukyplydygyny subut etdi, durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, öňe gitmäge ýardam etmäge ukyplydygyny aýdyň görkezdi» diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemleýji çykyşyndan jümleleri getirdiler.

Hususan-da, Hytaýyň Sinhua habarlar agentligi sammitiň jemleri boýunça özünde agza ýurtlaryň sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlaryny jemleýän Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň biragyzdan kabul edilendigini habar berdi.

Görnükli halkara bilermenleriň belleýşi ýaly, bu resminamada YHG-a agza döwletler umumy geografiýany, taryhy we medeniýeti, şeýle hem artykmaçlyklary, serişdeleriň köpdürlüligini YHG-nyň giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmagy üpjün etmekde hemmetaraplaýyn ulanmagyň wajypdygyny nygtadylar.

«YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryny» hyzmatdaşlygyň esasy alty ulgamynda netijeli durmuşa geçirmek üçin ýardam bermäge özara gyzyklanma beýan edilendigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň bu alty ulgamyna söwda, ulag we aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de öndürijilik, durmuş üpjünçiligi we daşky gurşaw degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işleri mundan beýläk-de sazlaşykly alyp barmak üçin has berk binýady döretmäge gönükdirilen bu resminamany işläp taýýarlamaga gatnaşan ähli kärdeşlerine we bilermenlere minnetdarlyk bildirip, «bilelikde iň çylşyrymly wezipeleri çözmäge ukyplydygymyzy» nygtady.

«Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, bütindünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysallaryny, el-ele berip, öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler». Milli Liderimiziň bu sözleri forum tamamlanandan soňra dünýä maglumat torunda peýda bolan köp sanly teswirlerde aýratyn bellenildi.

Mahlasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede guralan we geçirilen 15-nji sammiti Türkmenistanyň bu guramada üstünlikli başlyklyk etmeginiň jemini jemläp, bilelikdäki mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmegiň meselelerini hem-de ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Okyjylarymyzyň dykgatyna ýetiren dünýä metbugatyna synymyzy jemlemek bilen, YHG-nyň giňişligindäki döwletleriň we halklaryň umumy taryhynda täze sahypanyň açylýandygyny, bu sebitiň asyrlarboýy Beýik Ýüpek ýoluny birleşdirendigini hem-de bu ýoluň Ýewraziýa yklymynda häzirki döwürde dostluk, parahatçylyk, ylalaşyk ýörelgelerinde döwrebap görnüşde dikeldilýändigini gypynçsyz aýdyp bileris.

www.tdh.gov.tm



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48881?type=feed

02.12.2021
Parahatçylyk — gülläp ösüşleriň binýady

Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinar geçirildi.

Webinara dünýäniň 15 ýurdundan medeniýet ulgamynyň 40-dan gowrak wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasynyň baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky rus drama teatrynyň baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu webinaryň geçirilmeginiň diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetiň medeni ösüşi arkaly parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda aýratyn ähmiýetini bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, uly ösüşiň, medeniýetiň, şol sanda edebiýatyň we sungatyň dörän ýerinde parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetliligiň hem has berkeýändigini adamzadyň köpasyrlyk taryhy subut edýär.

Çäräniň barşynda milli Liderimiziň umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamakdaky we ösdürmekdäki giň gerimli tagallalary barada hem gürrüň edildi.

Bellenilişi ýaly, «medeniýet» düşünjesi adamzadyň iň gowy üstünliklerini birleşdirýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir halkyň öz aýratynlyklary, taryhy geçmişi, baý medeni mirasy bar. Taryhy müňlerçe ýyla uzap gidýän türkmen halky öz çäginde birnäçe etnik toparlaryň mirasdüşeri bolup durýar.

Webinaryň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde köp sanly taryhy we medeni ýadygärliklerdir senetleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça işler güýçlendirilýär. Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasy, şeýle hem ahalteke atlaryny seýislemek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek ýaly özboluşly sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça dowam edýän işleriň ähmiýeti bellenip geçildi.

Şeýle maslahatyň guralanlygy hem-de oňa gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri webinar-maslahatdaky çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Leýli REJEPOWA.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48873

02.12.2021
Bagty oýaran zamana

Dünýä döwletleriniň we halklarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda Garaşsyz ýurdumyzda gymmaty asyrlara barabar işler bitirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýä hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalar gülläp ösüşleri üpjün edýär. Ählumumy howpsuzlyk, birek-birek bilen ylalaşykly ýaşap, ösüşlere getirýän hyzmatdaşlygy guramak, kyn günde goldamak, hoşniýetli gatnaşmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze röwüşde baýlaşdyrylyp ösdürilmegi ýurdumyzyň içerisindäki ösüşlere-de oňyn täsirini ýetirýär. Halkara Bitaraplyk gününiň ýakynlaşyp gelýän günlerinde halkymyzyň Arkadagly zamanasynyň ösüşlerine göz aýlamak has ýakymlydyr. Rowaçlygyň mysalynda il-ýurdumyzyň bagtyny oýaran zamananyň belentligi görünýär.

Dünýäde iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan ata Watanymyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirýär. Garaşsyz döwletimiziň döwletlilik ýörelgesi bilen — ata-baba parahatçylykly ýaşaşmak syýasatyny ýöredip, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlygy, olar bilen özara bähbitli, deň derejeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşmagy, mydama parahatçylykly ösüşiň tarapdary bolup çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiliginiň arasyndaky mertebesine-mertebe goşýar. Döwletimiziň syýasatynyň baş maksady hem Zeminiň abatlygynda ýaşaýşyň ebediligini ykrar etmekden ybarat bolup durýar. Islendik meselede Türkmenistan döwletiniň öz sözi we öz orny bar.

Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň döredijilik genisi, taýsyz tagallalary, döwletimizi parasatly dolandyrmagy netijesinde Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýaň salýan uly ösüşlere eýe bolýar, ýurdumyzyň çäginde dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy we ýene-de dowam etdirilýär. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary sepgitleriň gazanylmagy türkmen döwletiniň dünýä mertebesini ýokary galdyrýar. Döwletimiziň asuda we parahat durmuşyň berkarar bolmagyna gönükdirilen syýasaty dünýä meşhurlygyny getirýär. Türkmen döwletinde bolup geçýän oňyn özgerişlikler diňe bir ýurduň içerisine däl, eýsem, daşarysyna-da täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi bilen türkmen ykdysadyýetiniň täsir ediş çägi giňeýär. Türkmen gazy, elektrik energiýasy dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär.

Geçen ýyllarda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň maddy-enjamlaýyn binýady has pugtalandy. Önümçilikleriň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy önümleriň hilini we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdy. Türkmenistan ösüşiň özüni ödän, ata-baba ýörelgelerinden ugur alýan döwletlilik ýörelgesi bilen ynamly öňe gidip, halkymyzy ýaşaýşyň has kämil hem-de eşretli derejelerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza ýolbaşçylyk edip ugran ilkinji günlerinde öz raýatlarynyň gollaryny uzadan ýerine ýetirmegini gazanjakdygy baradaky aýdanlary bu gün hasyl bolýar. Bu bolsa halkymyzyň öz döwletine hem-de onuň milli Liderine bolan çuňňur hormatyny, söýgüsini artdyryp, ertirki gününe bolan ynamyny birkemsiz berkidýär.

Gadymdan gelýän bir hakykat bar. Oňa görä, geçmiş tejribesine hormat goýýan, iň gowy däp-dessurlaryny döredijilikli ösdürip bilýän ýurduň röwşen geljegi bar. Şol tejribä laýyklykda dost bolup gelen myhmana saçagymyz-da açyk, kalbymyz-da; ýaşulularymyza hormat-sylag edilýär, ylym-bilim ýurduň ösüşleriniň esasy daýanjy saýylýar. Iň esasy hem ähli ösüşleriň parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşdyrylmagydyr. Il-ýurdumyzyň ýene bir uly baýlygy agzybirlikdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýazyşy ýaly, türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir.

Döwletimiz we jemgyýetimiz parahatçylykly ösüşleriň zamanasynda hukuk esaslaryny hem kämilleşdirýär, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly ulgama geçmeginiň mysalynda milli demokratiýamyz täze bir belentlige göterildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi, bu bolsa demokratiýanyň has kämil görnüşine geçmegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ýolumyz ýene-de çuňlaşdyrylyp ösdürilýär. Demokratiýanyň has kämil görnüşine öz milli ýoly bilen gelen döwletimiz geljegine uzaýan bagtly ýoluna ýene-de ynamly gadam urýar.

Halkymyz mähriban Arkadagymyzyň döredip beren zamanasynda yhlas bilen zähmet çekip, asuda we bagtly durmuşyň hözirini görýär. Ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny häzirkisinden hem gowulandyrmak üçin milli Liderimiz tarapyndan taýýarlanylýan milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze bir zamananyň gapysyny açdy. Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň mysalynda hem ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerine has aýdyň göz ýetirip bolýar. Diňe welaýatymyz boýunça merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlaryndan ýörite serişdeler ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň, hassahanalaryň we saglyk öýleriniň, medeniýet öýleriniň gurluşygyna gönükdirildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy oba-şäherlerimiziň keşbini bütinleý üýtgetdi, ýaşaýjylaryň hal-ýagdaýlaryny, ýaşaýyş derejelerini has ýokary galdyrdy. Şeýle iri maksatnamalar bir ýa-da iki däl.

Milli ykdysadyýetimiziň islendik pudagynda bolup geçýän özgerişlikler hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda häzirki wagtda geljekki orta möhletde we uzakmöhletleýin döwürde durnukly ösüşiň berk binýadyny döredýän ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde durnukly ösýän ykdysadyýetiň täze keşbi emele geldi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, maliýe ulgamyny pugtalandyrmagyň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp derejeli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry üstünlikli amala aşyrylyp başlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen oba hojalygynda, senagatda bolup geçen uly özgertmeler hem durnukly ösüşiň binýadyny emele getirdi. Bu pudaklarda çalt ösýän önümçiligiň talaplaryny ödeýän dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde döwrebap kärhanalaryň onlarçasy guruldy, bir toparynyň durky täzelenildi. Durky täzelenilen dokma senagaty emele geldi, onuň çig-mal bazasyny üpjün edýän netijeli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu pudaga ýokary netijeli maýa goýumlary hem gönükdirildi.

Welaýatymyzyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda hereket edýän mineral dökünleriň önümçiligi kämilleşdirilýär. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň önümçiliginiň durky täzelenildi, täze sehler peýda boldy. Häzirkizaman tehnologiýalary we enjamlary bilen gurnalýan önümçilik oba hojalygyny zerur bolan mineral dökünler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Pudaga dahylly wezipeler döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk we Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamalarynda hem giň beýanyny tapdy. Soňky ýyllarda tebigy serişdeleri gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli kärhanalary gurmaga hem uly möçberdäki maýa serişdeleri gönükdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda fosfor, kaliý we beýleki dökünleriň, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan himiýa serişdeleriniň önümçiligi giňden ýola goýulýar. Gurlan möhüm desgalar ykdysadyýetiň köptaraplaýyn ösüşlerine badalga berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede ösdürmek baradaky syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijelerini hem welaýatymyzyň durmuşynda buýsanç bilen synlamak bolýar. Döwrebap şäherçeler gurulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzda azyk önümleriniň, şol sanda ilatyň saçagyndaky önümleriň görnüşlerini baýlaşdyrmak ugrunda oýlanyşykly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmaga degişli düýpli işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşine uly täsirini ýetiren çäreleriň biri boldy.

Ýurdumyzyň içerisinde ýaşaýyş-durmuşymyzyň eşretli bolmagyny üpjün edýän desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen halkymyzyň hal-ýagdaýynyň häzirkisindenem has gowulanmagyna düýpli täsirini ýetirjek amatly şertler köpelýär. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýeti hökmünde öňe çykýar. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza bagyşlaýan eşretli zamanasy köptaraplaýyn öwüşginlere beslenýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48748

02.12.2021
Watan şöhratyna şöhrat goşulýar

Gözel paýtagtymyz hoşniýetli hyzmatdaşlygyň rowaçlanýan merkezine öwrülýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzdaky ösüşleriň, halkara hyzmatdaşlygyndaky gazanylýan üstünlikleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň anyk netijeleridir. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary we döwletleri bilen ähli ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň BMG-niň umumadamzat bähbitli öňe sürýän maksatlary bilen pugta baglydygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu ýyl mähriban halkymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmündäki derejesine «Bitarap Türkmenistan» atly ajaýyp eserinde «Eger men biziň Bitaraplyk nusgamyz halkara-hukuk tejribesinde täze bir gudrat, aýratynlyk boldy diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz» diýmek bilen ýokary baha berýär.

Mähriban halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň beýik ösüşlerine gönükdirilýän beýik işleri, şanly wakalary buýsanç bilen garşylaýar. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek biragyzdan ykrar edilmeginiň özi berkarar Diýarymyzyň bu ugurlarda alyp barýan işleriniň netijeliligine berilýän ýokary bahadan we beýik ynamdan nyşandyr. Şonda dünýä ýurtlarynyň 47-si bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan 2018-nji ýylda Bitarap Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň hem-de Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Owganystanda halkara tagallalary goldamak boýunça hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalary kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ajaýyp dabaralanmasy hökmünde jahana ýaň saldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Baş Assambleýanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar» diýlip kesgitlenen kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Milli Liderimiziň öňe süren teklibi esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi hem berkarar Diýarymyzyň amala aşyrýan umumadamzat bähbitli beýik işleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň syýasy taglymaty diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alman, eýsem, ol dünýäniň öňdebaryjy pikirlerini, meýillerini hem öz içine almak bilen, ählumumy ösüşe uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Bitarap Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürip, hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle hem dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy babatda toplan oňyn tejribeleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur şertleri döretmekde, parahatçylygy, abadan ösüşi pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýar.

Parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy, içerki ösüşi we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki giň gerimli taslamalary, maksatnamalary, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlary bilen pugta bitewüligi emele getirýär. Halkara hyzmatdaşlygynda, ykdysadyýetde we medeniýetde, ylymda-bilimde, saglygy goraýyşda, nebitgaz ulgamynda gazanylan oňyn netijeler bu gün mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň durmuşynda özüniň anyk netijelerini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň mejlislerinde diňe halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzadyň bähbitlerini araýan, täzeçillige ýugrulan çuň mazmunly, taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkidilmegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ýardam edýär. Energetika we ulag ulgamlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden çözgütleri onuň aýdyň mysallarydyr. Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dostluk-doganlyk gerimini has-da giňeldýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça belent maksatnamalaýyn işler amala aşyryldy. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan üstünlikler syýasy, ykdysady binýady has-da pugtalandyryp, senagatyň köp pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Oba hojalygy uly ösüşlere eýe boldy, bugdaýdan bol hasyl alyndy, pagta taýýarlamak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Ýol-ulag, aragatnaşyk, söwda, saglygy goraýyş, ulgamlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň ykdysady, energetika we ulag-üstaşyr artykmaçlyklary, maýa goýum hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýasyny we tebigy baýlyklaryny goramak babatda bitiren beýik işleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, golaýda, ýagny 28-nji noýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň XV sammiti Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açdy. YHG ýurdumyzyň garaýşyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezýär. Türkmenistan YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerine işjeň gatnaşýar. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda YHG-nyň Aşgabatda geçirilen Sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan başlanypdy. Şol gün Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa ýük gatnatmalary we demirýol gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dört taraplaýyn şertnama gol çekildi. 1998-nji ýylda Almatyda YHG-a agza döwletleriň üstaşyr ýük gatnatmalary hakynda Ylalaşyga gol çekildi. YHG-da başlyklyk eden döwründe Türkmenistan guramanyň agza ýurtlarynyň BMG-niň guramalary bilen özara gatnaşyklaryny ýokary derejede ösdürmäge gönükdirilen tagallalary edýär. 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda «Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Paýtagtymyzdaky döwrebap, köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol günki duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň hyzmatdaşlyk we ýakyndan özara gatnaşyklar ýoly bilen mundan beýläk-de gyşarnyksyz öňe gitmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwerlik ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny hem-de örän uly isleg bildirýändiklerini görkezdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň ahyrynda onuň Jemleýji resminamasy — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi.

Bu bitirilýän beýik işler diňe bir ykdysadyýetiň ösüşine oňaýly täsir etmän, eýsem, halkara derejesinde syýasy, medeni, ylym-bilim ugurlarynda hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda syýasy tejribäniň, parahatçylykly ösüşleriň, durmuş asudalygynyň möhüm serişdesi hökmünde kabul edilýär. Geçen sanlyja ýylda halkara hyzmatdaşlygynda bitirilen beýik işler türkmen döwleti üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy we ykdysady strategiýanyň amala aşyrylmagynyň şaýolunda beýik ösüşlere beslenýän täze taryhy kemala getirdi.

Dünýäniň parahatçylyk söýüji döwletleri, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen giň gerimli, anyk maksada gönükdirilen we uzak geljegi nazara alýan giň gerimli, netijeli, ygrarly hyzmatdaşlyk etmek hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan strategik ýoludyr.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48765

02.12.2021
Bürgüt nyşanly önümler

Ýetip gelen gyş günleri adamlary ýyly we gelşikli geýinmek hakynda çynlakaý pikirlendirýär. Günüň dowamynda üýtgäp durýan howa gijesine sowasa, gündiz ene toprak ýene-de yşran Günüň ýylysyna meýmireýär. Şeýle bolsa-da, bu pursatda pasla görä geýinmek göwnemakuldyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, saglyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Ähli ulgamlarda bitirilýän işler halkyň bolelin durmuşda, sag-salamat ýaşaýşyna gönükdirilýär. Her bir ynsanyň ykjam, göwnemakul geýinmegini üpjün etmek ýokary hilli egin-eşikleriň dürli görnüşlerini öndürýän dokma toplumlarydyr tikinçilik fabrikleriniň paýyna düşýär. Çaga geýiminden başlap, dürli ýaşdaky adamlaryň isleglerini kanagatlandyrýan möwsümleýin egin-eşikler daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini barha giňeldýän milli öwüşginli, endama ýakymly, biçiliş, tikiliş aýratynlygynyň döwrebaplygy bilen müşderiniň göwnünden turýan egin-eşikler daşary ýurtly hyrydarlaryň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Lybaslaryň her birinde döwrebaplyk we milli öwüşginiň sazlaşygy aýratyn duýulýar. Biri-birini tapawutlandyrýan milli nyşanlar bilen bezelmegi ol önümleriň gymmatyny has-da artdyrýar.

Eserdeň, hüşgär, çalasyn, batyr, gaýduwsyz we ýene-de ençeme özboluşly häsiýetleri bilen tanalýan algyr guşuň goşa ganaty bu gün gypjakly dokmaçylaryň gazanýan üstünliklerini alyslara ýaýýar. Zähmete berlen gerçek ýigitleriňdir kalby dür-merjenli, çeper elli gelin-gyzlaryň jemlenen ýeri bolan Gypjakdaky dokma toplumynda öndürilýän önümleri dag-dereleriň hökmürowany bolan bürgüdiň özboluşly keşbi bezeýär. Ýokary hilli sport egin-eşikleri bilen adygan toplumda sap pagtadan bolan önümler bilen birlikde nah we poliýestor ýüplükler garylyp örülen trikotaž harytlary-da öndürilýär.

Kärhananyň bölümlerindäki tutanýerli zähmet gyş günlerinde geýmek üçin niýetlenen dürli galyňlykdaky kurtkalaryň öndürilmegine gönükdirilipdir. Egriji bölümden gözbaş alýan döredijilikli zähmetiň netijesi dürli bölümlerden geçip, ahyrynda tikinçilik bölüminde taýýar önümler görnüşinde jemlenýär. Toplumdaky ýerine ýetirilýän işleriň sazlaşygy we gazanylýan üstünlikler barada kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, hünärmen Mähri Lolykowa şeýle gürrüň berýär:

— Saýlap alan «bürgüt» haryt nyşanymyzda giň many bar. Bu nyşan biziň her birimize ýiti gözlüligi, çalasynlygy, arassa, halal zähmet çekmegi, eserdeňligi salgy berýär. Toplumyň bölümlerinde el-ele berip zähmet çekýän oglan-gyzlaryň her biri milli nyşanly önümlerimizde özleriniň mynasyp paýyny görüp buýsanýarlar.

Toplumyň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary oturdylan ýüplük, örme, boýag tikin bölümlerinde çekilýän sazlaşykly zähmetiň ahyrky netijesi öndürilýän harytlaryň müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrmagyna getirýär. Döwrebaplyk we milli öwüşgin berlip, ýylyň ähli pasly üçin niýetlenip tikilýän dürli görnüşli önümlerimiziň müşderileri barha köpelýär. Şu günler kärhanamyzyň hünärmenleri gyş pasly üçin niýetlenen, dürli galyňlykdaky ýeňli we ýeňsiz kurtkalary tikip, halka hödürlemegiň aladasy bilen gurşalandyr. Köp görnüşli, döwrebap biçüwde tikilýän ol harytlar çagalaryň we uly ýaşlylaryň söýgüsini gazanar diýip umyt edýäris. Gabardin matasyndan tikilýän bu önümler suw geçirmeýänligi bilenem tapawutlanýar. Pagtany gaýtadan işlemekden taýýar önüm öndürmäge çenli doly önümçilik aýlawy hereket edýän kärhanada gazanylýan üstünlik hünärmenlerimizi täze, ýeňişli sepgitlere ruhlandyrýar. Dünýä ülňülerinde gurlan, işlemek üçin giň mümkinçiligi bolan bu dokma toplumynda zähmet çekýän hünärmenler ähli rowaçlyklaryň başynda duran mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarlar.

Hawa, Gypjakdaky S.Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň hünärmenleri öz müşderileriniň aladalary bilen joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň esasy maksady — göze gelüwli, ykjam, ýokary hilli, döwrebap önümler bilen halkymyzyň söýgüsini gazanmak. Halkara hil ülňülerinde we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek bilen halkyň söýgüsini gazanýan dokmaçylary bu maksat her güni netijeli jemlemäge iterýär. Hemişe ýeňişli menzile ganatyny gerýän «bürgüt» nyşany olara şowly başlangyçlary salgy berýär.

Aýnabat DURDYÝEWA.

«Türkmenistan».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48868

02.12.2021
Ykdysady ösüşleriň aýdyň beýany

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan da­şa­ry sy­ýa­sat­da öz mil­li bäh­bit­le­ri bi­len bir ha­tar­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, hoş­ni­ýet­li, öza­ra peý­da­ly iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry, mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­ýän döw­let hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Çün­ki ab­raý­ly hal­ka­ra hem-de se­bit­le­ýin gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk eziz Di­ýa­ry­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň ýö­red­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tut­ýan esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki döw­rüň iň bir wa­jyp me­se­le­le­ri­ni oňyn çöz­mä­ge, dün­ýä­de parahatçylygy has-da pugtalandyrmaga gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty uly goldawa eýe bolup, ýur­du­my­za dün­ýä döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, gu­ma­ni­tar ugur­lar bo­ýun­ça alyp bar­ýan gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan 2021-nji ýyl­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýär. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­da­ky bu de­re­je­si YHG-nyň ösü­şin­de yg­ty­bar­ly güýç we ro­waç­lyk dö­red­ýär. Şeý­le hem se­bi­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň ösü­şi­ni ke­pil­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len sam­mi­te gat­na­şy­jy döw­let­le­riň deň­hu­kuk­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk has-da ös­dür­mä­ge, ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge esas­lan­ýar. Türk­me­nis­tan öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly bol­mak bi­len, he­mi­şe oňa jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýär. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk et­me­gi­niň Kon­sep­si­ýa­syn­dan ugur alyp, şeý­le hem gu­ra­ma­nyň şu ýyl­ky çä­re­ler se­ne­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 50-ä go­laý dür­li de­re­je­li du­şu­şyk­lar we çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Yn­ha, 28-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de mer­mer paý­tag­ty­myz­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 15-nji sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­li fo­rum­da ýur­du­my­zyň ab­raý­ly se­bit­le­ýin gu­ra­ma baş­lyk­ly­gy­nyň jem­leý­ji wa­ka­sy hök­mün­de giň ge­rim­li me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak üçin uly müm­kin­çi­lik bol­dy. Şeý­le hem sam­mit­de yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça en­çe­me çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yna­nyş­mak ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk­ly hyz­mat­daş­ly­ga he­mi­şe uly äh­mi­ýet be­rip: «Gör­nü­şi ýa­ly, ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň şa­ha­la­ry, ak ýol­la­ry, bagt ýol­la­ry, dün­ýä­niň çar kün­jün­den Ze­mi­niň ýü­re­gi Türk­me­nis­ta­nyň goý­nu­na gel­ýär. Ke­rem­li top­ra­gy­myz­dan göz­baş al­ýan dost-do­gan­lyk ýol­la­ry, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ýol­la­ry, sy­ýa­hat­çy­lyk ýol­la­ry yk­lym­la­ra ta­rap ynam­ly ga­dam bas­ýar» di­ýip bel­le­ýär. Mer­mer paý­tag­ty­myz­da üs­tün­lik­li ge­çen Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 15-nji sam­mi­ti dost­lu­gy, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­ma­gy we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ber­kit­di. Şeý­le hem Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň ge­l­jek­de bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan döw­let­li baş­lan­gyç­la­ryň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­di. Eziz Wa­ta­ny­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­lyk et­me­gin­de şeý­le uly we äh­mi­ýet­li sam­mi­tiň ge­çi­ril­me­gi bi­zi diý­seň buý­san­dyr­dy we has-da yh­las­ly iş­le­mä­ge hö­wes dö­ret­di. Ýurdu­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri üçin uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­rýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Mu­ham­met­ber­di GUR­BA­NOW,

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48676

01.12.2021
Milli Liderimiziň parahatçylyk döredijilikli syýasaty — sebitiň we tutuş adamzadyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen döwletara derejede hem, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde hem gatnaşyklary giň gerimde ösdürmek boýunça yzygiderli we täzeçil işleri alyp barýar. Sebitiň ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi. Milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, iň çylşyrymly wezipeleri bilelikde çözmäge ukyplydygymyza ynam bildirdi. Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýlarynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysallaryny, el-ele berip öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler.

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzyň yzygiderli abadanlaşdyrylyşy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmelidigini, şäheriň öz belent derejesini nazara alyp, ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny, hususan-da, munuň adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidigini nygtady.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny dabaraly bellemek babatda anyk görkezmeler berildi.

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, ylmyň, tehnologiýanyň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, gaz senagatynyň kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyny, munuň üçin pudaga daşary ýurt maýa goýumlary has köp çekmelidigini nygtady hem-de häzirki wagtda dünýä bazarynda tebigy gazyň sarp edilişini we bahasyny düýpli seljermek barada maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň geografiýasyny giňeltmek bilen bagly, goňşy we sebit döwletleriniň gyzyklanmasyna görä, tebigy gazy gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlemek üçin zerur işleriň geçirilmelidigi bellenildi.

Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini düýpli özleşdirmegiň depgini çaltlandyrylmalydyr, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki gaz känlerinde “mawy ýangyjyň” goşmaça möçberini çykarmak üpjün edilmelidir.

Milli Liderimiz gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, önümçilik desgalarynda zerur abatlaýyş hem-de durkuny täzelemek işlerini geçirmek barada anyk teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Halk hojalygynyň pudaklaryna gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyny gözegçilikde saklamagyň, işleriň ýagdaýyny yzygiderli seljerip durmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Olaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýyl sanly ulgam arkaly halkara aň-paýhas bäsleşiklerini guramak, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler boldy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi. Bu serişdeleri “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz känine degişli bolan gaz geçirijilerini we gazy ilkinji arassalaýjy desgalarynda poslamadan goramak hem-de suw aýlanyşygy ulgamynda suwlary arassalamak işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklerine, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýruga gol çekdi. Şu ýer böleklerinde döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, oba hojalyk ekinlerini, miweli we saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda üç aýda bir gezek «Medeniýet we syýahat» atly žurnal çap ediler. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallarynyň binýadynda döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň işewürleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri döretmekde artýan ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygy aýdyldy.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryndan düzülen “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek barada hem aýdyldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly geljegiň açylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin iki döwletiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

27-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ösüş iki doganlyk döwletiň özara düşünişmek, ynanyşmak esasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, olary häzirki döwrüň we özgertmeleriň ruhunda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan özara ymtylmalarynyň netijesinde gazanyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Anadolu agentliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna; Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylygy üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistan üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglady.

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň sebitara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatlaryň çäklerinde, şol sanda bu guramanyň 14-nji sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki döwür üçin wajypdygyna ünsi çekdi. Husraw Noziriniň belleýşi ýaly, şol teklipler sebitara we halkara ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Döwletara, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň YHG-nyň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň esasy meselesi boldy.

28-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteli ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Başlygy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bu forumyň agza ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm wakadygyny nygtady.

Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini guramanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýär. Häzirki döwürde olar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda tagallalary birleşdirmäge çagyrmak bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistan bilen Owganystany baglanyşdyrýan demir ýoluň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalary mysal hökmünde getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar. Şonuň bilen birlikde, bu işlere Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Şeýlelik bilen, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň çäklerinde awtomobil we demir ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwlet-hususy hyzmatdaşlyk kadalary esasynda YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik düzümlerini döretmegiň üstünde işlemegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Bu düzümleriň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň bähbitlerine bir maksada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi.

Şeýle hem milli Liderimiz senagat harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ýaly ulgamlarda özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn belläp, YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri we işläp taýýarlamalary, özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny aýtdy. Şeýle hem guramanyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen utgaşdyrylmalydygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwrüň örän anyk we hakyky ýagdaýlaryndan ugur alýan çözgütleri işläp taýýarlamaly. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän, YHG-nyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede goşulmagyna itergi berýän, agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegine we halklarynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýän özara hyzmatdaşlygyň usullaryny we görnüşlerini döretmegi talap edýär.

YHG-nyň Baş sekretarynyň hem-de döwlet we hökümet Baştutanlarynyň çykyşlarynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, koronawirus pandemiýasynyň täsirlerini bilelikde ýeňip geçmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamaga, öz içine bitewi ulag ulgamyny, telekommunikasiýalary, turbageçirijileri we energiýa ulgamyny alýan sebit düzümini ösdürmäge, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak we azyk howpsuzlygy ulgamlarynda özara gatnaşyklara, YHG-nyň çäklerinde maýa goýum, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn üns berildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi. Sammitiň çäklerinde «Ylym we tehnika», «Ykdysadyýet», «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty», «Oba hojalyk we daşky gurşaw”, «Bilim» ugry boýunça YHG-nyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Gurama başlyklyk etmegiň bellenen gezekleşikli usulyna laýyklykda, 2022-nji ýylda YHG-da başlyklyk Özbegistan Respublikasyna geçýär.

Ýokary derejedäki forumyň öňüsyrasynda Aşgabatda YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata 180-e golaý wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Forumda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda we beýleki ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geljekki anyk ädimler bellenildi.

Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça Demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem sammitiň öňüsyrasynda YHG-a agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde YHG-nyň Baş sekretarynyň çykyşy diňlenildi hem-de YHG-nyň 2021-2022-nji ýyllar üçin sebit taslamalary boýunça maslahatlara seredildi. Olarda bu guramanyň hasabat döwründe ýeten esasy ykdysady sepgitleri, YHG-nyň işiniň netijeliligi, häzirki taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň seljermesi beýan edildi. Şeýle hem «YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň» orta möhletleýin seljermesi, YHG-nyň arassa energiýa boýunça merkezini döretmek hakyndaky Hartiýasyny kabul etmegiň meseleleri, ýöriteleşdirilen agentlikleriň, YHG-nyň sebit edaralarynyň hem-de düzümleriniň ýyllyk hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.

Geçen hepde Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky 5-nji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag, logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär.

Ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynyň hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Komitetiň mejlisiniň dowamynda nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama» hem-de Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna, Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Onda geljek, 2022-nji ýylyň şygary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Şanly ösüşler, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzyň bagtyýar ilatynyň islegleri göz öňünde tutulyp, täze ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak teklip edildi. Bu şygar bagtly zamanany esaslandyran hem-de halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer duşuşykda çykyş edip, söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň hem özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlar bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ugurlar boýunça bähbitleriniň gabat gelýändigi bellärliklidir. Bu bähbitleri iş ýüzünde amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly bilelikdäki halkara taslamalara çykmak arkaly olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak möhümdir diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary nygtady.

Energetika, ulag, söwda, maýa goýumlar, senagat we obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar hem-de innowasiýalar ulgamlary Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendigini belläp, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanylmagynyň tutuş dünýäniň bähbidine olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine we uzak möhletli geljekde howply ýokançlara garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn halkara gurallary döretmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi. Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan hem-de Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48704

01.12.2021
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

29.11.2021. Şu gün paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başlamagynyň öň ýanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. Düýn Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.

Bu sylagy Türkmenistanyň wekiline YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir, bu düzümiň ösdürilmegi we berkidilmegi dogry hem-de mynasyp ädimdir, ol täze taglymlary, başlangyçlary, doganlyk halklaryň we döwletleriň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny berkidýär.

YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan türkmen alymy guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň ösmegi, alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Sylaga mynasyp bolan alym öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize ylmy işgärler baradaky ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra maslahatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejedäki duşuşykda kabul edilen esasy çözgütleri teswirlemek bilen, Aşgabat forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady, onuň ähmiýeti YHG ýurtlarynyň bähbitlerinden has daşary çykýar hem-de kabul edilen çözgütleriň gerimi we derejesi babatynda yklymda tutuş geoykdysady ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Ýer togalagynyň bu çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň, halkara ykdysady birleşikleriň, maliýe edaralarynyň ünsüni çekmäge ukyplydyr.

Metbugat maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýa laýyklykda işjeň hem-de mazmunly çäreleri alyp barandygy bellenildi. Guramanyň işine ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda, taslama — maksatnamalaýyn işlerde üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, täze many-mazmun, depgin bermek, ulag, energetika pudaklarynda, onuň elektron we sanly ulgam üpjünçiliginde, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalary hem-de täze tejribäni alyşmakda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde öňde goýuldy. Bularyň ählisi sebit, yklymara hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna düýpli täsirini ýetiren ählumumy pandemiýa bilen baglylykda aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy.

Sammitiň çäklerinde YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda bu guramanyň hem-de onuň düzümleriniň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmäge uly goşant goşmaga ýardam berýän möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy we işewürlik maslahaty guraldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgütleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu guramany sebitiň okgunly we netijeli ykdysady düzümine öwürmek maksady bilen, özara gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, möhüm ugurlarda, has anygy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligi, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işleri boýunça «YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň» netijeli amala aşyrylmagyna ýardam etmäge umumy taýýarlyk tassyklanyldy. Duşuşykda YHG ýurtlarynyň, beýleki döwletleriň, iri halkara guramalaryň hem-de ykdysady birleşikleriň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk teklipler beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigine üns çekildi. Munuň özi BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen yzygiderli we toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda ilkinji, emma örän möhüm ädimdir.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde önümçilik işleriniň oňaýsyz täsirlerini peseltmek maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa energetika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Bu ugurda işler güýçlendiriler hem-de ekologiýa ulgamyna degişli halkara resminamalar nazara alnar. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Arassa energetika merkezini döretmek baradaky başlangyç goldanyldy.

YHG ýurtlarynyň COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitiň ykdysadyýeti üçin pandemiýanyň ýetiren täsirlerini, hususan-da, öňüni alyş hem-de sanjym ulgamynda maglumatlary alyşmak ýoly bilen ýeňip geçmek kabul edilen möhüm çözgütleriň hatarynda görkezildi.

Sammite gatnaşyjylar YHG giňişliginde ulag hem-de kommunikasiýa düzümlerini ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek barada ylalaşdylar.

YHG sebitiniň baý energetika serişdelerini has netijeli peýdalanmak, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady goşulyşmagy barada çözgüt kabul edildi, guramanyň bu ulgamlarda goňşy sebitler bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň usullary we gurallary kesgitlenildi.

Sebitiçi söwdanyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak hem-de bu sebitiň YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek arkaly ählumumy söwda ulgamyna goşant goşmagy barada çözgüt kabul edildi. Şu maksat bilen degişli edaralara tehniki we iş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak işlerini tizleşdirmek hem-de agza döwletleriň arasynda YHG-nyň Erkin söwda zolagynyň döredilmegine gönükdirilen gepleşiklere girişmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, sammitde YHG-nyň maliýe-bank toplumynyň kadaly hereket etmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidentiniň YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek boýunça teklibi ähmiýetli başlangyç hökmünde bellenildi.

Şeýle hem ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, durmuş meselelerini çözmegiň möhüm şerti hökmünde kiçi we orta kärhanalary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Senagat taýdan goşulyşmak meselelerine garamagyň dowamynda ministrliklere hem-de YHG döwletleriniň wezipeli wekillerine «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamaga girişmek tabşyryldy, ol biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň özara üstüni dolmagy hem-de önümçilik kuwwatlyklary esasynda anyk çäreleri we taslamalary öz içine almalydyr.

YHG-nyň geljekki işlerinde tehnologik hyzmatdaşlyga, sanly ülňüleriň ornaşdyrylmagyna, emeli aňa, telekommunikasiýalara, programmalaýyn önümleri işläp taýýarlamak üçin tehnoparklaryň gurulmagyna aýratyn üns berler.

Çykyşyň dowamynda azyk howpsuzlygyna, neşe söwdasyna, halkara guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, kiberjenaýatçylyga garşy bilelikdäki göreş ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda möhüm çözgütleriň we ylalaşyklaryň kabul edilendigine üns çekildi.

YHG-nyň ynsanperwer ugry, medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlary boýunça gatnaşyklarynyň gün tertibi yzygiderli giňeldiler we baýlaşdyrylar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlary tarapyndan ulag we energetika ulgamlaryna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň umumy mejlisinde eden çykyşynda bu hyzmatdaşlygy ählumumy ykdysady ösüşiň kesgitleýji meýilleri hökmünde anyk häsiýetlendirdi. Hususan-da, ýurdumyzyň hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasyny amala aşyrmak hakyndaky başlangyjy öňe sürendigi barada aýdyldy.

Şeýle hem bu ugurda Täjigistanyň Prezidentiniň çykyşynda «CASA-1000» (Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa — 1000) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň taslamasy barada beýan edilen teklibiň möhümdigi bellenildi.

«Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe geçelgelerini döretmegiň möhüm ähmiýetini belländigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny YHG-nyň bähbitlerine peýdalanmak baradaky teklibiniň möhümdigi bellenildi.

Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarlaryndaky portlaryny doly derejede peýdalanmak, şeýlelikde, bu deňziň üsti bilen Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda gatnawlaryň bitewi hem-de özara üstüni dolýan düzümlerini kemala getirmek boýunça meselä bu başlangyjyň dowamy hökmünde garalýar. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde yklymara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy giňişligini baglanyşdyryjy hökmünde Ykdysady Hyzmatlaşlyk Guramasynyň orny barha artar hem-de uzak möhletli geljek üçin mümkinçiliklere eýe bolar. Şeýle hem Özbegistan — Owganystan — Pakistan demir ýolunyň taslamasynyň, Yslamabat — Tähran — Stambul (YTS) awtoulag geçelgesiniň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Sammitiň jemleriniň degişli resminamada — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda has anyk beýan edilendigi bellenildi.

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri çykyşynyň ahyrynda Aşgabat sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň we çözgütleriň hyzmatdaşlyga kuwwatly täzeçil itergi, yzygiderlilik hem-de anyklyk berjekdigine, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy giňişliginde, şeýle hem sebitara we yklym işlerinde tiz goşulyşmak üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Maslahatyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiň YHG-nyň gününde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Munuň özi bu sammitiň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Husraw Noziri çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we onuň örän üstünlikli geçirilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň çykyşlarynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar sammitde halkara derejede möhüm çözgütleriň we jemleýji resminamalaryň kabul edilendigini, olarda YHG giňişliginde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň, halklaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň kesgitlenendigini belledi.

Soňra çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we YHG-nyň sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Munuň özi Türkmenistanyň iri halkara forumlary geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny aýan edýär.

Azerbaýjanda doganlyk halkyň gazananlaryna, ýurduň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesine tüýs ýürekden guwanýarlar. Biz foruma gatnaşmak bilen, türkmen paýtagtynyň gözelliklerini synlamaga hem mümkinçilik aldyk. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşip, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Biz bu ulgamda bar bolan giň mümkinçilikleri sebitiň ýurtlarynyň bähbitlerine peýdalanýandygyny goldaýarys diýip, dostlukly ýurduň wekili aýtdy.

Türkmenistanda netijeli işlemek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertler döredilipdir diýip, diplomat şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigini belläp, onuň dowamynda kabul edilen çözgütleriň YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Diplomatik wekilhanalaryň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi.

Ilçi şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ygtybarly hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Hususan-da, senagat, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamda we syýahatçylyk ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Diplomat YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, onda kabul edilen çözgütleriň, öňe sürlen başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine söz berildi. Ol umumy taryh, däp-dessurlar we medeni ýörelgeler bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygy aýdyldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, bu babatda üstaşyr ulag geçelgelerine möhüm orun degişli bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem wajyp bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, diplomat sammitde ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ulag, energetika ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi we hyzmatdaşlygyň elektron hem-de sanly ulgam bilen üpjünçiligi, tehnologiýa, tejribe alyşmak meselelerine möhüm ähmiýet berlendigini aýtdy. Şunda ekologiýa ugry aýratyn möhümdir.

Maslahatda Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, YHG-nyň sammitinde häzirki döwürde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek, döwrüň wehimlerine garşy bilelikde göreşmek meselelerine garalandygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belledi.

YHG sebiti ýurtlarynyň ägirt uly energetika serişdelerini we ulag-logistika ulgamyny, olaryň ykdysady taýdan goşulyşmagyny netijeli peýdalanmak baradaky meselä degip geçmek bilen, diplomat bu ugurlarda goňşy sebitler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Aýratyn-da, yklymara giňişlikde ykdysady, söwda we maýa goýum ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Uzak möhletleýin meýilnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde YHG-a möhüm orun degişlidir diýip, ilçi belledi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçiniň belleýşi ýaly, taryhy ähmiýeti bolan bu sammitde kabul edilen çözgütler we öňe sürlen başlangyçlar gurama agza ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine, halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň berkarar edilmeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalara möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Ilçi çykyşynyň dowamynda sammitiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respubilkasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýratyn belläp, işlemek üçin döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, hormatly Prezidentimize YHG-nyň nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň üstünlikli geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Diplomat YHG-a agza ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň we baý tebigy serişdeleriniň bardygyny belläp, bularyň ählisiniň netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri emele getirýändigini nygtady.

Häzirki wagtda Täjigistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. YHG-nyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň abadançylygyny üpjün eder, bellenilen maksatlara ýetmäge mümkinçilik berer diýip, ilçi sözüni jemledi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi YHG-nyň sammitiniň öň ýanynda türk Liderine ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, munuň özi ýurduň dünýä derejesinde abraýynyň artmagyna ýardam berýär.

Diplomatyň aýdyşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde hem-de häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde YHG-a agza döwletleriň bilelikdäki tagallalary möhüm ähmiýete eýedir.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de YHG-nyň 15-nji sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady.

Bu gurama agza döwletleriň häzirki döwrüň wehimlerine, hususan-da, täze koronawirus ýokanjyna, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde tagallalarynyň birleşdirilmegi has netijeli häsiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde uzak ýyllaryň dowamynda toplanan tejribäni alyşmak, dürli ugurlarda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem täzeçil usullary, sanly ulgamy doly peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda durmuş ulgamynyň ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.

Ilçi sözüniň ahyrynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen Liderine hoşallyk sözlerini aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen hemmeleri gutlady.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň sebit boýunça goňşusy hem-de işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşy bolup durýar. Diplomat Türkmenistanda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, iki döwletiň arasynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça sazlaşykly guralyň hereket edýändigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça geçelgeleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ägirt uly üns berýändigi bellenildi, munuň özi Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny berkitmäge ýardam edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iri forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Ilçiniň belleýşi ýaly, ABŞ-da Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde ýurtlaryň arasynda onlaýn tertipdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Ilçi netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyş edip, YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçmegi we Türkmenistanyň bu guramada başlyk etmegi bilen gutlady.

Sammitde kabul edilen çözgütler we onuň jemleýji resminamasy Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we parahatçylygyň berkidilmegine ýardam eder. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assamblýeasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, munuň özi sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna utgaşmagyny, özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün eder. Sebitiň ýurtlarynyň taryhy, medeni we däp-dessurlar babatdaky umumylyklary ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we energetika taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertini emele getirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko YHG-nyň sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, onuň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bu ugurda diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Olaryň tagallasy bilen ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar hem-de öňe sürülýän başlangyçlar abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Çykyşda YHG-nyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu sebit ykdysady düzümi söwda, ulag-kommunikasiýa, energetika, syýahatçylyk, durmuş ulgamy, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işi ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam bermelidir, munuň özi döwrüň talaby bolup durýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor hormatly Prezidentimizi YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli gutlap, häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, geljegi uly bolan taslamalaryň amala aşyrylmagyny, oňa YHG-a agza ýurtlaryň degişli düzümleriniň gatnaşmagyny şertlendirýär diýip belledi.

Sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, pandemiýa garşy göreş, onuň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da, öňüni alyş we waksinasiýa ugurlarynda maglumat alyşmak arkaly göreşmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bularyň ählisi bu gurama agza döwletleriň häzirki zamanyň wehimlerine bilelikde garşy durmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edýär.

Maslahata gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm sepgide öwrülendigini nygtadylar. Sammitiň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň kabul edilmegi YHG-a agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berer. Bu forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

www.tdh.gov.tm.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48689?type=feed

01.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

29.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtly, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemişe açykdygyny nygtady. Dünýäde uglewodorod serişdelerini öndürýän iri döwletleriň biri bolan ýurdumyz ýangyç-energetika ulgamynda umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda hukuk kadalaryna hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm şert bolup durýar.

Işewür Türkmenistanda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu pudaga innowasion häsiýetli, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ugurda Russiýanyň iri kompaniýasy oňyn tejribe toplady.

Işewür hormatly Prezidentimizi «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Geljegi uly türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de kemala getirilen ygtybarly hukuk binýadynyň uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegine, ugurdaş düzümleriň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini goýmak üçin ygtybarly kepil bolup durýandygy bellenildi.

«Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň geljekde hem üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

www.tdh.gov.tm



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48691?type=feed

01.12.2021
Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek, onuň ösüşini innowasion ugurlar boýunça üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Hususan-da, ýurdumyzda şertnama-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we onuň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, döwlet bilen hususy pudaklaryň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak ýaly möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, şeýle hem onuň hukuk kepilliklerini kämilleşdirmek üçin amatly ýagdaýlar döreýär, olar bolsa öz gezeginde, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň gös-göni sebäpleridir. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan sanly ykdysadyýete geçmek wezipesi babatynda şeýle belleýär: «Bu ýerde esasy faktorlar ýokary tehnologiýalary, esasy we amaly gözlegleriň netijelerini ulanmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan, jemgyýetiň intellektual potensialyndan has doly peýdalanmak, intensiw ösmek we ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmak üçin öňdebaryjy ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak bolup durýar».

Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyjy raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, bilim jemgyýetini, onuň maglumat giňişligini kemala getirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak, durmuş we ykdysady çygyrlary dolandyrmagyň ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Dünýä tejribesine laýyklykda, sanly ulgamyň ösdürilmegi ýurduň ykdysadyýetini täze ösüş derejesine çykarmaga we ony düýbünden täze hile öwürmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, milli ykdysadyýeti yzygiderli sanlylaşdyrmak meseleleriniň durmuşa geçirilmegi, ýurduň tutuş çägini gurşap alýan maglumat-ykdysady giňişliginiň kemala gelmegine doly derejede ýardam edýär.

Şu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda elektron senagatyny ýola goýmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny ösdürmek, şeýle hem döwletimizi sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösüşi äşgär görünýär, üstesine-de, ýakyn wagtda ol innowasion taslamalaryň hereketlendirijisi bolmaly, milli önüm öndürijileriň önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygynyň ösmegine ýardam bermeli. Bu ýagdaý täze tehnologik mümkinçilikleriň döwlet we täjirçilik hyzmatlaryny aşa elýeterli etmegi, harytlary we önümleri mahabatlandyrmak üçin çykdajylaryň azalmagyny üpjün etmegi, tölegleri tölemegiň wagtyny tygşytlamagy, dürli gurluş üýtgemelerini nazara almak bilen, kanunçylyk goruny we hukuk (şertnama) gurluşlaryny üýtgedip gurmagy we girdejileriň alternatiw çeşmelerini açmagy bilen baglanyşyklydyr.

Alym Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny we elektron senagatyny kämilleşdirmek, şäherleriň hem-de obalaryň sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde bolan aratapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we zerur bolan beýleki şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.

Eýsem, sanly ykdysadyýet näme?

Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, şol wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriniň dolanyşygynyň tizligi, harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlyklaryň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar.

Ýurdumyzda uzak we orta möhletleýin ykdysady ösüşiň gazanylmagyny üpjün edýän sanly ykdysadyýet innowasion ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny, onuň hasabyna jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny, şeýle hem täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň netijesinde ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň özgerdilmegini we Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýete düýpgöter geçmek üçin intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, bu işi amala aşyrmak üçin ykdysadyýetiň döwlet we hususy pudaklarynyň wekillerini, ýuridiki we fiziki taraplary, maglumat tehnologiýasynyň hünärmenlerini we başga-da, jemgyýetiň beýleki agzalaryny tapmak zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen birlikde, sanly ykdysadyýet çygrynda maglumatyň we innowasion tehnologiýalaryň goragynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek maglumatlaryň kiber goragynyň üpjün edilmegini hem talap edýär. Goragyň şu görnüşine düzüm birlikleriň ählisi degişlidir. Öz gezeginde, ol maliýe we söwda ulgamlarynyň ösüşiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen faktor hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýetde ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gös-göni täsir edýän dolandyryş işiniň, kanunçylygyň şertnamalaýyn gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem ýokary tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyply taslamalaryň hödür edilmegi öz oňyn netijesini berýär. Has takygy, sanly ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň ähli görnüşleri awtomatlaşdyrylýar, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň öňünde goýlan wezipeler bolsa merkezleşdirilen dolandyryş, şeýle hem şertnamalaýyn ýörelgeler arkaly amala aşyrylýar. Emma, sanly ykdysadyýetiň artykmaçlyklary diňe şonuň bilen çäklendirilmeýär. Täze ykdysady we innowasion şertlerde önümçiligiň hiliniň we ykdysady işiň subýektleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, tehnologik pudaklarda döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ýaly mümkinçilikler hem emele gelýär.

Häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şonuň netijesinde bolsa pudak özüniň bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmaly, soňra şol tehnologiýalaryň degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmagynyň aýdyň netijeleri ykdysadyýete umumylykda oňaýly täsirini ýetirýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek üçin döwletiň öňünde çözülmeli iki möhüm wezipe goýlandyr. Olaryň birinjisi, täze ykdysady şertlere laýyk gelýän, şeýle-de ykdysady işe ähli gatnaşyjylaryň hukuk goraglylygyny, şol sanda kiber goragyny üpjün edýän kämil kanunçylyk binýady döretmekden ybarat. Ikinjiden, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegi zerur bolup durýar. Olaryň ikisi hem önümçiligiň sanly ýörelgä eýermegine, şeýle-de, ykdysadyýetiň pudaklarynda innowasion ösüşi gazanmaga niýetlenendir.

Ykdysadyýetiň sanly ulgamy jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalardan düzülen ulgam bolmak bilen, şol bir wagtda Internet torundan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bolan täze görnüşli ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň pese düşmegi, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy şonuň ýaly-da, beýleki peýdaly aýratynlyklar ýüze çykýar. Ykdysadyýetde innowasion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplygyna, elektron dolanyşygynyň ýola goýulmagyna we elektron söwdasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi bolsa sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet jemgyýeti we döwleti düzýän ähli elementleriň bütinleýin yzygiderli sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär, sanly ykdysadyýetiň ösüşi bolsa onuň subýektleriniň özara amala aşyrylýan sanly şertnamalaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmak işiniň gurnalmagy bilen bagly bolup durýar. Şu işde berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi ilkinji mesele bolup çykyş edýär.

Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny elýeterli etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň maksatlaryny we esasy ugurlaryny, şeýle hem ýerine ýetirilmeli esasy wezipelerini özünde jemledi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ugry boýunça ýene-de birnäçe Maksatnamalar we Konsepsiýalar kabul edilip,üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyny», «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet Maksatnamasyny» bellemek ýerliklidir.

Şeýlelikde, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşmegi şertnamalaryň döwrebap görnüşleriniň ýüze çykmagyna oňyn şert döredýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň hususy bölümlerini ösdürmekde, ilatyň durmuş wezipelerini çözmekde, şertnamalaýyn gatnaşyklaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmakda netijeli gural bolup durýar.

Zamira BABANAZAROWA,

Lebap welaýat kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48664

01.12.2021
Ro­waç­lyk­la­ryň röw­şen ýo­lun­da

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň her bir güni oňyn özgerişlere, rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, yhlas-aladasy bilen ýurdumyz özgerýär, Watanymyz gülleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanan 2021-nji ýylda halkymyzyň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran ençeme şanly wakalaryň şaýady bolmagymyz, il bähbitli, durmuş ähmiýetli desgalardyr binalaryň ençemesiniň ulanylmaga berilmegi, döwletimiziň berkararlyk binýadyny berkitjek, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary göterjek möhüm çözgütleriň, wajyp resminamalaryň kabul edilmegi Watanymyzyň her gününiň ösüş-özgerişlere beslenýändigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Diýarymyzy toplumlaýyn özgertmek boýunça kabul edilen çäreler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere laýyklykda, nebitgaz känleri özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar, esasy gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar we olar ulanmaga berilýär. Şäherdir obalarymyzda döwrebap durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler ornaşdyrylyp, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Kiçi işewürlik we hususy telekeçilik pudagy hem ýokary depginlerde ösýär, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän täze senagat kärhanalary işe girizilýär. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar we kömek pullary, talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şol bir wagtda Berkarar döwletimizde ýokary okuw mekdepleriniň täze döwrebap binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň kämil derejedäki tilsimatlar bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-tälim almaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmek wezipesi döwlet syýasatymyzyň iň bir ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir. Sebäbi milli ykdysadyýetiň ösüşlerini şu ugurdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Ýurduň kuwwatlylygyny we durnukly ösüşini milli ykdysadyýetiň ösüşleri kesgitleýän bolsa, ykdysady ösüşleri, esasan, ýurduň ösen senagaty üpjün edýär. Diýmek, senagat taýdan ösen ýurt bolmak döwletiň berkararlygynyň, milletiň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Elektrik energetikasy, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklary ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýji babatda esasy ulgamlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk we sanly bilim ulgamy ileri tutulýan maksatlar bolup durýar. Döwletimiz sanly ulgama geçilmäge gönükdirilen işleri batly depginde alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz oba hojalyk ülkesi bolanlygyndan senagat taýdan ösen ýurda öwrülýär. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy has gowulanýar.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça wezipeler hem toplumlaýyn çözülýär. Oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Ähli welaýatlarda sil suwlaryny toplamak, çölüň içinden çekilen Garagum derýasynyň geçiriş ukybyny artdyrmak, suw tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin niýetlenen täze suw howdanlarynyň, gidrotehniki desgalaryň gurulmagy täze ýerleri özleşdirmegi hem-de oba hojalyk dolanyşygyna girizilmegi nazar almak bilen, suwarylýan ýerlere barha artýan talaby kanagatlandyrmagy maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň kadaly ýaşaýşy we abadan durmuşy üçin bilim, saglygy goraýyş, iş bilen üpjünçilik, medeniýetli dynç alyş, aragatnaşygyň döwrebap görnüşleriniň elýeterliligi ýaly zerurlyklary öz içine alýan oňaýly şertleriň döredilmelidigini aýratyn nygtamagy has-da buýsandyryjydyr. Döwletimiz oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär. Muňa mysal edip ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyny, bu toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, daýhanlar üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iň kämil tehnikalaryň satyn alynmagyny görkezmek bolar. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökün, oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin himiki serişdeler we suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, olara ýeňillikli karzlar berilýär we olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa oba ilatynyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna uly itergi berýär.

Obasenagat toplumynda döwletimiziň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak, ilatyň azyk harytlaryna hem-de senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrmak, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäk babatda amala aşyrylýan özgertmelere düýpli itergi berildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik, guşçulyk, maldarçylygyň et we süýt önümçiligini, oba hojalyk ulgamynyň azyk hem beýleki pudaklaryny toplumlaýyn we sazlaşykly ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar. Oba hojalygynyň dolandyrylyşyny hem-de düzümleýin özgerdilmegini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen görülýän çäreler oňyn netijelerini berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýar. Agrosenagat toplumynda pagta, bugdaý, şaly ýaly önümleriň önümçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, gök-miwe, bakja önümleriniň köp görnüşini, maldarçylyk, guşçulyk önümlerini öndürmek, ýyladyşhanlarda bolsa gyş paslynda hem bazarlarymyzy gök, bakja önümleri bilen doldurmak, azyk bolçulygyny gazanmak maksady bilen, ilaty özümizde öndürilen oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, hatda daşary ýurtlara hem satmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu çäreler önümçilige berilýän ýeňillikler, maýa goýumlary, oba hojalygynda hususy önüm öndürijileri goldamak ýaly çäreler bilen hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar. Elbetde, agrosenagat toplumynyň halkymyzy ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri, gaýtadan işleýän senagaty oba hojalyk çig mallary bilen üpjün etmekde möhüm orna eýedigini bellemek maksadalaýykdyr. Şonuň üçin hem ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz, energiýa we serişde tygşytlaýjy, ylmyň hem tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ýokary tehnologiýaly agrosenagat önümçiligini guramak babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr. Edermen we janypkeş babadaýhanlarymyz ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk görnüşlerini ekmekde we olardan bol hasyl almakda iş tejribelerini has-da baýlaşdyrýarlar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ajaýyp döwlet syýasatynyň bazarlarymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen üpjün etmekden ybaratdygyna güwä geçýär. Daýhanlarymyzyň öz päk zähmetleri bilen döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşantlaryny goşmagy hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň oba hojalyk pudagyna oňyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak, daýhanlaryň her ýyldaky alýan sap girdejileriniň mukdaryny artdyrmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň öz oňyn netijelerini berýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar we oňyn özgerişler, ilkinji nobatda, adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Bu bolsa milli Liderimiziň turuwbaşdan öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde öz beýanyny tapyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny täze üstünliklere hem rowaçlyklara besleýär.

Serdar GARLYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

01.12.2021
Halkara hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykýar

Paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başlamagynyň öň ýanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. Düýn Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.

Bu sylagy Türkmenistanyň wekiline YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir, bu düzümiň ösdürilmegi we berkidilmegi dogry hem-de mynasyp ädimdir, ol täze taglymlary, başlangyçlary, doganlyk halklaryň we döwletleriň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny berkidýär.

YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan türkmen alymy guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň ösmegi, alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Sylaga mynasyp bolan alym öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize ylmy işgärler baradaky ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra maslahatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejedäki duşuşykda kabul edilen esasy çözgütleri teswirlemek bilen, Aşgabat forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady, onuň ähmiýeti YHG ýurtlarynyň bähbitlerinden has daşary çykýar hem-de kabul edilen çözgütleriň gerimi we derejesi babatynda yklymda tutuş geoykdysady ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Ýer togalagynyň bu çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň, halkara ykdysady birleşikleriň, maliýe edaralarynyň ünsüni çekmäge ukyplydyr.

Metbugat maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýa laýyklykda işjeň hem-de mazmunly çäreleri alyp barandygy bellenildi. Guramanyň işine ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda, taslama — maksatnamalaýyn işlerde üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, täze many-mazmun, depgin bermek, ulag, energetika pudaklarynda, onuň elektron we sanly ulgam üpjünçiliginde, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalary hem-de täze tejribäni alyşmakda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde öňde goýuldy. Bularyň ählisi sebit, yklymara hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna düýpli täsirini ýetiren ählumumy pandemiýa bilen baglylykda aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy.

Sammitiň çäklerinde YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda bu guramanyň hem-de onuň düzümleriniň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmäge uly goşant goşmaga ýardam berýän möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy we işewürlik maslahaty guraldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgütleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu guramany sebitiň okgunly we netijeli ykdysady düzümine öwürmek maksady bilen, özara gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, möhüm ugurlarda, has anygy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligi, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” netijeli amala aşyrylmagyna ýardam etmäge umumy taýýarlyk tassyklanyldy. Duşuşykda YHG ýurtlarynyň, beýleki döwletleriň, iri halkara guramalaryň hem-de ykdysady birleşikleriň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk teklipler beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilendigine üns çekildi. Munuň özi BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen yzygiderli we toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda ilkinji, emma örän möhüm ädimdir.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde önümçilik işleriniň oňaýsyz täsirlerini peseltmek maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa energetika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Bu ugurda işler güýçlendiriler hem-de ekologiýa ulgamyna degişli halkara resminamalar nazara alnar. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Arassa energetika merkezini döretmek baradaky başlangyç goldanyldy.

YHG ýurtlarynyň COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitiň ykdysadyýeti üçin pandemiýanyň ýetiren täsirlerini, hususan-da, öňüni alyş hem-de sanjym ulgamynda maglumatlary alyşmak ýoly bilen ýeňip geçmek kabul edilen möhüm çözgütleriň hatarynda görkezildi.

Sammite gatnaşyjylar YHG giňişliginde ulag hem-de kommunikasiýa düzümlerini ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek barada ylalaşdylar.

YHG sebitiniň baý energetika serişdelerini has netijeli peýdalanmak, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady goşulyşmagy barada çözgüt kabul edildi, guramanyň bu ulgamlarda goňşy sebitler bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň usullary we gurallary kesgitlenildi.

Sebitiçi söwdanyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak hem-de bu sebitiň YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek arkaly ählumumy söwda ulgamyna goşant goşmagy barada çözgüt kabul edildi. Şu maksat bilen degişli edaralara tehniki we iş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak işlerini tizleşdirmek hem-de agza döwletleriň arasynda YHG-nyň Erkin söwda zolagynyň döredilmegine gönükdirilen gepleşiklere girişmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, sammitde YHG-nyň maliýe-bank toplumynyň kadaly hereket etmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidentiniň YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek boýunça teklibi ähmiýetli başlangyç hökmünde bellenildi.

Şeýle hem ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, durmuş meselelerini çözmegiň möhüm şerti hökmünde kiçi we orta kärhanalary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Senagat taýdan goşulyşmak meselelerine garamagyň dowamynda ministrliklere hem-de YHG döwletleriniň wezipeli wekillerine “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga girişmek tabşyryldy, ol biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň özara üstüni dolmagy hem-de önümçilik kuwwatlyklary esasynda anyk çäreleri we taslamalary öz içine almalydyr.

YHG-nyň geljekki işlerinde tehnologik hyzmatdaşlyga, sanly ülňüleriň ornaşdyrylmagyna, emeli aňa, telekommunikasiýalara, programmalaýyn önümleri işläp taýýarlamak üçin tehnoparklaryň gurulmagyna aýratyn üns berler.

Çykyşyň dowamynda azyk howpsuzlygyna, neşe söwdasyna, halkara guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, kiberjenaýatçylyga garşy bilelikdäki göreş ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda möhüm çözgütleriň we ylalaşyklaryň kabul edilendigine üns çekildi.

YHG-nyň ynsanperwer ugry, medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlary boýunça gatnaşyklarynyň gün tertibi yzygiderli giňeldiler we baýlaşdyrylar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlary tarapyndan ulag we energetika ulgamlaryna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň umumy mejlisinde eden çykyşynda bu hyzmatdaşlygy ählumumy ykdysady ösüşiň kesgitleýji meýilleri hökmünde anyk häsiýetlendirdi. Hususan-da, ýurdumyzyň hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasyny amala aşyrmak hakyndaky başlangyjy öňe sürendigi barada aýdyldy.

Şeýle hem bu ugurda Täjigistanyň Prezidentiniň çykyşynda “CASA-1000” (Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa — 1000) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň taslamasy barada beýan edilen teklibiň möhümdigi bellenildi.

“Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe geçelgelerini döretmegiň möhüm ähmiýetini belländigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny YHG-nyň bähbitlerine peýdalanmak baradaky teklibiniň möhümdigi bellenildi.

Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarlaryndaky portlaryny doly derejede peýdalanmak, şeýlelikde, bu deňziň üsti bilen Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda gatnawlaryň bitewi hem-de özara üstüni dolýan düzümlerini kemala getirmek boýunça meselä bu başlangyjyň dowamy hökmünde garalýar. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde yklymara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy giňişligini baglanyşdyryjy hökmünde Ykdysady Hyzmatlaşlyk Guramasynyň orny barha artar hem-de uzak möhletli geljek üçin mümkinçiliklere eýe bolar. Şeýle hem Özbegistan — Owganystan — Pakistan demir ýolunyň taslamasynyň, Yslamabat — Tähran — Stambul (YTS) awtoulag geçelgesiniň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Sammitiň jemleriniň degişli resminamada — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda has anyk beýan edilendigi bellenildi.

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri çykyşynyň ahyrynda Aşgabat sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň we çözgütleriň hyzmatdaşlyga kuwwatly täzeçil itergi, yzygiderlilik hem-de anyklyk berjekdigine, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy giňişliginde, şeýle hem sebitara we yklym işlerinde tiz goşulyşmak üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Maslahatyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiň YHG-nyň gününde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Munuň özi bu sammitiň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Husraw Noziri çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we onuň örän üstünlikli geçirilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň çykyşlarynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar sammitde halkara derejede möhüm çözgütleriň we jemleýji resminamalaryň kabul edilendigini, olarda YHG giňişliginde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň, halklaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň kesgitlenendigini belledi.

Soňra çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we YHG-nyň sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Munuň özi Türkmenistanyň iri halkara forumlary geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny aýan edýär.

Azerbaýjanda doganlyk halkyň gazananlaryna, ýurduň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesine tüýs ýürekden guwanýarlar. Biz foruma gatnaşmak bilen, türkmen paýtagtynyň gözelliklerini synlamaga hem mümkinçilik aldyk. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşip, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Biz bu ulgamda bar bolan giň mümkinçilikleri sebitiň ýurtlarynyň bähbitlerine peýdalanýandygyny goldaýarys diýip, dostlukly ýurduň wekili aýtdy.

Türkmenistanda netijeli işlemek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertler döredilipdir diýip, diplomat şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigini belläp, onuň dowamynda kabul edilen çözgütleriň YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Diplomatik wekilhanalaryň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi.

Ilçi şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ygtybarly hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Hususan-da, senagat, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamda we syýahatçylyk ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Diplomat YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, onda kabul edilen çözgütleriň, öňe sürlen başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine söz berildi. Ol umumy taryh, däp-dessurlar we medeni ýörelgeler bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygy aýdyldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, bu babatda üstaşyr ulag geçelgelerine möhüm orun degişli bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem wajyp bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, diplomat sammitde ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ulag, energetika ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi we hyzmatdaşlygyň elektron hem-de sanly ulgam bilen üpjünçiligi, tehnologiýa, tejribe alyşmak meselelerine möhüm ähmiýet berlendigini aýtdy. Şunda ekologiýa ugry aýratyn möhümdir.

Maslahatda Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, YHG-nyň sammitinde häzirki döwürde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek, döwrüň wehimlerine garşy bilelikde göreşmek meselelerine garalandygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belledi.

YHG sebiti ýurtlarynyň ägirt uly energetika serişdelerini we ulag-logistika ulgamyny, olaryň ykdysady taýdan goşulyşmagyny netijeli peýdalanmak baradaky meselä degip geçmek bilen, diplomat bu ugurlarda goňşy sebitler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Aýratyn-da, yklymara giňişlikde ykdysady, söwda we maýa goýum ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Uzak möhletleýin meýilnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde YHG-a möhüm orun degişlidir diýip, ilçi belledi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçiniň belleýşi ýaly, taryhy ähmiýeti bolan bu sammitde kabul edilen çözgütler we öňe sürlen başlangyçlar gurama agza ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine, halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň berkarar edilmeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalara möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Ilçi çykyşynyň dowamynda sammitiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respubilkasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýratyn belläp, işlemek üçin döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, hormatly Prezidentimize YHG-nyň nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň üstünlikli geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Diplomat YHG-a agza ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň we baý tebigy serişdeleriniň bardygyny belläp, bularyň ählisiniň netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri emele getirýändigini nygtady.

Häzirki wagtda Täjigistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. YHG-nyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň abadançylygyny üpjün eder, bellenilen maksatlara ýetmäge mümkinçilik berer diýip, ilçi sözüni jemledi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi YHG-nyň sammitiniň öň ýanynda türk Liderine ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, munuň özi ýurduň dünýä derejesinde abraýynyň artmagyna ýardam berýär.

Diplomatyň aýdyşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde hem-de häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde YHG-a agza döwletleriň bilelikdäki tagallalary möhüm ähmiýete eýedir.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de YHG-nyň 15-nji sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady.

Bu gurama agza döwletleriň häzirki döwrüň wehimlerine, hususan-da, täze koronawirus ýokanjyna, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde tagallalarynyň birleşdirilmegi has netijeli häsiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde uzak ýyllaryň dowamynda toplanan tejribäni alyşmak, dürli ugurlarda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem täzeçil usullary, sanly ulgamy doly peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda durmuş ulgamynyň ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.

Ilçi sözüniň ahyrynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen Liderine hoşallyk sözlerini aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen hemmeleri gutlady.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň sebit boýunça goňşusy hem-de işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşy bolup durýar. Diplomat Türkmenistanda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, iki döwletiň arasynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça sazlaşykly guralyň hereket edýändigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça geçelgeleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ägirt uly üns berýändigi bellenildi, munuň özi Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny berkitmäge ýardam edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iri forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Ilçiniň belleýşi ýaly, ABŞ-da Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde ýurtlaryň arasynda onlaýn tertipdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Ilçi netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyş edip, YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçmegi we Türkmenistanyň bu guramada başlyk etmegi bilen gutlady.

Sammitde kabul edilen çözgütler we onuň jemleýji resminamasy Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we parahatçylygyň berkidilmegine ýardam eder. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assamblýeasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, munuň özi sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna utgaşmagyny, özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün eder. Sebitiň ýurtlarynyň taryhy, medeni we däp-dessurlar babatdaky umumylyklary ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we energetika taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertini emele getirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko YHG-nyň sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, onuň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bu ugurda diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Olaryň tagallasy bilen ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar hem-de öňe sürülýän başlangyçlar abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Çykyşda YHG-nyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu sebit ykdysady düzümi söwda, ulag-kommunikasiýa, energetika, syýahatçylyk, durmuş ulgamy, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işi ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam bermelidir, munuň özi döwrüň talaby bolup durýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor hormatly Prezidentimizi YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli gutlap, häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, geljegi uly bolan taslamalaryň amala aşyrylmagyny, oňa YHG-a agza ýurtlaryň degişli düzümleriniň gatnaşmagyny şertlendirýär diýip belledi.

Sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, pandemiýa garşy göreş, onuň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da, öňüni alyş we waksinasiýa ugurlarynda maglumat alyşmak arkaly göreşmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bularyň ählisi bu gurama agza döwletleriň häzirki zamanyň wehimlerine bilelikde garşy durmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edýär.

Maslahata gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm sepgide öwrülendigini nygtadylar. Sammitiň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň kabul edilmegi YHG-a agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berer. Bu forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48630

30.11.2021