Bürgüt nyşanly önümler

Ýetip gelen gyş günleri adamlary ýyly we gelşikli geýinmek hakynda çynlakaý pikirlendirýär. Günüň dowamynda üýtgäp durýan howa gijesine sowasa, gündiz ene toprak ýene-de yşran Günüň ýylysyna meýmireýär. Şeýle bolsa-da, bu pursatda pasla görä geýinmek göwnemakuldyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, saglyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Ähli ulgamlarda bitirilýän işler halkyň bolelin durmuşda, sag-salamat ýaşaýşyna gönükdirilýär. Her bir ynsanyň ykjam, göwnemakul geýinmegini üpjün etmek ýokary hilli egin-eşikleriň dürli görnüşlerini öndürýän dokma toplumlarydyr tikinçilik fabrikleriniň paýyna düşýär. Çaga geýiminden başlap, dürli ýaşdaky adamlaryň isleglerini kanagatlandyrýan möwsümleýin egin-eşikler daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini barha giňeldýän milli öwüşginli, endama ýakymly, biçiliş, tikiliş aýratynlygynyň döwrebaplygy bilen müşderiniň göwnünden turýan egin-eşikler daşary ýurtly hyrydarlaryň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Lybaslaryň her birinde döwrebaplyk we milli öwüşginiň sazlaşygy aýratyn duýulýar. Biri-birini tapawutlandyrýan milli nyşanlar bilen bezelmegi ol önümleriň gymmatyny has-da artdyrýar.

Eserdeň, hüşgär, çalasyn, batyr, gaýduwsyz we ýene-de ençeme özboluşly häsiýetleri bilen tanalýan algyr guşuň goşa ganaty bu gün gypjakly dokmaçylaryň gazanýan üstünliklerini alyslara ýaýýar. Zähmete berlen gerçek ýigitleriňdir kalby dür-merjenli, çeper elli gelin-gyzlaryň jemlenen ýeri bolan Gypjakdaky dokma toplumynda öndürilýän önümleri dag-dereleriň hökmürowany bolan bürgüdiň özboluşly keşbi bezeýär. Ýokary hilli sport egin-eşikleri bilen adygan toplumda sap pagtadan bolan önümler bilen birlikde nah we poliýestor ýüplükler garylyp örülen trikotaž harytlary-da öndürilýär.

Kärhananyň bölümlerindäki tutanýerli zähmet gyş günlerinde geýmek üçin niýetlenen dürli galyňlykdaky kurtkalaryň öndürilmegine gönükdirilipdir. Egriji bölümden gözbaş alýan döredijilikli zähmetiň netijesi dürli bölümlerden geçip, ahyrynda tikinçilik bölüminde taýýar önümler görnüşinde jemlenýär. Toplumdaky ýerine ýetirilýän işleriň sazlaşygy we gazanylýan üstünlikler barada kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, hünärmen Mähri Lolykowa şeýle gürrüň berýär:

— Saýlap alan «bürgüt» haryt nyşanymyzda giň many bar. Bu nyşan biziň her birimize ýiti gözlüligi, çalasynlygy, arassa, halal zähmet çekmegi, eserdeňligi salgy berýär. Toplumyň bölümlerinde el-ele berip zähmet çekýän oglan-gyzlaryň her biri milli nyşanly önümlerimizde özleriniň mynasyp paýyny görüp buýsanýarlar.

Toplumyň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary oturdylan ýüplük, örme, boýag tikin bölümlerinde çekilýän sazlaşykly zähmetiň ahyrky netijesi öndürilýän harytlaryň müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrmagyna getirýär. Döwrebaplyk we milli öwüşgin berlip, ýylyň ähli pasly üçin niýetlenip tikilýän dürli görnüşli önümlerimiziň müşderileri barha köpelýär. Şu günler kärhanamyzyň hünärmenleri gyş pasly üçin niýetlenen, dürli galyňlykdaky ýeňli we ýeňsiz kurtkalary tikip, halka hödürlemegiň aladasy bilen gurşalandyr. Köp görnüşli, döwrebap biçüwde tikilýän ol harytlar çagalaryň we uly ýaşlylaryň söýgüsini gazanar diýip umyt edýäris. Gabardin matasyndan tikilýän bu önümler suw geçirmeýänligi bilenem tapawutlanýar. Pagtany gaýtadan işlemekden taýýar önüm öndürmäge çenli doly önümçilik aýlawy hereket edýän kärhanada gazanylýan üstünlik hünärmenlerimizi täze, ýeňişli sepgitlere ruhlandyrýar. Dünýä ülňülerinde gurlan, işlemek üçin giň mümkinçiligi bolan bu dokma toplumynda zähmet çekýän hünärmenler ähli rowaçlyklaryň başynda duran mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarlar.

Hawa, Gypjakdaky S.Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň hünärmenleri öz müşderileriniň aladalary bilen joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň esasy maksady — göze gelüwli, ykjam, ýokary hilli, döwrebap önümler bilen halkymyzyň söýgüsini gazanmak. Halkara hil ülňülerinde we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek bilen halkyň söýgüsini gazanýan dokmaçylary bu maksat her güni netijeli jemlemäge iterýär. Hemişe ýeňişli menzile ganatyny gerýän «bürgüt» nyşany olara şowly başlangyçlary salgy berýär.

Aýnabat DURDYÝEWA.

«Türkmenistan».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48868