Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinar geçirildi.
Webinara dünýäniň 15 ýurdundan medeniýet ulgamynyň 40-dan gowrak wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasynyň baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky rus drama teatrynyň baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu webinaryň geçirilmeginiň diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetiň medeni ösüşi arkaly parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda aýratyn ähmiýetini bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, uly ösüşiň, medeniýetiň, şol sanda edebiýatyň we sungatyň dörän ýerinde parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetliligiň hem has berkeýändigini adamzadyň köpasyrlyk taryhy subut edýär.
Çäräniň barşynda milli Liderimiziň umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamakdaky we ösdürmekdäki giň gerimli tagallalary barada hem gürrüň edildi.
Bellenilişi ýaly, «medeniýet» düşünjesi adamzadyň iň gowy üstünliklerini birleşdirýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir halkyň öz aýratynlyklary, taryhy geçmişi, baý medeni mirasy bar. Taryhy müňlerçe ýyla uzap gidýän türkmen halky öz çäginde birnäçe etnik toparlaryň mirasdüşeri bolup durýar.
Webinaryň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde köp sanly taryhy we medeni ýadygärliklerdir senetleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça işler güýçlendirilýär. Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasy, şeýle hem ahalteke atlaryny seýislemek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek ýaly özboluşly sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça dowam edýän işleriň ähmiýeti bellenip geçildi.
Şeýle maslahatyň guralanlygy hem-de oňa gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri webinar-maslahatdaky çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Leýli REJEPOWA.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48873