Watan şöhratyna şöhrat goşulýar

Gözel paýtagtymyz hoşniýetli hyzmatdaşlygyň rowaçlanýan merkezine öwrülýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzdaky ösüşleriň, halkara hyzmatdaşlygyndaky gazanylýan üstünlikleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň anyk netijeleridir. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary we döwletleri bilen ähli ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň BMG-niň umumadamzat bähbitli öňe sürýän maksatlary bilen pugta baglydygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu ýyl mähriban halkymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmündäki derejesine «Bitarap Türkmenistan» atly ajaýyp eserinde «Eger men biziň Bitaraplyk nusgamyz halkara-hukuk tejribesinde täze bir gudrat, aýratynlyk boldy diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz» diýmek bilen ýokary baha berýär.

Mähriban halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň beýik ösüşlerine gönükdirilýän beýik işleri, şanly wakalary buýsanç bilen garşylaýar. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek biragyzdan ykrar edilmeginiň özi berkarar Diýarymyzyň bu ugurlarda alyp barýan işleriniň netijeliligine berilýän ýokary bahadan we beýik ynamdan nyşandyr. Şonda dünýä ýurtlarynyň 47-si bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan 2018-nji ýylda Bitarap Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň hem-de Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Owganystanda halkara tagallalary goldamak boýunça hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalary kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ajaýyp dabaralanmasy hökmünde jahana ýaň saldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Baş Assambleýanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar» diýlip kesgitlenen kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Milli Liderimiziň öňe süren teklibi esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi hem berkarar Diýarymyzyň amala aşyrýan umumadamzat bähbitli beýik işleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň syýasy taglymaty diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alman, eýsem, ol dünýäniň öňdebaryjy pikirlerini, meýillerini hem öz içine almak bilen, ählumumy ösüşe uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Bitarap Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürip, hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle hem dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy babatda toplan oňyn tejribeleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur şertleri döretmekde, parahatçylygy, abadan ösüşi pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýar.

Parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy, içerki ösüşi we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki giň gerimli taslamalary, maksatnamalary, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlary bilen pugta bitewüligi emele getirýär. Halkara hyzmatdaşlygynda, ykdysadyýetde we medeniýetde, ylymda-bilimde, saglygy goraýyşda, nebitgaz ulgamynda gazanylan oňyn netijeler bu gün mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň durmuşynda özüniň anyk netijelerini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň mejlislerinde diňe halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzadyň bähbitlerini araýan, täzeçillige ýugrulan çuň mazmunly, taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkidilmegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ýardam edýär. Energetika we ulag ulgamlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden çözgütleri onuň aýdyň mysallarydyr. Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dostluk-doganlyk gerimini has-da giňeldýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça belent maksatnamalaýyn işler amala aşyryldy. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan üstünlikler syýasy, ykdysady binýady has-da pugtalandyryp, senagatyň köp pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Oba hojalygy uly ösüşlere eýe boldy, bugdaýdan bol hasyl alyndy, pagta taýýarlamak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Ýol-ulag, aragatnaşyk, söwda, saglygy goraýyş, ulgamlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň ykdysady, energetika we ulag-üstaşyr artykmaçlyklary, maýa goýum hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýasyny we tebigy baýlyklaryny goramak babatda bitiren beýik işleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, golaýda, ýagny 28-nji noýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň XV sammiti Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açdy. YHG ýurdumyzyň garaýşyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezýär. Türkmenistan YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerine işjeň gatnaşýar. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda YHG-nyň Aşgabatda geçirilen Sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan başlanypdy. Şol gün Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa ýük gatnatmalary we demirýol gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dört taraplaýyn şertnama gol çekildi. 1998-nji ýylda Almatyda YHG-a agza döwletleriň üstaşyr ýük gatnatmalary hakynda Ylalaşyga gol çekildi. YHG-da başlyklyk eden döwründe Türkmenistan guramanyň agza ýurtlarynyň BMG-niň guramalary bilen özara gatnaşyklaryny ýokary derejede ösdürmäge gönükdirilen tagallalary edýär. 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda «Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Paýtagtymyzdaky döwrebap, köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol günki duşuşyk gurama agza döwletleriň ählisiniň hyzmatdaşlyk we ýakyndan özara gatnaşyklar ýoly bilen mundan beýläk-de gyşarnyksyz öňe gitmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwerlik ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny hem-de örän uly isleg bildirýändiklerini görkezdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň ahyrynda onuň Jemleýji resminamasy — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi.

Bu bitirilýän beýik işler diňe bir ykdysadyýetiň ösüşine oňaýly täsir etmän, eýsem, halkara derejesinde syýasy, medeni, ylym-bilim ugurlarynda hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda syýasy tejribäniň, parahatçylykly ösüşleriň, durmuş asudalygynyň möhüm serişdesi hökmünde kabul edilýär. Geçen sanlyja ýylda halkara hyzmatdaşlygynda bitirilen beýik işler türkmen döwleti üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy we ykdysady strategiýanyň amala aşyrylmagynyň şaýolunda beýik ösüşlere beslenýän täze taryhy kemala getirdi.

Dünýäniň parahatçylyk söýüji döwletleri, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen giň gerimli, anyk maksada gönükdirilen we uzak geljegi nazara alýan giň gerimli, netijeli, ygrarly hyzmatdaşlyk etmek hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan strategik ýoludyr.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48765