Новости
Hoşniýetlilige we ynsanpwerlige esaslanýan gymmatlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan ýatdan çykmajak wakalar hem-de düýpli özgertmeler taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp döwürde ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ruhy-medeni taýdan täze belentliklere çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işler täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, mahlasy, ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeler her bir adamyň kalbynda çuňňur kanagatlanma hem-de buýsanç duýgularyny döredýär. Özüniň röwşen geljegini ynamly gurýan Türkmenistan bu günki gün ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, agzybir, asuda, ýaşaýyş-durmuş taýdan eşretli, parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýäde doly ykrar edildi.

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleriniň esasy bolup, ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen döwleti halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge, ählumumy agzybirligiň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşant goşýar. Türkmenistan bilen dünýäniň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejä eýe boldy. Ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açyldy. ªunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri döwletimiziň halkara  abraýyny pugtalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkara derejede umumadamzat ähmiýetli, dünýä bähbitli parasatly başlangyçlary öňe sürmegi we onuň dünýä ýüzünde gyzgyn goldaw tapmagy olaryň halklaryň bähbidine gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda öňde goýulýan aýdyň maksatlar, amal edilýän işler hoşniýetli türkmen Bitaraplygynyň rowaçlanýandygynyň kepili bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň parasatly we hoşniýetli daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny subut edýär.

Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny belende götermek ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.




11.12.2021
Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

Şeýle hem bu serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýeten derejesi hem-de eksport mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilişi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Dubaýyň ykdysady departamentiniň agzasy, “Alamaip” kompaniýasyny esaslandyryjy Fahad Abdulla Saleh “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan bölüminden maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty, hususy ulgamy ösdürmek üçin döwlet goldawy netijesinde döredilýän şertler ýurdumyzyň telekeçilerine özleriniň ýokary hilli harytlary bilen dünýä bazarlaryna çykmaga we Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde oturdylan monitorlarda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri kärhanalarynyň, ýörite internet saýtlarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen statistik maglumatlar bu düzümleriň ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp zamanasy, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçilikleri we uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi baradaky şekiller görkezildi.

Ýeri gelende aýtsak, sergide görkezilýän gymmatlyklar baradaky maglumatlar hem-de öndürilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri türkmen, rus we iňlis dillerinde berilýär. Bu bolsa wirtual serginiň halkara ähmiýetini şertlendirýär.

Ýurdumyzda täzeçil usullar esasynda wirtual serginiň guralmagy halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugrudygyny görkezýär.

Harytlaryň internet serişdeleriniň üsti bilen ýerlenilýän möçberleriniň artmagy hem-de içerki elektron söwda üçin oňyn meýdançalaryň döredilmegi, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň halkara derejede mahabatlandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür düzümleriň öňünde goýýan esasy wezipeleridir.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň milli Liderimiziň başlangyjy bilen elektron senagaty döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy bellärliklidir. Şunda ýokary netijeli, ekologik taýdan arassa önümçilige, sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Bu gezekki sergi Watanymyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulýandygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, senagat taýdan kuwwatlanmagyna, mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Halkara wirtual sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi www.mfa.gov.tm saýtynda ýerleşdirilendir.

10.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Astrahan oblastynyň gubernatory pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň ýakynlaşyp gelýän 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de rowaçlyk we gülläp ösüş ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen bu dereje gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň işjeň hem-de oňyn orny eýeleýändiginiň beýanydyr.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýtdy we türkmen-rus gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we esasy senagat merkezleri bilen oňyn gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzy öňden gelýän ykdysady hem-de medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, möhüm ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar soňky wagtda ösüşiň oňat depgini bilen tapawutlanýar.

Milli Liderimiz Russiýanyň ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwletara, hökümetara hem-de beýleki derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün edýär. Bu bolsa häzirki döwrüň ýagdaýyny we geljekki meýilnamalary nazara alyp, özara gatnaşyklaryň döwrebap görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Myhmanyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, ilkinji nobatda, transmilli üstaşyr ulag geçelgeleri we logistika merkezlerini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleri açýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek geljegi uly we häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň deňiz menzilleriniň birnäçesine, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň “Olýa” deňiz portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan möhüm pudaklardaky özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmek, döredijilikli başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça oňyn pikirleri öňe sürýär. Türkmenistan bu babatda anyk çäreleri görýär. Munuň şeýledigine bu ulgamda durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylýan sebit ähmiýetli taslamalar mysal bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanda iri forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we onuň jemleri boýunça döwletara hem-de sebitara gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän ähmiýetli çözgütleriň kabul edilýändigini nygtady.

Nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalarynyň işleýändigi nygtaldy. Olar bilen bilelikde wajyp taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikler bar.

Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde türkmenleriň uly kowçum bolup ýaşaýandygyny nazara alanyňda, wajyp ähmiýete eýe bolan ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýaly gubernator ýurdumyzyň talyplaryny Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde okatmak işini dowam etdirmek babatda pikirini aýtdy. 2009-njy ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, Astrahan oblastynda türkmen tarapynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdebi gurmagy medeniýet hem-de bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklaryň ajaýyp mysallary bolup hyzmat edýär.

Igor Babuşkin pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine örän uly üns berýändigi, Türkmenistanyň bu sebite koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekdäki ynsanperwer kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine özara ynam bildirildi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

***

Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan geňeşiniň çäklerinde bilelikdäki işleriň ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, söwda, gurluşyk, gämigurluşyk hem-de deňiz logistikasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň sebitleriniň deňizara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini hem bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Astrahan oblastynyň ykdysady düzümleri, hususan-da, “Perwomaýskiý sudoremontnyý zawod” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen ýük we nebit guýulýan tankerleri abatlamak boýunça türkmen tarapynyň netijeli hyzmatdaşlygy barada aýdyldy.

Söhbetdeşler ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar bolan beýleki ulgamlarda hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

10.12.2021
Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri we mümkinçilikleri

Düýn Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň halkara wirtual sergisi açyldy. Onuň maksady ýurdumyzyň senagat we önümçilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, maýadarlary çekmekden, içerki hem-de daşarky söwdada hyzmatdaşlaryň ornuny giňeltmekden ybaratdyr. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirýäris.

Atageldi HALJANOW,
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili:

— Dünýäde hoşniýetli, oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistana gyzyklanmalaryň barha artýan döwründe sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda şeýle wirtual sergileriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň miwelerini giňişleýin beýan edýär. Şu günler ýurdumyzda baýramçylyk çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem serginiň işi bilen tanyşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmäge bagyşlap guralýan ähli dabaralar, sergidir forumlar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, halkara gatnaşyklarda-da birnäçe şanly wakalara şaýat bolduk. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi. Dünýäde uly seslenme tapan wakalaryň hatarynda milli Liderimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumy, YHG-nyň 14-nji sammiti, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammiti, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumy bar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş edip, öňe süren başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz garaýyşlarymyzyň we öňde goýýan maksatlarymyzyň BMG-niň, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlarymyzyň, beýleki ýurtlaryň hem bähbidine laýyk gelýändigini nygtaýar. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, BMG-niň halkara düzümleri bilen gatnaşyklary özara düşünişmegiň esasynda alyp barýar.

Begmyrat ALAKBAÝEW,
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary:

— Maliýe-ykdysadyýet toplumynyň beýleki düzümleri bilen birlikde, ministrligimiz hem wirtual sergä gatnaşýar. Onda ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazananlary, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarydyr özgertmeler hakynda gürrüň berilýär. Sergide Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy hukuk derejesine esaslanyp amala aşyrýan halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijeleri aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy diýlende, diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, sebitde, şeýle hem dünýäde adamzadyň bähbidini nazara alýan başlangyçlar, durmuşa geçirilýän işler göz öňüne gelýär.

Wirtual gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 50-den gowragynyň diwarlyklarynda önümlerdir hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Ol diňe bir ildeşlerimizde däl, eýsem, daşary ýurtlularda hem uly gyzyklanma döredýär. Wirtual serginiň açylyş dabarasyna Dubaýda dowam edýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisindäki türkmen pawilýonyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy has-da täsirli boldy.

Serginiň işe başlamagy ýetip gelýän halkara baýramçylygymyza mynasyp sowgatdyr. Onuň işinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Mergen ORAZOW,
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary:

— Wirtual sergide ministrligimiziň diwarlygyna hemmelere: «Hoş geldiňiz!» diýýäris. Onda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça öňdebaryjy kärhanalar — sement zawodlary, «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasy, kän müdirlikleri, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Ýaşlyk keramzit zawody, «Nebitmaş» kärhanasy we beýlekiler hakynda maglumat berilýär. Bu kärhanalarda her ýylda önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ösüş meýilnamalary işlenip taýýarlanýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin önümleriň täze görnüşlerine bolan islegler öwrenilip, innowasiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.

Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawodlaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde milli senagatyň ösüşiniň has-da depginli bolmagy üpjün edilýär. Şeýle hem täze iş orunlary döredilýär.

Şeýle nusgalyk işleriň başynda duran döwlet Baştutanymyzy ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmekde netijeli gural bolan baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».

10.12.2021
Eksporty artdyrmak, importy azaltmak

Döwletimizde halk hojalygyň ähli pudaklarynda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amal edilýär. Ýurduň töleg balansynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanylýan eksportyň möçberini artdyrmak we şol bir wagtda importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, öň hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler döwletimizde hususyýetçiligiň barha ösmegine, pudaklarda zähmet çekýän kiçi we orta telekeçileriň zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna şert döredýär.

«Telekeçiler ýurduň altyn gaznasydyr» diýýän döwlet Baştutanymyzyň bu wezipeleri çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerine awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda garalan meseleleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Duşuşygyň dowamynda bäştaraplaýyn iş edarasyny, ýagny «Işewürler geňeşini» döretmek baradaky teklip biragyzdan goldanyldy.

Duşuşykda daşary syýasy ugur boýunça özara bähbitli maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda «Ýol kartasynyň» taslamasyny ylalaşmak boýunça işi ýakyn wagtlarda tamamlamak bellenildi. Şeýle işleriň ýola goýulmagy ýakyn geljekde diňe bir ýurt mysalynda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hem ykdysady we telekeçilik işjeňliginiň has-da ösmegini üpjün eder.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ony hil taýdan ýokarlandyrmak, ikitaraplaýyn salgyt salmak, ýeke-täk üstaşyr tölegleri kesgitlemek, gümrük we migrasiýa amallaryny ýeňilleşdirmek babatda kadalary hem-de düzgünleri kämilleşdirmek meselelerine hem aýratyn üns berýär. Ýurtda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk seljermeleri iş ýüzünde amala aşyrmak, täze ugurly pudaklary döretmek we öň hereket edýän önümçilikleriň durkuny täzeläp, möçberini ýokarlandyrmak çärelerini baş maksat hökmünde her bir çykyşynda aýratyn belleýär we onuň kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa ýurtda hususyýetçileriň ornunyň has-da artmagyna, olaryň işjeňliginiň ýokarlanmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan ýurdumyza «B+durnukly» derejäniň berilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan taryhy ýylyň buýsançly wakalarynyň biridir. Bu halkara agentligi tarapyndan Türkmenistana ilkinji gezek şeýle bahanyň berilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylýandygyny, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş gazanýandygyny görkezýär.

Şeýle tutanýerli işleriň oňyn netijelerini şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan makroykdysady görkezijileriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu döwürde öndürilen önümleriň mukdarynyň ýokarlanmagy, şeýle-de importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginiň we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy häzirki wagtda alnyp barylýan parasatly syýasatyň ykdysady netijeliliginden nyşandyr.

Import önümleriniň ornuny tutýan önümçilikleriň köpeldilmegi, içerki islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik bermek bilen birlikde, eksport önümleriniň möçberleriniň artmagyna itergi berýär. Şol bir wagtda şeýle çäreler ýurdumyzyň importy peseltmekde, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, täze senagat kärhanalaryny döretmekde, netijede bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberlerini artdyrmakda, ýurduň geljekki ösüşini üpjün etmekde strategik nukdaýnazardan bähbitli bolup durýar.

Importyň möçberini peseltmek, eksport ugurly harytlaryň möçberini artdyrmak we haryt bilen birlikde hyzmatlar ulgamyny giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan baş ugurlaryň biri hasaplanýar.

2015-nji ýylyň maý aýynda «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi we häzirki döwürde olary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler munuň şeýledigini doly subut edýär.

Döwrebap kärhanalarda hususyýetçilerimiz tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümler bazar bolçulygymyzy artdyrýar we halkara bazarda yzygiderli ornuny pugtalandyrýar. Bu önümleri we harytlary elektron, ýagny, sanly ulgam arkaly bökdençsiz satyn almaga giň şertleriň döredilmegi — munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösýändiginden habar berýär.

Sanly tehnologiýalaryň giňden durmuşa ornaşdyrylýan döwründe töleg hasabat ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysady taýdan wagty tygşytlamak usulyna esaslanyp, adam zähmeti az sarp edilip, işini ýeňilleşdirmek maksady bilen «Bir penjire» ulgamynyň, ýagny «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly taslamanyň 2023-nji ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy esasynda durmuşa ornaşdyryljak bu taslama, öz gezeginde, ýurdumyzda eksport we import edilýän ýükleriň, söwda amallarynyň resmileşdirilmegini ýeňilleşdirer. Bu bolsa ýurtda sanly konsepsiýanyň ähli pudaklara yzygiderli ornaşdyrylýandygyny ýene bir gezek şertlendirer.

Jumageldi SALAMOW.

«Türkmenistan».

10.12.2021
Milli ykdysadyýetiň ösüş kuwwaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly wakalar bilen dabaralanýar.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistana milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berendigini belleýär. Ykdysady-hukuk nukdaýnazaryndan, Bitaraplyk türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen, örän möhüm ykdysady taslamalary işläp düzmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Türkmenistanda höküm sürýän syýasy durnuklylyk, halkyň ruhy galkynyşy, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kärhanalarynda önümçilige ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler türkmen jemgyýetiniň şu günki ýüzüni görkezýär.

Şu ýylyň 3-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi üstümizdäki ýylyň on bir aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijelerine we öňde duran wezipelere bagyşlandy. Durmuş-ykdysady ösüşimizi alamatlandyrýan sepgitler ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylýandygyny aýdyň görkezdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu makroykdysady görkezijiniň ýokary derejesini üpjün etmekde senagat pudagyna möhüm orun degişli bolup, pudakda gazanylan oňyn netijeleriň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudaklary milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ulgamlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şu ýylyň 11 aýyndaky görkezijilere ser salmak hem ýeterlikdir.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary makroykdysady görkezijiler gazanylýar. Giň gerimde durmuşa geçirilýän senagatlaşdyrmak we ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak syýasaty täze iş orunlarynyň artmagyna, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion önümçilikleriň köpelmegine giň mümkinçilikleri açýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalaryň işe girizilmegi netijesinde önümleriň dürli, şol sanda täze görnüşlerini çykarmak boýunça işler ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykydysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy geljekki ösüşlerimizi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamada milli ykdysadyýetiň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak boýunça wezipeler bellenildi. Şeýle-de, bu resminamada ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça degişli wezipeler kesgitlenildi. Maksatnamada kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler hem göz öňünde tutulandyr. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksatlarynda toplumlaýyn işlere badalga berler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we türkmen harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmek babatda ileri tutulýan we geljegi uly ugurlary yzygiderli ösdürmek hem-de giňeltmek, senagat pudagynda ýokary ösüş depginini saklamak wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn, tutumly işler yzygiderli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini, munuň bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidigine, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidigine ünsi çekmek bilen, esasy syýasatymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardygyny belläp geçipdi. Bu ynsanperwer syýasata daýanýan, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermelidigini bellemegi hem şu syýasatdan gözbaş alýar.

Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegini, halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün edýär. Goý, milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli ähli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Züleýha ORAZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

10.12.2021
Döwrebap ösüşleriň ýolunda

Türkmenistan tebigy gazyň möçberleri boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Munuň özi döwletimize bu deňsiz-taýsyz baýlygy tebigy ýangyç we taýýar önüm görnüşinde dünýäniň sarp edijilerine ibermäge mümkinçilik berýär. Gazdan polietilen, polipropilen öndürmek bilen bir wagtda, oba hojalygy üçin deňsiz-taýsyz himiki dökün bolan karbamidi, azody, fosfory, kalini öndürmek ýola goýuldy. Şunda ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda açylyp ulanylmaga berlen «Tejenkarbamid» zawodyny agzap geçmek mümkindir. Tejen şäherinde ýerleşýän bu zawodyň ýyllyk taslama kuwwaty 350 müň tonna karbamid öndürmäge barabardyr. Zawodda karbamidi has öňdebaryjy tehnologiki usullarda işläp taýýarlamaga we öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. Tehnologiki iş dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr. Tehnologiki işiň gidişine gözegçilik merkezi dolandyryş nokadyndan amala aşyrylýar. Önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrylmagy zawodyň önümçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli bolan bu zawod ýurdumyzyň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýan kärhanalaryň biri hasaplanýar. Ol ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny gerekli dökünler bilen üpjün etmekden başga-da, ýokary hilli döküni daşary ýurtlara eksport etmekde uly ähmiýete eýedir. Daşary ýurtlaryň barha artýan islegini nazara alyp, geljekde bu zawodyň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, «Tejenkarbamid» zawodynyň durkuny düýpli täzelemek babatda tagallalar edilýär.

Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän we durky täzelenilýän önümçilik desgalarynyň esasy aýratynlyklary hökmünde, olaryň esasy çig malynyň öz ýurdumyzyň hasabyna üpjün edilýändigidir. Tebigy gazdan alynýan karbamid, azot, kaliý, fosfor himiki dökünleri tebigy dökünler bilen utgaşyklylykda, sahawatly topragymyzda ýokary hilli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmäge we şol bir wagtda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza uzak ömür we berk jan saglyk arzuw edýäris.

Döwran ABDYRAHMANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

10.12.2021
Türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň özeninde milli ýörelgelerimiz durandyr. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň rowaçlanmagy ugrundaky taryhy hyzmatlary, ilkinji nobatda, döwletimiziň şu halkara hukuk derejesine daýanýar. Munuň özi dünýäni parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän syýasatdyr. Bu syýasatyň özeninde, hakykatdan-da, halkymyzyň ýaşaýşyň düzgün-kadasyna öwrülen päkize arzuw-umytlary, gowy gylyk-häsiýetleri, kämil dünýägaraýşy, däp-dessurlary durandyr. Hormatly Prezidentimiziň parasat hem zehin siňdirip döreden kitaplarynda, edil şonuň ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda bular barada düýpli pikir ýöredilýär.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň milli kökleri barada aýdanda, adamlaryň arasynda dörän düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde ata-babalarymyzyň töwellaçylyk däbini hem ýatlap, ine, şeýle belleýär: «Töwella etmeklik söze, pähime daýanyp, ylalaşyga gelinmegini aňladýar. Töwella etmek bilen uly ýalňyşlyklaryň öňi alynýar, her ýagdaý haýyr işe tarap ugrukdyrylýar. Töwellaçylyk işi iki adamyň arasyndaky ýagdaýdan başlap, uly we has uly meselelere, ýurtlaryň arasyndaky meselelere çenli aralaşyp, ol meseleleri çözmegiň möhüm guraly bolup, halkara diplomatiýa derejelerine çenli ösüp, kämilleşip, hyzmat edip gelendir».

Türkmenistanyň goranmak häsiýetli harby doktrinasy bar. Harby meseledäki bu ýörelgäniň bitaraplyk syýasatymyz bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiz munuň biziň gadymy milli ýörelgämizdigini, taryhymyzyň has irki döwürlerinde peýda bolandygyny açyp görkezmek bilen şeýle diýýär: «Oguz hanyň parahatçylykly ýörişleri antik döwrüň şöhratly ýazgylaryndaky asly gadymy saklardan bolan meşhur akyldar Anaharsisiň: «Biz ýaraglarymyzy başga biriniň garşysyna ulanmak üçin edinmedik, biz olary gerek bolan ýerinde özümizi goramak üçin edindik» diýen pikirini doly tassyk edýär». Şunuň bilen baglanyşyklylykda, anyk bir adam zehini, duýgy-düşünjesi bilen dörän pikirleriň adamzat durmuşyny bagta tarap alyp gidýän taglymat bolup bilýändigini, olaryň halkyň ýüreginden baky orun alandygyny düşündirýär. Bu babatda has gadymy taryhymyzdan başlap, soňra Orhon-Ýeniseý ýazgylarymyzy, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Omar Haýýamyň, Möwlana Jelaletdin Rumynyň, Magtymguly Pyragynyň, ondan soňky söz ussatlarymyzyň eserlerini ýatlaýar. Şu ýagdaýyň müňlerçe ýyllyk taryhymyzy, aňyýetimizi, bütin döredijilik, akyl-parasat dünýämizi bir kökene düzýändigini, ruhy bitewüligimizi ybarat edýändigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle pikirleri milletiň we adamzadyň durmuşyny, onuň dürli meselelerini her taraplaýyn seljermekde örän özboluşlydyr, sapak alarlykdyr.

Oguz han iň soňky mümkinçilige çenli parahatçylygy saklamagy wesýet edipdir. Onuň nesillerine agzybirlik hakynda aýdanlaryny hemmeler bilýändirler. Şonuň ýaly-da Oguz han: «Gylyjyňyzdan gan dammazdan owal diliňizden parasat aksyn!» diýipdir. Mälik şa: «Parahatçylyk bilen gazanylýan ýeňşiň ýanynda ok-ýaragyň güýji hiç zatdyr» diýipdir. Ol uruş, zorluk bilen däl-de, mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun egdiripdir. Baýram han: «Parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr» diýipdir. Şükür bagşy gylyç syryp duran dyzmaç ýigitleriň hyzmatyny çäresizlik ýagdaýy üçin goýup, sazy bilen ýola düşüpdir...

Gahryman Arkadagymyz türkmenleriň biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden bäri öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandyklaryny aýdýar. Munuň özi döwletiň we halkyň bähbidi üçin zerur bolupdyr. Gan dökülmegine ýol bermezlik, parahatçylyk, ylalaşyk, ynanyşmak üçin zerur bolupdyr. Bu günki dünýäde öňüni alyş diplomatiýasy juda çynlakaý işe öwrüldi. Bu ýurtlar, sebitler, yklymlar üçin, netijede, bütin adamzat üçin möhümdir. Muňa dünýä bileleşigi aýratyn üns berýär. Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň biziň ýurdumyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda döredilmegi, öz işini üstünlikli dowam etdirmegi, elbetde, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi bilen, ýurdumyzyň parahatçylygy ileri tutýan döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň daýanjy hökmünde sebitde we dünýäde möhüm orun eýeläp gelýär.

Bu gün dünýäde döwletiň bitaraplygy baradaky düşünje ozalky wagtlaýyn we adaty häsiýetinden çykyp, düýbünden başga häsiýete — hemişelige, durnukly ýagdaýa eýe bolandyr. Bu biziň döwletimiziň dünýä beren gymmatlygydyr. Ýurdumyz adamzadyň taryhynda ilkinji gezek: şeýle uly syýasaty öňe sürdi — dünýä bileleşigine ykrar etdirdi — gyşarnyksyz alyp barýar. Ikinji bir tarapdan, bitaraplyk syýasaty öz milli bähbitlerimize, şeýle-de dünýä halklarynyň bähbitlerine laýyklykda saýlanyp alnandygyna görä, milli çäklerden çykyp, adamzat üçin taryhy hadysa öwrülendir.

Adamzat adalatyň, ösüşiň hem parahatçylygyň hatyrasyna has kämil ýörelgäniň zerurlykdygy hakynda düýpli pikirlenmäge mejburdyr. Şeýle döwürde ýurdumyzyň bu ýörelgesiniň gymmaty aýratyn uludyr. Şuňa görä, döwlet syýasatynda bitaraplygymyza garaşsyzlygymyz bilen deň derejedäki gymmatlyk hökmünde garalýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «...Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýen sözleri hem doly tassyklaýar.

Adamzat mydama parahatlygy, erkanalygy isläpdir. Rahat hem bagtly durmuşyň şundadygyna düşünipdir. Emma hiç bir meseläniň çözgüdi arzuw bilen tamamlanmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «şeýle ygtybarly ýaşaýşy döretmegiň hem öz ugruny — ýoluny-ýörelgesini tapmaly, tapanyňdan soň hem ony bozman, dogry alyp gitmegi başarmaly». Ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynda bularyň ählisi — kämil düşünjeler hem, bu düşünjeleri durmuşda ulanmagyň kämil ýörelgesi hem, iş ýüzündäki tagallalar hem jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz adamzada aýdyň ýol görkezip bilýän milli ýörelgeleri juda çuňňur, bütin inçeligi bilen yzarlaýar, olar babatda dogry netijeleri öňe sürýär. Halkyň agzybirliginiň gymmaty, halkyň bir jan-ten bolup birleşmegi, bir maksada gulluk etmegi, şeýle halkyň döwletiniň berkdigi, mäkämdigi, bozulmazdygy... Külli adamzadyň agzybirligi, bir Zeminiň ýüzünde dost-dogan bolup ýaşamagy... Bütin adamzat iň dogry, iň kämil ýoldan — agzybirlik, abadanlyk, dostanalyk ýolundan ýörese, onuň durmuşynyň hemişe gowy boljakdygy, rahatlygyň, eşretiň gujagynda ýaşajakdygy baradaky pikiri Gahryman Arkadagymyz, edil deňizden dür çykaran ýaly, milli parasatdan çykarýar. Milli Liderimiz milletiň ruhy, onda-da köp müňýyllyk bitewi ruhy bilen birleşýän pikirleri tapýar. Şeýle pikir-garaýyşlaryň bu günki berkarar döwletimiziň syýasatyny düzmäge gatnaşýandygyny, has dogrusy, döwlet syýasatymyzyň esasynda durandygyny düşündirýär.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ata-babalarymyz geljegiň aladasynyň Zemin halklarynyň ählisi üçin hem umumy aladadygyndan ugur alypdyrlar. Şonuň üçin olar il-uluslar bilen dostlukly gatnaşmaga aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýle garaýyşlar halkara derejeli derwaýys wezipeleriň netijeli çözülmeginde häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň ösüşi, parahatçylygy bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldaw tapýandygy, bular boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalar çykarýandygy hem türkmen akyl-parasatynyň adamzat gymmatlygyna öwrülýändigini aýdyň görkezip durandyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaly taryhy wakalar hem muňa doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda bu ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk baradaky başlangyçlary, tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän we dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýan başlangyçlar, olaryň durmuşa geçirilmegi diňe öz halkymyz üçin däl, dünýä halklary üçin hem örän bähbitlidir. Şu ýerden hem türkmen Lideriniň parasatly syýasatçy, adamzadyň bagty ugrunda ýadawsyz göreşiji hökmündäki işleriniň milli çäklerden çykyp, adamzat gymmatlygyna öwrülýändigine düşünmek mümkindir.

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada bolan konsultatiw duşuşygyndaky taryhy çykyşyny ýatlasymyz gelýär. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýipdi. Sebitiň ýurtlarynyň dürli ugurdan örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtapdy. Şol mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanylmagy biziň ýurtlarymyzyň her biriniň abadançylyk, rowaçlyk, ösüş baradaky bähbitlerine laýyk gelýär. Şonuň bilen birlikde munuň özi sebitiň diňe yklymda däl, dünýäde ornuny giňeldýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyz hak aýdýar: biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur! Bu dünýä döwletleri babatda aýdylanda-da örän dogrudyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar» diýýär. «Adamzadyň bagty şundadyr — abadan hem rahat durmuşyndadyr» diýýär. «Dünýäde iň adalatly syýasat adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegine esaslanýan syýasatdyr» diýýär. «Dost bolmak bagtly bolmakda birek-birege goldaw etmäge taýýarlygy aňladýar» diýýär. «Ýurdumyz hernäçe baý hem bolsa, biziň iň uly baýlygymyz halkymyzyň akyl-parasatyndadyr we halkymyzyň köp müňýyllyk beýik tejribesiniň döwre görä ösdürilip, döwlet syýasatynda jemlenmesindedir» diýýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sözleri durmuşa, döwletlilige düşünmegiň, öz bagtyňy goramagyň hem beýgeltmegiň ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň adamzada ýagşylyk isleýän pikirleri, parasatly başlangyçlary ýurdumyza rowaçlyk, üstünlik, abraý, şan-şöhrat getirýär.

Türkmen bitaraplygynyň milli kökleri, häzirki zaman meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagynda, netijeli çözülmeginde onuň orny barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Bu barada bütin geljekde hem kän söhbet ediler. Bu röwşen syýasaty öwrenmek diňe milli derejedäki iş däldir, halkara derejede ähmiýetlidigine görä, adamzadyň hemişe öwrenip, ykbalyna öwrüp ýörmeli işidir.

Gahryman Arkadagly Türkmenistan halkara syýasatda öz sözüni diňletmegi, ykrar etdirmegi başarýan ýurduň belent mertebesine eýedir. Türkmen durmuşynyň özeni bolan dostanalyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde durandyr. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris» diýýär. «Eger-de dünýäniň ähli ýerinde şu paýhasa uýlup durmuş ýöredilse, onda ýurtlaryň biri-birine ysnyşygy, ynanyşmagy has artardy, biri-biri bilen hyzmatdaşlygy has giňelerdi, adamzat üçin dünýä rahatlyk, abadançylyk, eşret hem bagtyýarlyk galasy bolardy» diýýär.

Akmyrat HOJANYÝAZ.

«Türkmenistan».

09.12.2021
Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Ugurdaş düzümi öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Buýruga gol çekdi. Resminama bilen, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda işleýän Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitiniň “B” böleginiň günbatar tarapynda ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalarynda suw üpjünçiligini gurnamak üçin umumy meýdany 26,55 gektar, şol sanda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwründe, suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer bölegini gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä bermek bellenildi.

Oktýabr aýynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama bar.

Bu resminamalar ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Şeýle resminamalar ýurdumyzyň diňe bir çig mal serişdelerini ibermek bilen çäklenmän, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemäge hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, telekeçilik işini üstünlikli alyp barmakda ähli şertler döredilýär. Energetika pudagynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Nebitgaz toplumyny ösdürmäge düýpli serişdeler goýberilýär, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberijileriň esasylarynyň hatarynda durýar. Eziz Diýarymyz çäk taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary göz öňünde tutulanda, Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary hem-de beýleki dürli ugurlar boýunça tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplanan oňyn tejribesini, türkmen “mawy ýangyjyny” dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Ýurdumyz tebigy gazy has düýpli hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberiji hökmündäki abraýly ornuny pugtalandyrdy hem-de energetika eksportynyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika telekeçiliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky mümkinçiliklerini hil taýdan özgerdýär.

Eksport etmek bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine ösýän içerki islegi kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesidir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki ulgamlaryň çalt depginde ösdürilmegi bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze iri senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi.

Nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hem-de düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugrudyr.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga tutuş dünýäde abadançylygyň hem-de rowaçlygyň esasy şerti hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekip gelýär. Bu ugurda halkara derejedäki işler amala aşyrylýar.

Dünýä işewürlik senenamasynda pugta orun eýelän forumlar hem-de maslahatlar ýurdumyza hem-de onuň mümkinçiliklerine bolan uly gyzyklanma şaýatlyk edýär. Bu bolsa işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ösdürmek, maýa goýumlar üçin netijeli ugurlary gözlemegiň esasy şertidir.

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat munuň aýdyň mysaly boldy. Wekilçilikli forum energetika pudagynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. Bu maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn görnüşde dünýäniň onlarça ýurduna görkezildi. Oňa Hökümet düzüminiň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata dünýäniň 30-a golaý döwletinden kompaniýalaryň 100-den gowragynyň, iri daşary ýurt guramalarynyň hem-de banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly goşuldylar. Çärä gatnaşyjylaryň şeýle giň düzümi ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de nebitiň we gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen dürli döwletleriň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmasynyň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanma milli Liderimiziň “Açyk gapylar” syýasaty hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlary bilen baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde ugradýan döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bolup durýar.

Maslahatyň işiniň barşynda “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn”, «Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn”, “Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary”, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljegiň açary”, “Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlary hem-de nou-haulary” ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berildi.

“Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljegiň açary” diýen mesele boýunça mejlisiň Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminde hem geçirilip, şol ýerden göni ýaýlymda görkezilmegi bellärliklidir.

Foruma gatnaşan daşary ýurtly bilermenler dünýäniň energetika bazarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny seljerdiler, şol sanda transmilli düzüm taslamalaryny amala aşyrmak babatda tejribe alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelerde parasatly öňdengörüjiligi, ýangyç-energetika toplumynyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary, şeýle hem bu guramanyň Sekretariaty tarapyndan guralan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň işewürleriniň duşuşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen giň we köpugurly gatnaşyklar olaryň hem-de iri maýadarlaryň yklymyň ykdysady ýollarynyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyndan peýdalanmaga hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Daşary ýurtly esasy maýadarlaryň gyzyklanmalary ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleri hem-de eksport mümkinçilikleri we senagatlaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.

“YHG-nyň sebitinde senagat pudagyny hem-de ulag-logistika hyzmatlaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek” atly forumyň mejlisiniň çäklerinde durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, rezin-tehniki önümler, emeli süýüm, organiki polimerler ýaly tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň netijeli önümçiligini ýola goýmak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Dürli pudaklarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürlik düzümleriniň, kiçi we orta telekeçiligiň ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.

Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleriniň hem-de YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi ata Watanymyzyň ýangyç-energetika bazarynda esasy strategik tarap hökmünde geljegi uly orny üçin mäkäm binýady döretdi.

Ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň serişde kuwwatyna we artykmaçlyklaryna sebit we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge oňyn täsiriň şertleri, hyzmatdaşlaryň türkmen uglewodorodlarynyň çeşmelerine hem-de olary ibermegiň serişdelerine deňhukukly elýeterliligiň esasynda energetika giňişliginde bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň möhüm şerti hökmünde garalýar.

Döwletimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň şanly wakasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga, esasy sebit we dünýä wezipelerini çözmekde işjeň orna ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygy meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak, guramanyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin mümkinçilik döretdi.

Sammite gatnaşyjylar duşuşygyň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygyny biragyzdan kabul etdiler, ol sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we berkitmek boýunça agza ýurtlaryň esasy ugurlaryny özünde jemledi.

Bu möhüm resminamada, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, hususan-da, adalatly we deňhukukly energetika geçilmeginiň dünýäniň we sebitiň energetika howpsuzlygynyň, rowaçlygyň möhüm esasyna öwrüljekdigini ykrar etdiler. Şeýle hem olar YHG-nyň agza döwletleriniň milli energetika ulgamlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýyny artdyrmak hem-de energiýanyň durnukly önümçiligini, energonetijeliligini we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň 21-nji bölüminde energetika pudagynda, şol sanda nebit we gaz, elektrik energiýasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, gidroenergiýa we beýleki ulgamlarda, şol bir wagtda energiýa netijeliligine, energetika düzümleriniň ösdürilmegine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, şeýle hem nebit we gaz geçirijileriniň, energiýa bilen sebit içi söwdany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygyň zerurdygyny tassyklamak; YHG sebitinde energiýa serişdeleriniň söwdasyny hem-de olaryň iberilişini giňeltmek, elektrik energiýasynyň eksportyny we importyny ýönekeýleşdirmek hem-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, şeýle hem sebitiň energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek maksady bilen, elektrik energiýasynyň sebit bazaryny (YHG ESB) döretmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça öňdengörüjilikli strategiýasy ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

(TDH)

09.12.2021
Parahatçylyk — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini gazanmak, ilatyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek üçin giň gerimli maksatnamalary öňe sürýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan oňyn görkezijiler saýlanyp alnan ugruň dogrudygyndan, edilýän tagallalaryň ýerine düşýändiginden habar berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýetilýän sepgitler hem belentdir. Döwlet Baştutanymyz olar hakynda hökümetiň şu ýylyň geçen on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde aýratyn durup geçdi.

Amala aşyrylýan beýik işleriň, bolup geçýän ösüş-özgerişleriň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Şeýle guwandyryjy ýagdaý hakynda ýetip gelýän şanly senäniň — Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky buýsançly günlerde söhbet etmek örän ýakymlydyr. Sebäbi islendik oňyn özgerişlikler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde, edil şonuň ýaly-da, bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkarar edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Parahatçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ösüş gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu babatda öňe sürülýän başlangyçlar tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bolsa dünýä ähmiýetli möhüm meseleleriň gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylýan we wajyp çözgütleriň kabul edilýän merkezleriniň birine öwrüldi.

Şeýle amatly şertlerde eziz Diýarymyzda düýpli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, durnukly ösüşleri gazanmak üçin pugta esas we berk binýat emele gelýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler ykdysadyýetiň ähli toplumlaryny öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň çözgütlerine laýyklykda dünýäniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan, ekologiýa taýdan howpsuz, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Şeýle il-ýurt bähbitli işlere telekeçiler hem giňden gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde bazarlarymyz zerur harytlar bilen doly üpjün edilýär.

Biz täze öndürilip başlanylýan önümleri sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek bilen, degişli resminamalary berýäris. Hut şu şanly ýylyň geçen döwründe edara-kärhanalara şeýle resminamalaryň birnäçesi berildi. Olaryň arasynda «Döwletli döwran» hususy kärhanasynyň öndürýän keramiki kerpiçleri, «Gaýrat» hususy kärhanasynda öndürilmegi ýola goýlan düşeklik pamyk, «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda öndürilýän dürli görnüşli elektrik geçirijiler, «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde öndürilýän lukmançylyk pamygy we beýlekiler bar. Görnüşi ýaly, welaýatymyzyň senagat pudagynda işleriň gerimi barha giňelýär. Bu işde hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyna bolsa ýokardaky sanaw aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen Bitaraplygy abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş ýoludyr. Bütin dünýäniň parahatçylyk sazyny çalyp, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň arassa asmanyň astynda eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýän baky Bitaraplyk ýörelgesine hemişelik ygrarly Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary geljekde-de rowaçlyklara beslensin!

Maksat HANOW,

welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň sertifikatlaşdyryş bölüminiň döwlet inspektory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

09.12.2021
Ygtybarly we ýokary derejede

Nebiti gara altyna deňeýäris. Ondan taýýarlanylýan önümleriň tutuş dünýäde iň arzyly harytlaryň hataryna girýändigi mälim. Häzirki wagtda dünýä bazarynda türkmen nebitiniň hyrydarlary hem barha köpelmek bilen. Ýöne nebit önümleri bilen içerki üpjünçiligi doly berjaý etmek, hemişe bolşy ýaly, häzirki günlerde ilkinji wezipe bolmagynda galýar. Nebit ―bolsa biziň ýurdumyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolandygy üçin ondan taýýarlanylýan önümleriň ilata elýeter bahalardan hödürlenmegi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde. Edilýän tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan döwletleriniň hatarynda ençeme ýyllardan bäri öňdäkileriň biri bolup dur.

Nebit önümlerini, şol sanda benzini sarp edijilere öz wagtynda ýetirip durmak etrap-şäherlerimizde hereket edýän ýöriteleşdirilen kärhanalaryň esasy maksady.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň «Zerger» şahamçasynda kömekçi we senagat binalaryny abatlamak, olaryň täzelerini gurmak boýunça köp sanly işler alnyp barlypdyr. Şol işler häzirki günlerde hem ýokary depgin bilen dowam etdirilýär. Has takygy, şahamçada umumy sygymy 10 müň kub metr bolan dik çanlaryň 6-synyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, şahamçanyň nebit önümlerini saklaýjylyk mümkinçiligi ozalkysyndan ep-esli artdy. Ýakyn geljekde bu görkezijini ýene birnäçe esse ulaltmak meýilleşdirilýär. Şahamçada her biriniň sygymy 100 kub metr bolan dik çanlaryň ýene-de 8-si gurlar. Olar nebit önümleriniň dürli görnüşlerini ygtybarly saklamaga we sarp edijilere ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu wajyp iş «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylýar.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).

09.12.2021