Bagty oýaran zamana

Dünýä döwletleriniň we halklarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda Garaşsyz ýurdumyzda gymmaty asyrlara barabar işler bitirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýä hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalar gülläp ösüşleri üpjün edýär. Ählumumy howpsuzlyk, birek-birek bilen ylalaşykly ýaşap, ösüşlere getirýän hyzmatdaşlygy guramak, kyn günde goldamak, hoşniýetli gatnaşmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze röwüşde baýlaşdyrylyp ösdürilmegi ýurdumyzyň içerisindäki ösüşlere-de oňyn täsirini ýetirýär. Halkara Bitaraplyk gününiň ýakynlaşyp gelýän günlerinde halkymyzyň Arkadagly zamanasynyň ösüşlerine göz aýlamak has ýakymlydyr. Rowaçlygyň mysalynda il-ýurdumyzyň bagtyny oýaran zamananyň belentligi görünýär.

Dünýäde iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan ata Watanymyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirýär. Garaşsyz döwletimiziň döwletlilik ýörelgesi bilen — ata-baba parahatçylykly ýaşaşmak syýasatyny ýöredip, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlygy, olar bilen özara bähbitli, deň derejeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşmagy, mydama parahatçylykly ösüşiň tarapdary bolup çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiliginiň arasyndaky mertebesine-mertebe goşýar. Döwletimiziň syýasatynyň baş maksady hem Zeminiň abatlygynda ýaşaýşyň ebediligini ykrar etmekden ybarat bolup durýar. Islendik meselede Türkmenistan döwletiniň öz sözi we öz orny bar.

Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň döredijilik genisi, taýsyz tagallalary, döwletimizi parasatly dolandyrmagy netijesinde Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýaň salýan uly ösüşlere eýe bolýar, ýurdumyzyň çäginde dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy we ýene-de dowam etdirilýär. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary sepgitleriň gazanylmagy türkmen döwletiniň dünýä mertebesini ýokary galdyrýar. Döwletimiziň asuda we parahat durmuşyň berkarar bolmagyna gönükdirilen syýasaty dünýä meşhurlygyny getirýär. Türkmen döwletinde bolup geçýän oňyn özgerişlikler diňe bir ýurduň içerisine däl, eýsem, daşarysyna-da täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi bilen türkmen ykdysadyýetiniň täsir ediş çägi giňeýär. Türkmen gazy, elektrik energiýasy dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär.

Geçen ýyllarda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň maddy-enjamlaýyn binýady has pugtalandy. Önümçilikleriň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy önümleriň hilini we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdy. Türkmenistan ösüşiň özüni ödän, ata-baba ýörelgelerinden ugur alýan döwletlilik ýörelgesi bilen ynamly öňe gidip, halkymyzy ýaşaýşyň has kämil hem-de eşretli derejelerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza ýolbaşçylyk edip ugran ilkinji günlerinde öz raýatlarynyň gollaryny uzadan ýerine ýetirmegini gazanjakdygy baradaky aýdanlary bu gün hasyl bolýar. Bu bolsa halkymyzyň öz döwletine hem-de onuň milli Liderine bolan çuňňur hormatyny, söýgüsini artdyryp, ertirki gününe bolan ynamyny birkemsiz berkidýär.

Gadymdan gelýän bir hakykat bar. Oňa görä, geçmiş tejribesine hormat goýýan, iň gowy däp-dessurlaryny döredijilikli ösdürip bilýän ýurduň röwşen geljegi bar. Şol tejribä laýyklykda dost bolup gelen myhmana saçagymyz-da açyk, kalbymyz-da; ýaşulularymyza hormat-sylag edilýär, ylym-bilim ýurduň ösüşleriniň esasy daýanjy saýylýar. Iň esasy hem ähli ösüşleriň parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşdyrylmagydyr. Il-ýurdumyzyň ýene bir uly baýlygy agzybirlikdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýazyşy ýaly, türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir.

Döwletimiz we jemgyýetimiz parahatçylykly ösüşleriň zamanasynda hukuk esaslaryny hem kämilleşdirýär, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly ulgama geçmeginiň mysalynda milli demokratiýamyz täze bir belentlige göterildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi, bu bolsa demokratiýanyň has kämil görnüşine geçmegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ýolumyz ýene-de çuňlaşdyrylyp ösdürilýär. Demokratiýanyň has kämil görnüşine öz milli ýoly bilen gelen döwletimiz geljegine uzaýan bagtly ýoluna ýene-de ynamly gadam urýar.

Halkymyz mähriban Arkadagymyzyň döredip beren zamanasynda yhlas bilen zähmet çekip, asuda we bagtly durmuşyň hözirini görýär. Ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny häzirkisinden hem gowulandyrmak üçin milli Liderimiz tarapyndan taýýarlanylýan milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze bir zamananyň gapysyny açdy. Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň mysalynda hem ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerine has aýdyň göz ýetirip bolýar. Diňe welaýatymyz boýunça merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlaryndan ýörite serişdeler ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň, hassahanalaryň we saglyk öýleriniň, medeniýet öýleriniň gurluşygyna gönükdirildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy oba-şäherlerimiziň keşbini bütinleý üýtgetdi, ýaşaýjylaryň hal-ýagdaýlaryny, ýaşaýyş derejelerini has ýokary galdyrdy. Şeýle iri maksatnamalar bir ýa-da iki däl.

Milli ykdysadyýetimiziň islendik pudagynda bolup geçýän özgerişlikler hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda häzirki wagtda geljekki orta möhletde we uzakmöhletleýin döwürde durnukly ösüşiň berk binýadyny döredýän ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde durnukly ösýän ykdysadyýetiň täze keşbi emele geldi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, maliýe ulgamyny pugtalandyrmagyň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp derejeli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry üstünlikli amala aşyrylyp başlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen oba hojalygynda, senagatda bolup geçen uly özgertmeler hem durnukly ösüşiň binýadyny emele getirdi. Bu pudaklarda çalt ösýän önümçiligiň talaplaryny ödeýän dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde döwrebap kärhanalaryň onlarçasy guruldy, bir toparynyň durky täzelenildi. Durky täzelenilen dokma senagaty emele geldi, onuň çig-mal bazasyny üpjün edýän netijeli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu pudaga ýokary netijeli maýa goýumlary hem gönükdirildi.

Welaýatymyzyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda hereket edýän mineral dökünleriň önümçiligi kämilleşdirilýär. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň önümçiliginiň durky täzelenildi, täze sehler peýda boldy. Häzirkizaman tehnologiýalary we enjamlary bilen gurnalýan önümçilik oba hojalygyny zerur bolan mineral dökünler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Pudaga dahylly wezipeler döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk we Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamalarynda hem giň beýanyny tapdy. Soňky ýyllarda tebigy serişdeleri gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli kärhanalary gurmaga hem uly möçberdäki maýa serişdeleri gönükdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda fosfor, kaliý we beýleki dökünleriň, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan himiýa serişdeleriniň önümçiligi giňden ýola goýulýar. Gurlan möhüm desgalar ykdysadyýetiň köptaraplaýyn ösüşlerine badalga berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede ösdürmek baradaky syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijelerini hem welaýatymyzyň durmuşynda buýsanç bilen synlamak bolýar. Döwrebap şäherçeler gurulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzda azyk önümleriniň, şol sanda ilatyň saçagyndaky önümleriň görnüşlerini baýlaşdyrmak ugrunda oýlanyşykly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmaga degişli düýpli işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşine uly täsirini ýetiren çäreleriň biri boldy.

Ýurdumyzyň içerisinde ýaşaýyş-durmuşymyzyň eşretli bolmagyny üpjün edýän desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen halkymyzyň hal-ýagdaýynyň häzirkisindenem has gowulanmagyna düýpli täsirini ýetirjek amatly şertler köpelýär. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýeti hökmünde öňe çykýar. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza bagyşlaýan eşretli zamanasy köptaraplaýyn öwüşginlere beslenýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48748