29.11.2021. Şu gün paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başlamagynyň öň ýanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. Düýn Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.
Bu sylagy Türkmenistanyň wekiline YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir, bu düzümiň ösdürilmegi we berkidilmegi dogry hem-de mynasyp ädimdir, ol täze taglymlary, başlangyçlary, doganlyk halklaryň we döwletleriň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny berkidýär.
YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan türkmen alymy guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň ösmegi, alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Sylaga mynasyp bolan alym öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize ylmy işgärler baradaky ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra maslahatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejedäki duşuşykda kabul edilen esasy çözgütleri teswirlemek bilen, Aşgabat forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady, onuň ähmiýeti YHG ýurtlarynyň bähbitlerinden has daşary çykýar hem-de kabul edilen çözgütleriň gerimi we derejesi babatynda yklymda tutuş geoykdysady ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Ýer togalagynyň bu çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň, halkara ykdysady birleşikleriň, maliýe edaralarynyň ünsüni çekmäge ukyplydyr.
Metbugat maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýa laýyklykda işjeň hem-de mazmunly çäreleri alyp barandygy bellenildi. Guramanyň işine ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda, taslama — maksatnamalaýyn işlerde üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, täze many-mazmun, depgin bermek, ulag, energetika pudaklarynda, onuň elektron we sanly ulgam üpjünçiliginde, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalary hem-de täze tejribäni alyşmakda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde öňde goýuldy. Bularyň ählisi sebit, yklymara hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna düýpli täsirini ýetiren ählumumy pandemiýa bilen baglylykda aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy.
Sammitiň çäklerinde YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda bu guramanyň hem-de onuň düzümleriniň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmäge uly goşant goşmaga ýardam berýän möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy we işewürlik maslahaty guraldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgütleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu guramany sebitiň okgunly we netijeli ykdysady düzümine öwürmek maksady bilen, özara gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, möhüm ugurlarda, has anygy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligi, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işleri boýunça «YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň» netijeli amala aşyrylmagyna ýardam etmäge umumy taýýarlyk tassyklanyldy. Duşuşykda YHG ýurtlarynyň, beýleki döwletleriň, iri halkara guramalaryň hem-de ykdysady birleşikleriň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk teklipler beýan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigine üns çekildi. Munuň özi BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen yzygiderli we toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda ilkinji, emma örän möhüm ädimdir.
Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde önümçilik işleriniň oňaýsyz täsirlerini peseltmek maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa energetika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Bu ugurda işler güýçlendiriler hem-de ekologiýa ulgamyna degişli halkara resminamalar nazara alnar. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Arassa energetika merkezini döretmek baradaky başlangyç goldanyldy.
YHG ýurtlarynyň COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitiň ykdysadyýeti üçin pandemiýanyň ýetiren täsirlerini, hususan-da, öňüni alyş hem-de sanjym ulgamynda maglumatlary alyşmak ýoly bilen ýeňip geçmek kabul edilen möhüm çözgütleriň hatarynda görkezildi.
Sammite gatnaşyjylar YHG giňişliginde ulag hem-de kommunikasiýa düzümlerini ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek barada ylalaşdylar.
YHG sebitiniň baý energetika serişdelerini has netijeli peýdalanmak, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady goşulyşmagy barada çözgüt kabul edildi, guramanyň bu ulgamlarda goňşy sebitler bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň usullary we gurallary kesgitlenildi.
Sebitiçi söwdanyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak hem-de bu sebitiň YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek arkaly ählumumy söwda ulgamyna goşant goşmagy barada çözgüt kabul edildi. Şu maksat bilen degişli edaralara tehniki we iş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak işlerini tizleşdirmek hem-de agza döwletleriň arasynda YHG-nyň Erkin söwda zolagynyň döredilmegine gönükdirilen gepleşiklere girişmek tabşyryldy.
Mundan başga-da, sammitde YHG-nyň maliýe-bank toplumynyň kadaly hereket etmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidentiniň YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek boýunça teklibi ähmiýetli başlangyç hökmünde bellenildi.
Şeýle hem ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, durmuş meselelerini çözmegiň möhüm şerti hökmünde kiçi we orta kärhanalary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Senagat taýdan goşulyşmak meselelerine garamagyň dowamynda ministrliklere hem-de YHG döwletleriniň wezipeli wekillerine «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamaga girişmek tabşyryldy, ol biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň özara üstüni dolmagy hem-de önümçilik kuwwatlyklary esasynda anyk çäreleri we taslamalary öz içine almalydyr.
YHG-nyň geljekki işlerinde tehnologik hyzmatdaşlyga, sanly ülňüleriň ornaşdyrylmagyna, emeli aňa, telekommunikasiýalara, programmalaýyn önümleri işläp taýýarlamak üçin tehnoparklaryň gurulmagyna aýratyn üns berler.
Çykyşyň dowamynda azyk howpsuzlygyna, neşe söwdasyna, halkara guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, kiberjenaýatçylyga garşy bilelikdäki göreş ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda möhüm çözgütleriň we ylalaşyklaryň kabul edilendigine üns çekildi.
YHG-nyň ynsanperwer ugry, medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlary boýunça gatnaşyklarynyň gün tertibi yzygiderli giňeldiler we baýlaşdyrylar.
Ýokarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlary tarapyndan ulag we energetika ulgamlaryna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň umumy mejlisinde eden çykyşynda bu hyzmatdaşlygy ählumumy ykdysady ösüşiň kesgitleýji meýilleri hökmünde anyk häsiýetlendirdi. Hususan-da, ýurdumyzyň hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasyny amala aşyrmak hakyndaky başlangyjy öňe sürendigi barada aýdyldy.
Şeýle hem bu ugurda Täjigistanyň Prezidentiniň çykyşynda «CASA-1000» (Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa — 1000) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň taslamasy barada beýan edilen teklibiň möhümdigi bellenildi.
«Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe geçelgelerini döretmegiň möhüm ähmiýetini belländigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny YHG-nyň bähbitlerine peýdalanmak baradaky teklibiniň möhümdigi bellenildi.
Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarlaryndaky portlaryny doly derejede peýdalanmak, şeýlelikde, bu deňziň üsti bilen Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda gatnawlaryň bitewi hem-de özara üstüni dolýan düzümlerini kemala getirmek boýunça meselä bu başlangyjyň dowamy hökmünde garalýar. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde yklymara ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy giňişligini baglanyşdyryjy hökmünde Ykdysady Hyzmatlaşlyk Guramasynyň orny barha artar hem-de uzak möhletli geljek üçin mümkinçiliklere eýe bolar. Şeýle hem Özbegistan — Owganystan — Pakistan demir ýolunyň taslamasynyň, Yslamabat — Tähran — Stambul (YTS) awtoulag geçelgesiniň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.
Sammitiň jemleriniň degişli resminamada — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda has anyk beýan edilendigi bellenildi.
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri çykyşynyň ahyrynda Aşgabat sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň we çözgütleriň hyzmatdaşlyga kuwwatly täzeçil itergi, yzygiderlilik hem-de anyklyk berjekdigine, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy giňişliginde, şeýle hem sebitara we yklym işlerinde tiz goşulyşmak üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Maslahatyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiň YHG-nyň gününde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Munuň özi bu sammitiň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Husraw Noziri çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we onuň örän üstünlikli geçirilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň çykyşlarynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar sammitde halkara derejede möhüm çözgütleriň we jemleýji resminamalaryň kabul edilendigini, olarda YHG giňişliginde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň, halklaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň kesgitlenendigini belledi.
Soňra çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we YHG-nyň sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Munuň özi Türkmenistanyň iri halkara forumlary geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny aýan edýär.
Azerbaýjanda doganlyk halkyň gazananlaryna, ýurduň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesine tüýs ýürekden guwanýarlar. Biz foruma gatnaşmak bilen, türkmen paýtagtynyň gözelliklerini synlamaga hem mümkinçilik aldyk. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşip, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Biz bu ulgamda bar bolan giň mümkinçilikleri sebitiň ýurtlarynyň bähbitlerine peýdalanýandygyny goldaýarys diýip, dostlukly ýurduň wekili aýtdy.
Türkmenistanda netijeli işlemek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertler döredilipdir diýip, diplomat şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigini belläp, onuň dowamynda kabul edilen çözgütleriň YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Diplomatik wekilhanalaryň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi.
Ilçi şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ygtybarly hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Hususan-da, senagat, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamda we syýahatçylyk ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Diplomat YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, onda kabul edilen çözgütleriň, öňe sürlen başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine söz berildi. Ol umumy taryh, däp-dessurlar we medeni ýörelgeler bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygy aýdyldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, bu babatda üstaşyr ulag geçelgelerine möhüm orun degişli bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem wajyp bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, diplomat sammitde ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ulag, energetika ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi we hyzmatdaşlygyň elektron hem-de sanly ulgam bilen üpjünçiligi, tehnologiýa, tejribe alyşmak meselelerine möhüm ähmiýet berlendigini aýtdy. Şunda ekologiýa ugry aýratyn möhümdir.
Maslahatda Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, YHG-nyň sammitinde häzirki döwürde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek, döwrüň wehimlerine garşy bilelikde göreşmek meselelerine garalandygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belledi.
YHG sebiti ýurtlarynyň ägirt uly energetika serişdelerini we ulag-logistika ulgamyny, olaryň ykdysady taýdan goşulyşmagyny netijeli peýdalanmak baradaky meselä degip geçmek bilen, diplomat bu ugurlarda goňşy sebitler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Aýratyn-da, yklymara giňişlikde ykdysady, söwda we maýa goýum ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Uzak möhletleýin meýilnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde YHG-a möhüm orun degişlidir diýip, ilçi belledi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçiniň belleýşi ýaly, taryhy ähmiýeti bolan bu sammitde kabul edilen çözgütler we öňe sürlen başlangyçlar gurama agza ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine, halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň berkarar edilmeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalara möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Ilçi çykyşynyň dowamynda sammitiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respubilkasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýratyn belläp, işlemek üçin döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, hormatly Prezidentimize YHG-nyň nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň üstünlikli geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Diplomat YHG-a agza ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň we baý tebigy serişdeleriniň bardygyny belläp, bularyň ählisiniň netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri emele getirýändigini nygtady.
Häzirki wagtda Täjigistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. YHG-nyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň abadançylygyny üpjün eder, bellenilen maksatlara ýetmäge mümkinçilik berer diýip, ilçi sözüni jemledi.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi YHG-nyň sammitiniň öň ýanynda türk Liderine ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, munuň özi ýurduň dünýä derejesinde abraýynyň artmagyna ýardam berýär.
Diplomatyň aýdyşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde hem-de häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde YHG-a agza döwletleriň bilelikdäki tagallalary möhüm ähmiýete eýedir.
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de YHG-nyň 15-nji sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady.
Bu gurama agza döwletleriň häzirki döwrüň wehimlerine, hususan-da, täze koronawirus ýokanjyna, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde tagallalarynyň birleşdirilmegi has netijeli häsiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde uzak ýyllaryň dowamynda toplanan tejribäni alyşmak, dürli ugurlarda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem täzeçil usullary, sanly ulgamy doly peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda durmuş ulgamynyň ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.
Ilçi sözüniň ahyrynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen Liderine hoşallyk sözlerini aýtdy.
Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen hemmeleri gutlady.
Ilçiniň belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň sebit boýunça goňşusy hem-de işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşy bolup durýar. Diplomat Türkmenistanda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, iki döwletiň arasynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça sazlaşykly guralyň hereket edýändigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça geçelgeleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ägirt uly üns berýändigi bellenildi, munuň özi Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iri forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Ilçiniň belleýşi ýaly, ABŞ-da Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde ýurtlaryň arasynda onlaýn tertipdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.
Ilçi netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyş edip, YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçmegi we Türkmenistanyň bu guramada başlyk etmegi bilen gutlady.
Sammitde kabul edilen çözgütler we onuň jemleýji resminamasy Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we parahatçylygyň berkidilmegine ýardam eder. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assamblýeasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, munuň özi sebitiň ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna utgaşmagyny, özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün eder. Sebitiň ýurtlarynyň taryhy, medeni we däp-dessurlar babatdaky umumylyklary ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we energetika taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertini emele getirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko YHG-nyň sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, onuň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bu ugurda diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Olaryň tagallasy bilen ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar hem-de öňe sürülýän başlangyçlar abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.
Çykyşda YHG-nyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu sebit ykdysady düzümi söwda, ulag-kommunikasiýa, energetika, syýahatçylyk, durmuş ulgamy, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işi ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam bermelidir, munuň özi döwrüň talaby bolup durýar.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor hormatly Prezidentimizi YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli gutlap, häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, geljegi uly bolan taslamalaryň amala aşyrylmagyny, oňa YHG-a agza ýurtlaryň degişli düzümleriniň gatnaşmagyny şertlendirýär diýip belledi.
Sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, pandemiýa garşy göreş, onuň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da, öňüni alyş we waksinasiýa ugurlarynda maglumat alyşmak arkaly göreşmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bularyň ählisi bu gurama agza döwletleriň häzirki zamanyň wehimlerine bilelikde garşy durmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edýär.
Maslahata gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm sepgide öwrülendigini nygtadylar. Sammitiň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň kabul edilmegi YHG-a agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berer. Bu forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
www.tdh.gov.tm.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48689?type=feed