Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary syýasatda öz milli bähbitleri bilen bir hatarda sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Çünki abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk eziz Diýarymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak baky Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde parahatçylygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty uly goldawa eýe bolup, ýurdumyza dünýä döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýär. Eziz Watanymyzyň ýokary guramadaky bu derejesi YHG-nyň ösüşinde ygtybarly güýç we rowaçlyk döredýär. Şeýle hem sebitiň halklarynyň abadançylygynyň, ýaşaýyş şertleriniň ösüşini kepillendirmek maksady bilen sammite gatnaşyjy döwletleriň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak esasyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk has-da ösdürmäge, berkitmäge ýardam bermäge esaslanýar. Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, hemişe oňa jogapkärli çemeleşýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan ugur alyp, şeýle hem guramanyň şu ýylky çäreler senenamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda 50-ä golaý dürli derejeli duşuşyklar we çäreler geçirildi.
Ynha, 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde mermer paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Ýokary derejeli forumda ýurdumyzyň abraýly sebitleýin gurama başlyklygynyň jemleýji wakasy hökmünde giň gerimli meseleler boýunça pikir alyşmak üçin uly mümkinçilik boldy. Şeýle hem sammitde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça ençeme çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz ynanyşmak arkaly parahatçylykly hyzmatdaşlyga hemişe uly ähmiýet berip: «Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary, dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar» diýip belleýär. Mermer paýtagtymyzda üstünlikli geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti dostlugy, birek-birege ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitdi. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň geljekde bilelikde ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan döwletli başlangyçlaryň ugurlaryny kesgitlemäge uly mümkinçilik berdi. Eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde şeýle uly we ähmiýetli sammitiň geçirilmegi bizi diýseň buýsandyrdy we has-da yhlasly işlemäge höwes döretdi. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri üçin uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhammetberdi GURBANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.