Новости
Durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik maksatnamasy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şunda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň ýurdumyzda kemala gelen we özgerýän milli nusgasynyň baş maksadynyň hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine, peýdaly bäsdeşlige şert döretmekden, innowasion esasda we tebigy serişdeleri aýamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup durýandygy bellenilýär. Maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň bütin mazmuny şu baş maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň, hojalyk meseleleriniň durmuş we ekologik meseleler bilen utgaşykly çözülmeginiň zerurlygy ykdysady ulgamyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde hem möhüm wezipeleri öňde goýýar. Ol wezipeler täze strategik maksatnamada jikme-jik beýan edilýär. Bu wezipelerden gelip çykýan möhüm ykdysady çäreleriň hataryna, ozaly bilen, şular degişli bolup durýar:  

                                                                   

 — ozaldan işläp gelýän senagat kärhanalarynyň durkuny täzeläp, olary doly önümçilik kuwwatyna çykarmak; 

                                                                   

— harytlaryň we hyzmatlaryň ýerleşdirilişini artdyrmak üçin ýurduň içerki bazarynyň sygymyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek; 

                                                                   

 — eýeçiligi hususylaşdyrmagyň barşynda durmuş-ykdysady durnuklylygyň kepili hökmünde orta synpyň emele gelmegini gazanmak; 

                                                                   

 — zähmetiň kadalaşdyrylyşyny we hakynyň tarifleşdirilişini kämilleşdirmek işini çaltlandyrmak; 

                                                                   

 — ýurduň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini önümçiligi rejeli ýerleşdirmek arkaly dowam etdirmek; 

                                                                   

— milli ykdysadyýetiň dolandyrylyşyny onuň durmuşa gönükdirilen bazar nusgasyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak üçin durmuş-ykdysady ösüşi seljermegiň we çaklamagyň usulyny kämilleşdirmek.  

                                                                   

Şonuň ýaly-da, orta möhletli geljekde ýerden we suwaryş suwundan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylykda suwaryşyň suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak we ony ykdysady taýdan höweslendirmek, keseligine we dikligine önümçilik bileleşmesini ösdürmek üçin oba hojalyk kärhanalaryny we daýhan hojalyklaryny institusional taýdan pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hususy kärhanalaryň indikatiw meýilnamalaşdyryş esasynda çekilmegini guramaçylykly ýola goýmagyň kämil mehanizmini döretmek, ykdysadyýetiň institusional düzümini ösen bazar gatnaşyklaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanýan iri fiziki taraplaryň kärhanalara öwrülmegini ýola goýmak, ykdysady maksadalaýyklyga görä, milli ykdysadyýetiň düzüm emele getiriji pudaklaryndan başga pudaklarynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň, şol sanda hususy kärhanalaryň hem döredilmegini giňeltmek, ýurtdaky haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin ykdysady monopolizmi düzgünleşdiriş çärelerini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly ugurlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ylmyň aýry-aýry ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen düýpli we amaly ylmy-barlag işleriniň guralyşyny utgaşdyrmak babatdaky işler hem bellenendir. Olaryň hatarynda, hususan-da, şu çäreleri aýratyn bellemek mümkin: 

                                                                   

— ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak; 

                                                                   

— milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, edara-kärhanalarynyň serişdelerini ýurdumyzy ylmy-innowasion esasda sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak işine gönükdirmäge gatnaşmak; 

                                                                   

— Türkmenistanyň geologiýa-tektoniki şertleri üçin seýsmiki howpa hem-de seýsmiki töwekgelçilige baha bermegiň täze usullaryny işläp taýýarlamak; 

                                                                   

— türkmen halkynyň taryhy, medeni we edebi mirasynyň öwrenilmegini dowam etdirmek hem-de ony häzirki we geljekki nesillere has giňişleýin elýeterli etmek. 

                                                                   

Milli ylym ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, ylmy-guramaçylyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şonda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşykly ösmegine ýardam bermek, akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw mekdeplerindäki ylmy barlaglaryň häzirki zaman bitewi usulyýet binýadyny kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek üçin ylmyň aýry-aýry iri ugurlary boýunça ylmy temalary ýerine ýetirijileriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň gatnaşmagynda ylmy-usulyýet okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hemişelik esasda ýola goýulmagy, şonuň ýaly-da dünýä ylmynyň ösüş meýillerini hem-de milli ylmyň öňünde durýan özboluşly aýratynlyklary nazara almak bilen, tejribeli alymlar tarapyndan ylmyň pudaklary boýunça ylmy-usulyýet gollanmalarynyň taýýarlanmagy hem-de neşir edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.  

                                                                   

Durmuş-ykdysady ösüşiň derwaýys meselelerini öwrenýän ykdysadyýet ylmy barada aýdylanda, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady çaklaýşyň orny ýokarlanýar. Mälim bolşy ýaly, çaklaýyş durmuş-ykdysady ösüşi meýilnamalaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ylmy çaklaýşyň we strategik meýilnamalaşdyryşyň özara baglanyşygy durmuş-ykdysady ösüşiň geljegi boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan hasaplamalary çözgüt kabul ediji edaralaryň hajatlaryna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär. Şunda ýurduň ykdysady ulgamyny dolandyrýan döwlet edaralarynyň hem-de ykdysady ylmyň wekilleriniň tagallalarynyň birikdirilmegi täze döwrüň talaby bolup durýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin kabul edilen Milli maksatnamasy ýurduň şu döwürde durnukly ösmeginiň ýoluny kesgitledi. Bellenen çäreler agzybir türkmen jemgyýetiniň tagallalaryny aýdyň maksatlarda birleşdirýär. 

                                                                                                           

Araznury ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady ylymlar bölüminiň müdiri, ykdysady ylymlaryň doktory.

01.04.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 31-nji mart (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li wa­jyp me­se­le­lere we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bin­ýat­lyk pu­dak­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. G.Mäm­me­do­wa Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň we­ki­li­ýe­ti­niň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Al­ma­ty şä­he­ri­ne bo­lan gul­luk iş sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. 

                                                                   

Şu ýy­lyň 28-29-njy mar­tyn­da ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Al­ma­ty şä­he­rin­de gul­luk iş sa­pa­ryn­da bo­lup, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly mej­li­se hem-de bu şan­ly wa­ka ga­bat­la­nyp gu­ra­lan dür­li çä­re­le­re we du­şu­şyk­la­ra gat­naş­dy. 

                                                                   

Da­ba­ra­ly mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, As­samb­le­ýa­nyň şu ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çy­kyş­lar bol­dy. GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko As­samb­le­ýa­nyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­ny be­ýan et­di. 

                                                                   

Al­ma­ty şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy bi­len bo­lan du­şu­şygyn­da iki ýur­duň ara­syn­da däbe öwrülen dost­luk we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lan par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dyr­mak­da we bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny ber­kit­mek­de hem-de onuň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek­de par­la­men­ta­ri­le­riň go­şan­dy­nyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ul­ga­myn­da tej­ri­be al­şyl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň de­mok­ra­tik, hu­kuk döw­le­ti hök­mün­de ösüş ýo­lun­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si we hä­zir­ki dö­wür­de ýe­ten de­re­je­si bi­len ta­nyş­dyr­ýan par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mu­ham­me­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry hem-de we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri bo­ýun­ça döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki des­ga­la­ry bäs­le­şik­li söw­da hem-de gaz­na bir­ža­sy ar­ka­ly hu­su­sy­laş­dyr­mak, or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de döw­let em­lä­gi­ni do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de döw­le­tiň ga­ra­ma­gyn­dan aýyr­mak hem-de hu­su­sy­laş­dyr­mak üçin kär­ha­na­lar we des­ga­lar bo­ýun­ça sel­jer­me­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, bir­nä­çe des­ga­ny bäs­le­şik­li söw­da ar­ka­ly hu­su­sy­laş­dyr­mak tek­lip edil­ýär. Bu tek­lip­le­re Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Pu­da­ga­ra mer­ke­zi to­pa­ryň mej­lis­le­rin­de bel­le­nen ter­tip­de se­re­dil­di hem-de bir­nä­çe des­ga­ny bäs­le­şik­li söw­da ar­ka­ly hu­su­sy­laş­dyr­mak, döw­let eda­ra­sy­na de­giş­li paý­na­ma­ny bol­sa gaz­na bir­ža­sy­nyň üs­ti bi­len ýer­le­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, tap­gyr­la­ýyn esas­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­mek, ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak we des­ga­la­ry hu­su­sy­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri­niň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­ler­di­gi­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, bu ugur­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin mun­dan beý­läk-de top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki des­ga­la­ry hu­su­sy­laş­dyr­mak we paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ne öwür­mek bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi ýo­la goý­ma­gyň ze­rur­dy­gy aý­dyl­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy­na da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy ýag­da­ýyň hem-de de­giş­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­la­r üçin özü­ne çe­ki­ji­li­gi­niň art­ýan­dy­gy­nyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­di­gi nyg­tal­dy. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­ýil­na­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Çy­kyş­lar Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­mek, türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň ibe­ril­me­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak hem-de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra çy­kar­ma­gyň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­ma­gyň tas­la­ma­sy ýa­ly me­se­le­le­re ba­gyş­lan­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ös­dür­mek üçin ýur­du­myz­da giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny, pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz te­bi­gy se­riş­de­le­ri öz­leş­dir­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ola­ry re­je­li ulan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da ala­da et­mek, se­bit hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­de ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da gö­rel­de gör­kez­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni köp möç­ber­de iber­ýän döw­let hök­mün­de dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny ber­kid­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­na da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny iş­jeň çek­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li we ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ga­ra­ma­gy­na Döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, hä­kim­lik­le­re hem-de ola­ryň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­la­ra gur­lu­şyk hem-de önüm­çi­lik mak­sat­la­ry üçin je­mi 10 müň 545,22 gek­tar ýer bö­lek­le­ri­ni he­mi­şe­lik we wagt­la­ýyn peý­da­lan­ma­ga ber­mek bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan tek­lip­ler hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şin­de oba­se­na­gat top­lu­my­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de oba ho­ja­ly­gy­na gol­daw ber­me­giň ugur­la­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň we gi­ňelt­me­giň, eke­ran­çy­ly­gy, mal­dar­çy­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň hem-de bu ugur­da iş alyp bar­ýan te­le­ke­çi­le­re gol­daw ber­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Umu­man, bu iş­ler azyk howp­suz­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ni, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­ly­gyn­da­ky öz­gert­me­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­giň, ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň tä­ze, ne­ti­je­li usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, hö­dür­le­nen tek­lip­le­ri ma­kul­la­dy hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri top­lum­la­ýyn esas­da do­wam et­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow ýur­du­my­zyň çä­gin­de gur­lu­şyk önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eks­por­ta ni­ýet­le­nen we im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri çalt dep­gin­ler­de ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Ila­ty, aý­ra­tyn-da, ýur­du­my­zyň alys­da­ky se­bit­le­rin­de ýa­şa­ýan adam­la­ry iş bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek, je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, döw­let-hu­su­sy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le­lik­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dep­gin­li ös­dür­mek bo­ýun­ça Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Köý­ten­dag et­ra­byn­da ýyl­lyk kuw­wat­ly­ly­gy 50 müň ton­na kal­siý ön­dür­ýän önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi hö­dür­le­di. Bu önüm­çi­lik ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­ny ýer­li te­bi­gy se­riş­de­ler­den ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­mä­ge hem-de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam eder. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan­da ýur­du­my­zyň sarp edi­ji­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len do­ly möç­ber­de üp­jün et­mä­ge ukyp­ly, kuw­wat­ly gur­lu­şyk se­na­ga­ty­ny dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow pu­da­gyň kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­gyň hem-de ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.  

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jo­w ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 12-13-nji ap­rel­de ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şol ser­gi­de TSTB-niň dür­li ul­gam­lar­da iş­le­ýän ag­za­la­ry­nyň 200-den gow­ra­gy ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­ke­zer. 

                                                                   

Ser­gi bi­len ugur­daş­lyk­da ge­çi­ril­jek mas­la­hat­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri we tä­ze we­zi­pe­le­ri, hu­su­san-da, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly ul­gam­la­ry or­naş­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da hu­su­sy ul­ga­my ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na bir­leş­mä­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň iş me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň işe­wür­li­gi­niň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň onuň önüm­çi­lik se­riş­de­le­ri­ni art­dyr­ma­gyň, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz döw­le­te da­hyl­syz ul­ga­myň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek­de, ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak­da we gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek­de, Türk­me­nis­tan­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de hem-de ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne, türk­men işe­wür­li­gi­niň ma­ýa go­ýum kuw­wa­ty­na dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň ün­sü­ni çek­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. No­bat­da­ky göz­den ge­çi­ri­liş ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny dün­ýä ba­zar­la­ryn­da iler­let­mä­ge, ýur­du­my­zyň işe­wür­li­gin­de ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam ed­ýän top­lum­la­ýyn çä­rä öw­rül­me­li­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow te­le­ke­çi­le­riň işi­ni gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len ýag­da­ýyn­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­me­gi­ni üp­jün et­mekde we onuň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­ginde oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ni aý­dyp, çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny ma­kul­la­dy hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ser­gi­sini­dir mas­la­ha­ty­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa ap­rel aýyn­da mil­li baý­ram­çy­lyk­la­ra we şan­ly se­ne­le­re ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek me­de­ni çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri, şeý­le hem me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

2022-nji ýy­lyň “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li dür­li mas­la­hat­lar, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, şol san­da on­laýn çä­re­le­r hem-de de­giş­li wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ri­ler. 

                                                                   

 Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da bir­nä­çe sport we me­de­ni çä­re­le­re giň ge­rim ber­ler. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň folk­lor to­par­la­ry­nyň ara­syn­da “Ber­ka­rar Wa­ta­nyň folk­lor sun­ga­ty” at­ly bäs­le­şi­gi ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. 

                                                                   

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri gu­ra­lar. Me­de­ni çä­re­ler bir­nä­çe des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na hem ga­bat­la­ny­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin da­ba­ra­lar­da we hal­ka­ra çä­re­ler­de mil­li sun­ga­ty­my­zyň kö­pö­wüş­gin­li­li­gi­niň, türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dy­gy­ny, ola­ryň giň­den wa­gyz edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz toý-da­ba­ra­la­ryň Di­ýa­ry­my­zyň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny açyp gör­kez­me­li­di­gi­ne, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne, mil­li mi­ra­sy­my­zyň we hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan öz­bo­luş­ly kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny­nyň be­ýan edil­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de, oba­la­ryn­da mil­li des­sur­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da hal­ky­my­zy tä­ze ýe­ňiş­le­re, be­ýik üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýan köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň yzy­gi­der­li ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de gu­ral­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len, 3-nji iýu­nyň «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem-de şu ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji plenar mej­li­sin­de “Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň spor­ty we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne hal­ka­ra bi­le­le­şik ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň we olaryň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

“We­lo­si­ped” bi­na­syn­dan ba­dal­ga al­jak köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ge­ç­jek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça sun­gat us­sat­la­ry­nyň, aý­dym-saz we tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry gu­ra­lar. 

                                                                   

Şu se­ne my­na­sy­bet­li Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin ýö­ri­şi gu­ra­mak hem-de “Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym” diýen şy­gar as­tyn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­ni, ýa­ryş­la­rydyr gör­kez­me çy­kyş­la­ry ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek hem-de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da sag­ly­gy pug­ta­lan­dyr­maga we ru­hu­be­lent­li­ge ýar­dam ed­ýän we­lo­si­ped spor­tu­ny giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

We­lo­si­ped spor­ty eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we gy­zyk­ly bol­mak bi­len, tu­tuş dün­ýä­de, aý­ra­tyn hem, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýan ýur­du­myz­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz adam ha­kyn­da­ky ala­da­ny ile­ri tu­tul­ýan ugur hök­mün­de kes­git­län dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de giň meş­hur­ly­ga eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da mun­dan beý­läk-de giň ge­rim­li iş­le­ri ge­çi­rip, me­ýil­leş­di­ri­len äh­li çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­den, beý­le­ki go­şun­la­ryn­dan we har­by eda­ra­la­ryn­dan har­by gul­luk­dan bo­şat­mak hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2022-nji ýy­lyň 24-nji mar­tyn­da çy­ka­ran Per­ma­ny­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu res­mi­na­ma­da bel­le­ni­len äh­li iş­le­ri anyk we öz möh­le­tin­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li dü­züm­ler ta­ra­pyn­dan ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan we go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň bu ug­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Har­by dü­züm­le­riň äh­li me­ýil­na­ma­la­ry bel­le­ni­len wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na üns be­ril­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­den, beý­le­ki go­şun­la­ryn­dan we har­by eda­ra­la­ryn­dan har­by gul­luk­dan bo­şat­mak me­se­le­le­ri ba­ra­da aý­dyp, ola­ry öý­le­ri­ne ug­rat­mak bo­ýun­ça da­ba­ra­ly çä­re­le­riň gu­ral­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da sö­weş­jeň we jem­gy­ýet­çi­lik-yn­san­per­wer­lik taý­ýar­lyk iş­le­rin­de has ta­pa­wut­la­nan har­by gul­luk­çy­la­ry hö­wes­len­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýe­re, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na go­şun dü­züm­le­rin­de we har­by bö­lüm­ler­de berk ter­tip-düz­gü­niň sak­lan­ma­gy­na, wa­tan­sö­ýü­ji­lik çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­ne, gul­lu­ga ça­gy­ry­lan ýaş es­ger­le­riň şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­sö­ýü­ji­lik däp­le­ri­ne söý­gü­si­niň artdyryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­gi tab­şyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gul­lu­ga ça­gyr­ma­gyň ýaz­ky möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek mö­hüm ta­lap hök­mün­de kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew “Ulag, üs­ta­şyr ge­çir­mek we lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça türk­men-azer­baý­jan bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­nyň türk­men bö­le­gi­ni dö­ret­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da 2018-nji ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da gol çe­ki­len de­giş­li to­pa­ry dö­ret­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şy­gy dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de, bu to­pa­ryň türk­men bö­le­gi­niň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da tek­lip taý­ýar­la­nyl­dy. Bu res­mi­na­ma döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Dür­li de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň hem-de gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar we öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň gel­jek­ki me­ýil­na­ma­la­ry iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na ýar­dam be­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ra, şol san­da Ulag, üs­ta­şyr geçirmek we lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki döw­le­tiň işe­wür dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýurt­la­ry­my­zy bag­la­nyş­dyr­ýan ulag ge­çel­ge­le­ri­niň stra­te­gik äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny, ola­ryň giň möç­ber­li bi­le­lik­dä­ki dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da aý­ra­tyn mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow üs­ta­şyr gat­naw­la­ry art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, res­mi­na­ma gol çek­di we ony san­ly ul­gam ar­ka­ly agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na ibe­rip, bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra agent­li­giň Baş di­rek­to­ry Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri üçin 300 maş­ga­la ni­ýet­le­nen, ýo­ka­ry amat­ly­ly­gy bo­lan dört gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 5-si­niň gur­lu­şy­gy­nyň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň jem­le­ri sel­je­ri­lip, “Ynam­ly hyz­mat­daş­lar” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň tek­li­bi­niň se­çi­lip al­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, soň­ky ýyl­lar­da, tu­tuş ýur­du­myz­da bol­şy ýa­ly, gün­ba­tar se­bit­de halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny se­na­gat­laş­dyr­mak, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag ul­ga­my­ny saz­la­şyk­ly ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly düýp­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we oba­la­ryn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­ma­gyň, ila­tyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan stra­te­gi­ýa­nyň baş mak­sa­dy­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gur­lu­şyk iş­le­ri­niň hi­li­ne hem-de in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi­ne, bi­na­la­ryň daş­ky we iç­ki be­zeg­le­ri­ne hem-de ola­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­na mö­hüm üns be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­tap, bu ba­bat­da agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra mej­li­se ça­gy­ry­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň Döw­let pro­to­ko­ly we hal­ka­ra gat­na­şyk­lar bö­lü­mi­niň mü­di­ri S.Mu­ham­met­dur­dy­ýe­we söz be­ril­di. Ol ap­rel aýy­nyň ba­şyn­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­za bol­jak döw­let sa­pa­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-hin­di gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi üçin yg­ty­bar­ly esa­sy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň ga­ra­ma­gy­na öz içi­ne me­de­ni çä­re­le­ri hem al­ýan sa­pa­ryň mak­sat­na­ma­sy hö­dür­le­nil­di. Mak­sat­na­ma­da göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­ler be­lent mer­te­be­li myh­ma­na hem-de onuň ýa­nyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry­na türk­men paý­tag­ty­nyň aja­ýyp ýer­le­ri, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň baý mil­li mi­ra­sy bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­niň Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry, şol san­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len bag­ly­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de me­ýil­leş­di­ri­len du­şu­şy­gyň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu du­şu­şyk kö­pa­syr­lyk dost­lu­gyň berk bin­ýa­dy­na hem-de ta­ry­hy kök­le­re esas­lan­ýan türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­nyň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, yk­dy­sa­dy ul­gam­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek, söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. 

                                                                   

Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­my bi­len bir ha­tar­da se­na­gat, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin giň müm­kin­çi­lik­ler bar. 

                                                                   

Ga­dym­dan bä­ri türk­men we hin­di halk­la­ry­ny bag­la­nyş­dyr­ýan hem-de hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy köp­ta­rap­ly gör­nüş­de, ab­raý­ly se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aý­dy­lan­la­ry jem­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­za bol­jak döw­let sa­pa­ry­na ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň do­wa­myn­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lygyny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­likleri ar­zuw et­di.

01.04.2022
Ykdysadyýet: iş bilen üpjünçilik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Halkymyzyň esasy böleginiň, has hem çet-gyradaky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdireris» diýip belleýär. Bu jümle «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ilatyň iş bilen üpjünçilik we adam kapitaly meseleleri boýunça-da birnäçe wezipeler kesgitlenen. 

                                                                   

Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik syýasat döwletiň ykdysady ösüşinde belent sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurtda raýatlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek babatda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütler netijeli zähmet bazaryny guramakda, pudakda täze ugurlaryň ýüze çykarylmagynda edilýän tagallalardan nyşandyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän işleri degişli kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginde hem görmek bolýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny», «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» görkezip bileris. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde, ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijisi bolan jemi içerki önümiň ösüşine oňyn täsir etmek bilen, işsizligiň pes derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Ykdysady nazaryýetde islendik döwletde iş bilen üpjünçilik meselesi gozgalanda, işsizlik bilen bagly gürrüňlere-de ýüzlenmeli bolýar. Olar özara aýrylmaz baglanyşykly bolup, ýurduň ykdysady ösüşini düzýän esasy makroykdysady görkezijiler hökmünde çykyş edýär. Bu meseleler, ähli döwürde bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde-de ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan, makroykdysady meseleleriň hatarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we işsizligi aradan aýyrmak boýunça döwlet tarapyndan täze gurallaryň ulanylmagy we çäreler toplumynyň işlenip düzülmegi zerurlyk hökmünde ýüze çykýar.  

                                                                   

Işsizligi aradan aýyrmak meseleleriniň hatarynda, eýeçiligine garamazdan, hereket edýän ähli edara-kärhanalar tarapyndan hünärine degişlilikde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary gyzyklanýan taraplara yzygiderli geçirmegiň kämilleşdirilmegi, ýagny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli müdirliklerine habar bermegi ýa-da gündelik neşirlerde hünärmen ýa-da işgär zerurlygy boýunça bildirişleriň yzygiderli çap edilmegi; işgär düzümini degişli edara-kärhanasy tarapyndan hünäre ugrukdyrmak we gaýtadan taýýarlamak üçin okuw merkezlerini, ýörite gulluklary döretmek boýunça işleri amala aşyrmak hem-de häzirki wagtda ýokary depginde alnyp barylýan hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak ýaly umumy çäreler toplumyny görkezmek bolar.  

                                                                   

Iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagy, işsizlik meselesiniň aradan aýrylmagy halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesini we alýan girdejilerini ýokarlandyrýar, şeýle-de ýerli kärhanalaryň önümçilik möçberiniň, şol bir wagtda ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna şert döredýär. Döwletimizde bu ugurda alnyp barylýan düýpli durmuş özgertmeleriniň hatarynda raýatlary durmuş taýdan goramak, ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, medeni-durmuş ulgamyny netijeli ösdürmek, ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak bilen birlikde, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler toplumyny mysal getirip bileris. 

                                                                   

Ilatyň girdejilerini artdyrmak ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmek wezipesinden ugur alnyp, her ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy hem-de dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň 6,2 göterimde saklanyp galmagy ýurdumyzda durmuş meseleleriniň has netijeli çözülmegine ýardam berýär.  

                                                                   

Işçi güýjüniň, ýagny iş bilen meşgullanýanlaryň esasy toparynyň hususy pudakda zähmet çekmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. 2025-nji ýyla çenli makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýyny 73,2 göterime ýetirmegiň esasy wezipe hökmünde kesgitlenmegi bolsa iş bilen üpjünçilik meselesinde, umuman, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda döwlete dahylsyz bölegiň tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

01.04.2022
Forumyň baş maksady — ählumumy energetika howpsuzlygy

29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

 Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. 

 Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluхys», «Gaffney Сline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. 

                                                                   

30-njy martda — forumyň ikinji güni «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» ýaly degişli mowzuklar boýunça öz işini dowam etdi. Onda dünýäniň belli nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurda toplan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar. Halkara forum ýangyç-energetika pudagy boýunça türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň pikir hem-de tejribe alyşmagy babatda netijeli häsiýete eýe boldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.  

                                                                   

Halkara çäräniň jemleýji gününde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                                                           

«Nesil».

01.04.2022
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler

Daşoguz welaýaty, 30-njy mart. Şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar. 

                                                                   

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. 

                                                                   

 Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň daýhanlary orta süýümli pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “F-149”, “Ýolöten-39” ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine toplumlaýyn we guramaçylykly taýýarlyk görmegiň çäklerinde döwrebap tehnikalaryň — dürli kysymly traktorlaryň, ekijileriň, kultiwatorlaryň doly derejede we sazlaşykly işledilmegine hem-de pagtaçylaryň tohum bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Welaýatda ýerleri ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň uly toplumy, ýagny ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2552-si bar. Şolaryň aglabasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “John Deere” we “CLAAS” kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlardyr. Ekijileriň 454-si bökdençsiz ekiş işini üpjün eder. Olaryň hatarynda “Monosem” kompaniýasynyň sekiz hatarly ekijileri we beýleki enjamlary bar. 

                                                                   

Mundan başga-da, welaýatda ýörite toparlar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi. Bu bolsa bereketli hasylyň ygtybarly binýadyny goýýan ekerançylyk işleriniň bökdençsizligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Ýazky möwsümiň öňüsyrasynda Daşoguz welaýat häkimliginde maslahat geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi-pagtaçylar gatnaşdylar.  

                                                                   

Ýygnananlar ekiş möwsümini öz wagtynda geçirmek, degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri, şeýle hem “ak altynyň” we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Köneürgenç etrabynyň “Akgala” daýhan birleşigi ekiş möwsüminiň başlamagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrülip, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Mowzuklaýyn çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we sebitiň beýleki ýerlerinde geçirildi. 

                                                                   

Welaýatyň aýdym-saz we folklor-tans toparlarynyň çykyşlary ata Watanymyza, halkymyza, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine, şeýle hem 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna bagyşlandy. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

01.04.2022
Elektrik energiýasynyň önümçiligi ýokarlandyrylýar

Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, bu ulgamyň pudaklaýyn düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, täze kuwwatlyklary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şu babatda demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde hem göwnejaý işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Öz düzümine 9 sany etrap, 2 şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşigi sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolan desgalaryň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatynda zerur çäreleri geçirýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den gowragy, elektrik geçiriji ulgamlaryň bolsa 330-dan gowragy bar. Häzirki wagtda jemi 12 müň 500 kilometrden gowrak elektrik geçirijileri bolup, olaryň galabasy howa, 200 kilometre barabary hem kabel arkaly geçiriji ulgamlardyr. Birleşigiň hasabyndaky 50-den gowrak elektrik bekedi arkaly welaýatyň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär. Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gazturbinaly stansiýanyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär. Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda, geljekde bu elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze taslama laýyklykda, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy hem 25 kilometre barabar bolan Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça iki zynjyrly howa elektrik geçirijisini çekmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy bu döwrebap stansiýada öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrynda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depgine eýe bolýar. Jemi uzynlygy 560 kilometre barabar iki zynjyrly ýokary woltly elektrik geçirijiniň bu ugrunyň uly bölegi Garagum sährasyny aralap gidýär. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan, ähli welaýatlary bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly içerki sarp edijileriň bu zerurlyk bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugur boýunça gurluşyk işlerinde kuwwatly gurluşyk tehnikalary, beýleki gurallar netijeli ulanylýar.  

                                                                   

— Ýurdumyzyň iki welaýatyny halkalaýyn ulgama birleşdirýän ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurulmagy diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir — diýip, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň 35 kW ýokary elektrik geçiriji ulgamlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Maksat Girmanow aýdýar.  

                                                                   

— Ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Howa elektrik geçirijisiniň tebigy şertlerde bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Şeýle geçirijileriň ýokarsyndan ýyldyrym çakmasyndan sowmaga mümkinçilik berýän ýogyn zynjyr geçirilýär. Şol zynjyrlar ulgamyň bütin ugry boýunça aragatnaşygy amala aşyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Bu işlerde dört aýakly, kuwwatly sütünleriň berk oturdylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle halkalaýyn ulgamyň gurulmagy welaýatymyzyň elektrik energiýasy bilen has-da ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär. Bu ajaýyp işler goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, pudagyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze mümkinçilikleri açýar — diýip, Maksat Girmanow sözüniň üstüni ýetirdi. 

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.

                       

«Türkmenistan».

01.04.2022
Halkara forum: ýetilen sepgitler we täze mümkinçilikler

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň köpelmegi ýurdumyzda deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar.  

                                                                   

Halkara forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Onuň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleriniň gatnaşýandygy dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny tassyklaýar. 

                                                                   

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýetiniň uludygy, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenilýär. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenilýär. 

                                                                   

Halkara forumyň çäklerinde «Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi» mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär. Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berip, energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hem hil taýdan özgerdýär. 

                                                                   

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar. 

                                                                   

Plenar mejlisiň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly «CNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti we «PetroChina» kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler. 

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. 

                                                                   

Soňra forumyň işi «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen «Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlis guraldy. 

                                                                   

Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede ýakynlaşmak ugruna eýerýän Türkmenistanyň EKSPO sergisinde kuwwatyny üstünlikli görkezýändigini bellemek gerek. Milli bölümimiziň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýar. Dünýä derejesindäki bu abraýly we giň gerimli, köp pudakly çärede ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň baý milli medeniýeti görkezilýän sergi uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýere gelýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär. 

                                                                   

«Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlisiň dowamynda bolsa milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluxys», «Gaffney Cline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. 

                                                                   

30-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işini dowam etdi. Oňa gatnaşyjylar «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara hem gol çekildi.

31.03.2022
Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

Aşgabat, 29-njy mart. Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. 

                                                                   

Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşýanlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Ägirt uly energetika serişdelerine baý bolan we uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagy ýurdumyzda “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň we türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýändiginiň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

 Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýeti uludyr. Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär. 

                                                                   

Gutlagda şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenilýär. 

                                                                   

“Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi” mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň hatarynda durnukly ykdysadyýeti we ýurtdaky syýasy ýagdaýy hem-de degişli kanunçylyk esasyny görkezmek bolar. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary, ony ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. 

                                                                   

Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişdeler binýadynyň bardygy bellenildi. Dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalar bilen baglylykda, giň gerimde özleşdirilýär. Golaýyndaky “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde “Galkynyş” käniniň gorlary 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar. 

                                                                   

2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen hem-de özüne Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry bilen geçýän üç ugurdaş şahany (A,B we С) birleşdirýän Türkmenistan — Hytaý esasy gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň öňdebaryjysy bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berip, energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hem hil taýdan özgerdýär. 

                                                                   

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar. 

                                                                   

Plenar mejlisiň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly “СNPC” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “PetroChina” kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. 

                                                                   

Energiýa serişdelerini öndürmek hem-de olary ibermek we elbetde, sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Bu syýasat ýurdumyzyň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň hem-de iş ýüzündäki hereketleriniň mazmunyny we ugurlaryny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky ýörite Kararnamalary bilen berkidildi. 

                                                                   

Soňra forumyň işi “EKSPO — 2020” bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen “Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlis guraldy. 

                                                                   

...Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede ýakynlaşmak ugruna eýerýän Türkmenistanyň EKSPO sergisinde kuwwatyny üstünlikli görkezýändigini bellemek gerek. Biziň milli bölümimiziň mowzugy “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylýar. Dünýä derejesindäki bu abraýly we giň gerimli, köp pudakly çärede ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň baý milli medeniýeti görkezilýän sergi uly meşhurlyga eýedir hem-de bu ýere gelýän köp sanly adamlarda uly gyzyklanma döredýär. 

                                                                   

Serginiň bir böleginde dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ösüşi görkezilýär. Bu ýerde hödürlenilýän serişdelerde milli ykdysadyýetiň bu strategik ulgamynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Ylmy işläp taýýarlamalar, energetika ulgamynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda amala aşyrylýan we durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar serginiň mowzuklaýyn esasyny düzdi. Gün we ýel energiýasyny, bioýangyjy iş ýüzünde ulanmak boýunça tejribe-synag işläp taýýarlamalary bu ýere gelýänleriň ünsüni çekýär. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň “Dragon Oil”, “Fluхys», «Gaffney Сline” kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. 

                                                                   

Bu gün Türkmenistan türkmen tebigy gazyny ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagy hem-de energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa öz gezeginde häzirki döwrüň has uly meselesini çözmäge — ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam berer. Munuň özi ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermek ulgamyndaky hereketlerini hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdeleriniň turbageçirijiler arkaly iberilmegi iri halkara işewürligiň bir görnüşi bolmak bilen, bu ýerde talap örän ýokarydyr. Häzirki wagtda emele gelen maliýe-ykdysady ýagdaýa garamazdan, dünýä ykdysadyýeti üçin energiýa serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa uglewodorodlaryň uly möçberleri gerek bolup durýar. Bu şertlerde uglewodorod serişdelerini öndürijileriň, şol sanda Türkmenistanyň öz eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, olaryň üstaşyr geçirilmeginiň we sarp edijä ýetirilmeginiň köp şahaly döwrebap we netijeli işleýän düzümlerini döretmäge bolan meýilleri kanunalaýykdyr. 

                                                                   

Energetika howpsuzlygy ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm şerti bolmagynda galýar. Bu ugurda Türkmenistan döwlet strategiýasynyň anyk kesgitlenen ýörelgelerine, öz serişde binýadyna hakyky baha bermegiň we ondan peýdalanmagyň geljek üçin mümkinçiliklerine esaslanyp hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny goramaga, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we maksatnamalar bilen işjeň çykyş edýär we bu EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisindäki milli bölümimizde aýdyň beýan edilýär. 

                                                                   

“Ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly ösdürilmegi we ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy forumda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, pudaga innowasiýalaryň we bu ugurdaky soňky işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň bu möhüm meseläni çözmäge ýardam berýändigi bellenildi. 

                                                                   

Çykyşlaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy. Bu gaz geçiriji Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biridir. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Bu waka mynasybetli dabara taslama gatnaşyjy dört ýurduň döwlet Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

                                                                   

“Galkynyş” gaz käninden öz gözbaşyny alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitdäki möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu giň möçberli taslama Aziýa ösüş bankynyň hem gatnaşýandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Forumyň birinji gününiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň geçirilmeginiň dowam etdirilmelidigini aýtdylar hem-de döwletleriň arasyndaky köptaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň bu möhüm ugurda uzak möhletli geljegi nazara alyp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum ertir öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar “Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri”, “Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny”, “Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular”, “Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi” mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. 

                                                                   

Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşyna garaşylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary bellenildi. 

                                                                   

 Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

31.03.2022
Ykdysady garaşsyzlygyň miwesi

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda welaýatymyzyň çäginde Malaýyň kuwwatly gaz gysyjy desgasy, Kerki şäherinde halkara howa menzili, Çärjew, Kerki, Döwletli, Dänew etraplarynda azyklyk önümleri ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalaryň uly toplumy guruldy, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önümçilikler işe girizildi, welaýatymyzyň ilatyna guralýan bank, aragatnaşyk, söwda hyzmatlarynda kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy.  

                                                                   

Il-ýurt bähbitli işleriň sanawyny näçe uzaltsaň uzaldybermeli. «Halkyň Arkadagly zamanasyna» şamçyrag bolup ýalkym saçýan bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerimde ýaýbaňlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna durnukly ösüşiň berk binýady döredilýär. Döwletimiziň oýlanyşykly hem-de parasatly syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti garaşsyz ösüşleriň ýolunda ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip düzülen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy öňde goýlan wezipäni üstünlikli amala aşyryp biljekdigine bolan ukybyny iş bilen subut edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda meýilleşdirilen wezipeleriň uly toplumy yzygiderli amala aşyrylýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiz köpugurly we bäsdeşlige ukyply derejä eýe boldy. Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ykdysady ösüşiň depgini 5,9, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça 6,2 göterime çenli ýokarlandy. Ýurdumyzda maliýe ulgamynyň durnuklylygy saklanylýar. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu paýyň jemi içerki önümiň 70 göterimini düzýändigi örän guwandyryjydyr.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eşretlerimize eşret goşulýar. Azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär. Welaýatymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi hereket edýär. Il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär. 2025-nji ýyla çenli aralykda welaýatymyzyň ykdysadyýetine jemi 31,7 milliard manat maýa goýum goýmak işi dowam edýär. Kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilik döredi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýerleriň hususyýetçilere paýlanylyp ugramagy hem ykdysady ösüşlere amatly şertleri döredýär. Amala aşyrylýan işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär. 

                                                                                                           

Güljan  GURBANSÄHEDOWA,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

31.03.2022
Ykdysady ösüşleriň gadamlary

Sazlaşykly  ösýän  pudak 

                                                                   

Berkarar Watanymyz “ak altyna” deňelýän pagta çig malyna örän baý döwletdir. Pagta çig malyny rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dokma senagaty pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagaty pudagynyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan kärhanalaryň  biri-de   Sakarçäge etrabyndaky Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky pagta egirme fabrigidir. Howlusy gür baglyga bürenip oturan, bu kärhana 1995-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlipdir. Içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýüplükleriň birnäçe görnüşini öndürýän bu kärhanada 240  iş orny bar.  

                                                                   

Bu ýerde barlaghana, darak, lentalaýjy, egriji we gaplama bölümleri bar. Kärhananyň barlaghana bölüminde ýüplükleriň hil görkezijileriniň häzirki zaman talaplaryna, ekologik talabalaýyklygy kesgitlenilýär. Şeýle-de, ýüplükleriň çeýeligi, olaryň towunyň berkligi kesgitlenilip degişli netijeler berilýär. 

                                                                   

Germaniýanyň, Italiýanyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen iş stanoklarynyň 60-dan gowragy nah pagtany darap, lentalap, egrip, ýokary hil derejeli ýüplükleri öndürmek üçin sazlaşykly we gurat işledilýär. Taýýar önümi gaplaýjy bölümde ýörite gaplanylyp müşderilere günibirin ugradýarlar.  

                                                                   

— Işler gije-gündiz üç iş çalşygynda alnyp barlyp, üznüksiz iş önümçiligi üpjün edilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda zähmet adamsynyň aladasy edilýän ýurdumyzda işgärleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmagyň aladasy edilýär. Kärhanamyzda işgärler üçin ýörite naharhana, dynç alyş otagy, şeýle-de sport meýdançasy bar. Olar ýörite egin-eşikler, awtobus gatnawy bilen üpjün edilýär. Baýramçylyk çäreleri geçirilip, özara ýaryşlaryň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen höweslendirilýär. Bu bolsa işiň  ilerlemegine uly itergi berýär — diýip, fabrigiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gülaýym Rejepowa gürrüň berýär. 

                                                                   

Bu kärhanada önümçilikde ýokary netijelere eýe bolýan, özüniň ýokary ussatlygy bilen tanalýan öňdebaryjylaryň atlary agzalanda, darak bölüminiň ussasy Arslan Badyýewiň, lentalaýjy bölümiň ussasy Batyr Sähedowyň, egriji bölümiň ussasynyň kömekçisi Arslan Meredowyň, gaplaýjy bölümiň işçisi Maksat Orazowyň atlary hormat bilen tutulýar. 

                                                                   

 Sähet  HOJAGELDIÝEW. 

                                                                   

 “Maru — şahu jahan”. 

                                                                   

 SURATLARDA: önümçilikden iş pursatlary. 

                                                                   

 Suratlary düşüren  Şamyrat AMADOW.  

                                                                   

   Ygtybarly kepil 

                                                                   

  Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň maliýe ulgamynda hem-de şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan ätiýaçlandyryş işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryş işi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda dürli tebigy hadysalardan we tebigy betbagtçylyklardan goramaga gönükdirlendir. Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady, ýurduň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem ilatyň we ýurduň edara-kärhanalaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna isleglerini halkara derejesinde bähbitli şertlerde doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ilata halkara ätiýaçlandyryşyň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Fiziki we ýuridik şahslaryň işinde hem-de durmuşynda gerek bolan goraglylygyň gözbaşy bolan ätiýaçlandyryşyň elýeterliligini we ýokary hilliligini üpjün etmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanylýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem bank töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryşyň birnäçe   görnüşlerini hödürleýär. Sebäbi, ýurdumyzyň bank ulgamynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi halkara ülňülerine laýyklykda, bank edaralarynyň işiniň netijeli guralmagyny, bank töwekgelçiliklerini dolandyrmagyň wajyp ugurlarynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa öz gezeginde bank töwekgelçiliklerini netijeli dolandyrmagyň we olary ätiýaçlandyrmagyň zerurlygyny ýokarlandyrýar. 

                                                                   

 Aýgül KAKAGELDIÝEWA.  

                                                                   

 Türkmengala etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni. 

                                                                   

 Hyzmatdaşlyk  ösdürilýär 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegine ýardam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimiziň dürli künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary dolulygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Islendik döwletiň durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly öňe gitmegi bilen baglydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň senagat, ýangyç-energetika, oba hojalygy pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň bady artýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyňam gerimi giňeýär. Bu bolsa hyzmatdaş döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşli ýolunyň rowaç almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine bolsa iş tejribämizde göz ýetirýäris.  

                                                                   

 Begenç ATAMYRADOW. 

                                                                   

 Welaýat gümrükhanasynyň gümrük gözegçiligi  bölüminiň müdiri, maýor. 

                                                                   

  Kämil  tehnologiýalar 

                                                                   

 Arkadag Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda iri möçberli ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Ýurt Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu iri pudagyň önümçilik kuwwatynyň öňdebaryjy täze tehnologiýalaryň hasabyna döwrebaplaşdyrylmagy netijeli ädim boldy. Garaşsyz döwletimizde arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi üzül-kesil artdyryldy.  

                                                                   

Soňky ýatlanymyza mysal hökmünde, Garaşsyz döwletimiziň energetika pudagynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-niň senagat zolagynda işe girizilen döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisini agzamak bolar. Dürli kuwwatlykly bu täze desgalar iň täze tehnologiki enjamlar, innowasiýalar bilen üpjün edilendir. Olardaky tehnologiki önümçiligiň ykdysady tygşytlylyk babatda-da, ekologiýa taýdan has arassa önümçiligi bilenem düýpli tapawutlanýandygyny ýatlamalydyrys. Bu bolsa, ykdysady ösüşiň rowaç alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýylsaýyn ýokarlanmagyna itergi berýär. Möhüm pudakdaky şeýle ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň öňe gitmeginde aýgytly ädimdir. 

                                                                   

 Çaryýar AKMYRADOW. 

                                                                   

 TDEI-niň uly mugallymy.

31.03.2022
Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda

29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy üns bilen diňlenildi. 

                                                                   

Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

                                                                                                           


                       

«Aşgabat».

31.03.2022
Senagat pudagynyň depginli ösüşi

Ýurdumyz täze önümçilikleri döretmekde zerur bolan çig malyň dürli görnüşlerine we baý gorlaryna eýe. Şunda, hususan-da, himiýa, gazhimiýa senagatynyň, gurluşyk industriýasynyň we beýleki pudaklaryň esasy bolan tebigy gazyň, nebitiň, mineral çig mal serişdeleriniň uly ýataklary senagat taýdan özleşdirilmäge degişlidir. Başgaça aýdylanda, nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty diňe bir ýangyç serişdelerini däl, eýsem, möhüm himiki önümleri almak üçin-de çig maldyr. Tebigy gazyň düzümindäki metan, etan, propan uglewodorody, geliý, kükürtwodorod maddalaryny, metil spirtini, polimer materiallary, belok-witamin konsentratlaryny, geliý gazyny, arassa kükürdi we beýlekileri almaga mümkinçilik berýär. Önümçiligi barha artýan azot dökünleriniň kärhanalarynda hem tebigy gaz ulanylýar. Geljekde bolsa bu ugurdan gazhimiýa toplumynyň dürli pudaklaryny döretmäge doly esas bar. Bu jähetden, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegiň döwrebap önümçiliklerini döretmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtaýar. Ýurdumyzyň himiýa senagaty uzak möhletleýin we durnukly ösüşiň esasyny goýýan hem-de ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir edýän senagatyň binýatlaýyn bölegidir. Himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy soňky ýyllarda ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, daşardan satyn alynýan önümleri özümizde öndürmäge, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyz mineral çig mal gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de düzüminde ýod we brom saklaýan ýokary minerallaşan ýerasty suwdur. Şolaryň esasynda häzirki wagtda Hazaryň himiýa, Balkanabadyň, Berekediň ýod zawodlarynda ýokary hilli ýod öndürilýär. 

                                                                   

Hususan-da, Hazaryň himiýa, Balkanabadyň ýod zawodlarynyň ulanýan suwunyň duzlulygy bir litrde 170 — 220 grama barabardyr. Berekediň ýod zawodynda bolsa Seýitkerdere käniniň çig mal hökmünde ulanylýan suwunyň duzlulygy ep-esli pes bolup, ol bir litrde 25 — 29 gram töweregidir, ýöne onda ýoduň mukdary has ýokarydyr. Ýerasty ýod-bromly suw bolsa himiki düzümi boýunça şerebeleriň II synpynyň natriý-kalsiý hloridleriniň toparyna degişlidir. Suwda ähli duzlaryň diňe 0,02-0,025 göterimi ýod; 0,20-0,25 göterimi brom bolup, galanlary — 99,75 göterimi beýleki makroduzlardyr. Olaryň düzüminde ýod we bromdan başga-da litiý, bor, stronsiý, rubidiý, seziý ýaly tebigatda seýrek duşýan gymmatly elementleriň ençemesi bar. Bu seýrek we dagynyk elementleriň adaty magdan çeşmeleriniň azalandygy sebäpli, soňky döwürde olary, esasan, şeýle gidromineral serişdelerden almaga uly üns berilýär.  

                                                                   

Günbatar Türkmenistanyň täze açylan ýod-brom känleriniň — Çukurguýy, Guýular, Gögerendag-Garadaşly, Inderlen we beýleki känleriň özleşdirilmegi netijesinde geljekde ýoduň öndürilişi has hem artar. Şonda Türkmenistan ýod öndürmegiň mukdary boýunça Çili, Ýaponiýa, ABŞ ýaly ýurtlaryň hataryna girer. Häzirki wagtda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwy gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär, onuň aglaba bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatyndaky «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda taslama kuwwaty 450 tonna bolan bu zawodda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasy öndürilýär. Geljekde ýodly we bromly guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edildi. Hödürlenen teklipler makullanylyp, ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmek hem-de bu işe uly tejribä we tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalary işjeň çekmek bellenildi. 

                                                                   

Aslynda, çig malyň senagat taýdan özleşdirilmegi diňe bir onuň gorlary bilen kesgitlenmän, eýsem, köp sanly çylşyrymly tehniki-ykdysady we tehnologik meseleleri çözmek bilen hem baglanyşyklydyr. Bu babatda mineral baýlyklaryň düzüminiň çylşyrymlylygy, alynýan önümiň himiki aýratynlyklary, galyberse-de, çig malyň ýerleşýän ýerleriniň tebigy şertleri ýaly köp sanly faktorlar alymlaryň we hünärmenleriň öňünde täzeden çözülmeli meseleler bolup durýar. 

                                                                   

Şu ýerde ýene bir möhüm zat hakynda gürrüň etmek zerur: suw adamzat durmuşy we halk hojalygy üçin iň wajyp tebigy baýlyklaryň biridir. Şonuň üçin-de suw serişdelerini goramak we ondan rejeli peýdalanmak derwaýys mesele hasaplanýar. Şeýle bolansoň, duzly suwy tehniki serişdeleriň kömegi bilen süýjütmek barha giň gerim alýar. Häzirki wagtda bu usul bilen Awazada, Balkan welaýatynyň beýleki ýerlerinde deňiz suwy süýjedilýär. Olarda hem, esasan, himiki tehnologiýalar we materiallar peýdalanylýar.  

                                                                   

Senagat kärhanalarynyň suw galyndylary-da bu babatda belli bir çeşme bolup biler. Bir gezek ulanylandan soň, kärhanalar suwy senagat galyndysy hökmünde uly möçberde daşky gurşawa akdyrylýar. Şol sebäpden, şeýle suwy degişli derejede arassalap, gaýtadan ulanmak ykdysady we ekologik taýdan uly ähmiýete eýe. Çünki köp sanly senagat kärhanalarynda, hususan-da, himiýa, gurluşyk, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynda zyňyndy gaty galyndylar, hapalanan suw, gaz emele gelýär. Şonuň üçin-de halk hojalygynyň ösmegi bilen, tebigy çig mal serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň zerurlygy derwaýys ekologik mesele hökmünde ýüze çykýar. Häzirki wagtda adaty ulanylyp gelinýän gaty magdan gorlarynyň barha azalýandygy sebäpli, dünýäde käbir elementleri we maddalary ýerasty gidromineral çig mal serişdelerinden almaga uly üns berilýär. Olaryň düzüminde ýod bilen bromdan başga-da, bor, litiý, stronsiý, seziý, rubidiý, kaliý ýaly gymmatly elementler hem saklanýar.  

                                                                   

Nebitgaz guýularyndan çykýan ugurdaş suwy yzyna — ýer astyna goýbermek, olaryň düzümindäki peýdaly minerallary almagyň usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak hem alymlaryň öňünde duran derwaýys meseledir. Bu babatda türkmen alymlary tarapyndan dünýä tejribesinde ilkinji gezek yssy we gurak howa şertlerimizde, açyk howdanlarda suwy bugartmak arkaly, baýlaşdyrmagyň we himiki önümleri almagyň işlenip düzülen toplumlaýyn tehnologiýasy ulanylyp bilner. Bu bolsa ekologik sowatlylygyň we bilimiň ähmiýetini has-da artdyrýar.  

                                                                   

Innowasion tehnologiýalara bolan isleg diňe bir himiýa ýa-da nebitgaz senagatynda däl, eýsem, gurluşyk materiallary, ýeňil, azyk, dokma energetika, dag-magdan we beýleki pudaklarda-da barha artýar. Şeýle bolansoň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply, giň düşünjeli tehnolog hünärmenlere bolan isleg-de barha ýokarlanýar. Olaryň taýýarlanylyşy has çeýe, ýagny önümçiligiň islegine görä, dürli ugurlarda işlemäge ukyply edilip guralsa, geljekki hünärmenleriň ýurdumyzyň dürli kärhanalarynda işläp bilmegine mümkinçilik berer. Şunda ähli tebigy maddalary gaýtadan işlemek boýunça ulanylýan tehnologiýalaryň fiziki-himiki esaslary, hadysalary, enjamlary, umumy tehniki dersleri biri-birine örän ýakyn. Şeýle diýildigi, aslyýetinde, ähli tebigy çig maly gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly bolan ugurlary maddy-tehniki serişdeler, hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini belli bir derejede umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin bolsa önümçilik pudaklarynyň ylmy-barlag edaralar, ýokary okuw mekdepleri bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaklary örän möhümdir.  

                                                                                                           

Hojanepes ÝOWJANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.

31.03.2022