Новости
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaýdan boşan meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berler. 

                                                                   

Şu günler welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralma, gök, bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýygnalyp alnan gallany degişli derejede saklamak, gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmegiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlary ekiş möwsümine talabalaýyk derejede taýýarlamak, welaýatyň çäklerinde ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw howdanlaryny, akabalary arassa saklamak, ýetişdirilen gök, bakja, beýleki ekinleriň hasylyny öz wagtynda ýygnamak hem-de olary terligine bazarlara ugratmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny mundan beýläk-de berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekin meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin işler, galla oragynyň netijeleri, ýygnalan hasylyň saklanylyşy we gaýtadan işlenilişi barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň derejesi, ýetişdirilen ýeralma, gök we bakja önümlerini öz wagtynda ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. 

                                                                   

Şu günler bugdaýdan boşan ýerleri ekişe taýýarlamak, topragy gurplandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, häkim döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gant şugundyrynyň ekilen meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk ýola goýmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýtdy. Şol bir wagtyň özünde sebitde ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Häkim şu günler welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, binalary öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek boýunça edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hem hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli möwsümleýin işleriň, şol sanda gowaça, gant şugundyryna edilýän ideg işleriniň häzirki zaman talaplaryna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pagtanyň, şol sanda beýleki ekinleriň, aýratyn-da, şugundyryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýulmagyna jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we beýleki taýýarlyk işleriniň agrotehniki talaplara laýyk ýerine ýetirilmegine, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Hazaryň kenarynda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş düzümine degişli işleriň, şol sanda hyzmatlar ulgamynyň döwrebap derejede ýola goýulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde, ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gallany elewatorlara we ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek, şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň geçirilişi, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn ideg işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatda ýetişdirilen ýeralmany, gök, bakja, beýleki oba hojalyk önümlerini ýitgisiz ýygnap almak işleriniň netijeleri, şaly ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri barada hem hasabat berildi. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda kabul edilen gallany elewatorlara daşamak hem-de ýerleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan sürüm we tekizlemek işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmegi wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda ideg işleri bilen bir hatarda, zyýankeşlere we kesellere garşy çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini, ýetişdirilen ýeralmany, gök, bakja, beýleki ekinleri ýitgisiz ýygnamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçilik meselelerini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, ýetişdirilen bugdaý hasylyny saklamak we gaýtadan işlemek, orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häkim şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak hem-de bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler, şaly ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri barada hasabat berdi. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine zerur üns berilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen gallany elewatorlara we ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek işleriniň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri agrotehniki talaplara laýyk derejede ýola goýulmalydyr. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine zerur üns berilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gowaça we şaly ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Welaýatda daýhan yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň hasylyny öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap almak, olary sarp edijilere ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý oragynyň netijeleri, ýygnalan gallany saklamak, ýerleşdirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini talabalaýyk geçirmek, bugdaýy daşamak we gaýtadan işlemek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatyň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk guralýar. Şunuň bilen bir wagtda, ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine möhüm üns berilýär. 

                                                                   

Häkim hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin maglumat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilen bugdaý hasylyny degişli derejede saklamak hem-de ony gaýtadan işlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan sürüm we tekizleýiş işleri agrotehniki talaplara laýyk ýola goýulmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine üns çekilip, bu ugurda häkime birnäçe tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýeralma, gök-bakja we beýleki önümleriň bolçulygyny üpjün etmegiň aýratyn talapdygyny belledi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, aýratyn-da, ýetişdirilen bugdaý hasylyny saklamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär, ösüş suwy tutulýar. Şunda gowaça ekilen meýdanlarda kesellere we zyýankeşlere garşy göreş çäreleri degişli derejede ýola goýulýar. Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Şeýle-de wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we suw üpjünçiligi boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, orakdan boşan meýdanlarda geçirilýän sürüm we beýleki oba hojalyk işlerinde hereket edýän kuwwatly tehnikalaryň doly güýjünde, netijeli ulanylmagynyň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda gowaça edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtap, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, umuman, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeler berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamak, kärendeçi daýhanlary ýokary hilli tohumlar, dökün bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň milli daýhançylyk däpleri we häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunda önümçilige oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

26.07.2022
Hil nyşanly önümler

Bilşimiz ýaly, innowasiýalar, ylym we tehnologiýalar babatda alymlaryň, oýlap tapyjylaryň täze açyşlary sosial we önümçilik, medeniýet ulgamlarynda sazlaşykly ösüşe ymtylýan her bir döwlet üçin ilkinji derejeli wajyp ugur bolmagynda galýar. Ylmy-tehniki üstünlikler jemgyýetçilik ösüşiniň derwaýys gumanitar wezipelerini çözmegiň hem, sarp edijilik bazaryny ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply harytlary bilen doldurmagyň hem ýokary netijeli guraly hökmünde öňe çykýar. Mukaddes topragymyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolan «gara altyny» gaýtadan işleýjileriň bu gazanan üstünliklerinde şu toplumda halal zähmet çekýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem mynasyp goşantlarynyň bardygy bolsa, biziň üçin has-da buýsançlydyr. 

                                                                   

Döwletimiziň bu gün häzirki zaman dünýäsiniň iri energetik ýurtlarynyň hatarynda durýandygy jedelsiz hakykatdyr. Nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy ulgamlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini üpjün etmekde kesgitleýji orny eýeleýär. Bu binýatlyk toplumyň düzümine girýän Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň senagatynyň kerwenbaşysy hökmünde tanalýar. Ägirt uly mümkinçiliklere we baý önümçilik däplerine eýe bolan bu häzirki zaman kärhanasynyň paýyna tutuş ýurtda öndürilýän önümiň dörtden birine barabar möçberi degişlidir. Toplumda mukaddes ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda gurlup, işe girizilen dürli maksatly önümçilik desgalarynyň tutuş merkezi Aziýada deňi-taýy ýokdur. Häzirki wagtda zawodlar toplumy etillendirilmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinleri, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, nebit koksuny, suwuklandyrylan gazy, dürli maksatly bitumlary... dünýä hil ülňüleriniň talaplaryna laýyk öndürmegiň abraý bilen hötdesinden gelýär. Bu nebit-himiýa önümleri ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinde esasy orny eýeleýär. Kärhanada öndürilýän önümler Garaşsyzlyk ýyllarynda «Altyn globus» halkara baýragyna, «Astekleriň ýyldyzyna», «Hil üçin halkara altyn ýyldyzyna», «Täze müňýyllygyň baýragy» atly iň oňat söwda markasy baýraga, Söwda liderleriniň halkara klubynyň «Tehnologiýa we hil üçin täze müňýyllygyň baýragy» atly hormatly diploma, «Hil üçin halkara baýragyna», «Hil üçin altyn ýyldyza», «Hil üçin täze müňýyllygyň baýragyna» ýaly ençeme abraýly derejelere we ykrarnamalara eýe boldy. 

  Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda daşary ýurtlardan getirilýän ýokary hilli önümleriň ornuny tutýan, ekologiýa babatdan arassa, sarp ediş bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça döwlet derejesinde öňde goýlan belent wezipelerden ugur alnyp, zawodlar toplumynda bitirilýän işler ýylsaýyn nusgalyk derejelere göterilýär. 

                                                                   

Muňa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Euro-6» standartlaryň talaplaryny kanagatlandyrýan, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilip, döwrebap ulaglarda ulanylýan, ekologiýa taýdan has arassalygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýan täze «A-98» kysymly awtoulag benziniň önümçiliginiň üstünlikli ýola goýulmagy-da doly güwä geçýär.  

                                                                   

Benziniň bu täze görnüşini öndürmekde zawodlar toplumynyň inžener-tehniki işgärleri Ýewropanyň EN 228 «Içinden ot alýan hereketlendiriji üçin ýangyç. Etillendirilmedik benzin. Tehniki talaplar we synag usullary» standartynyň «Euro-6», hem-de «Motor ýangyjy. Etillendirilmedik benzin. Tehniki şertler» ГОСТ 32513-2013 döwletara standartynyň K5 ekologiki klaslarynyň we «Euro-6»-nyň talaplaryny esas edindiler. Netijede, täze etillendirilmedik awtoulag benzini üçin 1 müň 400 tonnadan hem gowrak aýratynlykda ýörite taýýarlanylan çig maldan 14 tonna 360 kilogram «A-98» kysymly benziniň senagat tapgyry taýýarlanyldy. Ol ýokarda görkezilen döwletara standartynyň talaplaryna laýyklykda pasportlaşdyryldy we sertifikatlaşdyryldy. Awtoulag benzininiň bu täze kysymyny öndürmek kärhanada ýörite meýilleşdirilen çäreleriň takyk amala aşyrylmagy netijesinde mümkin bolupdyr. Täze önümiň hil görkezijilerini Ýewropa standartlarynyň degişli ekologiki talaplaryna getirmek üçin Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň awtoulag benzinleriň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünleri üýtgedilip, olar berk gözegçilikde saklanýar. Täze «A-98» kysymly awtoulag benzininiň senagat tapgyryny taýýarlamaga toplumyň inžener-tehniki işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olaryň arasynda zawodlar toplumynyň baş tehnology Ýazgylyç Nazarow, tehniki gözegçilik gullugynyň inženeri Akmyrat Goçakbaýew, analitik işleriniň laboratoriýasynyň başlygy Gyzylgül Mämmedowa, önümçilik bölüminiň başlygy Gapurjan Abduseýidow, merkezi laboratoriýasynyň başlygy Akja Amanowa, gözegçilik laboratoriýasynyň başlygy Şemşat Nazarowa dagynyň TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň bu kärhanadaky ilkinji guramasynyň işjeň agzalarydygy bolsa biziň üçin has-da buýsançlydyr. Ýeri gelende aýtsak, tutuş toplumda dürli kärde zähmet çekýän üç müňdenem gowrak nebiti gaýtadan işleýjileriň 560-sy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarydyr. 

                                                                   

Täze öndürilen önümiň kabul edilen degişli talaplara laýyklygyny kesgitlemek üçin toplumda bar bolan enjamlarda degişli barlaglar amala aşyrylyp, onuň esasy görkezijileriniň kabul edilen döwletara standartynyň talaplaryna gabat gelýändigi hem doly anyklanypdyr.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanylan bu ajaýyp üstünlik nebiti gaýtadan işleýjileriň buýsançly başlaryny arşa ýetirdi. Iň esasy zat bolsa, bu üstünligiň toplumda öňden bar bolan desgalarda türkmen hünärmenleri tarapyndan gazanylandygydyr. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, bu öňdebaryjy toplumda awtoulag benzininiň täze kysymyny işläp taýýarlamakda TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň bu kärhanadaky ilkinji guramasynyň işjeň agzalarynyň tutanýerlilik görkezendikleri bizi has-da guwandyrýar. Olar diňe bir hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, halal zähmet çekmegiňem asylly nusgasyny görkezmegi başarýar. Olaryň her biri halal zähmet çekip, dünýä bazarlarynda ählitaraplaýyn bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlamaga ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýar. Eziz Diýarymyz Türkmenistany «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen senaly şygar bilen täze belentliklere ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, beýik işleri baky rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Bibiaýşa SAPAROWA,

                       

TDP-niň Balkan welaýat  komitetiniň başlygy.

26.07.2022
Ýurdumyzyň beýik ösüş­leri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy, şan-şöh­ra­ty bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da asyr­la­ra ba­ra­bar iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li gat­na­şy­kla­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň paý­tag­ty bu gün dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de gül­läp ös­me­gi we öz­ger­me­gi tu­tuş mil­le­ti buý­san­dyr­ýar. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da Türk­me­nis­tan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len öňe bar­ýar. Ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni ba­bat­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ra esas­lan­ýan yn­san­per­wer hem-de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len be­lent mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek, dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy­ny üp­jün et­mek, şeý­le hem ag­zy­bir hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş bo­ýun­ça en­çe­me il bäh­bit­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­lent mak­sat­na­ma­la­ryň esa­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da ne­ti­je­li iş­ler amal edil­ýär. Il bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan iş­le­r bol­sa hal­ky­my­zyň er­tir­ki gü­ne bo­lan yna­my­ny art­dyr­ýar, öz ata Wa­ta­ny­na bo­lan buý­san­jy­ny we söý­gü­si­ni pug­ta­lan­dyr­ýar. Be­dew ba­dy bi­len ös­ýän mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ösü­şi jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­lan­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, onuň te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­me­gi, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny iş­jeň çek­me­gi, ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gyň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň we usul­la­ry­ny ne­ti­je­li or­naş­dyr­ma­gy bi­len bag­ly bo­lup dur­ýar. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň we beý­le­ki mö­hüm pu­dak­la­ryň, dok­ma we hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň, gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň, mah­la­sy, äh­li pu­dak­la­ryň işi­niň kä­mil­leş­me­gi bi­len berk bag­ly­dyr. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da giň möç­ber­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler amal edil­ýär. Pu­dak­la­ry saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge, çig mal ön­dür­mek­den taý­ýar ha­ryt­la­ry ön­dür­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de yk­dy­sa­dy-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ne­ti­je­li iş­le­re giň ge­rim be­ril­ýär. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da gö­zel paý­tag­ty­my­zyň Büz­me­ýin et­ra­byn­da gur­lan Ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny abat­la­ýyş we hyz­mat ediş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy-da şu ýy­ly­my­zyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len tä­ze des­ga­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek­de hem-de se­na­gat­laş­dyr­mak­da, onuň äh­li pu­dak­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm ädim bol­dy. Şo­nuň ýa­ly-da, ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak­da äh­mi­ýe­ti bi­çak uly bol­dy. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty pu­da­gy­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu pu­dak ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da we­la­ýat­la­ry­myz­da tä­ze, döw­re­bap elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şo­nuň ýa­ly-da, pu­dak­da en­çe­me iri tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň içer­ki ener­ge­ti­ka hal­ka­sy­nyň hem-de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň do­wam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek has-da buý­sanç­ly­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­ny ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Bu gur­lan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gel­jek­de hem di­ňe öz ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, eks­port ugur­la­ry­ny kö­pelt­mä­ge-de ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­mek aý­ra­tyn buý­sanç­ly­dyr. 

                                                                   

Yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da gur­lan bu tä­ze des­ga tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa­da bu ugur­da­ky uly des­ga ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä de­re­je­sin­de gu­rul­ýan şeý­le döw­re­bap des­ga­la­ryň ha­ta­ry­nyň ýyl­sa­ýyn art­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li pug­ta­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­la­ry hal­ky­myz­da uly buý­sanç dö­red­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti­mi­zi dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler je­bis hal­ky­my­zyň çek­ýän ha­lal zäh­me­ti bi­len bag­ly­dyr. Bu asyl­ly ýö­rel­ge ulu­dan-ki­çi hem­me­le­riň kal­by­ny gur­şap al­ýar. Bu bag­ty­ýar za­ma­na di­ňe bir be­ýik ösüş­le­ri bi­len däl, eý­sem, hal­ky­myz ha­kyn­da­ky ala­da­nyň, be­ýik iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän za­ma­na­sy hök­mün­de buý­san­dy­ry­jy­dyr. Biz mu­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň, mö­hüm öz­gert­me­le­riň anyk my­sa­lyn­dan aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Bu bi­ti­ril­ýän iş­ler eş­ret­li döw­rü­mi­zi aýan edip, ösüş­ler­den-ösüş­le­re, be­lent sep­git­le­re ta­rap öňe bar­ýan ýur­du­my­zyň şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän il-ýurt bäh­bit­li mak­sat­na­ma­la­ryn­da hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly be­lent we­zi­pe­ler oňyn çö­zül­ýär. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da dün­ýäniň ösü­şi­ne ön­jeý­li go­şant goş­ýar. 

                                                                   

Bu gün­ki gün­de yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ös­ýän döw­le­ti­miz­de be­lent mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň ha­ta­ry bar­ha art­ýar. Äh­li ugur­lar bo­ýun­ça dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­na­lar top­lum­la­ry eziz Di­ýa­ry­my­zyň gör­kü­ne görk goş­ýar. Döw­le­ti­miz­de ila­ty­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­lent mak­sat­lar my­rat tap­ýar.  

                                                                   

Ýü­rek joş­du­ry­jy be­lent sep­git­ler mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 31 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýar. Bu be­ýik iş­ler bol­sa döw­le­ti­mi­zi yk­dy­sa­dy taý­dan gül­le­dip ös­dür­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­lent mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                                                           

Bag­ty ÖDE­GU­LY­ÝE­WA,

                       

«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».

25.07.2022
Türkmenistanyň täze başlangyçlary ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň üpjün edilmegine saldamly goşantdyr

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrmak bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda, halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça öňe süren täze başlangyçlary muny nobatdaky gezek tassyklady. 

                                                                   

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda resmi sapar bilen Gyrgyzystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişleriň bolup geçendigini, täze ýagdaýlaryň, wehimleriň peýda bolandygyny, olaryň biziň sebitimizden hem sowlup geçmändigini belledi. Şunda howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynda içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklary, ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygyny esasy howplaryň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň ýetirip biläýjek ýaramaz täsirini, maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagyny, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrylmaga synanylyşmagyny hem şol wehimleriň hatarynda görkezdi. 

                                                                   

Bu wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýär. Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de güýçlendirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýagdaýy hemişe öwrenmegiň, öz wagtynda maglumatlary alyşmagyň, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermegiň zerur bolup durýandygy aýdyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak baradaky tabşyryklary bermegi teklip etdi. 

                                                                   

Sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin täsirli meseleler şöhlelendirilende, “Özüňi alyp barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamak barada başlangyç beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamagy teklip etdi. 

                                                                   

Owgan ugrunda bilelikde işlemegiň, ozalkysy ýaly, sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmagy, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmegi, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermegi, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarynda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidiklerini, bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidiklerini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş edýändigini aýdyp, bu teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselesine aýratyn üns berdi. Ulag we logistikany döwlet Baştutanymyz bu strategiýanyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Forum halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmek teklip edildi. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle-de onuň daşynda Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini kesgitlemek bilen bagly bolar. 

                                                                   

Biz eýýäm iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümçilik taýdan ýakynlaşmagyny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmekde hususy işewürligiň möhüm orun eýelemelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmek teklip edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, yzygiderli esasda geçiriljek Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny hem-de medeniýet ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň her ýylky baýragyny döretmegi teklip etdi. 

                                                                   

ÝUNESKO-da bilelikdäki işi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň taryhy mirasyny aýawly saklamak boýunça işi güýçlendirmegi we işjeňleşdirmegi biziň wekiliýetlerimiziň bu guramadaky işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegiň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralaryna ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi hem-de jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek, ýygnalan bugdaýy kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşamak we ýerleşdirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, tohumlaryň saýlanyp alynmagyny guramak, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny hem-de ekerançylygyň milli däplerini nazara almak bilen, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek barada gürrüň edildi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ideg etmek, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasyllaryny ýitgisiz ýygnamak, şaly hem-de gant şugundyry ekilen meýdanlarda oba hojalyk tehnikasyny we gurallary netijeli peýdalanmak meseleleriniň berk gözegçilikde saklanmagynyň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze okuw ýylynyň başyna çenli bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegi babatda hem tabşyryklar berildi. Iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryna hem-de önüm öndürijilere olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjy tassyklanylan bahalar boýunça ýerleniler. Bu bolsa oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge ýardam berer. 

                                                                   

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada gaz turbinalaryny abatlamak boýunça ýeke-täk merkeziň açylyş dabarasynda çykyş edip, ähli welaýatlarda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň gurlandygyny, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi. 

                                                                   

Amala aşyrylýan giň gerimli işler ygtybarly energetika kuwwatlyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, eksport ugurlaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu täze merkez hem energetika pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem ýardam berer. 

                                                                   

“Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň guran bu merkezinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ähli ekologik talaplara laýyk gelýän bu kärhanada 120-den gowrak täze iş orunlary döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenler üçin degişli hünär kämilleşdiriş okuwlary hem-de «General Eleсtriс» kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky hyzmat ediş merkezlerine sanly ulgam arkaly baglanyşmak bilen, nazary we amaly okuwlar guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu merkezde ornaşdyrylan enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Türkmenistanyň energetika ministrine bu merkez üçin niýetlenen täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Dünýädäki şeýle ugurdaş düzümleriň hatarynda iň döwrebap we öňdebaryjy desga bolup durýan bu täze merkez halkara güwänamalaryň bäşisine mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň “General Electric” kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänama, “The London Energy Club” kompaniýasynyň bu desganyň Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, bu desganyň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky güwänamasy bar. 

                                                                   

Bulardan başga-da, merkeze Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy barada güwänamasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “TUV” kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänamasy gowşuryldy. Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan “Duisburg-Essen” uniwersitetiniň çözgüdi bilen, Aşgabatda açylan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänama berildi. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy ýokary tehnologiýaly merkeziň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, ýolbaşçylyk edýän holdinginiň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

                                                                   

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy. 

                                                                   

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny belläp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda diňe bir iki döwletiň bähbidine däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada energetika howpsuzlygynyň kemala gelmeginde kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine üns çekildi. 

                                                                   

Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 

                                                                   

Geçen hepdede paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Forumyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy geçirildi. 

                                                                   

23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Umuman, geçen hepdäniň wakalarynda ýurdumyzyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutuş adamzat bähbitli başlangyçlarynyň netijeliligi öz beýanyny tapdy. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermegiň, özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. 

                                                                                                           

(TDH)

                       


                                                                                                                                                   

Beýleki habarlar

                           

  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ösüşli ýollaryň kämil binýady                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ýurdumyzda ilkinji ÝUNESKO kluby açyldy                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Merkezi Aziýa: sebitiň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşme                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ýurdumyzyň welaýatlarynda                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            ...Bu dünýäde at gerek                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Suwy şypalydyr, howasy seleň                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Birža täzelikleri                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Hormatly adamlar!                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Howa maglumaty                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň görkezijileriniň biridir                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Jebislik — döwrüň talaby                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Täze nusgadaky şäher                                                                                       

                                                   2 gün öň                                           

25.07.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

Aşgabat, 23-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. 

                                                                   

Çykyşlarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda Kanunlaryň her biri boýunça netijenama berildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisinde kabul edilen “Elektron hökümet hakynda” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu resminamanyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasaty nazara alyp, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygyny bellediler. “Elektron hökümet hakynda” Kanunyň döwlet edaralarynyň maglumat-telekommunikasiýa düzüminiň döredilmeginiň hukuk esasyny berkidýändigini, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda kagyzsyz resminama dolanyşygy tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, umuman, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy. 

                                                                   

«Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Kanun ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň türkmen alabaýlarynyň seçgiçiligini ösdürmek, bu täsin tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäde wagyz etmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerdäki ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna garadylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. 

                                                                   

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda, pudaklary okgunly ösdürmekde milli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere-de garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

25.07.2022
Täze nusgadaky şäher

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen gurluşygy amala aşyrylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen ýaşaýyş keşbini kemala getirýän kuwwatly şähergurluşyk taslamasydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli dowam etdirilýär.  

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyza ýolbaşçylyk eden döwründe bu baradaky oý-pikirlerini yzygiderli beýan etdi we 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Gökdepe etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dolandyryş merkeziniň binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen ýörite tanyşdy. Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekildi. Şol ýylyň 10-njy aprelinde Gökdepe etrabynyň çäginde täze nusgadaky bu merkezi şäheriň düýbi tutuldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda, şol ýylyň 8-nji hem 25-nji noýabrynda, 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda, 2022-nji ýylyň 13-nji we 18-nji ýanwarynda we 9-njy aprelinde bu şähergurluşyk taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýene-de birnäçe Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

Bu ýerde gurulýan her bir binadyr desga sanly serişdeler bilen üpjün edilýär. Taslama üçin döwlet tarapyndan 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. Işleriň öz wagtynda sazlaşykly alnyp barylmagy üçin Döwlet komiteti we täze şäheriň häkimligi hem döredildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz bu ýere yzygiderli iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen ýerinde tanyşýar. Binalaryň we desgalaryň ýerleşdirilişi, olaryň gurluşyk ylmynyň iň täze gazananlary bilen milli binagärlik ýörelgelerimiziň sazlaşykda utgaşdyrylyp bina edilişi hem-de bezelişi, ýerli çig mallardan öndürilýän gurluşyk serişdelerini ulanmak we bu ýeriň tebigy landşaftyny bozman, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça gymmatly maslahatlaryny berýär.  

                                                                   

Ýokarda agzalyp geçilen Kararlar bilen tassyklanan taslama laýyklykda, täze welaýat merkezinde 1002 gektara barabar ýerde Ahal welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň, «Türkmenistan», «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň hem-de «Daýhanbank» Döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçalarynyň edara binalary gurlar. Welaýat boýunça oba hojalyk, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy, ulag we kommunikasiýa, söwda toplumlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, saglygy goraýyş, arhiw müdirlikleriniň iň häzirki zaman edara binalary-da göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Nusgalyk şäherde Ruhyýet köşgi, kitaphana, Bagt köşgi, drama teatry, muzeý, «Ahal» monumenti, myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezi, Döwlet baýdagynyň sütüni, Saglyk öýi, köpugurly sport toplumy we merkezi, stadion, döwlet sirki ýaly medeni-durmuş düzümleri hem-de her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň köşgi-eýwan binalary, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, iki sungat mekdebi, şeýle hem Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi we Atçylyk ylmy-önümçilik müdirliginiň edara binasy ýaly ylym-bilim we köpçülik üçin ojaklar hem dörediler.  

                                                                   

Edara binasyny, açyk awtoduralgalaryň 2-sini, dynç alyş basdyrmalarynyň 8-sini, dynç alyş seýilgähleriniň 4-sini, çagalar oýun meýdançalarynyň 10-syny, çagalar sagaldyş merkezini, 150 we 100 orunlyk çagalar baglaryny, welosiped we ylgaw ýodalaryny, ýapyk awtoduralgany, tehniki binany we suw howdanlaryny özüne birleşdirýän çagalar merkezi şäheriň iň täsin künjekleriniň biri bolar. 

                                                                   

Ajaýyp şäheriň tarp ýerde döredilýändigi sebäpli agyz we lagym suwlaryny arassalaýjy desgalar, welaýat merkezine barýan hem-de içerki agyz suw, suwaryş, lagym we ýagyn suwlaryny geçiriji ulgamlar hem ilkinji gezek gurulýar.  

                                                                   

Welaýat merkezine barýan ýollar we bu ýeriň içerki ýollarynyň daşarky eltiji we içerki elektrik ulgamlarynyň, hususan-da, «PS 110/35/10 kwt» hem-de «PS 110/10 kwt» elektrik beketleriniň, şäheriň daşarky we içerki gaz ulgamlarynyň gurluşygy-da täzeçe amala aşyrylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda zehinli talyp ýaşlar agzalyp geçilen taslamalary işläp taýýarlamaga gatnaşdylar. Gurulýan binalaryň, desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Welaýat häkimliginiň öňündäki meýdançada oturdylýan, beýikligi 40 metr bolan «Ahal» monumentiniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslama institutymyzyň binagärlik kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Mundan başga-da, ýerasty geçelgelerde, yşyklandyryş ulgamlarynda we duralgalarda ornaşdyrmak üçin kiçi göwrümli binagärlik taslamalarynyň onlarça görnüşiniň şekil taslamalary taýýarlandy. 

                                                                   

Talyplar şäheriň gurluşygyna başlanan ilkinji günlerde bu ýerde geodeziýa-ýer işleri amala aşyrylýan wagty tejribelikleri hem geçip başladylar. Göçme sapaklarda gurluşyk-gurnama işleriniň tehnologiýasy, ulanylýan gurluşyk serişdeleri, agyz we lagym suwlaryny arassalaýjy desgalaryň, welaýat merkezine barýan hem-de içerki agyz suw, suwaryş, lagym we ýagyn suwlaryny geçiriji ulgamlaryň gurluşygy bilen yzygiderli tanyşýarlar. Göçme sapaklar, tanyşdyryş we okuw tejribelikleri bu ugurda bilim alýan talyplar üçin örän gyzykly hem netijeli bolýar. Ýaşlar toplan tejribeleri boýunça ylmy-amaly maslahatlarda, teleradioýaýlymlarda çykyş edýärler. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaşlaryň birnäçesi eýýäm bu ýerde alnyp barylýan gurluşyklarda mynasyp hünärmen derejesinde zähmet çekýär. 

                                                                   

Ahalyň edara ediş merkeziniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgamyny emele getirýän innowasion düzüm böleginiň binýadynyň goýlandygy, ertiriň nurana şäherini gurmak üçin geljekde durmuşyň nähili boljakdygy baradaky meseleleriň hem anyk öwrenilendigi düýpli many-mazmuna eýedir. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi 5 gatly 30 we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 45-siniň, 7 gatly 28 we 56 öýli jaýlaryň 22-siniň, Ahal welaýatynyň häkimligi 5 gatly 30 we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 46-synyň, 7 gatly 42 öýli jaýlaryň 64-siniň, 9 gatly 54 öýli jaýlaryň hem 30-synyň gurluşygyny alyp barýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary 7 gatly 42 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-sini, 9 gatly 54 öýli jaýlaryň 24-sini, 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 84-sini, 5 gatly 30 öýli jaýlaryň 30-syny, 5 gatly 40 öýli jaýlaryň hem 15-sini gurýar. Bu ýerde jemi 12 müň 384 sany hojalyga niýetlenen jaýlaryň 384-si gurulýar. 

                                                                   

Şähere barýan esasy şaýola 10 metr aralygy çarpaýa galyp, pellehanadan 4,19 sekuntda geçmegi başaran we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren meşhur Akhanyň adynyň dakylmagy, aýlawly ýerde onuň belent heýkeliniň dikilmegi halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk toplumy bilen bilelikde, tutuş ulgamy emele getirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen ýakyn geljekde halkyň hyzmatyna berilmegi meýilleşdirilýän täze nusgadaky şäher mähriban Watanymyzyň ak şäherleriniň üstüni ýetirip, bagtyýarlygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşanyna öwrüler.  

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzda il-ýurt bähbitli binalardyr desgalary, obalardyr şäherleri gurduran mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzy rowaçlandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Parahat ORAZOW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

23.07.2022
Gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň görkezijileriniň biridir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 30 sany iri desganyň, 322 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şol sanda 900 million manada golaý ýokary amatlykly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi. 

                                                                   

 Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 1 milliard 300 million manatdan gowrak maýa goýumy özleşdirildi. 

                                                                   

Göz öňünde tutulan möçberlerde senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki binalar ulanmaga berildi. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Häzirki wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 38 milliard dollaryndan gowrak bolan 2 müň 900 töweregi desga gurulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, “akylly” şäher we “akylly” öý taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini möhüm talaplaryň hatarynda görkezip, ýer serişdeleriniň baş meýilnamalaryny taýýarlamak, ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde bolsa durmuş maksatly binalary gurmak bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. 

                                                                   

Gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ähmiýetli orun berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasy syýasy strategiýa bolup, ol “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Şunda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine beslenen 2021-nji ýylda meýilleşdirilen 30 desganyň ýerine, umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini bellemek ýerlikli bolar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan senagat, durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalar bar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmek hem-de maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy” tassyklanyldy. 

                                                                   

Şoňa laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard manada golaý bolar. Maksatnamanyň çäklerinde zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerinidir merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, edara ediş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de abatlamak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly, döredijilikli syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň, üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ýene-de bir mysalydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegi amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän döwrebap keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Geçen ýyl öz 140 ýyllyk ýubileýini bellän Aşgabadyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine-de aýratyn üns berilýär. Bu ýerlerde gysga möhletlerde ajaýyp binagärlik toplumlary, döwrebap edara binalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik desgalary guruldy we gurulmagy dowam edýär. 

                                                                   

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda hem-de etraplarda ilatyň öndürijilikli zähmet çekmegi, bilim almagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, dürli durmuş ugurly hyzmatlardan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi obalarda döwrebap ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine, onuň şäher ölçeglerine kybap getirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň döredijilikli ruhunyň beýany bolan täze ýaşaýyş toplumlary bina edilýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleri muňa doly şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Bu “akylly” şäher innowasion taslamasy dünýä we milli binagärlikde bar bolan iň gowy tejribäni hem-de tehnologik üpjünçiligi özünde jemleýär. Şäher düzüminde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumy, şol sanda çagalar baglary, mekdepler, beýleki ýöriteleşdirilen bilim edaralary, saglygy goraýyş, medeni, söwda, hyzmatlar ulgamynyň edaralary, sport desgalary, edara ediş binalary we beýlekiler bar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Köpetdagyň eteginde gurulýandygy nazarda tutulyp, bu künjegiň tebigy gözelligini gorap saklamak maksady bilen, onuň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna toý saparlaryny amala aşyryp, başlanan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça maksatlaýyn çäreleriň amala aşyrylyşy bilen ýerlerde tanyşdy. 

                                                                   

Şu ýylyň aprel aýynda Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzüminiň üstüni ýetiren 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Maý aýynda bolsa döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda bolup, bu ýerde iki sany möhüm ähmiýetli lukmançylyk desgasynyň — welaýatyň merkezinde gurlan köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu wakalar hormatly Prezidentimiziň “Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet” şygary bilen adamyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, keselleriň öňüni almak we öz wagtynda bejermek boýunça alnyp barylýan işlere berýän ägirt uly ünsüniň nobatdaky subutnamalary boldy. 

                                                                   

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan sebitdäki bu iri we täze hassahanalar ýokary hilli, köpugurly lukmançylyk kömegini bermek arkaly ilatyň saglygyny pugtalandyrmakda esasy merkezlere öwrüler. 

                                                                   

Aral zolagyna ýakyn bolmagy nazarda tutulyp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ekologik abadançylyga hem-de ilatyň saglygyny goramak meselesine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda tassyklanan “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynda» anyk çäreler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda üç sany köpugurly hassahananyň, 7 sany suw arassalaýjy desganyň gurluşygy, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawat bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň taslamasynyň taýýarlanylmagy we işe girizilmegi bar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin işleriň barşy, senagat düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýerleşip, onuň bilen bitewi toplumy emele getiren, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Lebap welaýatyna saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Farap etrabyndaky “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Güýçli depginlerde iri zawoddyr fabrikler, mekdeplerdir çagalar baglary, hassahanalar, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, beýleki desgalar gurulýar. 

                                                                   

Düzümleýin desgalaryň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, gaz we elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklary üstünlikli alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda şäherleri we obalary gurmak boýunça giň möçberli taslamalara gatnaşýan hususy kärhanalaryň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diýarymyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. 

                                                                   

Beýleki wajyp ugurlara — gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyklarda milli binagärlik däpleriniň häzirki zaman şähergurluşygynyň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygy bellärliklidir. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň dünýäniň iň gowy tejribesini hasaba alyp, döwür bilen aýakdaş gadam urýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Bildirilýän talaplara laýyklykda, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler peýdalanylýar. Olar saýlanyp alnanda, hökmany suratda ýurdumyzyň howa şertleri, serişdeleriň ekologik taýdan arassalygy, berkligi hem-de ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar. Bularyň hemmesi milli gurluşyk senagatyny toplumlaýyn ösdürmegiň, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini giňeltmegiň zerurlygyny şertlendirýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň täze önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta iberilýän önümleriň öndürilýän mukdarlaryny artdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny doly derejede üpjün etmek maksady bilen, pudaklaýyn kärhanalarda dürli önümleriň, şol sanda berkligi, ýertitremelere durnuklylygy hem-de gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan diwar panelleriniň, armirlenen bloklaryň, sementiň, kerpijiň, keramzitiň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň, metal gurnama önümleriniň, gurnama demir-beton önümleriniň önümçilikleri ýola goýuldy. 

                                                                   

Hereket edýän önümçilikleriň tehniki hem-de ykdysady taýdan durnuklylaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, abatlanylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin zerur bolan peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça geologiýa-gözleg işleri dowam etdirilýär. 

                                                                   

Bu işleriň netijeliligi önümçilik toplumynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk hem-de beýleki senagat önümleriniň öndürilýän görnüşleriniň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär. 

                                                                   

Bir söz bilen aýdylanda, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň giň gerimde alnyp barylmagy, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi, türkmen topragynyň tebigy baýlyklarynyň işjeň özleşdirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň rowaçlygyna, abadançylygyna gönükdirilen özgertmeler strategiýasynda gurluşyk-senagat pudagyna möhüm orun berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                                                           

(TDH)

23.07.2022
Tomus gaýnan gazanlar

Tomus dynç alyş pasly hasaplanýar. Ýöne onuň hysyrdysy-da özüne ýetik. Dynç alyş günlerinde dogduk obaňyza salama baran bolsaňyz, özüňiz hem şaýat bolansyňyz, hojalyklaryň ählisinde diýen ýaly äpet toý gazanlary atarylandyr-da, onuň içinde gyş üçin gaplanyljak nygmatlar gaýnap durandyr. Gaýnagy kemsiz ýeten nygmaty gyz-gelinler derrew gaplar. Az salymdan çüýşe gaplaryň uzyn hataryna gözüň düşer. Tüweleme, gelin-gyzlar üçin 100 kilogram pomidory gaplamak bary-ýogy ýarym günüň işi. Ýöne şol ýarym günlük iş tutuş gyşy bilen hözir berer.  

                                                                   

Iş-güýjüň känligi bilen tomusda gaplanan önümleriňiz çak edişiňizçe bolmadyk bolsa, hiç aladalanmaň! Hut siziň gyşy bol nygmatlar bilen geçirmegiňiz üçin aladalanýan kärhanalar bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi bilen habarlaşanymyzda, gündogar sebitde hem gaplama işi bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sanynyň barmak büküp sanardan kändigine göz ýetirdik. 

 Şolaryň hatarynda köýtendagly hususyýetçi Öwezmyrat Penjiýew indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimize ary balyny hödürlemek bilen meşgullanýar. Belki, «Köýtendagly» haryt nyşanly ary balyna siziň hem gabat gelen bolmagyňyz ahmal. Köýtendagly hususyýetçiniň ilata her ýyl 10 müň çüýşe gaba çenli ary balyny hödürlemäge mümkinçiligi bar. Ol hut şeýle-de edýär. Dag etegindäki güllerden ýygnanan bal ýurdumyzyň çar künjüne ugradylýar. Elbetde, müň bir derde em bolýan balyň hyrydary hemişe özüne ýetik. 

                                                                   

Önümçilik kärhanasy Saýat etrabynyň Çaltut obasynda ýerleşýän «Aýna gap» hususy kärhanasynyň işi barada ozal hem gürrüň beripdik. Bu hususy kärhananyň gaplanan önümleri welaýatyň çagalar baglaryna ugradylýar. Kärhanada şu ýyl alma şiresiniň 80 müň, alma mürepbesiniň bolsa 7,5 müň gaby taýýarlanylyp, ulanyjylara ugradyldy. Kärhanada pomidor goýaltmasyny öndürmek işine hem girişildi. 

  Kerkidäki «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti hem döwrebap önümçilik kärhanasyna eýe. Her ýylda 1 million şertli gaba çenli önüm öndürmek mümkinçiligi bolan kärhanada geçen aýda işleriň has ilerländigini aýtmak gerek. Bu ýerde diňe iýun aýynda gaplanan şerbet 62 müň, mürepbe bolsa 31 müň gapdan geçdi. Bu bolsa ýylyň birinji ýarymynda edilen işiň agramly bölegine deňdir. Hojalyk jemgyýetinde arassa tebigy önümçilige aýratyn üns berilýär. Tomsuň gelip, dürli bakja we gök ekinleriň hasyla durmagy bilen bu ýerdäki önümçiligiň gerimi hem giňeýär. Şonuň üçin hojalyk jemgyýetinde şu günler işler has gyzgalaňly dowam edýär. 

                                                                   

Önümçilik kärhanasy Çärjew etrabynda ýerleşýän «Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetinde bolsa ýylyň birinji ýarymynda 374 müň gapdan gowrak gök önüm taýýarlanylyp, bereketli bazarlarymyza ugradyldy. Şunça önümiň 46 müň gabynyň geçen aýda taýýarlanandygyny hem aýtmak gerek. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 500 müň gap önüm bilen şertlendirilýär. Ýöne maglumatlar diňe alty aýlyk işiň meýilnamadakydan has kändigini görkezýär. 

                                                                   

Bu işe Kerki etrabynyň «Şypaly önümler» daýhan hojalygy hem goşant goşýar. Şu ýyl bu hojalykda gök önümleriň 17 müň gapdan gowragy alyjylara ugradyldy. 

                                                                   

Umuman, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31-nji ýylynyň birinji ýarymynda gündogar sebitde 573 müň gapdan gowrak gaplama önümler taýýarlanypdyr. Şunça işiň üçden birinden hem gowragy — 165 müň gaby bereketli tomsuň gelmegi bilen edilen işdir. Tomus gaýnan gazanlar — gyşyň bereket çeşmesi.  

                                                                                                           

Agageldi ITALMAZOW.

23.07.2022
Energetika pudagynyň rowaç menzilleri

Häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginde bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan aýrybaşgalykda göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza howa ýaly möhüm bolup dur. Bir söz bilen aýtsak, energetika pudagy bolmasa, öňe bir ädim ätmegem çetin. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleri külterleýär. Döwlet syýasatyny ruhubelentlige beslän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem eziz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny gülletmäge, dünýä şan berjek ösüşlere ýaran etmäge derwaýys üns berilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 20-nji iýulynda — düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem şu günümizi şana, geljegimizi zerewşana öwren ädimleriň nobatdakysydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýalarynyň alyp baran gurluşyk işleriniň netijesinde binýat bolan bu iri desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, onuň çäginde dolandyryş, ammar, tehniki we kömekçi binalary, abatlaýyş we dikeldiş, himiki arassalaýyş bölümleri, abatlaýyş ussahanasy ýerleşýär. Ýurduň ösüşlerine, özgerişlerine özboluşly goşant goşýan halk hojalygynyň möhüm ulgamlaryny geljekde hem gülletjek hünärmenleriň taýýarlanmagy şu günümiziň derwaýys talaplarynyň biridir. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklaryna ýöriteleşen, döwrüň sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan, ylym-bilim başarnyklaryny eziz Diýarymyzyň bähbidine gönükdirjek ýaş hünärmenler taýýarlanýar. Gurlup ulanylmaga berlen Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň hünärmenleri hem tejribelerini has-da kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Bu möhüm ähmiýetli desganyň ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, munuň üçin sarp edilýän wagty azaltmaga ýardam berjekdigi, önümçiligiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döretjekdigi nygtalmaga mynasypdyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabyndaky: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik. Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda, Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan   ugurlaryny   kesgitledik.  Dünýäniň   energetika  ulgamynda ýurdumyzyň tutýan     ornuny   berkitmek   boýunça   anyk   çäreleri   belledik»   diýen   jümleleri okanyňda, döwletimizde üstünlikli hereket edýän «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny biygtyýar ýadyňa düşüp, bu resminamalaryň geljegi aýdyň energetika pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we durmuş esaslaryny, wezipelerini we borçlaryny kesgitleýändigine buýsanjyň ekezlenýär. Maksatlar aýdyň bolanda ösüşleriňdir özgerişleriň barha dabaralanjakdygy öz-özünden düşnüklidir. Bu ebedi hakykat.  

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrligi özünde «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyny, «Türkmenenergogurluşyk» konsernini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny we onuň tabynlygyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezini, «Türkmenenergotaslama» institutyny, Maýa goýum we tehnologiýa taslamalarynyň döwlet seljeriş müdirligini, Energohyzmat birleşigini, Aşgabat Energetika orta hünär okuw mekdebini we Mary şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebini jemleýär. Bir jümlä jemläp aýdanyňda, bu ministrlik elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan merkezi edara bolup durýar. Türkmenistan häzirki wagtda energetika syýasatynda sebit we halkara derejesinde giň möçberli işleri dabaralandyrýan, elektrik energiýasynyň goruny artdyrýan döwlet hökmünde tanalýar. Bu ugurda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän önümçilik birleşiklerinde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, sebitleriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryna gözegçilik etmek ýaly işleriň ýerine ýetirilmegi döwletli tutumlara aýratyn goşantdyr.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda energetika pudagynyň ösüşli menzilleri we öňde durýan maksatlary barada hem aýdylyp geçildi. Döwlet elektroenergetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Bu ugurda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle hem ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisini çekmek  üçin  zerur  bolan  enjamlary we  serişdeleri  satyn almak boýunça degişli işler geçirilendigi, Arkadagly Serdarymyzyň degişli Karara gol çekmegi diýseň buýsançly ýagdaýdyr. Bu möhüm başlangyç «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edip, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden-göni ýardam berer. Sözümizi jemläp aýdanymyzda,  «ýaşyl»   energetikanyň  mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak zerurdyr.  

                                                                                                           

Gurbanmyrat SARYÝEW,

                       

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».

22.07.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(2022-nji ýylyň 21-nji iýuly) 

                                                                   

 Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
 

                                                                   

Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine şu duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden hem sowlup geçmedi. 

                                                                   

Howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris. Howplar bar, olar dürli görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýar. Men şolaryň esasylary barada durup geçmek isleýärin: 

                                                                   

 Birinjiden, bu biziň sebitimiziň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşykdyr. 

                                                                   

Biz olaryň nähili netijelere getirýändigini görýäris. Munuň özi bizden jebisligi we bilelikde olara garşy durmakda aýgytlylygy talap edýär. Şu ýerde men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen öz wagtyndaky, aýgytly hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygyny tassyklamak isleýärin. 

                                                                   

Ikinjiden, munuň özi ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygydyr. Terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleridir. 

                                                                   

Üçünjiden, munuň özi biziň sebitimiziň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsiridir. 

                                                                   

Dördünjiden, munuň özi maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagydyr, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagydyr. 

                                                                   

Ýokarda sanalyp geçilen wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýär. Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Işi utgaşdyrmagy biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly öz üstüne almalydyr. Ýagdaýy hemişe öwrenmek, öz wagtynda maglumatlary alyşmak, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermek zerur bolup durýar. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada tabşyryklary bermegi teklip edýärin. 

                                                                   

Şeýle hem sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin biziň ýurtlarymyzyň döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işlemegi teklip edýäris. Täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir “Özüňi alyp barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamak mümkin bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamak bolar. Munuň özi oňyn maglumat ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara, döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi, biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer diýip pikir edýärin. 

                                                                   

Ozalkysy ýaly, owgan ugrunda bilelikde işlemek sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Owganystan bilen aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermäge, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etdirmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini goldaýar. 

                                                                   

Döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, halkara syýasatda we ykdysadyýetde çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýetiň dialogy baradaky mesele ählumumy ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlary birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidirler hem-de bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidirler. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy taýýarlaýar we biz bu oňyn teklibiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýäris. Şol bir wagtyň özünde biz BMG-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdik. Bu başlangyjyň hem goldanyljakdygyna umyt edýäris. 

                                                                   

Sebit gapma-garşylyklarynyň ýygylygynyň artmagy bilen baglylykda, olary aradan aýyrmak, öňüni almak boýunça ylalaşykly garaýşymyz aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. 

                                                                   

Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip bileris we teklip etmelidiris, oňa hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermelidiris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi teklip edýärin. 

                                                                   

Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyna gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm şerti hökmünde garaýarys. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ornunyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň awtordaş bolmagynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilendigini we goldanylandygyny bellemek isleýärin. Bu ýagdaýy biziň ýurtlarymyzyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça halkara gün tertibini mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ulanmagy teklip edýäris. 

                                                                   

 Hormatly döwlet Baştutanlary! 

                                                                   

Biziň ýurtlarymyz bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýär. Munuň özi yklymara we ählumumy işlerde öz ornuna umumy düşünmäge esaslanan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny, maksatlaryň oýlanyşykly, takyk esaslandyrylmagyny, olara ýetmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň, artykmaçlyklaryň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip hasaplaýaryn. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Hususan-da, Türkmenistan Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. 

                                                                   

Awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladýaryn. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt edýäris. Ol halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi teklip edýäris. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle hem onuň daşynda, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bagly bolar. Umuman, sebitiň ulag babatdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňde goýup bileris. 

                                                                   

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge ynam bildirýäris. Biz eýýäm iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrdyk. 

                                                                   

Hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardyrys. 

                                                                   

Häzirki wagtda halkara işewürlik, maliýe institutlary biziň sebitimize üns hem-de gyzyklanma bildirýärler, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna oňat düşünýärler. Telekeçilik üçin amatly ýagdaýy döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa könelişen böwetlerden, päsgelçiliklerden halas etmek, Merkezi Aziýany uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin özüne çekiji sebite öwürmek üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Merkezi Aziýada önümçilik taýdan ýakynlaşmak möhüm meseledir. Biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Olary birleşdirmek, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmek derwaýys mesele bolup durýar. Bu babatda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Biziň ýurtlarymyzyň maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga berilmegi gerek. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz gönüden-göni duşuşyp, amatly we maksadalaýyk ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda aýdylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmegi teklip edýäris. 

                                                                   

 Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada hem durup geçmek isleýärin. 

                                                                   

Merkezi Aziýa dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridir. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde medeni bileleşikleriň toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklaryny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda giňişleýin gatnaşyklary höweslendirmegiň ulgamy hökmünde sebitde bitewi medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar. 

                                                                   

Hut şolar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek wezipesini öz üstüne almalydyr. Biz ony «Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumy» diýip atlandyryp bileris. Şeýle hem bu ulgamdaky işi höweslendirmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin her ýylky baýragyny döretmegi teklip edýärin. 

                                                                   

Şeýle hem ÝUNESKO-da bilelikdäki işi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň taryhy mirasyny aýawly saklamak boýunça işi güýçlendirmegi we işjeňleşdirmegi, bu meselä biziň wekiliýetlerimiziň bu guramadaky işiniň aýratyn ugry hökmünde garamagy möhüm hasaplaýarys. Daşary syýasat edaralaryna ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamagy teklip edýärin. 

                                                                   

 Hormatly döwlet Baştutanlary! 

                                                                   

Çykyşymy tamamlamak bilen, häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi, jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi hem-de öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtamak isleýärin. Şunda biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi, Merkezi Aziýanyň dünýä ähmiýetli, çalt depginler bilen ösýän, geljegi uly ykdysady sebitleriň hataryna doly we netijeli goşulmagyny üpjün edip biljekdigimize ynanýaryn. Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ysnyşykly gatnaşyklara taýýardyr.

22.07.2022
Telekeçilik işiniň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan taryhy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy we zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Çünki ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň eldegrilmesizdigi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy kesgitlenilýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Esasy Kanunynda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada esas goýujy hukuk kadasynyň hem berkidilendigini aýratyn bellemek ýerlikli bolar. Sebäbi Konstitusiýada kiçi we orta telekeçilik diýen düşünjäniň ulanylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän bu ugruň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslarynyň hukuk taýdan kepillendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Telekeçilige goldaw bermek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegiň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Raýat kodeksini, «Salgytlar hakynda» Bitewi kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar.  

                                                                   

Goý, ýurdumyzda telekeçiligi yzygiderli ösdürmekde, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! 

                                                                                                           

Gülbahar HOJAMYRADOWA,

                       

Aşgabat şäher Köpetdag etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.

22.07.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň ähli halkyna rowaçlyk we abadançylyk arzuw eden Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň mähirli salamyny ýetirdi. Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýär hem-de däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň, öz gezeginde, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini maksat edinýändigini belledi. 

                                                                   

Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygynyň şu gezekki saparynyň şanly senä beslenen ýylda geçýändigi nygtaldy. Şu ýylyň 16-njy iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçen döwürde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň uly, oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat goýdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakli Garibaşwili taraplaryň hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, şu gezekki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman häzirki döwürde iki döwletiň hem diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny aýdyp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman dürli taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak meselesine aýratyn üns berdiler. Munuň özi söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Hususy işewürlik ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu ugurdaky kuwwatyň ulanylmagy söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

                                                                   

Söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň bilelikdäki anyk meýilnamalara we maksatnamalara esaslanmalydygyny bellediler. Şunda halklaryň ýakyndan gatnaşyk etmäge, iki döwletiň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanmalaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, döredijilik çärelerini, sergileridir maslahatlary guramagyň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakli Garibaşwili döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine deglip geçildi. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde kesgitläp, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin häzirki döwrüň täze çemeleşmeleri talap edýändigini nygtadylar. Haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara iberilýän önümleriň sanawyny giňeltmek babatda uly mümkinçilikler bar. Ulag-aragatnaşyk ulgamy häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, esasy ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar utgaşykly üstaşyr ulag we logistik düzümleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlar taraplaryň bu ulgamda umumy gyzyklanmalarynyň bardygyny belläp, şunda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändiklerini nygtadylar. 

                                                                   

Wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda diňe bir iki döwletiň bähbidine däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada energetika howpsuzlygynyň kemala gelmegine-de kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine üns çekildi. 

                                                                   

Taraplar Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony anyk tagallalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, däp bolan döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

21.07.2022