«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik ugurlary kesgitlendi. Halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna täze belentliklere tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljekki döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrmagy halkda uly ruhy ýokary göterilişi döretdi.
Milli maksatnamanyň esasy maksady geljek 30 ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadyny has-da berkitmekden, ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady kuwwatyny, durmuş, medeni taýdan ýokary depginlerde ösüşini üpjün etmekden, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakdan, institusional özgertmeleri, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmakdan, bazar ykdysadyýetini, kiçi hem-de orta telekeçiligi işjeň ösdürmekden, amatly işewürlik gurşawyny döretmekden, bilimlere, innowasiýalara, şeýle-de ösen jemgyýete daýanýan, durmuş, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän pudaklaýyn ösüşi dowam etdirmekden ybarat.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda bu hakda şeýle diýdi: «Men ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geljekde etmeli işlerimiz barada umumylaşdyryp gürrüň etdim. Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýlan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidiris».
Milli maksatnamada ýurduň sebitleriniň innowasion-industrial esasda we durnukly ösüşini gazanmak, sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli amala aşyrmak, ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti höweslendirmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş bilen üpjünçiligini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak maksat edinilýär.
Durmuş-ykdysady ösüşiň döwrebap modeli
Dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň yzygiderli üýtgäp durmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň täze, döwrebap modelini talap edýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine we sagdyn bäsdeşlige şert döredip, innowasion esasda we tebigy serişdeleri gorap saklamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy hem-de ruhy isleglerini kanagatlandyrmak üçin harytlaryňdyr hyzmatlaryň önümçiligini pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup, döwletimiziň doly syýasy bitewüligini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe döwletimiziň ykdysady syýasaty durnukly we deňeçer ösüşi üpjün etmäge, bu babatda pudaklaryň innowasion-industrial ösüşini gazanmagyň hasabyna bäsdeşlige ukyplylygyny we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň hasabyna importyň mukdaryny azaltmaga, eksportyň görnüşini we mukdaryny artdyrmaga, gönükdiriler. Maýa goýum, işewürlik we bäsdeşlik gurşawyny gowulandyrmaga, pul-karz we salgyt syýasatynyň höweslendiriji ornuny güýçlendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, býujet çykdajylaryny rejelemäge, makroykdysady düzgünleşdirişi kämilleşdirmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler toplumy amala aşyrylar.
Ykdysadyýetiň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagy dowam etdiriler we ýokary tehnologiýaly önümçilik höweslendiriler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary sanlylaşdyrylar. Ylmy-innowasion mümkinçilikler pugtalandyrylar. Täze tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek hem-de gerimini giňeltmek işleri dowam etdiriler. Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak giň gerimde alnyp barlar. Ykdysadyýetiň köpugurlylygyny gazanmaga gönükdirilen özgertmeleri, onuň gurluş düzümleriniň diwersifikasiýasyny pudaklary we sebitleri arabaglanyşykly ösdürmek dowam etdiriler. Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ykdysady-geografik we geosyýasy ýerleşiş amatlylygyndan netijeli peýdalanmak, daşary ýurt kompaniýalary bilen işewürligiň gerimini giňeltmek we beýleki ugurlar geljek 30 ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berer.
Halkara gatnaşyklary ösdürmek
Milli maksatnamada ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine giň orun berilýär. Ata Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň baş ugry ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň halkara syýasatynyň baş maksady içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün etmek bilen baglydyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan geljek 30 ýylda daşary syýasatda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmäge, olara ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermek ýaly bäş sany esasy strategik maksatly ugurlary amala aşyrmaga öz tagallalaryny gönükdirer.
Ykdysady we azyk howpsuzlygy
Ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi Milli maksatnamada ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Geljek 30 ýylda ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet syýasaty ykdysadyýeti döwlet tarapyndan dolandyrmak we strategik meýilleşdirmek ulgamlarynda kämilleşdiriler. Döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly, önümçilik pudaklarynda durnukly ösüşi üpjün etmäge, milli maliýe ulgamynyň durnukly ösüşini gazanmaga, deňagramly, sebitleýin syýasaty durmuşa geçirmäge, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudyny üpjün etmäge hem-de azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdiriler.
Milli pul-karz ulgamynyň dünýä maliýe we haryt bazarlaryndaky durnuksyzlyga baglylygyny azaltmak, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin uzak möhletleýin maliýe serişdeleriniň içerki çeşmelerini döretmek ugrunda işler ýaýbaňlandyrylar.
Milli maksatnamada döwletiň azyk ätiýaçlygyny pugtalandyrmak, ony yzygiderli täzelemek we üstüni ýetirmek wezipeleri ileri tutulýar. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn we önümleýin düzümi kämilleşdiriler. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde öndürip boljak önümleriň iň ýokary möçberlerde öndürilmegi gazanylar. Sarp edilýän azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy ýokarlandyrylar. Önümçiligi ekologik taýdan howpsuz şertlerde alyp barmak, oba hojalyk pudagynda iri möçberli azyklyk önümleri öndürijiler, daýhan we fermer hojalyklary döwlet tarapyndan goldanylar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan hususyýetçileri höweslendirmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň gurplulygyny we hasyllylygyny ýokarlandyrmak, miweçiligiň we üzümçiligiň ekin meýdanlaryny giňeltmek dowam etdiriler. Öň ösdürilip ýetişdirilmeýän miweleriň ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilmegini ýola goýmak, maldarçylyk we guşçulyk ugurlaryny çalt ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary, oba hojalyk önümlerini saklamagyň hem-de daşamagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly işler göz öňünde tutulýar.
Maýa goýum syýasaty
Ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasaty gaýtadan işleýän we ahyrky önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginlerde ösdürmek bilen bir hatarda, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de häzirki zaman durmuş-medeni maksatly binalarynyň gurluşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, 2021-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen maýa goýumyň möçberi 24,6 milliard manada barabar boldy. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär, nebitgaz känleri özleşdirilýär, esasy gaz geçirijiler çekilýär. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş desgalarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Geçen ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desga ulanmaga berildi.
Türkmenistan abraýly halkara maliýe guramalary we edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, iri, halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen hem işler dowam etdirilýär.
Milli maksatnamanyň çäklerinde geljek 30 ýylda ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitleriň ykdysady we durmuş infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen maýa goýum syýasaty dowam etdiriler. Maýa goýumyny çekmegiň mehanizmi kämilleşdiriler, ony maliýeleşdirmegiň çeşmeleri giňeldiler.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasaty
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ekologiýa syýasatyna aýratyn orun degişlidir.
Resminamada Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň tokaý zolaklaryny giňeltmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň biologik dürlüligini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça milli strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, olaryň çäklerini giňeltmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
«Ýaşyl» ykdysadyýet
Milli maksatnamada ýurduň ösüşiniň «ýaşyl» ugruny, serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny göz öňünde tutýan durnuklylyk modeli öňe sürülýär.
«Ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegi galyndysyz ykdysadyýete geçilmegi bilen bagly bolup, köptaraply çemeleşmäni göz öňünde tutýar: bu innowasion tehnologiýalary, işewürligiň täze görnüşlerini, şeýle hem jemgyýetiň galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyk gelýän özara hereketiň täze ýörelgelerini döretmäge taýýarlygyny öz içine alýar.
Sanly ykdysadyýet, innowasion we intellektual ösüş
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler ösen elektron senagatyna, adam maýasyna, işewürlik gurşawyna we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti döretmegi göz öňünde tutýar.
Döwrüň talabyna laýyklykda, ilata edilýän hyzmaty döwrebap usulda ýola goýmak, hasaplaşyklaryňdyr tölegleriň nagt däl görnüşinde hem-de bank kartlary arkaly amala aşyrylyşy kämilleşdiriler. Halkara tejribä esaslanyp, tölegleriň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, tölegleri internet üsti bilen amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgam arkaly sargytlary kabul etmek hem-de eltip bermek hyzmatlaryny giňeltmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylar.
Milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşi döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna, nano we biotehnologiýalara, emeli aňa, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz önümçilige, ösen sanly bilime, ylma we lukmançylyga esaslanar. Nanotehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň aýry şahasy bolman, ol ösen ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler. Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary önümçilikli takyk hasaplamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän kwant tehnologiýalarynyň hem-de ýokary tehnologik çözgütlere esaslanyp, anyk önümçilik wezipelerini çalt çözmäge mümkinçilik berýän robot tehnikasynyň ösüşine uly ähmiýet berler.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy
Milli ykdysadyýetimizde hususy bölegiň paýyny ýokarlandyrmak ýurtda bazar-ykdysady özgertmeleriniň düýp özenidir. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» hem-de «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Olar tarapyndan gurlup işe girizilýän kuwwatlyklar, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmäge, beýleki bir tarapdan bolsa, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ýaly strategik wezipeleriň amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şeýlelikde, uzak möhletli geljekde hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, onuň geriminiň we ugurlarynyň giňelmegi gazanylar.
Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe ykdysadyýetiň hususy bölegine berilýän goldaw dowam etdirilip, bellige alnan dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli hojalyk subýektleriniň sanynyň yzygiderli artmagynyň hasabyna ýurduň jemi içerki önümindäki paýynyň köpelmegi üpjün ediler.
Durmuş goragy, adam maýasy we ösen jemgyýet
Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmagyň, zähmeti guramagy kämilleşdirmegiň, ilatyň pensiýa we durmuş üpjünçiligini durnukly ösdürmegiň, şeýle-de onuň ygtybarly maliýe esasyny emele getirmegiň maksatlary üçin binýatlyk şertler kämilleşdiriler.
Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň her bir pudagynyň geljek 30 ýyldaky ösüşi öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, innowasion tehnologiýalaryň we ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, täze, ösen jemgyýetiň talabyna laýyklykda, döwrebap iş orunlary dörediler, menzilara işlemek ulgamy doly herekete girizilip, onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady ösdüriler. Robotlaşan tehnikalardan, Günüň energiýasy bilen dolandyrylýan «akylly» öýlerden peýdalanmagy başarýan täze tehniki düşünjeli, ösen jemgyýet kemala geler. Bu bolsa gönüden-göni adam maýasynyň döwür bilen aýakdaş ösdürilmegini şertlendirer.
Bilim maksatnamalarynyň düýpgöter özgermegi bilen, ýaşlarda logiki pikirlenme ukybyny kämilleşdirmek, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny has hem berkidip, düýpli ylmy gözlegleriň amaly işlerde ulanylmagyny ýokarlandyrmak maksat edinilýär.
Milli maksatnamada ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary esasynda ösdürilmegi, önümçiligiň tehniki we tehnologik derejesiniň ýokarlandyrylmagy, çykarylýan önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işlemegiň usullarynyň kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Ekologiýa we biodürlülige gönükdirilen innowasiýalary ornaşdyrmak, önümiň hilini, işgärleriň iş şertlerini gowulandyrmak, adam maýasynyň ösdürilmegi, aň-bilim we intellektual eýeçiligiň goraglylygynyň kämilleşdirilmegi dowam etdiriler.
Resminamada göz öňünde tutulanlaryň durmuşa geçirilýän döwründe Türkmenistanyň sebitleýin syýasaty ähli welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşini ýokary depginler bilen alyp barmakdan, olaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna goşýan goşantlaryny artdyrmakdan, has netijeli üpjünçilik ulgamyny döretmekden ugur alar. Ýurduň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi önümçiligi rejeli ýerleşdirmek, ykdysadyýetiň köpugurlylygyny gazanmaga gönükdirilen bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, olary pudaklar bilen arabaglanyşykly ösdürmek, sebitleriň ykdysady we durmuş infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly amala aşyrylar.
Ýurdumyzyň geljekki ösüşinde möhüm orny eýeleýän erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi sebitleriň maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, innowasion ösüşini we senagatlaşma derejesini çaltlandyrmaga, innowasiýa häsiýetli önümleri öndürýän önümçiligiň yzygiderli giňelmegine we täze, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine uly itergi berer.
Umuman, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz innowasion-industrial taýdan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti hem-de ösen jemgyýeti bilen dünýä ýurtlarynyň derejesindäki ornuny has-da berkider.
Orazmuhammet AŞYROW,