Türkmenistany Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Halkara Forumyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyldy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde  2022-nji ýylyň     28-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 9-njy Forumyna sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyldy. Bu forum 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli öz işini dowam eder.

Agzalan duşuşuga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem öz edara binalarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Bu Forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi we Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin edilen işleri, bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakdan, tejribeler alyşmakdan hem-de «COVID-19» pandemiýasynyň ýaramaz tasirleri we durnukly ýaşaýyşyň «COVID-19» pandemiýasyndan soňra dikeldiş meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) alyp baryjysy öz tarapyndan dabarany açyp giriş sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem bu maslahatyň maksady we wezipeleri barada giňişleýin durup geçdi, soňra gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri öz çykyşlary bilen tanyşdyrdylar. 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammetgeldi Serdarow Forumda çykyş etdi. Ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şeýle hem ol häzirki wagtda global pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli emele gelen ýagdaý bilen baglanyşykly dünýäde ykdysady çökgünligiň bolup geçýändigi barada belläp geçdi.Bulardan başga-da global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna degişli täsirini ýeňilleşdirmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreleriň görülendigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýtdy. Şu ýylyň başynda ýurdumyzy geljek otuz ýylda ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça syýasatynyň esasy ugurlaryny öz içine alýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada belläp geçdi. Bu maksatnamada Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan işlenip taýýarlanan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça giňden beýan edilen.

Şeýlelikde, Forumyň dowamynda Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlary barada goşmaça teklipleri bilen we gatnaşyjy ýurtlar öz ileri tutulýan durnukly usulyýetleri bilen we arzalary bilen çykyş etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Sekretariatynyň Durnukly Ösüş boýunça 9-njy Aziýa we Ýuwaş Umman Forumyna gatnaşan wekilleriň arasynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirilmegiň netijeli mehanizmi we onuň wajyp ähmiýeti boýunça sorag-jogap alyşyldy.

Soňra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň we guramaçylaryň arasynda Forum öz işini dowam etdi we bu forumyň geljekde berjek netijeleri barada özara pikir alyşyldy we gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirilip, işlerinde üstünlik arzuw edildi.

Forumyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi