Новости
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy ähmiýet berilýän ugurlaryň biri-de sanly ykdysadyýete geçmeklikdir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar, ýagny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Amala aşyrylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady döredildi.    

                                                                   

Sanly maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen kärhananyň dürli bölekleriniň arasyndaky aragatnaşyk has takyk sazlanyp, guramaçylyk ýokarlanýar, tygşytlylyk artýar. Şonuň netijesinde hem diýseň gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, şol bir wagtda-da olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar. Sanly ulgama geçmek diňe bir önümçilik babatda däl-de, ykdysadyýetimiziň islendik ugruny alanyňda-da diňe öňe ilerlemekdir.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti häzirki döwürde uly ösüşe eýe. Täze senagat pudaklarynyň döredilmeginiň, dürli maksada gönükdirilen möhüm binalaryň hem-de desgalaryň gurulmagynyň netijesinde bu ösüş gerimini has-da giňeldýär. Önümçiligiň ösüş depgini hem birsyhly ýokarlanýar. Bu bolsa gysga döwrüň içinde sanly ykdysadyýete geçmek üçin döwletimizde ähli zerur ykdysady şertleriň bardygynyň nyşanydyr. Bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylýandygy bolsa buýsandyryjydyr. 

                                                                                                           

Rüstem SÄHETTAGANOW,

                       

Balkanabat şäher salgyt bölüminiň uly salgyt inspektory.

07.04.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamagyň we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemegiň gün tertibiniň esasy meselesidigini aýtdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanýança, onuň düzümine girýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň ozalky ýolbaşçylary öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýärler. Şoňa görä-de, bu günki mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän ýolbaşçylary, şeýle hem serkerdeleri çagyryldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselelerine geçmek bilen, köp ýyllaryň dowamynda gulluk etmegiň oňyn tejribesini toplandygyny nazarda tutup, B.Gündogdyýewi goranmak ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz B.Gündogdyýewiň bu wezipede geljekde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

B.Gündogdyýew özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine we halkymyzyň parahat, döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durjakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden wepaly gulluk etmek baradaky harby kasamy ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Baş prokuroryň, Ýokary kazyýetiň başlygynyň, içeri işler ministriniň we adalat ministriniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen wezipä bellenilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, B.Atdaýewi ýurdumyzyň Baş prokurory wezipesine belledi we onuň özüne ynanylan wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

B.Atdaýew bildirilen ýokary ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, döwletimizde kanunçylygyň we hukuk tertibiniň saklanmagynyň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, bagtyýar durmuşynyň bähbidine ukyp-başarnygyny we tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Baş prokuror Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watana, ýurdumyzyň Prezidentine wepaly gulluk etmek baradaky mukaddes kasamy ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ö.Hojanyýazowa ýüzlenip, onuň içeri işler edaralarynda ýolbaşçylyk eden döwründe birnäçe kemçiliklere ýol berlendigini, hususan-da, jemgyýetçilik tertip-düzgünini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine, şeýle hem polisiýanyň ýerli wekilleriniň işine talabalaýyk gözegçilik etmändigini belledi. Netijede bolsa ilatyň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň gowşamagyna ýol berilýär. Köçelerde sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň kadalary bozulýar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň tertip-düzgüni talap etmegiň ýerine özleriniň ters görelde bolýan ýagdaýlary hem duş gelýär. Mundan başga-da ministrlige sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri haýal alnyp barylýar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň bardygyna garamazdan, olar içeri işler edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde netijeli peýdalanylmaýar. 

                                                                   

Ö.Hojanyýazowa bu wezipede işlän döwründe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi we birnäçe gezek duýduryş berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýagdaýlary nazarda tutup, Ö.Hojanyýazowy içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirmekden boşatdy. 

                                                                   

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Baş prokurory Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklarynyň alyp barýan işlerine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine ýokary derejede ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýollar gurulýar. Ýollarda we şäher köçelerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine, sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygy ugrunda giň gerimli işleriň geçirilýändigine garamazdan, käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozýan halatlary ýüze çykarylýar. 

                                                                   

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilişi bilen tanyşmak üçin, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew, Andalyp köçelerinde we Gurbansoltan eje şaýolunda degişli seljerme işleri geçirildi. Onuň dowamynda käbir sürüjileriň ýol hereketiniň kadalaryny bozup, sagatda 60 kilometr tizlikde sürmäge rugsat edilen ýerlerde bu düzgüni gödek bozan ýagdaýlary ýüze çykaryldy. Şunda BA 10 93 AG döwlet belgili awtoulagyň eýesi H.Mämmetgulyýewiň we B.Orazmuhammedowyň BO 82 41 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, K.Nurýagdyýewiň BE 60 46 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen sürendikleri ýüze çykaryldy. 

                                                                   

Şeýle hem D.Durdylyýew BI 60 17 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, A.Akmämmedow BL 83 27 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Atabadyýew DF 99 26 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, K.Tuşşiýew DF 87 51 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 110 kilometr tizlik bilen, B.Garagulow bolsa AN 46 31 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürüp, düzgüni gödek bozdular. 

                                                                   

Geçirilen seljermäniň dowamynda S.Çalyýewiň BT 21 32 AG döwlet belgili awtoulagyny hem-de I.Annaorazowyň BW 23 80 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürendikleri anyklandy. A.Gurbangeldiýew bolsa özüniň erk edýän BT 44 39 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 60 kilometr tizlikde sürmegiň deregine sagatda 180 kilometr tizlik bilen sürüp, düzgüni has-da gödek bozdy. 

                                                                   

G.Muhammetberdiýew sagatda 60 kilometr tizlik bilen sürmek kesgitlenen ýolda BH 53 65 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A. Döwranow 97 39 AGG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, M.Çerkezow BR 68 23 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Rejepow 48 53 AGD döwlet belgili awtobusy sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Abdyýew AL 24 58 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürüpdir. 

                                                                   

Şeýle hem D.Amanow BD 76 38 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, N.Baýramow 49 31 AGE döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, R.Orazmuhammedow BS 85 62 AH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, A.Maşaripow BE 51 67 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, Ş.Handurdyýew 70 96 AGE döwlet belgili awtoulagyny sagatda 140 kilometr tizlik bilen, I.Daňatarow AR 14 72 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 120 kilometr tizlik bilen, Ş.Kulyýew BW 30 46 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Ataýew BS 52 41 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen sürüp, ýol hereketiniň düzgünini gödek bozdular. 

                                                                   

D.Atapolatow BA 51 45 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, G.Durdyýew DE 80 16 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 160 kilometr tizlik bilen, M.Çaryýew BP 32 19 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, G.Orazlyýew AR 32 66 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, H.Annamyradow BE 35 87 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, K.Orazow 84 62 AGH döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Hajygurbanow BT 74 58 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 100 kilometr tizlik bilen, M.Ýazmyradow AR 15 24 AG döwlet belgili awtoulagyny sagatda 130 kilometr tizlik bilen süren ýagdaýlarynda saklanyldy. 

                                                                   

Munuň özi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işleri talabalaýyk guraman, ýol hereketiniň kadalaryny wagyz etmek we howpsuzlygynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak boýunça netijeli işleri amala aşyrmaýandygyny görkezýär. 

                                                                   

 Häzirki wagtda düzgün bozujylar degişli jogapkärçilige çekildi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, M.Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatdy hem-de M.Hydyrowyň täze, jogapkärli wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

M.Hydyrow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda güýç-kuwwatyny, tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Içeri işler ministri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban Watanymyza wepalylygyň, halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine, degişli Karar bilen polisiýanyň podpolkownigi A.Berdiýew bellenildi. Müdirligiň täze ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, Watanymyza wepaly gulluk etmek, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň goragynda berk durmak barada mukaddes kasamy ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Ussanepesowa ýüzlenip, kazyýet ulgamynyň häkimiýetiň bir şahasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz G.Ussanepesowa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz G.Annaýewi ýurdumyzyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine belläp, onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.  

                                                                   

Milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildiren ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Ministr Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, mähriban Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepalylygyň, halkymyzyň parahat, döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.  

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine Ý.Nuryýewi belläp, onuň bu wezipede mundan beýläk nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. Gullugyň täze bellenilen ýolbaşçysy özüne bildirilen ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur wepalylygyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň goragynda sak durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes kasamy ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, adalat ministri wezipesine M.Taganowy belledi we onuň özüne ynanylan wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Ministrligiň täzeden bellenilen ýolbaşçysy özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Adalat ministri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, mähriban Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepalylygyň nyşany hökmünde mukaddes kasamy ýerine ýetirdi hem-de halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň bähbidine ak ýürekden gulluk etmäge taýýardygyny aýtdy. 

                                                                   

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda M.Hudaýkulyýew Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz onuň gullugyň işini geljekde nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy özüne bildirilen belent ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gullugyň işini talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban halkymyza, ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etmegiň nyşany bolan mukaddes kasamy ýerine ýetirdi hem-de halkymyzyň parahat durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda ak ýürekden gulluk etjekdigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz N.Atagaraýewi Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belläp, onuň bu wezipede işi nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy. Gullugyň täze bellenen ýolbaşçysy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, migrasiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Gullugyň başlygy Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban halkymyza, ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etmegiň nyşany bolan mukaddes kasamy ýerine ýetirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda ak ýürekden gulluk etjekdigini aýtdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şu maksatlara esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar döwletimizde milli, harby we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Bu edaralar raýat jemgyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy netijeli durmuşa geçirmekde zerur şertleri döredýärler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ruhy-ahlak taýdan iň ýokary talaplara laýyk gelmelidiklerini belledi. Olar Watanyň we halkyň öňünde kabul eden kasamyna wepaly bolup, ak ýürekden gulluk etmelidirler, şeýle hem ruhubelent, watansöýüji, öz işine ussat bolmalydyrlar, harby hünär babatda türkmeniň asylly däpleriniň talaplaryny ödemelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi, bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň harby gullukçy, hukuk goraýjy edaranyň işgäri diýen ada mynasyp bolup, mertebesini hemişe belentde saklap, uly at-abraý gazanmalydyklaryny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün bu düzümleriň ýolbaşçylarynyň tassyklanandygyny belläp, olara Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmegi, ynanylan wezipelerde ak ýürekden zähmet çekmegi arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybynyň berkidilmegine, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň we söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, olaryň gulluk we durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, adamlaryň konstitusion hukuklarynyň goragynda durýan we milli kanunçylygyň anyk ýerine ýetirilişine gözegçiligi alyp barýan prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Içeri işler ministri M.Hydyrow IIM-niň düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozmalaryň, paýtagtymyzyň we sebitleriň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kanunçylygy hereket edýän halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem garamagyndaky düzümleriň işine we olaryň kabul edýän çözgütlerine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew hasabat döwründe ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça durmuşa geçirilýän yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň maksatnamalaryny netijeli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolan durnukly hem-de amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň mukaddes çäklerini ygtybarly goramak, serhet galalaryny abadanlaşdyrmak, serhetçileriň netijeli gullugy, amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek ugrunda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.  

                                                                   

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunda kanun çykaryjylygyň dünýä tejribesi işjeň peýdalanylýar. Şol bir wagtyň özünde, ilata ýokary derejeli hukuk hyzmatlary, raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini guramagyň çäklerinde hukuk geňeşmeleri ýola goýulýar. 

                                                                   

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şunda gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň çäginden geçýän ýüklere berk gözegçiligi amala aşyrýan ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Aýratyn-da, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň çäklerinde gullugyň has netijeli işini üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylandygy bellenildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, şu ýylyň aprel — iýun aýlary aralygynda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we “Harby borç we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, degişli Buýruga laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Ç.Amanowa ýüzlenip, onuň ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, döwletiň howpsuzlygyny, goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, hukuk tertibini üpjün etmekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde uly işleri durmuşa geçirendigini belledi, oňa Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen, goldanylan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminiň guramaçylyk meselesine hem seretmegi makul hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Ç.Amanowyň, başga işe geçmegi sebäpli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadylýandygyny mälim etdi. 

                                                                   

Ç.Amanow şu ýyllaryň dowamynda özüne bildirilen ynam hem-de dürli düzümleriň jogapkärli wezipelerinde yhlasly zähmet çekip, Watanymyza gulluk etmek hormatynyň miýesser edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe wagtdan bäri abraý bilen gulluk edip gelýändigini, şeýle hem toplan tejribesini göz öňünde tutup, goranmak ministri B.Gündogdyýewi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini tassyklamak hakyndaky Permana hem-de Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi we ilki bilen, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmaga, harby bölümlerde harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby tehnikalarynyň döwrebap, abat hem-de işjeň ýagdaýda saklanmagy üpjün edilmelidir. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak üçin döwrebap harby şäherçeleri we harby bölümleri gurmak, abatlamak işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Goşunlarda 2022-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan ähli okuw sapaklaryny, taktiki türgenleşikleri, meýdan we deňiz tälimlerini hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, edara-kärhanalaryň, guramalaryň, şeýle hem önümçilik-hojalyk we täjirçilik işine gatnaşýanlaryň hukuklaryny goramak maksady bilen, kanunlaryň, hukuk namalarynyň takyk, birmeňzeş berjaý edilişine prokuror gözegçiligini yzygiderli amala aşyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ähli edaralarda döwlet emlägini aýawly saklamak boýunça düzgünleriň berk berjaý edilişine möhüm ähmiýet berilmelidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu edaranyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri M.Hydyrowa ýüzlenip, ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, howpsuzlygyny goramak işlerini ýokary derejede ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen, hemişe berk gözegçilik edilmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, IIM-niň ähli düzümleýin bölümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralaryna işiň häzirki zaman usullaryny we görnüşlerini ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini kanunlara laýyklykda goramagy ýokary derejede alyp barmagy tabşyrdy. Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem raýatlaryň arzalaryna, şikaýatlaryna aýratyn üns bilen seredip, olaryň öz wagtynda we kanuny çözgüdi tapylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz kazyýet ulgamynyň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň hukuk, demokratik döwlet hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň ösüşinde ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet önümçiligini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bu ugurda täzeçil ýörelgeleri öwrenmek zerur hasaplanylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe döwletimiziň özygtyýarlylygyny, kоnstitusiоn gurluşyny, çäk bitewüligini gоrap saklamak, ykdysady, ylmy-tehniki we goranmak kuwwatyny berkitmek bоýunça milli howpsuzlyk edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň doly ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, seljeriş işlerini geçirmek, düzüm bölümleriniň işine häzirki zaman usullaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe ýüzlenip, döwlet serhedini ygtybarly goramagy üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. 

                                                                   

Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goraglylygyny degişli derejede üpjün etmek maksady bilen, inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygyny dowam etmek, serhet çäklerine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Adalat ministri M.Taganowa Türkmenistanyň Milli Geňeşi we Ministrler Kabineti tarapyndan taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşmak, olara degişlilikde teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermek boýunça anyk tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işlerini sanly ulgamyň üsti bilen has-da kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna bellenen tertipde netijenama bermegiň, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna hukuk seljermesini geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz kanunçylygy düşündirmek işine aýratyn ähmiýet berilmelidigini we ilatyň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmagyň guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün edilmelidigini aýtdy.  

                                                                   

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe daşary söwdany we milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge ýardam bermek boýunça gümrük edaralarynyň ähli zerur işleri alyp barmalydygy tabşyryldy. Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümini we üstaşyr-ulag geçirijiligini ösdürmek, şeýle hem gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, serhetüsti geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň çalt geçirilmegini, ýokary hilli barlanmagyny üpjün edýän şertler döredilmelidir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük edaralarynyň ýörite enjamlaryny, tehniki serişdelerini we programma üpjünçiliklerini netijeli ulanmak arkaly gümrük gözegçiliginiň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewe ýüzlenip, oňa döwletimiziň migrasiýa babatdaky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, migrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini ýokary derejede üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça kabul edilen milli meýilnamanyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň dowam etdirilmelidigini belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hökmünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralara dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, döwrebap tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmak, milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmek boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen bilelikde ähli zerur işleri alyp barmagy dowam etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                                                           


                       


                                                                                                                                                   

Beýleki habarlar

                           

  •                                                                                            Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Bitewi dünýä — bitewi geljek                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            «Biziň Planetamyz, biziň saglygymyz»                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ösüşiň we abadançylygyň ýörelgesi                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Deliden Aşgabada uzaýan ýürekdeşlik ýollary                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Hormatly okyjylar!                                                                                       

                                                   9 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen                                                                                       

                                                   17 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Abadan durmuşyň maksatnamasy                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ekologiýa hepdeligi — durnukly ösüşiň nyşany                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Watan diňe halky bilen Watandyr!                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Aşgabat duşuşygy: Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary: wakalar, pursatlar, görnüşler                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Diýary wasp edýän owazlar                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Möhüm möwsüme taýýarlyk                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Gadymyýetiň ýaňy                                                                                       

                                                   2 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Arassaçylyk saglykdyr                                                                                       

                                                   2 gün öň                                           

07.04.2022
Bagtyýar durmuşyň kepili

Eziz Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, asuda durmuş we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Diýarymyz ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Bu gün senagat taýdan rowaç gadamlar bilen ösýän ýurdumyzda öndürilýän önümler diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarylýar. Şeýlelikde, ýurdumyz innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýje eýe bolan döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikler döredilip, täze iş orunlary açylýar. Bu bolsa türkmen telekeçileriniň döwletimiziň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýandygyny görkezip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär.  

                                                                   

Bu amatlyklar ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply azyk we senagat önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşýan, ilatyň isleg bildirýän harytlarynyň aglaba böleginiň öz telekeçilerimiz tarapyndan öndürilmegine şert döredýär.  

                                                                   

Önüm öndürmek barada gürrüň edilende, tebigy baýlyklarymyzy gaýtadan işlemekde-de Türkmenistanyň ýeten sepgitleriniň ägirtligini belläp geçmek zerurdyr. Bu bolsa importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek bilen, eksportyň kuwwatyny artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Muny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda birnäçe geleşikleriň hasaba alnandygyndan hem görmek bolýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümler üçin türkmen telekeçilerine ýokary baha berilmegi, olarda uly zähmet joşgunyny döredýär. Türkmen telekeçileri özleriniň ýokary netijeli işlemekleri, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ýadawsyz alada edilýändiginden ruhlanyp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy maksat edinýärler. Şeýle ruhubelentlik olara abraý getirýän belentlikleri ynam bilen eýelemäge ýardam berýär.   

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň gün-günden ýokarlanmagynyň sakasynda döwlet Baştutanymyzyň bu ulgama berýän ünsüniň ajaýyp netijeleri bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýen sözleri bolsa, biziň bu aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ägirt uly işleri amala aşyrmak bilen, beýik başlangyçlary öňe sürüp, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!   

                                                                                                           

Maýa RAHMANOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we   dolandyryş institutynyň uly   mugallymy.

07.04.2022
Berkararlyk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler geçirilýär. Ýurdumyzda täze önümçilikleri döretmekde, tebigy serişdelerimiziň baý goruny senagat taýdan özleşdirmekde we şunuň netijesinde täze iş orunlaryny döretmekde möhüm işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz asyrlara barabar ösüş ýoluny geçdi. Şu döwürde ýurdumyzyň obadyr şäherleri tanalmaz derejede özgerdi, täze döwrebap obalar, etraplar, şäherçeler, ýaşaýyş toplumlary kemala geldi. Geçen döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Diňe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 73-siniň ulanylmaga berlendigini ýatlamak hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinden habar berýär. Şol desgalaryň ählisiniň iň häzirki zaman talaplara laýyk edilip, ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi bu desgalarda dolandyryşy döwrebap usulda alyp barmaga we önümçiligi yzygiderli artdyrmaga şert döredýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, hususy ulgamlaryna, dokma senagatyna möhüm orun degişlidir. Bu ulgamlar diňe bir milli ösüşimiziň özeni bolmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy we alysdaky ýurtlaryň içerki ösüşlerine özüniň täsirini ýetirmek bilen, sebit döwletleriniň özara hyzmatdaşlygyna hem ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu ugurlaryna geljekde hem möhüm ähmiýet bermek Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly işlere maýa serişdelerini işjeň çekmekde halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hem uly orun berilýär. Häzirki wagtda halkara maliýe hyzmatdaşlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EXPO — 2020» bütindünýä sergisinde görkezilen milli gymmatlyklarymyz bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň geçen 30 ýylynda gazanan üstünlikleri, önümçilik kärhanalarymyzyň dürli görnüşli önümleri daşary ýurtly işewürlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunuň ýaly halkara sergilere işjeň gatnaşmak daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşygy ösdürmäge ýardam berýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzy ähli babatda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak üçin öňde belent maksatlar goýuldy. Bu belent tutumlary durmuşa geçirmekde özümiziň gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, zähmet çekeris.  

                                                                   

 Goý, bizi aýdyň geljege ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Şöhrat BÄŞIMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

07.04.2022
Sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslary

Ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklaryň sanly ulgamyny ösdürmek, ilkinji nobatda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk taýdan üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, sanly ykdysadyýetiň ygtybarly hukuk binýady döredilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegine gönükdirilendir. Konsepsiýanyň wezipelerinde, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynda uly maglumat binýadyndan peýdalanyp, netijeli çözgütleriň kabul edilmegine oňyn täsir edýän elektron hökümet ulgamyny kämilleşdirmek we sanly hökümet ulgamyny ornaşdyrmagy ýaýbaňlandyrmak ugurlarynda, býujet ulgamynda sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, adamlara edilýän jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.  

                                                                   

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslarynyň binýady bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň öz şahsy durmuşyna eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz namysyna we at-abraýyna hyýanat edilmeginden goranmaga hukugynyň bardygy kepillendirilmek bilen, döwletimiziň çäginde her bir ynsanyň maglumatlara bolan erkinlik hukugy kämil derejä göterilýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady, durmuş, medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolup, bu ulgamyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi hemişe ösüşi, kämil kanunlary talap edýär. Sebäbi sanly ulgamyň özi hemişe ösüşde bolandygy sebäpli onuň bilen bagly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän milli kanunçylygymyz hem kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda hereket edýän sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk esaslarynyň biri hem «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Kanunda adresat, elektron resminama, elektron sanly gol, elektron hyzmata gatnaşyjy subýektler we beýlekiler barada giňişleýin düşünje berlip, sanly ykdysadyýete elektron resminamalar arkaly gatnaşyjy taraplaryň hukuklary we borçlary kesgitlenilýär. 

                                                                   

«Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem sanly ykdysadyýet ulgamynyň ähli kiber giňişliginde Türkmenistanyň milli bähbitlerini, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şeýle-de «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda aragatnaşyk babatynda iş we kiberhowpsuzlyk babatynda iş ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşine degişli bolup durýar. 

                                                                   

Döwrümiziň talap edişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýaty kämil aragatnaşyk we internet ulgamlaryndan peýdalanýar. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda resminamalary dolandyrmagyň elektron usuly ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň agzybir maşgalalarynyň ählisiniň diýen ýaly öýlerinde kompýuter we beýleki kämil tehnologik serişdeler bar. Häzirki döwürde ýaşlaryň tehnologiýanyň iň täze gazanan önümlerinden, öýjükli aragatnaşyk serişdelerinden kynçylyksyz baş çykaryp bilýändiklerini görýäris. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslarynyň ygtybarly goragynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Amangeldi BEGLIÝEW,

                       

Daşoguz şäheriniň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.

07.04.2022
Döwletlilik daragty

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl ýurdumyzda syýasy-diplomatik we durmuş-ykdysady ugurlar boýunça uly özgertmeler bilen başlandy. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bellenilen şanly ýylda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere seljerme berildi. Ata Watanymyzy geljek 30 ýylda gülledip ösdürmek maksady bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem, bu taryhy mejlisde hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna tabşyryk beripdi. Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň, raýatlar toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň arasynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk we işjeňlik ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow umumy sesleriň 72.97 göterimini alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Mähriban halkymyzda «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýlen çuň manyly pähim bar.   Türkmen halky akylyna, iş başarjaňlygyna sarpa goýýan ogluna «ner ýigit» diýýändir. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 19-njy martynda «Türkmenistanyň Prezidenti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynda bellenen kadalara görä Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar.  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler» diýmek bilen, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen öňde durýan wezipeler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Öňde goýlan maksatlaryň arasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini köpugurly ösdürmek barada aýdyň wezipeler kesgitlenildi.  

                                                                   

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri  Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar. Şundan ugur alnanda, ýurdumyzy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar barada ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherine aýratyn ünsüň degişli bolmagy buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabarada döwlet Baştutanymyz «Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris» diýmek bilen, paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini köpugurly ösdürmek babatda anyk wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz şahsy kämilligi, iş tejribesi we ylym-bilimi bilen ýaşlarymyza nusgalyk döwlet işgäri hökmünde Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesine dabaraly ýagdaýda girişdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşynyň uzak, işiniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimize  öňde goýan maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikler ýar bolsun! 

                                                                                                           

Kerimguly GELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

07.04.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumyna onlaýn arkaly gatnaşyldy

            2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, bu ministrligiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň işine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Bu forum öz işini 2022-nji ýylyň     7-nji aprelinde hem dowam eder.

         Forumyň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet  ministrliginiň  Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň, Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň wekilleri bilen birlikde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň  Hemişelik wekili hem gatnaşdy. 

Bu Forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň gün tertibiniň UNECE sebitinde ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň alyp baryjysy öz tarapyndan forumy açyp giriş sözi bilen çykyş etdi hem-de bu Forumyň maksady we meseleleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin ýerine ýetirilen işleri we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada beýan etdi. Soňra gatnaşýan wekiller öz çykyşlary bilen tanyşdyrdylar. 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bu forumda çykyş etdi. Ministr Muhammetgeldi Serdarow ministrlik tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM)  Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şu ýylyň başynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän uzakmöhletleýin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada belläp geçdi. Bu maksatnamada Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça giňden beýan edilen.

Şu günki günde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek boýunça geçirilen işleriň jemleri boýunça 17 maksatdan, 136 wezipeden we 180 görkezijilerden durýan millileşdirilen sanaw tassyklandy we bu agzalan ugurlar 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçiriler. Durnukly ösüşiň 4-nji maksady (Ýokary hilli bilim), 5-nji maksady (Gender deňligi), 14-nji maksady (Deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak), 15-nji maksady (Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak), 17-nji maksady (Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk) boýunça edilýän işler boýunça düýpli syn beriljekdigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem, global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti global pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna ýetirip biljek degişli täsirini peseltmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreleriň görülendigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýdyp geçdi.

Soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň işine gatnaşýan wekilleriň arasynda sorag-jogap alyşyldy.

Soňra Forumynyň işine gatnaşýan wekilleriň arasynda Forumyň işiniň dowam etmegi, berjek netijeleri barada özara pikir alşyldy we gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirilip, işlerinde üstünlik arzuw edildi   hem-de forum öz işini jemledi.

Forumyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

06.04.2022
Oňyn özgertmeler, täze wezipeler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny, şol sanda oba hojalygyny, agrosenagat toplumyny ösdürmäge hem aýratyn orun berilýär. Bu möhüm pudagyň durnukly ösüşi ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýyny kesgitleýän wezipeleriň birnäçesini çözmäge gönükdirilýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän möhüm ykdysady-önümçilik ulgamy bolup durýan agrosenagat toplumy we onuň binýatlyk pudagy bolan oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm ugruny emele getiriji hökmünde çykyş edýär.  

                                                                   

Täze Milli maksatnama laýyklykda, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek, bu önümleriň eksportyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegi, seleksiýa we tohumçylyk işleriniň ‘ylmy esasda alnyp barylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň, beýleki ekinleriň ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere durnukly, täze görnüşlerini döretmek we olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler hem giň gerimde alnyp barlar.  

                                                                   

Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw tygşytlaýjy gurallary önümçilige ornaşdyrmak işlerine geljekde-de uly üns gönükdiriler. Maldarçylyk pudagyna hem täze ylmy, tehnologik we dolandyryş boýunça gazanylan üstünlikleri ornaşdyrmak, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Oba hojalyk, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi dowam etdiriler. 

                                                                   

Obasenagat pudagynyň täze kuwwatlyklarynyň döredilmegi bilen, sebitlerde täze iş orunlary döredilýär. Täze milli maksatnamada bu toplumda senagatçylar gatlagynyň pugtalanmagyny goldamak, topluma gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny döretmäge döwlet tarapyndan goldaw bermek, toplumyň haryt öndürijilerini ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça wezipeler bellenilýär. Ýurtda oba hojalygyny düýpli ösdürmegiň, işjeň maýa goýum syýasatynyň çäklerinde uly möçberdäki serişdeleri oba hojalyk toplumynyň we azyk senagatynyň önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmegiň, şeýle hem döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, bu ugurda işleýän döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmegiň netijesinde geljekde hem uly üstünlikler gazanylar.  

                                                                   

Agrosenagat toplumyny ýokary depginler bilen ösdürmek we ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen hem baglydyr. Bu pudakda zähmet öndürijiligini düýpli ýokarlandyrmak ösen «adam maýasynyň» bolmagyny, adamlar üçin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede döredilmegini talap edýär. Şu maksat bilen, Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagy üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Halkyň abadançylygyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleriniň derejesine çykarylan ýurdumyzda adam baradaky alada baş ugur hökmünde öňe çykarylýar.  

                                                                                                           

Jennet AGADŽAÝEWA,

                       

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

06.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselesine garady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz M.Serdarowy maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi. 

                                                                   

Soňra M.Serdarow özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, täze bellenen ministre birnäçe tabşyryklary, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de makroykdysady durnuklylygy saklamak üçin zerur çäreleri görmek boýunça görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Pudaklarda önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny, meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, girdejileriň artdyrylmagyna, salgytlaryň öz wagtynda we doly tölenilmegine, býujet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, çykdajylaryň rejeli hem-de maksadalaýyk maliýeleşdirilmegine berk gözegçilik etmek babatda tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe, býujet, salgyt we gymmatly kagyzlar ulgamynyň düzgünlerini, usulyýetini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak babatda tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet maýa goýumlarynyň netijeliligini artdyrmak, maýa goýum we işewürlik, daşary ýurt göni maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz M.Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, oňa söz berdi. 

                                                                   

M.Sylapow örän jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan başga-da, kesp-kärine görä iş gözleýänler bilen iş berijileri utgaşdyrmak işlerini talabalaýyk ýola goýmak, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça sazlaşykly dolandyrmak üçin zerur işleri yzygiderli geçirmek, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de boş iş ýerleriniň hasabaty bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, aýratyn kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ministrligiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze bellenen ministre işde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow D.Täşliýewi Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi hem-de onuň iş meýilnamasy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

D.Täşliýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bilimini we ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini, maýa goýum meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny, 2022-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem döwletiň tebigy, maliýe hem-de maddy serişdeleriniň ulanylyşynyň peýdalylygy we kanunylygy, dolandyrylyşynyň netijeliligi boýunça ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilýän meýilnamalaýyn seljerme işlerini dowam etmegiň, döwletiň maýa goýum we satyn alma taslamalary boýunça serişdeleriň netijeli harçlanylmagyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, D.Täşliýewe täze wezipede üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz M.Hojagulyýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we onuň bu işde geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy. 

                                                                   

M.Hojagulyýew ýokary ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu düzümiň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmak üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ýurdumyzda öndürilýän hem-de sarp edilýän harytlaryň ýylsaýyn artýandygyny nazara alyp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine bu gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. 

                                                                   

Standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň berlişini ýönekeýleşdirmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän we özümizde öndürilýän harytlaryň barlaghana synaglaryndan geçirilmegi üçin baş döwlet gullugy tarapyndan zerur barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligi gazanmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we M.Hojagulyýewe işde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz D.Amanmuhammedowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy. 

                                                                   

D.Amanmuhammedow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň statistika ulgamynyň işgärleri bilen öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, döwlet komitetiniň täze ýolbaşçysyna ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi, statistiki hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi hem-de bu işleri sanly ulgam arkaly guramagy we statistiki hasabatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňde boljak ilat ýazuwyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, onuň işinde häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy işjeň ulanmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyryp, D.Amanmuhammedowa täze wezipede üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz T.Mälikowy ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy, şeýle hem Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi hem-de onuň täze wezipelerde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

T.Mälikow bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny durnukly ösdürmek, maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmek, harytlaryň bahasyny durnukly saklamak hem-de daşary ýurt pulundaky girdejileri artdyrmak, milli manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we Merkezi bankyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny belläp, olara degerli maslahatlary hem-de tabşyryklary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün ediljekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

 Soňra maslahat ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow B.Amanowy Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we oňa söz berdi. 

                                                                   

B.Amanow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratyny hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy çykarmak boýunça kabul edilen meýilnamanyň doly ýerine ýetirmelidigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini tebigy gazyň zerur mukdary bilen ilkinji nobatda üpjün etmelidigini, ilatly ýerlerde suwuklandyrylan gaz ýangyjynyň bökdençsizligini üpjün etmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmagy, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmagy, şeýle hem gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleri görmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, B.Amanowa işde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz G.Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi we onuň täze wezipede alyp barjak işleri bilen gyzyklandy. 

                                                                   

G.Agajanow özüne jogapkärli wezipäniň ynanylýandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratyny we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, döwlet konserniniň ýolbaşçysyna nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek meselesini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz gaýtadan işleýän kärhanalary çig nebit bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işlerde konserniň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz M.Rozyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede geljekde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.  

                                                                   

M.Rozyýew özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, döwlet korporasiýasynyň täze bellenen ýolbaşçysynyň ünsüni öňde duran işiň esasy ugurlaryna çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazyň ýeterlik gorlarynyň bardygyny nazara alyp, gözleg-barlag hem-de buraw işlerini, esasan, nebitiň gorlaryny artdyrmaga gönükdirmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdelerine baý meýdançalarda seýsmiki-gözleg işlerini netijeli dowam etdirmegi, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmagy hem-de özleşdirmegi, ýerasty suwlaryň hem-de gaty magdanlaryň gorlaryny artdyrmagy we bu ugurda bar bolan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini tapmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyryp, M.Rozyýewe öňde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryna ýolbaşçylary belländigi we olara gymmatly maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, pudagyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak ugrunda degişli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk-senagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselelere geçdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz G.Orunowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Wezipä täze bellenen ministr döwlet Baştutanymyza uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli güýç-gaýratyny we bilimini ministrligiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sarp etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň alyp barýan işleriniň wajypdygy barada aýdyp, şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek binalaryň hem-de desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň, gurluşyklary zerur gurluşyk serişdeleri we enjamlar bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we täze bellenen ýolbaşça jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz B.Annamämmedowy senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi. Döwlet Baştutanymyz ondan bu wezipede alyp barjak işleri barada aýtmagyny sorady. 

                                                                   

B.Annamämmedow bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli güýç-gaýratyny, bilimini hem-de toplan tejribesini öz öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sarp etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, bu işe döwletimiziň telekeçilerini işjeň çekmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilelikdäki döwrebap kärhanalary gurmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine bellenen wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz H.Rejepmyradowy energetika ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

H.Rejepmyradow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, giň möçberli Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bar bolan kuwwatlyklary, şol sanda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany — Gün we ýel energiýasyny ulanmagy ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, yzygiderli artdyrmak babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, H.Rejepmyradowa işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz S.Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki meýilnamalary bilen gyzyklandy. 

                                                                   

S.Ýolamanow bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu ýylyň fewral aýynda döredilen we ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň kämilleşdirilmegini esasy ugur edinýän düzümiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagalla etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Agentligiň täze ýolbaşçysyna düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzelemek boýunça teklipleri taýýarlamak, şeýle-de öňdebaryjy tejribelerden ugur alyp, agentligiň garamagyndaky ýol gurluşyk edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýol gurluşygynda ýokary hili gazanmak üçin önümçilige ylmy-tehniki innowasiýalary ornaşdyrmagyň, ýokary hilli gurluşyk serişdelerini taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygyna jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz N.Nyýazlyýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

N.Nyýazlyýew bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, ýolbaşça ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzdaky çig mal serişdelerini özleşdirmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, şonuň ýaly-da, olaryň eksporta iberilişiniň möçberini artdyrmak möhümdir. Agrotehniki möhletlere laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ýurdumyzda öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de olary doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, käbir kärhanalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzüminiň ýolbaşçylaryny wezipä belländigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek hem-de bildirilen belent ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine, bilimdir tejribelerini gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

 Soňra maslahat söwda we dokma senagaty pudagynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen bagly mesele boýunça dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine O.Gurbannazarowy bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Ministr bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüne ynanylan wezipede halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bähbitlerinden ugur alyp, ak ýürekden işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, söwda pudagynyň işini kämilleşdirmek, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli alyp barmak, söwda ulgamynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Alnyp barylýan işleriň çäklerinde harytlaryň elýeterliligini, ilata söwda hyzmatyny etmegiň hilini we medeniýetini yzygiderli ýokarlandyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ministre işinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine R.Rejepowy bellemek kararyna gelendigini aýdyp, oňa söz berdi. 

                                                                   

Ministr bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, yhlasly zähmeti bilen dokma pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak işinde güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, geljek 30 ýylda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmagy, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma önümleri bilen doly üpjün etmegi, egin-eşikleriň, deri önümleriniň we aýakgaplaryň görnüşlerini köpeltmegi esasy ugur hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pudagyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns çekip, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz B.Çaryýewi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini habar berdi hem-de onuň bu wezipede alyp barjak işleri bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Biržanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüne ynanylan ulgamda eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de daşary söwdanyň mukdaryny artdyrmak boýunça ähli güýjüni gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, bazar şertlerinde ýurdumyzda lomaý haryt bazaryny emele getirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işleri geçirmegiň, birža söwdasyny guramakda ýerlenilýän harytlar boýunça baha emele getirmegiň netijeli usullaryny ornaşdyryp, haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek, lomaý söwdany ösdürmekde beýleki döwletler bilen netijeli daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen işleri alyp barmak, biržanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri hem işjeň dowam etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki meýilnamalary bilen gyzyklandy. 

                                                                   

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň täze bellenen ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halyçylyk sungatyny gorap saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümini has-da ösdürmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, türkmen milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we haly önümlerini milli öwüşginleri saklap, täze nagyşlardyr göller bilen baýlaşdyrmak, el haly önümçiliginde gadymy milli göllerimizi dikeltmek, ýerli hem-de daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, häzirki ösen talaplara laýyk gelýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, çig mal üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Wise-premýer Ç.Gylyjow toplumyň ýolbaşçylaryny wezipä belläp, bildiren uly ynamy üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, gözegçilik edýän toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň özlerine ynanylan wezipede mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga, söwda ulgamynyň, dokma senagatynyň we biržanyň işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra maslahat oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz A.Altyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.  

                                                                   

A.Altyýew özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekdi hem-de bu ugurda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, ekologik taýdan arassa azyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmak babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi we oňa işde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz G.Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki iş meýilnamalary bilen gyzyklandy. 

                                                                   

G.Baýjanow bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, edaranyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi hem-de ýurdumyzyň suw akabalarynda ýitgileri azaltmak maksady bilen, örtükli suwaryş akabalaryny we ýapyk turba görnüşli suw geçirijileri gurnamak, damjalaýyn usulda suwaryş enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeldip, täze howdanlary gurmak işlerini dowam etmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz derýalarda we beýleki akabalarda hem-de howdanlarda arassalaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyny nygtap, işde sanly tehnologiýalary ulanmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy we G.Baýjanowa üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz A.Berdiýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

A.Berdiýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk-seleksiýa işlerini kämilleşdirmek, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, at çapyşyklaryny, atly sport bäsleşiklerini, dürli at üstündäki oýunlary we bedewleriň halkara gözellik sergilerini geçirip durmak babatda A.Berdiýewe birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz A.Berdiýewe jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew toplumyň pudaklarynyň ýolbaşçylaryny belläp, gymmatly maslahatlary berendigi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy hem-de ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýerden alynýan hasylyň mukdaryny köpeltmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, maldarçylyk toplumlarynyň işini talabalaýyk guramak ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

 Soňra maslahat ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz G.Ataýewany ýurdumyzyň bilim ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

G.Ataýewa bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, daşary ýurt dilleri, beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy we bilim ministrine işinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow N.Amannepesowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu jogapkärli wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

N.Amannepesow bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barjakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, ministre ylmy-barlag we bejeriş-öňüni alyş işlerini talabalaýyk alyp barmak, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we saglygy dikeltmegiň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynda sanly ulgamy ulanmak, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, beýleki abraýly halkara guramalar we ösen ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça epidemiologik ýagdaýa gözegçilik ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş işleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň möhümdigini belläp, N.Amannepesowa üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz G.Agamyradowy sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

G.Agamyradow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýurdumyzda sporty we ýaşlar syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, G.Agamyradowa türkmen türgenlerini iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtap, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň işini kämilleşdirmegi tabşyrdy we ministre işinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew toplumyň düzümlerine ýolbaşçylary belländigi hem-de olara zerur maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza sagbolsun aýtdy we ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olara häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak hem-de halkara derejeli türgenleri taýýarlamak we ýaryşlary guramak boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, A.Şamyradowy Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

A.Şamyradow bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda güýç-gaýratyny, ukyp-başarnygyny hem-de bilimini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, oňa türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Şamyradowa işde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipedäki iş meýilnamalary bilen gyzyklandy. 

                                                                   

A.Aşyrow bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tele we radioýaýlymlaryň işini kämilleşdirmek, täze kinofilmleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekdi hem-de ýolbaşça teleradioýaýlymlaryň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini täzeçe guramak, gepleşikleriň hem-de filmleriň döwrebap usulda taýýarlanylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak we kinematografiýanyň işini gowulandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi we A.Aşyrowa işde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Hudaýberdiýewi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy hem-de onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

A.Hudaýberdiýew ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, işiň ýokary hilini gazanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi we A.Hudaýberdiýewe üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow M.Gazakbaýewi Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

M.Gazakbaýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, agentligiň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini halkara maglumat giňişliginde beýan etmek, dünýäniň iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirleri, meşhur habar beriş ýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, täzelikleri we habarlary metbugat giňişliginde ýerleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmak babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi hem-de oňa işde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa toplumyň pudaklarynyň ýolbaşçylaryny belländigi we olara gymmatly sargytlary edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda teleradioýaýlymlaryň we neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek, olara häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde tagalla etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahaty jemläp, wezipä bellenen ýolbaşçylary ýene bir gezek gutlady hem-de olara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

06.04.2022
Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Dokma pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda täze desgalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň sarp edijileriň ýokary isleginden peýdalanmagyny üpjün etmek maksady bilen, bazar şertlerini, diňe bir häzirki zaman enjamlaryny däl, eýsem netijeli önümçiligi guramak usullaryny öz içine alýan tehnologik täzelikleri hasaba almak arkaly pudagyň hojalyk düzümini döwrebaplaşdyrmaga ulgamlaýyn çemeleşilýär.  

                                                                   

Geçen ýyl ýurdumyzyň dokma senagatynyň täze desgalarynyň — Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky önümçiligiň täze görnüşi ýola goýlan dokma toplumynyň hem-de Babadaýhan etrabyndaky iri dokma toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda bar bolan kuwwatlyklaryň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

Ýokary hilli gymmatly matalaryň öndürilmegi ýurdumyzda dokma senagatynyň tikinçilik ugrunyň ösdürilmegine, içerki bazary öz ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harydyň ýerini tutýan owadan we ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurylmagyna güýçli itergi berýär.Ýurdumyzda köýneklik, penjeklik we kamuflýaž, şeýle hem ranfors, kriton, pomazy ýaly matalaryň uly önümçiliginiň ýola goýulmagy dokma pudagynyň täze tehnologiýalara esaslanýan binýadynyň kemala gelendigini alamatlandyrýar.  

                                                                   

Dokma pudagyna täze tehnologiýalary, innowasiýalary yzygiderli ornaşdyrmak bilen, önümleriň hilini ýokarlandyrmak, olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek barada hem uly alada edilýär. Ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwat, ähli halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda türkmen dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň iri kärhanalarynda ýüplükleriň we matalaryň dürli görnüşleri, şol sanda setin, ştapel, ýüpek, panbarhat, jinsi önümleri, dokma harytlary, öý üçin niýetlenen dürli dokma önümler öndürilýär. Ýorgan-düşek, hammam we aşhana toplumlary, tüýjümek matalar, şeýle hem dürli joraplar, lukmançylyk we kosmetiki pamyk serişdeleri sowgatlyk gaplarda hödürlenip, özleriniň bezeg we reňk sazlaşygynyň baýlygy bilen tapawutlanýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda bar bolan dokma toplumlarynyň ýanynda hereket edýän tejribe bölümleriniň binýadynda çeperçilik we bezeg taýdan milli däplere döredijilikli üns bermek arkaly modellirlemegiň milli mekdebi üstünlikli ösdürilýär. Ýörite modalar öýleri hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň tejribe bölümleri tarapyndan işlenip taýýarlanýan lybaslar ýylyň-ýylyna täze toplumlar bilen baýlaşýar. Türkmen dizaýnerleriniň döredýän täze lybaslary milli egin-eşikleriň gadymky däpleri we döwrebap bezeg nusgalary bilen utgaşýar. Ýüpek matalary, dürli reňkdäki keteni matalary, inçe senet önümleri, öýmeler, panbarhat matalary, zenanlaryň milli lybaslary, nepis el keşdeler özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýar. Çagalaryň egin-eşikleri we ýüpekden, mahmaldan hem-de milli nagyşlar bilen bezelen keteniden tikilen owadan lybaslar, ajaýyp köýnekleriň toplumy uly islegden peýdalanýar.  

                                                                   

Dokma senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmäge hem amatly şertleri döredýär. Ýylyň-ýylyna pagtanyň bol hasylynyň ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, dokma pudagynyň has-da ösmegine gönüden-göni täsir edýär.  

                                                                                                           

Ogulşirin AKYÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

06.04.2022
Ekologiýa hepdeligi — durnukly ösüşiň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda tutuş halkara bileleşik bilen bilelikde, Bütindünýä saglyk güni gözel Diýarymyzda ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belleniler. Bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçmegine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri-de mynasyp goşantlaryny goşarlar. Şol dabaralar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ildeşlerimizi, geljege ynamly gadam bilen barýan ýaş nesillerimizi bir maksatda birleşdirip, tutuş jemgyýetde ählumumy ruhubelentlik ýagdaýyny döreder.  

                                                                   

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň 4 — 11-nji apreli günlerinde sagat 8:00-dan 18:00-a çenli Aşgabat şäherinde hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle-de ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär. Asylly däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan kada laýyk howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan işler ähli ýaşdaky adamlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekden ugur alýar. Şol maksatlar toplumlaýyn häsiýetdäki çäreleriň geçirilmegini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, zyýanly endikleriň garşysyna göreşmek we ençeme beýleki ugurlardaky çäreleri öz içine alýar.  

                                                                   

Bütindünýä saglyk güni saglyk hem-de ruhubelentlik ýaly üýtgewsiz gymmatlyklaryň ähmiýetini görkezýän halkara baýramdyr. Dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän bu halkara baýram daşky gurşawa aýawly garamaga, ynsan saglygyny berkitmäge, sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ýardam berýär. Eziz Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi sebäpli soňky ýyllarda ulagyň bu görnüşine gyzyklanma has-da artdy. Bu bolsa döwletimizde sport hereketini ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sport bilen meşgullanmagyny hem höweslendirýär. Şeýlelikde, bu günki günde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde welosiped sporty bilen giňden meşgullanylýar, milli baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygynyň, halkymyzyň sportuň bu görnüşine höwesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. 

                                                                   

Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, şeýle-de beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen ýurdumyzyň ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamagyndaky ösüşlerimiz halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr.  

                                                                   

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Şoňa görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilendigini bellemek gerek. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändiginden habar berýär.  

                                                                   

Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologik abadançylygyny wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Şol iki çäre hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

                                                                   

Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu günki gün «Welosiped» binasy welosipedli ýörişleriň, ekologiýa çäreleriniň we beýleki iri dabaralaryň geçirilýän ýerleriniň birine öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar geçirilip, welosipedli ýörişler onuň şowhunyny artdyrar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýokary netijeli sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýip belleýär. Munuň özi sport arkaly beýleki ugurlarda alnyp barylýan işlere-de mynasyp goşant goşup biljekdigimize göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Sport parahatçylygyň ilçisi hökmünde halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugy has berkidýän bolsa, welosipediň ekologiýa taýdan amatly ulag hökmünde daşky gurşawy goramak baradaky çagyryşlara-da seslenýändigini aýtmak gerek. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sagdynlygyň, parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara sport hereketiniň taglymatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň görkezijisidir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallarynyň we meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň hyzmatyna berilmegi bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyzda ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň utgaşykly geçirilmegi babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini beýan edýän Bütindünýä saglyk güni bilen ähli watandaşlarymyzy mähirli gutlaýarys. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi.

05.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. 

                                                                   

Häkim häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy, ekin meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürmek maksady bilen ähli zerur işler alnyp barylýar. Şunda welaýatyň çäklerinde tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekilen baglara ideg etmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Häkim Oba milli maksatnamasyndan, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýollaryň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem öňde boljak şanly seneler, şol sanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmeginiň we olary kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirmegiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi. Şoňa görä-de, ak ekinlere ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bir hatarda, ekilen baglara ideg işleri yzygiderli alnyp barylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, aýratyn-da, durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan şanly seneler barada aýdyp, olaryň, hususan-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ak ekinlerden bol hasyl öndürmek ugrunda geçirilýän degişli möwsümleýin ideg işleriniň depginleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ak ekinlere ideg işleri bilen bir hatarda, gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we degişli gurallaryň doly güýjünde işledilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şeýle hem häkim köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümini guramaçylykly geçirmek we ekilen baglara degişli derejede ideg etmek wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi, şol bir wagtyň özünde welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada aýdyldy. 

                                                                   

Şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, aýratyn-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada-da hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bugdaý meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, şol bir wagtyň özünde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we ilatyň gök-bakja önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinleriň hasyllylygyny ylmy esasda ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek we ekilen baglara ýokary hilli ideg etmek meseleleri häzirki döwrüň möhüm talabydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belläp, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, ak ekinlere ideg işleriniň ýerine ýetirilişi we gowaça ekişini bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli tamamlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, sebitde tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek, ozal ekilen baglara yzygiderli ideg etmek we pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatda Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan durmuş maksatly binalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň we ýollaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýazky meýdan işleriniň ýokary hilli we bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ak ekinlere edilýän ideg işleriniň hiline, gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu işler bilen bir hatarda, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde ýeralmadan we beýleki gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýokarlandyrmak işleriniň wajypdygyny belledi. Şeýle hem welaýatda bag nahallaryny ekmek, ekilen baglara ideg etmek işlerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde welaýatyň pile öndürijileri bilen şertnamalary baglaşmagyň we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işlere häzirki zaman ylmy we gazanylan tejribe esasynda ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, munuň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklanma bildirýän adamlaryň sanynyň artmagyna ýardam etmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleri, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häkim hasabatynyň dowamynda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek hem-de ekilen baglara degişli derejede ideg etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berdi. Şunda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýdyldy. 

                                                                   

Bütindünýä saglyk gününe görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Mundan başga-da, häkim häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyndan we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm hem-de jogapkärli möwsüm bolan ak ekinlere ideg etmek işlerini we gowaça ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şu günler alnyp barylýan işleriň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirilmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ekişde ulanylýan tehnikalaryň doly güýjünde işledilmelidigini belledi. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýokary hil derejesine eýe bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde sebitde bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen baglara ideg etmek işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma senagaty üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmekde möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin işleriň ýagdaýy, ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyny, gowaça ekişini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde köpçülikleýin bag ekmegiň ýazky möwsüminde bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işler hem talabalaýyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, sebitde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy barada maglumat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunda ak ekinlere ideg etmek işleri we gowaça ekişi bellenen möhletlerde guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak meselelerine üns berilýändigini belläp, bu işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde tokaý zolaklaryny döretmegiň hem-de ekilen baglara degişli derejede ideg edilmeginiň möhüm talapdygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde sebitde pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi, pile öndürijiler bilen şertnamalaryň baglaşylmagy we olaryň ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen doly üpjün edilmegi zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda başy başlanan işleriň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlanmalydygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, aýratyn-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, şeýle hem keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 129 müň 659 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi barada hasabat berdi. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda 30 müň gektara ýeralma, 10 müň gektara sogan, 1 müň 500 gektara kelem we 3 müň gektara käşir ekildi. Häzirki döwürde bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ideg etmek işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminde jemi 1 million 658 müň 915 düýp bag nahallary oturdyldy. Şol bir wagtyň özünde olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam edýär. 

                                                                   

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, şu ýyl jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagynda, ilatyň saglygynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan tokaý zolaklarynyň çäginiň giňeldilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ekilýän baglara edilýän idegleriň bildirilýän talaplara laýyk alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeler berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir diýip belledi we bu işleriň netijeli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.04.2022