Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň geljek 30 ýylky ösüşleriniň baş ýörelgesine öwrüldi. Oňa laýyklykda, şeýle-de häzirki wagtda dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigi, dünýä bazarlarynyň we söwda akymlarynyň üýtgäp durýandygy göz öňünde tutulyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda we onuň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny artdyrmakda bitiren beýik işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşynda ýurdumyzy ösdürmek we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak babatdaky garaýyşlary Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň ylmy çeşmesine öwrüldi.
Maksatnama 7 bapdan ybarat bolup, onuň esasy maksatlary hökmünde şu derwaýys meseleler öňe çykýar: hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny kepillendirmek, ilatyň bähbitlerini goramak, raýatlaryň durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek; ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek hem-de sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady ýerleşişiniň amatlyklaryndan doly peýdalanmak; Türkmenistanyň agrar döwletden senagatlaşan ýurtlaryň birine öwrülýändigini nazara alyp, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak; Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek; telekeçiligi goldamak, işewürligi kämilleşdirmek, hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly ulgamyny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler esasynda milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilikleri artdyrmak, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegini işjeňleşdirmek, pudaklarda kiçi we orta telekeçilik işini giňeltmek; ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek.
Prezident Maksatnamasynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýy seljerilip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösdürmegiň döwlet syýasaty kesgitlenilýär. Oňa laýyklykda, jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi, zähmet öndürijiligi, ilatyň girdejileri we durmuş şertleri ösen ýurtlaryň derejelerine ýetiriler. Munuň üçin ykdysadyýetiň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny dowam etdirmek we ýokary tehnologik önümçilikleriň ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary hünär derejesi bolan işgärler bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Gaz pudagynda göz öňünde tutulýan çäreler Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamaga, gazyň bütindünýä sanawyna goşulan gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmäge, deňiz ýalpaklygynda we kenarýaka zolakda ýakyn ýyllarda «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly ýataklaryny özleşdirmäge we olary bu ugurdaky iri taslamalara çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge, degişli önümçilikleri gurmak arkaly uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilmeginiň çygryny giňeltmäge gönükdiriler.
Nebitiň çykarylyşynyň artdyrylmagy Balkanýaka we Gögerendag — Ekerem sebitlerindäki çuň ýerleşen gatlaklaryň, şeýle hem Hazarýaka sebitinde täze ýüze çykarylan zolaklaryň özleşdirilmegi bilen baglanyşdyrylar.
Gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary pudagyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak, import edilýän materiallaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek arkaly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda önümleriň görnüşlerini giňeltmekden we möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.
Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylýan döwründe eksporty artdyrmaga we içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen kärhanalar işe giriziler. Senagatyň pudaklaýyn gurluşynda gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň paýy artar.
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly sarp edijilere ýetirmek üçin onuň öndürilişini artdyrmaga, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmäge, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmaga, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek arkaly, sebitleriň energiýa ulgamlarynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler alnyp barlar.
Himiýa senagatynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan täze önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda himiýa önümleriniň, şol sanda mineral dökünleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işleri dowam etdiriler.
Gurluşyk pudagyny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde «akylly» şäher we «akylly» jaý ulgamlary, şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalary arkaly dolandyrylýan jaýlaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagy işjeňleşdiriler.
Awtoulag ýollarynyň we olaryň ugrundaky desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýol ulgamynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirer hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşine itergi berer. Türkmenabat — Gazojak — Daşoguz, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi, Mary — Serhetabat, Gumdag — Esenguly — Etrek — Gidrolum awtoulag ýollarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan maksatlaryndan ugur alyp, üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak, aragatnaşyk we milli kosmos ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onda gurnalýan enjamlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyklygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşine we jemgyýetçilik hyzmatlar ulgamynyň kämilleşmegine itergi berer.
Maksatnamalaýyn döwürde azyk önümlerini, ilkinji nobatda, ter önümleri uzak möhletleýin saklamak, gaplara gaplamak, daşamak we ýerlemek ulgamlary ösdüriler. Ekerançylyk işleriniň ylmy esasda alnyp barylmagy, toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleriň etraplaşdyrylmagy dowam etdiriler.
Azyk senagatynyň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy çig maly galyndysyz gaýtadan işlemegiň täze innowasion tehnologiýalary esasynda alnyp barylmagy bilen bagly bolar. Oba hojalyk önümlerini we azygy saklamagyň hem-de daşamagyň döwrebap usullary ornaşdyrylar. Azyk önümçiliginde ýerli çig mallaryň ulanylmagy serişde tygşytlamaga we azyk senagatynyň önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwy hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwuň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga hem-de aradan aýyrmaga, suw obýektleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler alnyp barlar. Şeýlelikde, Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde 2028-nji ýyla çenli döwürde ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,7 göterimden pes bolmadyk derejede gazanmaga mümkinçilik dörär. Ýurt boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy ýokarlanar we onuň möçberi (ýerlemegiň ähli ugurlary boýunça) 14,5 göterim artar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,9 esse artyp, aratapawut 1,9 esse ýokarlanar. Jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýy 72 göterime ýeter. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdüriler.
Durmuş ugurly ykdysady syýasat dowam etdiriler, milli ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça işler ilerlediler. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolan sebitleýin syýasat ýurduň sebitlerini gyradeň ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga we halkara ölçeglere laýyk getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady ösüşi ýokary derejede saklanýar. Bu işleriň netijesinde zähmet haklarynyň möçberi 1,8 esse artar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler, ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdany 102,2 göterim artar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, umumy bilim edaralarynyň 54-si, ýokary hünär bilimi edaralarynyň 4-si, 10 sany döwrebap hassahana gurlar, 7 sany medeniýet öýi bina ediler. Prezident Maksatnamasynda öňde goýlan sepgitlere ýetmek maksady bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we täzelemäge, durmuş ulgamyny ösdürmäge 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar gönükdiriler.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen başlangyçlary hem-de asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmeleri Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny berkider, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün eder.
Atajan ATAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy.