Köpgurluşly ykdysadyýetimiziň ädimsaýyn berkemegine, ony ösdürmäge tarap alnan ugurda himiýa senagaty işgärleriniň paýyna uly wezipeler düşýär. Ýurdumyzyň baý çig mal serişdeleriniň özleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň bähbidinedir. Ýurdumyzyň dürli künjeginde çig mal ýataklary ýeterlik, olarda ýokary hilli we düzümi baý bolan magdanlaryň uzak ýyllaryň dowamynda egsilmejek gory bar.
Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek geljegi uly bolan himiýa industriýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda geologiýa-gözleg işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäginde kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň baý gorlary bar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy esasynda Lebapda hem himiýa senagaty çalt depginlerde ösdürilýär. Çig mallaryň gaýtadan işlenilýän we baýlaşdyrylan görnüşleriniň möçberi artýar. Bu ugurda zerur bolan önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde olaryň täze görnüşlerini çykarmak pudagyň ösüşinde baş maksat bolup durýar. Pudagy ösdürmegiň çäklerinde mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň önümçilik binýatlary emele getirildi. Täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Geçen ýyllarda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň durkunyň täzelenilmegi önümleriň görnüşlerine we hiline oňyn täsirini ýetirdi. Welaýatymyzda oba hojalyk ekerançylygy üçin zerur bolan mineral dökünleri öndürmegiň möçberi soňky ýyllarda ep-esli artdy. Halk hojalygy üçin möhüm bolan önümçilikler gurulýar. Zawodda kükürt kislotasyny öndürýän toplum işleýär. Bu önümçiligiň halk hojalygyna berýän peýdasy uludyr. Ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge barabar bolan toplum ýurdumyzyň bu önüme bolan zerurlygyny doly kanagatlandyrýar. Şu ýylyň geçen döwründe kükürt kislotasynyň 58 müň tonnadan gowragy öndürilip, buýrujylara ugradyldy.
Dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlylyklary artdyrmak ýurdumyzda ileri tutulyp ösdürilýän esasy ugur saýylýar. Dökünler ekerançylygyň ösmegine uly ýardam berýär. Şonuň netijesinde toprakdan bereketli hasyl alynýar. Şu ýyl Lebap topragynda 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ekinleri iýmitlendirmek, ýerleri gurplandyrmak üçin mineral dökünleriň zerur bolan möçberi öndürilýär. S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň başyndan bäri ammonili superfosfatyň 150 müň tonnadan gowragy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy. Zawodyň hünärmenleri oba hojalyk işgärleriniň esasy hemaýatkärleridir. Olar her ýylda daýhanlary ekinleriň kadaly ösmegi we hasyla durmagy üçin wajyp bolan fosforly dökünleriň 270 müň tonnadan gowragy bilen üpjün edýärler.
Kärhanada garyşyk mineral dökünleriň öndüriljek günleri hem daşda däl. «Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda garyşdyrylan mineral dökünleri öndürýän önümhanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara laýyklykda ýörite işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünler giňden peýdalanylýar, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklary bar. Ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmegiň meýilleşdirilmegi ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir. Şu maksat bilen Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Kärhanada oba hojalygy üçin zyýansyzlandyryjy serişde bolan «Kükürtli» himiki serişde, şeýle hem lukmançylyk we tehniki kislorod önümçiligi ýola goýuldy. «Kökçi» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde öndürilýän akkumulýatorlar hem uly islegden peýdalanýar. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň golaýynda hereket edýän «Kökçi» hojalyk jemgyýeti geçen ýylda 27 million 898 müň 601 manatlyk önüm öndürdi.
Hojalyk jemgyýetiniň öndürýän akkumulýatorlaryna isleg barha artýar. Bu ýerde «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly akkumulýatorlar öndürilýär. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär. Akkumulýatorlar awtoulaglaryň ýeňil, şeýle hem ýük daşaýan görnüşlerine niýetlenilýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümlerine diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilýär. Geljekde öňdebaryjy tehnologiýalaryň hasabyna önümçiligiň kuwwatyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Dökünlere barha ösýän islegleri kanagatlandyrmakda döwrebaplaşdyrylýan senagat düzümleriniň üstüne uly paý düşýär. Dürli maksatly, il-ýurt bähbitli desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwaty ýene-de artar. Üstesine, dünýä bazarlaryna çykmak üçin amatly şertleriň uly toplumy emele gelýär. Senagat toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we innowasion häsiýetde ýola goýulmagynyň önümçilige we onda meşgullanýanlaryň durmuşlaryna ykbal özgerdiji täsirleri ýetirýändigini hem aýdyp geçeliň. Innowasion häsiýetli önümçiligiň guralmagy diňe bir önümleriň hilini ýokarlandyrman, eýsem, zähmeti hem has ýeňilleşdirýär, iş öndürijiligini-de has artdyrýar.
Ilmyrat DÖWLETOW.