Halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda döwletimiziň geljekki ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Bu resminamalarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen il-ýurt bähbitli başlangyçlar, giň gerimli taslamalar aýdyň beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçilikleriniň giňemegine hem-de milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine giň şertler döreýär. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň rowaçlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, oňa öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary yzygiderli ýokarlandyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda goýýar. Hut şu nukdaýnazardan hem Arkadagly Serdarymyzyň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi sapary hem-de Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary aýratyn uly syýasy we ykdysady ähmiýete eýe bolup durýar. 

                                                                   

Dostlukly ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we tygşytly peýdalanmak baradaky Ylalaşyk, 2022 — 2025-nji ýyllar üçin senagat söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam etdirmegi milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny şertlendirýär. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.