Milli ykdysadyýet — kämil binýat

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi  Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhlete niýetlenen maksatnamalarynda esasy orny eýeleýär. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak we şol birwagtda täze iş orunlaryny yzygiderli döretmek boýunça uly tagallalary edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar» diýip bellemek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etmegi özüniň esasy maksatlarynyň hatarynda goýdy.  

                                                                   

«Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, goramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän merkezi döwlet dolandyryş edarasy bolup durýan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» portaly açyldy. Bu portalda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler üçin özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Bar bolan boş iş orunlarynyň maglumatlary yzygiderli gazetlerde çap edilip hem-de internet sahypasyna ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirilip durulýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary işe çekmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, eýeçiligiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýuridik taraplar hem-de hakyna tutma zähmeti ulanýan şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmaga çekilen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň sany şol taraplaryň işgärleriniň umumy sanynyň ýüzden on böleginden köp bolmaly däldir. Bu kadanyň girizilmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň boş iş orunlaryny eýelemäge bolan artykmaç hukugyny üpjün edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, täze döwrebap iş orunlaryny döretmegi, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini ençeme ýyllar öňünden meýilnamalaşdyrýar, hünär bilim ulgamy kämilleşdirilýär, zähmet bazarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimiň, täze tehnologiýalaryň ösen derejesi göz öňünde tutulyp, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler boýunça hünär ugurlary açylýar. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» «Ilatyň durmuş we zähmet taýdan üpjünçiligi, adam maýasyny ösdürmek» atly 22-nji bölüminde geljek otuz ýylyň dowamynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler kesgitlenýär. Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlarynyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň birinji sahypasynda «Zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş hyzmatlary, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik, durmuş taýdan goraglylyk» meseleleriniň goýulmagy ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ilkinji nobatda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Serdar DIWANOW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň  uly mugallymy.