Açyk gürrüň. Bir saý-sebäp bilen 5-10 ýyldan bäri Türkmenabat şäherinde bolup görmedik kişi uçar Halkara howa menziline gonandan, başga bir ýere gelendirin öýder. Sebäbi onçakly uzak wagty alyp oturmagyň geregi hem ýok, diňe soňky dört-bäş ýylyň içinde hem welaýat merkezi, şol sanda Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugry şeýle bir özgerdi welin, gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däl. Öňki ymgyr çägelik ýerler içinde ýaşamak üçin ähli amatlylyklary bolan owadan ýaşaýyş jaý toplumyna öwrüldi. Ýakyn günlerde olaryň üstüni ýene-de 100 sany kottejden we 40 sany köpgatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan medeni-durmuş maksatly desgalar doldurar.
Ýurdumyzyň ilatyny ýokary derejeli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji güni hem her maşgalany aýratyn ýaşaýyş jaýy ýa-da hususy öýi bilen üpjün etmek wezipesiniň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklajakdygyny aýdypdy. Şondan bäri geçen gysga döwürde ýurdumyzyň ýaşaýjylary bu aýdylanlaryň hakykat ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilip başlandygyna şaýat boldular. Eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlary ulanylmaga tabşyryldy, ençemesiniň gurluşygy güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurulýan hersi 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy hem bar. Onuň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanypdy. Indi olaryň açylyp, ulanylmaga berilmegine az wagt galdy. Has takygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öň ýanynda maşgalalaryň 1280-si täze öýlere göçüp bararlar. Jaýlary bu ugurda uly tejribe toplan gurluşyk kärhanalarynyň bina edýändikleri, olaryň zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen wagtly-wagtynda üpjün edilýändigi açylyş dabaralarynyň hut bellenilen möhletde guraljakdygyna güwä geçýär. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 10, 16, 18-nji gurluşyk-gurnama müdirlikleri, «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy, «Demirbetonönümleri» kärhanasy, «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bu gurluşyklaryň potratçylarydyr. Toplumda «Zehinli ussa», «Jöwher gala», «Ýyndam gurluşyk», «Dowamly nyşan», «Asuda nesil», «Saldamly goşant» we ýene-de birnäçe hususy kärhanalaryň hünärmenleri hem zähmet çekýärler.
Şu günler «Türkmenabat — Kerki» demir ýolunyň günorta tarapynda gurulýan desgalarda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Häzirki günlerde bu ýerde dürli tehnikalaryň 241-sinden netijeli peýdalanylýar. Binalaryň ählisinde hünärmenleriň 1044-si sazlaşykly işläp, jaýlaryň bellenilen möhletde ulanylmaga tabşyrylmagyny gazanýarlar. Agzybirlikde çekilýän zähmetiň netijesinde bolsa işler gün-günden ilerleýär.
Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda azyklyk harytlaryň dükany, hyzmatlar öýi ýaly medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň gurulýandygyny, şeýle-de jaýlaryň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylýandygyny hem bellemek gerek. Bir söz bilen aýdanymyzda, öň çäge basyp ýatan meýdan indi bagy-bossanlyga, lälezarlyga öwrülýär. Ýene-de sanlyja günlerden Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary ajaýyp özgertmeleriň şaýatlary bolarlar.