Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmek maksady bilen, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrlmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň bilermen baha-berijiler toparynyň Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary Sergeý Teterukowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen bilelikde ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň başlygy Döwran Halbaýew, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirligini başlygy Galina Romanowa, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň Halkara bölüminiň başlygy Maksat Kutlymyradow, Halkara bölüminiň baş hünärmeni Nurmämmet Seýitliýew dagylar  gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda ministr Muhammetgeldi Serdarow myhmana ýurdumyza iş sapary bilen gelenine minnetdarlygyny bildirip, ministrligimiz tarapyndan milli ulgamy kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Hususanda ministr Muhammetgledi Serdarow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi  tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylan 2015-2017-nji ýyllar boýunça we 2018-2020-nji ýyllar boýunça Töwekgelçililere baha bermek çäreleri barada gürrüň berdi.Ol bu çäreleriň netijesinde ýurdumyzda bar bolan töwekgelçilikleri ýüze çykarmak, olary peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada, şeýle hem bu çäräniň ýurdumyzda  pudagara hyzmatdaşlygy berkitmäge, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga we olar tarapyndan Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny has içgin düşünmäge we ygtybarly peýdalanmaga ýardam berdi diýip belledi. 

      «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy alnyp barylýan bu işiň, milli ulgamymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini belläsim gelýär» diýip ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem ol Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek, bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmek töwekgelçiligine baha bermek, şol sanda täze tehnologiýalary we sanly usullary ulanmak bilen baglanyşykly toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny göz öňünde tutup, bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça tehniki ugurlar boýunça işleriň güýçlendirilendigini habar berdi.

Sözüniň dowamynda ministr Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanda milli ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin kesgitlenen töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin pudagara hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dowam etdirilýändigini belläp ministrligiň ähli tagallalarynyň Milli ulgamynyň netijeliligine we howpsuzlygyna gönükdirilendigini belledi.

        Şeýle-de ol Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň milli ulgamy kämilleşdirmek boýunça degişli pudaklarda syýasat meselelerini utgaşdyrylýandygy, ätiýaçlandyryş, audit, baha kesmek, gymmatly kagyzlar pudagyndaky işler söwda ýaly işleriň käbir görnüşlerine gözegçilik edilýändigi we ministrligiň işgärleriniň milli we halkara derejesinde bu ugurda işjeň iş alyp barýandyklary we umuman alanyňda, bar bolan howplaryň öňüni almaga çalyşýandyklary barada habar berdi.

     Mundan başga-da, ministr Muhammetgeldi Serdarow Hormatly Prezidentimiziň bu meseläni ileri tutýandygyny belläp, ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji maslahatynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bellenen sebitdäki howpsuzlyga abanýan 4 sany esasy howplar barada gürrüň berdi we Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýakyn wagtda Merkezi Aziýa sebitindäki Howpsuzlyk gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça ýol kartasynyň işlenip düzüljekdigi barada habar berdi. 

Soňra duşuşygyň dowamynda Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary jenap Sergeý Teterukow çykyş edip agzalan özara baha beriş çäresini geçirmäge hem-de Türkmenistana bilermen baha-berijileriň gelmeklerine ýardam berendikleri üçin ministre minnetdarlygyny bildirdi we Ýawraziýa toparynyň başlygy jenap Çihançinyň salamyny we minnetdarlygyny bildirdi.

Jenap Sergeý Teterukow öz çykyşynda, Türkmenistan bilen, hususanda ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Ýewraziýa toparynyň arasyndaky dostlykly uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.   

Ol düýn ýagny 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen duşuşygyň netijesinde Özara baha beriş çäresine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň taýýardyklaryna göz ýetirendigini habar berdi we bu duşuşygyň netijesiniň oňaýly boljakdygyna ynam bildirýändigini habar berdi. 

Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary Sergeý Teterukow özara baha beriş çäresiniň netijesinde taýýarlanjak hasabatyň Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň ählisiniň garamagyna iberiljekdigini we olar bilen ylalaşylan netijede taýýarlanjak hasabatyň ýurdyň bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça alyp barýan işiniň ýagdaýyny görkezjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem bu hasabatyň ýurdyň daşary ýurt maýa goýumlaryna hem öz täsirini ýetirip biljekdigini beýan etdi.   

Bu ugurda Ýewraziýa toparynyň FATF-yň düzümindaki abraýynyň beýikdigini nazara alyp bu ugurda Türkmenistana ýardam bermäge taýýardyklary barada Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary  habar berdi.

Soňra duşuşygyň dowamynda ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa ýurdumyz tarapynda ýuridik taraplary bellige almak we daşary ýurt maýa goýumlar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Soňra Galina Romanowa ýurdumyzda bu işleriň berk gözegçilikde saklanýandygyny belläp ýakyn wagtda bu işleri amala aşyrmaklygyň ministrligiň Salgyt müdirýetine geçirlendigini habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek – birege minnetdarlyk bildirip bu çäräni üstünlikli geçirmek boýunça iki taraplaýyn tagallalary etjekdiklerini habar berdiler.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.