Новости
Abadan durmuşyň maksatnamasy

Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty döwletimiziň okgunly ösüşini esaslandyrýan ynsanperwer ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 25-nji martyndaky sanly ulgam arkaly mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek boýunça işleriň ýaýbaňlandyrylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. 

                                                                   

Ykdysady ösüşiň täze hil derejesini gazanmakda, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çözgütleri gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirmekde, innowasiýalary goldamakda we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda täze maksatnama möhüm orun degişlidir. Bu resminamanyň esasy maksatlaryna laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlary hasaba alyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşini üpjün etmegiň täze modelini emele getirmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ykdysady-azyk howpsuzlygy üpjün ediler, döwlet maýa goýumlar syýasatynyň netijeliligi ýokarlanar, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny industrial we innowasion ösdürmegiň esasy strategik ugurlary kesgitlener. Bäsdeşlige ukyply ösen ykdysadyýet kemala getiriler, ony sanlylaşdyrmagyň ugurlary kesgitlener. Döwletiň hukuk we institusional düzümi özgerer. Ýurdumyzyň durmuş ulgamy öser. Işewürlikdir kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Täze maksatnamada bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de olary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda goňşy we beýleki ýurtlar bilen netijeli hem-de ygtybarly, utgaşdyrylan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine, dostlukly ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşygy täze sepgitlere çykarmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda özara söwdanyň görnüşlerini giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri durýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak, elektron senagatynyň önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ugurdaş düzümler bilen bilelikde telekeçiligi ösdürmek, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek babatda utgaşykly işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Eksport ugurly önüm öndürýän kärhanalary goldamak, şol sanda söwdany hem-de daşary ykdysady işi höweslendirmegiň häzirki zaman serişdelerini peýdalanmagy giňeltmek arkaly olary goşmaça maliýe taýdan ösdürmek gaýragoýulmasyz işleriň hatarynda görkezilýär. 

                                                                   

Sebit we dünýä möçberinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, hususy ulgamyň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça maksatlaýyn, iri, düzümleýin işler durmuşa geçirilýär. Maliýe-bank, býujet-salgyt hem-de pul-karz ulgamlary kämilleşdirilýär. Şunda çeýe makroykdysady syýasatyň geçirilmegine, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegine, bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň, amatly işjeňlik gurşawynyň döredilmegine, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, öňdebaryjy, halkara maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Halkara bilermenleriň pikirine görä, häzirki döwürde Türkmenistanda düýpli maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam hereket edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oňyn meýilleriniň durnuklylygy barada Halkara pul gaznasynda, Bütindünýä bankynda we beýleki abraýly halkara guramalarda, maliýe düzümlerinde bellenilýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň we beýleki makroykdysady görkezijileriň ýokary derejede saklanýandygy muňa esas bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklara we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlete dahylsyz bölegiň bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilmegi, hususy kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. 

                                                                   

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek, halka edilýän hyzmaty ýeňilleşdirmek maksady bilen ony durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda, hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmek we artdyrmak, ýerli elektron söwdany kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Olaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär. Häzirki döwürde esasy ulgamlaryň ählisine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, sanly hyzmatyň görnüşleri giňeldilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Türkmenistanda ilatyň durmuş goraglylygynyň ulgamy döredildi. Ol umumy dünýä meýillerini göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde ýurduň özboluşlylygyny, onuň taryhy, demografik we durmuş aýratynlyklaryny beýan edýär. 

                                                                   

Pensiýalar, pensiýalara goşulýan goşmaça tölegler, döwlet kömek pullary, birwagtlaýyn pul kömegi durmuş üpjünçilik ulgamynda möhüm ähmiýetli institutlar bolup durýar.  

                                                                   

Döwlet pensiýa üpjünçiligini we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan dolandyrmak, raýatlara pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemegi kämilleşdirmek, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işini öňdebaryjy halkara derejesinde guramak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň esasy maksady bolup durýar. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralary öz işini ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara baglanyşykly amala aşyrýarlar. 

                                                                   

Ýokarda getirilen maglumatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen adamyň, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň durandygyny, bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini görkezýär. 

                                                                   

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi, jemagat hojalygy ulgamlaryny özgertmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, nyrh syýasatyny oýlanyşykly amala aşyrmagyň, şahsy başlangyçlary goldamagyň, goşmaça durmuş ýeňilliklerini bermegiň hasabyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. 

                                                                   

Mähriban halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

05.04.2022
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň dowamyndaky Bilelikdäki türkmen-hindi beýannamasy

1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1 — 4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir. 

                                                                   

2. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Döwlet Baştutanlary köpasyrlyk ysnyşykly siwilizasion-medeni gatnaşyklara, dostluga, ynanyşmaga hem-de özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam edýän ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini bellediler. 

                                                                   

3. Liderler pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öz wagtynda, netijeli we açyk tagallalary birleşdirmegiň häzirki wagtda dünýäniň öňünde esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Olar ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin iki ýurduň hem arassaçylyk-epidemiologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak ulgamynda işleri dowam etdirmegi barada ylalaşdylar. Taraplar COVID-19 pandemiýasy sebäpli kyn şertlerde Türkmenistanyň we Hindistanyň özara goldaw berendiklerini we raýdaşlyk görkezendiklerini kanagatlanma bilen bellediler. 

                                                                   

4. Prezidentler Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Olar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-hindi toparynyň bu ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmündäki ornuny bellediler. 

                                                                   

5. Taraplar dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler hem-de energetika, nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, maglumat we tehnologiýa, dokma, aýakgap-deri, himiýa, derman senagaty, gaýtadan dikeldilýän energetika, gurluşyk, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gymmat bahaly daşlar hem-de zergärçilik önümleri we beýleki pudaklary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlediler. 

                                                                   

6. Liderler amatly şertleri döretmegiň, işewürligi alyp barmagyň düzgünlerine gowy düşünmäge ýardam bermegiň, özara gyzyklanma bildirilýän dürli maýa goýum taslamalaryna iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň gatnaşmaklaryny höweslendirmegiň möhümdigini bellediler. Olar iki ýurduň kompaniýalaryny milli sergilere, işewürlik maslahatlaryna, işewürlik gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna ýardam berýän beýleki çärelere has işjeň gatnaşmaga çagyrdylar. 

                                                                   

7. Prezidentler energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sebitiň ykdysady ösüşi üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň bähbitlidigini belledi hem-de Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna degişli dürli ylalaşyklara «işewürligi alyp barmagyň ýörelgelerini» ornaşdyrmak arkaly taslamanyň bitewüligini, howpsuzlygyny we goraglylygyny üpjün etmek baradaky teklibini öwrenmegi ylalaşdy. 

                                                                   

8. Taraplar önümleri özara ibermekde, senagat mümkinçiliklerini artdyrmakda, sanly tehnologiýalary ulanmakda we iki ýurduň ykdysady ösüşinde ileri tutulýan taslamalara maýa goýumlaryny goýmakda gazanylan üstünlikleri kanagatlanma bilen bellediler. 

                                                                   

9. Prezidentler Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň we özara baglanyşygyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, olar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň (INSTC), Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek barada Aşgabat Ylalaşygynyň hem-de beýleki sebitleýin ulag geçelgeleriniň ähmiýetini belläp geçdiler. Olar Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary we Hazar sebiti bilen baglanyşdyryjy halka hökmündäki ähmiýetini ykrar etdiler. 

                                                                   

10. Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşulmaga taýýarlygy beýan etdi we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda harytlaryň hereketini ýeňilleşdirmek üçin Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi üçin baglanyşdyryjy geçelge bolup biljekdigini teklip etdi. Hindistanyň Prezidenti Hindistan tarapyndan işlenip taýýarlanan Çabahar portuny INSTC-niň düzümine goşmak barada Hindistanyň teklibini ýatlady. Türkmen tarapy iki ýurduň arasynda gatnawlary amala aşyrmak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini aýratyn belledi. Hindi tarapy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň barşynda beýan edilen Çabahar boýunça bilelikdäki Iş toparynyň düzümine goşulmagy üçin türkmen tarapynyň dalaşgärlik teklibini tiz wagtda bermegine garaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda sebitara ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamany döretmek başlangyjyny belläp geçdi. 

                                                                   

11. Liderler Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky köpasyrlyk medeni we siwilizasion gatnaşyklary ýatlap, birek-biregiň medeniýetine oňat düşünmek üçin medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar medeni hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna — kinofestiwallaryň yzygiderli geçirilmegine, muzeýleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga, edebiýat eserleriniň terjime edilmegine, golýazmalaryň sanly ulgama geçirilmegine, medeni mirasy arheologik taýdan öwrenmek bilen baglanyşykly dikeltmek işlerine we beýleki ugurlara uly üns bermek barada ylalaşdylar. 

                                                                   

12. Şeýle hem Liderler bu möhüm ugurda hyzmatdaşlyga esas goýjak Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilmegini goldadylar. 

                                                                   

13. Prezidentler medeni alyşmalaryň iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga we öz halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga möhüm goşant goşýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň çäklerinde Merkezi Aziýadan Hindistana ugradylýan 100 adamdan ybarat ýaşlar wekiliýetiniň düzümine görnükli ýaşlardan 20 sany wekili ibermek barada ylalaşdy. 

                                                                   

14. Liderler iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň hem-de Türkmenistanyň we Hindistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler. Türkmen tarapy hindi tarapyna Türkmenistanyň raýatlaryna Hindistanyň berýän bilim talyp haklary we mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça guraýan treningleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

15. Liderler häzirki zaman wehimlerine we howplaryna, şol sanda halkara terrorçylyga, serhetüsti terrorçylyga, ekstremizme, dinparazlyga, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna hem-de transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar öz Howpsuzlyk geňeşleriniň arasynda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň gurluşynyň çäklerinde yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň zerurdygyny bellediler. 

                                                                   

16. Taraplar jenaýatçylykly maksatlar bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň häzirki zaman dünýäsinde halkara howpsuzlygyň esasy howplarynyň biri bolup durýandygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly hukuk binýadyny döretmegiň, iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadylar. 

                                                                   

17. Taraplar sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda hem-de beýleki sebit we halkara guramalarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly berkitmäge eýerýändigini tassykladylar. Olar ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyny we onuň institutlaryny berkitmegiň möhümdigini bellediler. 

                                                                   

18. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýändigini hem-de öz ýurdy bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Prezidentler Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamany kabul edendigini bellediler. 

                                                                   

19. Liderler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda başlanan ynanyşmak we gepleşikleriň medeniýeti mowzugynyň mundan beýläk-de dünýäniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň üns merkezinde galmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanmagynyň möhümdigini belledi. 

                                                                   

20. Hindi tarapy Pariž ylalaşygyny netijeli durmuşa geçirmek üçin Gün energetikasynyň toparlaýyn, köpçülikleýin we depginli ýaýbaňlandyrylmagynda Halkara Gün Bileleşiginiň (ISA) başlangyjynyň ornuny nygtady. Şeýle hem ol adatdan daşary ýagdaýlaryň öňünde ykdysady ýitgileri azaltmak we jemgyýetiň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin adatdan daşary ýagdaýlara durnukly üpjünçilik ulgamlaryny öňe sürmekde Adatdan daşary ýagdaýlara durnukly üpjünçilik ulgamlary boýunça birleşigiň (CDRI) ornuny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti öz ýurdunyň ISA we CDRI goşulmak baradaky meseläni öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

                                                                   

21. Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Hindistanyň häzirki agzalygynda tutýan ornuny goldap, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Hindistan tarapyndan öňe sürlen we köptaraplaýynlygy özgertmäge, terrorçylyga garşy göreşmäge gönükdirilen «Wasudhaýwa kutumbakam», ýagny «dünýä bir maşgala ýaly» diýen hindi idealyna esaslanýan başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Iki tarap hem Hindistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine saýlanmagynyň ählumumy dünýä tertibine umumy garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň hem-de özara düşünişmegiň esasynda BMG-niň has derwaýys meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döredendigini nygtady. 

                                                                   

22. Taraplar ählumumy hakykaty hemmetaraplaýyn hasaba alyp, ony halkara parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerini çözmekde täsirli, netijeli we has wekilçilikli etmäge çagyrdylar. Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň awgustynda Hindistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine üstünlikli başlyklyk etmegi bilen gutlady we BMG-niň özgerdilen we giňeldilen Howpsuzlyk Geňeşine Hindistanyň hemişelik agzalygyny Türkmenistanyň goldaýandygyny tassyklady. 

                                                                   

23. Prezidentler 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň netijeleriniň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti maslahatyň barşynda öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Türkmenistanyň başlangyjyny we beýleki teklipleri belläp geçdi. 

                                                                   

 24. Saparyň dowamynda iki Prezidentiň gatnaşmagynda özara düşünişmek hakyndaky şu Ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekildi: 

                                                                   

1) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

                                                                   

2) Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

                                                                   

3) Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; 

                                                                   

4) Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Ýaşlaryň işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama. 

                                                                   

25. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň we Hindistanyň ýadygärlik poçta nyşany çykaryldy. 

                                                                   

26. Prezidentler Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowindiň saparynyň Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky gadymdan gelýän mähirli gatnaşyklary berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam edendigi, ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ugurlary kesgitländigi bilen ylalaşdylar. 

                                                                   

27. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentini amatly wagtda Hindistan Respublikasyna döwlet sapary bilen barmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

                                                                                                           

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 2-nji apreli.

04.04.2022
Türkmenistan — Hindistan: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi 

                                                                   

 Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny bellemeli. 

                                                                   

Irden belent mertebeli myhman “Ýyldyz” myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhanadan motosikletçileriň hormat nyzamynyň, soňra bolsa atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. 

 “Oguz han” köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hindi kärdeşini mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, köşgüň içine girýärler. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Hindistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. 

                                                                   

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowindi “Rowaç” otagyna geçmäge çagyrýar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, onuň ýurdumyza bu saparyna däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl şanly sene — Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň müňlerçe ýyllyk taryhynda täze döwür başlandy. Şoňa görä-de, bu şanly sene ýurtlarymyzyň durmuşynda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, ony häzirki zaman dünýä ösüşiniň ruhuna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýar. 

                                                                   

2022-nji ýyl Hindistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygyny baýram edýändigi bilen hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidentini we dostlukly döwletiň halkyny bu waka bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind mähirli garşylandygy hem-de myhmansöýerligi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmäge dörän mümkinçilige tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň türkmen halkynyň döwlet Baştutanymyza bildirýän ägirt uly ynamynyň aýdyň nyşanydygyny belledi. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň geçen ýyl bellenilen 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyny gazananyna şu ýyl 75 ýyl dolýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol özüniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesine gabat gelendigini uly buýsanç bilen nygtady. 

                                                                   

Hindistan Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammiti geçirilip, onda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys wezipeleri kesgitlendi. Şu görnüşdäki sammit ýene-de geçiriler diýip, Prezident Ram Nath Kowind sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýokary ösüş gazanandygyny belläp, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda Hindistan sanly ulgam, täze tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimize duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Hindistanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, şu gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şolarda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da biziň ýurtlarymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleri ýaly iri halkara taslamalara gatnaşyjylar bolup durýarlar. 

                                                                   

Bar bolan mümkinçiliklerden hem-de kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi. 

                                                                   

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Iki halkyň umumy taryhy, baý we özboluşly medeniýeti, köp derejede birmeňzeş däp-dessurlary ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pugta esas bolup hyzmat edýär. 

 Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar. 

                                                                   

 Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowindi ýene bir gezek mähirli mübärekläp hem-de belent mertebeli myhmana ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň Baştutany bilen ilkinji duşuşygydygyny, munuň bolsa gepleşiklere aýratyn many-mazmun berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu gepleşikleriň netijeleriniň iki dostlukly halkyň hem-de döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine, ähli ugurlardaky özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmen-hindi gatnaşyklary taryhy köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Iki halky medeni gatnaşyklar, binýatlyk ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy birleşdirýär. Baýram han, Abdyrahym han-hanan ýaly meşhur döwlet işgärleriniň atlary, Türkmenistandaky beýik hindi medeniýetiniň mirasy — bularyň ählisi köpasyrlyk gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Häzirki döwürde bu ajaýyp miras täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

                                                                   

Şu ýyl Türkmenistan we Hindistan üçin şanly senäniň bellenilýän ýylydyr. 30 ýyl mundan ozal iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyr başlandy. 

                                                                   

Hindistan Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biri boldy. Şondan birnäçe ýyl soňra bolsa Goşulyşmazlyk Hereketinde, Birleşen Milletler Guramasynda ýurdumyzyň Bitaraplygyny işjeň goldady. Türkmenistan Hindistanyň, onuň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we taýýardygyny, ýurdumyzyň saýlap alan içerki ösüş nusgasyna hem-de daşary syýasy ugruna hormat goýýandygyny hemişe duýýar we muňa ýokary baha berýär, goldawy üçin hindi tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär. 

                                                                   

Türkmenistan, öz gezeginde, Hindistany ählumumy işlerde tapawutlandyrýan netijeli we oýlanyşykly syýasatyna, onuň Aziýada hem-de dünýäde tutýan uly ornuna hormat bilen garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit derejesindäki türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň netijelidigini, onuň halkara düzümleriň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.  

                                                                   

Biz Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda makullanan halkara başlangyçlaryna goldaw berýändigi, hususan-da, energetika hem-de ulag ulgamlarynda kabul edilen Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi, Bitaraplygy ösdürmek babatdaky tekliplerimizi we hereketlerimizi goldandygy üçin hindi tarapyna minnetdarlyk bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Biz häzirki ýeňil bolmadyk dünýä ýagdaýlarynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň orny has-da artýar diýip hasap edýäris. Şoňa görä-de, bu hereketiň esasynda durýan parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürmekde hem-de ykrar etmekde hemmetaraplaýyn ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljek onýyllyklarda alyp barjak daşary syýasatynyň bäş strategik ugruny gysgaça beýan etdi. 

                                                                   

Birinji ugur — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek. Biziň maksadymyz ýakyn geljekde Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk zolaklarda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň sazlaşykly, bölünmeýän we gyşarnyksyz ulgamyny döretmek bolup durýar. 

                                                                   

 Ikinji ugur Bitaraplygy dünýä giňişliginde ösdürmekdir we öňe sürmekdir. 

                                                                   

 Üçünji ugur daşary-ykdysady gatnaşyklary gyşarnyksyz artdyrmakdyr we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekdir. 

                                                                   

 Dördünji ugur durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn goldaw bermekdir. 

                                                                   

Bäşinji ugur halkara gatnaşyklara ynsanperwer häsiýet bermäge, oňa päk ahlaklylygyň, ak ýürekliligiň we adalatlylygyň ýokary ölçeglerini girizmäge ýardam bermekdir. 

                                                                   

Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işleriniň esasy bolup durýar. Onuň häzirki döwürde bütin dünýäde ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy aýdyň ýüze çykýar. 

                                                                   

Owganystandaky ýagdaý barada aýdylanda, bu babatda Türkmenistan özüniň garaýşyny goňşy döwlete kömek we goldaw bermegiň syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda bir maksada esaslanyp emele getirýär. 

                                                                   

Ykdysady taýdan aýdylanda, Owganystanyň sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna işjeň çekilmegi, häzirki zaman dünýä hojalyk işlerine goşulyşmagy zerur bolup durýar. 

                                                                   

Ynsanperwer ugurda Türkmenistan owgan halkyna bir maksada gönükdirilen halkara ýardamy bermegiň, durmuş ulgamyny dikeltmekde we ösdürmekde goldaw bermegiň zerurdygyndan ugur alyp çykyş edýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Hindistanyň Owganystan babatdaky tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda üstünlikli geçirilen Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça dialoga we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berýär. Bu resminama owgan gün tertibi boýunça umumysebit ylalaşygyny gazanmagyň ýolunda oňat esas bolup durýar. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz ulag we energetika ulgamlaryna Türkmenistanyň türkmen-hindi ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary hökmünde garaýandygyny belledi. 

                                                                   

Ulag ulgamy babatdaky gürrüň, ilkinji nobatda, Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa geçelgelerini döretmek barada barýar. Türkmenistan çäkleri boýunça Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden bolsa Hindistana barylýan ýeke-täk örän gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda göni gepleşikleri guramak teklip edilýär. 

                                                                   

 Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna hem örän möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Türkmen tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ynanýar. Ýurdumyz bu ýerde Hindistanyň düýpli hem-de täsirli garaýşyna, taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň işini utgaşdyrmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşandyny goşmaga taýýardygyna bil baglaýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem iki ýurduň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda, şol sanda maliýe, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat, sanly we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 

                                                                   

Türkmenistan bilim ulgamynda-da hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Şol sanda Hindistanyň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasy babatdaky hyzmatdaşlyga hem-de adam mümkinçiliklerini artdyrmakda we ösdürmekde Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň teklip edýän talyp hakly maksatnamalaryna-da uly ähmiýet berýär. 

                                                                   

Hindistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky üstünliklerini ykrar edip, bu ugurda hem hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mümkinçiliklerini görýäris. Munuň özi koronawirus pandemiýasynyň bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetiren häzirki şertlerinde örän möhüm ähmiýete eýedir diýip pikir edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Sebitara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 27-nji ýanwarynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň hem-de onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ägirt uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. 

                                                                   

Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn, hususan-da, bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şoňa görä-de, iki ýurtda hem Medeniýet günlerini yzygiderli esasda geçirmek, bilelikdäki maslahatlaryň guralmagyny dowam etdirmek, iki ýurduň esasy okuw-ylmy merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklar üçin şertleri döretmek maksadalaýyk hasaplanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Hindistana hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş, doganlyk ýurt, häzirki zaman sebit hem-de dünýä gün tertibiniň köp sanly möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş döwlet hökmünde garaýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hindi kärdeşine we onuň ýanyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryna netijeli işleşmäge, ähli meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de taýýardygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň halkyna mähirli salamyny we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

 Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman özüne Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda bolmak bagtynyň miýesser edendigine şatdygyny nygtady we bu ýerde mähirli kabul edilendikleri, görkezilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Jenap Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanmagy bilen gutlady we oňa alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly ykdysady ösüş gazanandygyny nygtady we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň belent sepgitleri eýelejekdigine berk ynanýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman çykyşynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň möhüm guralynyň döredilmeginiň sebit ähmiýetli derwaýys wakadygyny nygtady. Sanly ulgam arkaly geçirilen ilkinji sammitde düýpli meselelere garaldy. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, sammit her iki ýyldan bir gezek geçiriler. Şeýle-de onuň çäginde ministrler derejesindäki we beýleki resmi duşuşyklar göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind Türkmenistanyň parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen, parlamentara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşýandygyny belläp, Hindistanyň bu ugurda türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtady. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman häzirki wagtda COVID-19 ýokanjy zerarly adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselelerini çözmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Şeýle hem Hindistanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Şunda ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täzeçil gurallaryny döretmek, şol sanda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanýar. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde derman senagatyna degişli önümleri alyşmagyň we türkmen telekeçileriniň öz önümlerini Hindistana eksport etmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň wajypdygy bellenildi. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind energiýa serişdelerine baý ýurt bolan Türkmenistanyň nebitgaz ýataklaryny yzygiderli özleşdirýändigini we nebithimiýa pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýändigini aýdyp, Hindistanyň dünýäde nebit hem-de himiýa serişdelerini gaýtadan işleýän dördünji döwlet bolup durýandygyny, hindi kompaniýalarynyň nebit ulgamynda önüm almakdaky tehniki hem-de tehnologik mümkinçilikleri babatda türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtady. 

                                                                   

Hindistanyň Prezidenti ulag ulgamynda, üstaşyr geçelgeleri döretmekde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, Hindistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde deňiz portlarynyň aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, portlaryň netijeli herekete girizilmeginiň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesiniň özboluşly dowamy boljakdygy bellenildi. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind hindi-türkmen medeni gatnaşyklarynyň gözbaşynyň asyrlara uzap gidýändigini belläp, ikitaraplaýyn medeni alyş-çalşy güýçlendirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň sebit we ählumumy geosyýasy hem-de ykdysady meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde emele gelen ýagdaý we howanyň üýtgemegi, şeýle-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmekde tagallalary utgaşdyrmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Jenap Ram Nath Kowind Owganystan meselesi barada aýdyp, oňa sebit nukdaýnazaryndan garamak üçin Hindistanyň geçen ýylyň noýabr aýynda Nýu-Delide “Owganystan boýunça sebitleýin howpsuzlyk dialogyny” geçirendigini belläp, bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Şeýle hem Hindistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Onuň tutuş sebit üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara alanyňda, taslama gatnaşyjy döwletleriň degişli meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak we bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi möhümdir. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda Hindistan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

                                                                   

Soňra belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda berýän goldawy üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýene bir ýola sagbolsun aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alşylýar. Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär. 

                                                                   

 Şeýle hem Bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasy kabul edildi. 

                                                                   

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, ilki bilen, Hindistanyň Prezidentine, hindi wekiliýetiniň ähli agzalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki tarapyň bähbidine-de laýyk gelýändigi nygtalyp, onuň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde köpasyrlyk taryhy bolan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň pugta deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýandygy aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçirilen gepleşikleriň halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny, ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň meňzeşdigini görkezendigini belledi. Biziň ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýada we tutuş Aziýa yklymynda parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge, ynanyşmagy, özara düşünişmegi ýola goýmaga çalyşýandyklary tassyklanyldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ykrar edilen halkara hukuk kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda, sebitde hem-de bütin dünýäde howpsuzlygy berkitmäge, dawaly ýagdaýlara ýol bermezlige uly ähmiýet berildi. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmek üçin berk syýasy we hukuk şertlerini döretmäge aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Türkmenistan bilen Hindistan ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga, ählumumy syýasatda ösýän ýurtlaryň ornuny berkitmäge esaslanan halkara gatnaşyklaryň adalatly we sazlaşykly ulgamyny döretmegiň tarapdary bolup durýar. Şu gün geçirilen gepleşikler bu maksatlara iki tarapyň hem eýerýändigini tassyklady. Döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk ýörelgeleriniň berkarar bolmagyny, özygtyýarlylyga we halklaryň özbaşdak ösüş ýoluna hukuklaryny goldaýandygyny görkezdi. 

                                                                   

Türkmenistan we Hindistan ähli gapma-garşylyklary, dawaly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözmegiň berk tarapdary bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň dünýä giňişligindäki özara hyzmatdaşlygynyň derejesine we häsiýetine ýokary baha berildi. 

                                                                   

Halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda birek-birege goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem Türkmenistan we Hindistan Goşulyşmazlyk Hereketinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürer. Onuň maksatlary we ýörelgeleri häzirki döwürde dünýäniň birnäçe sebitindäki çylşyrymly ýagdaýlar hem-de hereketler bilen baglylykda, aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

                                                                   

Şeýle-de taraplar halkara howpsuzlygyň täze howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegi ylalaşdylar. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa uly üns berildi. Türkmen we hindi halklary Owganystany parahat hem-de gülläp ösýän, hoşniýetli goňşy we sebitiň ähli ýurtlarynyň hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy owgan ugry boýunça Hindistanyň tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda geçirilen Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça dialoga we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berdi. 

                                                                   

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Bu taslamanyň oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin ykdysady taýdan maksada laýykdygyndan başga-da, sebitde durnuklylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek işine uly goşant goşmaga, ýurtlaryň arasynda ykdysady hem-de syýasy taýdan ýakynlaşmaga ýardam bermäge niýetlenendigi tassyklanyldy. Türkmenistanyň adyndan hindi tarapyna bu taslama üýtgewsiz goldaw berýändigi, ony amala aşyrmagyň ähli tapgyrlarynda oňyn ýörelgäni eýeleýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi. 

                                                                   

Ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, taraplar Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen, şol sanda ýurdumyzyň Hazar deňzindäki üpjünçilik ulgamlaryny ulanmak arkaly hindi deňiz terminallaryna barýan durnukly Ýewraziýa geçelgelerini emele getirmekde özara ýardam bermek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda göni gepleşikleri guramagy teklip etdi. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň 27-nji ýanwarynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň we onuň jemleri boýunça giň möçberli, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda tapgyrlaýyn waka hökmünde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti hem-de möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Gepleşiklerde medeni-ynsanperwer ulgama-da aýratyn ähmiýet berildi. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, birek-birege çuňňur hormat goýmagyň däpleri, binýatlyk ruhy gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň ýakynlygy birleşdirýär. Bu beýik hem-de ajaýyp miras häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgamda özara alyşmalar işjeň ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen nygtady. 

                                                                   

Taraplar medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary, şol sanda halklarymyzy Türkmenistanyň we Hindistanyň örän baý taryhy-medeni mirasy, häzirki döwürdäki üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly berkitmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar. 

                                                                   

Bilim we ylym ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda-da ylalaşyk gazanyldy. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk taryhynda täze tapgyryň başyny başlan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllyk şanly senesiniň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Hindistan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýä ýurtlarynyň ilkinjileriniň biri boldy. Hindistan biziň Bitaraplygymyzy ilkibaşda Goşulyşmazlyk Hereketinde, soňra bolsa Birleşen Milletler Guramasynda işjeň goldady. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, 2015-nji ýylda Aşgabatda ýadygärligi açylan, hindi milletiniň ruhy lideri Mahatma Gandiniň zorluk ulanmazlyk hem-de parahatçylykly ýaşaşmak baradaky filosofiýasynyň türkmen Bitaraplygynyň ideýa we ruhy-ahlak kökleriniň biri bolandygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň jemlerine ýokary baha berip, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni, ylmy, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowinde, hindi wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli işleşilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, munuň Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji, şeýle hem Türkmenistanyň täze we ýaş Lideriniň kabul edýän ilkinji saparydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi iki beýik halkyň arasyndaky dostlugyň netijeliligini görkezýär. 

                                                                   

Hindistanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny şanly waka hökmünde görkezdi we soňky döwürde, hususan-da, soňky on ýyldaky köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda hindi-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar dürli sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşdylar, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalary birleşdirmegi ylalaşdylar. 

                                                                   

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolan ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplaryň özara söwda dolanyşygyny artdyrmak boýunça has köp işleri geçirmek babatda ylalaşandyklaryny nygtady. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň hem-de halkara ulag we üstaşyr geçelgeler baradaky Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi. Belent mertebeli myhman ýokary derejede geçirilen duşuşykda energetika babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtap, TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy we esasy iş ýörelgeleri bilen baglanyşykly meseleleriň tehniki hem-de bilermenler derejesinde ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem şu gün iki ýurduň Hökümetiniň arasynda Tebigy betbagtçylyklary dolandyrmak babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek arkaly, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, Prezident Ram Nath Kowind Hindistanyň Türkmenistan bilen sanly ulgam babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Kosmos ulgamyndaky gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti 2022 — 2025-nji ýyllar üçin medeniýet we sungat boýunça hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň medeni hyzmatdaşlyga ýol görkezjekdigine ynanýandygyny nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem gepleşiklerde COVID-19 pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek üçin iki ýurduň hem ýakyndan hyzmatdaşlygynyň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Belent mertebeli myhmanyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň çäginde Hindistan üçin möhüm hyzmatdaşdyr. Birinji sammit Hindistanda şu ýylyň ýanwar aýynda wideomaslahat görnüşinde geçirildi we onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind Hindistan we Merkezi Aziýa medeni hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlardan ybarat wekiliýetini Hindistana ibermegini goldaýandygyny nygtady. Şu gün gol çekilen Ýaşlar babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek babatdaky Ähtnama ýaşlarymyzyň arasyndaky alyşmalary has-da güýçlendirer. 

                                                                   

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda halkara ähmiýetli meseleler boýunça Birleşen Milletler Guramasyny goşmak bilen, sebitleýin we köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman BMG-niň özgertmeler girizilen we giňeldilen Howpsuzlyk Geňeşine Hindistanyň hemişelik agzalygyny, şeýle-de 2021-2022-nji ýyllarda Hindistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzasy hökmündäki başlangyçlaryny goldandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Prezident Ram Nath Kowind Owganystan bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, Hindistanyň Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler toplumyny öz içine alýan giň sebitleýin ylalaşygy, howpsuzlygy üpjün etmek, owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek we beýleki ugurlar boýunça başlangyçlary goldaýandygyny nygtady. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özi üçin islendik amatly wagtda Hindistana gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi. 

                                                                   

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesini jemläp, Aşgabadyň owadan we haýran galdyryjy ak mermerli paýtagt hökmünde özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda dostlukly döwletiň Baştutany Gypjaga baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we kümmede gül dessesini goýdy. 

                                                                   

Soňra belent mertebeli myhman Aşgabadyň günorta bölegindäki Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda Prezident Ram Nath Kowind mizemez türkmen-hindi dostlugynyň nyşany hökmünde nahal oturtdy. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEC) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň (ICCR) çäklerinde bilim alan we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşygy geçirildi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi iki ýurduň maksat edinýändigi tassyklanyldy. 

                                                                   

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Dabaraly kabul edişlik ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. 

                                                                   

 Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary dowam edýär. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi. 

                                                                   

Hanym Sawita Kowind özi üçin işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde bütin dünýäde şöhratlanan türkmen el haly sungatynyň ajaýyp nusgalary toplanan Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen-de tanyşdy. Myhman zenan paýtagtymyzda bolan mahaly «Gül zaman» toý mekanyna baryp gördi. Bu ýerde oňa milli tagamlar, şol sanda halkara güwänama eýe bolan “Talhan” nyşanly süýjülikler hödürlenildi. Şeýle hem toý mekanynda milli lybaslaryň görkezilişi boldy. 

                                                                   

Agşamlyk hanym Sawita Kowind paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän kaşaň Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, paýtagtymyzyň özboluşly agşamky görnüşlerini synlady.

04.04.2022
Belent maksatlar rowaçlanýar

 Eziz Diýarymyzyň ösüş ýoly barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri jemgyýetiň işjeň, döredijilik güýjüniň kuwwatlanýan, ruhunyň belende göterilýän we ýurduň hemmetaraplaýyn ösýän döwrüdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça tutumly işleriniň aýdyň netijeleri halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün edilýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, durmuş täze wezipeleri öňde goýýar. Pudaklary depginli ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça köptaraplaýyn işler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» maksady milletiň iňňän baý taryhy tejribesine we ruhy-medeni däp-dessurlaryna daýanmak bilen, ýurduň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmakdan, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakdan ybaratdyr. Bu işde halkymyzyň agzybirligi, jebisligi ilkinji zerurlyk bolup durýar we ol üpjün edilýär. 

                                                                   

 Eziz Watanymyzyň döwrüň ruhuna, jemgyýetiň talaplaryna, ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň wezipelerine laýyk gelýän häkimiýet dolandyryş edaralary netijeli işleýärler. Häzirki döwürde ähli işler ylmy esasda alnyp barylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Abadançylyk, parahatçylyk ösüş özgerişliklere eýe edýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleri iliň abadançylygy, ýurduň parahatçylygy, döwletiň berkararlygy bilen berk baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Bu günki gün dabarasy dag aşýan ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak bilen, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan beýik üstünlikler halkymyzyň kuwwatly güýje eýedigine güwä geçýär. Berkarar döwletde ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak bagtdyr. 

                                                                                                           

Oguljahan ŞAJANOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

04.04.2022
Sanly ykdysadyýet — bäsdeşlige ukyplylyk

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, ýurdumyz dünýä ykdysady ulgamyna barha işjeň goşulyşýar.  

                                                                   

Häzirki döwürde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, aragatnaşykda hem ýokary netijeler gazanylýar. Pudak dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler bar. Işi ilerletmekde öňdebaryjy döwletleriň tejribesinden peýdalanmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek meseleleri we olaryň çözgütleri «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» giňişleýin beýanyny tapýar.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň hemme ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanmak bilen, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar. Çözgütler çalt kabul edilýär. Seljermeler intellektual we maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter üýtgeýär. Adamlaryň aň-bilime we iş endiklerine bildirýän talaplary artýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk binýady babatda-da uly işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemäge hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Gürrüňi edilýän resminama pudagiçi we pudagara maglumat alyş-çalşygyny döwrebap ýola goýmagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň, dolandyryş kararlaryny kabul etmegiň netijeliligini we dessinligini artdyrmak, kagyz hem elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has yzygiderli usulyny saýlamak, maglumat alyş-çalşygynyň bitewi giňişligini döretmek, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň resminamalarynyň hasaba alynmagyny, gözegçiligini we saklanmagyny guramak, olaryň ýitirilmeginiň öňüni almak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň binýadynda maglumatyň goraglylyk we howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, elektron resminama dolanyşygynyň maglumat serişdeleriniň ýaşyrynlygyny, bitewüligini we elýeterliligini üpjün etmek ýaly maksatlary öz içine almak bilen, geljekde ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda örän ähmiýetlidir.  

                                                                   

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler täze başlangyçlara ýol açýar. Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köpdürlüligine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça «intellektual ykdysadyýet» hem diýilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şonuň üçin ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Görnüşi ýaly, ýurduň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm wezipesi, döwrüň talaby bolup öňe çykýar.  

                                                                                                           

Muhammetnazar GELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

04.04.2022
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç çagalaryň operasiýa bejergileri üçin serişdeleri bölüp bermegi dowam edýär

Gadymy döwürlerden bäri nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar — ösüp gelýän nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 

                                                                   

Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ruhy sagdynlygyny kesgitleýär. 

                                                                   

“Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ruhlanyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi hem-de olaryň gurluşyklary giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan täze edara ediş merkezinde bina edilýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi munuň aýdyň nyşanydyr. Bu ýerde döredilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň talabyna we täze taryhy eýýamyň belent döredijilik ruhuna doly kybap gelýär. Bu ýerde çagalaryň diňe bir saglygyny berkitmek däl, eýsem, olaryň dynç almaklary, höwes edýän hünärleri boýunça ukyplaryny ösdürmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemeli. 

                                                                   

Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär. 

                                                                   

Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen taryhy mejlisinde eden çykyşynda her bir döwletiň beýikliginiň onuň ukyply nesilleri ösdürip ýetişdirmegi arkaly kesgitlenilýändigini aýtdy. Döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar özleriniň gazanýan üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri bilen Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny belende götermelidirler diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de munuň üçin ähli mümkinçilikleriň we amatly şertleriň dörediljekdigini nygtady. 

                                                                   

Döwletimiz çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň hem-de olaryň ruhy ýörelgeleriniň kemala gelýändigine doly göz ýetirmek bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär. 

                                                                   

Bu gün şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarynda, netijeli ykdysady çäreler ulgamynda, ýetim hem-de ene-atalarynyň howandarlygyndan çetde galan çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirilen anyk durmuş çärelerinde, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ýokary ahlak, watançylyk hem-de raýatlyk düşünjesi ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. 

                                                                   

Milli we daşary ýurt walýutasynda açylan bank hasaplaryna kömege mätäç adamlara goldaw bermäge gyzyklanma bildirýän adamlardan gelip gowuşýan serişdeleriň möçberleri artýar. Bu bolsa pederlerimiziň kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň netijeli dowam etdirilmegine mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary bilen şu ýylyň 1-nji martynda geçiren duşuşygynda bu gaznanyň döredilen pursadyndan bäri jemgyýetimiziň we döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalaryň durmuşyna doly derejede gatnaşmak hukugyna eýe bolandygyny we munuň lukmançylyk kömegini bermekde, saglygy dikeltmekde we derman serişdelerini almakda maddy goldawyň berilmegini öz içine alýandygyny, şeýle hem ýöriteleşdirilen mekdeplerde umumy bilim almak, olary ýörite sport we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün etmek meseleleriniň göz öňünde tutulandygyny nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz türkmen jemgyýetinde hossarsyz çagalaryň ýeke galmaýandygyny belläp, dürli sebäplere görä hossarlaryny ýitiren çagalar hakyndaky aladany döwletimiziň öz üstüne alýandygyny aýtdy. Şeýle hem hossarsyz çagalara, ilkinji nobatda, oba arçynlyklary goldaw berýär. Hormatly ýaşulularyň maslahaty bilen çagalar belli bir maşgala berkidilýär. Şeýlelikde, maşgala bu çagany özüniňki ýaly görýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşi hereket edip, ol çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözülmegine gatnaşýar. Geňeşiň esasy wezipesi gazna Düzgünnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmäge, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalara kömek bermäge hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Ýaşulular geňeşiniň agzalary ene-atasyndan mahrum bolan çagalary ogullyga almak, olara at we familiýa bermek bilen baglanyşykly dürli meselelere garaýarlar. Olara bu meseleler boýunça anyk çözgütleri kabul etmek ygtyýarlyklary berildi. Ýaşulular bu işde Türkmenistanyň kanunçylygyna we milli däp-dessurlara daýanarlar. Bu çäreler çagalara olar hakynda edilýän hemmetaraplaýyn aladany duýmaga we jemgyýetde öz ornuny tapmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri ýurdumyzyň degişli lukmançylyk edaralarynda bejergi almaga mätäç çagalar, zerur bolanda, olary daşary ýurtlara ugratmak üçin ulanylýar. 

                                                                   

Gaznanyň howandarlygyndaky çagalary terbiýelemek, olara orta, ýörite we ýokary bilim bermek hem-de ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň raýatlary, dürli edara-kärhanalar we şereketler gazna öz serişdelerinden yzygiderli geçirip durýarlar. Şeýlelikde, keselli çagalaryň birnäçe çylşyrymly operasiýalary maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Adamlaryň ykbalyna dahylly bolmak ýaly ýörelgede nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly dessurlaryna üýtgewsiz eýerdi we öz aýlygynyň bir bölegini Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna yzygiderli geçirdi. 

                                                                   

Bu gaznanyň esaslandyrylan gününden bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda giň gerimli işler geçirildi. 

                                                                   

Geçen ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze, häzirki zaman “Tiz kömek” awtoulaglary berildi. 

                                                                   

Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarynda terbiýelenilýän we okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Geçen döwürde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan çagalaryň 25-siniň ýüregini, bogunlaryny we gözüni operasiýa etmek üçin maliýe serişdeleri bölünip berildi. Şeýle hem emeli beden agzalary, eşitdiriş enjamlary, maýyplar üçin ýörite çaga arabalary satyn alyndy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda-da bu ynsanperwer ýörelge netijeli dowam etdirilýär. 

                                                                   

Ýakynda ýurdumyzyň iň döwrebap hassahanalarynda — Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda hem-de Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan ýene 10 çaga operasiýa edildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirildi. Häzir näsag çagalaryň ählisi-de iň gowy lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde lukmançylyk edaralary tarapyndan doga näsag çagalaryň ýüregini we ýürek damarlaryny operasiýa etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olary hem Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirildi. 

                                                                   

Ýaş türkmenistanlylar, olaryň ýakynlary we hossarlary, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri ýaş nesilleriň sagdynlygy we abadançylygy hakynda edilýän ýadawsyz tagallalar, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda çagalaryň durmuşy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we ukyplaryny açmaklary ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de bu işleri mynasyp dowam etdirijä — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýärler. 

                                                                                                           

(TDH)

04.04.2022
Täze maksatnama: anyk maksatlar we wezipeler

Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata Watanymyzy geljek 30 ýylda ösdürmek meselelerine garalyp, örän möhüm resminamalara gol çekildi. Onda uzak möhletleýin resminama — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Hususan-da, bu maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň anyk ugurlaryny we täze wezipeleriň ençemesini öz içine alýar. 

                                                                   

Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hyzmat etjek täze maksatnama geljek 30 ýylda ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam berer. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip aýratyn nygtaýar. Şu jähetden, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 25-nji martynda geçirilen Hökümet mejlisinde agzalan resminamanyň durmuşa geçirilişiniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyna üns çekildi. Mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlary agzybirlikde üstünlikli amala aşyrmak babatda täze wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Bu Hökümet mejlisinde kesgitlenen wezipeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmakdan, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, täze önümçilikleri ýola goýmakdan, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipeleriň hatarynda häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýup, elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek hem-de artdyrmak, dokma senagatynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem bar. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberiniň has-da artmagyna, ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde durmuş-ykdysady taýdan we ählitaraplaýyn ösen, ýokary kuwwaty bolan senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine doly mümkinçilik berer. 

                                                                                                           

Aýjeren DURDYGYLYJOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

02.04.2022
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. 

                                                                   

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Hindistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. 

                                                                   

Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň maşgalasyna duz-çörek hödürlediler we gül çemenini gowşurdylar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hindistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň taryhynda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk, şeýle-de şanly seneleriň ikisiniň — türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda geçirilýändigi bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Gysga döwrüň içinde biziň ýurtlarymyz asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdiler. Milli döwletlilik gazanyldy, durmuş-ykdysady ösüşiň täze nusgasy döredildi, oňyn halkara tejribe toplandy. Häzirki wagtda Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dost we möhüm hyzmatdaşdyr, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biridir. Şu gezekki sapar hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulan ýokary derejedäki gepleşikler soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler. 

                                                                   

...Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar. 

 Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Hindistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar. 

                                                                   

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugraýar. 

                                                                   

2-nji aprelde Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-hindi duşuşygynyň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr boljakdygy şübhesizdir. 

                                                                   

Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklar çuňňur taryhy köklere we taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp berkidilýär, şol sanda köptaraplaýyn esasda pugtalandyrylýar. Türkmen-hindi hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň ugry boýunça gatnaşyklar iki dostlukly ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge pugta ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Statistiki maglumatlar, döwlet, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen köp sanly resminamalary birleşdirýän ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de geçirilýän syýasy geňeşmeler we dürli düzümleriň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar munuň mysaly bolup biler. 

                                                                   

Dürli derejedäki duşuşyklaryň barşynda taraplaryň ýola goýlan syýasy gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanylýar. Özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklary yzygiderli berkitmek boýunça anyk ädimler kesgitlenilýär. 

                                                                   

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň işine uly ähmiýet berilýär. Onuň mejlisleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, ileri tutulýan taslamalar ara alnyp maslahatlaşylýar. 

                                                                   

Ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni, ruhy we taryhy gatnaşyklar onuň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik ogullary Baýram han we Abdyrahym han-hanan Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazdylar. Hindistanyň halky olaryň mirasyna, hindi paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi ýaly meşhur taryhy-binagärlik ýadygärligine uly hormat-sarpa goýýar. Iki ýurduň alymlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri döwletleriň ikisinde geçirilýän halkara maslahatlaryň, festiwallaryň we sergileriň işine işjeň gatnaşýarlar. 

                                                                   

Bilim we ylym ulgamlary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde talyplar hindi dili hünäri boýunça okadylýar. 

                                                                   

Umuman, Türkmenistan we Hindistan köpugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýedir. Şolardan netijeli peýdalanmak iki ýurduň arasynda has berk we ygtybarly dostluk köprülerini, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder. Prezident Ram Nath Kowindiň şu gezekki döwlet sapary bu gatnaşyklara täze, kuwwatly itergi bermäge, onuň möhüm ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, şol sanda täze geljegi uly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Mahlasy, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam eder.

02.04.2022
Türkmen ýody

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ösdürmekde ylmy açyşlara, täze tehnologiýalara döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Olaryň önümçilige, gündelik durmuşymyza ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ykdysadyýetiň binýatlyk sütünleriniň hatarynda durýan nebitdir gazdan başga-da, Hak nazary düşen mukaddes topragymyzyň goýnunda, nebitdakylyň, bromuň, sulfatyň, kükürdiň, kaliý, natriý ýaly duzlaryň, gazylyp alynýan başga-da ençeme baýlyklaryň gorlarynyň ýeterlik derejede bolmagy ata Watanymyzy juda gysga wagtda dünýäde himiýa senagatynyň depginli ösýän künjekleriniň birine öwürdi. Bu buýsançly hakykat gymmatly önüm bolan ýod önümçiligi babatda-da şeýledir. Dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän bu önüm Balkan welaýatynda taýýarlanylýar. Aslynda, nebitiň ägirt uly geljeginiň bir bölegi gönüden-göni himiýa pudagyna degişlidir. Himiýa senagatyna degişli çig mallaryň gymmatly görnüşleriniň Zeminde iň köp toplanan ýerleriniň biri hökmünde Garabogaz aýlagyny görkezmek bolar. Bu aýlag mineral serişdeleriň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aýlagdaky duz erginleri we duz çökündileri, şor suwlar, natriý sulfaty, kaliý, magniý, brom, bor, litiý, rubidiý, stronsiý, ýod we beýleki minerallaryň ätiýaçlyklarynyň ygtybarly çeşmesidir. 

                                                                   

Ýokary derejede minerallaşan ýerasty ýod-bromly suwlar gymmatly gidromineral çig mallaryň hatarynda durýar. Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz döwletimiz sebitde ilkinji, tutuş dünýäde dördünji bolup öz ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdur. Bu mukaddes önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur çig malyň öz Diýarymyzdan alynýandygy has-da guwandyryjydyr.  

                                                                   

Dünýä bazarlarynda islegli harydyň çig mal kuwwatlylygy, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň deňsiz-taýsyz suwy bilen baglanyşyklydyr. Geljekde bu uly mümkinçilikden has netijeli peýdalanyljakdygy-da hakykatdyr. Häzirki wagtda welaýatda ýod önümçiligi boýunça üç kärhana hereket edýär. Olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Bu kärhanalarda öndürilýän ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilip, önüm hemişe ýokary islegden peýdalanýar.  

 Eýsem, gürrüňini edýän ýodumyzyň aňyrsy näme?! Ol Mendeleýewiň periodik tablisasynyň VII toparyndaky himiki element, galogenleriň biridir. Ýody 1811-nji ýylda fransuz himigi Bernar Kurtua açýar. Ol deňiz suwotularynyň külüniň esasy şor erginini konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen gyzdyranda, gara reňkli, ýylpyldaýan plastinkajyklar şekilli kristal görnüşdäki melewşe («ýod» — «melewşe» sözünden gelip çykýar) buguň bölünip çykýandygyny görýär. Biosferada, aýratyn-da, deňizde ýaşaýan bedenjikleriň ýod toplaýandygy-da mälimdir. Şunda ýoduň esasy rezerwuary hem dünýä ummany hasaplanýar (bir litrinde orta hasap bilen 5 — 105 gr). Juda seýrekdigine garamazdan, ýod tebigatda giňden ýaýran himiki elementdir. Onuň ätiýaçlyk gorunyň agramly böleginiň Çili we Ýaponiýa döwletleriniň kenarýaka suwlaryna degişlidigi aýdylýar. Maglumatlara görä, Çilide tehniki ýoduň her ýylda öndürilýän möçberi 720 tonnadan geçýär. Şu ýerde başga bir maglumata üns bereliň. Geçen ýyl ýurdumyz boýunça öndürilen tehniki ýoduň möçberi 745,7 tonna deň boldy. Şonuň 170 tonna golaýy «Balkanabat» ýod zawodyna, 239 tonnadan gowragy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetine, 338 tonna golaýy «Bereket» ýod zawodyna degişlidir. Dünýä kartasyna nazar aýlanyňda, taýýar tehniki ýody dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly künjekde ýerleşýändigine göz ýetirmek kyn däldir. Şu ýylyň geçen iki aýynda welaýat boýunça gymmatly önümiň 121 tonna barabarynyň taýýarlanyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 107 göterime golaý ýokarlandyrylmagy bu ugurda bitirilýän işleriň dowamat tapýandygyndan habar berýär. 

                                                                   

Tebigatdaky ýod birleşmeleriniň bir bölegi ýerasty suwlara geçýär. Ony almak üçin peýdalanylýan ýodly-bromly suwlara günbatar Türkmenistan örän baýdyr. Balkan eteginiň ýerasty suwlarynda 25 — 45 mg/l, Gumdagyň ýerasty suwunda 40 — 50 mg/l, Çelekeniň, Monjuklynyň, Gyzylgumuň, Boýadagyň ýerasty suwlarynda 25 — 33 mg/l ýoduň bardygy anyklandy. Ol suwlaryň ählisi-de tehniki ýody senagat möçberinde almak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ýodly-bromly suwlar nebit känleri üçin aýratyn häsiýetlidir. Şeýle suwlaryň käbiriniň bir litrinde 100 mg-dan gowrak ýod bolýar. 

 Ýod ynsan bedenine zerur mikroelementleriň biridir. Onuň ýetmezçiligi adamda galkan görnüşli mäziň kesellemegine getirýär. Adamyň we haýwanlaryň bedeniniň gije-gündiziň dowamynda ýoda talaby olaryň agramynyň 1 kilogramyna 3 mkg çemesidir. Iýmitde we suwda ýod ýetmezçilik edende, 1 tonna duza 10 — 25 gr ýodly kaliý goşulyp ulanylýar. Düzüminde ýod bolan dökünleri ulanmak oba hojalyk ekinlerinde hasyllylygyň mukdaryny artdyrýar.  

                                                                   

Gymmatly çig maly gaýtadan işläp, harytlyk görnüşe getirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylyp gurlan «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Bereket» ýod zawody bu gün tutuş sebitde giňden tanalýan kärhanalaryň biri bolup durýar. Onuň ýyllyk kuwwatlylygy ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada taýýarlanýan ekologik taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýol işlerinde juda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyň we galamlarynyň lukmançylykda zerur halatlary köpdür.  

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan hususy kärhanalar hem ýurdumyzda tehniki ýoduň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Çalja» meýdançasynda gurlup işe girizilen ýod zawody muňa aýdyň mysaldyr. Kärhanada taýýarlanýan tehniki ýoduň ähli möçberi ýörite himiki serişde bilen arassalanyp, dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Bilşimiz ýaly, ekologiýa babatda juda arassalygy bilen tapawutlanýan türkmen tehniki ýody senagat pudagynda reňkli metal, sintetik kauçuk, reňk, lak, kombinirlenen iým, däri-derman taýýarlananda juda zerur bolup durýan önümdir.  

  Türkmen ýodunyň önümçiliginiň ýola goýluşynyň taryhyna gysgaça nazar aýlalyň. Balkanabadyň ýod zawody 1969-njy ýylda önüm berip ugraýar. Eýýäm 1975-nji ýylyň sentýabrynda bu ýerde öndürilýän tehniki ýod SSSR Döwlet standartynyň hil belgisine mynasyp bolýar. Ýeri gelende aýtsak, öňki Soýuzda öndürilýän ýoduň tas deň ýarysyna barabary bizde taýýarlanypdyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täze enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylan kärhana gysga döwrüň dowamynda ýoduň «A» we «B» kysymlarynyň hilini gowulandyrmagy başardy. Ýoduň has gymmatly görnüşi bolan «Ç» kysymy köp möçberde öndürilip başlandy. Ol lukmançylyk ýoduny taýýarlamakda giňden ulanylýar. 1994-nji ýylyň awgust aýyndan arassa tehniki ýody almak ýola goýuldy. Kärhana ýokary hilli önümi üçin 1998-nji ýylda «Platin ýyldyzy» atly halkara baýragyň eýesi boldy. 2000-nji ýylda bu önümçilige Madridde «Hil üçin» diýen halkara baýrak gowşuryldy. Häzirki wagtda öndürilýän «A» kysymly tehniki ýoduň 99 göterimi, «Ç» kysymly ýoduň 98,5 göterimi arassa hasaplanýar. 1998-nji ýylda gurlan Boýadag ýod zawody 2002-nji ýylda Balkanabat ýod kärhanasyna birleşdirilýär.  

                                                                   

Hazar himiýa zawody ýod we brom işläp çykarýan kärhanalaryň ýene biri bolup, ol 1932-nji ýylda Çeleken ýarym adasynda gurulýar. Nebit bilen birlikde çykarylýan suwlaryň 1 litrinde bromuň 400 — 500 mg-a, ýoduň 25 — 30 mg-a çenlisiniň bardygy anyklanýar. Kärhana ýokary hilli önümleri üçin Meksikanyň bazar gatnaşyklary boýunça «Göwher ýyldyzy» baýragy bilen sylaglanýar. 2020-nji ýylda «Balkanabat» ýod zawodyna birleşdirilýär. Öz işine ussat hünärmenleriň 730-a golaýynyň tutanýerli zähmet çekýän kärhanasy bolan «Balkanabat» ýod zawody Uzboý şäherçesiniň töwereklerinde ýodly-bromly guýularyň 52-sini, Hazar şäheriniň töwereginde şeýle guýularyň 260-syny bu gymmatly çig maly almak üçin peýdalanýar.  

                                                                   

Hawa, şöhratly taryha eýe türkmen ýodunyň juda uzaklary nazarlaýan geljegi bar. Ýakyn ýyllarda Balkanda ýod, brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Welaýaty 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda tehniki ýoduň Türkmenistanda öndürilýän möçberi 1 müň 30 tonna ýeter. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloruň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak hem göz öňünde tutulýar. Kärhananyň önümhanalarynyň durkuny täzelemek, täze kiçi zawodlary gurmak işleri-de yzygiderli alnyp barylýar. Ýakyn geljekde her biriniň ýyllyk kuwwatlylygy 60 tonna barabar tehniki ýody öndürmäge niýetlenen iki sany kiçi zawod gurlar. Olaryň işe girizilmegi bilen, senagatyň dürli ugurlarynda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän türkmen ýodunyň öndürilişi, daşarky bazarlara eksporty has-da artar.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

02.04.2022
Bank işi: geljege gönükdirilen özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň täze düzümini düzmek bilen bagly hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we çözgütler kabul edildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. 

                                                                   

Hökümeti düzmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny wezipä bellemekden başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz ulgamyň öňünde durýan örän wajyp wezipeleri kesgitledi. Olaryň arasynda aýratyn orun bank ulgamyna degişlidir. Ulgamyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň ýerine ýetirýän amallarynyň baýlaşdyrylmagy, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanynyň artmagy, hiliniň ýokarlandyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, kärhanalaryň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmäge ähli amatlyklary döreder. 

                                                                   

Ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, banklaryň esaslyk maýa goýum gorlaryny artdyrmak bilen baglydyr. Diňe berk binýatly serişde gorlary bolan banklar müşderileriň bu babatda amallaryna we hyzmatlaryna ösen islegini gysga wagtda, az harajat bilen, ýokary hilli ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şondan ugur alyp, ýurdumyzyň banklary özüniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn işleri geçirýärler. Ilatyň we edara-kärhanalaryň banklara ynamyny ýokarlandyrmak, wagtlaýynça ulanylmaýan pul serişdelerini goýuma çekmegi höweslendirmek, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna we telekeçilere uzak möhletli, uly möçberli ýeňillikli karzlary bermek, töleg-hasaplaşyk işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, sanly ulgama geçmek, halkara maliýe guramalary bilen köpugurly, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak ýaly wezipeler kesgitlendi. Olaryň üstünlikli çözülmegi ulgamyň işini düýbünden täze derejä çykarar we banklaryň serişde binýadyny berkider. Şeýlelikde, bank ulgamy diňe bir ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylmagyna hem saldamly goşant goşar. Munuň özi bank işiniň we ösüşiniň önümçilik, dolanyşyk we sarp ediş bilen berk baglanyşyklydygyny aňladýar. Banklar öz iş tejribesinde hojalyk işini kadalaşdyrmagyň umumy mehanizmine girmek bilen, býujet, salgyt, nyrh emele getirmek ulgamlary, şeýle hem nyrh we girdejiler syýasaty, daşary ykdysady gatnaşyklaryň şertleri bilen özara baglanyşykly hereket edýärler.  

                                                                   

Bankyň ösüşini kesgitleýän we işini kämilleşdirýän esasy şertleriň biri sagdyn bankara bäsdeşlikdir. Bu ýagdaýda banklar müşderi ugrunda göreşmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, tölegini azaltmaga, hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, bazara täze bank önümlerini hödürlemäge höwesli bolýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň banklary halkara maliýe edaralarynyň we ösen döwletleriň banklarynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berýärler. Milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, öz iş tejribelerini giňeldýärler. Şeýle oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ulgamyň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ulgamyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen, soňky ýyllarda banklary dolandyrmagyň hukuk eýeçilik görnüşi üýtgedilip, olar döwlet eýeçiliginden paýdarlar jemgyýetine tapgyrlaýyn geçirilýär. Şeýlelikde, banklaryň serişde binýady berkäp, hukugy we mümkinçiligi giňeýär. Ahyrky netijede, jogapkärçilik ýokarlanýar. 

                                                                   

Bank işiniň durnuklylygy köp babatda olaryň ýerine ýetirýän amallarynyň we hyzmatlarynyň töwekgelçilik derejesini peseltmek bilen baglydyr. Şeýle ýagdaýda banklar üçin amatly şert döreýär. Düşewüntlilige mümkinçilik artýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz banklaryň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtaýar. Hakykatdan hem ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan milli we sebit maýa goýum taslamalaryna banklaryň gatnaşmagy olaryň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagyna ähli amatlyklary döreder. Şeýlelikde, maýa goýum taslamalarynyň netijeliligi ýokarlanar, özüni ödeýän möhleti gysgalar. Ýurduň eksport mümkinçiligi artar, ykdysady kuwwaty berkär. Ilatyň iş üpjünçiligi we ýaşaýyş-durmuş şertleri has gowulanar. 

                                                                                                           

Baýramdurdy TAÝHAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

02.04.2022
Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm ugrudyr

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ösüşiň täze döwründe öz öňümizde has belent maksatlary goýandygymyzy belläp, biziň esasy maksadymyzyň mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemekde ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlaryň gurulmagy, “Barsagelmez”, “Goturdepe”, “Demirgazyk Goturdepe”, “Nebitdag”, “Altyguýy”, “Uzynada”, “Günorta Uzynada”, “Keýmir”, “Akpatlawuk” ýaly täze geljegi uly känleriň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň we “Galkynyş” käniniň sanly tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryňdyr programma üpjünçiliginiň ulanylmagynyň hasabyna senagat taýdan özleşdirilmegi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berler. 

                                                                   

Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda çig maly çykarmakdan, gaýtadan işlemekden, önüm öndürmäge we bäsdeşlige ukyply ýokary goşmaça bahaly önümi ýerlemäge çenli doly zynjyr dörediler. 

                                                                   

Daşary ýurt maýa goýumlaryny we öňdäki wezipeleri çözmek üçin tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek ýangyç-energetika ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Ata Watanymyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şolaryň hatarynda Hytaýyň kompaniýalary, hususan-da, dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini özleşdirmäge, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäginde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda gözleg işlerini geçirmäge, “Malaý” käninde kuwwatly gaz gysyjy bekedi işe girizmäge işjeň gatnaşýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem bar. 

                                                                   

Bular barada aýtmak bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenar ýakasynda Önümi paýlaşmak barada ylalaşygyň esasynda eýýäm köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýän “Dragon Oil” (BAE), “Petronas” (Malaýziýa), “Eni” (Italiýa) ýaly meşhur kompaniýalary belläp geçmek gerek. Mundan başga-da, Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda uglewodorod serişdelerini çykarmak we özleşdirmek işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmagyň ýokary derejesi köp halatda ýataklary işläp taýýarlamagyň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Goturdepe” ýatagyndaky gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça elin hyzmatlary bermek barada Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek. 

                                                                   

Şeýle hem “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň işläp taýýarlanylmagynyň mümkinçiliklerini agzap geçmek ýerlikli bolar. Onuň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň zawodlaryny ösdürmegiň anyk ugurlaryny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän gymmat bahaly nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynda nebit we nebithimiýa önümlerine bolan islegden we bar bolan serişde mümkinçiliklerinden ugur alnyp hereket edýän tehnologik desgalary döwrebaplaşdyrmagyň we täze desgalary gurmagyň mümkinçiliklerini hem-de ugurlaryny öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ekologik taýdan arassa önümçiligi döretmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutular. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebitgazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, şeýle hem gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmak möhüm bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi mundan beýläk-de ösdüriler, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna maýa goýumlaryň mukdary artdyrylar. 

                                                                   

Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary paýlaşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyza täze enjamlary getirmek maksady bilen, maýadarlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlary bolar. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň esasy energetika döwletiniň biri hökmünde Milletler Bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekmek bilen, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara işini dowam etmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Umuman, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi hem-de nebitgaz senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

(TDH)

02.04.2022
Işewüriň işi ileri

Hususy ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmak ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň göwnejaý kanagatlandyrylmagy, köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň netijeli işine baglydyr. Diýarymyzyň telekeçileri bu gün dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barmak bilen, çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýärler. Bu buýsançly hakykat Balkan welaýatynyň hususy kärhanalarynda alnyp barylýan işlerde-de aýdyň görünýär.  

                                                                   

Geçen ýyl Balkan welaýaty boýunça öndürilen 16,3 milliard manatlykdan gowrak senagat önümleriniň deň ýaryna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyna düşdi. Sebit boýunça taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirilen gök we bakja önümleriniň, miwäniň, et we süýt önümleriniň, ýumurtganyň hem agramly bölegi hususyýetçiler we telekeçiler tarapyndan öndürildi. Welaýatda bar bolan gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, gylýallaryň, guşlaryň bilelikde alnandaky umumy sanynyň 96 göterime barabary hususy eýeçilikde jemlenýär.  

                                                                   

Bu ugurdaky işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Eýýäm şu ýylyň iki aýynda welaýat boýunça ýola goýlan bölekleýin söwda dolanyşygynyň möçberi 892 million manatdan hem geçip, 111,2 göterim ösüş gazanyldy. Bu görkezijiniň 809 million manatlygynyň hususy önüm öndürijileriň paýyna düşýändigi guwandyryjydyr.  

                                                                   

Günbatar sebitiň ykdysadyýetiň hususy böleginde gazanýan şeýle üstünliklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» kärhanasynyň mynasyp paýy bar. Tutuş ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň hatarynda bolan bu toplum öz öndürýän dürli ölçegdäki ýüplüklerini içerki we daşarky bazarlara ugratmak bilen birlikde, olary birkemsiz boýamak we dürli görnüşli joraplary taýýarlamak işlerini hem alyp barýar. Munuň özi pagtany özümizde gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan edilýän talabyň toplumda üstünlikli ýola goýulýandygyndan habar berýär. Kärhanada oturdylan täze innowasion tehnologiýalar Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kämil enjamlarydyr. Ýüplük önümçiligi bölüminde zähmet çekýän hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde, her gije-gündizde 13,5 tonna golaý ýüplük taýýarlanýar. Ýokary hil ülňülerine laýyk öndürilýän dürli ölçegdäki ýüplükler daşarky bazarlarda-da uly islegden peýdalanýar.  

 — 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» taryhy Karar telekeçileriň öňünde giň mümkinçilikleri açdy. Şol resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginden 11 müň gektardan gowrak mes toprakly ýer bölegini 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldyk. Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna girizen şol ýerimiziň müňlerçe gektaryna her ýyl gowaça ekip, pagtanyň bol hasylyny almagy başarýarys. Munuň özi bize girdejili işlemäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Biz geçen ýyllarda kärhanamyzda täze önümçilikleriň birbada ikisini — boýag we jorap önümhanalaryny işe girizdik. Daşary ýurtlaryň kämil tilsimatlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu önümhanalarymyzda geçen ýyl ýüplükleriň müňlerçe tonnasy dürli reňkler bilen boýaldy. Jorap jübütleriniň millionlarçasy öndürilip, baglaşylan şertnamalar esasynda Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjan we Gazagystan döwletlerine, şeýle hem öz söwda nokatlarymyza ugradyldy. Ýurdumyzda guralýan sergilere öz önümlerimiz bilen gatnaşmagymyz daşary ýurtly işewürleriňdir täjirleriň harytlarymyza gyzyklanmasyny has-da artdyrýar — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Arazberdi Amanmämmedow gürrüň berýär.  

                                                                   

Üstümizdäki ýylyň geçen 2 aýynda kärhanada 797 tonnadan gowrak ýüplük, şeýle hem jorap jübütleriniň 1,354 müňe golaýy taýýarlanyp, bellenilen meýilnama artygy bilen hötde gelindi. Taýýar ýüplügiň 759 tonna barabary, jorap jübütleriniň 40 müňe golaýy daşarky bazarlara çykaryldy.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.


02.04.2022