Sanly ykdysadyýet — bäsdeşlige ukyplylyk

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, ýurdumyz dünýä ykdysady ulgamyna barha işjeň goşulyşýar.  

                                                                   

Häzirki döwürde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, aragatnaşykda hem ýokary netijeler gazanylýar. Pudak dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler bar. Işi ilerletmekde öňdebaryjy döwletleriň tejribesinden peýdalanmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek meseleleri we olaryň çözgütleri «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» giňişleýin beýanyny tapýar.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň hemme ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanmak bilen, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar. Çözgütler çalt kabul edilýär. Seljermeler intellektual we maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter üýtgeýär. Adamlaryň aň-bilime we iş endiklerine bildirýän talaplary artýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk binýady babatda-da uly işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemäge hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Gürrüňi edilýän resminama pudagiçi we pudagara maglumat alyş-çalşygyny döwrebap ýola goýmagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň, dolandyryş kararlaryny kabul etmegiň netijeliligini we dessinligini artdyrmak, kagyz hem elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has yzygiderli usulyny saýlamak, maglumat alyş-çalşygynyň bitewi giňişligini döretmek, elektron resminama dolanyşygynyň subýektleriniň resminamalarynyň hasaba alynmagyny, gözegçiligini we saklanmagyny guramak, olaryň ýitirilmeginiň öňüni almak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň binýadynda maglumatyň goraglylyk we howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, elektron resminama dolanyşygynyň maglumat serişdeleriniň ýaşyrynlygyny, bitewüligini we elýeterliligini üpjün etmek ýaly maksatlary öz içine almak bilen, geljekde ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda örän ähmiýetlidir.  

                                                                   

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler täze başlangyçlara ýol açýar. Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köpdürlüligine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça «intellektual ykdysadyýet» hem diýilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şonuň üçin ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Görnüşi ýaly, ýurduň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm wezipesi, döwrüň talaby bolup öňe çykýar.  

                                                                                                           

Muhammetnazar GELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.