Новости
Türkmen halkynyň beýik ruhy däplerinden ugur alyp

Ahal welaýaty, 15-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler. 

                                                                   

Mübärek Remezan aýynda agzaçar sadakasyny bermek paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýar. Bu asylly çäre adamlaryň sogap işlere, ahlak we ruhy päklige bolan garaýşyny ýüze çykarýar. 

                                                                   

Agzaçar wagty golaýlaberende, hajy Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde mähriban pederleriniň baky aram tapan ýerine geldiler. 

                                                                   

Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde agzaçar sadakasynyň berilmegi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän we dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap ýagdaýda dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz bu ýerde ýygnananlara olaryň mukaddes aýda eden doga-dilegleriniň, ýagşy umyt-arzuwlarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi hem-de özüniň berýän agzaçar sadakasyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz mähriban kakasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň — ýylynyň ýetip gelýändigini, halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk parzyny berjaý edip, kakasyny hatyralap, aýlaryň ýagşysy mukaddes Remezan aýynda agzaçar sadakasyny berýändigini aýtdy. 

 Soňra hajy Arkadagymyz mähriban kyblasynyň ruhuny şat etjek sadaka gatnaşýanlaryň hemmesine taňryýalkasyn aýtdy. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp berdi. Tebärekden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Halkymyzyň berkarar eden ýörelgesine laýyklykda, agzaçar sadakasynda milli tagamlar taýýarlanylýar. 

                                                                   

 Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, berlen agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. 

                                                                   

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu aýyň 18-ine mähriban kyblasy Mälikguly aganyň belli günüdigini, şol gün paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde kakasyny ýatlap, agzaçar sadakasyny bermegi makul bilendigini we hemmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan çagyrýandygyny aýtdy. 

                                                                   

“Goý, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Remezan aýynda edilen ýagşy doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi we Mälikguly Berdimuhamedowy ýatlap berlen agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy.

16.04.2022
Adam saglygy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 

                                                                   

 Türkmenbaşy, 15-nji aprel (TDH). Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Bu günki şatlykly waka Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr. “Döwlet adam üçindir!” şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy ileri tutulýаn ugurdyr. Milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň uly üstünlikleriniň hatarynda ykrar edildi. 

                                                                   

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de saglygy goraýyş desgalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň başynda — ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhananyň açylandygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, dogry iýmitlenmegiň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Bularyň ählisi döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF we beýleki guramalar tarapyndan ykrar edilen oýlanyşykly hem-de durmuş ugurly syýasatynyň anyk netijeleridir. Bu düzümler bilen işjeň we önjeýli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarydyr ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklar alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmenistanda birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar, şeýle hem BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribesini öwrenmek we ýaýmak baradaky maslahatlary milli lukmançylygyň ýeten belent sepgitleriniň subutnamasydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ýurdumyzda adam saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny aýratyn nygtady. Hut şonuň üçin-de ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” adyny alan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Keselleri öz wagtynda anyklamak, näsaglara netijeli bejergi geçirmek hem-de olara talabalaýyk gözegçilik etmek bu ugurdaky ileri tutulýan wezipelerdir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan we gurulýan saglygy goraýyş desgalary, ilkinji nobatda, döwrebap lukmançylyk merkezleridir hassahanalar bu wezipeleri çözmäge gönükdirilip, halkymyzyň saglygy baradaky bimöçber aladanyň nyşanydyr. 

                                                                   

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň binasynyň ýanyna geldi. 

                                                                   

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden mübäreklediler. Aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. 

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulanmaga berilýän köpugurly hassahananyň esasy girelgesiniň öňünde gurnalan münbere tarap barýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, obalarymyzy we şäherlerimizi gülledip ösdürmegiň biziň öňümizde esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlara ýaň saljak beýik we tutumly işler amala aşyrylýar. Köp sanly täze binalardyr desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu gününde hem biz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze, döwrebap 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýygnananlary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berýäris. 

                                                                   

Beden we ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri geçirýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap hassahanalary, saglyk öýlerini, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, şypahanalary, sport toplumlaryny giň gerim bilen gurup ulanmaga berýäris. Ine, şu gün dabaraly açylyp ulanmaga berilýän döwrebap, köpugurly hassahana hem biziň bu aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze hassahana ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleri iň häzirki zaman tehnologiýalary we usullary arkaly bejermäge niýetlenendir. Ýedi gatdan ybarat bu hassahanada 1 müň 200-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. 

                                                                   

Hassahanada Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ýaponiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Çehiýada, Daniýada, Finlýandiýada, Şweýsariýada, Günorta Koreýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler ornaşdyryldy.  

                                                                   

Täze hassahanada jemi 27 bölüm bolup, olarda adamlaryň saglygyny berkitmek, kesellerini bejermek üçin giň şertler döredildi. Bu ýerde ornaşdyrylan kämil enjamlar ýörite operasiýalaryň ýokary derejede geçirilmegine mümkinçilik berýär. Hassahanada näsaglar üçin hem zerur mümkinçilikler bar. Ýatymlaýyn otaglar bir we iki adama niýetlenip, olarda zerur bolan ähli amatly şertler döredildi. 

                                                                   

Hassahananyň goşmaça iki gatdan ybarat binasy esasy bina bilen birleşip, onuň birinji gaty funksional anyklaýyş bölümini, merkezleşdirilen barlaghanany, şöhle bilen anyklaýyş bölümini we kabulhanany öz içine alýar. Ýokarky gaty bolsa operasiýa, sterilizasiýa hem-de ulular we çagalar üçin anesteziologiýa we reanimasiýa, akuşerçilik hem-de bäbekleriň reanimasiýasy bölümlerinden ybaratdyr. 

                                                                   

Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alynmagy hem-de maslahatlaryň guralmagynda bökdençligiň bolmazlygy üçin, hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy. 

                                                                   

Umuman, dürli görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu köpugurly hassahana ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we näsaglary döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Biz kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bereris. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde şunuň ýaly döwrebap, iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edilen hassahanalarydyr saglygy goraýyş maksatly desgalary giň gerim bilen gurarys. Çünki ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini, şeýle hem Balkan welaýatynyň ilatyny häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän täze köpugurly hassahananyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerine bolsa ynsan saglygyny goramak ýaly asylly hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

 Goý, bu döwrebap hassahana uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etsin! 

                                                                   

Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy iň hormatly myhman hökmünde ak ýektaýly çagalar öz çykyşlary bilen garşy alýarlar. 

                                                                   

Soňra täze hassahananyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, näsaglar we lukmanlar üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşdyrylyş başlanýar. 

                                                                   

Bu döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Hassahananyň umumy meýdany 10,5 gektary eýeläp, binanyň meýdany 41 müň 156 inedördül metre deňdir. Bu ýerde näsaglaryň ýatymlaýyn we gatnap bejergi almagy hem-de saglygyny dikeltmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. 

                                                                   

7 gatly toplumda 27 bölüm, şol sanda funksional anyklaýyş bölümi, otorinolaringologiýa, neýrohirurgiýa, iç keselleri, tiz kömek, fizioterapiýa we dikeldiş, anesteziologiýa we reanimasiýa, şeýle hem maslahat beriş, çaga keselleri, newrologiýa, endokrinologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa bölümleri, gan banky, merkezleşdirilen barlaghana we beýlekiler bar. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz binanyň birinji gatynda ýerleşen gemodializ otagyna barýar. 

                                                                   

Lukman döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, bu ýerde ornaşdyrylan innowasion enjamlar bilen tanyşdyrdy. Ilki bilen, Germaniýanyň “Frezenius” önüm öndürijisiniň emeli böwrek enjamlary görkezildi. Bu enjamlar häzirki döwrüň ähli talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, uly ýaşly adamlar we çagalar üçin hem niýetlenendir. 

                                                                   

Çagalar üçin niýetlenen emeli böwrek enjamy bolsa Balkan welaýatynda ilkinji gezek gurnalan has kämil enjamdyr. Bellenilişi ýaly, bu enjam ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiliginde ganyň düzümindäki zäherleýji maddalary aýyrmak maksady bilen, bedenden daşary gan arassalaýyş usullaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu enjamy içgin synlady. Onuň kömegi bilen ýiti böwrek ýetmezçiliginde we arterial gan basyşynyň pes ýagdaýlarynda bedenden daşary gan arassalaýyş usullarynyň dürli görnüşlerini geçirip bolýar. 

                                                                   

Ýaş lukman bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň iň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini belläp, döwlet Baştutanymyza Balkan welaýatynyň ähli lukmançylyk işgärleriniň adyndan täze hassahananyň ulanmaga berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine köpugurly işlerinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz dogrumdan soňky bölümiň ýatymlaýyn otagyna baryp gördi. 

                                                                   

Bölümiň lukmany giň we ýagty otagy görkezip, Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň täze binasynda raýatlaryň saglygyny berkitmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Bir we iki orunlyk otaglar rahat mebeller, tehniki enjamlar, şahsy gigiýena üçin niýetlenen toplumlar bilen üpjün edilipdir. Olaryň ählisi merkezleşdirilen kislorod beriş ulgamyna birikdirilendir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza ýörite elektrik hereketlendirijileriniň kömegi bilen näsaga amatly bolan ýagdaýlary sazlaýan krowat görkezildi. Lukman bu döredilýän şertleriň “Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolan adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda, olary netijeli bejermekde uly ähmiýete eýedigini belläp, täze hassahananyň işgärleriniň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. 

 Bu ýerde Türkmenistanda işleýän, dabaralara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar — BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary täze açylan hassahananyň ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzy şanly waka bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow olara şu dabara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda dünýäniň abraýly guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini aýtdy. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz şu gatda ýerleşýän anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine bardy. 

                                                                   

 Lukman döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

Anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi 42 orundan ybarat bolup, agyr ýagdaýda gelýän näsaglara — uly ýaşlylara, çagalara, enelere hem-de bäbeklere ýokary hilli ýöriteleşdirilen, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, intensiw bejergi çärelerini geçirmek, operasiýa döwründe ýokary hilli agyrysyzlandyrmany üpjün etmek üçin niýetlenendir.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza elektrik hereketlendirijileriň kömegi bilen dürli taraplara üýtgedip bolýan krowat görkezildi. Düşekçeleri ýyladyjy häsiýetli bolup, tolkun görnüşli hereket edip, uzak wagtlap bejergi alýan näsaglarda döräp biljek agyr ýaralaryň öňüni almakda uly ýardam berýändigi onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. 

                                                                   

Soňra GFR-de öndürilen emeli dem beriş enjamy görkezildi. Şeýle-de bu bölüm her näsag üçin aýratyn kardiomonitorlar, infuzomatlar, perfuzomatlar we göçme rentgen hem-de ultrases barlag enjamlary bilen doly üpjün edilendir. 

                                                                   

Bölümde ornaşdyrylan kardiomonitorlar ýörite programmanyň üsti bilen merkezleşdirilen gözegçilik bekedine birikdirilendir. Bekediň esasy maksady bölümde bejergi alýan hassalaryň ýagdaýy baradaky görkezijiler: ýürek uruş, dem alyş, arterial gan basyş, beden gyzgynyny ölçemek üçin ähli amatlyklary döredýär we ýüze çykýan gaýragoýulmasyz ýagdaýlary wagtynda anyklamaga hem-de gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge ýardam edýär. 

                                                                   

Lukman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri bolan ilatyň saglygyny goramakda we adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly goşant goşjak täze hassahananyň ulanmaga berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ähli bilimlerini we tejribelerini ulanyp, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

 Soňra döwlet Baştutanymyz operasiýa bölümine bardy. 

                                                                   

Lukman-hirurg bölümiň işi we bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar barada gürrüň berdi. Operasiýa bölümi 12 sany operasiýa otagyndan ybarat bolup, onuň düzüminde umumy hirurgiýa, trawmatologiýa, neýrohirurgiýa, akuşer-ginekologiýa, göz keselleri, ortopediýa ugurly operasiýa otaglary bar. Bulardan başga-da, gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde gyssagly operasiýalary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen operasiýa otagy hem bar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary görkezildi. Olaryň hatarynda az kesimli operasiýa amallaryny geçirmäge mümkinçilik berýän endoskopiýa enjamy, Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň köpugurly göçme rentgen enjamy bar. Bu enjamyň kömegi bilen patalogik ojagyň ýerleşýän ýerini kynçylyksyz tapyp, anyk kesgitlemek bolýar. 

                                                                   

Soňra reanimasiýa we operasiýa bölümleri üçin enjamlary öndürýän Germaniýanyň dünýä belli kompaniýasynyň hirurgiýa stoly bilen tanyşdyryldy. Bu stol dürli taraplara üýtgedilip, näsagy operasiýa etmek üçin amatly ýagdaýy saýlap almaga mümkinçilik berýär. Germaniýada öndürilen emeli dem beriji enjam umumy agyrysyzlandyrma geçirmek üçin ulanylýar. 

                                                                   

Germaniýanyň önümi bolan argon plazmaly koagulýator enjamynyň adaty kaogulýatordan tapawudy, ol uly göwrümli gan akmalary dokuma galtaşmazdan saklamak üçin niýetlenendir. Ol adaty göz bilen görüp bolmaýan mikrohirurgiýa amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Soňra lukman hormatly Prezidentimize edýän aladalary we taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Operasiýa bölümini synlanyndan soňra, döwlet Baştutanymyz şöhle bilen anyklaýyş bölümine bardy. 

                                                                   

Angiografiýa otagynyň lukmany amaly lukmançylykda gabat gelýän endowaskulýar operasiýalaryny ýokary derejede geçirmäge ýardam berýän iň döwrebap enjamlary uly buýsanç bilen görkezdi. 

                                                                   

Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Artis Zee” angiografiýa enjamy merkezi we çetki gan damarlaryna kontrast derman serişdesini goýbermek arkaly, näsaglary ýerinden gozgamazdan, onuň barlanýan beden agzasynyň dürli tarapyndan rentgen şekiline monitor arkaly syn etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam bedeniň iri we ownuk gan damarlarynyň keselleriniň irki döwründe, ýüregiň dogabitdi we gazanylan kemisliklerini anyklamaga, ýürek içi boşluklaryň basyşyny ölçemäge niýetlenendir. Bu enjam gan damarlarynyň daralmagyna we dykylmagyna getirýän dürli kesellerde kateter arkaly damaryň içinde dürli amallary, şeýle hem stentirleme operasiýasyny geçirmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Angiografiýa otagynyň lukmany döwlet Baştutanymyza dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan bu ajaýyp hassahana üçin çäksiz hoşallygyny beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine giň gerimli işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rentgen otagynyň enjamlary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň önümi bolan rentgen enjamy görkezildi. Ol beden agzalaryny we dokumalaryny ýokary hilli görmäge hem-de dem alyş ýollaryna wideogözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Göçme rentgen enjamy agyr hassalary ýerinden gozgamasyz barlamaga we şol bir wagtyň özünde onuň beden agzalarynyň suratyny almaga niýetlenendir. 

                                                                   

Lukman hormatly Prezidentimize ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalarda işlemäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, özleri barada edilýän alada jogap hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň raýatlarynyň saglygyny goramagyň bähbidine bilimlerini hem-de tejribesini aýaman, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz magnit-rezonans tomografiýa otagyna bardy. Bu ýerde Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň magnit-rezonans tomograf enjamy görkezildi. Bu enjamyň birnäçe aýratynlyklary bardyr, onuň has ownuk şekilleri görmekde mümkinçiligi ýokary bolup, kelle beýnisiniň dokumasynyň üýtgeşmelerini, oňurga ýiligini barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem operasiýalar geçirilende içki beden agzalarynyň gan üpjünçiligini, işjeň ýagdaýyny we nerw süýümleriniň geçirijiliginiň ýollaryny barlamakda bu enjamyň uly ähmiýeti bar. 

                                                                   

Lukmanyň habar berşi ýaly, bu enjam magnit meýdanynyň güýçli bolmagy sebäpli, agyr näsaglarda we çagalarda barlagy iki esse tizleşdirilen ýagdaýda geçirmäge ukyplydyr. Enjamyň ýatalgasynyň diametri adatdakylardan has giň bolup, uly agramly we ýapyk giňişlikden gorkýan näsaglary barlamaga doly mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Lukman deňizýaka sebitiň ýaşaýjylary üçin gymmatly peşgeş bolan bu döwrebap hassahana üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, raýatlaryň saglygyny üpjün etmek ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

Öz gezeginde, kompýuter tomografiýasy otagynyň lukmany döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyrdy. Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň kompýuter tomograf enjamy uly agramly näsaglary barlamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem 64 kesimde dürli näsazlyklary, şol sanda kelle beýnisiniň çiş kesellerini, gan aýlanyşygynyň bozulmalaryny we beýleki zeperlenmeleri irki döwürde ýüze çykarýar. Enjam täze “FAST CARE” tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Bu bolsa barlag geçirilende şöhläniň zyýanly täsirinden goraýar. Şeýle-de kontrast serişdesini damar içine goýbermek arkaly içki beden agzalaryndaky dörän keselleri has takyk anyklamakda ähmiýeti uludyr. 

                                                                   

Bu merkezde ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ýokanç däl keselleri irki döwürde anyklamaga we netijeli bejergini bellemäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Lukman köpugurly hassahananyň işgärleriniň halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow barlaghana bölümine ugrady. Bu ýerde lukman Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan biohimiki enjamyny görkezdi. Bu enjamyň kömegi bilen ganyň düzümindäki beloklary, bilirubini, holesterini we olaryň fraksiýalaryny, fermentleri, elektrolitleri, glýukoza, glýukolizirlenen gemoglobin ýaly barlaglary geçirmek bolýar. 

                                                                   

Ýaponiýada öndürilen koagulometr enjamy ganyň lagtalanma ulgamynyň işjeňligini kesgitleýär. Bu enjam ganyň çalt we haýal lagtalanmagyny irki döwürde anyklamaga, bu keseli derman serişdeleri bilen bejermegi kesgitlemäge ýardam berýär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimize Malaýziýada öndürilen polimeraz zynjyrly reaksiýany (PZR) geçirýän barlag enjamy görkezildi. Bu enjam biohimiki, molekulýar anyklaýyş we nesil yzarlaýjy keselleriň barlaglaryny geçirmäge ukyplydyr. Onuň esasy wezipesi ganyň düzümindäki DNK we RNK zynjyrlarynyň üsti bilen bar bolan ýokançly wiruslary ýüze çykarmakdyr. 

                                                                   

Barlaghananyň işgärleriniň ýokary hünär we bilim derejeleri çylşyrymly kompýuter programmalarynyň kömegi bilen laboratoriýa barlaglaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Lukman bölümde döredilen şertleriň iň ýokary halkara talaplara doly laýyk gelýändigini belläp, döwlet Baştutanymyza edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de ähli kärdeşleriniň adyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

                                                                   

Hassahananyň öz derejesine doly laýyk gelmek bilen, köpugurly lukmançylyk işlerini ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Meselem, maslahat beriş bölümi terapewtiň, hirurgyň, oftalmologyň, otolaringologyň we beýleki hünärmenleriň otaglaryndan ybarat bolup, olaryň her birinde keselleri irki döwürde anyklamaga we öz wagtynda bejergi geçirmäge niýetlenen lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylandyr. 

                                                                   

Funksional anyklaýyş bölüminde ýerleşýän ultrases barlag otagynda “Aсuson NХ3 Elite” ultrases enjamy ornaşdyrylandyr. Barlag ýollarynyň köpdürlüligi we köpugurlylygy bilen tapawutlanýan bu innowasion enjam dürli ugurlarda, şol sanda endokrinologiýa, newrologiýa we çaga lukmançylygy ugurlarynda ultrases barlaglarynyň geçirilmegine niýetlenendir. 

                                                                   

Kardiolog lukmanynyň otagynda elektrokardiograf, elektroensefalograf, spirograf we weloergometr enjamlary bar. “Eсhosens” fransuz kompaniýasynyň fibroskan enjamy bagryň fibroz üýtgemelerini we ondaky zeperlenmeleri doly hem-de takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Aсuson Sequoia 512” enjamy ultrases enjamlarynyň iň kämilleriniň biridir. Ol uly ýaşlylarda, çagalarda we bäbeklerde ehokardiografiýa barlaglaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Hassahananyň ýatymlaýyn bölümi hirurgiýa, trawmatologiýa, terapiýa, onkologiýa, operasiýa, kardiologiýa, uroandrologiýa, stomatologiýa, neýrotrawmotologiýa, fizioterapiýa we dikeldiş, anesteziologiýa we reanimasiýa, toksikologiýa we gemodializ, gan banky, äň-ýüz hirurgiýasy bilen bilelikdäki gulak-burun-bokurdak bölümlerinden ybaratdyr. Bu bölümlerde näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. 

                                                                   

Otaglar bir we iki adam üçin niýetlenip, olaryň her birinde aýratyn, şahsy gigiýena otaglary bar. Otaglardaky krowatlaryň ählisi köpugurly bolup, näsagy islendik ýagdaýda ýatyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem krowatlaryň her biri gyssagly ýagdaý dörän wagtynda saglygy goraýyş işgärlerini çagyrmak üçin niýetlenen düwmeler bilen üpjün edilendir. 

                                                                   

Gan bankynda-da döwrebap enjamlar ornaşdyrylypdyr. ABŞ-nyň “HAEMONETIСS” kompaniýasynyň “PСS-2” plazmaferez enjamy, Germaniýanyň “FRESENIUS” kompaniýasynyň ganyň üznüksiz autotransfuziýasy üçin niýetlenen “С.A.T.S” enjamy, “Thermo Sсientifiс Heraeus Сryofuge 5500i” refrežirator sentrifuga enjamy, oňaýly kürsüler we beýlekiler lukmanlaryň ygtyýaryndadyr. 

                                                                   

 “Bloodmobile” awtobusy donory barlamak, gan ýygnamak we merkeze alyp gitmek işlerini göçme şertlerde amala aşyrýar. 

                                                                   

Kardiologiýa bölümi hem ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän hassalary bejermek üçin ähli zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Germaniýada öndürilen, batareýada işleýän daşky iki kameraly “Biotronik Reoсor D” EKG enjamy elektrodlar arkaly wagtlaýyn elektrokardiostimulýasiýa işini amala aşyryp bilýär. 

                                                                   

Neýrohirurgiýa bölümi hem ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilendir. Germaniýanyň “Zeiss Mediteс” kompaniýasynyň “OPMI Pentero 900” operasiýa mikroskopy çylşyrymly neýrohirurgiýa operasiýalaryny geçirmäge niýetlenendir. “Yellow 560” multiwizion intraoperasiýa moduly operasiýa wagtynda angiografiýa barlagynyň geçirilmegine mümkinçilik bermek bilen, neýroonkologiýada hem peýdalanylýar. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň “Genesis” kompaniýasynyň dyz bogunlarynda endoprotizirlemegi ýerine ýetirmäge niýetlenen toplum, Germaniýanyň “AESСULAP” kompaniýasynyň “Varios” toplumy bogunlarda nerw we siňir damarlarynda ýöriteleşdirilen operasiýalary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Fizioterapiýa we dikeldiş bölüminde ornaşdyrylan trenažýorlar iri hem-de ownuk bogunlaryň hereketlerini dikeltmek üçin niýetlenen enjamlar hassalaryň geçirilen keselden soňra dikeldiş döwrüni agyrysyz geçirmeklerine, işe ukyplylygynyň çalt dikeldilip, maýyp bolmak howpunyň öňüni almaga niýetlenendir. 

                                                                   

Bölümde Niderlandlar Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň wakuum terapiýasy, elektroterapiýa, magnit terapiýasy, gidrokolonoterapiýa, mikroýygylykly terapiýa, lazer terapiýasy üçin niýetlenen döwrebap fizioterapiýa enjamlary ornaşdyrylandyr. 

                                                                   

Hassahananyň ähli bölümleri lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin zerur bolan maglumatlary tiz wagtda alyşmak, maslahatlar guralanda näsazlyklaryň öňüni almaga niýetlenen pnewmopoçtalar bilen baglanyşdyrylandyr. 

                                                                   

Tiz kömek bölüminde hem ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen döwrebap awtoulaglar parky bar. Mundan başga-da, hassahanada kömekçi otaglar — giň naharhana, kir ýuwulýan ýer we beýlekiler bar. Onuň çäginde näsaglara tiz kömek bermek hem-de olary hassahana çalt getirmek üçin sebitiň alysdaky ýerlerine barmak üçin niýetlenen dikuçar meýdançasy ýerleşýär. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hassahana bilen tanyşlygy tamamlap, maslahatlar zalyna barýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenbaşy şäherinde häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze, köpugurly hassahananyň açylyp ulanmaga berlendigini belledi. Bu hassahana özboluşly hem-de döwrebap lukmançylyk edarasydyr. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, kesellerini bejermekde onuň ähmiýeti uly bolar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýygnananlary bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa söz berildi. Ol täze we döwrebap saglygy goraýyş toplumynyň açylandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylara Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň 3-siniň, hususan-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Surih şäherindäki Federal tehnologiýa institutynyň “Ýokary tehnologiýalar” güwänamasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlary boýunça Maks Plank institutynyň “Ýokary hil” güwänamasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň “Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana” güwänamasynyň berlendigini habar berdi. 

                                                                   

Bu güwänamalar we degişli nyşanlar köpugurly hassahananyň ýokary hiliniň, onuň ekologik howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň hem-de dürli keselleri anyklamakda we bejermekde ýokary netijeli lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr. 

                                                                   

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylmagy halkymyzyň saglygyny goramak barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap toplumlary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çärelerdir. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň gurlup ulanmaga berilmeginiň welaýatyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Ýakyn wagtda Daşoguzda, soňra bolsa Ahal welaýatynda hem häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalar gurlup ulanmaga berler. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli hereket edýär. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi halkymyzyň saglygynyň berkidilmegini, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün edýär. 

                                                                   

Aýratyn nygtalyşy ýaly, bu maksatnamanyň esasy maksady ýüze çykan keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde dünýäde pandemiýa ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi ugrunda ägirt uly işler bitirilýär. Mundan başga-da, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga möhüm ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli talaplara laýyklykda dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, eger-de sagdyn ene bolmasa, onda sagdyn perzent bolmaýar. Şu nukdaýnazardan, çagalaryň berk bedenli, sagdyn bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy merkezi döretmegiň zerurdygyny nygtap, bu merkeziň paýtagtymyzdaky Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň ýanyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ýüzlenip, häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Stomatologiýa merkezine ýüz tutýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, şeýlelikde, merkeziň çägini we оnuň mümkinçiliklerini artdyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny nazara alyp, hökmany ýagdaýda Aşgabatda ýene-de bir döwrebap Stomatologiýa merkezini gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, täze Stomatologiýa merkezi şäheriň “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň gabat garşysyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde degişli işleri geçirip, täze Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýeri we onuň gurluşygy boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahananyň açylmagy mynasybetli ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu hassahananyň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegini arzuw etdi we Hormatly myhmanlaryň kitabynda şu günki şanly wakanyň hormatyna ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň işgärlerine ýene-de bir gezek işlerinde üstünlik arzuw edip, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjak täze lukmançylyk edarasyna sowgat hökmünde ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden paýtagtymyza ugrady. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli degişli düzümleri bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, günbatar sebitde-de halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, tebigy gorlary yzygiderli özleşdirmek, halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek bilen bagly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheri hem düýbünden täze keşbe eýe bolup, onda durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgini giň gerimli gurluşyk işlerinde öz beýanyny tapýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek durmuş maksatly gurluşygyň möhüm ugrudyr. Şonuň netijesinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak bellenildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetine ynanyldy. 

                                                                   

Düzümleýin desgalara içerki we daşarky suw geçirijileri, lagym, elektrik hem-de gaz geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlary çekiler, topluma gelýän hem-de ondaky awtoulag ýollary, pyýadalar üçin ýanýodalar abadanlaşdyrylar. 

                                                                   

Ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň täze taslamasy işlenip düzülende, diňe bir ýaşaýyş toplumynyň ýerleşişi däl, eýsem, jaýlaryň howlusynda oňaýly şertleri döretmegiň däpleri hem göz öňünde tutulýar. Giň we döwrebap enjamlaşdyrylan kömekçi jaýlary bolan öýleri gurmak kada öwrüldi. Aşhanasy, naharhanasy, giň girelgesi bolan öýler ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

 Ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylda doly taýýar edip, ulanmaga bermek bellenildi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz jaý toýuny toýlaýanlaryň şatlygyny paýlaşyp, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyşyna, şonuň ýaly-da, täze toplumlaryň düýbüniň tutulyş dabaralaryna gatnaşýar, binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen tanşyp, olara ýaşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly zerur bellikleri girizýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmagy-da muny aýdyň görkezýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkyň abadan durmuşy baradaky alada uly üns berilýändiginiň nyşanydyr. Ol döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. 

                                                                   

...Ir bilen täze gurluşygyň başlanýan ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Estrada aýdymçylary, bagşylar, folklor toparlary şu günki dabara mynasybetli taýýarlanan konsert bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Dabara ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşaýjylar gatnaşdylar. 

                                                                   

Çykyş edenler şu gün gurluşygyna badalga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolandygyny aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, şäherleriň hem-de obalaryň keşbiniň özgermegi, täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy “Döwlet adam üçindir!” ýörelgesine esaslanýan durmuş ugurly syýasatyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir güwäsidir. 

                                                                   

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladasy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň ägirt uly gerimi, bina edilen köp sanly zawod-fabrikler, lukmançylyk, medeni hem-de sport merkezleri, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary soňky ýyllarda ösüşiň täze belentliklerine tarap batly depginler bilen öňe barýan ata Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň özboluşly beýanydyr.

16.04.2022
Maýa goýum syýasaty

Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli pudaklarynda däl, eýsem, hususy böleginde-de daşary ýurtly maýadarlar üçin aňrybaş amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Ýurdumyzyň ykdysady hem syýasy taýdan durnuklylygy, maýa goýumlar babatynda döredilýän kepillikler hem-de döwlet goldawy ýerli we daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Kämil maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Täze önümçilikleriň — azot we kaliý dökünlerini öndürýän, metallurgiýa, sement, dokma we şuňa meňzeş senagat kärhanalarynyň sany barha artýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistanda önümçiligiň dürli ugurlarynda, şeýle-de medeni-durmuş maksatly ugurlarda iri maýa goýumlary özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şu maksat bilen, milli kanunçylyk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda kabul edilen möhüm resminamalaryň hatarynda «Maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalary görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda maýa goýum syýasatynda düýpli ösüş-özgerişler gazanylýar. Bu bolsa eziz Watanymyzyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda orun almagyny şertlendirýär. 

                                                                                                           

Annagül GOÇYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.

16.04.2022
BEDEW ATYŇ TARYPY

               

Taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halkymyz häzirki döwürde bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, milli gymmatlyklary bilen şöhratlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren eşretli zamanasynda halkymyz tarapyndan dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşulan milli gymmatlyklaryň biri-de –  behişdi bedewlerimizdir. 

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda türkmeniň bedew atyna söýgüsi içgin açylyp görkezilýär. Bu kitapda ahalteke bedewleriniň 132-si barada gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde  atçylyk ulgamyna, halyçylyk sungatyna döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Gahryman  Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Türkmen halysy, türkmen bedewi – bular diňe bir halkymyzyň gadymylygynyň we zehinliliginiň, biziň şu günki garaşsyzlygymyzyň simwoly bolman, eýsem bu biziň topragymyzyň beýik syrydyr”.

Häzir ýurdumyzda diňe arassa tohum aty ýetişdirilmän, eýsem, onuň ýyndam sport aty bolmagy barada hem uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek bolar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýän Halkara atçylyk-sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça atçylyk-sport ýaryşy, şeýle hem uzak aralyga uly ýöriş, däp bolan at çapyşyklary we beýleki sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Ahalteke bedewleriniň gözellik we çapuw bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa däbe öwrüldi. 

Akhan” atly ahalteke atynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionyndaky bedewiň çeper keşbiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, şeýle hem behişdi bedewimiziň waspy ýetirilýän “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň umumadamzat gymmatlyklarynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has hem arşa göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň” maksatnamasyna sportuň konkur görnüşiniň girizilmegi bolsa türkmen bedewleriniň sport äleminde tanalmagynda möhüm taryhy waka boldy. Türkmenleriň çydamly, ýyndam atlary ýow gününde hem, parahatçylykly ýaşaýyşda hem olaryň iň ýakyn hemdemidir. Türkmen ýigidi öz atyna dostuna-doganyna etmeýän hormatyny edýär. Çünki Göroglynyň aýdyşy ýaly, bedew ýigidiň “başdaşy, syrdaşy, ýowuz günde ýoldaşy”. Aslynda, “Görogly” eposyna, bellibir derejede, bedew baradaky eser hem diýip bolar. Sebäbi Gyraty Göroglysyz, Göroglyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Taryha ajaýyp kamaty, ýyndamlygy, çydamlylygy, syzgyrlygy, wepalylygy kimin buýsançly häsiýetleri bilen giren türkmen bedewleri biziň milli guwanjymyzdyr. Ata-babalarymyz öz wepaly syrdaşlaryny gözüniň göreji deý gorapdyrlar. Olary gymmatbaha şaý-sepler bilen bezäpdirler.

Bedewler diňe bir şaý-sepler bilen bezelmän, eýsem olar üçin haly önümleriniň hem öndürilendigini bellemelidiris. Halyçylyk sungatynyň bir görnüşi bolan keçe önümlerini hem ir wagtlardan bäri at esbaby hökmünde ulanylypdyr. Dal bedewleriň we olara dakylýan esbaplaryň waspy türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýeleýär. 

Bedewlerimizi serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi şeýle wasp edýär:


Münende şaý bolsa, tükel esbaby,

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Jul eýleseň, atlas bilen zerbaby,

Şonda biarmandyr üsti bedewiň.


Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýyl döwlet derejesinde bellenilmegi olar baradaky uly aladadan nyşandyr. Atçylygy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi bolsa ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da beýgeldýär. 

Mähriban Arkadagymyzyň gurup beren ajaýyp zamanasynda türkmen medeniýetini-sungatyny, bedew atlaryny, milli mukaddesliklerimizi dünýä ýaýýan,  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!


Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

16.04.2022
Telekeçilik: täze başlangyçlar, şanly sepgitler

12-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady we ol aýyň 18-ine çenli dowam eder. Serginiň ikinji gününde hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşmagy hem-de telekeçilerimiziň öndüren önümleri bilen tanyşmagy örän ähmiýetli boldy. Sergä ýurdumyzyň hususyýetçileriniň 200-den gowragy öz diwarlyklary we öndüren önümleri bilen gatnaşdy. Sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi. «Nesil» gazetiniň döredijilik topary sergä gatnaşyp, işi rowaç telekeçiler bilen söhbetdeş boldy.

 «NUSGA» — NUSGALYK ÝAZUWYŇ KEPILI 

                                                                   

Başarnygam zerur welin, owadan ýazuw üçin syýadyr galamyň hem täsiri gaty uly. Ýurdumyzda öndürilýän «Nusga» haryt nyşanly syýa galamlar owadan ýazgy ýazmak mümkinçiligini hödürleýär. Haryt nyşanynyň adyna tüýs mynasyp syýa galamlar 5 görnüşde satuwa çykarylýar: üçburçluk, togalak, altyburçluk, spiral, ýylmanak göwdeli. 3 dürli ysy bar: ýertudana, bägül, jasmin. 4 hili reňkde: gök, ýaşyl, gara, gyzyl. Syýa galamyň uzynlygy 14,5 mm, galyňlygy 7,3 mm, ýazuw ujunyň diametri 0,7 mm. Diýmek, bu önüm ýokary hilli ýazuwy kepillendirýär. 

                                                                   

«Nusga» haryt nyşanly önümi öndürýän «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň direktory Kakaly Geldiýew bilen serginiň dowamynda söhbetdeş bolanymyzda ol: 

                                                                   

— Önümçilik kärhanamyz Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Önümlerimiziň esasy bölegi içerki bazarlara ugradylýar. Ýakynda bolsa türkmen syýa galamlaryny Russiýa Federasiýasyna eksport etdik. Mundan başga-da, onlaýn söwdany ýola goýmak, önümçiligi we eksporty ýene-de giňeltmek başlangyçlarymyz bar — diýdi. 

                                                                   

Maglumat berlişi ýaly, syýa galamyň metal uçjagazy we syýasy daşary ýurtdan getirilýär. Daşlygy we içki syýa gaby polipropilenden ýasalýar. Önümçilik kuwwaty ýylda 45 million syýa galama deňdir. Her syýa galama 3000 metr ýazuw kepilligi berilýär. 

                                                                   

 EKOLOGIÝAMYZ «ÝEDIDOGAN» BILEN HAS ARASSA 

                                                                   

 Bu at köpimize tanyş bolsa gerek. 2017-nji ýylda esaslandyrylan bu önümçiligiň baş maksady — ekologiýamyzy goramak. 

 Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän, telekeçi Döwran Abdyrasulowyň ýolbaşçylygyndaky «Ýedidogan» haryt nyşanly kraft kagyz gaplama önümçiliginde daşky gurşawymyza we saglygymyza zyýansyz döwrebap kraft haltalar, dürli görnüşli we ölçegli kraft torbalar, 7 görnüşli iýmit önümlerini we dürli sowgatlyklary gaplamak üçin islege görä kesilip berilýän kagyzlar öndürilýär. Olar berkligi, çyglylyga çydamlylygy, ýarym süýnüjiligi bilen aýratyn tapawutlanýar.  

                                                                   

Kraft — güýçlendirilen, ýokary hilli kagyz önümçilikde çig mal hökmünde hyzmat edýär. Ýelim ýeralmanyň krahmalyndan ýasalýar. Ählitaraplaýyn amatly bolan çig maldan işlenýän önümleriň adam saglygyna zyýansyzdygy barada kärhana halkara ISO güwänamasynyň hem gowşurylandygyny aýtmak gerek. 

                                                                   

Işi rowaç telekeçi Döwran Abdyrasulow «Altyn asyr» söwda merkezinde lomaý söwda nokadynyň bardygyny, önümçilikde ulanylýan awtomatik enjamlaryň Germaniýadan getirilendigini, olaryň sagatda 13 müň kagyz torba çykarmaga ukyplydygyny, 1 aýyň dowamynda 2 milliondan gowrak önüm öndürilýändigini buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                   

«Ýedidogan» haryt nyşanly kraft kagyzlaryny gaplaýan kärhana öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär. Kärhananyň yedidogan.com internet saýty hem-de munuň üsti bilen onlaýn söwda hyzmaty hereket edýär. 

                                                                   

 BALDAN SÜÝJI, ŞEKERDEN DATLY 

                                                                   

«Balşekeriň» ady agzalsa, körpejelerimiz: «Äber-de, äber!» diýşip böküberýändirler. Hakykatdan-da, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän, telekeçi Kakamyrat Baýjanowyň ýolbaşçylygyndaky «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň «Balşeker» haryt nyşanly konditer önümleri baldan-da datly. 

                                                                   

Ýurdumyzyň telekeçileriniň sergisinde bu kärhana täze we döwrebap önümleriniň birnäçe görnüşini hödürledi. Tekjelerdäki dürli görnüşli, süýji tagamly zefirler, marmeladlar, nogul süýjüleri, kiseller, kökeler, mekgejöwen taýajyklary, siroplar, çörek bölejikleri... deňinden hiç kimi biparh geçirmeýär. Bu önümler ençeme wagtdan bäri ak bazarlarymyzy bezäp gelýär.  

                                                                   

— 100-den gowrak görnüşli önümlerimiz bar. Müşderilerimiziň saglygyny göz öňünde tutup, önümçilikde tebigy önümlere has köp üns berýäris — diýip, kärhananyň menejeri Kakageldi Atabaýew aýtdy. 

                                                                   

Kärhananyň altynmarket.com internet saýtynyň hem-de «Altyn Market» mobil goşundysynyň hereket edýändigini, onlaýn söwdanyň hem ýola goýlandygyny aýratyn nygtamak gerek. Kärhananyň işgärleriniň aglabasy hem ýaşlardan ybarat. 

                                                                   

Könelerimiz tagamy has süýji zada «Bal ýaly süýji eken» ýa-da «Şekerdenem datly» diýipdirler. Diýmek, «Balşeker» — baldan süýji, şekerden datly. 

                                                                                                           

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

                       

«Nesil».

16.04.2022
Hususy pudakda gazanylan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň barha berkeýändigini kepillendirýär

13-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Birleşme häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. 

  Sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň» diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi, hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan «Hasar», «Misgär», «Duýgy», «Altyn ýunus» kärhanalarynyň, «Bars», «Kindi», «Oguzhan», «Ak gar», «Datmeni» söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş boldy. Bu ugurda ýeterlik tejribe toplan işewür hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän kärhanalarynda ýokary hilli et-süýt hem-de süýji-köke önümleriniň öndürilýändigini gürrüň berdi. Hojalyk jemgyýetiniň 18 müňden gowrak söwda nokady bolup, onuň düzümlerinde 4 müňe golaý işgär zähmet çekýär. 

                                                                   

Sergi bilen tanyşlygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hususy önümçiligiň dürli ugurlary, hususan-da, süýt, şöhlat, doňdurma önümleri, sintetik ýuwujylar, zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika, amaly-haşam, haly önümleri, senagat, elektron tehnikalary we beýlekiler bilen gyzyklandy, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hususyýetçiligi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yzygiderli alada edýändigi, telekeçilere döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ähli telekeçileriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Yhlasly zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususy işewürligiň wekillerine üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady. 

                                                                                                           

"Nesil".

16.04.2022
Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy ulgamynyň kuwwaty artýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirildi. Däp bolan forum ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi. 

                                                                   

«Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maliýe goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.  

                                                                   

Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezildi. Şolaryň hatarynda balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän «Hazar balyk» toplumyny, «Ak toprak» kärhanasyny, «Hoş zaman» guşçulyk fermasyny, «Elin balyk», «Bereketli», «Toý zaman» «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetlerini, «Nurly meýdan» daýhan birleşigini görkezmek bolar.  

                                                                   

«Hasar», «Misgär», «Duýgy», «Altyn ýunus» kärhanalary, «Bars», «Kindi», «Oguzhan» «Ak gar», «Datmeni» söwda belgili önümlerini çykarýan telekeçiler we beýlekiler süýji-köke önümlerini görkezdiler. Olaryň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşda-da giň meşhurlyga eýedir. Olaryň ählisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň, lukumlaryň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar.  

                                                                   

Sergide Sanly ykdysadyýetiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdyryldy. IT ulgamynda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleri hem-de kärhanalar – «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi» we beýlekiler öz mümkinçiliklerini beýan etdi. Bu kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw onlaýn-maksatnamalaryny, «akylly öýleri» öndürýärler.  

                                                                   

Sergä gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen gyzyklandylar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki simkartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlary, häzirki zaman sowadyjylary, Internet ulgamynyň paýlaýjylary, agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar öndürilýär.  

                                                                   

Gurluşyk ulgamynda işleýän telekeçileriň bölümleri köp adamly boldy. «Çaly» hususy kärhanasy täzeçil tehnologiýalar esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň örän köp görnüşlerini taýýarlaýar. Diýarymyzda penaplast we ondan dürli görnüşli önümleri öndürýän «Ak hünji» nyşanly önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gün bu kärhana şeýle önümleriň 200-den gowrak görnüşini öndürýär. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümleri we onuň alyp barýan işleri ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Onuň kärhanalarynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýan önümleriň 1 müň 500-den gowragy öndürilýär. Ýokary hilliligi, görnüşleriniň, bezegleriniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler «Derýakeramika» söwda nyşany bilen ýerlenilýär.  

                                                                   

Sergide ulag we logistiki hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezildi. Şolaryň hatarynda «Bir dünýä», «Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary» hojalyk jemgyýetleri, «Bir Kuwwat» hususy kärhanasy we beýlekiler bar.  

                                                                   

Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň 100-den gowragyny görmek boldy. 

                                                                   

Serginiň baş maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlaryny geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr.  

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

                                                                   

Forumda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy.  

                                                                   

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň berýän uly goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.  

                                                                   

Maslahatyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemleri-de jemlenildi.  

15.04.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, 14-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

                                                                   

Mejlisiň şu ýylyň 2-nji aprelinde geçirilen on ýedinji maslahatynda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edilip, olar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna iberildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda iş toparlarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerine seljerme geçirilýär, Raýat, Zähmet kodeksleriniň rejelenen görnüşleriniň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary, şol sanda Balkan welaýatyndan saýlanan deputatlar öz saýlaw okruglarynda saýlawçylar, obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylary bilen yzygiderli duşuşýarlar, ýurdumyzda hereket edýän kanunlary düşündirýärler, adamlaryň pikirlerini, tekliplerini öwrenýärler. 

                                                                   

Şu ýylyň 6 — 8-nji aprelinde Milli Geňeşiň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň wekilleri Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, gelin-gyzlaryň arasynda türkmen milli däp-dessurlary, maşgala mukaddesligi hem-de edep-terbiýe bilen bagly wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz saýlawçylar bilen aragatnaşyk saklamagyň deputatlaryň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, parlamentarileriň öz ygtyýarlyklaryndan netijeli peýdalanmaklarynyň we saýlawçylaryň ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işlere işjeň gatnaşmaklarynyň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli parlamentiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda şu ýylyň 16-njy aprelinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Onuň gün tertibine Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlary ara alyp maslahatlaşmak meselesi giriziler. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmaga, ilaty durmuş taýdan goramaga, maşgalalary goldamaga, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze döwrüň talaplaryny, milli kanun çykaryjylyk ulgamyny we halkara hukuk tejribesini nazara almak bilen, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wagyz-nesihat işini işjeňleşdirmegiň, ilata, aýratyn-da, ýaşlara ýurdumyzyň abadançylygyna, raýatlarymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen täze eýýamyň oňyn özgertmeleriniň many-mazmunyny düşündirmegiň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek babatda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde geljek ýyllarda günbatar sebiti ösdürmegiň esasy ugurlary welaýatyň senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlaryny çekmegiň, sebitiň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribesini, innowasion hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, energetika, dag-magdan ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrmagyny göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, ulag-logistika ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurmak we ulanmaga bermek geljegi uly wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem şypahana we syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak teklip edilýär.  

                                                                   

Durmuş ulgamyna, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik desgalarynyň gurluşygyna we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler. Şunuň bilen birlikde, meýilleşdirilen ugurlaryň ählisinde içerki serişdeleriň, şol sanda zähmet gorlarynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de bu işlere hususy ulgamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, içerki we daşary ýurt maýalaryny çekmek wezipeleri goýuldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň öz wagtynda özleşdirilişini we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna täze önümçilikleriň işe girizilmegini gözegçilikde saklamak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we geljek ýedi ýyl üçin Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap, täze önümçilikleri we goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň hem-de nebitgaz toplumyna bölünip berilýän milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak işlerini maliýeleşdirmek üçin “Türkmennebit” döwlet konsernine maliýe goldawyny bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler, şeýle-de birnäçe nebitgaz känlerinde zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de degişli enjamlary satyn almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Oňa laýyklykda, has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi hem-de degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny rejeli we netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň, önümçilik ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygyna, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, nebitiň we tebigy gazyň düýpli işlenmegini üpjün etmelidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka zolaklarynda gözleg-barlag işlerini çaltlandyrmak, kenarýaka çäklerde täze ýataklary açmak we özleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, bu işe hususy ulgamy hem-de maýa goýumlary çekmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda nebitgaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda tejribe alyşmagy tabşyryp, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça çäreleri dowam etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.  

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, şol sanda Balkan welaýatynyň atçylyk sport toplumynda meýilleşdirilen medeni maksatnama barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir döwletimizde ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga we atçylyk pudagyny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi hem-de degişli halkara forumlar halkymyzyň iň oňat atçylyk däplerini ösdürmäge, ýurdumyzyň atşynaslyk we atçylyk sport mekdebiniň bu ugurdaky halkara işlere işjeň ýakynlaşmagyna, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen maksatnamany, umuman, makullap, wise-premýere ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky, hususan-da, himiýa senagatyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň baý kuwwatyny, şol sanda Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara almak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan himiki serişdeleriň täze görnüşleriniň, ýod, brom we brom önümleriniň, kaustik sodanyň, hlor we hlor önümleriniň önümçiliklerini ýola goýmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümçiliginde ulanylýan himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlet tarapyndan berilýän kömegiň netijesinde, zawodyň bökdençsiz işlemegi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, kärhana çig mal, himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlar hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, olary häzirki talaplara laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, zawodda hünärmenleriň ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelip zähmet çekýändiklerini göz öňünde tutup, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklibini hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň öňünde birnäçe gaýragoýulmasyz wezipeleri goýdy. Nygtalyşy ýaly, Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, himiýa we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny rejeli hem-de netijeli ulanmak üçin, senagat we gurluşyk pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmak zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat we gurluşyk önümleri bilen doly üpjün etmegi, innowasion tehnologiýalara hem-de ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan täze önümçilikleriň açylmagyny gazanmagy, elektron senagatyň döwrebap önümlerini öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow içerki sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek we ýurdumyzyň hususy ulgamynyň önümçilik başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kiçi we orta işewürligiň öňünde täze iş orunlaryny döretmek, welaýatlarda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ýaly möhüm wezipeler goýuldy. 

                                                                   

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan, şol sanda Balkan welaýatynda oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek barada teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak arkaly, gök önümleri, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny hem-de azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmak boýunça taslamalaryň 14-si bar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilen täze desgalaryň degişli sanawy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän önümçilikleri netijeli ulanmak bilen, çykarylýan önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hususy telekeçileriň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi. Amatly işewür gurşawy kemala getirmek arkaly, kiçi we orta işewürligi goldap, her welaýatda, etrapda hem-de şäherde döwrebap önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Wise-premýere ýurdumyzda eksport ugurly önümçilikleriň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri çaltlandyrmak hem tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň Balkan welaýatynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini içgin seljermek we olara gaýtadan seretmek babatda görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty hem-de «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu ýylyň 19-njy aprelinde Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly ylmy duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň barşynda arheologik tapyndylaryň sergisini guramak, taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara we milli ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen arheologik gazuw-barlag işleriniň netijelerine seretmek, “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek, daşary ýurtlaryň ylmy institutlarynyň wekilleriniň, alymlaryň we arheologlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Soňra wise-premýer şu ýylyň 16-njy aprelinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň maksatnamasy alymlaryň ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýetine hem-de arheologik tapyndylaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlaryny özünde jemleýär. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer dünýä derejesindäki köpugurly hassahananyň ulanmaga berilmäge taýýardygyny belledi. 

                                                                   

Ilata keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen hassahanada bölümleriň 27-si bolup, olarda näsaglaryň ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde bejergi almaklary hem-de saglygyny dikeltmekleri üçin zerur şertler döredildi. 

                                                                   

Köpugurly toplum dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap innowasion enjamlary bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy boýunça hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy. 

                                                                   

Täze, döwrebap saglygy goraýyş edarasynyň peýda bolmagy döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygy barada edýän aladasynyň hem-de dürli keselleri anyklamak we bejermek işine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň saglygynyň hemişe döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady. Ýurdumyzyň deňizýaka sebitinde dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan iri saglygy goraýyş desgasynyň ýene biriniň açylmagy munuň anyk mysalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegi dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere mundan beýläk-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak meselelerine uly üns bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara ykjam taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi. Bu dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda 2022-nji ýylda geçiriljek halkara çäreleriň meýilnamasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda bu ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda bilelikdäki giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunda energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. 

                                                                   

Üçtaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Şunda döwletara medeni-ynsanperwer gatnaşyklara hem aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň halklarynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy, medeni we ruhy däpleriniň umumylygynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny, onuň häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyklar geljegi uly mümkinçilikli usul bolup durýar. Şolar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara alyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna üç dostlukly döwletiň we olaryň halklarynyň bähbitlerine kybap bolşy ýaly, sebit hem-de dünýä möçberinde abadançylygyň maksatlaryna-da laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge täze itergi bermäge gönükdirilen sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary amatlykly 60 öýli, 4 gatly jaýlaryň 5-siniň düýbüni tutmagy guramak boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy, olar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek baradaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna bildirilýän möhüm talapdygyny nygtady. 

                                                                   

Balkan welaýatynda alnyp barylýan giň gerimli işler sebiti durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge we amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynyň bu sebiti innowasion ösüş ýoluna çykarmakda uly itergi bolup durýandygy möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

 Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatdaky işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna hem-de Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin 4 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüni tutmak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. 

                                                                   

Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada habar berildi. 

                                                                   

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitdäki işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, öz nobatynda, sebitdäki işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan anyk işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada-da hasabat berildi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew döwlet maksatnamalaryny we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, sebitde ýerine ýetirilýän işler hem-de durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

 Häkim şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy barada Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hasabat berdi. Ol şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmaga we Mary welaýatyndaky baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol sanda oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan ähli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunda bugdaý ýetişdirilýän meýdanlara ýokary hilli ideg edilmegine hem-de bereketli hasyl almagyň girewi bolup durýan gowaça ekişiniň has amatly möhletde tamamlanmagyna aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän azyk önümlerine isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, dürli miwe we gök önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz durmuş, önümçilik we beýleki dürli maksatly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere degip geçip, ähli täze gurluşyklaryň ýokary hilini we öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi hem-de meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi-de tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ýerde hyzmatlar ulgamyny ösdürmek we tomusky dynç alyş möwsüminiň ýetip gelýändigini nazara almak bilen, uly ýaşly adamlaryňdyr çagalaryň dynç alýan möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu günki göçme mejlisinde Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça birnäçe meselelere seredildi, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz ertire bellenen möhüm çärelere ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzyň deňiz derwezesi — Ýewraziýanyň möhüm ulag-logistika çatrygy

Aşgabat — Türkmenbaşy, 14-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. 

                                                                   

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Az salymdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan toý saparynyň şanyna sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda döwletimiziň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Balkan welaýatynda-da sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, olaryň ählisi ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda häzirki zaman önümçilik, ulag-logistika we durmuş düzümi kemala gelýär. Munuň özi welaýatyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyny hem-de ilatyň durmuş goraglylygynyň mundan beýläk-de berkidilmegini üpjün eder. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow günbatar sebite toý saparynyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Kongresler merkeziniň binasynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy portuň agzybir zähmetkeşler topary uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri Ýewropa we Hindi ummany döwletlerine çykmak üçin has amatly şertleri döredýär. Onuň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi harytlar ýüklenende wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik berer. 

                                                                   

Portuň 600 orunlyk ýolagçy terminalynyň binasynda häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ölçeglere laýyklykda, gümrük, serhet, migrasiýa, pasport gözegçiligi we beýleki zerur işler geçirilýär. Onuň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, syýahatçylar hem-de portuň işgärleri üçin döredilen amatly şertler şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gümrük we serhet gulluklarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, ähli işler öňdebaryjy tejribeler hem-de sanly ulgam boýunça ýola goýulýar. Munuň özi öňde goýlan wezipeleriň anyk, dessin, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Bu düzümleriň işgärleri degişli derejede, ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagyna ýardam berýärler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz portuň ýük terminalynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde ýükleri kabul etmek, olary işlemek, saklamak hem-de ugratmak işleri häzirki zaman öňdebaryjy tejribä we iň täze usullara laýyklykda amala aşyrylýar. 

                                                                   

Konteýner terminalynyň, ürgün ýükleriň, umumy ýüklemek-düşürmek işleri hem sazlaşykly alnyp barylýar. Ýükler porta howa, awtoulag we demir ýol ulaglary bilen getirilýär. Şeýlelikde, bu ýerde ýükleri düşürmek, soňra bolsa olary deňiz gämilerine ýüklemek işleri bökdençsiz amala aşyrylýar.  

                                                                   

Portuň konteýner terminaly bir wagtyň özünde 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge ukyplydyr. Ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, bu ýerde gallany ýörite ammarlarda saklamak üçin hem şertler döredilendir. 

                                                                   

Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu terminalda azyk önümlerini kabul etmek hem-de obasenagat toplumynyň harytlaryny eksporta ugratmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz terminalyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ürgün ýükleriň daşalmagyna islegleriň artýandygyny hasaba almak bilen, bu ýerden geçen ýylda 2 million 800 müň tonna önüm ugradyldy, munuň özi terminalyň kuwwatynyň 94 göteriminiň herekete getirilendigini aňladýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki sygymlylygy 35 müň tonna deň bolan ammarlary hem gözden geçirdi, olar galla önümlerini saklamaga niýetlenip, ýylda oba hojalyk önümleriniň ortaça 2-3 million tonnasyny saklamaga hem-de ugratmaga ukyplydyr. 

                                                                   

Umumy ýükler terminalynyň kuwwaty ýylda 4 million tonna deň bolup, onuň çäginde uly agramly we göwrümli ýükleri düşürmäge niýetlenen “Liebher” kysymly kranlar işleýär. Bu terminalda şu ýylyň birinji çärýeginde 221 müň tonna ýük işlenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 140 göterim ýokarydyr. 

                                                                   

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýär, onuň suw giňişligine ýylda ortaça 1500 — 1600 gämi girýär hem-de bu görkeziji ýyl-ýyldan artýar. Deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglarynyň sazlaşykly hereket edýändigi nazara alnanda, bu deňiz porty özbaşdak ulag-logistika merkezi bolup durýar. 

                                                                   

 Wise-premýer Ç.Gylyjow ýurdumyzyň telekeçileriniň portuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyşlary barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz portuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, eksport-import amallaryny geçirmekde üstaşyr geçelgeleriň işini netijeli ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer M.Muhammedow ýurdumyzda ulag-logistika işiniň maksatnamasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmekdäki wezipeler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bu deňiz portunyň halkara gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belläp, onuň ykdysady düşewüntliligini ylmy esasda içgin seljermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow portuň netijeli işiniň ýola goýulmagy bilen, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň kämilleşdirilmeginiň halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, bu işleri ylmy esasda alyp barmagyň möhümdigini nygtady. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň täze, häzirki zaman önümçilik düzümi bolan bu zawod Balkan welaýatynda gämi gurluşyk işlerini işjeň amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu ýerde gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýär. 

                                                                   

10 müň tonna polady işlemäge niýetlenen bu zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, toplumyň kuwwatlylygy ýylda 4 — 6 gämini gurmaga, şeýle-de 20 — 30 gämide abatlaýyş işlerini hem-de tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berip, olar ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Merkezi Aziýada üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar, munuň özi köp asyrlaryň dowamynda ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamany kabul etmegi, 74 ýurduň onuň awtordaşy bolup çykyş etmegi Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ählumumy häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstaşyr ulag gatnawlary babatda dört Kararnamany kabul edendigi buýsançly ýagdaýdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň strategik ulag merkezine hem-de sebitde iri logistik çatryga öwrülmegini üpjün etmegiň esasyny emele getirdi. Biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri amala aşyrýar. Döwletimizde kemala gelýän ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ülňülere doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gämi gatnawlarynyň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň ulag hyzmatlaryny ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtap, port hojalygynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň deňiz derwezesi diňe bir deňiz gatnawlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük akymlaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara gämigurluşyk kärhanasynyň we tutuş portuň işinde geljekde-de üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde gezelenç etdi. 

                                                                   

Şu günler Hazar deňziniň kenarynda ýakymly howa gurşawy emele geldi. Giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän ýeri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň, saglygy berkitmegiň oňyn mümkinçiliklerini özünde jemleýän häzirki zaman düzümi emele geldi. 

                                                                   

Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejeli bu zolak syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, seýilgähler hem-de seýilbaglar, medeni dynç alyş merkezleri, halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan şypahanalar hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde egindeşleri bilen welosipedli gezelenç etdi. Bellenilişi ýaly, dynç alşyň ýokary halkara derejesini özünde jemleýän Awaza halkymyzyň uly höwes bilen dynç alýan hem-de wagtyny peýdaly geçirýän künjegine öwrüldi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlap gelýändigini belläp, oňa ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda altynsow çägeli kenar, ýakymly suwy bolan deňiz, bereketli Gün şöhlesi, ekologik taýdan arassa gurşaw adamlaryň saglygynyň berkidilmegini, ruhubelentligiň we işjeň durmuş ýörelgeleriniň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk binýady goýuldy. Häzirki döwürde şol asylly ýörelgeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek ýakymlydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, özboluşly howa aýratynlyklary halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, amatly dynç alşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda döwletimizde welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Tutuş ýurdumyzyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edildi, oňa laýyklykda, 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Munuň özi tutuş adamzat ähmiýetli döredijilikli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolandygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygyny berkitmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly asylly çäreleri öz içine alýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Awazanyň ekologik abadançylygyna aýawly garamak, onuň çäklerinde täze tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen bilelikde “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Toplumda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmek, olaryň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, bu ýerde gurnalan sport enjamlary sportuň köp görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy we beden taýdan taplanmagy üpjün etmek bilen çäklenmän, adamda zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň emele gelmegini şertlendirýär. 

                                                                   

“Awaza” köpugurly sport toplumynda gurnalan sport enjamlarynyň her biri özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar, olar ynsan bedenine oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri özara toparlara bölünip, sport bäsleşiklerini guradylar. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň, onuň tarapdarlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda geçirilen sport çäresinden soňra, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ählumumy hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmagy babatda degişli işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow egindeşlerine üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

15.04.2022
Döwlet goldawy döwlet eçilýär

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyz dünýäniň ykdysady, söwda giňişliginden barha giň orun alýar. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlar ähli ugurlarda bolşy ýaly, telekeçilerimize-de döwlet eçilýär. Netijede, täze-täze önümleriň önümçiligi ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergidir maslahat hem bu döwletli döwranyň dünýä dabaralanmasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaly geljekki hünärmenleri taýýarlaýan institut bolandygymyz üçin, biz hem ýylyň-ýylyna geçirilýän sergä öz talyplarymyz bilen baryp görýäris. Sergä her ýyl baranymyzda, ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň gazanan üstünliklerini, olaryň täze önümçiliklerini synlap haýran galýarys. Olaryň önümleriniň ýyl-ýyldan kämilleşmek bilen bir hatarda geriminiň giňeýändigi bizi buýsandyrýar.  

                                                                   

«Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi» ýaly IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir kärhanalaryň öndüren döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw maksatnamalaryny, «akylly» öýleriň taslamalaryny synlanyňda, bu ugurdan kämil derejeli milli hünärmenleriň kemala gelendigi baradaky guwandyryjy duýgyny döredýär. Ýurdumyzyň esasy onlaýn internet serişdeleriniň biri bolan «Turkmenportalyň» maglumat önümleri, IT hyzmatlar, marketing hem-de PR tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmak biziň telekommunikasiýalar we informatika ugrundan bilim alýan talyplarymyz üçin hakyky görkezme sapagyna öwrüldi. 

  «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri bu günki gün ildeşlerimiziň arasynda we dünýä bazarynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Munuň şeýledigine bu hojalyk jemgyýetiniň sergide görkezen önümlerine — «Tolkun» suwuk kristal ekranly telewizorlaryna, degişli interfeýsi we ulgamlaýyn enjamlary bolan 55 dýumluk «Zemin» telewizorlaryna, iki sim kartly ykjam telefonlaryna, smartfonlaryna, dürli görnüşli monobloklaryna, smart-telewizorlaryna, sowadyjylaryna, internet ulgamynyň paýlaýjylaryna (routerler), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlaryna bildirilýän gyzyklanmanyň köp bolmagy-da şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Ýurtda ösüşlere, özgerişliklere sary ugur alnanda, täzeçillikler yzygiderli we ýokary depginlerde durmuşa ornaýar. Olar sähel wagtda «öwrenişilen zatlara» öwrülýär gidýär. Şonuň üçinem ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we olara degişli serişdeleriň söwdasyny guramakda elektron meýdança bolup durýan «Ýakyndar» onlaýn söwda meýdançasynyň, «Ynamdar» onlaýn marketiniň hyzmatlary durmuşymyza barha giňden ornaýan oňaýlyklaryň hataryndan orun alýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýylyň-ýylyna geçirilýän sergisine baryp göreniňde, täsinlikler meýdançasyna düşen ýaly bolýarsyň. «Abadan haly», «Derýaplastik», «Abraýly önüm», «Köşkli oba», «Çigildem», «Belent akaba», «Ter», «Ýigit», «Ter önüm» hojalyk jemgyýetleriniň, «Has», «Erkin gurluşyk», «Miweli ülke», «Altyn gala gurluşyk», «Altyn tug», «Kanagatly nesil», «Arçalyk», «Ak ýol», «Akdaş miwe içgileri», «Berk akar», «Ýakymly kümüş suwy», «Miweli oba», «Binýat», «Döwür gurluşyk», «Çäksiz lezzet», «Mahmal Zip», «Parahat», «Ak bulut», «Ak gaýa», «Saka», «Gujurly inžener», «Berk önüm», «Al gap», «Sapaly jaý», «Çaly», «Röwşen», «Batly gadam», «Muhammet Balkan», «Ak suw»… Halkymyzyň rysgal-berekediniň artmagynda goşant goşýan şeýle kärhanalaryň sanawyny ýene-de uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Bu serginiň dowamynda ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň baglaşylýandygy bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýen sözleriniň şu günlerden durmuşa geçirilýändigi baradaky buýsançly pikirler seriňe dolýar. 

                                                                                                           

Atajan NURÝAGDYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

15.04.2022
Bedew batly beýik işler

2022-nji ýylyň üç aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri 

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görlendigine şaýatlyk edýär. Ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň durnuklylygy munuň subutnamasydyr. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bölek satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, tebigy gazyň çykarylyşy hem-de onuň eksporta iberilişi, elektrik energiýasynyň öndürilişi we onuň daşary ýurtlara iberilmegi, benziniň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, sementiň, çörek we gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk önümleriniň, şöhlat, süýji-köke, et-süýt önümleriniň, şonuň ýaly-da, nah ýüplükleriň we matalaryň öndürilişi boýunça ösüş gazanyldy. Ulag we aragatnaşyk ulgamynda durnukly görkezijiler üpjün edildi. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak boýunça oňyn görkezijiler gazanyldy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,7 göterim artdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda 2021-nji ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň, etiň, süýdiň, ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüşler gazanyldy. Hasabat döwründe baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Ýylyň birinji çärýeginde balans toparlarynyň 26 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň mejlisleriniň 19-sy geçirildi. Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 14,6 göterimine barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri maýa goýum maksatnamasy 10,9 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 41,7 göterimi önümçilik, 58,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.  

                                                                       

  •  Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,7 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 121,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 124,4 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 102,5 göterime, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüşi 107,4 göterime, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň ösüşi 103,4 göterime deň boldy.  

                                                                       

  •  Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, öndürilen önümiň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 133,8 göterime, nah matalaryň önümçiligi 125,2 göterime, tikin we örme önümleri 119,8 göterime, gön önümleri 109,1 göterime deň boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 120,7 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 73-si geçirilip, 8 müň 620 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda amala aşyrylan işleriň ösüşi 104,3 göterim bolup, sergileriň 4-si guraldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň 3 aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüşi 108,1 göterime barabar boldy.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň ilkinji üç aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 159,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 167,5 göterim amal edildi. Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 135,4 göterim berjaý edildi. Elektroenergiýanyň öndürilişiniň ösüşi 116,4 göterime, eksport edilişiniň ösüşi 138,7 göterime barabar boldy.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň üç aýynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Okatmagyň häzirki zaman, täzeçil usullary giňden ornaşdyryldy. Okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edildi. Bilim bermegiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek üçin sanly bilimi ösdürmek ugrunda netijeli işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara internet hem-de ders olimpiadalarynda üstünlik gazanyp, altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolmagy ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Milli bilim institutynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen «Maglumata elýeterlilik merkezi» işe girizildi. Bilim ulgamynda halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklar, daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary bolan nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, lukmançylyk, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary boýunça ylmy mowzuklary ýerine ýetirmek işleri utgaşdyryldy. Şu ýylyň başyndan bäri Tomusky Aziýa oýunlaryna, 31-nji Tomusky uniwersiada, dünýä we Aziýa çempionatlaryna hem-de beýleki halkara bäsleşiklerine türgenleri taýýarlamak işleri dowam etdirildi. Jemgyýetçilik-syýasy wakalar mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. 

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, sergiler we wagyz-nesihat çäreleri guraldy. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri birnäçe halkara duşuşyklara, okuwlara, maslahatlara we sergilere gatnaşdylar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat we sergi geçirildi. «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy. «Saýra, dutar!» atly aýdymyň Türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugynda şu ýylyň başyndan bäri 28 million manatlykdan gowrak neşir önümleri taýýarlanyldy. Gazetleri we žurnallary elektron görnüşde neşir etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirildi. Döwlet habarlar agentliginde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we elektron neşirleri resmi maglumatlar bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp baryldy.  

                                                                       

  •  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki, abraýly sebitara we halkara guramalarynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy. Şunda ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. 2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelerine taýýarlyk işleri dowam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Birinji parlamentara forumy bar. Onlaýn tertibinde dürli derejedäki duşuşyklaryň 279-sy guraldy. Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, resminamalaryň 19-syna gol çekildi. DIM-niň ulgamy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli dowam etdi. Bu ugur boýunça birnäçe duşuşyklar hem-de geňeşmeler geçirildi. Watanymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler dowam edýär. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistana BSG-ä synçy hökmünde goşulýan ýurduň derejesi berildi. Türkmenistanyň BMG-niň halkara söwda hukugy boýunça 2022 – 2028-nji ýylar üçin agzalygyna saýlanmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparlaryna başlyklyk edijileriň duşuşygy boldy. Mart aýynda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetine başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi.  

                                                                       

  •  Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň edaralarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüşi 113, 3 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ösüş 116, 8 göterime, üstaşyr geçirilen ýükleriň ösüşi 121,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça hyzmat etmek babatyndaky ösüş 138,6 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ýurdumyza gelen daşary ýurt awtoulaglarynyň hem-de daşary ýurtlara çykarylan türkmen awtoulag serişdeleriniň sany degişlilikde 190,2 göterime we 134, 4 göterime barabar boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ösüş 109 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça – 105,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça hem 107, 7 göterime deň boldy.  

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleri Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisini geçirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda, wagyz-nesihat we guramaçylyk işlerini alyp bardylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalary geçirýärler. Halk Maslahatynyň degişli komitetlerinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini tassyklamak, onda kanunlary seljermek hem-de degişli netijenamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.  

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur alnyp, durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirildi. Dürli pudaklaryň işini düzgünleşdirýän resminamalaryň birnäçesi kabul edildi hem-de taslamalary taýýarlamak dowam etdirilýär. Ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilmegi talap edýän hukuk namalary seljerilýär. Halkara hem-de parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işler dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri duşuşyklaryň bäşisi, şol sanda sanly ulgam arkaly iki duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalary bilen guralan maslahatlaryň 28-sine gatnaşdylar. Şol çäreleriň 22-si sanly ulgam arkaly guraldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde gulluk iş saparynda bolup, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.  

                                                                       

  •  Obasenagat toplumy boýunça önümçiliginiň umumy mukdarynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy. Ýurdumyzda gök önümleri öndürmekde 137,9 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 113,9 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmekde 103,2 göterim, et önümlerini öndürmekde 101,2 göterim, süýt we süýt önümlerini öndürmekde 100,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 116,9 göterim berjaý edildi.  

                                                                       

  •  Ahal welaýatynda şu ýylyň ýanwar-mart aýynda senagat önümçiliginiň mukdary 19,9 göterime, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 110,2 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär. 

                                                                       

  •  Balkan welaýatynda şu ýylyň birinji çärýeginde maýa goýum serişdelerini özleşdirmek meýilnamasyna laýyklykda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça zerur işler alnyp barylýar, gowaça ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, gök-bakja ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                       

  •  Daşoguz welaýatynda şu ýylyň geçen üç aýynda senagat önümçiliginiň ösüşi 116,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji bölek haryt dolanyşygy boýunça 10,3 göterim ýokarlandy. Welaýatyň oba hojalygynda alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak üçin zerur çäreler we möwsümleýin oba hojalyk işleri üstünlikli alnyp barylýar. 145 müň gektar meýdandaky ak ekinleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli ideg işleri geçirilýär. Şu ýyl welaýat boýunça 140 müň gektar meýdana gowaça ekiler. Häzir ekişi bellenilen möhletde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                       

  •  Lebap welaýatynda senagat önümçiligi boýunça meýilnamany ýerine ýetirmek, bu babatda oňyn ösüş görkezijilerini gazanmak üçin zerur tagallalar edilýär. Welaýat boýunça tebigy gazyň öndürilişi 101,2 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişi 168 göterime, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa 110,5 göterime barabar boldy. Döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, suw we gaz geçiriji ulgamlaryň, elektrik üpjünçiliginiň, aragatnaşyk ulgamlarynyň we ýollaryň gurluşyklary dowam edýär. Sebitde gowaça ekişini kesgitlenen möhletde tamamlamak üçin toplumlaýyn işler alama aşyrylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. 

                                                                       

  •  Mary welaýaty boýunça senagat önümçiliginiň görkezijileri geçen ýylyň degişli döwri bilen deeňşdirilende, 90,2 göterim artdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegň çäklerinde, maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 108 göterim berjaý edildi. Welaýatda şu ýyl durmuş maksatly binalaryň 42-sini gurmak meýilleşdirildi. Häzirki döwürde şolardan 5-siniň gurluşyk işleri doly tamamlandy. 

                                                                       

  •  Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti kemala gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. TOP elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalaryny amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär. Hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçilerimizi giňden çekmek syýasaty amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek hem dowam edýär, häzirki döwürde ýurdumyzy 2022–2052-nji ýyllarda durmuş - ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär.  

                                                                       

  •  Esasy baýramlarymyz bolan Konstitusiýamyzyň ýubileýine hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlary mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmek öňümizdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Biz sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini artdyrmak boýunça syýasatymyzy dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.  

                                                                       

  •  Hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri alyp barmagyň möhümdigini aýdyp, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmagyň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmeiň, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.  
15.04.2022
Tehniki uglerod öndürýän zawod ulanmaga berildi

Mary welaýaty, 13-nji aprel (TDH). Şu gün Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan giň gerimli wezipelerine laýyklykda, Türkmenistan täze taryhy eýýamda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakdan ugur alyp, täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, diwersifikasiýalaşdyrylan senagat toplumyny döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa pudaklaryň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagy, Watanymyzyň baý tebigy serişdeleriniň esasynda işleýän ýokary tehnologiýaly we ylma esaslanýan kärhanalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman bilimli, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ägirt uly çig mal kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak wezipelerini üstünlikli çözmäge, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna esaslanan bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmakdan, ýurdumyzyň işewürligini, telekeçileriň başlangyçlaryny höweslendirmekden hem-de goldamakdan ybaratdyr. Bu ugra «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Türkmen işewür toparlarynyň wekilleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergi we maslahat milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleriň aýdyň beýanyna öwrüldi. 12-nji aprelde Aşgabatda açylan forumyň tapawutly aýratynlygy onuň anyk häsiýetlere baý bolmagyndan ybaratdyr. Muňa TSTB-niň gazananlarynyň häzirki gözden geçirilişiniň dowamynda baglaşylan ylalaşyklar hem-de şertnamalar, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň daşary ýurt bazarlaryna işjeň çykýandygynyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Senagatyň dürli pudaklarynda uly islegden peýdalanýan himiýa senagaty önümleriniň biri hem tehniki ugleroddyr. Mary etrabynda ýerleşen täze zawodyň ulanmaga tabşyrylmagy ýurdumyzda bu önümiň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede bolsa onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Onuň düzümine önümçilik toplumyndan başga-da, edara binasy, ammar, birnäçe ugurdaş inženerçilik-tehniki desgalar girýär. Şeýle hem senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Tehniki uglerod uglewodorodlardan alynýan önümdir. Onuň ulanylyşy dürli häsiýetlidir. Mysal üçin, ol polimer serişdeleriniň düzümine girýär, rezin-tehniki önümleriň ulanylyş häsiýetini gowulandyryp, şol önümler öndürilende güýçlendirip dolduryjy hökmünde giňden peýdalanylýar, hususan-da, awtoulaglaryň tekerlerine berklik berýär. Mundan başga-da, tehniki uglerod plastik häsiýetli önümleri reňklemek hem-de olaryň könelişmegini haýalladýan we plastmassalara antistatik hem-de elektrik geçiriji häsiýet berýän bir bölek hökmünde ulanylýar. Käbir ýagdaýlarda ol okislenme ýagdaýynyň öňüni almaga ýardam edýän serişdedir. 

                                                                   

Tehniki uglerod polimerleriň howanyň täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda ultramelewşe şöhlesiniň täsirinden goramak üçin ähli polimerlere diýen ýaly goşulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ol metallurgiýada, elektrotehnikada, çaphana işinde, reňkleme-ýalpyldatma arkaly bezemekde, ýeňil senagatda peýdalanylýar hem-de nusgalary köpeldýän tehnikada, ýörite görnüşli kagyzlary almakda, elektrokömür önümlerini hem-de dürli elektron enjamlar, abzallar, sanly tehnikalar üçin elektrik taýdan güýçlendiriji çeşme bolan galwanik serişdeleri öndürmekde ulanylýar. Tehniki uglerod beton, sement, asfalt-beton we organomineral garyndylaryň hem-de beýlekileriň düzüm bölegi hökmünde gurluşyk pudagynda-da peýdalanylýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda eziz Diýarymyzyň himiýa senagatynyň düzümini artdyran täze, döwrebap kärhananyň ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde nobatdaky ädim boldy.

14.04.2022