Aşgabat — Türkmenbaşy, 14-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Az salymdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan toý saparynyň şanyna sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Häzirki wagtda döwletimiziň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Balkan welaýatynda-da sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, olaryň ählisi ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda häzirki zaman önümçilik, ulag-logistika we durmuş düzümi kemala gelýär. Munuň özi welaýatyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyny hem-de ilatyň durmuş goraglylygynyň mundan beýläk-de berkidilmegini üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow günbatar sebite toý saparynyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Kongresler merkeziniň binasynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy portuň agzybir zähmetkeşler topary uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri Ýewropa we Hindi ummany döwletlerine çykmak üçin has amatly şertleri döredýär. Onuň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi harytlar ýüklenende wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik berer.
Portuň 600 orunlyk ýolagçy terminalynyň binasynda häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ölçeglere laýyklykda, gümrük, serhet, migrasiýa, pasport gözegçiligi we beýleki zerur işler geçirilýär. Onuň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, syýahatçylar hem-de portuň işgärleri üçin döredilen amatly şertler şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gümrük we serhet gulluklarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, ähli işler öňdebaryjy tejribeler hem-de sanly ulgam boýunça ýola goýulýar. Munuň özi öňde goýlan wezipeleriň anyk, dessin, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Bu düzümleriň işgärleri degişli derejede, ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagyna ýardam berýärler.
Döwlet Baştutanymyz portuň ýük terminalynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde ýükleri kabul etmek, olary işlemek, saklamak hem-de ugratmak işleri häzirki zaman öňdebaryjy tejribä we iň täze usullara laýyklykda amala aşyrylýar.
Konteýner terminalynyň, ürgün ýükleriň, umumy ýüklemek-düşürmek işleri hem sazlaşykly alnyp barylýar. Ýükler porta howa, awtoulag we demir ýol ulaglary bilen getirilýär. Şeýlelikde, bu ýerde ýükleri düşürmek, soňra bolsa olary deňiz gämilerine ýüklemek işleri bökdençsiz amala aşyrylýar.
Portuň konteýner terminaly bir wagtyň özünde 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge ukyplydyr. Ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, bu ýerde gallany ýörite ammarlarda saklamak üçin hem şertler döredilendir.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu terminalda azyk önümlerini kabul etmek hem-de obasenagat toplumynyň harytlaryny eksporta ugratmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz terminalyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ürgün ýükleriň daşalmagyna islegleriň artýandygyny hasaba almak bilen, bu ýerden geçen ýylda 2 million 800 müň tonna önüm ugradyldy, munuň özi terminalyň kuwwatynyň 94 göteriminiň herekete getirilendigini aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki sygymlylygy 35 müň tonna deň bolan ammarlary hem gözden geçirdi, olar galla önümlerini saklamaga niýetlenip, ýylda oba hojalyk önümleriniň ortaça 2-3 million tonnasyny saklamaga hem-de ugratmaga ukyplydyr.
Umumy ýükler terminalynyň kuwwaty ýylda 4 million tonna deň bolup, onuň çäginde uly agramly we göwrümli ýükleri düşürmäge niýetlenen “Liebher” kysymly kranlar işleýär. Bu terminalda şu ýylyň birinji çärýeginde 221 müň tonna ýük işlenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 140 göterim ýokarydyr.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýär, onuň suw giňişligine ýylda ortaça 1500 — 1600 gämi girýär hem-de bu görkeziji ýyl-ýyldan artýar. Deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglarynyň sazlaşykly hereket edýändigi nazara alnanda, bu deňiz porty özbaşdak ulag-logistika merkezi bolup durýar.
Wise-premýer Ç.Gylyjow ýurdumyzyň telekeçileriniň portuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyşlary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz portuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, eksport-import amallaryny geçirmekde üstaşyr geçelgeleriň işini netijeli ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer M.Muhammedow ýurdumyzda ulag-logistika işiniň maksatnamasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmekdäki wezipeler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu deňiz portunyň halkara gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belläp, onuň ykdysady düşewüntliligini ylmy esasda içgin seljermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow portuň netijeli işiniň ýola goýulmagy bilen, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň kämilleşdirilmeginiň halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, bu işleri ylmy esasda alyp barmagyň möhümdigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň täze, häzirki zaman önümçilik düzümi bolan bu zawod Balkan welaýatynda gämi gurluşyk işlerini işjeň amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu ýerde gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýär.
10 müň tonna polady işlemäge niýetlenen bu zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, toplumyň kuwwatlylygy ýylda 4 — 6 gämini gurmaga, şeýle-de 20 — 30 gämide abatlaýyş işlerini hem-de tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berip, olar ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.
Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Merkezi Aziýada üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar, munuň özi köp asyrlaryň dowamynda ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamany kabul etmegi, 74 ýurduň onuň awtordaşy bolup çykyş etmegi Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ählumumy häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstaşyr ulag gatnawlary babatda dört Kararnamany kabul edendigi buýsançly ýagdaýdyr.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň strategik ulag merkezine hem-de sebitde iri logistik çatryga öwrülmegini üpjün etmegiň esasyny emele getirdi. Biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri amala aşyrýar. Döwletimizde kemala gelýän ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ülňülere doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gämi gatnawlarynyň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň ulag hyzmatlaryny ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtap, port hojalygynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň deňiz derwezesi diňe bir deňiz gatnawlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük akymlaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara gämigurluşyk kärhanasynyň we tutuş portuň işinde geljekde-de üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde gezelenç etdi.
Şu günler Hazar deňziniň kenarynda ýakymly howa gurşawy emele geldi. Giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän ýeri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň, saglygy berkitmegiň oňyn mümkinçiliklerini özünde jemleýän häzirki zaman düzümi emele geldi.
Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejeli bu zolak syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, seýilgähler hem-de seýilbaglar, medeni dynç alyş merkezleri, halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan şypahanalar hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde egindeşleri bilen welosipedli gezelenç etdi. Bellenilişi ýaly, dynç alşyň ýokary halkara derejesini özünde jemleýän Awaza halkymyzyň uly höwes bilen dynç alýan hem-de wagtyny peýdaly geçirýän künjegine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlap gelýändigini belläp, oňa ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda altynsow çägeli kenar, ýakymly suwy bolan deňiz, bereketli Gün şöhlesi, ekologik taýdan arassa gurşaw adamlaryň saglygynyň berkidilmegini, ruhubelentligiň we işjeň durmuş ýörelgeleriniň baş şertini emele getirýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk binýady goýuldy. Häzirki döwürde şol asylly ýörelgeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek ýakymlydyr.
Ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, özboluşly howa aýratynlyklary halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, amatly dynç alşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda döwletimizde welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Tutuş ýurdumyzyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak asylly däbe öwrüldi.
Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edildi, oňa laýyklykda, 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Munuň özi tutuş adamzat ähmiýetli döredijilikli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolandygynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygyny berkitmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly asylly çäreleri öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Awazanyň ekologik abadançylygyna aýawly garamak, onuň çäklerinde täze tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen bilelikde “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Toplumda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmek, olaryň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, bu ýerde gurnalan sport enjamlary sportuň köp görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy we beden taýdan taplanmagy üpjün etmek bilen çäklenmän, adamda zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň emele gelmegini şertlendirýär.
“Awaza” köpugurly sport toplumynda gurnalan sport enjamlarynyň her biri özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar, olar ynsan bedenine oňyn täsirini ýetirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri özara toparlara bölünip, sport bäsleşiklerini guradylar. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň, onuň tarapdarlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda geçirilen sport çäresinden soňra, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ählumumy hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmagy babatda degişli işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow egindeşlerine üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
www.tdh.gov.tm