Taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halkymyz häzirki döwürde bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, milli gymmatlyklary bilen şöhratlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren eşretli zamanasynda halkymyz tarapyndan dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşulan milli gymmatlyklaryň biri-de – behişdi bedewlerimizdir.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda türkmeniň bedew atyna söýgüsi içgin açylyp görkezilýär. Bu kitapda ahalteke bedewleriniň 132-si barada gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk ulgamyna, halyçylyk sungatyna döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Türkmen halysy, türkmen bedewi – bular diňe bir halkymyzyň gadymylygynyň we zehinliliginiň, biziň şu günki garaşsyzlygymyzyň simwoly bolman, eýsem bu biziň topragymyzyň beýik syrydyr”.
Häzir ýurdumyzda diňe arassa tohum aty ýetişdirilmän, eýsem, onuň ýyndam sport aty bolmagy barada hem uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek bolar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýän Halkara atçylyk-sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça atçylyk-sport ýaryşy, şeýle hem uzak aralyga uly ýöriş, däp bolan at çapyşyklary we beýleki sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Ahalteke bedewleriniň gözellik we çapuw bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa däbe öwrüldi.
“Akhan” atly ahalteke atynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionyndaky bedewiň çeper keşbiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, şeýle hem behişdi bedewimiziň waspy ýetirilýän “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň umumadamzat gymmatlyklarynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has hem arşa göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň” maksatnamasyna sportuň konkur görnüşiniň girizilmegi bolsa türkmen bedewleriniň sport äleminde tanalmagynda möhüm taryhy waka boldy. Türkmenleriň çydamly, ýyndam atlary ýow gününde hem, parahatçylykly ýaşaýyşda hem olaryň iň ýakyn hemdemidir. Türkmen ýigidi öz atyna dostuna-doganyna etmeýän hormatyny edýär. Çünki Göroglynyň aýdyşy ýaly, bedew ýigidiň “başdaşy, syrdaşy, ýowuz günde ýoldaşy”. Aslynda, “Görogly” eposyna, bellibir derejede, bedew baradaky eser hem diýip bolar. Sebäbi Gyraty Göroglysyz, Göroglyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.
Taryha ajaýyp kamaty, ýyndamlygy, çydamlylygy, syzgyrlygy, wepalylygy kimin buýsançly häsiýetleri bilen giren türkmen bedewleri biziň milli guwanjymyzdyr. Ata-babalarymyz öz wepaly syrdaşlaryny gözüniň göreji deý gorapdyrlar. Olary gymmatbaha şaý-sepler bilen bezäpdirler.
Bedewler diňe bir şaý-sepler bilen bezelmän, eýsem olar üçin haly önümleriniň hem öndürilendigini bellemelidiris. Halyçylyk sungatynyň bir görnüşi bolan keçe önümlerini hem ir wagtlardan bäri at esbaby hökmünde ulanylypdyr. Dal bedewleriň we olara dakylýan esbaplaryň waspy türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýeleýär.
Bedewlerimizi serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi şeýle wasp edýär:
Münende şaý bolsa, tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň, atlas bilen zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýyl döwlet derejesinde bellenilmegi olar baradaky uly aladadan nyşandyr. Atçylygy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi bolsa ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da beýgeldýär.
Mähriban Arkadagymyzyň gurup beren ajaýyp zamanasynda türkmen medeniýetini-sungatyny, bedew atlaryny, milli mukaddesliklerimizi dünýä ýaýýan, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Orazjemal MYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Maliýe kafedrasynyň mugallymy