Möwsümleýin gaplama: ätiýaçlyk azyk gory

Şu günler öý bikeleri özara gürrüňlerinde gyş üçin gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamak işleri bilen meşguldyklary barada hökman ýaňzydýandyrlar. Tomus pasly gök we miwe önümlerini gaplamak bilen, ätiýaçlyk azyk goruny edinmekde amatly döwür hasaplanýar. Mydama ätiýaçly bolmak, gyş paslyna taýýarlykly barmak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Öý bikelerimiz bu ýörelgäni nesilme-nesil dowam etdirip gelýärler. Ýurdumyzyň hususy pudagynda gaýtadan işleýän azyk senagaty kärhanalarynyň döremegi bilen, olaryň bu ugurdaky işleri biraz ýeňilleşen bolsa gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwrebap önümçilik kärhanalarynda gök-bakja ekinlerini, dürli miweleri gaýtadan işlemek esasynda öndürýän konserwirlenen önümleri ýokary hil derejesi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle önümler ýaramlylyk möhletiniň dowamlylygy bilen hem alyjynyň ünsüni özüne çekýär. Alty aýa, hatda bir ýyla çenli saklap bolýan bu azyk önümleri ýylyň tutuş dowamynda halkymyzyň saçaklaryny bezeýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda ilkinji bolup maýonez önümçiligini ýola goýup, hususy pudakda 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti hem şu ugurda iş alyp barýar. Täze tehnologiýalaryň hasabyna önümçiligini giňelden hojalyk jemgyýetiniň konserwirlenen milli önümleri mundan alty ýyl öň ak bazarlarymyzda, azyk harytlary dükanlarynda “Nur”, “Mylaýym” haryt nyşanlary bilen peýda boldy. Önümhanada zähmet çekýän işçileriň 150-ä golaýy häzirki wagtda şeýle haryt nyşanly üwmeçleriň, pomidor goýaltmalarynyň, mürepbeleriň, jemleriň, marinada ýatyrylan pomidor, hyýar, kelem önümleriniň her günde 8 tonna golaýyny öndürýärler.  

                                                                   

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazarlarymyz gaýtadan işlenen azyk önümleriniň hem täzeden-täze görnüşleri bilen baýlaşýar. Şunuň özem bu ugurdan işleýän telekeçileriň arasyndaky özara bäsdeşligi güýçlendirýär. Alyjylar harytlaryň daşky gabyndan başlap, täzeligine, tagamyna, hil derejesine çenli üns berýärler. Olaryň arasyndan täze görnüşlerini saýlap alýarlar. Müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin mydama gözlegde bolmaly, okamaly, dünýä tejribesini öwrenmeli, gök we miwe önümlerini gaplamagyň täzeden-täze usullaryny oýlap tapmaly bolýar. Şeýle gözlegleriň netijesinde taýýarlan täze önümlerimizi “Hazyna” haryt nyşany bilen halkymyza hödürledik. Olar ösümlik ýagy goşulan mesge ýagy, şokolad goýaltmasy, şeýle-de ýertudanaly, erikli, üljeli, böwürslenli mürepbelerdir. Mesge ýaglary 200 gramlyk ýörite gaplara gaplanan, şeýle-de onuň karton gutularda 20 kilogramlyk görnüşi hem bar.  

                                                                   

Şu günler, ýagny tomus pasly biziň üçin iň gyzgalaňly döwür. Bu döwür işçilerimiz öňküden-de tijenip, iş depginini has-da güýçlendirmeli bolýarlar. Önümlerimiziň içerki bazardan artan bölegini daşary ýurtlara eksport etmegi hem meýilleşdirýäris. Hojalyk jemgyýetimize berlen ISO güwänamalary önümlerimiziň ýokary hil derejesini alamatlandyrýar — diýip, “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Kerim Amanmyradow gürrüň berýär. 

                                                                   

Şu günlerde bazarlaryň gök-bakja ekinleri, dürli miweler bilen baýlaşmagy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Munuň özi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň halkymyz üçin has bereketlidiginiň, rysgallydygynyň alamaty. Ol rysgal-bereket ýurdumyzyň gaýtadan işleýän azyk senagaty kärhanalarynyň işçileriniň yhlasly zähmeti bilen halkymyzyň mukaddes saçaklaryny öňküden-de baýlaşdyrýar. Bu bolsa döwletlilikden, agzybir we asuda durmuşdan nyşandyr.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

“Türkmenistan”.