«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber elli halyçylary geçen ýyl jemi 1932 inedördül metr haly dokap, 3 million 685 müň 237 manatlyk önüm öndürdiler we döwlet tabşyryklaryny üstünlikli amal etdiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda kärhananyň Baýramaly haly önümhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi halyçylarda uly zähmet galkynyşyny döretdi. Bu olara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başky iki aýyny zähmet üstünliklerine beslemäge şert döretdi.
Kärhananyň 150 orunlyk Baýramaly haly önümhanasy «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama kärhanasy tarapyndan bina edildi. Önümhanada döredijilikli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin oňyn şertleriň döredilmegi, onuň döwrebap zähmet gurallary bilen üpjün edilmegi halyçylaryň iş öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigine Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň işgärler bölüminiň hünärmeni Maýagözel Amanmyradowanyň gürrüňinden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
— 2022-nji ýylyň her aýy rysgal-bereketden, sahawatly işlerden, şatlykly wakalardan dolup gelýär. Täze haly önümhanamyzda halyçy gelin-gyzlara döredijilikli işlemek üçin ähli şertler bar. Bu ýerde oturdylan dokma enjamlary halyçylara nepis türkmen halylarynyň gadymy nusgalaryny gaýtadan dikeltmäge, täze nusgalary döretmäge, buýurmalar esasynda dürli nusgadaky halylary dokamaga mümkinçilik berýär — diýip, hünärmen buýsanç bilen aýdýar.