Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Gutlaglarda, hususan-da, bu taryhy wakanyň ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwer ýörelgeleri berkitmekde barha ýokarlanýan ornunyň, döredijilik we parahatçylyk syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.
Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Amanow, Ş.Abdrahmanow, Ç.Gylyjow, M.Mämmedowa, R.Meredow, M.Muhammedow, E.Orazgeldiýew, Ç.Purçekow, S.Toýlyýew, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler mähirli hem-de tüýs ýürekden gutladylar.
***
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, işewürler, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda Türkmenistanda açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçen saýlawlaryň halkymyzyň agzybirligini, her bir raýatyň ýurdumyzyň geljegi üçin jogapkärçiligine düşünýändigini bütin dünýä äşgär edendigini nygtaýarlar.
Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen mähirli gutlaýarlar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize mähirli gutlaglaryny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary B.Çernyşow, Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ženewa merkeziniň direktory Tomas Greminger, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili Terhi Hakala, Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masasugu Asakawa, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wise-prezidenti Anna Berde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu S.Klimou, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing, Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça Türkmenistandaky attaşesi Anjeý Madeý, Ukrainanyň halk deputaty Ý.Boýko, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Ermenistandaky Hemişelik wekili Natia Naswlişwili, Italýan söwda agentliginiň dolandyryjysy we baş direktory Roberto Luongo, “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Erwi Derreý, “Burç Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sefa Gömdeniz, “CLAAS Group” kompaniýalar toparynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Kristian Radons, “De La Rue International Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Klaýw Waşer, “CLAAS Group” kompaniýalar toparynyň eksport boýunça sebitleýin dolandyryjysy Martin Klima, “Cargolux” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Maksim Ştraus, “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy Piter Kallos, “Thomson Broadcast” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Emin Ubid, “SEDAŞ INŞAAT ANONIM ŞIRKETI” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Kerim Daýi, “Engin Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Engin Kale, “LX International Corp.” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ýun Çun Son, “Day Group” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, “Türkmenistan Koka-kola Bottlerz” hojalyk jemgyýetiniň paýdary, “Türk-Türkmen Söwda Öýi” hojalyk jemgyýetiniň direktory Mahmut Uslu, Russiýa Federasiýasynyň “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň direktory M.Aýrapetýan, “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Gazprom eksport” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň Baş direktory Ý.Burmistrowa, “Cifal” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Lýuk Bekker, “Zeppelin Turkmenistan JV” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Rob Smaýli, Kanadanyň ozalky Premýer-ministri Žan Kretýen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Braýza iberdiler.
Türkmen döwletiniň Baştutanyny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi S.Meredow, Ruhubelent etrabynyň häkimi D.Güjikow, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň we ähli işgärleriniň adyndan G.Ezizow we beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar.
(TDH)