“Türk­me­nis­ta­nyň we­lo­si­ped­li he­re­ke­ti ösdür­mekdäki tagallalaryny gyzgyn goldaýarys”

Dmit­riý ŞLA­PA­ÇEN­KO,
BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy:
 

                                                                   

— Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, ýurduň Hökümetini we halkyny türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu Kararnamanyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan giň goldawa eýe bolandygy hakykatdyr. Welosiped sürmegi ösdürmek we ony jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge ygrarlylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  

                                                                   

Welosiped ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup, howanyň hapalanmagyna getirýän awtomobilleriň ornuny çalşyp bilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, welosipedi ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa, peýdaly hem-de sagdyn görnüşi diýip atlandyrmak mümkin. Mundan başga-da, welosporty ilerletmek «durnukly ulag» konsepsiýasy bilen has oňat sazlaşýar we 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminamanyň düzgünlerini amala aşyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de, munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini we sporty wagyz etmek bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Durnukly ösüşiň 3-nji maksadyny amala aşyrmaga-da goşantdyr.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, koronawirus pandemiýasy şertlerinde saglygyňy berkitmek, immunitetiňi kadaly ýagdaýda saklamak, göwnüçökgünlikden we ruhy dartgynlylykdan saplanmak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy her günde azyndan 30 minut sport bilen meşgullanmagy maslahat berýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde-de sportuň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm şertleriň biridigi bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisi sportuň durmuş özgertmelerine, adamyň we jemgyýetiň ösüşine ýardam berýän hereketlendiriji güýçdügini, ýurtlaryň arasynda parahatçylygy hem-de özara düşünişmegi goldamaga goşýan ägirt uly goşandyny ykrar edýär.  

                                                                   

Welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek ilatly ýerlerde zerur bolan degişli infrastrukturany döretmegiň bähbidine jogapkärçilikli çözgütleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynda hem öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Hut welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek üçin döredilen şertleriň netijesinde dünýäniň köp döwletlerinde ulagyň bu görnüşi hereket etmegiň elýeterli serişdesine öwrüldi. Ol welosiped ýodajyklarynyň awtomobil ulaglarynyň şäher ulgamyna girizilmegini, hereketiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, jemgyýetçilik ýerlerine barmak üçin amatly welosiped ugurlaryny işläp taýýarlamagy, şol sanda şäherlerde welosiped seýilgählerini döretmäge maýa goýmagy we beýlekileri özünde jemleýär. Şeýle hyzmatlary hödürlemäge oýlanyşykly çemeleşilmegi şäherleriň býujetine goşmaça girdeji getirmäge ýardam berer. Bu bolsa, öz gezeginde, Durnukly ösüş maksatlaryna maýa goýumlary goýmakda täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzümi agzalan ugurlarda oňyn dünýä tejribesini öwrenmäge hem-de olar boýunça özara hereketleri ýola goýmak üçin hyzmatdaşlary tapmakda ýardam etmäge taýýardyr. Agzalan başlangyçlary milli, sebit we ählumumy derejede durmuşa geçirmekde-de biziň toparymyzyň ýurduň Hökümetini goldamaga taýýardygyny aýtmak isleýärin. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça özara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigine ynam bildirýärin.  

                                                                   

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda ählumumy Gün tertibi parahatçylygy goldamak hem-de Ýer ýüzünde has inklýuziw jemgyýetleri kemala getirmäge ýardam bermek bilen, hemmeler üçin durnukly geljegi gurmagyň ýollaryny salgy berýär. Diňe bilelikdäki tagallalar arkaly biziň bu maksada ýetip biljekdigimize ynanýaryn.