Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler

Daşoguz welaýaty, 30-njy mart. Şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar. 

                                                                   

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. 

                                                                   

 Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň daýhanlary orta süýümli pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “F-149”, “Ýolöten-39” ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine toplumlaýyn we guramaçylykly taýýarlyk görmegiň çäklerinde döwrebap tehnikalaryň — dürli kysymly traktorlaryň, ekijileriň, kultiwatorlaryň doly derejede we sazlaşykly işledilmegine hem-de pagtaçylaryň tohum bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Welaýatda ýerleri ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň uly toplumy, ýagny ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2552-si bar. Şolaryň aglabasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “John Deere” we “CLAAS” kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlardyr. Ekijileriň 454-si bökdençsiz ekiş işini üpjün eder. Olaryň hatarynda “Monosem” kompaniýasynyň sekiz hatarly ekijileri we beýleki enjamlary bar. 

                                                                   

Mundan başga-da, welaýatda ýörite toparlar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi. Bu bolsa bereketli hasylyň ygtybarly binýadyny goýýan ekerançylyk işleriniň bökdençsizligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Ýazky möwsümiň öňüsyrasynda Daşoguz welaýat häkimliginde maslahat geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi-pagtaçylar gatnaşdylar.  

                                                                   

Ýygnananlar ekiş möwsümini öz wagtynda geçirmek, degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri, şeýle hem “ak altynyň” we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Köneürgenç etrabynyň “Akgala” daýhan birleşigi ekiş möwsüminiň başlamagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrülip, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Mowzuklaýyn çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we sebitiň beýleki ýerlerinde geçirildi. 

                                                                   

Welaýatyň aýdym-saz we folklor-tans toparlarynyň çykyşlary ata Watanymyza, halkymyza, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine, şeýle hem 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna bagyşlandy. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm