Habarlar
Energetika — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini we eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ony ulanmak arkaly senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy pudagy ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy. Täze kuwwatly elektrik beketleri gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň çäklerinden müňlerçe kilometr uzap gidýän elektrik geçirijileriň birnäçesi täzelendi. Täze energetika enjamlary oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi dünýä we sebit energetika ulgamynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Özümizde sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk senagat kärhanalary hereket edýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, olarda elektrik energetika pudagyny ösdürmek boýunça hem wezipeler kesgitlendi.  

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda pudagyň ösüşiniň taryhy, şu güni hem-de geljegi barada jikme-jik gürrüň edilýär. Bu gymmatly kitapda Garaşsyzlyk ýyllarynda pudaga ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde garalyp, ony ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi aýdylýar. Ýeliň, Günüň, suwuň we beýleki alternatiw çeşmeleriň energiýasyndan peýdalanmagyň gerimini giňeltmek, olary ýurdumyzda giňden ornaşdyrmak dogrusynda bellenip geçilýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary alym Arkadagymyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky işlerinden ruhlanyp, birnäçe ylmy işleri alyp barýar. Ýokary okuw mekdebiniň wodorod energetika merkezinde ylmy-barlaglar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu energiýa çeşmesiniň öndüriliş usullaryny seljermek, olardan ykdysady taýdan bähbitli, daşky gurşawa zyýansyz usullary saýlap almak wajyp wezipeleriň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy gözlegler energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                                                           

Ene ORAZBERDIÝEWA,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

23.01.2023
Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny

Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda 

                                                                   

 Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde öz ösüş ýoly bilen häzirki zaman we kuwwatly döwlet hökmünde okgunly öňe gitmeginde we döwletliligiň milli nusgasyny döretmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren, adyl, adalatly, öňdengörüji, parasatly, ynsanperwer garaýyşlary bilen halk içinde ägirt uly abraýdan peýdalanýan, halkyň çäksiz sylagyna, hormatyna eýe bolan görnükli şahsyýetleriň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet bermek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýan hem-de häzirki zaman jemgyýetinde durmuş hakykatyna we halkymyzyň erk-islegine laýyk gelýän şu Konstitusion kanun türkmen halkynyň Milli Liderini ykrar edýär, syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. 

                                                                   

 1-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik işinde, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uzak ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň, uly hormatynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde görnükli hem abraýly döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde milli hem-de halkara derejede ykrar edilen döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmeli. 

                                                                   

 2-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şulara hemişelik hukugy bardyr: 

                                                                   

1) Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň hem-de howpsuzlygynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmäge, döwlet edaralaryna, şeýle hem wezipeli adamlara degişliligi boýunça seredilmegi hökmany bolan başlangyçlar bilen çykyş etmäge; 

                                                                   

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meselelere garalanda, kanunçylyk namalary ara alnyp maslahatlaşylanda çykyş etmäge; 

                                                                   

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan ösdürmegiň ugurlaryna degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende, möhüm ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşmaga, teklipleri bermäge, öz garaýyşlaryny beýan etmäge; 

                                                                   

4) Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň maslahatlarynda we gurultaýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet berkararlygyny üpjün etmek, adalatly, parasatly, öňdengörüjilikli we ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, maşgala agzybirligini, ýaşlaryň milli däp-dessurlary hormatlamak, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk syýasatyny, hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini hem-de ynsan mertebesini belende galdyrmaklygy göz öňünde tutýan wagyz-nesihatlary bilen, şeýle hem syýasy-jemgyýetçilik çagyryşlary bilen çykyş etmäge. 

                                                                   

 3-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideri we onuň maşgala agzalary eldegrilmesizlik hukugyna eýedirler. 

                                                                   

 Eldegrilmesizlik hukugy onuň eýeçiligine we maşgala agzalarynyň eýeçiliginde duran emläklere hem degişli bolup durýar. 

                                                                   

 4-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň işini üpjün etmek döwletiň ygtyýarly edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Liderine gulluk, ýaşaýyş, durmuş, ulag, aragatnaşyk, lukmançylyk, şypahana we beýleki hyzmatlaryň edilmegi, şeýle hem maddy taýdan üpjünçiligi ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

 5-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. 

                                                                   

 6-njy madda. Türkmen halkynyň Milli Liderine onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, şeýle hem onuň maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

 7-nji madda. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öz işini päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň hem-de mertebesiniň goralmagy döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kanuny işine päsgelçilik berilmegi, onuň kemsidilmegi, abraýyna we mertebesine garşy hereket edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär. 

                                                                   

 8-nji madda. Şu Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan çykdajylary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 

                                                                   

 9-njy madda. Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary.

21.01.2023
Maglumat ykdysadyýetinde zähmet bazary

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça dünýä ýurtlarynda durmuşa geçirilýän strategiýalar innowasion kärhanalaryň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyny, oňaýly jemgyýetçilik gurşawynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň netijesinde sanly tehnologiýalar durmuş-ykdysady ulgamyň özgermegine düýpli täsir edýär. Ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň netijeli ýoly hasaplanylýan sanly özgertmeler şol bir wagtda zähmet bazarynda ýagdaýyň üýtgemegine-de getirýär. Sanly hyzmatlar ulgamynda işleýänleriň sanynyň artmagy, maglumatlary döretmek, gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek, seljermek bilen baglanyşykly täze kärleriňdir hünärleriň döredilmegi ýurtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylan görnüşine geçilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» hadysasyna goşulyşmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Bu günki gün Bütindünýä internet torunyň mümkinçilikleri iş etmegiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyny hem şertlendirdi. Internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly uzak aralykdan zähmet işjeňligini amala aşyrýanlaryň sany barha artýar. Şeýle-de elektron tölegleriň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmak, elektron söwda we internet-mahabatlandyrma ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Önümçilige garanyňda sanly hyzmatlaryň paýynyň köp bolmagy sanly ykdysadyýete mahsus bolan esasy görkezijidir. Şunuň bilen baglylykda, maglumat tehnologiýalarynyň adamlara hyzmat edilişiniň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Dünýä giňişliginde emele gelen täze şertleriň täsiri astynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek hem-de ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Häzirki döwürde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ilaty durmuş taýdan goramak, iş bilen üpjünçilik boýunça hyzmatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

                                                                                                           

Ýakup BERDIÝEW,

                       

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

20.01.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky taryhy başlangyjy halkymyzyň arasynda uly goldawa eýe boldy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda iş topary döredildi. Raýatlardan gelip gowşan teklipler içgin öwrenilýär hem-de ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşyljak degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar. 

                                                                   

Konstitusion özgertmeleriň hem-de öňde boljak bilelikdäki maslahatyň taryhy ähmiýetini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen, ýerlerde Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem bu meseleler boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda teleradiogepleşiklerde çykyşlar guraldy, syýasy-jemgyýetçilik häsiýetli makalalar çap edildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bilelikdäki maslahaty geçirmegiň meýilnamasy we onuň gün tertibi işlenip taýýarlanyldy. Guramaçylyk toparynyň mejlislerinde maslahatyň gün tertibi boýunça göz öňünde tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşi, ýurdumyzyň Hökümeti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş hem-de ýerli häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

15-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini hem-de bu ýerde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy, şeýle hem onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk işleri alnyp baryldy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleri tarapyndan bu ulgamyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işleriniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli düzümler tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylan, ugurdaş düzümler bilen bellenilen tertipde deslapky ylalaşylan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylýan degişli resminamalar barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn wezipeleri öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda konsern tarapyndan Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek hem-de tehnologik taýdan çylşyrymly taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň, pudagy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli meseleleri içgin öwrenmegiň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mal serişdelerini mundan beýläk-de özleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudagyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini ulanmak esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde türkmen dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi hem-de ýokary hilli çig mal bilen üpjün edilmeginiň hasabyna dokma kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine halkara sergilere we işewürlik maslahatlaryna gatnaşmaklaryna goldaw bermekde döwrebap usullaryň hem-de oýlanyşykly strategiýanyň ulanylmagyna gönükdirilen işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu ýylyň 12 — 14-nji fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli 15-16-njy fewralda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahatlary, 15-nji martda bolsa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forumy geçirmek meýilleşdirildi. Olara ýurdumyzyň ýaş alymlary, professor mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Germaniýanyň, Wýetnamyň, Singapuryň, Hytaýyň, Hindistanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, ýaş alymlar gatnaşarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim we täzeçil tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmak, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzda möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmak üçin, daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle wekilçilikli halkara forumlaryň ýurdumyzyň ylmynyň ýeten derejesini dünýä ýaýmakda, Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli dürli derejede gol çekilen 320 resminama türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna geçen ýyl amala aşyran resmi saparynyň barşynda geçirilen gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi. Moskwada ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi. Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda Moskwada toparyň 12-nji mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça 15 sany resminama gol çekildi. 

                                                                   

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi we türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Häzirki wagtda Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak hem-de Türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, strategik hyzmatdaşlyk, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky gatnaşyklaryň köp ulgamlaryny öz içine alýandygyny hem-de oňyn ösüş meýillerine eýedigini nygtady. Muňa özara haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Russiýanyň iri sebitleri we subýektleri bilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Olar bilen göni işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda bilelikdäki netijeli işiň baý tejribesi toplandy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň saparynyň hem-de RF-niň wekiliýetiniň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, meýilleşdirilen ähli duşuşyklar we gepleşikler, gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilmelidir hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine ýardam bermelidir. Munuň özi umumy bähbitlere laýyk gelýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini düzgünleşdirýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde awiasiýa pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly iberip, agentligiň ýolbaşçysyna resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we innowasion tehnologiýalary mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda döwlet hyzmatlary elektron ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli portallaryň işe girizilmegi bilen, ornaşdyrylýan taslamalaryň netijeliligini üpjün etmekde, olary doly mümkinçiliginde ulanmakda tehniki we guramaçylyk taýdan birnäçe ugurdaş maksatnamalaýyn çäreleri kabul etmegiň zerurdygy öwrenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan internet hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, elektron ulgamlaryň işini üpjün etmek we düzgünleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, şu gün möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.01.2023
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti M.Şaýmiýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesi bilen berkidilen hem-de uly geljegi bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri meşhur kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini, şolaryň hatarynda Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” we beýlekileriň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda olar biziň ýurdumyzda ýokary hilli tehniki hyzmatlary amala aşyrýarlar diýip, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň olaryň işine mundan beýläk-de zerur goldaw berjekdigini nygtady. 

                                                                   

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän, ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýynyň gatnaşyklary netijeli ösdürmäge giň ýol açýandygyny belledi. 

                                                                   

Ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Tatarystanyň iri ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň köp sanlysynyň dürli hünärler boýunça bilim alýandygyny belledi we ýurdumyzyň bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman sport ulgamyndaky däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki çäreleri guramagyň, özara tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Kazan şäherinde geçirilen yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň birinji halkara hokkeý ýaryşynyň ähmiýeti bellenildi. Oňa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşdy. 

                                                                   

Däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wekilleriniň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem Tatarystanyň Prezidentiniň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň türkmen-tatar dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanow şunuň ýaly mukaddes çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de täze metjidiň Ahal welaýatynyň merkeziniň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin çaýjakdygyna ynanýandygyny nygtady. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, onuň ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

20.01.2023
Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän eziz Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda maksatnamalaýyn işleri toplumlaýyn esasda durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Milli ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan giň möçberli wezipelere laýyklykda, daşary ýurt maýadarlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňden ösdürilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmek boýunça täze senagat pudaklarynyň sany barha artýar, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň kuwwaty artdyrylýar. Olaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Ahal welaýatyndaky bu kärhana dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli güwänamalaryna mynasyp boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy barada hem hoş habar berildi. 

                                                                   

Bu Hökümet mejlisinde ýurtda harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu döwürde nebitgaz toplumyna iri möçberli dürli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap toplumlarda işlejek ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri hem ýokary derejede gurnalýandygy guwandyryjydyr.  

                                                                   

Häzirki zaman ýerli senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Ýagmyr KAKABAÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

19.01.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

Bilim we ylym ulgamy 

                                                                   

 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslendi. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda: “Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip belledi. Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanyşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde degişli Buýruga gol çekip, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamasyny tassyklady. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli işgärlere zerurlyklaryny hasaba almak bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünär ugurlarynyň sany artdyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlaryň daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilmegine, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany iş tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleriň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen bilimiň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler görkezildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler geçirilýär, ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim toruna birikdirmek işleri amala aşyrylýar. 

                                                                   

Milli bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Türkmenistanda BMG-niň beýleki ugurdaş düzümleri bilen hem bilelikdäki işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde guralýan köp sanly çäreler munuň mysalydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýurdumyzdaky edaralarynyň wekilleriniň hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýän talyplaryň pikir alyşmalaryny, okuw sapaklaryny, ýörite sergileri, maslahatlary hem-de dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça “tegelek stol” görnüşinde guralýan duşuşyklary görkezmek bolar. 

                                                                   

Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Şunuň bilen birlikde, milli bilim ulgamyny ösdürmegiň ýetilen ýokary derejesi daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin biziň ýurdumyzyň özüne çekijiligini artdyrýar, olar ýokary okuw mekdeplerimizde okamaga, işlemäge çagyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan bilim syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär, türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetýärler. 

                                                                   

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgyň Informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optiki milli barlaglar uniwersiteti tarapyndan guralan Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VIII matematika ders bäsleşiginde ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 31 ýeňijiniň 15-si biziň ýurdumyzyň talyplarydyr. Mundan başga-da, türkmen talyplarynyň 32-si ikinji we 16-sy üçünji orna mynasyp boldy. Biziň talyplarymyz Durnukly ösüş maksatlary boýunça her ýyl geçirilýän halkara talyplar bäsleşiginde mümkin bolan üç baýrakly ornuň ikisini eýelediler. Bu bäsleşige Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň ýokary okuw mekdeplerinden 500 talyp gatnaşdy we ol rus, iňlis dillerinde onlaýn görnüşde guraldy. Polşanyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara bäsleşikde türkmen talyplary şahsy we toparlaýyn hasapda 7 altyn, 7 kümüş hem-de 6 sany bürünç medala, halkara ynsanperwer hukugy boýunça Moskwa şäherinde guralan F.F.Martens adyndaky halkara bäsleşikde bolsa birinji orna mynasyp boldular. 

                                                                   

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary hem halkara internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler. Hususan-da, Sankt-Peterburgyň Diplomdan soňky bilim akademiýasynyň fizika-matematika fakultetiniň kafedrasy tarapyndan “Nord Education” (Finlýandiýa) we “Meta şkola” kompaniýalary bilen bilelikde guralan internet bäsleşikleriniň jemlerine laýyklykda, Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna dürli derejeli diplomlaryň 38-si gowşuryldy. Şeýle hem biziň okuwçylarymyz geografiýa, informatika, fizika we biologiýa boýunça “Info-urok” taslama bäsleşiginde öňe saýlanyp, diplomlaryň 5-sine mynasyp boldular. Mundan başga-da olar “Intolimp” taslama internet bäsleşiginiň tapgyrynyň jemleri boýunça ýeňiş gazanyp, 25 diploma mynasyp boldular. 

                                                                   

Türkmen talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerde şeýle ynamly çykyş etmekleri hem-de köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine hemişelik ünsüniň anyk netijeleridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda öňde goýlan wezipeler, şol sanda bilim serişdelerini ösdürmek boýunça bellenilen çäreler hem şu ugra gönükdirilendir. 

                                                                   

Watanymyzyň dürli künjeginde iň häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler, başlangyç hünär okuw mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurulýar. 1-nji sentýabrda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde — Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde 600 orunlyk orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy ulanmaga berildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde bina edilen çagalar bagy hem 320 çaga niýetlenendir. Balkan welaýatynyň Saganly obasynyň ýaşaýjylary Bilimler we talyp ýaşlar gününi 600 orunlyk täze orta mekdebi ulanmaga bermek dabarasy bilen utgaşdyrdylar. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Buýanly obasynda her biri 600 orunlyk iki sany umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy ýaşaýjylar üçin ýakymly baýramçylyk sowgady boldy. Daşoguz şäherinde gurlup ulanmaga berlen çagalar bagy 240 körpä niýetlenendir. 

                                                                   

1-nji sentýabr Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin hem şanly wakalara beslendi. Has anygy, Saýat etrabynyň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy we etrabyň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşlary 500 orunlyk täze, döwrebap orta mekdepde okamaga mümkinçilik aldylar. Bu welaýatyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda 320 orunlyk çagalar bagy körpeler üçin gapysyny giňden açdy. Bu desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Olar öz üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.  

                                                                   

Şunuň ýaly desgalaryň ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan dostlukly ýurtlarda bina edilmegi hem buýsançly ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda Täjigistan Respublikasynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp mekdep okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgadyň — programma üpjünçilikli “Bilimli” atly kompýuteriň gowşurylandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda mugallymlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan “Ýylyň mugallymy” hem-de “Ýylyň terbiýeçisi” atly döwlet bäsleşikleri geçirilýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeler himiýa, biologiýa we beýleki dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerini hasaba almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy giňeldilýär. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon, koreý dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, olar iň täze bilim usulyýetlerini hem-de maglumat tehnologiýalaryny üstünlikli özleşdirýärler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň bilim merkezleri bilen gatnaşyklary giňeldilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň ykrar edilen ylym we bilim merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bu döwletlerde bilim alýan talyplaryň sanyny artdyrmagy gazandy. Halkara ylmy barlaglara gatnaşmagynyň gerimini giňeltdi, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyşmalary hem-de akademiki maglumat torlarynyň ösdürilmegini işjeňleşdirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Astrahan döwlet uniwersiteti” ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi bilen “Şalyçylyk federal ylmy merkezi” federal Döwlet býujet ylmy edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen A.N.Kostýakow adyndaky Bütinrussiýa gidrotehnika we meliorasiýa ylmy-barlag institutynyň arasynda ylmy-barlag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Gazagystanyň Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklar we dünýä dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Şertnama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň şol ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, aýratyn-da, degişli maksatnamalaryň teklip edýän talyp haklary ugurlary boýunça göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilim ulgamynda üstünlikli pugtalandyrylýan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe synaglaryny we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ugurlary ýyl-ýyldan giňeýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek we onuň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine aralaşmak işleri ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ylmyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň we tutuş jemgyýetiň öňünde goýýan möhüm wezipeleridir. 

                                                                   

Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, oňa ýurdumyzyň alymlarynyň we dünýäniň 20 döwletinden ylmy toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagy bu ugurdaky ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň wajyp ugurlary, täze tehnologiýalary ulanmak boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri girizildi. Şeýle hem farmasewtika, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly ugurlardaky ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň wajyp ugry hökmünde sanlylaşdyrmak meselelerine möhüm üns berildi. 

                                                                   

Daşary ýurtly alymlar ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümiň bardygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawy we üns bermegi netijesinde täzeçil işlemek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigini nazara alyp, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Foruma gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guraýan ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda ylymly ýaşlaryň döwletimiziň kuwwatly güýjüdigini, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidigini, türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidigini we baky dowamatydygyny nygtady. Hut şonuň üçin hem täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünär başarnygy bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi netijesinde bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda bu bäsleşige ýaşlaryň 1140-sy gatnaşdy. Şol sanda 730 talyp we 410 ýaş alym bäsleşikde ylmyň we tehnologiýanyň alty wajyp ugry boýunça özleriniň işläp taýýarlamalaryny, amaly işlerini we ylmy barlaglaryny görkezdiler. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň, ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezinde we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde geçirilýän ylmy barlaglar ýaş alymlara we talyplara öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Olaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik garaýyşlary, maglumat-tehnologik barlaglary döwletimiziň kuwwatyny berkitmekde, aýratyn-da, ykdysadyýetimizde sanly düzümleri ösdürmekde ähmiýetlidir. Ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine, energiýa serişdeleriniň ykdysady meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen işler netijeli alnyp barylýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öwrenmek arkaly alymlar elektrik energiýasynyň önümçiligini, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, onuň ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça täze önümçilik tehnologiýasyny döredýärler, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary alyp barýarlar. 

                                                                   

Mundan başga-da, ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biomedisina ýaly ugurlarda ylmy barlaglary geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmek, ekologik meseleleri öwrenmek, milli emeli hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ulag-logistik merkezleri döretmek, ylmy taýdan esaslandyrylan, syýasy we ykdysady ähmiýeti bolan halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine zerur üns berilýär. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary milli ylmyň täze ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny we ynsanperwer ugurlary sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki zaman kompýuter ulgamy, aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy toplumlaýyn esasda ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda köp sanly işläp taýýarlamalar amala aşyrylýar. Munuň özi gurak zolakda ekerançylygy, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmek üçin möhüm esas bolup durýan ekologik kartany döretmek arkaly “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň kollektor-drenaž suw ulgamyny gidrohimiki taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Türkmenistanda Hazar deňziniň gurşawyny we biologik dürlüligini goramak, onuň tektonik- seýsmiki işjeňligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, bu ýerde iri himiýa senagatyny, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-sagaldyş desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara alanyňda, ylmy-tejribe taýdan ähmiýetlidir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň alymlarynyň patent alnan ylmy barlaglarynyň, ylmy oýlap tapyşlarynyň we rasionalizatorçylyk teklipleriniň köpdügini bellemek gerek. Ýerli çig mal serişdeleri esasynda taýýarlanýan gurluşyk materiallaryň düzümi, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça işläp taýýarlamalar, başga-da birnäçe serişdeler dürli ugurlardaky tejribede giňden ulanylýar. Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini, şol sanda dil bilimini, etnografiýany, arheologiýany, halkymyzyň baý ruhy mirasyny, ýurdumyzyň ajaýyp tebigy künjeklerini gorap saklamak we öwrenmek boýunça ägirt hem uly işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady. Watanymyzyň ykbaly, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda giňden tagallalar edýän döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde öňe sürýän başlangyçlary milletiň ylym-bilim mümkinçiliklerini has doly amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylmy-tehniki ýörelgeleriň okgunly ösüşine, adam mümkinçilikleriniň derejesine işjeň goşulyşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.  

                                                                                                           

(TDH)

19.01.2023
Yhlasly zähmetiň miwesi

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda birnäçe döwrebap önümçilik, dokma kärhanalary hereket edýär. Bu kärhanalaryň önjeýli işledilmegi bilen halkymyzyň diňe bir tikin önümlerine bolan islegleri doly kanagatlandyrylman, eýsem, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdarynyň hem artmagyna getirýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabrigini görkezmek bolar. Fabrikde tikilýän dürli görnüşli, ýokary hilli önümler halkymyzyň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Munuň şeýledigine biz tikin fabriginiň önümçilik bölüminiň başlygy Gülsere Seýilhanowa bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Ol geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kärhana boýunça 19694892 manatlyk iş edilip, bellenilen meýilnamanyň 181,1 göterim ýerine ýetirilendigini gürrüň berdi. 

                                                                   

Kärhanada tikilýän dürli görnüşli önümleriň matalary ýurdumyzda ýetişdirilýän pagta hasylynyň önümi bolup, özüniň ýokary hilliligi, arassalygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem bu önümler alyjylarda ýakymlylygy we elýeterligi bilen uly gyzyklanma döredýär. Öndürilýän önümleriň 100-den gowrak görnüşi bolup, häzirki wagtda olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite tikilen eşiklerden ybaratdyr. Şeýle-de tikin fabriginde bölek satuw üçin, uly ýaşdaky adamlara hem-de çagalara niýetlenen dürli görnüşli eşikler, ýörite işçi geýimleri, pamykly ýorgan, düşek, ýassyk önümleri hem-de olaryň daşlyklary, saglygy goraýyş işgärleri üçin halatlar we başgaplar, sport egin-eşikleri tikilýär. Tikin fabriginde ilata hödürlenýän önümler milliligi, biçüw aýratynlyklary, döwrebaplygy bilen has tapawutlanýar.  

                                                                   

Tikin fabriginde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tikin maşynlary bolup, olara öz işleriniň ussatlary bolan tikinçiler ezberlik bilen erk edýärler. Olaryň hatarynda Maýsa Nurjanowany, Jeren Toýlyýewany, Oguljahan Amanbaýewany, Suraý Atajanowany, Nurjemal Öwezowany görkezmek bolar. Bu ýerde işleýän tikinçilerdir biçüwçileriň, işçi-hünärmenleriň agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän önümlere bolan isleg günsaýyn artýar. Olar şeýle hyjuw hem-de zähmetsöýerlik bilen ýokary hilli, täze görnüşli önümleri öndürip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy zähmet üstünliklerine besläp, halkymyzyň bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar. 

                                                                                                           

Raziýa GAÝYPJANOWA,

                       

«Daşoguz habarlary».

19.01.2023
Ulag ulgamyndaky netijeli işler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen okgunly öňe barýar, günsaýyn ösýär, özgerýär, üstünlikleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwlet bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär, durnukly ösüş gazanylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ulag ulgamynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar. Eziz Diýarymyz özüniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini görkezip, ählumumy integrasiýa goşulyşýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan döwletimiz bilen daşary döwletleriň hyzmatdaşlygy has-da giňeldilýär. 

                                                                   

Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda durnukly ösüş gazanýan ýurtlaryň hataryna girýär. Watanymyzyň parahatlygy, halkyň agzybirligi bilen bir hatarda, kämil ulag ulgamy hem dünýä döwletlerini we iri kompaniýalary ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giňden gyzyklandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» ýörelgeleri bu babatda işleriň öňe ilerlemegine ýol açýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, ýurdumyzyň ulag ulgamynda täze başlangyçlar, täze netijeli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz asuda, parahat ýurdumyzyň dünýä giňişliginde tutýan abraýly ornuny barha berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza döwletli işlerinde üstünlik arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Gunça ALLAMYRADOWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

19.01.2023
Netijeli ykdysady usullar

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary we ulgamlary täze eýýamymyzyň belent ruhunda ösýär, özgerýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi innowasion işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagyna, ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyndan netijeli peýdalanylmagyna giň ýol açýar.  

                                                                   

Ykdysady ösüşi innowasiýa tarap gönükdirmek esasynda ýurdumyz halkara zähmet bölünişiginde özüne degişli orny has ynamly eýeleýär, dünýä bazaryna islegli önümlerini çykarmakda tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýar. Munuň özi dünýä bazarynda geljekde ýene-de ýurdumyza durnukly orny we ýokary girdejileri üpjün eder. Bu bolsa milli pulumyzyň we ykdysady ösüşlerimiziň has durnukly bolmagyna ýardam berýär. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary derejede — 6 göterimden hem gowrak möçberde saklanylmagy örän işjeň ulanylýan ykdysady usullaryň oňyn täsiridir. Ýurdumyzda häzirki wagtda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Umumy bahasy ençeme milliard amerikan dollaryna barabar bolan iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygy kuwwatly ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleriniň çäginiň örän giňdigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetdäki gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşlerine hem uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň gurduran döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalarynyň uly topary il-ýurdumyzyň bähbidine öndürijilikli işledilýär. Bu kärhanalarda çig malyň senagat taýdan işlenilmeginiň netijeli ýola goýulmagy ykdysady girdejileriň artmagyny üpjün edýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygy has ýokarlandy. Meselem, tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýä boýunça alanyňda, ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi, eýýäm ep-esli wagtdan bäri EURO-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 benzini dünýä bazaryna çykarylýar. Türkmenistan kompýuter tehnologiýalarynyň önümçiligine hem ynamly goşuldy. Senagat taýdan täze önümçilikleriň sany ýene-de artýar. Welaýatymyzyň çäginde täze zawod-fabrikler gurulýar. Köýten sebitinde çig mal potensialynyň baý goruny peýdalanmaga gönükdirilen işler ýaýbaňlandyrylýar. Sebitde kuwwaty ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrdakysynyň gurluşygy depginli dowam etdirilýär. Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenilen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili kiçi kärhanalaryň birnäçesi öz önümleri bilen ilaty begendirýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetdäki ösüşleriň täze ýylda hem giňden ýaýbaňlanmagy ugrunda Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy hereket edýär. Bu ugur hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin kabul edilen esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetinde hem beýanyny tapdy. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly depginler bilen ösmeginiň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegi ynamly çaklanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň pugta esaslarynyň hereket edýändigi örän begendirijidir. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esaslaryny hem mäkäm berkidýär. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýetine öwrülýär.  

                                                                                                           

Kerim MEREDOW,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

19.01.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işler talabalaýyk alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň bol hasylyň kepili bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar.

Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhümdigini belledi hem-de bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýaz ekişe guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär, öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekilişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belläp, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Öňümizdäki ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar abatlanylýar, pagtaçy kärendeçiler üçin gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň möhümdigini belledi hem-de ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, şu günler ministrligiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.01.2023
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berildi.

Hajy Arkadagymyz bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary we çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljagyny aýtdy. Çünki türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär, yslam dini bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Arkadagymyz türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe maslahatlaryny we tekliplerini aýtdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetiň azatlygyny, halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baş metjitleriň gurlup ulanmaga berlendigini, olarda asylly ýörelgeleriň, sogap işleriň amal bolýandygyny aýdyp, Ahal welaýatynyň merkezinde hem baş metjidiň gurulmagynyň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz metjit gurmagyň edil ýol we köpri gurmak ýaly sogap işdigini aýdyp, bu asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde zamananyň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Metjidiň il içinde “Allanyň öýi” hasaplanýandygyny aýdyp, hajy Arkadagymyz welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermek hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmegi babatda maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz welaýatlaryň baş metjitleriniň ilki Mary welaýatynda gurlandygyny aýdyp, bu asylly işleriň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde netijeli dowam etdirilendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän kaşaň metjit guruldy. Soňra metjit gurmak işi Lebap welaýatynda dowam etdi. Türkmenabat şäheriniň merkezinde gurlan baş metjit şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen baş metjit ulanmaga berildi. Ine, bu gün bolsa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga bermek işlerine taýýarlyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Sahawatly Ahal topragynda täze metjidiň gurulmagy gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolar. Ruhy gymmatlyklar adamlary halallyga, ynsanperwerlige, päk ýüreklilige, ýagşylyga çagyrýar. Şoňa görä-de, sogap işleriň amal bolýan ýeri hasaplanýan metjitleriň gurluşygyna döwlet tarapyndan zerur üns berilýär. Hajy Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigi, gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň oňaýlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigi bellenildi.

Taryhyň dowamynda türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşmak bilen, halkymyzyň milli binagärlik ýörelgelerini ösdüripdir. Şular barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde binagärligiň milli ýörelgeleriniň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbinde öz beýanyny tapýandygyny, bina edilýän täze obadyr şäherlerde, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň golaýynda metjitleriň gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowamat-dowam bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde baş metjidiň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berilmegine ýakyn wagtda girişilmeginiň, ähli halkymyzyň bu ajaýyp waka gatnaşmagynyň hem-de şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Hajy Arkadagymyz toý sadakasynyň berilmeginiň ägirt uly başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini, halkymyzyň agzybirliginiň, ynsanperwer ýörelgeleriniň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň, döwletli tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa beýik maksatlaryň üstünliklere beslenmeginde örän möhümdir diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Soňra hajy Arkadagymyz baş metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, bu ýeriň maksadalaýyk saýlanyp alnandygyna ünsi çekdi. Ýeri gelende, Ahal welaýatynyň baş metjidiniň guruljak ýeriniň Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, 2022-nji ýylyň oktýabrynda kesgitlenendigini belläp geçmek gerek. Şeýle-de bu metjidi gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýokary talaplar bildirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça “Altyn” hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.

Gahryman Arkadagymyz yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi. Şeýle hem hajy Arkadagymyz metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek aýdyp, binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda merkeziň giň köçeleri boýunça ýola düşdi. Ýolugra hormatly Arkadagymyz bu ýerde gurlan binalardyr desgalaryň atlandyrylyşy boýunça görkezilen ýazgylary, olaryň aýratynlyklaryny we reňk öwüşginlerini synlady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup durýandygyny aýtdy we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ýolbaşçylaryna giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

16.01.2023