Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Şu ýylyň ilkinji iki aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejede saklanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň oňyn netijesidir. Ykdysady strategiýanyň esasy aýratynlygy ýurduň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýeti yzygiderli pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şunda diwersifikasiýa möhüm üns berilmegi, oýlanyşykly durmuş syýasatynyň alnyp barylmagy makroykdysady görkezijileriň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berýän şertlerdir.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterime deň boldy. Bu makroykdysady görkeziji ýurdumyzda diwersifikasiýa syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Häzirki döwürde bu ugur ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda mynasyp orun eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki döwürde Türkmenistan uzak möhletleýin we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin diwersifikasiýa syýasatyny oýlanyşykly durmuşa geçirýän döwletleriň biri bolup, ol birnäçe ugurda amala aşyrylýar. Hususan-da, gaýtadan işleýän senagaty we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetiň diwersifisirlenen ösüşini gazanmak ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyna garaşlylygyny azaltmagyň ygtybarly ýoly hökmünde telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgininiň 5,6 göterim derejede saklanmagy milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu görkezijiniň söwdada 8,1 göterime, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterime, oba hojalygynda 3,9 göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary netijeliligiň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Hökümet mejlisinde bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 1,1 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Şunda bölek-satuw haryt dolanyşygy ilatyň pul girdejilerini harytlara çalyşmak arkaly, ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary aňlatmak bilen, satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýän bolsa, onda daşary söwda dolanyşygy ýurda getirilýän we beýleki ýurtlara iberilýän harytlaryň mukdaryny häsiýetlendirýär. Umuman aýdylanda, soňky görkeziji dünýä ykdysadyýetinde ýurduň tutýan ornundan habar berýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösýän häzirki şertlerinde döwlet syýasatynda daşary söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, onuň ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijilerine özüniň uly täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artmagy diňe bir ýurda altyn pul akymlarynyň gelmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagy ýerli öndürijilerimiz tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň has-da köp öndürilmegini höweslendirýär. Netijede, jemi içerki önümiň, şol sanda ýokary hillisiniň möçberi artýar. Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, öz gezeginde, önümçiligiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda, işgärleriň hünär başarnygynyň ýokarlanmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu aýratynlyklar daşary söwda ulgamynyň netijeli guralan, işiň oýlanyşykly ýola goýlan ýagdaýynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Daşary söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin, ilkinji nobatda, ýurtda öndürilýän harytlaryň köpgörnüşliligini we hiliniň ýokarylygyny üpjün etmek zerur bolup durýar. Munuň üçin milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň köp möçberde çekilmegi, şeýle-de türkmen işewürleriniň eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge çalyşmagy täze mümkinçilikleri açýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde eksport bilen birlikde, importy çalyşýan syýasaty oýlanyşykly alyp barmak ygtybarly ýollaryň biri bolup durýar. Bu syýasatyň ykdysady, jemgyýetçilik-durmuş we strategik netijeliliginiň ýokary bolmagy ýurtlary özüne çekiji edýär. Onuň ykdysady ähmiýeti ýurduň içindäki çig mallaryň, zähmet gorlarynyň we maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagynda, önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmakda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, importyň ornuny tutýan syýasatyň ýurtda maýa goýum syýasatynyň has-da işjeňleşmegine itergi berýändigi aýratyn bellärliklidir. Mejlisde habar berlişi ýaly, ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artmagy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklaýar. Işjeň häsiýetli maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda täze önümçilikleriň işe girizilmegi we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi diňe bir importyň ornuny tutýan önümleriň mukdarynyň artmagyna däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegine, netijede, ilatyň iş bilen meşgullygynyň ösmegine, döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň pugtalanmagyna-da ýardam berýär. Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagy, ylmy-tehniki ösüşiň işjeňleşmegi we ilatyň bilime isleginiň artmagy bu syýasatyň jemgyýetçilik-durmuş ähmiýetli netijeleriniň ýokarydygyny görkezýär.
Importyň ornuny tutýan önümleriň diňe içerki bazara däl, daşarky bazarlara-da gönükdirilýändigini nazara alsak, onda önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesiniň ýokary bolmagy möhüm şertleriň biri hasaplanýar. Munuň üçin diňe bir önümçilikleriň döredilmegi ýeterlik bolman, tutuş ykdysadyýetiň, degişli infrastrukturanyň we durmuş ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak zerurlygy-da ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, milli önüm öndürijileri höweslendirmek çäreleriniň we goldaw bermegiň dürli mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde bu ugurda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan saldamly işler eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňemegine, netijede, ykdysady kuwwatyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.