Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamy häzirki wagtda dünýä derejesine çykaryldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi bilen pugta baglydyr.
Bilim ulgamyndaky işleriň toplumlaýyn ösdürilmegi, dünýä we milli tejribäniň giňden peýdalanylmagy bu ugurda möhüm wezipeleriň çözgüdini, uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Şunda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Geçen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýurdumyzda orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň 40-a golaýynyň, şol sanda Ahal welaýatynda 11 sany bilim edarasynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurluşygyna badalga berildi.
Elbetde, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda «Parahatçylygyň dilleri», «Parahatçylygyň medeniýeti» we «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO klublarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerimizde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň we birnäçe daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi. Ýokary we orta hünär bilim edaralarynda elektron bilim portallary işe girizilip, olarda elektron okuw-usuly maglumatlar, sapaklaryň wideoýazgylary, testleri we synaglary geçirmek üçin ulgamlary, gatnaşyk žurnallary, hasap-synaglaryň žurnallary ornaşdyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sanlyja ýylyň içinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün edýän şertler emele getirildi, ylym-bilim ulgamy kämil derejä ýetirildi, ýangyç-energetika we beýleki birnäçe ulgamlaryň işleri dünýä derejesine çykaryldy. Bu döwürde ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini öz içine alýan giň möçberli maksatnamalaryň ençemesi kabul edilip, olar üstünlikli berjaý edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli ýokarlandy, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş depginleri gazanyldy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlandyryldy.
Häzirki wagtda dünýäde bazar gatnaşyklarynyň çylşyrymlaşýan we ösýän döwründe öňde durýan wezipeleri anyk kesgitläp, üstünlikli berjaý etmek ykdysadyýetiň ösüşinde ilkinji zerurlyklaryň hatarynda durýar. Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Mejlisde ýurdumyzyň ösüşindäki öňde durýan wezipeler, gazanylan ykdysady netijeler barada hem giňişleýin durlup geçildi.
Mejlisde Gahryman Arkadagymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giň möçberli özgertmeleriň, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanylyp geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem bular babatda aýratyn bellenilip geçildi. Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýyl energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 113,3 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101,9 göterime barabar boldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisde ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän döwlet elektrik stansiýalarynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek işlerini netijeli alyp barmak, «ýaşyl» energetikany ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak işlerini netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösdürilmegi, şeýle hem ýangyç-energetika gorlarynyň netijeli peýdalanylmagy, ýagny önümçilige aýratyn depgin berilmegi ýurtda daşary söwdanyň, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Berkarar Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň netijesinde özüniň baý energiýa serişdelerini parahatçylygyň, abadançylygyň we ählumumy ösüşiň, energiýa howpsuzlygyň hatyrasyna ulanmak bilen, olaryň dünýä bazarlaryna ygtybarly ýetirilmegi halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirýär. Bu gün türkmen topragy hereket hem-de bereket çeşmesine öwrüldi. Gurmak, döretmek, ösdürmek rysgal-bereketden, belent mertebeden nyşan. Halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine buýsanjy we guwanjy çäksizdir. Türkmenistan ykdysady we ruhy-medeni taýdan uly kuwwata eýe bolmak bilen, durnukly ösýän ýurtlaryň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrdy.
Berkarar Diýarymyz ilatyň ýaşaýşynyň hilini we derejesini özgerdýän, ösdürýän uly özgertmeleriň ýurduna öwrüldi. Welaýatlarda we paýtagtymyzda köpsanly döwrebap fabrikler we zawodlar, iri önümçilikler, ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar köpelýär, bular kuwwatly ösýän senagat düzümine hem sazlaşykly goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň her bir pudagy döwrebaplaşdyrylyp, tehniki taýdan täzeden üpjün edilýär, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjegi täzeden gurulýar. Ýurdumyzda gurulýan il-ýurt bähbitli, sebit ähmiýetli ägirt uly desgalary, döwrebap ýollary, ýaşaýyş we durmuş maksatly binalary, zawoddyr fabrikleri göreniňde, ýaşaýşa we bagtyýar durmuşa, ata Watanyň beýik ösüşlerine bolan buýsanjyň artýar. Ýurdumyzyň ösüşleri, eşretli durmuşa gönükdirilen belent maksatlar halkymyzda bu bitirilýän beýik işlere goşant goşmaga bolan hyjuwy, höwesi artdyrdy.
Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarýan, mähriban halkymyzy gurmagyň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.