Uly Balkan dagynyň alkymynda ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup işe girizilen «Balkan» sement zawody bilen içgin tanşanyňda, ýurdumyzyň günbatar sebitini senagatlaşdyrmakda alnyp barylýan işlere guwanjyň artýar.
— Sebitde milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary boýunça aýgytly ösüşler gazanylýar. Bu künjegiň baý serişdeleri senagaty täze belentliklere götermäge, tutuş ýurtdaky gurluşyk işleriniň maddy-tehniki binýadyny dowamly berkitmäge ygtybarly binýat bolup durýar. Kämil enjamlardyr tehnologiýalar bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanada halal zähmet çekip, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmak uly bagtdyr. Geçen ýyl kärhanamyza «Z-50» kysymly kuwwatly ýük ýükleýjileriň birnäçesiniň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnyp berilmegi iş depginini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi — diýip, zawodyň baş inženeri Nurmämmet Durdyýew gürrüň berýär.
Kärhananyň derwezesiniň öňündäki suw çüwdürimli ajaýyp howuz, daş-töweregi halkalap oturan müňlerçe düýp arça tokaýlygy, ähli tarapyňda höküm sürýän arassaçylyk bu ýere gadamy düşen her bir adamyň bada-bat nazaryny egleýär. Umumy meýdany 50 gektar ýeri tutýan zawodda sement önümçiligi karýer hojalygyndan başlanýar. Kuwwatly awtoulaglarda bökdençsiz daşalýan çig mal döwüji, üweýji, bişiriji sehlerden geçensoň, sement degirmenine gönükdirilýär. Olardaky, şeýle hem zawodyň awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümlerindäki önümçilik işleriniň ählisi kompýuterlerdir kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dolandyryş merkezinden takyk amala aşyrylýar. Mähnet desgalardan gurnalan bölümleriň her biri özbaşdak bir önümçiligi ýatladýar. Özara sepleşip gidýän desgalar täsin görnüşi döredýär. Zawodyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanasy zerur tehnologik we himiki seljermeleri geçirmäge, netijede, gelip gowuşýan çig malyňdyr taýýar önümleriň hil derejesini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Barlaghanada ýokary hilli sement taýýarlamagyň möhüm şerti bolan çig mallaryň — toýnuň, hek daşynyň, fariniň, garyndynyň, klinkeriň himiki barlaglary ýerine ýetirilýär. Zawodyň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän önümleriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan güwänamalaşdyrylandygyny hem bellemelidiris.
Uzaklardan howalanyp görünýän ägirt uly önümçilik desgalaryndan başga-da, dolandyryş merkezi üçin edara binasy, kuwwatly transformator stansiýasy, suw basyjy desga, içimlik hem-de tehniki suw üçin göwrümler, garaž, ussahana, ammarlar zawodyň düzümine girýär. Kärhanada işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp dynç almaklary üçin amatly şertler — 350 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga bar. Sement önümçiliginiň üznüksiz ýola goýulmagyny üpjün etmek üçin häli-şindi zerurlygy ýüze çykaýjak esasy hünärmenlere niýetlenen, her biri 4 gatly, jemi 48 öýli 3 sany ýaşaýyş jaýy, olaryň töwereginde dynç almak, gezelenç etmek üçin döredilen amatlyklar, saýaly agaçlar kärhanany has-da juwan görkezýär. Açyk sport toplumy sagdyn durmuş ýörelgesiniň bu ýerde-de rowaç tapýandygyndan habar berýär.
— Kärhanamyzda sementiň dürli görnüşini öndürmek üçin gerekli çig mallaryň 90 göterimden gowragynyň ata Watanymyzyň hut öz çäklerinde ýeterlikdigi guwandyryjydyr. Ähli işlerimiz işine ökde hünärmenlerimiz tarapyndan başarjaňlyk bilen dolandyrylýar. Zähmet çekýän 900-den gowrak hünärmeniň ortaça ýaşy 35-den geçenok. Olaryň hünär başarnyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Iş orunlarynyň her birinde tehniki howpsuzlyk we zähmet düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi esasy şert bolup durýar. Zawodda zähmet çekýänler ýörite buýurmalar esasynda tikilen iş egin-eşikleri bilen hem birkemsiz üpjün edilýär. Şeýle ýokary kuwwatly kärhanada gelin-gyzlarymyzyň hem 180-den gowragy göreldeli zähmet çekýär. Işçileriň, inžener-tehniki işgärleriň we olaryň maşgala agzalarynyň ýurdumyzyň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda bolup, saglygyny berkitmeklerine we sapaly dynç almaklaryna-da ýakyndan hemaýat berýäris — diýip, zawodyň tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ýunus Geldiýew aýdýar.
«Balkan» sement kärhanasynda geçen ýylda 908 müň tonnadan gowrak ýokary hilli sement öndürildi. 170 million manatlyga derek 179,3 million manatlyga golaý iş ýerine ýetirildi. Gazanylan netijeler bu ýyl has-da berkidilýär. Diňe ýanwar aýynda 65 müň tonna sement öndürmegiň meýilnamasy 118,4 göterim, taýýar önümi ýerleşdirmegiň tabşyrygy 134 göterim amal edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwarda önümçiligiň ösüş depgininiň 161 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny nygtamak gerek.
Gysga wagtda milli ykdysadyýetiň üstünlikli işleýän kärhanalarynyň hatarynda özüne mynasyp orun tapmagy başaran zawodda taýýar önümler görnüşleri boýunça haltalara gaplanylyp, ýörite awtoulaglara we wagonlara ürgün görnüşinde guýulýar hem-de ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara gündelik ugradylýar. Ýokary hilli sementiň Arkadag şäherinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklarda-da giňden ulanylýandygy hünärmenleri örän buýsandyrýar. Kärhananyň önümçilik düzümlerindäki zähmet joşguny bu ýerde şu ýyl jemi 910 müň tonna sement öndürmek baradaky meýilnamanyň artygy bilen berjaý ediljekdigine ynam döredýär.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.