Täzelikler
Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

Ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrmak işleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň ösüş depgini ýokary netijelere eýe boldy.

Häzirki tehnologiýalar eýýamynda bir bitewi sanly ykdysadyýeti kemala getirmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe gitmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan belent maksatlarynyň esasyny düzýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Ýetilýän şeýle belent sepgitler bolsa halkymyzy agzybirlikde zähmet çekmäge, döretmäge, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Aýgözel ÖWEZOWA,

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

07.11.2023
Milli Liderimiz Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň X ýubileý sammitine gatnaşmak üçin Astana iş sapary bilen gelen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Gazak Lideriniň «Akorda» köşgünde geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz şu gezekki gepleşikleriň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze itergi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly anyk teklipleri beýan etdi. Şunda, hususan-da, iki ýurduň halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmegiň, söwda-ykdysady, ulag, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek; Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek; iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň     söwda öýlerini açmak mümkinçiligine seretmek; Balkan welaýatynyň we   Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmek bilen bagly teklipleri öňe sürdi. Hormatly Arkadagymyz duşuşykda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýol gatnawynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn peýdalanmak babatda utgaşdyrylan çäreleri dowam etdirmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çykmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini döretmek, Türkmenbaşy we Aktau portlarynyň arasynda    gatnawlary işjeňleşdirmek meselesi barada-da durup geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyp, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamy hem däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezip, iki döwletiň görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegi teklip etdi. Şunda geljek ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram ediljekdigine ünsi çekip, Milli Liderimiz gazagystanly dostlarymyzy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guraljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

«Türkmenistan»

Astana ş.

03.11.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol täze hukuk resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek ugrunda geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde Ýaponiýa, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletleriň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi tarapyndan guralan “Parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça halkara tejribe we tehnologiýalar” atly okuw maslahatyna, şeýle hem birnäçe beýleki çärelere gatnaşdylar.

Mejlisiň deputatlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Habar berlişi ýaly, deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Toplumyň pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, toplumyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tebigy serişdeleriň rejeli we netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, üznüksiz önümçiligi guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Ilki bilen, wise-premýer Diýarymyzyň zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara ibermek, çig mal öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmegiň we ekin meýdanlarynda doly gögeriş almagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamada ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, ylmy-barlag institutlarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümhanalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini üpjün etmegiň, senagat kärhanalarynyň önümçilik ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek we oňa täze enjamlary ornaşdyrmak meselesine degip geçdi. Munuň özi kärhananyň önümçilik taýdan netijeliligini ýokarlandyrmaga, girdejili bolmagyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistan — maýa goýum we ösüş” atly forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň gerim bilen geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky birinji sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda guraljak «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girzilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu syýasy ýeňiş bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Bu hoş habaryň Şäherleriň bütindünýä gününde gelip gowuşmagynyň hem uly manysy bar.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat şäheri bilen bagly bu şatlykly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu sammit Astana şäherinde geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda bu gurama synçy hökmünde goşulandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäreleri şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Forumyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda täze innowasion, sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň ähmiýetini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berildi. Ol aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka — Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi hem munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Aziýanyň merjeni, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.11.2023
Elektroenergetika pudagynyň kuwwatlylygy artdyrylýar

Şu gün — 3-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş, şeýle hem sanly ulgam arkaly Mary — Ahal asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gazturbina desgasynyň açylyş dabaralary boldy.

Mälim bolşy ýaly, 28-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdaky subutnamasydyr.Şoňa görä-de, dabaranyň geçirilen ýerinde baýramçylyk ruhy emele geldi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, welaýatyň il sylagly ýaşululary, bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň ýurdumyzda gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasy boljakdygyny nygtady hem-de munuň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk çykyş edip, bu iri desgany we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmagyň özlerine bildirilen uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri 2027-nji ýylyň maý aýynda tamamlanyp, bu desga ulanmaga doly taýýar ediler.

Dabara sanly ulgam arkaly Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri goşuldylar we olar döwlet Baştutanymyzdan täze elektrik geçirijisini işe girizmäge ak pata bermegi haýyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi netijesinde, Mary — Ahal asma elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Iri desganyň ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlandygy aýratyn bellärliklidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gazturbina desgasynyň açylmagyna ak pata berdi. Bu desgalar halkara ölçeglerine laýyklykda gurlup, dabaranyň çäklerinde olara halkara şahadatnamalaryň 3-si gowşuryldy.

Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Belläp geçsek, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, bu şäherçede 472 maşgala niýetlenen 4 gatly Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumy, 320 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi gurlup, ulanmaga berler.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasy barada gürrüň berýän wideofilmiň görkezilmegi aýratyn täsirli boldy. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgysyny ýazyp, bu ýerde il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga badalga berdi.

Soňra gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer çykyş edip, şanly wakalar mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady we Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi belläp bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz bu günki taryhy wakalary nazarda tutup, 3-nji noýabry Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni diýip bellenilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Soňra dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady.

* * *

Soňra Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumyndaky toý zalynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen şanly dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi. Onda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi babatda ýagşy dilegler edildi.

Umuman, Berkarar Watanymyzda şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy, ençeme iri desgalaryň açylmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen türkmen energiýasyny goňşy ýurtlara ibermäge taýýardygymyzy görkezýän hakykatdyr.

«Nesil».

Türkmenbaşy ş.

03.11.2023
Ykdysady ösüşiň ykjam guraly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirini düýpli peseltmek üçin toplumlaýyn çäreler işlenip düzülýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgininiň üpjün edilmegine, milli manadyň hümmetiniň durnukly saklanyp galmagyna, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniňdir çykdajylarynyň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilmegine, maýa goýum işjeňliginiň ýokary derejede saklanylmagyna, ilatyň iş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berilýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, öz gezeginde, ýokary netijeleri gazanmakda ähli amatly şertleri döredýär. Munuň aýdyň mysalyny şu ýylyň dokuz aýynyň jemlerinden hem görmek bolýar.

Şu ýylyň dokuz aýynda ýurduň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,3 göterim ýokarlandy, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylka garanyňda, 9,9 göterim ýokarlandy. Şeýle ýokary depginli durnukly ösüşiň gazanylmagy milli manadymyzyň hümmetine-de oňaýly täsirini ýetirdi we onuň ykdysady ösüşdäki ornuny has-da berkitdi.

Aslynda, pul-karz syýasaty her bir ýurduň Merkezi banky tarapyndan alnyp barylýar. Munuň özi pul toplumynyň kadalaşdyrylmagy arkaly ýurduň makroykdysady maksatlary bolan bahalaryň durnukly derejesini saklamaga, ykdysady ösüşi üpjün etmäge we iş bilen üpjünçiligi gazanmaga oňyn täsir edýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksady milli manadyň durnuklylygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunda pul-karz syýasatynyň gurallary ykdysady ulgamyň köpugurly ösüşine bagly bolan ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň iň möhüm tarapydyr. Çünki pul kärhanalaryň hojalyk işlerinde, döwlet guramalarynyň hereket etmeginde, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyny höweslendirmekde, serişdeleriň tygşytly ulanylmagynda esasy orny eýeleýär. Puluň kömegi bilen diňe bir umumy harajatlaryň ululygy kesgitlenilmän, bahalar arkaly önümçiligiň netijeliligi we gazanylan peýdanyň ululygy hem kesgitlenilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň kadaly hereketini ýola goýmak, onuň durnuklylygyny, hümmetliligini üpjün etmek, daşary ýurt puluna amatly gatnaşygyny kesgitlemek maksady bilen, 2008-nji ýylda manadyň bu babatda ýeke-täk hümmete geçmek, 2009-njy ýylda manadyň denominasiýasyny, 2015-nji ýylda bolsa dewalwasiýasyny geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyryldy. Şeýle çäreler durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, ähli babatda amatly şertleri döretdi.

Manadyň işjeňlik derejesini ýokarlandyrmakda bank karzlaryna aýratyn orun degişlidir. Şondan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ykdysadyýetiň pudaklaryna we ilata berilýän karzlaryň möhleti uzaldylýar, möçberi köpeldilýär, görnüşi baýlaşdyrylýar. Şeýlelikde, nagt pula bolan isleg peselýär, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeýär, banklaryň emission-kassa harajatlary azalýar, pul aýlanyşygy tizleşýär. Ahyrky netijede, puluň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy maýa goýum işjeňligine gönüden-göni täsir edýär. Munuň şeýledigini soňky ýyllarda ykdysadyýetimize goýulýan içerki we daşarky maýa goýumlaryň artmagyndan hem görmek bolýar. Her ýylda ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň jemi içerki önümdäki paýy 25 — 30 göterime barabardyr. Şunda jemi möçberiň 15 göterimini daşary ýurt maýa goýumlary düzýär. Munuň özi ykdysadyýetiň gurluşyny ep-esli üýtgetmäge, önümçilik pudagyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän pudaklaryň ösüşini çaltlandyrmaga, olara innowasion-maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga amatly şertleri döredýär. Halkara maliýe institutlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maýa goýum maksatnamalaryny, iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy diňe bir goşmaça maliýe serişdeleriniň peýda bolmagyna şert döretmän, eýsem, innowasion tehnologiýalary çekmäge, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da mümkinçilik berýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank hyzmatlaryny müşderilere menzilara ýerine ýetirmegiň birnäçe usullaryny ösdürmek ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, kompýuterleriň, öýjükli telefonlaryň we planşetleriň üsti bilen «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlarynyň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Ykjam telefon aragatnaşygyny, töleg nokatlaryny, internet ulgamyny ulanmak esasynda, elektron töleg we elektron pullary ulanmak ulgamy ösdürilýär. Sanly töleglere geçmegiň tizligi bolsa bazaryň ýagdaýyna, nagt pul aýlanyşygynyň azalmagyna, elektron söwdanyň kabul edilmegine, iri kärhanalaryň işjeňlik derejesine baglylykda üýtgeýär. Pul ulgamynda şeýle ösüşleriň we özgerişlikleriň gazanylmagy ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilýän döwründe manadyň işjeňlik derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, manadyň durnukly hereket etmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge we hususy pudagy düşewüntli dolandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Mahlasy, ösüşiň häzirki zaman şertlerinde türkmen manadynyň ykdysady ösüşiň ykjam guraly hökmündäki orny we ähmiýeti yzygiderli artýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

01.11.2023
Watanymyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty artýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň strategik maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikleriň gazanylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Bu strategik maksatlar netijeli halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, bilelikdäki mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özara ylalaşylan çemeleşmeleri hem-de gurallary işläp taýýarlamagy, toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeler bilen Watanymyzy ynamly öňe alyp gitmegi, halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmagy öz içine alýar.

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmegi, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy, ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimlerine ilatymyzyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň açylyş dabaralarynyň, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigi tabşyryldy.

25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyryp, onuň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi we Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine we Ankara şäheriniň «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatyny açyp, iki ýurduň işewürleriniň netijeli pikir alyşmalarynyň ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda gurluşyk, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika pudaklary, maýa goýum, ýokary tehnologiýalar, obasenagat toplumy we başga-da birnäçe ugurlar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini, olaryň innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýändigini nygtap, Türkiýäniň işewür toparlaryny, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny, ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seredilmegi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda ýurdumyzda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde hem dowam etdirip bolar. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Forumyň işi iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şol gün «Aksaraý» köşgünde resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar. Gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň, köpasyrlyk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi. Dostlukly döwletiň Lideri, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ýardam etjek hem-de döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýän ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary türk kärdeşleri bilen Ankarada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady ulgamy, senagat, şol sanda dokma senagaty, energetika, gurluşyk pudagy, ulag we kommunikasiýa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik ulgamy boýunça gatnaşyklarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy. Şunda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Raýat kodeksiniň täze beýanynyň we başga-da birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň dünýäniň abraýly halkara agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek, elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilen çäreler, dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Öňde boljak möhüm çäreler — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek, “Arçman” şypahanasyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de önümçilik we medeni-durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşyk işlerine başlamaga degişli hasabatlar berildi. Şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy medeni we sport çäreleri, 4-nji noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň we iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi beren gepleşikleriň jemleri mejlisiň aýratyn mazmunyny düzdi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän “Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Iki döwletiň degişli ministrlikleri, pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli we toplumlaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň barşynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine taýýarlyk görülýär.

Şeýle-de ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, milli ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hem aýdyldy. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasyny gurmak üçin “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasy Türkmenistanyň diňe bir özüni elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmeleri bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumyny gurmak hakynda Kararlara gol çekdi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümini, Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

29-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Birnäçe günläp dowam eden baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar we döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bu baýrama gabatlanyp, paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi guraldy. Onuň gün tertibine iň gadymy tohumlaryň biri bolan alabaýlaryň sanyny artdyrmak, olary gorap saklamak we öwrenmek, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli itşynaslyk sungatymyzy has-da ösdürmek boýunça assosiasiýanyň öňünde durýan meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň iň öňdebaryjy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakylyp, assosiasiýanyň täze agzalaryna şahadatnamalar gowşuryldy.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen mowzuklaýyn bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Abraýly emin agzalarynyň gelen çözgüdine laýyklykda, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergini görkezmek bolar. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 70-e golaýy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-a golaýy, hususan-da, Azerbaýjan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Daniýadan, Italiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Fransiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Sergi uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumyny özünde jemledi. Maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şeýle-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy.

Geçen hepdede Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkede Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, döredijilik çärelerine gatnaşmak üçin düzümine ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary giren wekiliýet ABŞ-a ugradyldy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat, muzeý gymmatlyklarynyň, milli lybaslaryň, halylaryň, şaý-sepleriň sergisi, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Albukerkäniň ýaşaýjylary üçin Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti muzeýe, Nýu-Meksiko uniwersitetine, şäher häkimligine baryp, Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwletimiziň bu syýasaty dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

(TDH)

01.11.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berdi. Ol ählihalk forumynyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipeleriniň degişli derejede amala aşyrylmagy zähmetsöýer halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Şeýle hem umumymilli forumda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň taryhy-syýasy ähmiýeti, onuň ýurdumyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada döwlet edaralarynda, okuw jaýlarynda maslahatlar geçirilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar guralýar.

Gahryman Arkadagymyz hukuk medeniýetini kämilleşdirmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini belläp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurdaky işler täze taryhy döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim-ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin amala aşyrylýan çäreler, şeýle hem öňde durýan wezipeler barada aýdyldy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýokarda agzalan ulgamlary hem kämilleşdirmäge, dolandyryş düzümlerini, degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunda milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini işjeň özleşdirmek, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ylymly-bilimli, sagdyn nesilleri terbiýelemek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak, keselleriň öňüni almak, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda halkara talaplara laýyk gelýän keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak meselelerini öz içine alýar. Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilendigini, bu işleriň netijeli dowam etdirilýändigini aýtdy.

Parahatçylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde işleriň geçirilýändigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Wise-premýer Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýokarda agzalan ulgamlary ösdürmek barada edýän aladalary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, bu ugurda bar bolan şertlerden netijeli peýdalanmak ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýaşlaryň durmuşyň islendik ugurlaryndan baş alyp çykmaklary üçin olara berilýän bilim-terbiýe döwrebap bolmalydyr. Her bir mugallym ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidir. Munuň özi bilimli, maksada okgunly, durnukly ýaş nesli kemala getirmäge mümkinçilik berer.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe söz berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine döwlet derejesinde berilýän goldawlaryň netijesinde içerki sarp edijileri Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen üpjün etmek, söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bu ugurda telekeçileriň işjeňligini artdyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, çörek, et önümleriniň, towuk etiniň, ýumurtganyň, süýt we süýt önümleriniň, pagta ýagynyň, süýji-köke, gök-bakja önümleriniň, miwe suwlarynyň, alkogolsyz içgileriň öndürilýän möçberi artdyrylýar.

Şeýle hem hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzyň eksport ulgamynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, wise-premýer bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza telekeçilige döwlet derejesinde goldaw berilýändigi, söwda ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns gönükdirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginiň, dürli görnüşli önümleriň bolçulygynyň döredilmeginiň, içerki sarp edijileriň gündelik durmuşda ulanylýan harytlar bilen üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, söwdanyň medeniýeti ýokarlandyrylmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýäde guş etine bolan isleg yzygiderli artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu önümi artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini ösdürmek, bu ugurda ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara gün tertibiniň meselelerini netijeli çözmekde möhüm orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Ýurdumyzyň köpugurly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şeýlelikde, dürli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgeleri işjeňleşdirilýär.

Transkontinental ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna möhüm ornuň degişlidigini belläp, agentligiň ýolbaşçysy bu babatda degişli işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň halkara ugurlar boýunça ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnatmagyň möçberini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köptaraply ulgamy döredilýär. Şeýle hem bu babatda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek, häzirki zaman ulag düzümlerini netijeli we doly kuwwatynda ulanmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar toplumynyň ähli düzümleriniň öňünde anyk wezipeleriň kesgitlenendigini, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak bilen bir hatarda, aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine-de aýratyn ähmiýet berilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, şunda internet ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, ýaşlaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, goşunlara kabul edilýän esgerleri harby gulluga dabaraly ýagdaýda ugratmak, harby gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaja goýbermek çäreleri ýörite meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Ýaş esgerleriň arasynda merdana pederlerimiziň edermenlik, watansöýüjilik we batyrlyk ýaly häsiýetleriniň mysalynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite duşuşyklar guralýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýaşlaryň döwrebap derejede gulluk etmekleri, amatly dynç alşy we ýaş serkerdeleriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy ugrunda alada edilýändigi üçin ähli harby gullukçylaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we oňa örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk etmekleri, olaryň mukaddes harby borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu günki mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigini belledi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik ýörelgeleriň türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biridigini, onuň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyny belläp, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak däbiniň gadymy döwürlerden bäri gelýändigini nygtady. Häzirki döwürde bu ýörelgeler ösüşiň özenine, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Olarda milli özboluşlylyk aýdyň beýanyny tapýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu ýörelge müňlerçe ýyl bäri türkmen halkynyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriň biridir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini tamamlady we oňa gatnaşanlaryň ählisine işde üstünlikleri, öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.

01.11.2023
Döwletliligiň nyşany

Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsirini ýetiren oýlap tapyşlaryň hatarynda pul möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir aýratyn alnan adamyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda-da wajyp hasaplanýan dolanyşyk serişdesidir. Şeýle hem pul birligi döwletliligiň esasy nyşanlarynyň biri bolup, ýurduň syýasy hem-de ykdysady kuwwatynyň derejesini görkezýär. Garaşsyz Türkmenistan hem 30 ýyl mundan ozal milli pul birligini — manady ulanyşa girizmek bilen, döwlet özygtyýarlylygynyň binýadyny has-da berkitdi.

Taryha nazar aýlanyňda, puluň döremegi adamlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmegine, söwdanyň, bank işiniň, telekeçiligiň ösmegine, önümçiligiň giňemegine, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna güýçli itergi berendigi görünýär. Eziz Watanymyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde gymmat bahaly metallardan ýasalan teňňeleriň ençemesiniň ýüze çykarylmagy bolsa türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tutuş yklymda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeländigini tassyklaýar.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady hem-de onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Şondan soňky geçen üç onýyllyga barabar döwürde halkymyzyň ynamyny gazanyp, durnuklylygyny saklap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maliýe syýasatynyň netijesinde, milli manadyň durnuklylygyny saklamak, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün edip, satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi we ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importuň ornuny tutmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, «Internetbank», «Mobil-bank», «Halkbank terminal», «QR-kod», elektron söwda ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine maýa goýum serişdeleri yzygiderli goýulýar. Ildeşlerimiz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Overdraft karty» ýaly bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň we onlaýn hasaplaşyklaryň gerimi giňeýär. Şoňa görä-de, elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany barha artýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan maliýe syýasaty halkymyzyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegini maksat edinýär. Şol maksatlaryň myrat tapmagy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Batyr GUTLYMYRADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

31.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 30-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalyp alnan pagta hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär. Sebitde ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Netijede, kadaly gögeriş alynýar.

Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi hem-de ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem-de ýakynda welaýatda açylyp ulanmaga beriljek, düýbi tutuljak binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin zerur işler alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Mundan başga-da, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek, şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, kada laýyk saklamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişi meýilnama laýyklykda alnyp barylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, gündelik ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häkim hasabatynyň dowamynda Baýramaly etrabynda durky täzelenen we iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan 301 orunlyk hassahananyň açylyşyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlar tarapyndan tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde tamamlanylmagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy, pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

31.10.2023
Kuwwatly ykdysadyýet — döwletiň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ykdysadyýeti köpugurly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynda ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmaklyga möhüm wezipe hökmünde garalýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan strategik ugurlaryň biridir. Döwletimizde degişli ugry kemala getirmek üçin giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilip, daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli, iň kämil innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça taryhy çözgütler kabul edilýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň döwrebap, özara sazlaşykly hem-de utgaşykly ýerine ýetirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Muňa şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim möçberde durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän ata Watanymyz häzirki güne çenli sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda başy başlanan sanly özgertmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halk hojalygyna we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda maglumat hyzmatlary bilen birlikde döwlet edaralarynyň internet saýtlary ýerleşdirildi.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy örän anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýar. Onda jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen kuwwatly senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär.

Jeren HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

31.10.2023
Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Döwrebap tehnologiýalar hereketde

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde ösdürmek rowaç alýar. Pudagyň önümçilik kuwwaty häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli ýokarlandy. Elektrik energiýasy bilen diňe bir içerki sarp edijileriň ýylsaýyn ösýän islegini doly kanagatlandyrmakdan başga-da, türkmen energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň giň mümkinçiliklerine ýol açyldy.

Elektroenergetika pudagyndaky düýpli özgertmeleriň oňyn täsirine türkmen energetikasynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-iniň çäginde bitirilen işlerde-de göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde täze tehnologiýaly gazturbina we utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýalary işe girizildi. Geljekki energetikleri taýýarlamakda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler şu möhüm wezipä özüniň täsirini ýetirýär. Biz şeýle jogapkärçilikden ugur alyp, işine ökde hünärmenler bolup ýetişmekde ähli tagallalary edýäris.

Serdar ANNAÝEW.

TDEI-niň talyby.

Döwrüň talaby

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda rowaç alýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine ýardam edýär. Işe girizilýän täze tehnologiýaly kärhanalar milli ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolup, amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn täsiri ýurdumyzyň maliýe ulgamynda-da aýdyň duýulýar.

Şeýle öňegidişlikler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda has-da äşgär ýüze çykýar. Garaşsyz döwletimiziň maliýe-ykdysady ulgamlarynda üstünlikli amal edilýän düýpli özgertmeler orta hünär okuw mekdebimiziň talyplaryna bildirilýän talaby ýokarlandyrýar. Sebäbi, bu günki günde ýokarda ady agzalan ulgamlara ornaşdyrylýan kämil tehnologiýalary, çylşyrymly tilsimatlary, täze usullary düýpli özleşdirmek zerurlygyny öňe çykarýar. Şonuň üçinem biz ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlarymyzyň öwredýänlerini ykjam ele almaga, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmäge çalyşýarys.

Ejebaý AŞIROWA.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ösüşli ertirimiz

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze belentliklere çykmagynda möhüm ädimdir.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ähmiýeti juda uludyr. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýaş nesle bilim bermekde bähbitli şertlere ýol açýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde täze mümkinçilikleri döretdi. Informatika dersi boýunça mugallym bolanym üçin şeýle mümkinçilikleriň bähbidine gündelik iş tejribämde doly göz ýetirýärin. Şonuň üçinem men okuwçylara bilim bermekde geçýän sapaklarymda kämil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Her bir dersiň gyzyklylygy, özüne çekijiligi mugallymyň ukyp-başarnygyna bagly bolýar. Men şu ýörelgeden ugur alyp, her bir sapagymyň täsirli bolmagy ugrunda aladalanýaryn. Multimediýa tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagym işimiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesliň şu günki ösen tehnologiýalaryň çylşyrymly syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýärin. Çünki, ylym we tehnika ösüşli geljek ylym-bilimden başarnygy ýetik ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge borçly edýär. Biz şu borç duýgusyndan ugur alýarys.

Akmuhammet BEKMYRADOW.

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp, öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Pudagyň kuwwaty ýokarlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda ýokary netijelere eýe bolunýar. Bu guwançly ýagdaý ýurdumyzyň öňdebaryjy elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Bu iri pudaga kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ornaşdyrylmagy bilen arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik togunyň öndürilişi düýpli artdyryldy. Elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilişiniň möçberleri ýokarlanýar.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilen iri taslamalar bu gün özüniň gowy netijesini berýär. Şu Konsepsiýa laýyklykda, welaýatymyzda-da Mary DES-iniň senagat zolagynda täze elektrik stansiýalaryň ikisi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň biri Mary DES-iniň çäginde kuwwaty 149,2 megawat bolan täze gazturbina elektrik stansiýasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde 2018-nji ýylda Mary DES-iniň senagat zolagynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi elektroenergetika pudagynyň çalt depginlerde ösdürilmeginde iňňän uly ähmiýete eýe bolupdy. Biz talyplara bilim berip, hünär öwredenimizde şu günüň ýokary talabyndan ugur alýarys. Geljekki energetikleriň çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligiň inçe syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýäris.

Atajan ILLIÝEW.

TDEI-niň mugallymy.

30.10.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda Raýat kodeksiniň täze beýanyny, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Deputatlaryň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, dostlukly ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Mejlisiň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldular, Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara maslahatyna, Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada maşgala gatnaşyklary babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň Tähran şäherinde geçirilen mejlisine, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasynyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini halkymyza düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp, halkara agentlikler bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynyň düzüm böleklerinde, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak guramaçylykly geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.

Döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda köp sanly başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geljek hepdede — 4-nji noýabrda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksatlar bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 maşgala niýetlenen 4 gatly Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, şeýle hem täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýän bu taryhy wakalaryň bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasydyr. Berkarar Watanymyzda şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga we eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şunda Döwlet haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanyň önümlerini sanly birža söwdalarynyň üsti bilen ýerlemekde halkara maglumat ulgamlaryndan peýdalanylýandygy we degişli şertnamany baglaşmagyň teklip edilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi birža hyzmatlaryny dessin amala aşyrmaga, daşary ýurtly täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan şertnama baglaşmak meselesini öwrenmegi we şu esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, birža söwdalaryny geçirmek işini kämilleşdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli senagat kärhanalaryny, olary dolandyrmak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda guramaçylyk-hukuk kadalaşdyrylyşyny döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça meseleleriň netijeli çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, noýabr aýynyň dowamynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler hem-de “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiada, sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti, koreý kinofilmleriniň görkezilişi guralar.

Önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak dabaralary-da guralar. Şunuň bilen birlikde, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň fransuz we german sazandalary bilen bilelikdäki konserti, “Ýaşlar” atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi, Hasyl toýy mynasybetli dabaralar, “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, noýabr aýynda meýilleşdirilýän medeni çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler, halkymyzyň belent watançylyk ruhy öz beýanyny tapmalydyr diýip aýtdy hem-de wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, gullugyň kärhanalarynyň önümçiliginiň bökdençsiz we kadaly işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak meseleleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde “Arçman” şypahanasynyň taryhy hem-de onuň melhemlik häsiýetleri baradaky gymmatly maglumatlara aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin talabalaýyk işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen çuň manyly pähimden ugur alyp, keseli bejermeli däl-de, onuň öňüni almalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny berkitmekde döwrebap şypahanalaryň uly ornunyň bardygy nygtaldy. “Arçman” şypahanasy ýurdumyzdaky baýry şypahanalaryň biri bolmak bilen, ol ýerde saglygyny dikeltmäge barýan adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin bu şypahananyň durkuny düýpli täzelemek, has-da döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de saparyň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sapar strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine we Ankara şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu foruma iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen hem-de türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirilip, şertnamalardyr ylalaşyklaryň 14-sine gol çekildi.

Ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze derejä çykarmak boýunça uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekildi. Mundan başga-da, saparyň barşynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministriniň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän “Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda, iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasy biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýar. Doganlyk döwlete bolan saparyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Uly maksatly ylalaşyklar gazanyldy. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge iki tarapyň hem uly isleg bildirýändigini doly tassyklady. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn ähmiýetli wakadyr diýip, dostlukly ýurda amala aşyrylan bu saparyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda komitetiň altynjy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda, hususanda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag we logistika, howpsuzlyk, ynsanperwer ugur, energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Häzirki tapgyrda döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň we onuň kiçi komitetleriniň alyp barýan işleri köp babatda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň guramagynda şu ýylyň dowamynda köptaraplaýyn onlaýn maslahatlaryň we “tegelek stol” duşuşyklarynyň 4-si geçirildi. Şeýle hem öňde boljak çäre barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, forumyň çäklerinde ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim-ylym, syýahatçylyk ugurlaryna degişli 6 sany mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar. Forumyň netijesi boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.

Bu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynyň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň dördünji mejlisiniň we “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda işjeň ösdürilýär hem-de hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň wajyp ornuna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, milli ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada-da aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr gatnawlaryň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.

Türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de biri gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.10.2023