Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýyly biziň etrabymyz üçin hem düşümli we şowly boldy. Etrabymyzyň zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan jogapkärli wezipelerini berjaý etmek ugrundaky herekete agzybirlik bilen gatnaşyp, ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar. Etrabymyzyň ussat daýhanlary we maldarlary şanly ýylyň geçen on bir aýynda azyklyk bakjanyň 29,5 müň tonnasyny, ýeralmanyň 36,3 müň tonnasyny, etiň 22,13 müň tonnasyny, süýdüň 103 müň tonnasyny, ýumurtganyň hem 48 million sanysyny öndürip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä ep-esli ösüş depginini üpjün etdiler. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bazarlary zerur azyk önümleri bilen bolelin üpjün edildi. Şeýle üstünlikler oba adamlaryna hormatly Prezidentimiz tarapyndan giňden goldaw berilmegi arkaly gazanylýar. Şol sebäpli olar döwlet Baştutanymyza özleriniň hoşallyklaryny bildirýärler.
Halal zähmet çekip, bol girdeji gazanýan zähmetkeşlerimiz bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Dürli pudaklarda arman-ýadaman zähmet çekýän ildeşlerimiziň köpüsi biziň guramamyzyň agzalarydyr. Olary etrabymyzdaky ilkinji guramalaryň 152-si özüne birleşdirýär. Agzalarymyzyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri hakynda wagyz-ündew çäreleri geçirilip durulýar. Bulardan başga-da agzalarymyzy we olaryň maşgala agzalaryny goramak, olara hemaýat bermek boýunça maksatlaýyn işler alnyp baryldy. Şanly ýylda önümçilikde şikeslenmeleriň bolmandygy bolsa edilýän tagallalaryň öz netijesini berýändigini görkezýär. Bagtyýar ildeşlerimiz Täze ýyly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar we geljek ýylyň has-da rowaçly we üstünlikli boljakdygyna berk ynanýarlar.
Dursunaý KURBANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.