Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmäge, senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýyl toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 8,4 göterim ösüş gazanyldy. Bu ösüşiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dowam etdirilýändigi ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynda döwrebap özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu babatda 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi taryhy ähmiýete eýe boldy. Onuň dowamynda seredilen meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek meselesine-de aýratyn üns çekildi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we şonuň netijesinde ösüşi tizleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak boýunça işler hem şu ýylda göz öňünde tutulýan çäreleriň hatarynda görkezildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ugrunda halkara ulgama goşulyşmagy boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Geljekde adam maýasyny ösdürmek, onuň intellektual derejesini ýokarlandyrmak ugrunda degişli işleri geçirmek esasy strategik wezipe hasaplanýar. Munuň üçin maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet ulgamynyň hyzmatlarynyň hilini, elýeterliligini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, adam maýasyny we onuň intellektual derejesini ösüşiň öňde goýlan maksatlaryna laýyk getirmegi has-da kämilleşdirmek boýunça döwrebap çäreler dowam etdiriler. Bu ugurdaky işler pudagyň dürli düzümlerinde zähmet çekjek hünärmenleriň kämil bilim almagy bilen gönüden-göni baglydyr. Şunda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmagynda, ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde hem-de özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly wezipeleriň taryhy mejlisde has-da örboýuna galmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, sanly bilim ulgamyna doly geçmek milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylýan innowasiýalaryň geriminiň has giňelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Çünki geljekde ýurdumyzy syýasy-ykdysady, medeni, saglygy goraýyş, bilim we beýleki pudaklar babatda ösüşlere alyp gitjek ýaş hünärmenlerimiziň dünýäniň tehnologik ösüşleriniň iň täze gazananlaryndan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi möhümdir. Bu babatda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk düzümlerinde zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ukyp-başarnygymyzy, yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Jahan ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.