Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary esasy ýörelge edinýän hajy Arkadagymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen yzygiderli gyzyklanýar. Nobatdaky iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň merkezindäki köpugurly hassahana baryp, ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.
Saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda hem-de gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli “Saglyk” Döwlet maksatnamasy milli lukmançylygyň ýokary netijeli ulgamynyň kemala getirilmegine, onuň ýokary halkara ülňülere laýyklykda, mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, şeýlelikde, ilatyň saglygynyň yzygiderli berkidilmegine, abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilendir.
“Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygara laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda keselleri bejermek hem-de anyklamak boýunça ýöriteleşdirilen merkezler, hassahanalar, şypahanalar, lukmançylyk serişdelerini öndürýän kärhanalar ulanmaga berildi. Giňden ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, dünýä belli kompaniýalardan satyn alnan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, ugurdaş edaralaryň giňeldilen ulgamy saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga we şonuň netijesinde Türkmenistanyň ilatynyň ömür dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleri yzygiderli ýagdaýda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary we iş tejribeliklerini geçýärler.
Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça iň häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen ylmy-kliniki merkezler hereket edýär. Şu ýyl bu ulgamyň edaralarynyň üstüni ýetiren lukmançylyk desgalarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde ulanmaga berlen köpugurly hassahanany, Daşoguz şäherinde açylan köpugurly we onkologiýa hassahanalaryny görkezmek bolar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi. Hassahananyň kabul ediş bölüminde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde işleýän lukmandan bölümlerde işgärleriň netijeli işlemegi we näsaglar üçin döredilen şertler bilen baglanyşykly maglumat aldy, onda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy barada gyzyklandy.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu döwrebap hassahanada adamlara, şol sanda körpelere ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Hususan-da, bu ýerde oturdylan enjamlar arkaly olaryň saglygyna gözegçilik edilýär, keselleri anyklanylýar, ýokary derejeli hünärmenler zerur bejeriş çärelerini geçirýärler. Nazary we amaly lukmançylyk boýunça belli alym hökmünde Gahryman Arkadagymyz bu ýerde geçirilýän işleriň derejesine kanagatlanma bildirip, lukmana öz hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmagy maslahat berdi we asylly kärinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýürek keselleri bölüminde bejergi alýan çagalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň ene-atalary bilen söhbetdeşlikde lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi hem-de bejeriş işleriniň netijeleri barada sorady.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalaryň saglygyny dikeltmek bilen bagly meseleler hemişe saglygy goraýyş işgärleriniň üns merkezinde bolar, çagalaryň ýakyn wagtda doly sagalmagy üçin olara zerur lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.
Körpeler joşgunly goşgy setirlerinde atalyk aladasy üçin hajy Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz hassahananyň ýene bir otagyna baryp, bu ýerde bejergi alýan çaganyň saglyk ýagdaýyny sorady, onuň geljekki maksatlary bilen gyzyklandy. Çaganyň ejesi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemmetaraplaýyn ösen, berk bedenli, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemek ugrunda döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny goramak hem-de berkitmek barada hemişe alada edýär, bu ýörelgeler alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maksady mätäçlik çekýänlere hemaýat bermekden ybarat bolan haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň bardygyny nygtap, ene-atalara perzentleriniň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hassahananyň ýene bir otagynda bejergi alýan çaganyň saglyk ýagdaýy, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi bilen gyzyklandy. Körpe näsagyň ejesi bu ýerde geçirilýän bejeriş usullary barada gürrüň berdi, hususan-da, lukmanlaryň bejerişiň täzeçil usullaryny işjeň peýdalanýandyklary bellenildi.
Ýurdumyzda dürli keselleriň öňüniň alynmagyna hem-de olaryň öz wagtynda bejerilmegine, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy enjamlardyr serişdeler bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk edaralary ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, keselleriň öňüni almak hem-de olary bejermek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Bularyň ählisi adamyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly hassahanada bejergi alýan körpelere sowgatlary gowşuryp, döwletimiziň geljekde-de hassahanalarda lukmançylyk kömegini alýan çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.
Soňra bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Germanowyň hem-de Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynyň baş lukmany S.Ýusubowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Hassahananyň bölümleriniň iş tertibi, körpe näsaglara lukmançylyk kömegi berlende bejerişiň häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagyna, keselleri anyklamakda sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna, hassahananyň işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.
Hormatly Arkadagymyz hassahananyň umumy ýagdaýy, şol sanda derman üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Köpugurly hassahananyň baş lukmany 676 orunlyk bu lukmançylyk edarasynyň bölümlerinde oturdylan lukmançylyk enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary, näsaglar bejerilende ulanylýan bejeriş usullary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Gahryman Arkadagymyz bu lukmançylyk edarasynyň enjamlaşdyrylyşynyň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belläp, hassahananyň işiniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak maslahat berildi. Munuň özi bejerişiň üznüksizligini saklamaga, dürli ugurdaş düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli lukmançylygy kämilleşdirmek, ähli degişli düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň strategiýasynyň, bir tarapdan, ilatyň arasynda öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegine, beýleki bir tarapdan, keselleriň öz wagtynda ýüze çykarylmagyna hem-de olara ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň berilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Bu wezipeleriň çözülmegi maşgala lukmançylygyndan, arassaçylyk-düşündiriş işleriniň hiliniň gowulandyrylmagyndan hem-de lukmançylyk gözegçiliginden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesi esasynda ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň “lukmançylyk sowatlylygyny” ýokarlandyrmak, olaryň öz saglyklary barada habarlylygyny artdyrmak boýunça çäreleri geçirmek maksadalaýyk bolar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynyň lukmanlarynyň paýtagtymyzdaky dürli ugurly halkara we ylmy-kliniki merkezleriň kärdeş hünärmenleri bilen tejribe alyşmaklarynyň ýola goýlandygy baradaky maglumaty kanagatlanma bilen kabul edip, şeýle iş tejribesini ähli welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugry boýunça bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi, bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirmek meselelerine-de möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanda kardiologlaryň täze nesli kemala gelýär, ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak, öňüni almak hem-de bejermek ýaly wajyp wezipeler olaryň üstüne ýüklenendir. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça yzygiderli işleri geçirmek möhümdir.
Dürli keselleriň öňüni almak, olary irki wagtda ýüze çykarmak hem-de netijeli bejermek boýunça halkara guramalar, dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen bilelikde ylmy barlaglary geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýada” bellenilen, şol sanda çagalary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary, sagdyn iýmit bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilişine üns çekildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk serişdeleriniňdir enjamlarynyň rejeli we maksadalaýyk peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Tejribe alyşmak, iň gowy anyklaýyş we bejeriş iş tejribesini öwrenmek maksady bilen, geljekde-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň bilermenleridir hünärmenleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek gerek.
Sagdynlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş ýörelgeleridir. Wagtyň synagyndan geçen asylly däplere eýermek bilen, ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygyna, işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar, milli saglygy goraýyş ulgamy dünýä tejribesi esasynda düýpli özgerdilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň işlerinde sanly ulgamy işjeň peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary uzak aralykdan ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenleriniň hyzmatlaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär, şunda meýilnamalaýyn hem-de tiz lukmançylyk kömegi hem berlip bilner, dürli keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak ulgamynda tejribe-de alşyp bolar.
Keselleri, şol sanda ýürek-damar kesellerini bejermegiň netijeli usullaryny öz içine alýan bu ugurda geljekde-de toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Arkadagymyz birnäçe gymmatly maslahatlaryny berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň bu sebitiň ýaşaýjylary bilen bir hatarda, owgan halkyna hem lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendigini belledi. Biziň ýurdumyz Owganystan bilen hemişe hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna eýerer, doganlyk halka degerli goldaw, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda netijeli ýardam berer.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowa ýüzlenip, milli lukmançylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hassahanalar üçin zerur enjamlary satyn almak meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna tarap ugrady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň binasyna baryp, bu ýerde döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw-terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşyldy.
Alym Arkadagymyz duşuşygy açyp, şu günki duşuşygyň esasy meseleleriniň biriniň “Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Milli Geňeşiň palatalary — Halk Maslahaty hem-de Mejlis tarapyndan bu hukuk namasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak işine girişildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylar bilen bu mesele boýunça pikir alyşmagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn terbiýeli we bilimli ýaş nesli kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany ösdürmegiň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly hem-de hemmetaraplaýyn ösüşinde hem-de dünýä giňişligindäki eýeleýän mynasyp ornuny pugtalandyrmakda ýaşlaryň ägirt uly ornuny nazara almak bilen, ýaşlar syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň maksadynyň türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň kemala gelmegine, şahsyýet hökmünde ösmegine, aň-paýhas, döredijilik hem-de ruhy mümkinçilikleriniň açylmagyna, jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirilen has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu ugurdaky milli strategiýanyň baş wezipesi ýaş raýatlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmekden, türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemekden, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakdan hem-de höweslendirmekden gözbaş alýar.
Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty hakynda Döwlet maksatnamasy kabul edildi, onuň çäklerinde halkymyzyň taryhyny, medeniýetini hem-de gadymy däp-dessurlaryny bilýän, olara baha bermegi başarýan, mizemez maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Watançylyk terbiýesi bilen bir hatarda, taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny türkmenistanlylaryň täze nesline düşündirmek hem-de olaryň aňyna ýetirmek, häzirki taryhy eýýamda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmek babatdaky işlere uly üns berilýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mugallymlar we talyplar bilen söhbetdeşliginiň barşynda okatmagyň iň täze usullaryny ornaşdyrmak, nazary ylmyň tejribe-okuw sapaklary bilen utgaşdyrylmagy üçin institutda döredilen şertler barada pikir alşyp, bu ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belledi. Bu ýerde ylmy işleri alyp barmak, dünýä tejribelerini düýpli öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa talyplaryň saýlap alan hünärlerine uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.
Çykyş edenler institutyň talyplarynyň halkara bäsleşiklere we ders olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşýandyklaryny aýtdylar. Bularyň ählisi döwletimiziň milli bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zaman tejribäni hem-de ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Duşuşyga gatnaşyjylar alym Arkadagymyzy häzirki zaman mugallymçylyk ylmyny kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek üçin döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine, Watanymyz üçin ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, ata Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň toplan baý durmuş tejribesini hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy gymmatlyklary nazara almak bilen, ýaşlaryň öňünde durýan anyk meselelere, ýakyn wagtda tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän ylym-bilim ulgamynyň möhüm meselelerine ünsi çekdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ýetilen belent sepgitler hem-de gazanylýan üstünlikler, merdana halkymyzyň durmuşynyň düýpli ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýän giň gerimli özgertmeler döwlet özygtyýarlylygynyň ygtybarly binýadyna daýanýar. 2021-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesi bellenildi. Türkmenistan milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem demokratik ýörelgelere esaslanýan, ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde ykrar edilmegini gazandy.
Hemişelik Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen biziň döwletimiz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işleriň netijesinde dünýäniň dürli ýurtlary, iri halkara guramalar bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy we ösdürýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamynyň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýandygy hem bellenildi.
Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň serişde, senagat, zähmet hem-de intellektual mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň baş maksadydyr. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin uzak we orta möhletli geljege niýetlenen maksatnamalar kabul edildi. Hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ösüşiň täze tapgyrynda Watanymyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça işleriň depginleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeler kesgitlenildi. Şunda ýaşlara uly orun degişlidir diýip, alym Arkadagymyz olaryň özleriniň yhlasly okuwy, bilimleri özleşdirmegi, tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň artmagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegi hem-de olara dürli hünärleri öwrenmek üçin döwrebap bilimlere, uly durmuşa, ylma we döredijilige badalga berilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň özeni bolup durýar. Ýaş neslimiz edermen ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik we zähmet terbiýesi ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirýärler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşygyň dowamynda daşky gurşawyň goralmagynyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagynyň hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetiniň ösdürilmegine hem-de tebigata aýawly çemeleşilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler aýratyn ähmiýete eýedir.
Milli medeniýetimize, ýörelgelerimize we däp-dessurlarymyza daýanyp, ýaşlarda taryhy-medeni mirasymyza sarpa goýmak hem-de aýawly çemeleşmek duýgusyny terbiýelemek gerek. Ähli degişli düzümleriň tagallalary ýaş nesliň hukuk we durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilmelidir, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli mirasymyz wagyz edilmelidir. Ýaş türkmenistanlylar telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Döwletimiz telekeçilik işi bilen meşgullanmaga gyzyklanýan ýaşlar üçin geljekde-de zerur şertleri döreder.
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş üpjünçiligi meselesine geçmek bilen, adam baradaky aladanyň amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi her ýyl yzygiderli ýokarlandyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir hem-de alnyp barylýan durmuş syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaşlarda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, bilim almaga höwesi terbiýelemegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy, munuň özi jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir hem-de ýurdumyzyň ykbalyny we halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm şertlerdir. Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir. Şunda mugallymçylyk babatda hünärmenleriň taýýarlyk derejesine uly orun degişlidir.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada nygtap, ýurdumyzyň esasy baýry okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim ulgamy üçin örän zerur hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny aýtdy we ýaşlaryň ata-babalarymyzyň terbiýeçilik däplerini ösdürmegi dowam etdirjekdiklerine ynam bildirip, öz durmuş tejribesinden birnäçe maslahatlary berdi.
Gahryman Arkadagymyz daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine ýygnananlaryň ünsüni çekdi, çünki dil bilmek uly baýlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara gepleşik dili bolan iňlis diliniň iň irki ýaşdan başlap, heniz mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilmegini höweslendirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň şu instituty tamamlandyklary buýsançly ýagdaýdyr, olara Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, döwlet Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin şeýle belent atlar dakyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz institutda ýörite otag açyp, onda Gahryman zenanlaryň durmuş hem-de döredijilik ýollary baradaky maglumatlary, şeýle hem sanly fotostudiýany we elektron kitaphanany ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Häzirki döwür özygtyýarly Türkmenistanyň ösüş we döredijilik ýoly bilen okgunly öňe barýan eýýamydyr. Munuň özi köp babatda ilatyň sowatlylygynyň we gözýetiminiň giňelmegi, ylmy-barlaglaryň işjeňleşdirilmegi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň durmuşyň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kompýuter tehnologiýalarynyň, multimedia ulgamlarynyň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň iň täze gazananlaryny peýdalanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň tutuş ulgamyny döretmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
Alym Arkadagymyz bilimiň we ylmyň adamy belent derejelere ýetirýändigini aýdyp, duşuşykda ýaşlara hemişe düýpli, hemmetaraplaýyn bilim almaga, aň-bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga çalyşmagy nesihat etdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mekdep uçurymlarynyň käbiriniň orta mekdebi tamamlan ilkinji ýylynda ýokary okuw mekdeplerine girip bilmeýändiklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara saýlap alan hünäri boýunça tejribe toplar ýaly işe ýerleşmäge ýardam bermek meselesi barada oýlanyşmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmek baradaky teklip hem aýdyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda alym Arkadagymyz institutyň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary okuw mekdebine gelip görendigi, talyplary okatmak meselelerine, mugallymlaryň hem-de bu bilim edarasynyň iş şertlerine yzygiderli üns berýändigi, şeýle-de gymmatly maslahatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda geljekde-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz öwüt-ündewlerini berip, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine hem-de mynasyp terbiýe almagyna ilkinji derejeli ähmiýet berendigini aýtdy. Geçen döwürleriň meşhur şahsyýetleri gymmatly pähim-paýhas mirasyny bize galdyrypdyrlar, olaryň döreden eserleri geljekki nesilleri terbiýelemek üçin gymmatly çeşme bolupdyr. Biziň pederlerimiziň watançylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hem-de geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Geljek siziň bilendir! Biziň ýurdumyzyň geljekde-de gülläp ösmegi üçin öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip, ýaşlara ýüzlendi. Ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen bu sözleri gaýtaladylar.
Gahryman Arkadagymyz duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine üstünlik arzuw edip, soňra welaýat merkezindäki bazara bardy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy azyk önümleriniň görnüşleri, hususan-da, gök we bakja önümleri bilen tanşyp, bazarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy. Maldarçylyk pudagynyň önümlerine, şol sanda gara mallaryň we towuk etiniň öndürilişine aýratyn gyzyklanma bildirildi.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji iýunda geçirilen bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda iýmlik mekgejöweni, soýany we iýmlik bugdaýy ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak tabşyryldy. Bu çäreler ýurdumyzda guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, şeýlelikde, ilatymyzyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmegine, önümleriň daşyndan getirilýän möçberini düýpli azaltmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Hökümet mejlisinde telekeçilere goldaw hökmünde hem-de azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine pul serişdelerini bölüp bermek baradaky çözgüt kabul edildi.
Bazaryň satyjylary we alyjylary Gahryman Arkadagymyza içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça ähli şertleriň üpjün edilýändigi, telekeçilere, hususan-da, azyk önümlerini hem-de gündelik sarp edilýän harytlary öndürýänlere berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Tanyşlygyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söwda nokatlaryna aýlandy hem-de alyjylar we satyjylar bilen ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhlardan haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça meseleler barada pikir alyşdy. Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň geljekde-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli hem-de ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretjekdigini aýdyp, oba hojalyk önümlerini öndürijilere we telekeçilere döwlet ähmiýetli bu möhüm işde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine tarap ugrady. Bu derýa Merkezi Aziýada uzynlygy boýunça ikinji hem-de suwlulygy boýunça iň iri suw akabasydyr. Ol öz gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alýar. Şol ýerde buzluklaryň eremegi netijesinde emele gelýän suw daglardan aşaklygyna gaýdýar, soňra bolsa Turan düzlügi boýunça akyp, peýdaly maddalaryň — mineral we organiki düzümleriň ägirt uly möçberlerini döredýär. Şol sebäpli-de Amyderýanyň suwy hemişe peýdaly aýratynlyklary bilen tapawutlanypdyr, onuň ugurlarynda kuwwatly döwletler döräpdir hem-de Beýik Ýüpek ýoly geçipdir.
Halkara ulag çatrygy hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasyny nazara almak bilen, köpşahaly döwletara ulag ulgamyny döretmek wezipesi öňe sürülýär. Häzirki wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag we demir ýol köprüleri ýurdumyzyň çäklerinden geçýän ýük hem-de ýolagçy akymlarynyň düýpli artmagyna ýardam berdi. Amyderýanyň iki kenaryny birleşdirýän bu ulag geçelgesi inžener-tehniki hem-de ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurluşygynyň halkara kadalaryna laýyk gelýär. Onuň gurluşygynda berkligi, ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edýän we beýleki zerur tehniki ölçeglere laýyk gelýän gurnama serişdeler ulanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Amyderýa ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen doly üpjün edýär. Garagum derýasy hem Amyderýadan suw alýar. Garagum derýasynyň hem-de Amyderýanyň ugry boýunça gowaçanyň we bugdaýyň ekin meýdanlary ýaýylyp gidýär. Bu möhüm ulgamda degişli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam berýär.
Oba hojalyk pudagyny ýeterlik möçberde suw serişdeleri bilen üpjün etmek, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, onuň ýitgisini azaltmak meseleleri hem örän möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan täze suw howdanlarynyň gurluşygyna, ozal bar bolanlarynyň sygymlylygynyň giňeldilmegine iri maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Derýalaryň suwaryş hem-de zeýkeş akabalarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem şu maksada gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen 8-nji iýunda geçiren maslahatynyň dowamynda şu meselä hem garaldy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen sebitiň, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Häzirki wagtda welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, suw hojalyk ulgamyny ösdürmek boýunça işleri çaltlandyrmak hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek maksady bilen, giň gerimli çäreler alnyp barylýar.
Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk ekinleri suwarylanda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak, yzygiderli ýagdaýda degişli çäreleri geçirmek zerurdyr. Dünýä tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijilerini, suw howdanlaryny hem-de kölleri peýdalanmakda iň täze tehnologiýalary ulanmak, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasabyny ýöretmek hem-de bu işleri sanly ulgama geçirmek möhümdir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Häzirki döwürde suw hojalyk pudagyna öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän netijeli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.