Habarlar
Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my ge­çi­ril­di

Aş­ga­bat, 23-nji iýun. Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň eko­lo­gi­ýa jä­het­le­ri” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ol “Türk­men­gaz” we “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­sern­le­ri­niň, “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Türk­men Fo­rum” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Gaff­neyСli­ne” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de gu­ral­dy. 

                                                                   

Şu ge­zek­ki fo­rum di­ňe bir ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­män, eý­sem, Aş­ga­bat­dan dün­ýä­niň on­lar­ça ýur­du­na on­laýn ter­ti­bin­de hem gör­ke­zil­di. Oňa Hö­kü­met dü­züm­le­ri­niň, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän hal­ka­ra mis­si­ýa­la­ryň, mil­li we da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem fo­ru­myň işi­ne Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry on­laýn gör­nü­ş­de go­şul­dy­lar. Fo­rum ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­me­giň eko­lo­gik ta­rap­la­ry we tä­ze döw­rüň ener­gi­ýa­sy­na ge­çiş, wo­do­rod — gel­je­giň ýan­gy­jy, zy­ňyn­dy­la­ry do­ly aýyr­mak we mo­ne­ti­za­si­ýa üçin me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny we kö­mür­tur­şy ga­zy­ny azalt­mak, eko­lo­gi­ýa we ho­wa bo­ýun­ça ma­li­ýe­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri hem-de aras­sa ener­gi­ýa­ny ön­dür­mek­dä­ki baş­lan­gyç­lar ýa­ly dört ug­ry öz içi­ne al­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­tan hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Aras­sa ener­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, tu­tuş dün­ýä­de eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän “ýa­şyl” gel­je­gi ös­dür­mä­ge ba­gyş­la­nan bu ge­zek­ki fo­rum de­giş­li ugur­da­ky me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da “ýa­şyl” ösüş stra­te­gi­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de kö­pa­syr­lyk mil­li ýö­rel­ge­le­re da­ýan­ýan döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň gu­ral­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň hem-de ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, ug­le­wo­do­rod ba­zar­la­ry­nyň tä­ze döw­rüň ener­ge­ti­ka­sy­na geç­mek­de eýe­le­ýän or­nu­na, ne­bit­gaz tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek­de hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri­ne, te­bi­gy se­riş­de­le­re aýaw­ly çe­me­le­şil­me­gi­ne we beý­le­ki­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da mil­li, se­bit hem-de hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar­dyr tas­la­ma­lar, şol san­da te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li peý­da­lan­mak, ýur­du­myz­da gu­rul­ýan se­na­gat des­ga­la­ryn­da hä­zir­ki za­man, eko­lo­gik taý­dan aras­sa we tyg­şyt­ly “ýa­şyl” teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ba­bat­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny, şol san­da izo­bu­tan, me­ta­nol, po­li­wi­nilh­lo­rid, po­li­wi­ni­la­se­tat we beý­le­ki önüm­le­ri çy­kar­ýan kär­ha­na­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si tu­tuş­ly­gy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da ös­dü­ril­me­gi­ni güýç­len­dir­mä­ge, eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň dü­zü­min­de ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­ly önüm­le­riň pa­ýy­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da “gel­je­giň ýan­gy­jy” stra­te­gi­ýa­sy hök­mün­de iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan wo­do­rod önüm­çi­li­gi­niň ýur­du­myz­da ýo­la go­ýul­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yl­my bar­lag­la­ryň bar­şyn­da tas­syk­la­ny­lan wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy­nyň ýo­ka­ry ula­ny­lyş, teh­no­lo­gik we eko­lo­gik hä­si­ýet­na­ma­la­ry ýan­gy­jyň bu gör­nü­şi­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­dyr. Ony se­na­gat­da hem, bi­na­la­ry ýy­lat­mak ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li peý­da­la­nyp bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, wo­do­rod daş­ky gur­şaw üçin howp­suz­dyr. Bu ýan­gy­jy peý­da­lan­ma­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri hut şu­lar bi­len şert­len­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň iri ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, özü­niň ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne ulan­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň tä­ze keş­bi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar, onuň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan mö­hüm iş­le­riň bi­ri­dir. On­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Agent­li­gi, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty hem-de beý­le­ki ugur­daş dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry kes­git­le­nil­ýär. 

                                                                   

Çy­kyş­lar­da bi­ziň ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki çä­re­le­re gat­na­şy­jy­la­ryň öň ha­ta­ryn­da bol­mak bi­len, özü­niň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni äh­lu­mu­my bäh­bit­ler üçin ulan­ma­gy tek­lip ed­ýän­di­gi, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ga­raý­şy­ny hem-de ola­ra ýet­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni be­ýan ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan stra­te­gi­ýa ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­la­ryň hem-de döw­le­ti­mi­ziň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi­niň bin­ýat­la­ýyn dü­zü­mi hök­mün­de “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­gyň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, tä­ze ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny göz­le­me­giň hem-de öz­leş­dir­me­giň, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­me­giň ha­sa­by­na pu­da­gyň çig mal bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bu ul­gam­da Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len tä­ze kän­le­ri aç­mak, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly ozal açy­lan ýa­tak­la­ryň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mek, yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. 

                                                                   

Çy­kyş eden­le­riň nyg­ta­ýyş­la­ry ýa­ly, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu ul­gam­da­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry, oza­ly bi­len, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler, şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy işe­wür­lik to­par­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si esa­syn­da şert­len­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin örän amat­ly hu­kuk, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. 

                                                                   

Ne­bit­gaz ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň eko­lo­gik ugur­la­ry­na hem äh­mi­ýet be­ril­di. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry dep­gin­le­re eýe bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di, bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­lar ola­ryň ne­ti­je­le­ri­dir. Çy­kyş eden­le­riň bi­ra­gyz­dan nyg­ta­mak­la­ry­na gö­rä, bu ge­zek­ki çä­re ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­riň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak, giň ge­rim­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, öza­ra bäh­bit­li, gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. 

                                                                   

Bu gün türk­men yl­my­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça top­lan tej­ri­be­si­ne hem-de ägirt uly kuw­wa­ty­na tu­tuş dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň iri eko­lo­gi­ýa fo­rum­la­ry­ny, mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin en­çe­me ge­zek saý­la­nyp alyn­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär. No­bat­da­ky fo­ru­myň çäk­le­rin­de gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň we­kil­le­ri­niň we ola­ryň da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­niň ara­syn­da du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

24.06.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi

Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Merkezi  bankynyňTäjigistan Respublikasy tarapyndan Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary  Şarifa Hudobahş, Täjigistan Respublikasynyň Maliýe ministriniň orunbasary Ýusuf Madjidi, Täjigistan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň daşary ýurt bergisini düzgünleşdirmek müdirliginiň başlygy Şohin Mulloýew dagylar gatnaşdylar.

    Şeýle hem duşuşyga, Täjigistan Respublikasynyň Döwlet material ätiýaçlyk agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

    Duşuşygyň esasy maksady  söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisiniň Teswirnamasynda göz öňünde tutulan meseleleri ara alyp maşlahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar toparyň 2021-njy ýylyň iýulynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda himiýa,                 ýangyç-energetika, oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna seredilip geçildi.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde Aşgabatda geçirilmegi teklip edildi we täjik wekilleri tarapyndan bu teklip goldanyldy.Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.  


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

23.06.2022
Ministrligiň merkezi binasynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň nobatdaky  sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

         Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň,  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri gatnaşadylar.

Bu duşuşygyň esasy maksady ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amala aşyrylyşy boýunça edilen işleri we Türkmenistanyň ikinji meýletin milli synynyň taýýarlyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow duşuşygyň başynda giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ministrlik tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleriň alyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ministr Muhammetgeldi Serdarow şeýle-de öz çykyşynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi we Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan uly ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de duşuşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek meseleleri boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň baş ýörelgesine – «hiç kimi çetde goýmaly däl» diýen ýörelgesinden ugur alyp milli syýasatymyzyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça işleriň güýçlendiriljekdigi barada ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda belläp geçdi.  

Şu ýylyň başynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän uzakmöhletleýin maksatnamanyň ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada bellenilip geçildi. Bu maksatnamada Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça giňden beýan edilendigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko öz tarapyndan giriş sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem bu duşuşygyň maksady we meseleleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle-de Dmitriý Slapaçenko öz çykyşynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleri alyp barýandyklary barada aýdyp geçdi.

2022-nji ýylda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  ortamöhletli syny boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň maslahatçysy Marian Petreski Durnukly Ösüş Maksatlaryny amala aşyrmakda öňe gidişlikleri (halkara maglumat çeşmeleriň esasynda),  2022-nji ýylda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  ortamöhletli synyň netijeleri barada çykyş etdi. Şeýle hem, 2023-nji ýyl boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak boýunça taýýarlyk işleri barada aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Zähmetiň we iş hakynyň statistikasy müdirliginiň başlygy Gözel Nurmyradowa Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Milli maglumat binýadyny işe girizmekde öňe gidişlikleri (Onlaýyn görnüşine geçmekde gelejekki ädimleri) barada aýdyp geçdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Güljemile Annaniýazowa öz çykyşynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Milli maglumat binýadyny işe girizmekde uly ähmiýetli işleri alyp barýandyklary barada aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataýew ýurdumyzda ýylyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça ýerine ýetirilen işleri barada hasabat berdi. Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň   Türkmenistanda  ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak we olary amala aşyrmak  boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan taýýarlanan Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça ýerine ýetirilen işleri barada gürrüň berýän prezentasiýa bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan maliýeleşdirmek boýunça Addis-Abeba hereketleriniň meýilnamasyny doly goldaýandygyny we onuň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýändigi barada beýan etdi. Şeýle hem häzirki wagtda durnukly ösüşi maliýeleşdirmek meselelerini çözmek boýunça Türkmenistan maliýeleşdirmek ösüşiniň sebitleýin platformasynda işjeň gatnaşýandygy barada aýdyp geçdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gatnaşýan wekilleriň arasynda sorag-jogap alşyldy.

Soňra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň bilen guramaçylaryň arasynda duşuşygyň işiniň dowam etmegi, berjek netijeleri barada özara pikir alşyldy we gatnaşyjylara sag bolsun aýdylyp, işlerinde üstünlik arzuw edildi hem-de duşuşyk jemlendi.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň        abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman,     il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

23.06.2022
Sahawatly türkmen topragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şatlykly, taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigi şu ýylyň 17-nji, 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mary hem-de Lebap welaýatlaryna toý saparyny amala aşyranda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy,  şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Bu sebitlerde ulanylmaga berlen durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalar ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine we halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz   Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda onda garalan meseleleriň, kesgitlenen wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly düýpli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmeti, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň möçberlerini artdyrmak üpjün edilýär hem-de ekerançylaryň öz işlerine gyzyklanmalary ýokarlanýar.  

                                                                   

Şu ýyl Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 310 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi netijesinde, şu gezekki galla oragy möwsüminde «John Deere» we «Сlaas» kysymly häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu ýokary öndürijilikli kombaýnlar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Sapar mahalynda hormatly Prezidentimize Tagtabazar hem-de Darganata etraplarynyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri baradaky hoş habarlar aýdyldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz toý saparlary mahalynda Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde kärendeçi daýhan Atageldi Ärnyýazowyň hem-de Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Azat Joraýewiň iş şertleri, maşgala ýagdaýlary we kärende ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriniň görnüşleri hem-de galla meýdanlarynyň hasyllyk derejesi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň geçirilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijileriň — daýhanlaryň netijeli zähmeti, kärendeçileriň zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi ugrunda hemme şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi alnyp barylýan syýasatyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar. Munuň özi milli daýhançylyk däplerini ösdürmekde, ýaş nesilleri halal zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz daýhanlar bilen duşuşanda «Bismilla» diýip, olaryň kärende ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý oragyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanlara çekýän yhlasly we öndürijilikli zähmetlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kärendeçi daýhanlaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.  

                                                                   

Sapar mahalynda döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy. Alym bu merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy-barlaglaryň geçirilýändigini gürrüň berdi. Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi. Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow hormatly Prezidentimize bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Arkadagly Serdarymyz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini bellemek bilen, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan «Berkarar» we «Galkynyş» diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy, onda gowaçanyňdyr bugdaýyň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasyldan taýýarlanylan çörek we çörek önümleri görkezildi. Bu sergi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyza tamdyrda ýaňy bişirilen çörek hödür edildi. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Arkadagly hajy Serdarymyz ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý etdi. Şonda hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegler etdi. Hudaýyň öýüniň berekediniň, päkizeliginiň ýurdumyza, milletimize nur bolup ýagmagy dileg edilip, dost-doganlykdan nyşan hökmünde döwlet Baştutanymyza mukaddes teperrik berildi. Bu waka Arkadagly Serdarymyza, mähriban halkymyza, ýurdumyza goýlan çuňňur hormatdan nyşandyr.  

                                                                   

Sapar mahaly döwlet Baştutanymyz Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine bardy. Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Hormatly Prezidentimiz ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binany dabaraly açyp berdi. Şanly waka mynasybetli bu ýerde toý sadakasy berildi. Soňra Arkadagly Serdarymyz täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şol gün şeýle hem hormatly Prezidentimiziň umra hajyny berjaý etmek üçin mukaddes Käbä zyýaraty amala aşyran mahalynda gowşurylan teperrik goýlan Gurbanguly hajy metjidinde juma namazy okaldy. Metjidiň ýanyndaky ýörite binada toý sadakasy berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna toý sapary mahalynda Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna-da gatnaşdy. Şol ýerde täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu bekediň işe girizilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda möhüm binýat bolup durýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistan Watanymyz dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Indi 13 ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp, senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa Türkmenistanyň tebigy gazyň söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär. Maslahatyň dowamynda wideofilm görkezilip, onda ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň we HHR-niň netijeli gatnaşyklary, «Gadyn» täze gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, bu bekediň işläp başlamagyna ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisi ulanmaga berildi.  

                                                                   

Halk bähbitli, il-ýurt, halkara ähmiýetli şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Sahawatly türkmen topragy egsilmejek naz-nygmatyny, tebigy baýlygyny bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, goý, sahawatly türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk berkarar bolsun! 

                                                                                                           

«Esger».

23.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BERDIMUHAMEDOW: — Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýan sun­gat baý­ra­my­dyr

Me­de­ni fo­ru­myň da­ba­ra­ly ba­dal­ga­sy 

                                                                   

 Ma­ry, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Ma­ry şä­he­rin­dä­ki Ru­hy­ýet köş­gün­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2022-niň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Mil­li me­de­ni­ýe­ti go­rap sak­la­ma­ga, iç­gin öw­ren­mä­ge hem-de wa­gyz et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu giň ge­rim­li çä­re me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de eýe­le­ýän, bar­ha art­ýan äh­mi­ýet­li or­nu­ny, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­ýär. 

                                                                   

In­di onun­jy ge­zek ge­çi­ril­ýän bu çä­re umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na sal­dam­ly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň köp gör­nüş­li­li­gi­ne do­ly de­re­je­de dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän hep­de­lik dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze ze­hin­le­riň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, sun­ga­ty­nyň, ede­bi­ýa­ty­nyň bu baý­ra­my äh­mi­ýet­li wa­ka bo­lup, Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň iň tä­ze ta­ry­hyn­da my­na­syp orun eýe­le­di. 

                                                                   

Giň ge­rim­li me­de­ni fo­rum her ýyl ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň bi­rin­de ge­çi­ri­lip, onuň do­wa­myn­da her we­la­ýat öz ýe­ten sep­git­le­ri­ni, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy­ny, dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­mä­ge ça­lyş­ýar. 

                                                                   

Şu ge­zek­ki Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. We­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň beý­le­ki kün­jek­le­rin­de hem bol­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň ga­dy­my ta­ry­hy we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri, aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­ler bar­dyr. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň gü­nor­ta se­bi­tin­de bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VI-V asyr­lar­da otu­rym­ly ýa­şaý­şyň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi Mer­wiň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ga­dy­my söw­da ýo­lu­nyň ug­run­da beý­le­ki şä­her­ler hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr, ýö­ne şo­la­ryň ara­syn­da Merw aý­ra­tyn orun eýe­läp­dir. Şo­nuň üçin hem ony “Ma­ru-Şa­hu Ja­han” — “Ja­ha­nyň şa­sy” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar. 

                                                                   

Da­şy ga­la di­war­la­ry bi­len aý­la­nan şä­her hem-de onuň umu­my meý­da­ny 1,5 müň gek­tar­dan gow­rak bo­lan çäk­le­rin­dä­ki ga­dy­my köşk­le­riň hem-de küm­met­le­riň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ga­lyn­dy­la­ry “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Ga­dy­my­ýe­tiň Erk­ga­la, Gä­wür­ga­la, şeý­le hem Sel­juk­ly­lar döw­rü­ne de­giş­li Sol­tan­ga­la we Şäh­ri­ýa­r gala, Teý­mir­ler ne­sil­şa­ly­gy döw­rün­de gur­lan Ab­dyl­la han ga­la­sy, giç­ki or­ta asyr­la­ryň Baý­ra­ma­ly han ga­la­sy, Uly Gyz­ga­la hem-de Ki­çi Gyz­ga­la, ha­lyf Al Ma­mu­nyň ka­bul­ha­na­la­ry, Sol­tan San­ja­ryň, Mu­ham­met ibn Zeý­diň, Gyz­bi­bi­niň we Päl­wan Ah­me­diň küm­met­le­ri ýa­ly ýa­dy­gär­lik­ler özün­de köp syr­la­ry sak­la­ýar. 

                                                                   

Gün­do­ga­ryň ta­ry­hy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy özün­de ar­heo­lo­gik we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň köp san­ly­sy­ny jem­le­mek bi­len, 1999-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer di­ňe bir alym­la­ry däl, eý­sem, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den ja­han­keş­de­le­ri hem özü­ne çek­ýär. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2022-niň açy­lyş da­ba­ra­sy ir bi­len Mary şäherindäki Ru­hy­ýet köş­gü­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ge­çi­ril­di. Bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, we­la­ýat we şä­her hä­kim­lik­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, Ma­ry şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­dyr myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­naş­ýan we­ki­li­ýet­le­riň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den ta­ny­mal teatr ar­tist­le­ri, est­ra­da we halk aý­dym­çy­la­ry, mu­zeý, ki­tap­ha­na işi­niň hü­när­men­le­ri, sa­zan­da­lar, su­rat­keş­ler, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, dö­re­di­ji­lik hem-de folk­lor to­par­la­ry bar. 

                                                                   

Bu ýer­de hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, on­da ama­ly-ha­şam, nak­gaş­çy­lyk sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri, halk se­net­çi­li­gi us­sa­la­ry­nyň iş­le­ri, mil­li ly­bas­lar, şaý-sep­ler, saz gu­ral­la­ry, türk­men hal­ky­nyň dur­muş­da ulan­ýan ho­ja­lyk es­bap­la­ry gör­ke­zil­di. 

                                                                   

Pa­wil­ýon­la­ryň her bi­rin­de ge­lin-gyz­lar el iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar, ýüň egir­ýär­ler, ke­çe bas­ýar­lar, ha­ly do­ka­ýar­lar, zer­gär­ler we de­mir­çi us­sa­lar öz sun­gat­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Bu­la­ryň hem­me­si öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­my­zyň do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­na, hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan di­ňe bir aýaw­ly sak­la­nyl­man, eý­sem, has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Ser­gi meý­dan­ça­la­ry­nyň her bi­ri, we­kil­çi­lik ed­ýän we­la­ýa­ty­na gö­rä, reňk­le­ri we be­zeg­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ser­gi­de her bir we­la­ýa­tyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ta­ry­hy-bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň şe­kil gör­nü­şin­de taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­la­ry­na­dyr fo­to­su­rat­la­ry­na aý­ra­tyn orun ber­lip­dir. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň, est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň, bag­şy­la­ryň we folk­lor to­par­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra­nyň şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­ýar. 

                                                                   

Ru­hy­ýet köş­gü­niň eý­wa­nyn­da myh­man­la­ry Ma­ry şä­he­ri­niň Mol­la­ne­pes adyn­da­ky ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň skrip­ka­çy­lar to­pa­ry gar­şy­la­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de dür­li ugur­la­ra de­giş­li çe­per­çi­lik eser­le­ri gör­ke­zil­di. Çä­rä gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň hem-de paý­tag­ty­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň bi­le­lik­de gu­ran ser­gi­si­ni uly gy­zyk­lan­ma bi­len syn­la­dy­lar. Ser­gi mil­li şe­kil­len­di­riş hem-de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň ösü­şi ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýär. 

                                                                   

Sun­gat us­sat­la­ry­nyň eser­le­rin­de ata Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, te­bi­ga­ty­my­za bo­lan çäk­siz söý­gi aý­dyň du­ýul­ýar. Ser­gi­de mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­ny, mil­li saz gu­ral­la­ry­ny, fo­to­su­rat­la­ry, ki­tap­la­ry we çap­ha­na önüm­le­ri­ni hem gör­mek bol­ýar. 

                                                                   

Ru­hy­ýet köş­gü­niň za­ly­na ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da: “Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­za ser­paý be­ren bu sun­gat baý­ra­my me­de­ni­ýet we sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni yl­ham dün­ýä­si­ne ga­nat­lan­dyr­ýar, tä­ze, kä­mil eser­le­ri dö­ret­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň do­wa­myn­da gu­ral­jak me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň her bi­ri ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, sun­gat us­sat­la­ry­nyň öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da, ila­tyň me­de­ni aň-bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, bu ul­gam­da­ky ösüş­le­ri­mi­zi giň­den wa­gyz et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar” di­ýlip bel­le­nil­ýär. 

                                                                   

Da­ba­ra sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dür­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri — ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň, meş­hur saz to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len do­wam et­di. 

                                                                   

Da­ba­ra­da “Äle­me ýaň sa­lan türk­men sun­ga­ty” at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa ýaň­lan­dy. Kon­ser­tiň mak­sat­na­ma­sy­na hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, onuň dö­re­di­ji­lik ze­hin­i­niň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny açyp gör­kez­ýän hä­zir­ki za­man we halk aý­dym­la­ry, nus­ga­wy saz­lar, ho­reog­ra­fik kom­po­zi­si­ýa­lar gi­ri­zil­di. To­ma­şa­çy­lar mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gel­je­gi bo­lan ýa­şa­jyk ar­tist­le­ri mä­hir bi­len gar­şy al­dy­lar. 

                                                                   

“Des­san”, “Näz­li”, “Al­tyn asyr”, “Gal­ky­nyş”, “Jeý­hun”, “Mar­gia­na” tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da mil­li däp­le­ri­miz hem-de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent ru­hy öz be­ýa­ny­ny tap­dy. 

                                                                   

 Söý­gi saz­la­ry, şow­hun­ly türk­men tans­la­ry to­ma­şa­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­dy. 

                                                                   

“De­his­tan” folk­lor to­pa­ry­nyň bäş we­la­ýa­tyň folk­lor-tans to­par­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “küşt­dep­di” tan­sy­ny to­ma­şa­çy­lar şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len gar­şy al­dy­lar. Bu tans geç­mi­şi­mi­ziň aja­ýyp däp­le­ri­niň hä­zir­ki döw­rüň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. “Küşt­dep­di” aý­dym we tans des­su­ry­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy, ga­dy­my­ly­gy na­zar­da tu­tu­lyp, ol 2017-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. 

                                                                   

Kon­ser­tiň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si bi­le­lik­de “Gül­le sen, sun­ga­tym, gül Di­ýa­rym­da!” at­ly aý­dy­my ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Aý­dym­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk duý­gu­la­ry­dyr iň go­wy ar­zuw­lar, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösü­şiň we dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len bat­ly ga­dam ur­ýan Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­ne bo­lan uly ynam öz be­ýa­ny­ny tap­dy. 

                                                                   

Soň­ra Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de “Ma­ry” myh­man­ha­na­syn­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de hal­ka­ra me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Ol mil­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni hem-de ýur­du­myz­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­ni, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar to­pa­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Oňa gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Rus­si­ýa­nyň “ITAR-TASS” ha­bar­lar agent­li­gi­niň baş di­rek­to­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Mi­hail Gus­man, Azi­ýa — Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU) Baş sek­re­ta­ry Ja­wad Mot­ta­gi, “Rus­sia To­day” te­le­ýaý­ly­my­nyň baş di­rek­to­ry Alek­seý Ni­ko­low, “TRT-niň” Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li Ugur Sa­mi Ge­zer, “Azer­baý­ja­nyň te­le­wi­de­ni­ýe­si we ra­dio­sy” ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ra­fik Ga­şy­mow we beý­le­ki­ler bol­dy. 

                                                                   

Me­dia­fo­ru­myň esa­sy me­se­le­si hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da­ky me­se­le bol­dy. Şeý­le hem gün ter­ti­bi­ne ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­tyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ýän or­ny, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek, hal­ky­my­zyň baý mi­ra­sy­ny gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek, mil­li ru­hy we ah­lak däp­le­ri­niň hem-de maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň do­wa­mat­ly­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di. 

                                                                   

Çä­re­de Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry, ga­dy­my döw­rüň bi­na­gär­li­gi­niň öz­bo­luş­ly des­ga­la­ry­ny go­rap sak­la­mak, da­şa­ry ýurt­la­ryň te­le­ýaý­lym­la­ryn­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ga­za­nan ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri­ni giň­den be­ýan et­mek ba­bat­da iş­le­riň iş­jeň­leş­di­ri­li­şi bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar be­ýan edil­di. 

                                                                   

Fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly Azi­ýa — Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU), TASS-nyň, “CGTN-Rus­sian” hy­taý me­dia­kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, «Ko­rean Broadcas­ting Sys­tem», “So­ny Midd­le East and Af­rica FZE” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Tür­ki­ýä­niň «TRT World» te­le­ýaý­ly­my­nyň, “Rus­si­ýa 24”, “Rus­sia To­day” ha­bar­lar te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň, «Se­tan­ta Sports», “Mir” hal­ka­ra te­le­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler go­şul­dy­lar. 

                                                                   

Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan ga­za­ny­lan köp san­ly hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ryň esa­syn­da dün­ýä­niň iri ugur­daş dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ar­ka­ly hal­ka­ra me­dia­gi­ňiş­li­ge iş­jeň go­şu­lyş­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne soň­ky ýyl­lar­da dür­li ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ha­bar­lar agent­lik­le­ri we te­le­ra­dio kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar­dyr äht­na­ma­lar, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Azi­ýa — Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­ne ag­za bol­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Bu gün ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri “Mir” döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­ýaý­ly­my ta­ra­pyn­dan giň­den be­ýan edil­ýär. “Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ro­wa­ýat­la­ry” mow­zu­gyn­da ýur­du­my­zyň tä­sin ta­ry­hy-bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri ba­ra­da do­ku­men­tal film­le­riň tap­gy­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Ita­li­ýa­nyň “RAI” te­le­ra­dio­ýaý­ly­my, Ger­ma­ni­ýa­nyň “ZDF”, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “KBS”, Ýa­po­ni­ýa­nyň “NHK” te­le­ýaý­lym­la­ry, şeý­le hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Ka­tar Döw­le­ti­niň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hu­su­san-da, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň baý däp­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­ýän film­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp bo­lar. Azer­baý­ja­nyň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň we beý­le­ki da­şa­ry ýurt­la­ryň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. 

                                                                   

Bu ugur­da ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň hem-de al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki ösü­şi, şeý­le hem hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da ynam­ly mag­lu­mat­lar dün­ýä de­re­je­sin­de giň halk köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bol­dy. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy da­şa­ry ýurt­lu­lar onuň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, we­kil­çi­lik­li du­şu­şy­gyň gu­ra­lan­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne we Hö­kü­me­ti­ne ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir bi­zi tä­ze mag­lu­mat­lar dün­ýä­si gur­şap al­ýar, şo­nuň ös­me­gin­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne örän uly orun de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, KHBS-iň öňün­de du­ran öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak hem-de bu ba­bat­da ýü­ze çyk­ýan ça­gy­ryş­lar, şeý­le hem ynam­dar tä­ze­lik ha­bar­la­ry­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy we ýaý­ra­dyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­re üns çe­kil­di. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň umu­my pi­ki­ri­ne gö­rä, bu çä­re şu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, KHBS-iň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ugur­daş dü­züm­le­riň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik bo­lup dur­ýar. Öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly mil­li žur­na­lis­ti­ka­ny ös­dür­mek üçin tä­ze­çil iş tej­ri­be­le­ri­niň öw­re­nil­me­gi hem-de iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy dün­ýä de­re­je­sin­de mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gin­de öza­ra he­re­ket et­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

                                                                   

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ma­ry we­la­ýa­t ki­tap­ha­na­syn­da “Ar­ka­da­gyň do­wa­ma­ty do­wam­dyr” ady bi­len iş mas­la­ha­ty we şyg­ry­ýet ag­şa­my ge­çi­ril­di. Oňa me­de­ni­ýet we bi­lim iş­gär­le­ri, ki­tap­ha­na işi­niň hü­när­men­le­ri, şa­hyr­lar­dyr ýa­zy­jy­lar, žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň we dö­re­di­ji­lik ag­şa­my­nyň çäk­le­rin­de, ru­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, ony dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek, döw­re­bap de­re­je­de me­de­ni aň-bi­lim iş­le­ri­ni gu­ra­mak ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip, pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, de­giş­li mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de, Türk­me­nis­tan­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir bu ul­ga­my san­ly­laş­dyr­mak, elekt­ron we in­ter­net hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­riň tä­ze usul­la­ry iş­jeň ula­nyl­ýar. 

                                                                   

Döw­let ta­ra­pyn­dan ki­tap­ha­na­la­ryň, mu­zeý­le­riň, teatr­la­ryň hem-de beý­le­ki me­de­ni aň-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär. Ne­ti­je­de, mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz we sun­ga­ty­myz döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär. 

                                                                   

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar mil­li me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty çuň­ňur öw­ren­me­giň, ös­dür­me­giň hem-de kä­mil­leş­dir­me­giň, Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry bi­len me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dür­li me­de­ni çä­re­ler, me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­hat­lar, ser­gi­ler­dir fes­ti­wal­lar şu mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan çä­re­le­riň her bi­ri aý­dym-saz, ope­ra, teatr, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa, şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan­la­ry dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

                                                                   

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ke­mi­ne adyn­da­ky döw­let dra­ma teat­ry­nyň sah­na­syn­da ýur­du­my­zyň wä­şi­le­ri­niň çy­kyş­la­ry dö­re­di­ji­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň do­wa­my bol­dy. 

                                                                   

Şeý­le giň ge­rim­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin uly teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy hem bir hep­de­läp ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş et­jek ýe­ri­ne öw­rü­ler. Bu ýer­de ag­şam Aş­ga­ba­dyň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. 

                                                                   

Dö­re­di­ji­lik fo­ru­myn­da il­kin­ji ge­zek hö­dür­le­nil­ýän çy­kyş­lar gü­nor­ta se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­na ýat­dan çyk­ma­jak sow­gat bo­lar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2022-niň çäk­le­rin­de meş­hur ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň we ýaş ze­hin­le­riň kon­sert­le­ri­ni, çe­ki­len su­rat­la­ryň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň, fo­to­su­rat­la­ryň we ne­şir önüm­le­ri­niň ser­gi­le­ri­ni, Oguz han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi­niň dü­şü­ren ki­no­la­ry­nyň gör­ke­zi­liş­le­ri­ni, usu­ly­ýet mas­la­hat­la­ry­ny, wi­deo­mas­la­hat­la­ry, yl­my we ede­bi du­şu­şyk­la­ry gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň köp­ta­rap­ly­ly­gy­ny gör­ke­zer. Ol bol­sa türk­men hal­ky ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len baý mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, tä­ze­den di­kelt­mek hem-de äh­li­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, onuň mun­dan beý­läk-de baý­laş­dy­ryl­ma­gy­ny we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ni kes­git­le­ýär.

23.06.2022
Tebigy gazymyz — sowulmajak ýazymyz

Mukaddes topragymyzyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatly ýerleri, önümçilik desgalaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde bimöçber uly işler bitirildi. Şonuň netijesinde bu durmuşy eşret welaýatymyzyň iň çetki obalarynyňdyr şäherçeleriniň ilaty üçin hem elýeterli boldy.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde welaýatymyzda ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumynyň iri önümçilik desgalarynyň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda kuwwatly döwlet elektrik stansiýalary hem bar. Ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň berk binýadyny emele getirýän desgalaryň tebigy gazda işleýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Olary ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen gaz geçirijileri çekildi. Şonuň netijesinde häzirki wagtda biziň bölümimiziň ygtyýaryndaky gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 1517 kilometre ýetdi. Golaýda onuň üstüne uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly Üçajy — Zerger gaz geçirijisi hem goşuldy. Ol geçen ýylda Çärjew etrabynyň çäginde işe girizilen kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny we welaýatymyzyň ilatly ýerlerini tebigy gaz bilen has ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer.  

                                                                   

Üçajy gaz käninden gözbaş alýan gaz geçirijini desgalandyrmak işini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama müdirliginiň ussat binagärleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Olaryň diňe bir welaýatymyzyň çäginde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmakda ýokary başarnyk we ussatlyk görkezýändiklerini bellemek ýerlikli bolar. Gurluşykçylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynda hem tutanýerli zähmet çekýärler. Hytaý döwletine türkmen tebigy gazynyň akdyrylýan möçberiniň barha artdyrylmagynda gaz gurluşykçylarymyzyň mynasyp zähmet paýlary bar.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň Lebap topragyna amala aşyran toý sapary ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine hemaýat berjek kämil desganyň we kuwwatly gaz geçirijiniň ulanylmaga berilmegi ýaly şatlykly wakalara utgaşdy. Täze gaz geçiriji hem uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna hyzmat eder. Tebigy gazymyz — sowulmaz ýazymyz bolup, dünýä ýylylyk we nur paýlar. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, ähli tutumly işleri rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Geldimyrat ROZYÝEW,

                       

«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap bölüminiň esasy inženeri.

23.06.2022
Döw­re­bap kär­ha­na­nyň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

«Ma­ry de­ri-aýak­gap» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2020-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ryn­da­ky Ka­ra­ry bi­len Ma­ry­nyň öň­ki gön za­wo­dy­nyň bin­ýa­dyn­da dö­re­dil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi hem-de «Röw­şen» hu­su­sy kär­ha­na­sy «Ma­ry de­ri-aýak­gap» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy­lardyr.  

                                                                   

Jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aýak­gap bö­lü­min­de «Röw­şen» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň tej­ri­be­li hü­när­men­le­ri­niň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi bi­len, ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň 1 — 11-nji synp­la­ryn­da oka­ýan okuw­çy­la­ra ni­ýet­le­ni­len aýak­gap­lar ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. Te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça mal de­ri­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp taý­ýar­la­ýan ýo­ka­ry hil­li gön­ler­den ön­dür­ýän dür­li gör­nüş­li aýak­gap­la­ry­myz yk­jam­ly­gy, ýe­ňil­di­gi, berk­li­gi, nyrh­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar we ilat ara­syn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. 

                                                                   

Müş­de­ri­le­riň is­le­gleri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýän hü­när­men­le­ri­miz her okuw ýy­ly­nyň ba­şyn­da, şeý­le-de «soň­ky jaň» baý­ram­çy­ly­gy­na ga­bat­lap mek­dep okuw­çy­la­ry­na ni­ýet­le­nen aýak­gap­la­ry­my­za ar­zan­la­dyş yg­lan ed­ýär­ler.  

                                                                   

Açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­miz gel­jek­de ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň is­le­gi­ni iç­gin öw­re­nip, ýaş müş­de­ri­le­ri­mi­ziň göw­nün­den tur­ýan aýak­gap­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni el­ýe­ter­li ba­ha­dan hö­dür­le­me­gi mak­sat edin­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­ga, ha­lal zäh­met çek­mä­ge dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za al­kyş aýd­ýar­lar.  

                                                                                                           

Aý­na MÄM­MÄ­ÝE­WA,

                       

«Ma­ry de­ri-aýak­gap» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ti­kin­çi­lik bö­lü­mi­niň mü­di­ri.

23.06.2022
Sanly ulgama daýanyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmegiň wezipelerini, ösüşiň ugurlaryny anyk kesgitläp berdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli ýollarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Jemgyýetçilik durmuşynda, maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi bilen şertlendirilýär. Ýurdumyzda döwrebap düzümi döretmek, sanly tehnologiýalar bilen işlemek, işgärler kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgam boýunça okuwlar geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar milli ykdysady ösüşi üpjün etmekde sanly ulgamyň wajyp ornuny açyp görkezýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň» kabul edilmegi sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda netijeli peýdalanylmagyna şertleri has-da artdyrdy. Sanly hyzmatlaryň ösdürilmegi bilen durmuş pudaklarynda we maliýe ulgamynda halka edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlanýar, nagt däl hasaplaşyklar kämilleşdirilýär, durmuş hajatlary üçin sarp edilýän harajatlar we wagt tygşytlanýar, ilatyň maglumat üpjünçiligi ösdürilýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň we elektron hökümetiň döredilmegine, hususy ulgamdaky edaralaryň we kärhanalaryň sanly ulgama birikdirilmegine, ykdysady ösüşde durnuklylygyň gazanylmagyna uly ýardam etdi. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäde at-abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt ähmiýetli tutumlary rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Mähri GELDIBAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

23.06.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň we ministrligiň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşyk geçirildi.

     Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda, ministr Muhammetgeldi Serdarow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonzo bilen mähirli salamlaşyp, Ýewropa Bileleşiginiň we onuň ýurtlarynyň Türkmenistan üçin strategiki hyzmatdaş bolup durýandygyny we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga uly baha berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem, taraplaryň ykdysady we işewürlik gatnaşyklarynyň ösýändigi barada belledi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Alonzo Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem, şu günki güne çenli hyzmatdaşlygyň esasan-da sebitleýin derejede alnyp barylandygyny belläp, 2 ýyl ozal Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň açylandygyny hem nazara alyp, häzirki wagtda Türkmenistan bilen diňe bir sebitleýin derejede däl-de ikitaraplaýyn derejedäki taslamalaryň üstünde işleşmäge mümkinçilikleriň we serişdeleriň bardygy barada aýdyp geçdi. 

Şunuň bilen baglylykda, şu üç ugur boýunça taslamalaryň üstünde işleşmegi teklip etdi. 

1) Ýaşyl energiýa we durnukly ösüş;

2) Oba ýerlerini ösdürmek; (suw, oba hojalyk, durnukly ösüş maksatlary)

3) Kiçi we orta telekeçiligi goldamak.

Şeýle hem, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda bu ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza hökmünde goşulyşmagy boýunça hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy barada belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolup goşulyşmagy üçin Özbegistan Respublikasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen bir meňzeş usulda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi. Bu hyzmatdaşlyk üçin Ýewropa Bileleşigi, Halkara Söwda Merkezi (ICT) bilen bilelikde hyzmatdaşlyk edýär. 

Soňra, Ilçi Alonzo hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän anyk ugurlary barada sorady. 

Duşuşygyň dowamynda, Ministr Muhammetgeldi Serdarow biziň ýurdumyzyň maýa goýum, söwda we ykdysady ugurlarda ähli hyzmatdaşlyga taýýardygy barada belledi we ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa söz berdi.

Galina Romanowa öz gezeginde, taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada belledi. Ýurdumyzda Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyp geçdi. Oba hojalyk insfrastrukturasy, energiýa we suw hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň bardygy barada aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolup goşulyşmagy boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň özgerdilmegi bilen bagly taslamalar boýunça işleşmek we ýurdumyzyň hünärmenleri üçin bu ugurda okuw maslahatlarynyň guralmagynyň oňyn boljakdygy barada belledi. Şeýle hem, has anyk teklipleriň resmi ýollar arkaly beriljekdigi barada belledi.

Duşuşygyň ahyrynda,  Ministr Muhammetgeldi Serdarow Ilçi Alonzony şu ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ýokary derejeli halkara ulag maslahatyna» çagyrdy. 

Ilçi Alonzo sözüniň ahyrynda, şu duşuşygy geçirmek üçin wagt tapandygy üçin Ministr Muhammetgeldi Serdarowa minnetdaryk bildirdi we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini nygtady.Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ýagdaýda geçdi.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

22.06.2022
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra äh­mi­ýet­li üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi­ ke­ma­la ge­tir­ýär

Ýur­duň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lan, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ulag dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz bu ugur­da­ky ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, ulag ul­ga­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. 

                                                                   

Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri üstünden se­bi­tiň wa­jyp söw­da ýol­la­ry ge­çen Türk­me­nis­ta­nyň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi ýur­du­my­zyň dün­ýä kom­mu­ni­ka­si­ýa gi­ňiş­li­gin­dä­ki mö­hüm or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da döw­le­ti­mi­ziň yk­ly­müs­ti ulag ge­çel­ge­le­ri­niň çat­ry­gy hök­mün­dä­ki de­re­je­si has-da ýo­kar­lan­dy. Soň­ky ýyl­lar­da aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň mil­li ul­ga­my gi­ňel­di. Hal­ka­ra ulag gat­naw­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň ösüş dep­gi­ni­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di. 

                                                                   

Bu pu­da­gyň dü­zü­mi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, Türk­me­nis­ta­ny goň­şy ýurt­lar bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan tä­ze ho­wa men­zil­le­ri we köp­rü­ler gu­rul­ýar, po­lat ýol­lar, aw­to­ban­lar çe­kil­ýär. Ulag ul­ga­my­nyň üs­ti hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ýe­ti­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­lis­le­rin­de bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň mul­ti­mo­dal lo­gis­tik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek, hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag gat­naw­la­ry üçin amat­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly şert­le­ri dö­ret­mek ze­rur­dyr. 

                                                                   

Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de, ut­ga­şyk­ly se­bit hem-de se­bi­ta­ra lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny, Ha­zar, Ga­ra deň­zi, Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­gar, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän döw­le­ta­ra üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri gur­mak bo­ýun­ça iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ýol gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, dün­ýä­niň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak hem-de onuň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýük­le­ri we ýo­lag­çy­la­ry da­şa­ma­gyň hä­zir­ki za­man ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi­ne Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di­ne çen­li bar­ýan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da Ga­ra­bo­gaz köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän iki gat­naw­ly 2 sa­ny he­re­ket zo­la­gyn­dan yba­rat bo­lan aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň hem-de onuň el­ti­ji ýol­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ola­ry gur­mak ba­ra­da Uk­rai­na­nyň “Do­rož­no­ýe stroi­telst­wo “Alt­kom” jo­gap­kär­çi­li­gi çäk­li jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma­ny bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. 

                                                                   

Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2022-nji ýy­lyň iýul aýyn­da baş­la­mak we aw­to­mo­bil köp­rü­si­ni hem-de onuň el­ti­ji ýol­la­ry­ny 2024-nji ýy­lyň iýun aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di. 

                                                                   

Ýo­ka­ry eko­lo­gi­k we howp­suz­lyk öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän amat­ly gur­şa­wy dö­ret­me­giň ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­na bil­di­ril­ýän esa­sy ta­lap­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Hut şo­nuň üçin hem tas­la­ma­lar taý­ýar­la­ny­lan­da, teh­ni­ki sel­je­riş işi­ni na­za­ra al­mak ze­rur­dyr we oňa eko­lo­gi­k nuk­daý­na­za­ryn­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Ga­ra­bo­gaz köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den gu­rul­jak tä­ze köp­ri Türk­me­nis­tan — Ga­za­gys­tan hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň wa­jyp in­že­ner­çi­lik des­ga­sy­na öw­rü­ler. Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­na bi­rik­di­ril­ýän de­giş­li des­ga el­ti­ji ýo­luň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny has-da art­dy­rar we lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dy­rar, wag­ty­ tyg­şyt­lar. Şeý­le hem goň­şy döw­let­ler bi­len hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag we söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni hem-de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­mak bu tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de esa­sy ta­lap­dyr. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Uk­rai­na­nyň iri “Do­rož­no­ýe stroi­telst­wo “Alt­kom” jo­gap­kär­çi­li­gi çäk­li jem­gy­ýe­ti ulag dü­zü­mi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm tas­la­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ozal­dan gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa dü­zü­mi­ne de­giş­li bir­nä­çe mö­hüm des­ga­lar, Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li, Türk­me­na­bat bi­len Fa­ra­byň ara­ly­gyn­da­ky Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri hem-de beý­le­ki­ler bar. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ň dö­re­dil­me­gi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gin­de, Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy zo­lak­la­rynyň bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy zo­lak­la­rynyň bi­rik­di­ril­me­gi Azi­ýa-Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na çyk­mak üçin ze­rur bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Tä­ze dü­züm­le­ýin des­ga­nyň gu­rul­ma­gy tu­tuş dün­ýä­de ýük gat­naw­la­ry bi­len meş­gul­lan­ýan lo­gis­ti­ka gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ni şert­len­di­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, köp­ri­niň we oňa bar­ýan ýo­luň gu­rul­ma­gy taý­ýar önüm­le­ri aw­tou­lag bi­len da­şa­mak­da we Ga­ra­bo­ga­zyň ägirt uly baý­lyk­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­de wa­jyp­dyr.  

                                                                   

Ga­ra­bo­gaz köl aý­la­gy dün­ýä­de seý­rek duş gel­ýän kün­jek­le­riň bi­ri­dir. Bu ýer­de sul­fat nat­ri­si­niň, beý­le­ki gym­mat­ly mi­ne­ral­la­ryň te­bi­gy şert­ler­de kris­tal­laş­ma­sy bo­lup geç­ýär we ol se­na­gat de­re­je­sin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bu önüm­ler aý­na, ka­gyz, sin­te­ti­ki ýu­wu­jy se­riş­de­ler, zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy­lar, de­ri, de­mir, hi­mi­ýa, dok­ma, gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik­le­rin­de, oba ho­ja­ly­gyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. 

                                                                   

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da mi­ne­ral we çig mal se­riş­de­le­ri­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek üçin hä­zir­ki za­man gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lum­lar dö­re­dil­ýär. “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň, kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädi­me we gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li tap­gy­ra öw­rül­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aý­la­gyň hi­mi­ki gor­la­ry­ny, te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my esas­da öw­ren­me­giň, alym­la­ryň ugur­daş dü­züm­le­riň hü­när­men­le­ri bi­len de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­na bir­nä­çe ge­zek ün­si çek­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da Wa­ta­ny­my­zyň yk­ly­myň söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň pug­ta­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýän döw­re­bap we ýo­ka­ry ne­ti­je­li ulag dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan çyl­şy­rym­ly in­že­ner­çi­lik des­ga­la­rynyň on­lar­ça­sy gu­rul­ýar. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da hä­zir­ki za­man köp­rü­le­riniň gur­lu­şy­gy bar. Şol se­bäp­li hem köp­ri gur­lu­şy­gyn­da dün­ýä tej­ri­be­si Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry öw­ren­me­giň, iş tej­ri­be­si­ne or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­ýar. 

                                                                   

Bar bo­lan aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we tä­ze ulag ýol­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň saý­lap alan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­likli da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na yg­rar­ly­dy­gy­ny, şeý­le hem ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Bu ugur­da­ky bar bo­lan öza­ra gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­e Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bo­lan dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry gö­nük­di­ri­len­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar Ha­zar se­bi­ti­niň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na go­şu­lyş­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­k taý­dan yg­ty­bar­ly go­rag ul­ga­my­ny dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm üns be­ril­ýär. Şun­da bu se­bit­de tä­ze gu­rul­ýan kär­ha­na­la­ryň, se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça yk­rar edi­len ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­dir. 

                                                                   

“Açyk ga­py­lar” we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän ýur­du­myz se­bit we dün­ýä döw­let­le­ri üçin köp ­şa­ha­ly üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ dö­red­ýär hem-de tä­ze köp­ri mul­ti­mo­dal ul­ga­myň mö­hüm bö­le­gi bo­lar. 

                                                                   

Bu ugur­da yzy­gi­der­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de äh­mi­ýet­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ra ägirt uly go­şant goş­ýar. 

                                                                   

Se­bi­ta­ra we hal­ka­ra ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­len Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran hal­ka­ra de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy goň­şy döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ut­gaş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän kö­pu­gur­ly aw­to­ban­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Bu ýol Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ge­çip, ýur­du­my­zyň De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta, Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­bar­ly ulag ge­çel­ge­le­ri­ni üp­jün eder. Oba ýol­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, ýük we ýo­lag­çy gat­nad­ýan aw­to­mo­bil dü­züm­le­ri­niň teh­ni­ki taý­dan döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm üns be­ril­ýär. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan­da äh­li ulag ýol­la­ry­nyň do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­jak, tä­ze köp­rü­le­riň, äh­li ze­rur dü­zü­mi bo­lan ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ban­la­ryň gu­rul­jak wag­ty in­di daş­da däl. Şun­da trans­mil­li aw­to­mo­bil ýol­la­rynyň gur­lu­şy­gyn­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ň ber­jaý edil­me­gi mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil, de­mir ýol, ho­wa we de­ňiz ýol­la­ry dü­züm­le­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin ze­rur bo­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Ulag pu­da­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li iş­ler adam hak­da­ky ala­da­nyň, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Bu ugur­daky iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de al­nyp ba­ryl­ýan we geljegi na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. 

                                                                                                           

(TDH)

22.06.2022
Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gat­na­şy­jy­la­ra

Ga­dyr­ly Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gat­na­şy­jy­lar!
Hor­mat­ly wa­tan­daş­lar!
 

                                                                   

Si­zi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­ly­k, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ynam­ly öňe bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan äh­li ugur­lar­da uly sep­git­le­ri eýe­le­ýär, eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy hem bar­ha ýo­kar­lan­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­let­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry­ny saz­la­şyk­ly ös­dür­mek, ýur­du­myz­da se­na­gat-önüm­çi­lik top­lum­la­ry­ny, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry gur­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, äh­li pu­dak­la­ra san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan bu döw­let­li iş­ler hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­na, ýur­duň gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu tu­tum­ly iş­ler «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry­myz­dan ge­lip çyk­ýan be­lent mak­sat­la­ry­my­zyň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň öňü­sy­ra­syn­da we­la­ýa­tyň çä­gin­de me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň da­ba­ra­ly açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem hal­ky­my­zyň toý­la­ry­nyň toý­la­ra ulaş­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu açy­lyş da­ba­ra­la­ry iri me­de­ni çä­rä­niň şat­lyk-şow­hu­ny­ny has-da art­dy­ryp, wa­tan­daş­la­ry­my­zy be­ýik iş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. 

                                                                   

 Ga­dyr­ly me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri! 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­mi­ziň çek­ýän asyl­ly zäh­me­ti­ne biz uly hor­mat goý­ýa­rys. Ola­ryň kä­mil, döw­re­bap eser­le­ri dö­ret­mek­le­ri, my­na­syp dur­muş­da ýa­şa­mak­la­ry we dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýä­ris. 

                                                                   

Şu ýyl onun­jy ge­zek ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny tä­ze ösüş­le­re bes­le­ýän, eziz Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­ýan öz­bo­luş­ly sun­gat baý­ra­my­dyr. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­za ser­paý be­ren bu sun­gat baý­ra­my me­de­ni­ýet we sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni yl­ham dün­ýä­si­ne ga­nat­lan­dyr­ýar, tä­ze, kä­mil eser­le­ri dö­ret­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň do­wa­myn­da gu­ral­jak me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň her bi­ri ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, sun­gat us­sat­la­ry­nyň öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da, ila­tyň me­de­ni aň-bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, bu ul­gam­da­ky ösüş­le­ri­mi­zi giň­den wa­gyz et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 

                                                                   

ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gym­mat­lyk­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek, mu­zeý­le­riň iş tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek, öz­leş­dir­mek, öý mu­zeý­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy aýap sak­la­mak, oba me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, tans we folk­lor sun­ga­ty­nyň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny di­kelt­mek, teatr sun­ga­ty­nyň tä­ze eser­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek mas­la­hat­lar, ser­gi­ler, tä­ze film­le­riň gör­ke­zi­liş­le­ri, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň kon­sert­le­ri Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­la­ra bes­lär. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň şa­hyr­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek şyg­ry­ýet ag­şam­la­ry, çe­per goş­gy oka­ýyş­la­r bol­sa türk­men ede­bi­ýa­ty­ny döw­re­bap eser­ler bi­len has-da baý­laş­dy­rar. 

                                                                   

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän ga­dy­my Ma­ry top­ra­gyn­da ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ziň, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň, te­bi­gy tä­sin­lik­le­ri­mi­ziň en­çe­me­si ýer­leş­ýär. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len «Ga­dy­my Merw» ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy­nyň çä­gin­dä­ki, şeý­le hem Go­ňur­de­pe, Daň­da­na­kan we beý­le­ki bir­nä­çe ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň, mil­li mi­ra­sy­my­zyň gen­ji-ha­zy­na­la­ry­dyr. 

                                                                   

Bar­bat Mer­we­zi, Ab­dyl­la ibn Mü­bä­rek Mer­we­zi, Şem­sed­din Mer­we­zi ýa­ly alym­la­ryň we akyl­dar­la­ryň, şeý­le hem Ma­hes­ti, Mu­ez­zi, Mol­la­ne­pes ýa­ly şa­hyr­la­ryň, sa­zyň pi­ri Ba­ba Gam­ma­ryň ýa­şap ge­çen Ma­ry top­ra­gy ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri yl­myň, ede­bi­ýa­tyň, sun­ga­tyň ösen ýe­ri hök­mün­de giň­den meş­hur­dyr. Ola­ryň baý ede­bi mi­ra­sy ýaş ne­sil­le­riň kal­byn­da ata-ba­ba­la­ry­myz­dan şu gün­le­re ge­lip ýe­ten ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ry­my­za söý­gi dö­ret­mek­de, buý­sanç­ly ta­ry­hy­my­zy giň­den wa­gyz et­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

 Hor­mat­ly me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri!
Ga­dyr­ly Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gat­na­şy­jy­lar!
 

                                                                   

Si­zi Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Bu sun­gat baý­ra­my­na gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, uzak ömür we dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw ed­ýä­rin. 

                                                                                                           

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BERDIMUHAMEDOW.

22.06.2022
Beýik ösüşleriň şuglasy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Be­ýik ösüş­le­riň ýo­lun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li, ne­ti­je­li iş­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­na, ýur­duň mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni toý-baý­ra­ma, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Bu ha­ky­kat aja­ýyp döw­rü­miz­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan be­ýik iş­ler­den ha­bar ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na sa­par­la­ry­nyň üs­tün­lik­li bol­ma­gy, bu ýer­ler­de il­deş­le­ri­miz bi­len du­şuş­ma­gy halk bäh­bit­li iş­le­riň örän ýo­ka­ry­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ma­ry we­la­ýa­ty­na toý sa­pa­ry üs­tün­lik­li geç­di.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da birnäçe taslamalar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Iň döw­re­bap we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly des­ga­lar, dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly bi­na­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry, şä­her­le­ri ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, gül­läp ös­ýän ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk­lar bi­ziň her bir gü­nü­mi­ziň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup ta­ry­ha gir­ýär. Ýa­kyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň ýa­nyn­da köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen tä­ze bi­na ulan­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­byn­da önüm­çi­lik mak­sat­ly tä­ze des­ga­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu­la­ryň hem­me­si we­la­ýa­tyň uly üs­tün­lik­ler bi­len ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.  

                                                                   

Ba­şy­my­zyň tä­ji, göz­le­ri­mi­ziň röw­şe­ni ata Wa­ta­ny­myz­da eýe­len­ýän şeý­le ýo­ka­ry sep­git­ler, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­leri­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Ag­zy­bir­lik ýö­rel­ge­si ýur­du­myz­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň iň bir ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Äh­li üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň we ro­waç­lyk­la­ry­my­zyň se­re­si bo­lan bu mu­kad­des ýö­rel­gä­niň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek her bir türk­me­nis­tan­ly üçin diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ösü­şi has-da ro­waç­lan­ýar. Gu­rul­ýan be­ýik bi­na­lary, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ryny bu gün­ki gün­de Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­de gör­mek bol­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mä­käm­di­gi­niň ala­ma­ty­dyr. Şeý­le hem yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­na, asu­da­ly­gy­na, bag­ty­ýar­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­lä­si­miz gel­ýär. Ýur­du­myz­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge, kä­mil we wa­tan­sö­ýü­ji ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. 

                                                                   

Bu gün­ki gün eziz Di­ýa­ry­myz yk­dy­sa­dy we se­na­gat taý­dan ýo­ka­ry ösüş­le­re eýe bol­ýan döw­let hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Hor­mat­ly  

                                                                   

Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li art­ma­gyn­da, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy, se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de giň­den ta­nal­ma­gyn­da ägirt uly iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Ýur­du­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri bi­ziň her bi­ri­mi­zi gu­wan­dyr­ýar, buý­san­dyr­ýar.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­nyl­ýan şeý­le ösüş­ler, gu­rul­ýan be­ýik bi­na­lar, tä­ze döw­re­bap des­ga­lar, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry yk­dy­sa­dy ösü­şi­mi­ziň örän ýo­ka­ry­dy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Şeý­le ösüş­le­riň hem­me­si hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek üçin gö­nük­di­ri­len­dir. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ada­myň bag­ty­ýar dur­mu­şyny, hal­kyň aba­dan­çy­ly­gyny üpjün etmek baş we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da be­ýik iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Gur­ýan, dö­red­ýän, ynam­ly öňe bar­ýan ýur­du­myz­da alnyp barylýan gur­lu­şyk­lar, bi­na edi­lýän des­ga­lar, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýär. Şo­nuň üçin hem hal­ky­myz bu be­ýik iş­le­re buý­san­ýar, gu­wan­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de gu­rul­ýan tä­ze des­ga­la­ryň, be­ýik bi­na­la­ryň ýal­ky­my äle­me dol­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si bol­an be­ýik bi­na­lar, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar hal­kyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň, bag­ty­ýar­ly­gy­nyň ke­pi­li­dir. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ryň, be­ýik iş­le­riň öze­nin­de di­ňe hal­kyň bäh­bi­di, onuň asu­da, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­ra­da­ky be­lent mak­sat­la­ryň dur­ýan­dy­gy her bir ra­ýa­tyň dur­mu­şyn­da du­ýul­ýar. Hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­la­nyp, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň bar­ha ýo­kar­lan­ma­gy be­ýik ösüş­le­riň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.  

                                                                   

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da be­lent de­re­je­le­re çyk­ma­gy ug­run­da uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris.  

                                                                                                           

Gur­ban­gül MY­RA­DO­WA,

                       

Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň Türk­men di­li ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.

22.06.2022