Habarlar
Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek döw­let äh­mi­ýet­li we­zi­pedir

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, pu­da­ga hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň we san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry art­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de top­lu­myň eks­port kuw­wa­ty pug­ta­lan­ýar. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da ös­me­gin­de, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň içer­ki ba­zar­la­ryn­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­re gol­daw ber­mek hem-de guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­me­gi ta­ry­hy äh­mi­ýet­li çöz­gü­de öw­rül­di. De­giş­li Ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üp­jün et­mek üçin 2022-nji ýyl­da 20 müň gek­tar meý­da­na iým­lik mek­ge­jö­wen, 2 müň gek­ta­ra so­ýa we 40 müň gek­ta­ra iým­lik bug­daý ek­mek we ola­ryň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de iým­lik mek­ge­jö­we­niň, so­ýa­nyň we bug­da­ýyň ekil­ýän meý­dan­la­ry­nyň we­la­ýat­lar hem-de et­rap­lar bo­ýun­ça ýer­leş­di­ri­li­şi­ni, ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­jek kä­ren­de­çi­le­riň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň we ýer eýe­le­ri­niň sa­na­wy­ny kes­git­läp, şol bir wag­tyň özün­de iým­lik dä­ne ön­dü­ri­ji­le­ri, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar hem-de teh­ni­ki hyz­mat­lar, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň su­wa­ryş su­wy, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň bol­sa mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len ze­rur möç­ber­de we anyk möh­let­de üp­jün et­me­gi bel­le­nil­di. 

                                                                   

Oba zäh­met­keş­le­ri­ni we önüm ön­dü­ri­ji­le­ri mun­dan beý­läk-de zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dy­ran bu çöz­gü­diň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň eks­port kuw­wa­ty­nyň has-da art­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan we “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen asyl­ly şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­tyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çe­me­leş­me­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy­na öň­de­ba­ry­jy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, önüm ön­dü­ri­ji­le­re, şol san­da ýer eýe­le­ri­ne gol­daw ber­mek we oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ýer­den alyn­ýan ha­sy­lyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­ler bi­len üp­jün et­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry daý­han­la­ryň hyz­ma­tyn­da. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne, azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan oba ho­ja­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li öz­leş­dir­mä­ge örän jo­gap­kär­çi­lik­li, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da çe­me­le­şil­ýär. Bu bol­sa al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer­ler­de eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri na­za­ra al­nyp, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şun­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny we ilat­ly ýer­le­ri­ni suw bi­len üp­jün et­me­gi go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­si­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Oba­se­na­gat top­lu­my­na hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, bu ugur­da te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mä­ge hem-de hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň iş ne­ti­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Pu­da­ga hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, san­ly ul­ga­myň we işi ýö­ret­me­giň döw­re­bap usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da, to­hum­çy­lyk işi­ni yl­my esas­da kä­mil­leş­dir­mek­de, şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­mak, ekin ekil­ýän ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak we top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek iş­le­ri hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de suw aka­ba­la­ry­ny, zeý­keş ul­gam­la­ry­ny bel­le­ni­len möh­let­de aras­sa­la­mak wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daý­han­la­ryň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Şun­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da daý­han­la­ryň ýar­dam­çy­la­ry bo­lan kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ila­ty­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýe­ral­ma, gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär. We­la­ýat­lar­da bu ekin­le­riň meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek hem-de ola­ryň ekil­jek ýer­le­ri­ni kes­git­le­mek, kä­ren­de­çi­le­riň ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. 

                                                                   

Mal­lar­dan alyn­ýan önüm­le­riň muk­da­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­myz­da guş­çu­lyk top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mal­dar­çy­lyk, şol san­da guş­çu­lyk top­lu­my­nyň ot-iým bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin ze­rur iş­ler tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mä­ge mö­hüm orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne ýa­kyn­dan üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da eke­ran­çy­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Mu­nuň özi ekin­le­re ag­ro­teh­ni­ka­nyň äh­li ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek esa­syn­da göw­ne­jaý ideg et­mä­ge, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly tiz hem-de ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň özi hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ila­ty üçin ze­rur azyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn al­mak mak­sa­dy bi­len, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne hem 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul se­riş­de­le­ri­niň gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu çöz­güt Di­ýa­ry­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şeý­le­lik­de, hu­su­sy ul­ga­myň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li iým­lik bin­ýa­dyň dö­re­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu bol­sa ila­tyň guş eti­ne hem-de ýu­murt­ga bo­lan is­leg­le­ri­niň do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gyn­da der­wa­ýys orun eýe­le­ýär. Bu ta­ry­hy çöz­güt dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly ýag­da­ýy na­za­ra ala­nyň­da, aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Çün­ki luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, adam­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy sag­dyn iý­mit­len­mek bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek üçin de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­me­gi­niň mak­sa­dy­nyň ila­ty­my­zyň ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gik taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri­ne is­le­gi­niň do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi döw­let de­re­je­sin­de ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň, be­ýik tu­tum­la­ryň we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň äh­li ba­bat­da hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr. 

                                                                                                           

(TDH)

08.06.2022
Maýa goýum syýasaty — möhüm ugur

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde asuda hem parahat, ykdysady taýdan gurply, syýasy taýdan durnukly, bedew bady bilen köpugurly ösýän döwlet hökmünde uly abraýa eýedir. Şeýle bolansoň, ösüşiň durnukly hem özara peýdaly ýoluny saýlap alan döwletimiz dünýäniň belli kompaniýalarynyň, işewürleriniň, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni barha köp özüne çekýär. Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty maýadarlar üçin ähli amatlyklary döretmekden ugur alýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek, innowasion önümçiligi ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şonuň netijesinde, maýa goýum işini işjeňleşdirmek babatda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Maýa goýum syýasaty kuwwatly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir. Ol ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyny, amatly ýaşaýyş şertleriniň emele gelmegini, ýaşaýyş-durmuş mümkinçilikleriniň barha giňeldilmegini kepillendirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda maýa goýum işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda berk kanunçylyk binýady hereket edýär we bu ugurda maýa goýum syýasatyny, telekeçiligi ösdürmäge esas döredýän kanunçylyk namalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna maliýe serişdelerini özleşdirmek hem-de maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak işleri dowam etdirilýär. 

                                                                   

Kämil maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu bolsa ýurdumyzda önümçiligiň dürli ugurlarynda iri maýa goýumlaryny çekmäge we netijeli özleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ugurda kabul edilen «Maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Maýa goýum syýasatyny has-da işjeňleşdirmek, kuwwatly ykdysadyýeti emele getirmek we ony döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Aýbölek ANNASOPYÝEWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

08.06.2022
Ählumumy energetika howpsuzlygy ugrunda

Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgama depginli goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasaty hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orny eýeleýändir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Gaz geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmak zerur bolup durýar» diýen sözleri häzirki wagtda pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň başyny çekýär. Çünki energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry. 

                                                                   

Energiýa islendik ýurduň ykdysadyýetiniň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň işine we ösüşine uly täsir edýär. Şoňa görä-de, nygtap aýtsak, energetikany kadaly ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak ýurt üçin hem, halkara derejede sebitleýin we halkara hyzmatdaşlykda hem möhüm ugurdyr. 

                                                                   

Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazardan döwletimiz energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini nazarlaýan başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, netijede döwletli başlangyçlar giňden goldaw hem tapýar. Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu iri halkara guramanyň başlygy diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara derejede ýokary abraýynyň subutnamasy we döwletimiziň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan nobatdaky oňlanylmasy boldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuň meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeler möhümdir. Bu babatda ulgamlaýyn hem-de düýpli guramaçylyk şertlerini döretmegiň usullaryny we özara gatnaşyklaryň syýasy ülňülerini işläp düzmek döwrüň talabydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýörite düzümi — BMG-niň Energetika geňeşini, şeýle hem energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça BMG-niň ýanynda bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. 

                                                                   

Türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmak döwrüň talabydyr. Bu babatda TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine itergi berjekdigi ikuçsuzdyr. Bu gaz geçirijiniň sebitde durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bolsa buýsandyryjy hakykatdyr. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz nebitgaz pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Şeýle hem nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda soňky ýyllarda köp tagallalar edilýär, kuwwatly nebithimiýa we gazhimiýa pudaklary döreýär. Muňa mysal hökmünde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýa toplumyny, Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodlar toplumyny we köpsanly beýleki iri maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar. 

                                                                   

Nesip bolsa, sanlyja ýyldan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly energetika düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar milli, sebit we halkara energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat eder. 

                                                                   

Pudagyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň paýhasy netijesinde döwletimiziň bu ulgamda täze we netijeli çözgütleri tapmakda işjeň orny eýelemegi hem-de gyzyklanmasy bilen hemişe tapawutlanýan energetika diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň, goldanylýandygynyň ajaýyp mysalydyr. Bu üstünlikler, ýeňişler, ösüşler özüniň baý tebigy serişdelerini sebitde we dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermek üçin peýdalanýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň döredýän gudratydyr. 

                                                                                                           

Tirkişmyrat DURDYÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

08.06.2022
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 6-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.

 Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. 

                                                                   

Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de diňe bir Ýer ýüzüniň depginli ösýän döwletleriniň biri bolman, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup görmek mümkinçiligine örän şatdygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hanym Amina Mohammedi mübärekläp, BMG-niň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli we oňyn gepleşikleri alyp barmaga uly isleg bildirilýän mümkinçilik hökmünde çykyş edýän BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. 

                                                                   

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar, dürli ugurlarda durmuşa geçirilen taslamalaryň onlarçasy şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda beýan edilen wezipeler Türkmenistany 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen möhüm maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýär. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, durnukly ösüşe, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak bilen, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, durmuş hem-de beýleki ulgamlarda häzirki döwürde ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edendigi nygtaldy. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda beýanyny tapdy. 

                                                                   

BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň möhümdigini nygtap, türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmeginde işjeň orun eýeleýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hanym Amina Mohammed tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de yzygiderli ösdürilmegine öz wekilçilik edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow alnyp barylýan işlere ýokary baha berendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň strategik taýdan möhüm ugurlarda halkara tagallalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini nygtady. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparyna ýolbaşçylyk edýän hanym Amina Mohammed birek-birege oňat arzuwlaryny aýdyp, uzak möhletleýin, özara ynanyşmak esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

07.06.2022
Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Ahal welaýaty hem ösýär, özgerýär. Döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde welaýatyň obalary, şäherleri döwrebap keşbe girýär, nusgalyk obalar we şäherçeler peýda bolýar. Häzirki zaman iri önümçilik kärhanalary ulanylmaga berilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy üstünliklere ýetilýär. 

                                                                   

Soňky ýyllaryň içinde ýurdumyzyň bu sebitinde gurlan täze, döwrebap ilatly nokatlarynyň arasynda Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasyny, şol etrabyň Täze eýýam obasyny, Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman we Berkarar şäherçelerini buýsanç bilen agzamak bolar. Agzalan obalardyr şäherçelerde bu gün bagtyýar ildeşlerimiz eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, bilim alýarlar. Raýatlaryň ýokary amatly şertlerde ýaşamagyna itergi berjek, durmuş ugra gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda welaýatyň çäginde döwrebap obalaryň dördüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Gökdepe etrabynyň Owadandepe, Köpetdag geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşlikleriniň çäginde gurulýan täze obalar bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesini, bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalaryny, saglyk merkezlerini we beýleki desgalary öz içine alýar. 

 Gökdepe etrabynyň çäginde bolsa, welaýatyň taryhyndaky iň iri taslamalaryň biri bolan täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Belent ýaşaýyş jaýlarynyň, edara, durmuş-medeni maksatly binalaryň ýüzlerçesini öz içine alýan bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, bagtyýar ildeşlerimiziň müňlerçesi döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaga mümkinçilik alar. 

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki häzirki zaman iri önümçilik kärhanalarynda alnyp barylýan önümçilik işleri milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodlar toplumynyň, «Türkmendemirönümleri»,  Gazbeton öndürýän kärhanalarynyň, mermer we granit daşlary işlenilýän kärhanasynyň, «Ahal» ösümlik ýag zawodynyň we beýleki senagat kärhanalarynyň işi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.  

                                                                   

Welaýatda ýeňil senagata degişli döwrebap kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly dokma önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Şol kärhanalaryň üsti Kaka we Babadaýhan dokma toplumlary bilen ýetirilmegi ýurdumyzyň dokma önümçiligi babatdaky eksport mümkinçiligi artdy. Bu ýerli çig maldan taýýarlanýan şol dokma önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islege, meşhurlyga eýedir. 

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan, kömekdir ýardamlaryndan ruhlanan welaýatyň pagtaçydyr gallaçy daýhanlary, gök ekerançylary, maldarlary, ýüpekçileri hem päk zähmetiň nusgasyny görkezmek bilen, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Kärendeçi daýhanlar häzirki günlerde meýdan işlerine, şol sanda güýzlük däne ekilen meýdanlarda orum işlerine girişdiler. Gowaça ekişi geçirilen gektarlarda hatarara bejergi, iýmitlendirmek işlerine, gök we bakja ekinleriniň ýetişdirilişine jogapkärli çemeleşýärler. Ýeri gelende, şu ýyl welaýatyň oba zähmetkeşleri 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirip, şol ýerden 280 müň tonna «ak altyny» ýetişdirmegi, gallaçy daýhanlar 195 müň gektar ýerden 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy almagy maksat edinýändiklerini bellemek gerek. Bu sahawatly topragyň ekerançylary bolsa, häzirki günlerde 17500 gektarda ýazlyk ekinleriň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, käşiriň, kelemiň, pomidoryň, hyýaryň we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler. 

                                                                   

Ýerleri 99 ýyl möhlet bilen ulanmaga alan we daýhan hojalygyny döreden tejribeli daýhanlar şol ýerleriň 70 göteriminde döwlet tabşyrygyna degişli gowaçadyr bugdaýy, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.  

                                                                   

Gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary durandyr. Bu hakykata oňat düşünýän welaýatyň agzybir, zähmetsöýer ilaty döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşmek bilen, iş gadamlaryny barha batlandyrýarlar.  

                                                                                                           

Resul IŞANGULYÝEW,

                       

TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.

                                                                                                                                                   

Beýleki habarlar

                           

  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşler bilen ynamly öňe barýar                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Dergähler açylar çagdyr bu çaglar                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Bilimli ýaşlar — döwletiň daýanjy                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Döwrüň saglyk Sahawaty                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Guwandyryjy netijeler, anyk wezipeler                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ykdysadyýetde hususyýetçiligiň orny                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ýaşaýşyň altyn çeşmesi                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Arzyly sepgidiň eýeleri                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Bereketli saçaklaryň bezegi                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Yklym çempionatynda 22 medal!                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Hor­mat­ly adam­lar!                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Bäş aýyň jemlerine garaldy                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ýene bir guýy önüm berdi                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Daşky gurşawy goramaklyga maksatnamalaýyn çemeleşilýär                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Gaz üpjünçiligi gowulanýar                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Uzynadada iş ýaýbaňlanýar                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ruhubelentlere rowaçlyk ýaran                                                                                       

                                                   10 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Bilelikdäki hökümet maslahaty                                                                                       

                                                   12 sagat öň                                           

07.06.2022
Ykdysadyýetde hususyýetçiligiň orny

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi, geljek döwür üçin öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, gazanylýan netijeler ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünliklerde hususy işewürleriň hem mynasyp goşandy bar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary, döredýän amatly şertleri we maliýe goldawlary telekeçileriň netijeli işlemegine hem-de täze hususy önümçilikleriň döremegine amatly mümkinçilik berýär. Hususy işewürlerimiz ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda guş etiniň, ýumurtganyň, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýändigi hem muňa anyk bir mysaldyr. Döwlet Baştutanymyza ýokarda agzalan mejlisde ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin degişli düzümlere maliýe serişdelerini bölüp bermek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini aýtdy, bu babatda degişli Karara gol çekdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine we ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususyýetçileriň zähmetine ýokary baha berilýändiginiň hem-de olaryň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.  

                                                                   

Türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan orny barha ýokarlanýar. Döredilenine 14 ýyl bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi eýýäm 27 müňden gowrak agzany özünde jemleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan işewürleriň şol döwürde öndüren senagat önümleriniň umumy möçberi 78,8 esse, oba hojalyk we azyk önümleriniň umumy möçberi bolsa 85,2 esse ýokarlandy. Bu görkeziji ykdysadyýetde jemi öndürilen önümleriň aglaba böleginiň hususy pudagyň zähmetkeşleriniň paýyna düşýändigini aňladýar.  

 Garaşsyz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy babatda türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz şäherlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ulanmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanyşa berilmegi, şol ýoluň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän dokma toplumlarynyň we başga-da onlarça täze binalardyr medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy türkmen telekeçileriniň amal eden giň gerimli işleriniň netijesidir. 

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda elektron senagaty ösdürilýär. Bu ugurda «Agzybirlik tilsimatlary» hususy kärhanasy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ykjam el telefonlary, kompýuterler, sowadyjylaryň, telewizorlaryň dürli görnüşleri we elektronika enjamlary öndürilip, ilata hödürlenilýär. Olaryň dünýä bazarynda hem öz ornuny tapmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmeginde alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Bularyň hemmesi degişli ugurda importyň möçberini azaltmaga hem-de ilaty isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda ekologik taýdan arassa, ýokary netijeli önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda hyzmatlar hem-de söwda ulgamynyň ösdürilmegine uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. 

  Häzirki döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, olara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» gol çekilen Karar hem munuň aýdyň güwäsidir. Döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Indi ençeme ýyl bäri türkmen telekeçileri tarapyndan döwrebap kärhanalarda öndürilen, bäsdeşlige ukyply, «483» kodly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly milli önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Elbetde, ýetilen sepgitlere garamazdan, öňde uly wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň, ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde telekeçiligi goldamagyň wajypdygyny aýdyp: «Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar» diýip belledi, şeýle hem öňde wajyp wezipeleri goýdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň üstümizdäki ýylda garaşylýan netijeleri boýunça gysga wagtyň içinde düýpli seljerme geçirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köp çekmek ýaly ençeme möhüm çäreler bar. Maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň pudaklarynda telekeçileriň ornunyň artdyrylmagy, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy hususy işewürlerimizi täze gözleglere ruhlandyryp, rowaç menzillere atarýar.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

07.06.2022
Bereketli saçaklaryň bezegi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Sapardurdy Nazlyýewiň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhanasynda täze iş orunlarynyň 30-a golaýy döredilip, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Ýyladyşhana toplumynda geçen ýyl pomidor hasylynyň 400 tonna golaýy ýygnalyp, içerki hem-de daşarky bazarlara ugradyldy. Geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerde Türkiýeden getirilen bulgar burçunyň tohumyndan ösdürilip ýetişdirilen şitiller ekildi. Biri-birinden reňkleri, tagamy, möçberi babatda tapawutlanýan bakja önümi mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, bereketli hasyl kemala geldi.  

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, ýyladyşhanada ekinler suwarylanda döreýän artykmaç suwlar ýörite akarjyklaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhananyň golaýyndaky 5 gektara ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar. Bagly meýdanda badam agajynyň 6 müň düýbi endigan boý alyp, olardan geljek ýyl ilkinji hasyla garaşylýar. 

 Ýyladyşhanada ýetişdirilen bulgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleri geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri dowam edýär. Ýygnalýan hasylyň möçberi her aýda 15 — 20 tonna ýetýär. Ýygym möwsüminiň ahyryna çenli toplumda 200 tonnadan gowrak bulgar burçuny ýygnap, sarp edijilere ýetirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Telekeçi Baýramdurdy Goçakowyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän ýyladyşhanasynyň 0,5 gektarynda pomidor, 0,45 gektarynda bolsa bulgar burçy ösdürilip ýetişdirildi. Önümçilik kuwwaty ýylda 50 tonna pomidor hem-de şonça möçberde hem bulgar burçuny öndürmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhanada häzire çenli 16 tonnadan gowrak pomidor, 5 tonna golaý bulgar burçy ýygnalyp, terligi bilen alyjylara ýetirildi.  

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanýan balkanly hususyýetçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler bereketli saçaklarymyzyň bezegine öwrülýär. Arkadagly Serdarymyzyň ykdysadyýetde hususy pudagyň ornuny giňeltmekde edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän telekeçiler geljekde önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmagy maksat edinýärler.  

                                                                                                           

Toýmämmet HAJYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.


07.06.2022
Top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me gur­lu­şyk iş­le­ri­niň hi­li­niň we ne­ti­je­li­li­gi­niň esa­sy­dyr

Ahal we­la­ýa­ty, 4-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy hem-de bu iri tas­la­ma­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler we ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­lar bi­len mas­la­hat ge­çir­di.  

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 28-nji ma­ýyn­da hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ly­gyň çäk­le­rin­de gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir al­şyp, bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sür­di.  

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew şu gün­ler mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­nyň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga de­giş­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di­ler.  

                                                                   

Bu ýer­de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na mer­ke­ziň çä­gin­de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan we gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry gör­ke­zil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şyk­da mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dyr. Aý­ra­tyn-da, bu ýer­de ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Ak­han at­ly be­de­wiň heý­ke­li­niň şe­kil tas­la­ma­sy, onuň ýer­leş­di­ril­jek ýe­ri­niň çyz­gy­la­ry hem-de Ak­han şa­ýo­lu­nyň ug­run­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si na­za­ra al­nyp taý­ýar­la­nyl­dy. Şun­da bu kün­je­giň top­rak-ho­wa şert­le­ri göz öňün­de tu­tul­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gör­ke­zi­len tas­la­ma­la­ry ma­kul­lap, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri­ni gi­riz­di.  

                                                                   

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň tä­ze bi­na­gär­lik çöz­gü­di­niň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lan tä­ze şä­he­riň ke­ma­la gel­me­gi ýur­du­my­zyň ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan­dy­gy­nyň we dur­mu­şy­my­zyň her bir pur­sa­dy­nyň uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rü­ler.  

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça de­giş­li ýol­baş­çy­lar bi­len türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry­ny hü­när taý­dan kä­mil­leş­dir­mek, ola­ryň ösen döw­let­ler­den bo­lan hyz­mat­daş­lar bi­len tej­ri­be alyş­mak­la­ry­ny gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze dö­re­di­len ko­mi­tet ta­ra­pyn­dan bu ug­ra de­giş­li hü­när­men­ler­den, gur­lu­şyk­çy­lar­dan yba­rat to­pa­ry dö­re­dip, Wýet­na­ma iş sa­pa­ry­na ug­rat­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy.  

                                                                   

Ko­mi­te­tiň baş­ly­gy D.Ora­zow ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk­lar üçin ze­rur bo­lan mer­mer daş­la­ry­ny yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly ýag­daý­da ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň işe­wür dü­züm­le­ri, şol san­da Wýet­na­myň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri bi­len mer­mer da­şy­ny al­mak we hü­när­men­le­ri okat­mak bo­ýun­ça de­giş­li gep­le­şik­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň hü­när de­re­je­si­niň we tej­ri­be­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ri­len gur­lu­şyk­la­ryň ýo­ka­ry hi­li­ni hem-de ola­ryň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün eder.  

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy, şo­la­ryň ýer­li te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri­ne we ýo­ka­ry eko­lo­gik ka­da­la­ra, bil­di­ril­ýän beý­le­ki ta­lap­la­ra, hu­su­san-da, mil­li be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­me­gi hä­zir­ki gü­nüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Şun­da gur­lu­şyk­çy­la­ryň hü­när taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir.  

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz tä­ze mer­ke­ziň gün­ba­tar ta­ra­pyn­da ýer­le­şýän üzüm­çi­lik we bag­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry ba­ra­da­ky gür­rü­ňe ge­çip, bu ýer­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­dir­ilýän üzüm­le­riň we beý­le­ki mi­we­li bag­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy.  

                                                                   

Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, bu ýer­de üzü­miň hem-de mi­we­li bag­la­ryň, şol san­da şet­da­ly­nyň dür­li gör­nüş­le­ri ösüp ýe­tiş­ýär.  

                                                                   

Mil­li Li­de­ri­miz bu kün­jek­de üzüm­çi­li­gi we bag­çy­ly­gy ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin oňaý­ly top­rak-ho­wa şert­le­ri­niň bar­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýur­du­myz­da azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, eko­lo­gik ýag­da­ýyň go­wu­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. Çün­ki ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de mi­we­li bag­lar­dan yba­rat zo­lak­la­ryň meý­da­ny­nyň gi­ňel­dil­me­gi, üzüm­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­tyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak­da has mö­hüm­dir.  

                                                                   

Soň­ra Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow bu ýer­de ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti ägirt uly iş­le­riň bi­ti­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, se­bi­tiň tä­ze mer­ke­zin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mer­ke­zi eda­ra ediş bi­na­sy­ny gur­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ko­mi­te­tiň ýol­baş­çy­sy mer­kez­de mu­zeý, ki­tap­ha­na we fo­to­su­rat­lar bi­len iş­le­mek bo­ýun­ça bö­lü­mi dö­ret­mek ha­kyn­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­di.  

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan so­gap­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, de­giş­li sa­gal­dyş-di­kel­diş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça ägirt uly gol­daw­lar be­ril­ýär.  

                                                                   

Gaz­na­nyň dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar­dan yba­rat gym­mat­lyk­la­ry mu­zeý­de goý­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­me­gi ba­ra­da ha­ýyş be­ýan edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, D.Ora­zow hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za bu ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýe­tir­me­gi hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz­dan bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mä­ge rug­sat alyp ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.  

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mil­li gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän mer­ke­ziň gu­rul­ma­gy­nyň wa­jyp­ly­gy ba­ra­da aý­dyp, bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di we gur­lu­şy­gyň äh­li pur­sat­la­ry­ny be­ýan ed­ýän mag­lu­mat­la­ry bir ýe­re jem­le­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri ma­kul­lap, ko­mi­te­tiň baş­ly­gy­nyň ha­ýy­şy­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýe­tir­jek­di­gi­ni aýt­dy.  

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň gün­ba­tar ta­ra­pyn­da ýer­le­şýän üzüm­çi­li­ge gel­di hem-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň Ho­ja­lyk mü­dir­li­gi­niň meý­da­ny­ny göz­den ge­çi­rip, ýe­tiş­di­ril­ýän ekin­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy.  

                                                                   

Ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň Ho­ja­lyk mü­dir­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Ç.Ama­now bu kün­jek­de mü­dir­li­ge de­giş­li 40 gek­tar eke­ran­çy­lyk meý­da­ny­nyň bar­dy­gy­ny, on­da köp gör­nüş­li mi­we­li bag­la­ryň, şol san­da şet­da­ly­nyň dört gör­nü­şi­niň, üzüm­le­riň kiş­miş­lik gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di.  

                                                                   

Ho­ja­lyk mü­dir­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ýe­re ge­lip, iş we dur­muş şert­le­ri bi­len gy­zyk­lan­ma­gy­nyň öz­le­ri üçin uly mer­te­be­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň do­ly üp­jün edil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ry gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de bag­çy­ly­gyň we üzüm­çi­li­giň ekil­ýän meý­dan­la­ry­ny gi­ňelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň yl­my taý­dan öw­re­nil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ter gök we mi­we önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň sa­çak­la­ry­nyň be­re­ke­di­ni art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, amat­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň eme­le gel­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Şeý­le hem hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň Ho­ja­lyk mü­dir­li­gi­ne de­giş­li bu ýer­dä­ki eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän mi­we­le­riň ir­ki gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di. Ç.Ama­now mil­li Li­de­ri­miz­den mü­dir­li­giň sy­nag meý­dan­ça­syn­da üzü­miň tä­ze dö­re­di­len gör­nü­şi­ne at da­kyp ber­me­gi ha­ýyş et­di. 

                                                                   

Alym Ar­ka­da­gy­myz türk­men hal­ky­nyň “Di­le gel­di — bi­le gel­di” di­ýen paý­has­ly jüm­le­si­ne sal­gy­la­nyp, bu kün­jek­den Kä­ri­zek oba­sy­nyň se­leň­läp gö­rün­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp: «Goý, üzü­miň tä­ze gör­nü­şi­niň ady hem Kä­ri­zek bol­sun!» diý­di we bu kün­jek­de dür­li mi­we­le­ri, gök-bak­ja ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin amat­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň hem-de suw­ly çeş­me­le­riň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy.  

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz, ta­ryh­dan bel­li bol­şy ýa­ly, bu kün­jek­de dat­ly mi­we­le­riň, ýo­kum­ly üzüm­le­riň köp gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Mu­nuň özi ila­ty mi­we­ler­dir gök önüm­ler bi­len üp­jün et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu­la­ryň äh­li­si hä­zir­ki dö­wür­de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan daý­han­çy­lyk däp­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let ta­ra­pyn­dan uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu iş­ler döw­le­ti­mi­ziň rys­gal-be­re­ke­di­niň art­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň sa­çak­la­ry­nyň sa­ha­wa­ty­na sa­ha­wat go­şul­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. 

                                                                   

 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýyg­na­nan­la­ra iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.

06.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­si

Aş­ga­bat, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň je­mi jem­le­nil­di hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy, beý­le­ki kä­bir me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mej­li­se we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri hem ça­gy­ryl­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. 

                                                                   

Mej­li­siň iki mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň 23-si hem-de Mej­li­siň ka­rar­la­ry­nyň 15-si ka­bul edil­di. Ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da dür­li ul­gam­la­ryň we pu­dak­la­ryň işi­ni ka­da­laş­dyr­ýan ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. 

                                                                   

Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri ba­bat­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len du­şu­şyk­la­ryň en­çe­me­si­ne gat­naş­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my hem-de ze­nan­la­ryň dia­lo­gy ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýan­war — maý aý­la­ryn­da ama­la aşy­ry­lan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. 

                                                                   

Halk Mas­la­ha­tyn­da we Mej­lis­de dö­re­di­len iş to­par­la­ry se­bit­le­ri ös­dür­mä­ge, ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, no­ta­ri­al we sal­gyt dü­züm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny sel­jer­ýär­ler hem-de ara alyp mas­la­hat­laş­ýar­lar. Halk Mas­la­ha­ty­nyň iki mej­li­sin­de ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Olar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­nyl­dy we ka­bul edil­di. 

                                                                   

Par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len bag­ly­lyk­da hal­ka­ra mas­la­hat­lar, fo­rum­lar we san­ly ul­gam ar­ka­ly du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len “Rus­si­ýa — ys­lam dün­ýä­si: Ka­zan­Sum­mit 2022” XIII hal­ka­ra yk­dy­sa­dy sam­mi­ti­niň mej­li­si­ne gat­naş­dy­lar. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň Ahal, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da iş sa­par­la­ryn­da bo­lan­dy­gy, şo­la­ryň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bi­len tan­şan­dy­gy bel­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ul­ga­myn­da uly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, bu işe aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ýaş nes­li ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk we mil­le­tiň be­lent ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy, ylym, dö­re­di­ji­lik, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny we ze­hi­ni­ni ýü­ze çy­kar­ma­gy, aň-paý­has kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek­le­ri üçin äh­li şert­le­ri üp­jün et­mek döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.  

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly­lyk­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň we Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy we Ze­nan­lar bir­le­şi­gi bi­len bi­le­lik­de bu işe has iş­jeň gat­naş­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mu­ham­me­dow äh­li ul­gam­lar­da dur­nuk­ly mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ýan­war — maý aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Bäş aý­da, 2021-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 11,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ge­çen ýy­lyň şol döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 10,6, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 41,8 gö­te­rim art­dy. Ýan­war — maý aý­la­ryn­da Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji bö­le­gi­niň me­ýil­na­ma­sy 104,6 gö­te­rim, çyk­da­jy bö­le­gi­niň me­ýil­na­ma­sy bol­sa 98,3 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Býu­je­tiň se­riş­de­le­ri­niň 80,4 gö­te­ri­mi dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da aý­lyk zäh­met ha­ky, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 10,4 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Zäh­met hak­la­ry, pen­si­ýa­lar, döw­let kö­mek pul­la­ry, ta­lyp hak­la­ry öz wag­tyn­da ma­li­ýe­leş­di­ril­di. 

                                                                   

Re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen iş­le­riň çäk­le­rin­de dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň hem-de in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, wi­se-prem­ýe­riň gö­zeg­çi­lik ed­ýän top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bir­nä­çe­si­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­ni ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bel­le­nen de­re­je­de sak­la­mak üçin ze­rur çä­re­le­ri gör­mek, hal­ka­ra tej­ri­bä esas­la­nyp, býu­jet-sal­gyt işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, býu­jet, sal­gyt, bank we pul-karz ul­gam­la­ry­nyň ka­da­la­ry­ny­dyr düz­gün­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, elekt­ron sal­gyt ul­ga­my­na geç­me­gi çalt­lan­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­let ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ne­ti­je­li bol­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­me­giň, önüm­çi­lik­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­ma­gyň, ma­ýa go­ýum­la­ry we işe­wür­lik, gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Gel­jek ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak gaý­ra­go­ýul­ma­syz çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re bu ýag­daý­la­ry sel­jer­me­gi, iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi has-da go­wu­lan­dyr­mak, azyk ha­ryt­la­ry­nyň ýe­ter­lik möç­ber­dä­ki gor­la­ry­ny dö­ret­mek we içer­ki ba­zar­lar­da azyk ha­ryt­la­ry­nyň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. De­giş­li dü­züm­le­re ila­ty azyk ha­ryt­la­ry bi­len bök­denç­siz we ka­da­ly üp­jün et­mek üçin ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp ber­mek tek­lip edil­ýär. Şeý­le-de 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­tin­de sarp edi­ji­le­ri azyk ha­ryt­la­ry bi­len bök­denç­siz hem-de ka­da­ly üp­jün et­mek üçin ýe­ter­lik möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni göz öňün­de tut­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hö­dür­le­nen tek­lip­le­ri ma­kul­la­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni, ze­rur azyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne hem 150 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri­niň bö­lü­nip be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni azalt­mak, ýer­li önüm­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da guş eti we ýu­murt­ga, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň önüm­çi­li­gi­ni tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iým­lik bug­da­ýy, mek­ge­jö­we­ni we so­ýa­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek hem-de bu ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ta­rap­la­ra goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri­ni bö­lüp ber­mek tek­lip edil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, guş­çu­ly­gyň oba ho­ja­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Bu örän dü­şe­wünt­li, gys­ga wag­tyň için­de özü­ni öde­ýän işe­wür­lik pu­da­gyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň bu pu­da­gy­nyň dur­nuk­ly ös­dü­ril­me­gi we gi­ňel­dil­me­gi ýa­kyn gel­jek­de bir­nä­çe ar­tyk­maç­lyk­la­ry dö­re­der di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy hem-de ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň ösü­şi­niň tä­ze de­re­je­si­ni, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni, goş­ma­ça ma­ýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi­ni şo­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, mu­nuň özi ila­ty ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len üp­jün et­mä­ge, şeý­le önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni ep-es­li azalt­ma­ga ýar­dam be­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ka­ra­ra gol çe­kip, wi­se-prem­ýe­re bu res­mi­na­ma­da göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň öz wag­tyn­da we ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ka­bul eden çöz­güt­le­ri üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de bu res­mi­na­ma­lar­da bel­le­nen we­zi­pe­le­riň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 110,6, ben­zin ön­dür­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 127,2, di­zel ýan­gy­jy­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 115,8, po­lip­ro­pi­len ön­dür­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 141,9, çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 107,2, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy ön­dür­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 119,7, te­bi­gy we ugur­daş ga­zy çy­kar­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 111,5, “ma­wy ýan­gy­jy” da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň 121,9 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ne­bit we gaz kon­den­sa­ty­ny çy­kar­mak ba­bat­da ga­za­ny­lan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, wi­se-prem­ýe­re ne­bit­gaz top­lu­my­nyň önüm­çi­lik-ho­ja­lyk işi­ni yzy­gi­der­li sel­jer­mek, onuň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, önüm­çi­lik ul­gam­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak ba­ra­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Oba­se­na­gat top­lu­my bo­ýun­ça, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, önüm­le­ri ön­dür­me­giň möç­ber­le­ri­niň gör­ke­zi­ji­le­ri hem-de ýur­du­myz­da azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, wi­se-prem­ýe­riň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na ýol­baş­çy­lyk et­mek bo­ýun­ça öz üs­tü­ne ýük­le­nen borç­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ba­şar­ma­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň pes de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, bu pu­da­gyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bin­ýat­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň umu­my ma­li­ýe ýag­da­ýy ka­na­gat­la­nar­syz ýag­daý­da bol­ma­gyn­da gal­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu esa­sy pu­da­gyn­da ne­ti­je­li öz­gert­me­le­ri ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýän düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň öz­leş­di­ri­li­şi hem şu dö­wür­de ka­na­gat­la­nar­ly däl di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga az üns be­ril­ýän­di­gi­ni, ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri­ni na­za­ra alyp iş­le­nip taý­ýar­la­nan, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­ma­ga hem ýe­ter­lik üns be­ril­me­ýän­di­gi­ni bel­läp, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny we ilat­ly ýer­le­ri­ni suw bi­len üp­jün et­me­gi go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­niň ýa­ra­maz çö­zül­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­ma­ga, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ekil­ýän ýer­le­ri­niň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga we top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mä­ge, zeý­keş aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­ma­ga-da ýe­ter­lik de­re­je­de üns be­ril­me­di. Bu kem­çi­lik­le­riň äh­li­si Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky ýag­daý­da anyk ýü­ze çyk­dy. Bu we­la­ýat­da go­wa­ça ek­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma hem bel­le­nen möh­le­tin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­di di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow E.Oraz­gel­di­ýe­wi, iş­de goý­be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. 

                                                                   

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi N.Na­zar­my­ra­do­wa we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­män, iş­de goý­be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin, berk kä­ýinç yg­lan edil­di hem-de ýol ber­len kem­çi­lik­le­ri gys­ga wag­tyň için­de dü­zet­mek oňa soň­ky ge­zek duý­du­ryl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, iş­de goý­be­ren düýp­li kem­çi­lik­le­ri üçin, B.Ara­zo­wy Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Bol­dum­saz et­ra­by­nyň hä­ki­mi we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy we Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Bol­dum­saz et­ra­by­nyň hä­ki­mi­niň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi şol et­ra­byň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry G.Baý­ram­dur­dy­ýe­wiň üs­tü­ne ýük­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne A.Ýaz­my­ra­do­wy bel­läp, ony Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba ho­ja­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si we­zi­pe­sin­den bo­şat­mak ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. 

                                                                   

Soň­ra tä­ze bel­le­nen wi­se-prem­ýe­re söz be­ril­di. Ol özü­ne bil­di­ri­len ynam üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, bu dü­zü­miň öňün­de goý­lan mak­sat­la­ry hem-de we­zi­pe­le­ri yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da äh­li güý­jü­ni, tej­ri­be­si­ni we bi­li­mi­ni gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­do­wa, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýer­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ot-iým bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek üçin ze­rur iş­ler tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li­dir. Bu ugur­da mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň, hu­su­sy pu­da­gyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr, oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ekin meý­dan­la­ry­nyň we öri meý­dan­la­rynyň mak­sa­da­la­ýyk hem-de ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny ga­zan­mak mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Oňyn dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur alyp, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny we to­hum­çy­ly­gyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­me­li­di­gi, pu­da­ga san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy bel­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da art­dyr­mak bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de mak­sa­da­la­ýyk çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni bel­läp, de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­di hem-de bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ha­sa­bat döw­rün­de bu top­lum­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler we hyz­mat­lar bo­ýun­ça ga­za­ny­lan ösüş 112,1 gö­te­ri­me deň bol­dy. Aw­to­mo­bil, de­mir ýol, ho­wa, de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry ar­ka­ly ýük da­şa­mak ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma 111,3 gö­te­rim, ýük do­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça me­ýil­na­ma bol­sa 109,1 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ýan­war — maý aý­la­ryn­da hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da ösüş “Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­li­gi bo­ýun­ça 115,2, “Türk­me­naw­tou­lag­la­ry” agent­li­gi bo­ýun­ça 134,1, “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” agent­li­gi bo­ýun­ça 101,8, “Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry” agent­li­gi bo­ýun­ça 106, “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi bo­ýun­ça 108 gö­te­ri­me deň bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da içer­ki gat­naw­lar­da­ky çäk­len­dir­me­le­riň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi, azal­dyl­ma­gy bi­len bag­ly ýo­lag­çy we ýük gat­naw­la­ry­ny art­dyr­mak, ýo­lag­çy gat­nat­mak bo­ýun­ça hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry hi­li­ni hem-de howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag gat­naw­la­ry üçin amat­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly şert­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly ýur­du­my­zyň mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­rin­den do­ly peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr we bu ugur mun­dan beý­läk-de iş­jeň ös­dü­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow gö­zeg­çi­lik ed­ýän gur­lu­şyk, se­na­gat we ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň hem-de paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­niň şu ýy­lyň bäş aýyn­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ha­sa­bat döw­rün­de önüm ön­dür­mek we gur­lu­şyk-se­na­gat ul­ga­myn­da iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma 148,8 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da de­giş­li me­ýil­na­ma­ny 112,7 gö­te­rim ber­jaý et­di. Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi önüm ön­dür­mek hem-de iş­le­ri ama­la aşyr­mak ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­ny 169,0 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­tir­di.  

                                                                   

Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça önüm ön­dür­mek we iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma 128,1 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ri­li­şi­niň ösüş dep­gi­ni 116,8 gö­te­ri­me, onuň eks­port edi­li­şi­niň ösüş dep­gi­ni bol­sa 150,3 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan önüm ön­dür­mek hem-de hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma 169,7 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi bo­ýun­ça şu ýy­lyň bäş aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler hem-de hyz­mat­lar ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma 118,3 gö­te­ri­me deň bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, içer­ki ba­za­ry da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan se­na­gat önüm­le­ri we gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­me­gi do­wam et­dir­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Elekt­ron se­na­gat­da döw­re­bap önüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da hem de­giş­li gör­kez­me­ler be­ril­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow gö­zeg­çi­lik ed­ýän söw­da top­lu­myn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tyň bar­şyn­da, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ön­dü­ri­len önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň hem-de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hyz­mat­la­ryň gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar  Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp we wi­se-prem­ýe­re ýüz­le­nip, soň­ky dö­wür­de gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ne gö­zeg­çi­li­gi gow­şa­dan­dy­gy­ny, ila­tyň sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­nyň, aý­ra­tyn-da, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ha­ýal al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Söw­da top­lu­my­nyň, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak na­za­ra al­nan­da, hä­zir­ki za­man üp­jün­çi­lik dü­züm­le­ri­ni eme­le ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler hem ýa­ra­maz ýo­la goý­lup­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de söw­da ul­ga­myn­da köp san­ly düz­gün boz­ma­la­ra ýol be­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­riň hem ýa­ra­maz al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ugur­da en­tek uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny, ola­ryň ýe­ter­lik ula­nyl­ma­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Şo­ňa gö­rä-de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş­de goý­be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin, Ç.Gy­ly­jo­wyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň söw­da top­lu­my bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne Ba­tyr At­da­ýe­wi bel­le­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni ha­bar be­rip, ony Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. 

                                                                   

B.At­da­ýew bil­di­ri­len ynam üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, söw­da top­lu­my­nyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ynan­dyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow oňa jo­gap­kär­li işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Baş pro­ku­ro­ryň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi Baş pro­ku­ro­ryň orun­ba­sa­ry, Baş mü­dir­li­giň mü­di­ri, ýus­ti­si­ýa­nyň uly ge­ňeş­çi­si B.Beg­my­ra­do­wyň üs­tü­ne ýük­le­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze bel­le­nen wi­se-prem­ýe­re ýüz­le­nip, bi­ziň ýur­du­my­zyň amat­ly ulag gat­naw­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän­di­gi­ni, şo­nuň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len di­ýen ýa­ly yk­dy­sa­dy we söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça has ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­mak, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len ýyg­jam da­şa­ry-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­mek ba­ra­da tab­şy­ryk be­ril­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi çalt­lan­dyr­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň kuw­wa­ty­ny do­ly de­re­je­de ulan­mak, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek üçin çig ma­ly gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça gys­sag­ly çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gy we dur­mu­şa ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ha­sa­bat döw­rün­de 2022-nji ýy­lyň şy­ga­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hem-de mil­li se­ne­na­ma­myz­da göz öňün­de tu­tu­lan baý­ram­çy­lyk­lar my­na­sy­bet­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri yg­lan edil­di, dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler, mas­la­hat­lar, söh­bet­deş­lik­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry we ser­gi­ler, wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri, tä­ze des­ga­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de türk­men hü­när­men­le­ri san­ly ul­gam ar­ka­ly hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ryň, okuw mas­la­hat­la­ry­nyň hem-de ser­gi­le­riň bir­nä­çe­si­niň işi­ne gat­naş­dy­lar. 

                                                                   

Ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň dür­li ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri, me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni be­ýan et­mek ba­bat­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ama­la aşy­ran iş­le­ri ba­ra­da hem aý­dyl­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len me­de­ni eda­ra­lar­da we teatr­lar­da ça­ga­lar üçin sah­na oýun­la­ry­ny, çä­re­le­ri gu­ra­ma­gyň, ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry üp­jün et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýe­re ka­gyz­da çy­ka­ryl­ýan ga­zet-žur­nal­la­ry elekt­ron gör­nü­şe ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň do­wam et­dir­mek, bu ugur­dan ze­rur hü­när­men­le­ri taý­ýar­lap, re­dak­si­ýa­la­ryň iş­gär­le­ri­niň we­zi­pe sa­na­wy­ny kes­git­le­mek, mö­hüm we­zi­pe bo­lan san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de be­ýan et­me­gi güýç­len­dir­mek tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän bi­lim, ylym, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport ul­gam­la­ryn­da şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry, ýur­du­my­zyň okuw­çy­la­ry hal­ka­ra ders we in­ter­net olim­pia­da­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn, kü­müş hem-de bü­rünç me­dal­la­ra, dür­li de­re­je­li dip­lom­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Ha­sa­bat döw­rün­de yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça yl­my iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi ut­gaş­dy­ryl­dy, as­pi­ran­tu­ra hem-de dok­to­ran­tu­ra ka­bul ediş­lik­ler ama­la aşy­ryl­dy. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­di, şo­lar­da luk­man­çy­ly­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ril­di. De­giş­li Ka­rar­la­ra la­ýyk­lyk­da, bu­ýan kö­kü­ni gaý­ta­dan iş­läp, gli­sir­ri­zin tur­şu­sy­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di hem-de Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 —2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma tas­syk­la­nyl­dy. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­he­rin­de kö­pu­gur­ly we on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­ni iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra taý­ýar­la­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ha­sa­bat döw­rün­de tür­gen­ler sport ýa­ryş­la­ry­nyň 12-si­ne gat­naş­dy­lar hem-de 22 me­dal ga­zan­dy­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar  Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir okuw ýy­ly­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä, ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne gi­riş sy­nag­la­ryn­dan baş­ga-da tä­ze okuw ýy­ly­na hem go­wy taý­ýar­lyk gö­rül­me­li­di­gi­ni bel­le­di. To­mus möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň boş wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin dynç alyş çä­re­le­ri gu­ral­ma­ly­dyr. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hö­kü­me­tiň bi­lim iş­gär­le­ri bi­len bol­jak mas­la­ha­ty­na hem düýp­li taý­ýar­lyk gör­me­giň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. Şeý­le hem wi­se-prem­ýe­re hal­ka­ra de­re­je­de «San­ly bi­lim» ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak we ony Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­lis­le­ri­niň bi­rin­de tek­lip et­mek tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da DIM-niň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ha­sa­bat döw­rün­de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin da­şa­ry ýurt­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ba­bat­da oňyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Şu ýy­lyň 1-2-nji iýu­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry bol­dy. Şon­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mek­ge şä­he­rin­de um­ra ha­jy­ny ber­jaý et­di hem-de Me­di­ne şä­he­ri­ne ba­ryp gör­di. 

                                                                   

Ha­sa­bat döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bir­nä­çe ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik­le­ri ge­çi­ril­di. Ap­rel aýyn­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti döw­let sa­pa­ry, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bol­sa iş sa­pa­ry bi­len Türk­me­nis­ta­na gel­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da mö­hüm hal­ka­ra çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn ge­ňeş­me­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň ge­çen döw­rün­de bu ugur­da du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Ýan­war — maý aý­la­ryn­da dür­li ýurt­lar bi­len, şol san­da bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ryň hem-de beý­le­ki de­giş­li dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça du­şu­şyk­lar we gep­le­şik­ler yzy­gi­der­li gu­ral­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar  Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne ýur­du­my­zyň hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň we da­şa­ry ýurt­la­ryň hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň sa­par­la­ry­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, şeý­le-de beý­le­ki hal­ka­ra me­se­le­le­re ba­gyş­la­nan mas­la­hat­la­ra, çä­re­le­re go­wy taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mej­li­siň bar­şyn­da oňa gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ys­lam dün­ýä­sin­de mu­kad­des sa­ýyl­ýan ke­ra­mat­ly ýer­le­re — Mek­gä we Me­di­nä zy­ýa­rat edip, um­ra ha­jy­ny ber­jaý eden­di­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar hem-de Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­my­zyň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, be­ýik tu­tum­la­ryň ro­waç­lan­ma­gy üçin eden do­ga-di­leg­le­ri­niň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, döw­let­li iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di­ler. 

                                                                   

 Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, on­da, esa­san, iki me­se­lä se­re­di­len­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, te­le­ke­çi­li­gi hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­le­riň kes­git­le­nen­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gür­rü­ňi do­wam edip, Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na gi­ri­şi­len­di­gi­ni bel­läp, bu we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne orak möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry hil­li, gys­ga möh­let­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek, möw­süm­de teh­ni­ka­la­ry bök­denç­siz iş­let­mek, kä­ren­de­çi gal­la­çy­lar bi­len tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na 10-njy iýun­da il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gi­ri­şil­jek­di­gi­ni bel­läp, öň­de bol­jak möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça ze­rur taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­do­wa we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri bi­len bi­le­lik­de bug­daý, pag­ta, gök we bak­ja ekin­le­ri­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça bel­le­nen me­ýil­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni, bu iş­ler­de ýo­la goý­lan de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy ýo­la goý­mak ba­ra­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer B.At­da­ýe­we ýüz­le­nip, ýur­du­myz­da söw­da top­lu­my­nyň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy­ýet­çi­li­gi ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, top­lu­myň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da ýur­du­myz­da ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy­ny ýo­la goý­mak, söw­da­nyň we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ba­zar­lar­da dür­li gör­nüş­li azyk önüm­le­ri­niň üp­jün­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şun­da top­lu­myň äh­li dü­züm­le­ri­niň ma­li­ýe ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň işi­ni ös­dür­mek, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek we hu­su­sy­ýet­çi­li­giň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, şu ýy­lyň ge­çen bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, döw­le­ti­mi­ziň dep­gin­li ös­me­gi­ni do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär di­ýip bel­le­di. 

                                                                   

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şin­de ga­za­ny­lan dep­gin dur­nuk­ly sak­lan­ýar. Ka­bul edi­len äh­li dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li amal edilýär. Hö­kü­me­ti­mi­ziň we hal­ky­my­zyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly işi ne­ti­je­sin­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi ge­çen bäş aý­da 6,2 gö­te­rim möç­ber­de bol­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow se­na­gat mak­sat­ly des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň we beý­le­ki bi­na­la­ryň bel­le­nen möç­ber­de gur­lup ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ni aýt­dy. Ka­bul edi­len me­ýil­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek sy­ýa­sa­ty hem üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

06.06.2022
Ýurdumyzda gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di

Aş­ga­bat, 3-nji iýun. Şu gün ýur­du­myz­da gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 26-njy maý­da ge­çi­ri­len göç­me mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy­na ak pa­ta be­rip, eder­men daý­han­la­ra zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň daý­han­la­ry gal­la ora­gy­na gi­riş­di­ler. Bal­kan hem-de Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry bol­sa bu işe 10-njy iýun­da gi­ri­şer­ler. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Di­ýa­ry­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz daý­han­lar üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Olar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, hi­mi­ki se­riş­de­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry hem-de suw bi­len do­ly üp­jün edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu ýyl ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­nyň ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni bel­läp, ony ýit­gi­siz ýyg­na­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ke­pi­li­dir. 

                                                                   

Asyl­ly dä­be gö­rä, ýer­ler­de gal­la ora­gy­na hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar ak pa­ta ber­di­ler. Olar ata Wa­ta­ny­my­zyň, äh­li türk­men hal­ky­nyň ro­waç­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üçin Be­ýik Bi­ri­bar­dan do­ga-di­leg et­di­ler. Ak­sak­gal ýa­şu­lu­lar: “Çä­ji­ňe be­re­ket!” di­ýen söz­ler bi­len ora­ga gi­riş­di­ler we no­ba­ty zäh­met­sö­ýer kom­baýn­çy­la­ra ber­di­ler. 

                                                                   

Şu ýyl ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry güýz­lük bug­daý üçin bö­lü­nip ber­len 690 müň gek­tar meý­dan­dan 1 mil­lion 400 müň ton­na dä­ne ýyg­na­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 265 müň, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 80 müň ton­na bug­daý ýyg­na­lar. Şu ýyl gal­la meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň “Be­re­ket­li”, “Go­şant”, “Ha­syl­ly”, “Säh­ra­ýy”, “Ro­waç”, “Ýo­lö­ten-3”, “Ýo­lö­ten-1”, “Ju­wan”, “Wa­tan”, “Gy­zyl­şag­la­wuk-25”, “Mi­ras”, “Ýo­kum­ly” ýa­ly, ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri ekil­di. 

                                                                   

Di­ýa­ry­myz bo­ýun­ça 2022-nji ýy­lyň gal­la ora­gy möw­sü­min­de “Сla­as”, “John Dee­re”, “Сase”, “New Hol­land” ýa­ly ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 2 müň 64 sa­ny­sy iş­le­di­ler. Gi­je-gün­diz­le­ýin esas­da iş­le­dil­jek ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly bel­le­nen möh­let­ler­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga ýar­dam be­rer. Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, sa­tyn al­nan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li “John Dee­re” we “Сla­as” ky­sym­ly gal­la oru­jy kom­baýn­lar te­le­ma­tik ul­gam­lar bi­len üp­jün edil­ýär. 

                                                                   

Gal­la ora­gy möw­sü­min­de göç­me abat­la­ýyş-me­ha­ni­ki to­par­la­ryň ýüz­ler­çe­si gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da gal­la­çy­la­ra hyz­mat eder. Olar iş­le­dil­ýän teh­ni­ka­la­ry ze­rur ýan­gyç-çal­gy ýag­la­ry we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry bi­len üp­jün eder­ler. Gal­la meý­dan­la­ryn­da ora­ga gat­naş­ýan me­ha­ni­za­tor­lar, sü­rü­ji­ler, beý­le­ki iş­gär­ler üçin ze­rur dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Ýer­ler­de sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry, göç­me söw­da ýo­la goý­lar. 

                                                                   

Ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 154-si­ne, ele­wa­tor­la­ra hem-de am­mar­la­ra da­şa­mak­da mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ber­len ýük ulag­la­ry­nyň 9 müň 800-den gow­ra­gy iş­le­di­ler. Gal­la ora­gy­na çen­li de­giş­li bar­lag­ha­na­lar taý­ýar­la­ny­lyp, olar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri dä­nä­niň hi­li­ni kes­git­lär­ler. Tab­şy­ry­lan ha­syl üçin gal­la­çy­lar bi­len öz wag­tyn­da ha­sap­la­şyk iş­le­ri “Daý­han­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň ýer­ler­dä­ki bö­lüm­le­ri ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lar. 

                                                                   

Gal­la ora­gy­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li we­la­ýat­lar­da Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň, “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň we­kil­le­ri­niň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, tej­ri­be­li ag­ro­nom­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, kä­ren­de­çi­le­riň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da okuw-önüm­çi­lik mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Ola­ryň do­wa­myn­da gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Çy­kyş eden­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowa oba zäh­met­keş­le­ri ba­ra­da ed­ýän he­mi­şe­lik ala­da­sy, ata Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­na we aba­dan­çy­ly­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýan eke­ran­çy­la­ryň my­na­syp dur­mu­şy hem-de ne­ti­je­li zäh­me­ti ug­run­da dö­re­di­len şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Ýur­du­myz­da tarp ýer­ler yzy­gi­der­li öz­leş­di­ril­ýär, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça oňyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň hem-de hyz­mat ed­ýän pu­dak­la­ryň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän za­wod­la­ryň, suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ak bug­daý­dan bol ha­syl al­ma­gyň gi­re­wi­dir. 

                                                                   

Önüm­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­ma­gy, daý­han­la­ryň sal­gyt­lar­dan bo­şa­dyl­ma­gy, ola­ra teh­ni­ki hyz­mat­la­ry, to­hum­la­ry, mi­ne­ral dö­kün­le­ri, ösüm­lik­le­riň go­rag se­riş­de­le­ri­ni al­mak üçin ýe­ňil­lik­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­di­ril­me­gi ola­ryň öz zäh­me­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny has-da art­dyr­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer, suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na, oba ho­ja­lyk yl­my­nyň, seç­gi­çi­li­giň, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly üns ber­ýär. 

                                                                   

Mun­dan baş­ga-da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Oba ila­ty­nyň mad­dy hal-ýag­da­ýy, aba­dan­çy­lyk de­re­je­si ýyl-ýyl­dan ýo­kar­lan­ýar. Ýa­şa­ýyş de­re­je­si bo­ýun­ça oba ýer­le­ri şä­her de­re­je­si­ne bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Mah­la­sy, bu iş­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­la­nan tej­ri­be döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ne­ti­je­li ut­gaş­dy­ryl­ýar. 

                                                                   

Bu ugur­da top­la­nan tej­ri­bä se­bit­de we dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň 2020 — 2022-nji ýyl­lar döw­ri üçin Bü­tin­dün­ýä azyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­ne saý­lan­ma­gy ata Wa­ta­ny­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­tyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gal­la meý­dan­la­ry­nyň ýa­nyn­da möw­sü­miň baş­lan­ma­gy­nyň hor­ma­ty­na şu gün­ki ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar­da ser­gi­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Olar­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri, çö­rek önüm­le­ri, hä­zir­ki za­man oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry gör­ke­zil­di. Şeý­le-de we­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz, tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry gu­ral­dy. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

04.06.2022
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ra­lan we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­dy 

                                                                   

 Aş­ga­bat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün, asyl­ly dä­be gö­rä, ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň se­ne­na­ma­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän bu hal­ka­ra baý­ra­ma ga­bat­la­nyp, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di. Oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gat­naş­dy. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­sy­nyň 82-nji ple­nar mej­li­sin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da de­giş­li Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di we dün­ýä­niň 56 döw­le­ti onuň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­di. Yn­san sag­ly­gy, raý­daş­lyk, dost-do­gan­lyk ýa­ly umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na hem-de be­lent yn­san­per­wer tag­lym­la­ra yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan bu se­nä­niň dö­re­dil­me­gi pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si hök­mün­de spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

                                                                   

Şu ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň tek­li­bi bo­ýun­ça “Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi­ni hem ýat­lad­ýa­rys. Onuň aw­tor­daş­la­ry bo­lup 62 döw­let çy­kyş et­di. Bu­la­ryň äh­li­si dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zyň be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, jem­gy­ýet­de eko­lo­gik me­de­ni­ýe­tiň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, mil­li, se­bit hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge uly go­şan­dy­nyň yk­rar­na­ma­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Hal­kyň sag­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy, ila­tyň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da, be­den hem-de ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler, mil­li mak­sat­na­ma­lar­dyr giň ge­rim­li tas­la­ma­lar şu mö­hüm we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak yn­san sag­ly­gy­nyň, onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň do­ly açyl­ma­gy­nyň wa­jyp şer­ti­dir. Jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar bol­ma­gy ýur­du­myz­da eme­le ge­len hem-de yzy­gi­der­li ýag­daý­da ge­çi­ril­ýän, müň­ler­çe wa­tan­daş­la­ry­my­zy — äh­li ýaş­da­ky we dür­li hü­när­dä­ki adam­la­ry bir­leş­dir­ýän köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­niň has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Şun­da bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­muş hem-de eko­lo­gik me­se­le­ler bi­len ýa­kyn­dan bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de eko­lo­gi­ýa bi­len bag­ly me­se­le­ler mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Türk­me­nis­tan ola­ryň de­ňe­çer çöz­güt­le­ri­niň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar, uzak möh­let­le­ýin, yl­ma esas­lan­ýan te­bi­ga­ty go­ra­ýyş stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär, oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. 

                                                                   

We­lo­si­ped, ha­ky­kat­dan-da, ula­gyň eko­lo­gik taý­dan iň aras­sa gör­nü­şi hök­mün­de yk­rar edi­len­dir. He­re­ket et­me­giň, sy­ýa­hat­çy­ly­gyň, boş wag­ty­ňy iş­jeň hem-de peý­da­ly ge­çir­me­giň örän amat­ly se­riş­de­si­dir. 

                                                                   

Şu ge­zek­ki we­lo­si­ped­li ýö­riş Çan­dy­bil şa­ýo­lu­nyň we Bek­re­we kö­çe­si­niň çat­ry­gyn­da gur­lan hem-de Aş­ga­ba­dyň öz­bo­luş­ly be­ze­gi­ne öw­rü­len «We­lo­si­ped» bi­na­sy­nyň ýa­nyn­dan ba­dal­ga al­dy. Bu tä­sin bi­na­da Wa­ta­ny­my­zyň baý ta­ry­hy, hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry, türk­men hal­ky­nyň ru­hu­be­lent­li­gi, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we dö­re­di­ji­lik tag­lym­la­ry­na, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy öz be­ýa­ny­ny tap­dy. 

                                                                   

Ir bi­len bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, ta­lyp­lar, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­ň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem bar. 

                                                                   

 Hem­me­ler ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy gar­şy­la­ýar­lar. 

                                                                   

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösü­şi­ni hem-de türk­men spor­tu­ny wasp ed­ýän joş­gun­ly aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­ly­ga öz­bo­luş­ly sow­gat bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga be­rip, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň ker­we­ni­niň öňü­ni çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­sü­re hem­me­ler paý­tag­ty­my­zyň Çan­dy­bil we Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýol­la­ry bo­ýun­ça ag­zy­bir­lik­de he­re­ke­te baş­la­dy­lar. 

                                                                   

Sä­her bi­len to­mus pas­ly­nyň ýa­kym­ly ho­wa­sy hem-de ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp gör­nü­şi ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­re da­hyl­ly­dy­gy­ňa buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu asyl­ly ýö­rel­ge hil taý­dan tä­ze maz­mu­na eýe bol­dy. We­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň geç­ýän ýol­la­ry­nyň ug­run­da gu­ra­lan dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bu gün­ki baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy. 

                                                                   

Bu gün Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň giň­den wa­gyz edil­me­gi, spor­tuň eko­lo­gik taý­dan aras­sa bu gör­nü­şi­ne ila­ty, esa­san-da, ýaş­la­ry çek­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Çün­ki we­lo­si­ped be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň hem-de özü­ňi oňat duý­ma­gyň örän ne­ti­je­li se­riş­de­si­dir. 

                                                                   

We­lo­si­ped spor­tu­nyň gör­nü­şi­niň köp­dü­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da şos­se we trek ýa­ryş­la­ry, mo­tor­ly we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri we beý­le­ki­ler bar, ola­ryň her bi­ri hem ýö­ri­te ugur­la­ra bö­lün­ýär. Sport gi­ňiş­li­gin­de ýa­kyn­da peý­da bo­lan hem-de eý­ýäm meş­hur­ly­ga eýe bo­lup baş­lan maun­tin­baýk (dag­lyk ýer­ler üçin ni­ýet­le­nen we­lo­si­ped­ler­de ýa­ryş­mak) gör­nü­şi­ni has gy­zyk­ly ha­sap­la­ýar­lar. We­lo­si­ped­de dür­li til­sim­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni öz içi­ne al­ýan we­lo­si­ped spor­tu­nyň fris­taýl gör­nü­şi hem meş­hur­dyr. Te­bi­gy ýa-da ýö­ri­te gur­na­lan päs­gel­çi­lik­li ýol­la­ryň ge­çil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan we­lot­rial gör­nü­şi hem uly gy­zyk­lan­ma eýe. Bu­la­ryň äh­li­si we­lo­si­ped spor­ty bi­len çyn­la­kaý meş­gul­lan­ýan­lar üçin öz is­leg­le­ri­ne gö­rä ug­ry saý­lap al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan­da hem we­lo­si­ped spor­ty we spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ýa­ryş­la­ry, tür­gen­le­şik­le­ri ge­çir­mek, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, tür­gen­le­riň tä­ze nes­li­ni ter­bi­ýe­le­mek, gel­jek­ki olim­pi­ýa­çy­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek üçin ni­ýet­le­nen, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ugur­daş dü­züm­ler dö­re­dil­di. 

                                                                   

Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän üs­ti ýa­pyk gör­nüş­li We­lot­rek top­lu­my onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len des­ga­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol äh­li gör­ke­zi­ji­le­re, şol san­da teh­ni­ki üp­jün­çi­lik ba­bat­da şeý­le des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär. Onuň mün­ber­le­ri 6 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de göz öňün­de tu­tu­lan şert­ler hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry, şol san­da dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýyl­da Aş­ga­ba­dyň We­lot­rek top­lu­myn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len we­lo­si­ped bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň hem-de Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, bu ab­raý­ly dü­züm­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär, sport döw­le­ti hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy­ny bar­ha ýo­kar­lan­dyr­ýar. 

                                                                   

We­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­ler ba­ra­da aý­dy­lan­da, ol ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik duý­gu­sy­ny dö­red­ýär, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­mez­den, daş­ky dün­ýä bi­len ta­nyş­mak, te­bi­ga­tyň tä­sin kün­jek­le­rin­de bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Soň­ky wagt­lar­da we­lo­si­ped­li sy­ýa­hat­çy­ly­gyň giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy mu­nuň my­sa­ly­dyr. Py­ýa­da ýö­re­mek bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­ler uzak ara­lyk­la­ry az wagt­da geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Aw­tou­lag­lar­da ge­ze­lenç et­mek bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, we­lo­si­ped päs­gel­çi­lik­li ýer­ler­den geç­mä­ge ukyp­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Umu­man, mu­nuň özi iş­jeň dynç al­ma­gyň, şol san­da boş wag­ty­ňy maş­ga­la ag­za­la­ryň bi­len gy­zyk­ly ge­çir­me­giň örän amat­ly gör­nü­şi­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň do­wa­myn­da aja­ýyp be­den we sport taý­ýar­ly­gy­ny, şah­sy gö­rel­de­si bi­len iş­jeň hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny gör­kez­di. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­la go­ýan asyl­ly maş­ga­la ýö­rel­ge­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­di­rip, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga uly üns ber­ýär, mu­nuň özi ada­myň fi­zi­ki we ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýy­na oňat tä­sir et­mek bi­len, zäh­met­sö­ýer­lik, özü­ňe erk et­mek, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

...Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň öňü­ni çek­ýän we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň ha­tar­la­ry paý­tag­ty­my­zyň ýol­la­ry bo­ýun­ça he­re­ke­ti­ni do­wam et­di­rdiler. Giň şa­ýol­la­ryň ug­run­da daş-tö­we­re­gi aba­dan­laş­dy­ry­lan çäk­ler bi­len gur­şa­lan ak mer­mer­li bi­na­lar, be­lent ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry bi­na edil­di. Giň şa­ýol­lar, göw­nü­ňi aç­ýan dür­li gör­nüş­li gül­le­re bes­le­nen se­ýil­gäh­ler­dir se­ýil­bag­lar, tom­suň ys­sy gün­le­rin­de sal­kyn­lyk eçil­ýän suw çüw­dü­rim­le­ri Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri ha­sap­lan­ýan hem-de dün­ýä­niň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri diý­lip yk­rar edi­len Aş­ga­ba­dyň tä­sin bi­na­gär­lik top­lum­la­ry bi­len saz­laş­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýo­lug­ra Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan we Ar­ça­bil şa­ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň paý­tag­ty­my­za gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­ko­wa ýüz­le­nip, ýol dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry­nyň be­ze­gi ba­bat­da, şol san­da ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­riň hem-de ýol aý­ryt­la­ry­nyň ýa­na­şyk çäk­le­ri­niň mil­li be­zeg usul­la­ry­ny, hu­su­san-da, öz­bo­luş­ly mo­zai­ka bö­lek­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len gy­zyk­lan­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da­ky top­lum­la­ýyn iş­le­ri do­wam et­dirme­gi tab­şy­ryp, türk­men paý­tag­ty­nyň yzy­gi­der­li aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de ba­gy-bos­san­ly­ga bü­rel­me­gi­ne, şä­her­de nus­ga­lyk aras­sa­çy­lyk de­re­je­si­niň sak­lan­ma­gy­na, eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap alan oňyn öz­gert­me­le­riň öňü­ni çek­ýän hem-de gün-gün­den gö­zel­leş­ýän Aş­ga­bat tä­ze eý­ýa­myň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Paý­tag­ty­myz, ha­ky­kat­dan-da, bi­na­gär­li­giň ge­ri­mi, in­no­wa­sion hä­si­ýet­li öz­bo­luş­ly be­zeg çöz­güt­le­ri­niň we mil­li bi­na­gär­li­giň ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­niň aja­ýyp saz­la­şy­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň baş şä­he­ri bar­ha ös­mek hem-de öz çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mek bi­len, döw­re­bap me­ga­po­lis hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Şun­da Aş­ga­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan, uzak gel­je­ge ni­ýet­le­nen şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy ýa­şaý­jy­lar üçin ýo­ka­ry de­re­je­de amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne, ýa­kym­ly şä­her gur­şa­wy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

...He­mi­şe bol­şy ýa­ly, paý­tag­ty­myz­da ir sä­her­den ýa­şa­ýyş jo­şup baş­la­dy. Paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry işe, kör­pe­ler bol­sa ene-ata­la­ry­nyň ug­rat­ma­gyn­da ça­ga­lar bag­la­ry­na ta­rap how­lug­ýar­lar. Uly ýaş­ly aş­ga­bat­ly­la­ryň kö­pü­si, sä­he­riň tä­miz ho­wa­syn­dan dem al­mak üçin, ir bi­len ge­ze­len­je çyk­dy­lar. To­mus sä­he­ri­niň aras­sa ho­wa­sy hem­me ýer­de ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik dö­ret­di, adam­la­ra tu­tuş gü­ne ýe­ter­lik gu­jur-gaý­rat eçil­di. 

                                                                   

We­lo­si­ped spor­ty ba­ra­da­ky gür­rü­ňe gaý­dyp gel­mek bi­len, onuň ta­ry­hy­nyň 1868-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da gu­ra­lan il­kin­ji res­mi ýa­ryş­lar­dan — iki ki­lo­metr ara­ly­ga ge­çi­ri­len bäs­le­şik­ler­den baş­la­nan­dy­gy­ny ýat­lat­mak is­le­ýä­ris. 1896-njy ýyl­da spor­tuň bu gör­nü­şi Afi­ny­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di. 1900-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da bol­sa Pa­riž­de Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bir­le­şi­gi (UСI) dö­re­dil­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan­da hem we­lo­si­ped spor­tu­nyň ta­ry­hy­nyň XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da, 1894-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da we­lo­si­ped­çi­le­riň il­kin­ji jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­dil­me­gi bi­len baş­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şon­dan bir ýyl soň, spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça il­kin­ji ýa­ryş­lar gu­ral­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de spor­tuň bu gy­zyk­ly gör­nü­şi ýur­du­myz­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. 

                                                                   

Hä­zir ça­ga­la­ryň we ýaş­la­ryň bar­ha köp san­ly­sy we­lo­si­ped spor­tu­na çe­kil­ýär. Kör­pe ne­sil spor­tuň bu gör­nü­şi­ni uly hö­wes bi­len öz­leş­dir­ýär. Şu ge­zek­ki we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän­le­riň iş­jeň gat­naş­mak­la­ry hem mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Olar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sow­gat be­ren we­lo­si­ped­le­rin­de us­sat­ly­gy­ny gör­ke­zip, ýa­şyt­daş­la­ry­na gö­rel­de bol­ýar­lar. Döw­let­li­ler köş­gü­niň ýaş tür­gen­le­ri şu­nuň ýa­ly sport-sa­gal­dyş çä­re­le­ri­ne he­mi­şe ru­hu­be­lent­lik­de gat­naş­ýar­lar. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ne­sil üçin döw­re­bap bi­li­mi ele al­ma­ga, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny do­ly aç­ma­ga, dö­re­di­ji­lik we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, sag­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Şun­da aý­ra­tyn gol­da­wa mä­täç ça­ga­la­ra uly üns be­ril­ýär. Bu ugur­da ge­çen ýy­lyň mart aýyn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li bu ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan dur­muş taý­dan aý­ra­tyn gol­da­wa mä­täç ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ra sow­gat al­mak üçin se­riş­de­ler bö­lü­nip be­ril­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 1-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ri­lip, ola­ryň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň — Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň adyn­dan de­giş­li sow­gat­lar kör­pe­le­re, şol san­da Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän ça­ga­la­ra gow­şu­ryl­dy. 

                                                                   

...We­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň ha­tar­la­ry Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýo­ly bo­ýun­ça ýo­lu­ny do­wam edip, Aş­ga­ba­dyň mer­ke­zi­ne ta­rap ugur al­dy. 

                                                                   

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, we­lo­si­ped sür­mek ýy­lyň äh­li pas­lyn­da di­ýen ýa­ly açyk ho­wa­da wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. We­lo­si­ped ula­gyň ýö­ne­keý hem-de el­ýe­ter­li gör­nü­şi­dir. Ol 1817-nji ýyl­da dö­re­dil­di diý­lip ha­sap­lan­ýar. Soň­ra we­lo­si­pe­diň gur­lu­şy yzy­gi­der­li öz­ger­dil­di hem-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. 1885-nji ýyl­dan baş­lap, ula­gyň bu gör­nü­şi hä­zir­ki keş­bi­ne ge­ti­ril­di. Şon­dan soň­ra we­lo­si­ped spor­ty ösüş ýo­lu­na düş­di. 

                                                                   

Yl­my bar­lag­la­ryň gör­ke­zi­şi ýa­ly, we­lo­si­ped sür­len­de, be­de­ne ka­da­ly ag­ram sa­lyn­ma­gy bi­len, ada­myň çy­dam­ly­ly­gy we işe ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­ýar, be­den bo­gun­la­ry, myş­sa­lar, nerw ul­ga­my ber­ke­ýär. We­lo­si­ped spor­ty, we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­ler gan ba­sy­şy­nyň ka­da­laş­ma­gy­na, ýü­rek-da­mar we beý­le­ki ke­sel­le­riň tö­wek­gel­çi­li­gi­niň pe­sel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. We­lo­si­ped sür­mek be­de­niň mad­da aý­la­ny­şy­gy­ny hem go­wu­lan­dyr­ýar, onuň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar, uzak wagt­lyk şäh­da­çyk­lyk ber­ýär. Aýak­la­ryň yzy­gi­der­li he­re­ket­le­ri ga­nyň da­mar­lar­da do­ňup gal­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Mu­nuň özi he­re­ket­le­riň saz­la­şy­gy üçin ne­ti­je­li tür­gen­le­şik bo­lup, ün­sü­ňi bir ýe­re jem­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

We­lo­si­ped sür­len­de, sü­rü­ji­niň na­za­ry dür­li ara­lyk­da ýer­leş­ýän zat­la­ra gö­nüg­ýär. Onuň ne­ti­je­sin­de göz myş­sa­la­ry ber­ke­ýär, bu bol­sa göz ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da we­lo­si­ped spor­ty ka­lo­ri­ýa­la­ry sarp et­mek üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik­dir. Uky­nyň hem-de iý­mit siň­di­ri­şiň go­wu­lan­ma­gy­ny, hat­da öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­nyň uzal­ma­gy­ny hem alym­lar we­lo­si­pe­diň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­ýär­ler. Bu­la­ryň hem­me­si ada­myň özü­ni duý­şu­na, fi­zi­ki, psi­ho­lo­gik we ru­hy ýag­da­ýy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Şeý­le hem we­lo­si­ped spor­ty bi­len tu­tuş maş­ga­la we dost-ýar­lar bi­len bi­le­lik­de meş­gul­la­nyp hem-de ge­ze­lenç edip bo­lar. 

                                                                   

We­lo­si­pe­diň eko­lo­gik taý­dan aras­sa ulag se­riş­de­si bo­lup dur­ýan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Adam sag­ly­gy hem-de onuň do­ly de­re­je­li dur­mu­şy daş­ky gur­şa­wyň ýag­da­ýy­na gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýo­kar­da ag­za­lan Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi, we­lo­si­pe­di hem-de we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler, te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan mil­li stra­te­gi­ýa bi­ziň ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­te eýe bo­lan mö­hüm eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mä­ge goş­ýan uly go­şan­dy­dyr. Sag­lyk we sport, eko­lo­gik aba­dan­çy­lyk hem-de dur­nuk­ly ösüş bir bi­te­wi dü­şün­je­ler­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň bel­le­nen ara­ly­gy­ny ge­çip, ahyr­ky no­ka­da — paý­tag­ty­my­zyň Ru­hy­ýet köş­gü­niň ýa­nyn­da ýer­leş­ýän pel­le­ha­na gel­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin sport-eko­lo­gik çä­rä gat­na­şy­jy­lar bi­len hoş­la­şyp, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di we bu ýer­den ug­ra­dy. 

                                                                   

Mah­la­sy, bu baý­ram­çy­lyk we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi bi­ziň jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­niň, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň be­lent yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­nyň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. 

                                                                   

...Şu gün Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da-da we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler ge­çi­ril­di. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin Wa­ta­ny­myz­da dö­re­di­len aň­ry­baş amat­ly şert­ler ne­ti­je­sin­de sag­dyn hem-de iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si türk­me­nis­tan­ly­la­ryň saý­lap alan ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di, bu he­re­ket äh­li ýaş­da­ky il­deş­le­ri­mi­zi has-da je­bis­leş­dir­di. 

                                                                   

Baý­ram­çy­lyk çä­re­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan dö­re­di­ji­lik­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li we oňyn sy­ýa­sat öz be­ýa­ny­ny tap­dy hem-de ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ok­gun­ly ösü­şi­ni ala­mat­lan­dy­ryp, Di­ýa­ry­my­zyň be­lent hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ny­şa­ny bol­dy.

04.06.2022
Ykdysady ösüşlere badalga

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda tebigy baýlyklarymyzyň orny örän uludyr. Nebitgaz, elektrik energiýasy, ak pagta, bugdaý, ýüpekçilik — bularyň bary türkmen halkynyň bol rysgal-berekedi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň biri bolan «mawy ýangyç» raýatlarymyzyň gowy durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň ilat üçin elýeterli bolmagy raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. 

                                                                   

Döwletimiz tutuş dünýäde iň iri gaz öndüriji ýurt hökmünde tanalýar. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigy gaz pudagynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilaty agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek işleri alnyp baryldy. Ýurduň ähli ýerlerinde, ýagny iň çetki obalarda hem gazlaşdyrmak işleri ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. 

                                                                   

 Ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldap, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýanyň, 2014-nji ýylyň 19-njy
 dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi sebitde geoykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Bu bolsa parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna global we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň alyp barýan işleriniň ykrarnamasydyr.

                                                                   

«Mawy ýangyjy» diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlarynyň köptaraply düzümlerini döretmegiň hasabyna, doganlyk döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary has-da artdyrmak Bitarap döwletimiziň energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.  

                                                                   

Gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana we beýleki ýurtlara energiýa serişdelerini uzak möhletleýin ibermek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler döwletimiziň yklymda iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we iberijileriň hataryna girýändigine şaýatlyk edýär. Kuwwatly serişde binýady, üstaşyr geçirmegiň artykmaçlyklary, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek boýunça iri möçberli, özara bähbitli taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Onda müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny birleşdirip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Döwletara ulgam üç ugurdaş şahalary öz içine alýar. Türkmen gazy Hytaý Halk Respublikasyna akdyrylar. 

                                                                   

Asyryň desgasy hökmünde bütin dünýäniň ünsüni özünde jemleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy we täze eksport ulgamynyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, netijede bolsa halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulanmagyna şert döredýär. 

                                                                   

2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga alan bu turba geçiriji doganlyk hindi halkyna ýylda 33 milliard kubmetr gaz akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin akdyrjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, durmuş, ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlary, degişli elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleri peýda bolar. 

                                                                   

 TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaýdyr. Energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmegiň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslama sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän köprüdir. 

                                                                   

«Galkynyş» gaz käni TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün etjek energetika gorudyr. Bu ýerde ýylda 30 milliard kubmetrden gowrak harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanylmaga berildi. 

                                                                   

Üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasyndaky gepleşikler iki dostlukly ýurduň köpýyllyk dostana gatnaşyklarynyň berkdigini äşgär etdi. Döwlet, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen köp sanly resminamalary birleşdirýän ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de geçirilýän syýasy geňeşmeler we dürli düzümleriň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar aýdylanlaryň aýdyň mysaly bolup biler.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň hasabyna halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýan beýik işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun. 

                                                                                                           

Maýsa KURBANOWA,

                       

Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.

03.06.2022