2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle dabaralar Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzüm birlikleriniň işgärleriniň birnäçesi «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandylar we «Türkmenistanyň at gazanan ykdysadtçysy» diýen hormatly adyň eýeleri boldular. Olaryň sylaglanmagy tejribesini, bilimini hem-de ukypbaşarnygyny Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn hormat goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle maksada okgunly, zehinli, öz borjuna wepaly, watansöýüji ynsanlar ýaş nesiller üçin nusgalykdyr. Döwlet sylagyny gowşurmak dabarasyna Türkmeistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe ykdysadyýet we bank ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary gatnaşdy. Ol dabara gatnaşyjylary Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine çekýän zähmetinde täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Halkymyzyň joşgunly we döredijilikli zähmeti netijesinde Watanymyzyň gün-günden gülläp ösýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatda oýlanşykly işlenip taýýarlanan maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bilim we saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň ösdürilmegine köp möçberde maýa goýum serişdeleri bölünip berilýär. Sebitlerde, hatda Watanymyzyň iň alys künjeklerinde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratly syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý bolan her ýyly ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Çärä gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, halkymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň kuwwatyny we şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabara gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özleriniň ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnyklaryny döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.