Habarlar
Be­lent ru­hy däp­le­ri­mi­ziň do­wa­mat­ly­ly­gy ata Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň esa­sy­dyr

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry ta­mam­lan­dy 

                                                                   

 Jid­da — Me­di­ne — Aş­ga­bat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Me­di­ne şä­he­ri­ne bar­dy. 

                                                                   

Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, düýn döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mu­kad­des Mek­ge şä­he­ri­ne — Mu­ham­met py­gam­be­riň Wa­ta­ny­na um­ra ha­jy­na bar­ýan äh­li zy­ýa­rat­çy­la­ryň ber­jaý et­me­li des­sur­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di. Şu ýer­de ýe­ne-de bir mö­hüm wa­ka­ny bel­läp geç­mek ýer­lik­li bo­lar. Iýun aýy­nyň 1-in­den 2-si­ne ge­çil­ýän gi­je­de, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň zy­ýa­ra­ty wag­tyn­da mu­kad­des Kä­bä­niň — Al­la­ta­ga­la­nyň öýü­niň ke­ra­mat­ly ör­tü­gi ser­pi­lip, mü­bä­rek ga­py­la­ry açyl­dy we onuň için­de na­maz oka­mak üçin örän seý­rek müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa mu­kad­des Kä­be­den ke­ra­mat­ly ny­şan ha­sap­lan­ýan te­per­rik gow­şu­ryl­dy. 

Hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­da şeý­le aý­ra­tyn müm­kin­çi­lik il­kin­ji ge­zek 2016-njy ýy­lyň maý aýyn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­ra­ty wag­tyn­da dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wa­ka bol­sa Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da türk­men hal­ky­na, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ze, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z Ser­dar Berdimuhamedowa, ýur­du­my­zyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa bil­di­ril­ýän çuň­ňur hor­mat-sar­pa­nyň no­bat­da­ky güwäsi bol­dy. 

                                                                   

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mek­ge­den Jid­da şä­he­ri­ne gel­di. Pa­ty­şa Ab­du­la­ziz adyn­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uça­ry mu­sul­man­lar üçin äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça ikin­ji şä­he­re — Me­di­nä ug­ra­dy. 

                                                                   

Mu­ham­met py­gam­ber bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 622-nji ýy­lyn­da Mek­ge­den hij­ret eden­den, ýag­ny gö­çen­den soň­ra, Me­di­ne­de ýa­şa­ýar we ys­lam di­ni­ni wa­gyz ed­ýär. Mu­sul­man­la­ryň hij­ri ýyl ha­sa­by hem öz göz­ba­şy­ny şol se­ne­den alyp gaýd­ýar. Bu ýer­de py­gam­be­ri­miz öz sa­ha­ba­la­ry­ny da­şy­na jem­läp, se­kiz ýyl­dan soň­ra, ýe­ňiş bi­len ýe­ne Mek­gä do­la­nyp bar­ýar. Me­di­ne şä­he­ri adam­zat ta­ry­hyn­da il­kin­ji mu­sul­man döw­le­ti­niň paý­tag­ty bo­lup, ys­lam di­ni bu ýer­den tu­tuş dün­ýä ýaý­ra­ýar. 

                                                                   

…...Bir sa­ga­da go­laý wagt­dan uçar Şa­za­da Mu­ham­med bin Ab­du­la­ziz adyn­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip gon­ýar. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowy Me­di­ne we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Feý­sal bin Sal­man Al Sa­ud we beý­le­ki res­mi adam­lar gar­şy­la­ýar­lar. 

                                                                   

Bu ýer­de ge­çi­ri­len söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de Me­di­ne we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi, Pa­ty­şa­nyň bä­şin­ji og­ly Feý­sal bin Sal­man Al Sa­ud deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra hor­mat goý­mak esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. 


Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň iki­ta­rap­la­ýyn esas­da bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şol san­da ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, dost­lu­ga, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýan türk­men-sa­ud gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­tou­lag ker­we­ni ho­wa men­zi­lin­den Mu­ham­met py­gam­be­riň met­ji­di­ne ta­rap ugur al­ýar.  

                                                                   

Mu­sul­man Gün­do­ga­ry­nyň bu meş­hur şä­he­ri bo­lan Mek­gä “Al-mu­kar­ram”, “Umm-al-ku­ra” («Mü­bä­rek şä­her», «Şä­her­le­riň ene­si»), Me­di­nä bol­sa “Al-mu­naw­wa­ra”, ýag­ny “Nu­ra­na Me­di­ne” ýa­ly aý­ra­tyn at­la­ryň be­ril­me­gi tö­tän­den däl­dir. Hä­zir­ki wagt­da 1 mil­lion­dan gow­rak ila­ty bo­lan bu iri şä­he­re her ýyl şon­ça­rak zy­ýa­rat­çy gel­ýär. 

                                                                   

Bu top­rak­da Mu­ham­met py­gam­be­riň jaý­la­nan­dy­gy üçin Me­di­ne şä­he­ri Mek­ge bi­len deň de­re­je­de tu­tuş dün­ýä­niň mu­sul­man­la­ry üçin mu­kad­des­dir. Zy­ýa­rat­çy­lar şä­her­de ýer­leş­ýän “Jen­net al-Ba­ky” öw­lü­ýä­si­ne zy­ýa­rat et­me­gi öz­le­ri­ne parz ha­sap­la­ýar­lar. Bu ýer­de py­gam­be­ri­mi­ziň maş­ga­la­sy Aý­şa­nyň we onuň gy­zy Pat­ma­nyň, şeý­le-de bir­nä­çe ha­lyf­la­ryň gu­bur­la­ry bar. 

                                                                   

Mu­ham­met py­gam­be­riň met­ji­di (Al-Mas­jid an-Na­ba­wi) dün­ýä­de ulu­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji met­jit bo­lup, şä­he­riň esa­sy we aja­ýyp kün­je­gi­dir. Onuň gur­lu­şy­gy­na py­gam­be­ri­mi­ziň hut özi gat­na­şyp­dyr. Ara­dan çy­kan­dan soň ol bu ýer­de jaý­lan­ýar. On­dan soň­ky ys­lam hö­küm­dar­la­ry met­ji­di has-da gi­ňeld­ýär­ler. 

 Bi­şen ker­piç­den gur­lan bu top­lum di­ňe bir öl­çeg­le­ri däl, eý­sem, be­ze­gi bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň be­zeg iş­le­rin­de mer­me­riň seý­rek gör­nüş­le­ri hem-de gym­mat ba­ha­ly me­tal­lar ula­ny­lyp­dyr. Ol gö­zel­li­gi bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dy­ryp, mu­sul­man bi­na­gär­li­gi­niň iň aja­ýyp nus­ga­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de uly şöh­ra­ta eýe­dir. Met­ji­diň hä­zir­ki öl­çeg­le­ri il­kin­ji gur­lan bi­na­syn­dan ýüz es­se tö­we­re­gi ulu­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Mu­ham­met py­gam­be­riň met­ji­di kö­ne Me­di­ne şä­he­rin­den hem uly meý­da­ny eýe­le­ýär. 

                                                                   

Met­ji­diň esa­sy gi­rel­ge­si­niň ag­zyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy onuň yma­my hor­mat bi­len gar­şy­la­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za met­ji­diň ta­ry­hy ba­ra­da we onuň bi­len bag­ly ro­wa­ýat­la­ry gür­rüň ber­di­ler. 

                                                                   

Met­ji­diň ta­kyk gur­lan wag­ty bel­li däl. Ol ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ra XII asy­ryň ba­şy­na de­giş­li kö­ne gol­ýaz­ma­lar­da duş gel­mek bol­ýar. Mu­ham­met py­gam­be­riň met­ji­di mu­sul­man jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şyn­da he­mi­şe aý­ra­tyn or­ny eýe­läp gel­ýär. Bu ýer­de ys­la­ma la­ýyk­lyk­da, di­ni yba­dat­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Met­jit il­kin­ji ýyl­la­ryn­da dür­li we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir, on­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri ge­çi­ri­lip­dir, bu ýer­de ka­zy­ýet we mek­dep ýer­le­şip­dir. 

                                                                   

Hut şu met­ji­diň çä­gin­de tä­sin kün­jek — be­hiş­diň ýer­dä­ki bö­le­ji­gi ýer­leş­ýär diý­lip ha­sap­lan­ýar. Ro­wa­ýa­ta gö­rä, ol kün­jek ky­ýa­mat­da hem abat ga­lar­myş. 

                                                                   

Met­jide mer­mer dü­şe­lip, onuň üs­tün­den ne­pis ha­ly­lar ýa­zy­lyp­dyr. Daş­ky di­war­la­ry we ga­py­la­ry dür­li reňk­li daş­lar bi­len be­ze­lip­dir. Bu ýe­re ge­len her bir mu­sul­man py­gam­be­ri­mi­ze sa­la­wat aýt­ma­ly. 

                                                                   

Mu­ham­met py­gam­be­riň küm­me­ti top­lu­myň gü­nor­ta-gün­do­gar bö­le­gin­de, met­jit­dä­ki ýe­ke-täk ýa­şyl güm­me­ziň aşa­gyn­da ýer­leş­ýär. Py­gam­be­ri­mi­ziň gu­brun­da XI asyr­da ýa­zy­lan “Nu­ret­din Mah­mut Met­jit” di­ýen ýaz­gy sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ol ata­beg türk­men­le­rin­den bir hö­küm­da­ryň ady­dyr. Py­gam­be­ri­mi­ziň küm­me­ti­niň ýa­nyn­da onuň ýa­kyn egin­deş­le­ri — hez­re­ti Ebu Be­ki­riň we hez­re­ti Oma­ryň gu­bur­la­ry bar. 

                                                                   

Mu­sul­man dün­ýä­sin­de Mek­ge we Me­di­nä­niň ara­syn­da ta­pa­wut go­ýul­ma­ýar, çün­ki bu iki mu­kad­des­lik ys­lam­da deň-de­re­je­de äh­mi­ýet­li­dir. Bu ýe­re ha­ja zy­ýa­ra­ta ge­len­ler beý­le­ki mu­sul­man­lar üçin ru­hy ha­ly­pa ha­sap­lan­ýar. Zy­ýa­rat­çy­la­ryň iki mu­kad­des ýe­re hem şol bir wag­tyň özün­de zy­ýa­rat eden ha­lat­la­ry seý­rek­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki um­ra ha­jy­ny Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za we Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­na bil­di­ri­len aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul et­mek bo­lar. Hat­da py­gam­be­ri­mi­ziň ha­dy­syn­da-da: “Kä­be­den soň­ra Mu­ham­met py­gam­be­riň met­ji­din­de oka­lan na­maz beý­le­ki oka­lan na­maz­lar­dan müň es­se so­gap­ly­dyr” di­ýil­ýär. Mu­sul­man­lar bu ýer­de edi­len do­ga-di­leg­le­riň hök­man ka­bul bol­jak­dy­gy­na ynan­ýar­lar. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de bu örän uly met­jit in­že­ner­çi­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy­dyr. 89 gi­rel­ge­si bo­lan bi­na­ny aw­to­ma­tik ýag­daý­da açy­lyp-ýa­pyl­ýan, her­si­niň ag­ra­my 80 ton­na bo­lan güm­mez­ler be­ze­ýär. Bu ýer­de be­ýik­li­gi 100 metr­den gow­rak 10 sa­ny mi­na­ra bo­lup, ola­ryň iki­si py­gam­be­ri­mi­ziň ýa­şan wag­tyn­dan bä­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Olar gö­zel­li­gi bi­len haý­ran gal­dy­ryp, bi­na­gär­lik nuk­daý­na­za­ryn­dan uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. 

                                                                   

Top­lum 27 sa­ny na­maz okal­ýan how­ly­ny özün­de jem­le­ýär. Met­jit­de şol bir wag­tyň özün­de 600 müň adam ýer­le­şip bil­ýär. Ýö­ne haj wag­tyn­da bu ýe­re her ýyl mil­lion­dan gow­rak adam gel­ýär. Met­ji­diň ägirt daş “sa­ýa­wan­la­ry” zy­ýa­rat­çy­la­ry ýa­gyş­dan hem-de Gü­nüň gyz­gyn şöh­le­sin­den go­ra­ýar. 

                                                                   

Mun­dan baş­ga-da, met­jit dün­ýä­dä­ki iň uly suw we elekt­rik üp­jün­çi­lik ul­ga­my, döw­re­bap so­wa­dyş ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edi­len­dir. Olar met­jit­den 7 ki­lo­met­re çen­li uzak­lyk­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ag­şam­la­ry­na Al Mas­jid an-Na­ba­wi­niň yşyk­lan­dy­ry­ly­şy aja­ýyp gör­nüş­le­ri dö­red­ýär. Met­ji­diň dört bur­çun­da ýer­leş­di­ri­len mi­na­ra­lar has ýag­ty yşyk­lan­dy­ryl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we­ki­li­ýet ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de Mu­ham­met py­gam­be­riň met­ji­di­niň hor­ma­ty­na na­maz oka­dy. Py­gam­be­ri­mi­ziň mü­di­mi­lik aram ta­pan ýe­rin­de Be­ýik Bi­ri­bar­dan ata Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we ro­waç­ly­gy üçin do­ga-di­leg­ler edil­di. 

                                                                   

Ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň 2016-njy ýyl­da bu ýer­de bo­lup, na­maz okan­dy­gy­ny hem-de mu­kad­des top­rak­da ýag­şy di­leg­le­riň, umyt-ar­zuw­la­ryň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň ys­lam dün­ýä­sin­de mu­kad­des sa­ýyl­ýan gym­mat­lyk­la­ra aý­ra­tyn ga­dyr goý­mak dä­bi­niň ta­ry­hyň jüm­mü­şin­den gel­ýän­di­gi­niň we nus­ga­lyk asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny bo­lup­dy. 

                                                                   

Ine, bu gün bol­sa Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­myz pe­der ýo­lu­ny do­wam edip, ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry hem-de kümüş saçly ene­le­ri bi­len bi­le­lik­de ke­ra­mat­ly top­ra­ga ge­lip, haj par­zy­ny ber­jaý et­me­gi pe­der-per­zent mek­de­bi­niň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýän pur­sat­la­ra öw­rül­di. 

 Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­my­zyň ýa­şu­lu­lar hem-de ak gy­ňaç­ly eneler bilen bilelikde mu­kad­des ýerlerde ybadat etmegi türk­men ilin­de ag­zy­bir­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň we ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry esa­sy ugur edin­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň döw­re­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. 

                                                                   

Her bir mu­sul­man üçin mu­kad­des bo­lan ýer­le­re zy­ýa­rat­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­tou­lag ker­we­ni Me­di­nä­niň Şa­za­da Mu­ham­med bin Ab­du­la­ziz adyn­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ug­ra­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň we­kil­le­ri­ne mu­kad­des top­rak­da — ys­lam di­ni­niň wa­ta­nyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin çuň­ňur min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan edip, Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy. 

                                                                   

 Bir­nä­çe sa­gat­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. 

                                                                   

Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy al­dy­lar hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­lan­ma­gy we um­ra ha­jy­ny ber­jaý et­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den, mä­hir­li gut­la­dy­lar.

03.06.2022
Işeňňir - işde belli

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri te­le­ke­çi­lik işi­niň giň ge­rim­li ös­dü­ril­ýän za­ma­na­sy bo­lup, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly ösüş­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Te­le­ke­çi­lik işi­niň aby­ny-ta­by­ny ele alan te­le­ke­çi­ler öz saý­lan ugur­la­ryn­dan kuw­wat­ly Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar we gel­je­giň asyl­ly mak­sat­la­ry­ny na­zar­lap iş­le­ýär­ler. Bi­zem go­laý­da «Dost­gur­lu­şyk» söw­da-önüm­çi­lik ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, tej­ri­be­li te­le­ke­çi Nur­mu­ham­met Me­re­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Işeň­ňir­li­gi söz ur­şun­da­nam äş­gär bo­lup du­ran te­le­ke­çi bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gi­miz ýaş işe­wür­ler we te­le­ke­çi­ler üçi­nem äh­mi­ýet­li bo­lar di­ýip umyt ed­ýä­ris. 

                                                                   

 — Nurmuhammet, telekeçilik işine başlamak, onda-da gurluşykçy telekeçi bolmak aňsat bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa siz erjellik bilen bu işiň başyny tutmagyň hötdesinden gelipsiňiz. Söhbetimiziň başyny bu asylly işi ýola goýşuňyz, telekeçi bolmaga itergi beren ýagdaýlar baradaky gürrüňlerden başlaýalyň. 

                                                                   

— Hawa, dogrusy, ilkibada aňsat bolmady. Pikiriňi bir ýere jemläp, alaga-da, ullakan işiň başyny tutaýmak aňsat däl. Kän oýlandym, ölçerdim, sala saldym. Ahyram 2013-nji ýylda «Dostgurluşyk» söwda-önümçilik hojalyk jemgyýetiniň düýbüni tutduk. Kiçiräk desgalarda başlan gurluşyk işlerimiziň ýaýrawy gitdigiçe has artyp başlady. Işler ugrugyp başlansoň, hojalygyň işiniň gerimini has artdyrmak üçin «Nur» söwda-önümçilik gurluşyk jemgyýetini hem esaslandyrdyk Bu jemgyýet suw arassalaýjy käbir desgalary gurmak işini alyp barýar. Häzirki wagtda biziň 8 gektara barabar ýerde ýyladyşhanamyz hem bar. Onda dürli miwe we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýäris. 

                                                                   

 — Siziň hojalyk jemgyýetiňiz bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň çar künjeginde gurluşyk işlerini alyp barýar. Şonuň üçinem guran has iri edara hem medeni maksatly binalaryňyz hakynda durup geçseňiz? 

                                                                   

— Hawa, guran binalarymyzyň sany barha artýar, olary birin-birin sanap oturmaýyn-da, esasylaryny agzaýyn. Hojalyk jemgyýetimiz Lebap welaýatynda kuwwaty bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suw arassalaýjy desgany, çagalar bagyny, Mary welaýatynda her biriniň kuwwaty bir gije-gündizde 10 000 m3 bolan iki sany lagym suw arassalaýjy desgalaryny, lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşyk-gurnama, Ahal welaýatynyň Kaka etrap hassahanasynyň durkuny täzelemek işlerini we başga-da birnäçe gurluşyklary amala aşyrdy. Häzirki wagtda-da gurluşyk işleriniň gerimini has artdyrmak ugrunda jan edýäris.  

                                                                   

 — Nurmuhammet, gurluşykçy telekeçi bolmak üçin arhitektor bolmak hökmanmy?  

                                                                   

— Gurluşyk işlerinde telekeçi bolmak üçin hökmany arhitektor bolmaly diýip bolmaz, ýöne, elbetde, gurluşyk inženerçilik we binagärlik bilen baglanyşykly düşünjäň ýetik bolsa gowy. Men aslynda filolog, ýöne öň daşary ýurt gurluşyk firmalarynda jogapkärli wezipelerde işläp görenimden soň, gurluşyk işi babatda belli bir tejribe edindim. Onsoňam hojalyk jemgyýetimize bu ugurdan ýörite hünärmenleri turuwbaşdan işe çagyrdym. 

                                                                   

 Bu wagt döwrümiz özgerýär, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başlanan gurluşyk işleri ähli ulgamlarda ösüşleriň belent derejelerine ýetýär. Onsoň, şeýle döwrebap ösüşlere gurýan binaňam gurluş we hil taýdan gabat gelmeli. Şonuň üçin tejribeli arhitektorlar meniň esasy iş hemaýatçylarym bolup durýar. 

                                                                   

 — Işiň başynda şowsuzlyga uçrap gördüňizmi? Ýöwsellän, tutan maksadyňyzdan el çekeýin-le diýen wagtlaryňyz bolupmydy? 

                                                                   

— Hawa, aljyradýan ýagdaýlar kän bolupdy. Netije garaşyşyň ýaly bolanok ýa-da binaň taslamasy bilen bagly käbir säginmelere gabat gelmeli bolýarsyň. Tejribeli binagär bolanda-da, käte onuň hem taslamasyna üýtgeşme, goşmaça girizmeli bolýar. Garaz, maslahatlaşyp, öwrenip kämilleşmelidigiňe düşünýärsiň. Meniň käteler şeýle ýagdaýda işden elim sowan pursatlarymam boldy, ýöne herhal, maşgala agzalarymyzyň, doganlarymyň, dostlarymyň goldaw beriji sözleri meni täzeden galkyndyryp, işe başgaça hyjuw bilen başlamaga ruhlandyrdy 

                                                                   

 — Perzentleriňiziň arasynda siziň işiňizi dowam etdirmäge höweslisi barmy? 

                                                                   

— Hawa, bar. Men muňa diýseň begenýärin. Üç oglum hem bir gyzym bar. Gyzymam, ogullarymyň biri hem gurluşyk işlerine höwes bildirýärler, özlerem telekeçi bolmagyň arzuwynda. Olaryň käteler dynç günleri gurluşyk meýdançasyna aýlanyp ýörenlerini, gurluşykçylaryň işi bilen gyzyklanyşlaryny görenimde başym gök direýär. Bereket tapan işimi balalarymyň dowam etdirmäge höwesekdiklerine buýsanjymyň çägi ýok. 

                                                                   

 — Hormatly Prezidentimiziň telekeçileri goldamak baradaky aladalary ýurdumyzyň telekeçileriniň her biriniň işine oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň telekeçiler syýasatynyň täsirini siz öz işiňizde neneňsi duýýarsyňyz? 

                                                                   

— Täsir gaty gowy duýulýar. Eger Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiler üçin salgyt babatdaky ýeňillikleri, ilki işe girişen telekeçilere ýeňillikli karzlary bermek baradaky asylly başlangyçlary ýardam bermedik bolsa, işimiz şol ýörjen-ýörjenligine galsa-da galardy. Biz hut şeýle ýeňillikleri öz wagtynda ulanyp, şeýle derejelere-de ýetdik ahbetin. Geçilen ýyllar bizi tejribe taýdan has kämilleşdirdi, döwletimiz tarapyndan döredilen ýeňillikli şertler bolsa şol tejribäniň ykbalymyza dahylly bolmagyna itergi berdi. Şeýdibem, biziň hojalyk jemgyýetimiz ýurdumyzyň çäginde öndümli işleýän gurluşyk hojalyk kärhanasyna öwrüldi. Hut şonuň üçinem biziň kalbymyzda Arkadagly Serdarymyza hem Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş sözlerimiziň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiz işleýän we işlejek adama juda uly hormat goýýar, olaryň işlemegi, gözlemegi, tapmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär, şonuň üçinem ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiz hem onuň aýrylmaz bölegi bolan telekeçilik işi batly depginler bilen ösýär. 

                                                                   

 — «Dostgurluşyk» söwda-önümçilik hojalyk jemgyýetiňiziň ady hakynda durup geçesim gelýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu dostlaryň birleşen tagallasyny aýan edýärmi ýa-da özüňiziň ýöne goýan adyňyzmy? 

                                                                   

— Elbetde, dostlaryma hormatym hökmünde şeýtdim. Sebäbi işe başlamagyma ýakyndan ýardam berenem şolar ahbetin. Olaryň maslahaty we goldawy işiň şunuň kimin netijeli bolmagyna itergi berdi. Olaryň edil häzirki wagtda hem kärhanamyzda dürli hünärlerde zähmet çekip, meniň esasy zähmet daýanjyma öwrülendiklerini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin. 

                                                                   

 — Ýaş telekeçilere berjek maslahatlaryňyz? 

                                                                   

— Işiň ýaramazy ýok. Haýsy işe başlasalaram, şony soňuna çenli alyp gitmekligi maslahat bererdim. «Men gowy telekeçi bolaryn» diýen ynanç hiç wagt gursagyndan aýrylmadyk ýaş işewür maksadyna hökmän ýeter. Ululary diňlemeli, tejribeli telekeçilerden öwrenmeli. Mydama täzeligiň gözleginde bolmaly. Sähel şowsuzlyga erkiňi aldyrmaly däl, gaýtam, şowsuzlyklar, bökdençlikler seni taplamaly, kämilleşdirmeli. Ýaşlar, esasanam, töwerege synçy nazaryny salyp bilmeli, edilýän işlere ser salyp, ondan netije çykarmagy başarmaly. Töweregindäki işi birkemsiz gurnalan telekeçiler muny nädip başarypdyrlar, şoňa göz ýetirjek bolmaly, gerek bolsa soramagam, öwrenmegem aýyp däl. Ine, meniň ýaşlara berjek maslahatym. 

                                                                   

 — Nurmuhammet, işiň hilini ýokarlandyrmak üçin nämeler edilse gowy? 

                                                                   

— Gurluşyk üçin ulanýan gurluşyk serişdeleriniň hili gowy bolmaly, üstesine-de, gurluşykçynyň işi hem göwnejaý ýerine ýetirilen bolmaly. Ýokary hilli gurluşyk serişdeleri hem işini oňat bilýän gurluşykçy gowy hiliň gazanylmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Işçi güýji işe höweslendirmegi başarmaly, işçiler gurluşykçy telekeçiniň esasy daýanjy, üstesine-de tehnikalaryň guratlygy we çig mal serişdeleriniň üpjünçiligi esasy üns merkeziňde bolmaly. Ine, şu zatlary utgaşdyryp bilseň, işleriň öz akymyna gitjekdigi ikuçsyzdyr. 

                                                                   

 — Nurmuhammet, juda işlidigiňize seretmezden, biz bilen söhbetdeş bolmaga wagt tapandygyňyz üçin size hoşallyk bildirýäris. Goý, geljekde-de işiňiz rowaç, maksatlaryňyz myratly bolsun! Söhbetdeşlik üçin sag boluň! 

                                                                   

 — Sizem sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeşligi taýýarlan Dursun TEKÄÝEWA,

                       

žurnalist.

03.06.2022
Dünýäde islegli önümler

Welaýatymyzyň çäginde döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň birisi Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigidir. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän dokma senagaty düzümleriniň hatarynda kärhananyň ady hormat bilen tutulýar. Şu ýylyň dowamynda bu ýerde 44 million manatlyk önümiň öndürilmegi meýilleşdirildi. Häzirki gazanylýan üstünlikler hünärmenleriň bu önümleriň möçberiniň 50 million manatlykdan kem bolmajakdygyny çaklamaklaryna esas döredýär. 

                                                                   

Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere dünýä bazarlarynda uly isleg bildirýärler. Eksporta iberilýän önümleriň artmagynda bu fabrigiň hem aýratyn paýy bar. Kärhana 2014-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Şondan bäri önümçilik meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ykdysatçy Rahat Juraýewanyň aýtmagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri fabrikde 15 million 333 müň manatlygyň ýerine 21 million 494 müň manatlyk önüm öndürildi. Pul hasabynda alnanda, meýilnama 140 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalary oturdylan pamyk egriji kärhanada işleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Önümçiligiň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy ýokary hili we zähmet öndürijiligini üpjün edýär. Ýüplük önümleri ähli görkezijileri boýunça dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Fabrikde önümiň hiline, nah ýüplügiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmek üçin kämil tehnologiýalardan ybarat barlamhana işleýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda öndürilýän önümleriň aglaba bölegi Russiýa, Türkiýe, Polşa, Gruziýa ýaly döwletlere eksporta iberilýär. Önümleriň ekologiýa taýdan arassalygy olaryň islegli bolmagynyň ýene bir artykmaçlygydyr. Kärhananyň baş inženeri Anwar Eminow kärhanada hünärmenleriň 150-den gowragynyň zähmet çekýändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, kärhananyň şu günlerdäki sazlaşykly işleri hormatly Prezidentimiziň özümizde öndürilýän önümleriň bolçulygyny döretmek ugrunda ýöredýän syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Bu bolsa il-ýurdumyzyň bähbidine hyzmat edýär.  

                                                                   

Giň we ýagty, dokmaçylyk boýunça dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň ýerleşýän binalary dokma senagatynda bolup geçen oňyn özgerişlikleriň aýdyň subutnamasydyr. Esasy binada ýokary hilli nah ýüplükleriň önümçiligi ýerleşýär. Bu ýerde gurnalan enjamlaryň uzalyp gidýän göze gelüwli hatarlarynda hünärmenler işiň gidişine gözegçilik edýärler. Awtomatlaşdyrylan enjamlarda ýüplükler emele gelýär, taýýar önüm derejesine ýetirilýär. Dört hatarda bu işe ýöriteleşdirilen enjamlar kompýuter tehnologiýalary arkaly dolandyrylýar. Narhal Saparowa, Didar Çaryýew, Nigara Garowa, Şarapat Durdyklyçewa ýaly hünärmenler bu enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar. 

                                                                   

Ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanada işler ileri. Bu bolsa ilki bilen kärhananyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuşlaryna hem oňyn täsirini ýetirýär. Fabrigiň direktory Bagtyýar Çaryýew kärhanada hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlarynyň aýratyn aladalar bilen gurşalyp alynmalydygy baradaky tabşyryklaryna hem jogapkärli çemeleşilýändigini gürrüň berýär. Özleri baradaky aladany çynlakaý duýýan zähmet adamlarynyň işe bolan garaýyşlary hem başgaça bolýar. Olar iş meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etmäge çalyşýarlar. Munuň iş ýüzünde hasyl bolýandygyny ýokary zähmet görkezijileri aýdyň tassyklaýar.  

                                                                                                           

Ilmyrat BERDIÝEW.

                       

Surata düşüren Merdan ORAZOW.

02.06.2022
Mekgäniň keramatly topragyna zyýarat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär 

                                                                   

 Aşgabat — Jidda — Mekge, 1-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir. 

                                                                   

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri ugratdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ak ýol arzuw edip, Muhammet pygamberiň Watanynda etjek zyýaratynyň kabul bolmagyny dilediler. 

                                                                   

Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolunyň ak, işleriniň rowaç, hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny nazarlaýan tutumlarynyň şowly, doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg etdi. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli. 

                                                                   

 ...Hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz uçara mündi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň “ykdysady paýtagty” diýlip atlandyrylýan we ululygy boýunça ikinji şäheri bolan Jidda tarap ugur aldy. 

                                                                   

Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata barýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Olar mähriban Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini dileg etdiler. 

                                                                   

Birnäçe wagtdan soň, wekiliýetiň ähli agzalary zyýarat üçin niýetlenen yhram lybasyny geýdiler. Hormatly Prezidentimiz wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, olaryň zyýaratlarynyň kabul bolmagyny dileg etdi we hormatly ýaşulularyň, eneleriň hal-ahwallary bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Zyýarata barýan ýaşulular we dili senaly eneler, ilkinji nobatda, Arkadagly Serdar bilen bir uçarda mukaddes ýerlere gitmegiň özleri üçin belent mertebedigini nygtadylar we bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler. 

                                                                   

Jidda ýurduň diňe bir iri diplomatik we ykdysady merkezi bolman, eýsem, yslamyň esasy mukaddesliklerine — Mekge we Medinä haj parzyny berjaý etmäge gelýän köp sanly musulmanlaryň ilki bilen ýygnanýan ýeridir. 

                                                                   

Dört sagada golaý uçuşdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Mekge welaýatynyň häkimi, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň geňeşçisi Halid bin Feýsal Al Saud we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar. 

                                                                   

Jiddanyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni yslam dünýäsiniň ruhy paýtagtyna — mukaddes Mekge şäherine ugraýar. 

                                                                   

Bu ýerde biziň eýýamymyzyň 570-nji ýylynda yslam dinini esaslandyran Muhammet pygamber dünýä inýär. Yslam dinine görä, Muhammet pygamber iň soňky pygamber we Allatagalanyň resuly bolup, oňa mukaddes kitap — Gurhan inderilýär. 

                                                                   

Mekge ýylda millionlarça musulmany kabul edýän halkara zyýarat merkezidir. Hut şu ýerde — mukaddes şäheriň ýüreginde, dünýäniň iň uly we esasy metjidi bolan Al-Haram metjidi ýerleşýär. Bu metjit öz taryhynyň dowamynda birnäçe gezek täzeden guruldy. Soňky ýyllarda onda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we giňeldildi. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda geçirilen abatlaýyş işleriniň barşynda metjidiň günorta-günbatar tarapynda iki minaraly täze, uly bina guruldy. Hut şu binada hem metjidiň esasy girelgesi — Patyşa Fahdyň derwezesi ýerleşýär.  

                                                                   

2007 — 2012-nji ýyllar aralygynda Saud Arabystanynyň Patyşasynyň — Iki mukaddesligiň hyzmatkäriniň gözegçilik etmeginde Al-Haram metjidinde nobatdaky giň möçberli abatlaýyş işleri geçirildi. Esasan, demirgazyk tarapa giňeldilmeginiň netijesinde, onuň eýeleýän meýdany 400 müň inedördül metre çenli ýetdi. Ozalky 9 minaranyň üstüne ýene-de ikisi goşuldy, şeýle-de Patyşa Abdallanyň täze derwezesi guruldy. 

                                                                   

Al-Haram metjidiniň içerki howlusynyň merkezinde yslamyň esasy mukaddesligi — Käbe ýerleşýär. Ol daşdan gurlan hem-de beýikligi 15 metr kub görnüşli bina bolup, onuň çüňkleri dünýäniň dört tarapyny görkezýär. 

                                                                   

Her ýyl Käbe üçin gara reňkli ýüpek matadan ýörite ýapynja taýýarlanylýar. Onuň ýokarky bölegi altyn sapaklarda ýazylan Gurhanyň süreleri bilen bezelýär. 

                                                                   

Käbe “al-Bait al-Haram” diýlip atlandyrylyp, arapça «mukaddes öý» diýmegi aňladýar. Dünýäniň ähli musulmanlary üçin ol kybla bolup hyzmat edýär. Musulmanlar namaz okanlarynda, ýüzlerini şoňa tarap öwürýärler. 

                                                                   

Käbäniň gündogar tarapynda, bir ýarym metr belentlikde Allatagala tarapyndan inderilen Hajar al-Asweti (Gara daş) oturdylypdyr. Zyýarat wagtynda musulmanlar şol daşa ellerini degirýärler. 

                                                                   

Rowaýata görä, Gara daş asmandan inen wagtynda göz gamaşdyryjy ap-ak reňkde bolup, ony Mekgeden dört günlük uzaklykdan hem görmek mümkin eken. Soňra günä iş edenleriň köp sanlysynyň elleriniň degmegi bilen, ol garalyp, şu wagtky durkuna ýetipdir. 

                                                                   

 Şeýle hem Al-Haram metjidinde mukaddes Zemzem çeşmesi bar. Şol çeşmäniň töwereginde-de Mekge döräpdir. 

                                                                   

Haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap işleriň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir hem-de mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr, ýöne adamlaryň millionlarçasy haj üçin kesgitlenen ýörite aýda däl-de, ýylyň islendik beýleki wagtynda umra hajyny ýerine ýetirýärler. 

                                                                   

 Umra we haj ýerine ýetirilenden soňra, musulmanlaryň köňli aram tapyp, ruhy taýdan päklenýär diýlip düşünilýär. 

                                                                   

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutanymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdarymyz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başlaýarlar. 

                                                                   

Yhram haj we umra dessurlaryny ýerine ýetirmek zyýaratçynyň mukaddes dessury berjaý etmäge girişmegini niýet edinýändigini alamatlandyrýan ilkinji hereket bolup durýar. 

                                                                   

Zyýaratçylar haj parzyny berjaý etmezden ozal, tutuş bedenini tämizleýärler we mukaddes parzy ýerine ýetirmegi niýet edinýändigini eşidiler ýaly edip aýdýarlar hem-de ýörite doga okaýarlar. 

                                                                   

Päk niýetliligi we Allatagalanyň öňünde hemmäniň deňligini aňladýan ýörite ak lybas geýnen zyýaratçylar hökmany tawafy ýerine ýetirýärler, ýagny Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanýarlar. Ýöriş mukaddes  

 Gara daşyň sag burçundan başlanýar. 

                                                                   

 Bu dessur sag eliňi galdyryp, Käbä salam bermek bilen başlanýar. 

                                                                   

Ýedilik san yslamda möhüm hasaplanýar. Tawaf dünýä gurluşyny we ýekehudaýlylygy alamatlandyryp, Käbäniň daşyndan her bir aýlaw “Allahu Ekber” diýen sözler bilen jemlenip, ol kämilligiň täze tapgyryny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gara daşyň ýanyna barýar we Beýik Biribardan doga-dileg edip, türkmen halkyna eçilen rysgal-berekedi, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň, ata Watanymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň bähbidine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigi üçin Allatagala şükranalyk etdi. 

                                                                   

Goý, Beýik Biribar türkmen topragyndan baran zyýaratçylary öz penasynda aman saklasyn! Allatagalanyň mukaddes öýünde olaryň doga-dilegleri kabul bolsun! 

                                                                   

Soňra zyýaratçylar kaşaň metjit toplumynyň çäginde ýerleşýän Makam Ybraýym atly ýere geldiler. Rowaýata görä, hut şu ýerde Käbäniň gurluşygy mahalynda Ybraýym pygamber durupdyr. Häzirki döwürde bu ýerde uly bolmadyk, gümmezli desga ýerleşýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de wekiliýetiň agzalary mukaddes Zemzem çeşmesinden suw içdiler we Beýik Biribardan doga-dileg etdiler. 

                                                                   

Soňra türkmen zyýaratçylary saý dessuryny ýerine ýetirdiler, ýagny Gurhanda ady geçýän Safa we Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek aýlandylar. Bu dessur hem sag eliňi ýokary götermekden başlanýar. 

                                                                   

Musulmançylykda bu dessuryň ýüze çykmagynyň birnäçe düşündirişi bar. Olaryň has giňden ýaýrany hem bu dessuryň Bibi Hajaryň ogly Ysmaýyl üçin suw gözläp, iki dagyň arasynda eýläk-beýläk aljyrap ylgandygyny aňladýan düşündirişdir. Perişdeleriň biri aljyran zenana rehimi inip, aýagy bilen ýeri depýär we ol ýerde gudrat bilen Zemzem çeşmesi döreýär.  

                                                                   

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýörite din wekili türkmen zyýaratçylaryna dessuryň aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Soňra olar bu ýerde okamaly dogany gaýtalaýarlar. 

                                                                   

 Bu dessur tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz we ýanyndaky adamlar iki rekagat nepil namazyny okadylar. 

                                                                   

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýörite din wekili hormatly Prezidentimiziň kakasy — hajy Arkadagymyzyň haj parzyny berjaý eden mahalynda, onuň ýanynda bolmak bagtynyň miýesser edendigini uly buýsanç bilen ýatlady. 

                                                                   

 Bu ýerde umra hajy berjaý etmek bilen baglanyşykly ähli dessurlar ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Munuň özi hajy Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, umuman, tutuş türkmen halkyna çuňňur hormat-sarpanyň nyşany boldy. 

                                                                   

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz mukaddes Gara daşy öpüp, oňa togap etdi. Hormatly Prezidentimize üç ýerde — Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz bu ýerde musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny birkemsiz berjaý edip, mukaddesliklere togap etdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň maý aýynda mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda hajy Arkadagymyza hem şeýle belent hormat bildirilip, teperrik gowşurylypdy. 

                                                                   

Ine, bu gün bolsa Arkadagly Serdarymyza mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, bu teperrigi Türkmenistana we zähmetsöýer türkmen halkyna bildirilen çäksiz hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Käbäniň daşyna çykyp, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň, Watanymyzyň berkararlygynyň, abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň we hajy Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagynyň bähbidine ýagşy dilegleri etdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär.

02.06.2022
Milli ykdysadyýet: döwrebap ösüşe tarap

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň durnukly depginini üpjün etmek we bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek maksady bilen sanly tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy esasynda milli ykdysadyýetimiziň täze modeli has kämilleşýär. Hut sanly ulgamyň hasabyna dolandyryş işleri sazlaşykly ýöredilýär, şol bir wagtyň özünde täze usullar önümçilige oňaýly täsirini ýetirýär. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen elektron we ylmy ulgamy özleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hem oňyn çözülýär. Hut şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň diňe bir mukdary artman, hili hem gowulanýar, elýeterli nyrhlar emele gelýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döredilýän jemi içerki önümiň möçberinde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň yzygiderli ýokarlanmagy hem sanly tehnologiýalaryň hususy önümçilikde işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde, ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmekde we bank hyzmatlarynyň häzirkizaman tehnologiýalary arkaly alnyp barylmagynda bank ulgamynyň ösüşi örän möhümdir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrdy, bank hyzmatlarynyň hilini düýpli ýokarlandyrdy, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürdi. Hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleriniň («Internet-banking», «Mobil-banking») ornaşdyrylmagy netijesinde harajatlar üzül-kesil azaldy. Bu özgerişlikler ykdysady pudaklaryň ählisinde sazlaşykly ösüşleri üpjün edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Sebäbi ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy zähmet öndürijiligine hem täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden, internet ulgamyna geçýän kärhanalaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ikinjiden, önümçiligi sanlylaşdyrmak ýörelgesine eýerip, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrýan kärhanalar üçin bu ugurda amatly şertleriň döredilişine döwlet uly üns berýär.  

                                                                                                           

Suraý JUMAÝEWA,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

02.06.2022
Ilatyň desterhany üçin

Dostlugyň galla önümleri kärhanasynda un, çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bugdaýyň 14280 tonnasynyň gaýtadan işlenilendigi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 110,3 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigi-de aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Gaýtadan işlenilen şonça bugdaýdan gowy hilli unuň 10701 tonnasy öndürilip, bäş aýlyk meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Mundan başga-da bugdaý kepeginiň 3299 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama 102,1 göterim berjaý edildi.  

                                                                   

Kärhanada ýokary hilli çörek we çörek önümlerini öndürmekde hem guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar. Hasabat döwründe kärhanada gymmatly azyk önüminiň 581 tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň bäş aýy bilen deňeşdirilende, bu önümleriň 66 tonnasynyň artyk öndürilendiginden habar berýär. Kärhanada taýýar önümleri ilata öz wagtynda ýetirmek ugrunda-da degerli alada edilýär. Bu ýerde geçen döwürde ilatyň ösen isleginden peýdalanýan tüwiniň hem 300 tonnasy öndürilip, söwda nokatlaryna ugradyldy.  

                                                                   

Öňdebaryjy kärhananyň işgärleri esasy işleri bilen birlikde ýetip gelen galla oragyny hem taýýarlykly garşylaýarlar. Bu ýerde gymmatly azyk önümini kabul etmäge ammarlar doly taýýar edildi. Şeýle çemeleşme ilatyň desterhanynyň nygmatlardan doly bolmagyny kepillendirýär.  

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.

02.06.2022
Milli yk­dy­sa­dy­ýe­tiň­ gadamlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BERDIMUHAMEDOW:
— Tä­ze eý­ýam­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, ila­ty­my­zyň  ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri, ägirt uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len  iş­le­ri alyp bar­ýa­rys.
 

                                                                   

Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge uly üns berilýär. Göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün edýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny giňeldýär. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda dostlukly ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda özara söwdanyň görnüşlerini giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri durýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak, elektron senagatyň önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreler görülýär, ugurdaş düzümler bilen bilelikde telekeçiligi okgunly ösdürmek, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek işleri utgaşykly amala aşyrylýar. 

                                                                   

Eksport ugurly önüm öndürýän kärhanalary goldamak, şol sanda söwdany hem-de daşary ykdysady işi höweslendirmegiň häzirki zaman serişdelerini peýdalanmagy giňeltmek, şeýle-de, olary maliýe taýdan ösdürmek gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, söwda guramalary täze eksport bazarlaryna önümleri ibermäge höweslendirilýär, eksport ugurly önüm öndürýän kärhanalar goldanylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ykdysadyýet ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşmak bilen, telekeçiligiň höweslendirilmegine, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berýän köp sanly iri çäreleriň guramaçysy hökmünde çykyş edýär. 

                                                                   

Hususy bölegi ösdürmek boýunça Türkmenistanda giň gerimli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşmegine ýardam bermek, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin degişli şertleri döretmek, daşary ýurtlaryň işewürler toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň esasy wezipeleriniň biridir. 

                                                                   

Häzirki wagtda elektron söwdany ösdürmäge aýratyn üns bermek döwrüň talabydyr. Şunuň bilen baglylykda, söwdanyň sanlylaşdyrylmagyny köp babatda sarp edijiniň hereketleriniň häsiýetiniň we nusgasynyň üýtgemegi kesgitleýär. Bularyň hemmesi tehnologiýalaryň okgunly ösmegi, sanly ykdysady ulgamlaryň, innowasion işewürlik nusgalarynyň peýda bolmagy bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligiň we hususy telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Täze taryhy eýýamda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak hem-de beýleki wezipeler möhüm ähmiýete eýedir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde esasy ulgamlaryň ählisine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, sanly hyzmatlaryň görnüşleri giňeldilýär. Sanly ulgama geçirilmegi söwdada möhüm orun tutýar. Şoňa laýyklykda ýurdumyzda internet-söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. 

                                                                   

«Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan «Harytlary aralykdan satmagyň düzgünnamasy» işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol internet söwdasynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Düzgünnama harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak şertnamalaryny baglaşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen aralykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizilip, onda alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär. Bu kadalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, edara görnüşli taraplara, şonuň ýaly-da, hukuk tarapyny döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan hususy telekeçilere degişlidir. 

                                                                   

Ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlete dahylsyz bölegiň bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilmegi, hususy kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin giň mümkinçilikler açdy. 

                                                                   

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini beýan edýän maksatnamalar sebit we dünýä möçberinde milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hususy ulgamyň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Şu maksatlar bilen ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça meýilnamalaýyn çäreler, iri düzümleýin işler durmuşa geçirilýär, maliýe-bank, býujet-salgyt hem-de pul-karz ulgamlary kämilleşdirilýär. Şunda çeýe makroykdysady syýasatyň geçirilmegine, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegine, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Halkara bilermenleriniň pikirine görä, häzirki döwürde Türkmenistanda düýpli maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam hereket edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oňyn meýilleriniň durnuklylygy barada Halkara pul gaznasynda, Bütindünýä bankynda we beýleki abraýly halkara guramalarynda, maliýe düzümlerinde bellenilýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň we beýleki makroykdysady görkezijileriň ýokary derejede saklanýandygy muňa esas bolup durýar. 

                                                                   

Mähriban halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

                                                                                                                                                   

Beýleki habarlar

                           

  •                                                                                            Mekgäniň keramatly topragyna zyýarat                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Hyzmatdaşlygyň täze nusgasy                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Dur­mu­şyň gü­li, döw­rüň buý­san­jy                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Çagalaryň bagty — dünýäniň bagty                                                                                       

                                                   4 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Baş maksat — ýaş nesilleriň röwşen geljegi                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Aýdyň ertirlere ynam bilen                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Döwletliligiň milli ahlak ýörelgeleri                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Möwsüme taýýarlykly geldiler                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ussatlar hemişe öňde                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ruhy baýlygyň çeşmesi                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Her çitimi bir many                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Kadalary berjaý edeliň!                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ýol görkeziji şamçyrag                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Gymmatly kitap                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Sanly ulgamyň mümkinçilikleri                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Sporta höwes artýar                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Gözbaşy sagdynlykdan başlanan baýram                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Durmuşymyzyň baş ýörelgesi                                                                                       

                                                   8 sagat öň                                           

02.06.2022
Kämil binagärligiň nury

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy»  ýylymyz hem bagtyýar pursatlara baý ýyllaryň biri hökmünde toý-baýramlara beslenýär. Şu ýylyň 18-nji maýynda  Konstitusiýamyzyň  we Döwlet baýdagymyzyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçildi. Golaýda bolsa Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylygyny uludan belläp geçdik. 

                                                                   

Ginnesiň Bütindünýa rekordlar kitabyna altyn harplar bilen ýazylan Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat sebitde halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Dünýäniň dürli döwletleriniň, abraýly halkara guramalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän syýasy, ykdysady we medeni dabaralar mukaddes Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Muňa 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda köp döwletleriň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň gurduran özüniň binagärlik ajaýyp keşbi bilen dünýäni haýrana goýýan «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasynda geçirilen «Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň» 15-nji sammiti, hem mysal bolup biler. Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda meşhur merkeze öwrülýär. 

                                                                   

Aşgabat geljegiň şäheridir. Oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz şaýollardyr köçeler bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Aşgabadyň erteki ýaly gündizki we gijeki görnüşleri, owadanlygy, gözelligi köpleri haýran galdyrýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen asuda Watanymyzda halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini äleme äşgär edýär. 

                                                                   

Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Bazar MUHAMMETGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy.

02.06.2022
San­ly Türk­me­nis­tan — aý­dyň gel­jek

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, bütin dünýäde bolşy ýaly, «Sanly ykdysadyýet» düşünjesi özüne mynasyp orun aldy. Ol maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýola goýuldy we olar üstünlikli amal edilýär. Olar «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» daýanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna düşünmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetli bolan bu resminama ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri esasy ugurlary beýan edilip, ony 3 tapgyrda durmuşa geçirmek bellenilýär. Milli ösüşiň meýilnamasyna giren sanlylaşdyrmak syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä bilen aýakdaş gitmek maksatlaryny öz içine alýar. 

                                                                   

Konsepsiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňünde innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýeňil bolmadyk wezipe goýdy. Elbetde, sepgide ýetmek üçin degişli hukuk binýady zerur bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly ulgama geçmegiň çäklerinde onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Kanunda elektron resminama dolanyşygy, elektron söwda, kommunikasiýa aragatnaşyk torlary, elektron amallar we olardan peýdalanmagyň kadalary barada düşünjeler berilýär.  

                                                                   

Elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynançly dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada ýokarda salgylanylýan Türkmenistanyň Kanunynda bellenildi. Ol bolsa sanly hyzmatlaryň we dolanyşygyň hukuk esasyny emele getirýär.  

                                                                   

«Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýilýäniniň biziň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlandygy duýulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitleýän netijeleriň ýokarlanylmagyna we ykdysady kuwwatyň pugtalanmagyna itergi berýän dördünji senagat rewolýusiýasyny durmuşa geçirmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerekdir. Şoňa laýyklykda, maglumat eýýamynda, dördünji senagat rewolýusiýasy şertlerinde tehnologik täzelikleri önümçilige ornaşdyrmazdan bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak mümkin däldir. Sanly ykdysadyýet elektron senagatyny döretmekligi, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyny aradan aýyrmaklygy talap edýär. Gurluşyk ulgamynda täze döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň gazananlaryny giňden ulanmak arkaly «akylly öý» ulgamy esasynda binalar gurlup başlandy we bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşandyny goşmak, sanly ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşige Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary, magistrantlary we talyplary hem gatnaşdylar. «Innowasion şäher» tematiki ugry boýunça institutyň magistranty Şageldi Weliýew I orna we «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar» tematiki ugry boýunça institutyň mugallymy Narly Babanazarow III orna mynasyp boldular. Bu «akylly öý» taslamasy Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda ilkinji gezek ornaşdyryldy. Munuň özi maglumatlar eýýamynda sanly ulgam arkaly ykdysadyýetini kuwwatlandyrýan ýurtlar bilen ata Watanymyz Türkmenistanyň hem aýakdaş gitmegine ýardam edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň sany barha artýar, «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary giňeldilýär. Ulag ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şeýle hem, ykjam maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzda demir ýol petekleri nobata durman satyn almak mümkinçiligi döredilip, olaryň onlaýn tertipde satuwy ýola goýuldy. Şeýle hem taksi hyzmatynyň täze görnüşleri hödürlenip başlandy. Hususan-da, paýtagtymyzdaky «Taksomotor awtoulag» kärhanasynda hereket edýän onlarça ýeňil awtoulaglara planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy. 

                                                                   

Mahlasy, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijesi döwletimizde ähli ykdysady pudaklaryň yzygiderli kämilleşmegine getirýär. 

                                                                                                           

Täzegül TAGANOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň magistranty.

01.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 31-nji maý (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da 2022-nji ýy­lyň bäş aýyn­da Ýa­rag­ly Güýç­le­riň eda­ra­la­ry­nyň alyp ba­ran iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne ga­ral­dy, Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mek, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we söz ber­di. Mi­nistr şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy, ka­nu­ny­ly­gy hem-de düz­gün-ter­ti­bi sak­la­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga, es­ger­le­riň we ser­ker­de­le­riň gul­luk et­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin de­giş­li şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len har­by öz­gert­me­le­riň bar­şy ha­sa­ba­tyň aý­ra­tyn me­se­le­si bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­nyň ýur­du­myz­da pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li go­şu­ny teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň dur­muş üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di. Şeý­le-de ugur­daş okuw mek­dep­le­riň ýaş har­by ta­lyp­la­ry­nyň hem-de har­by gul­lu­gy geç­ýän es­ger­le­riň ara­syn­da wa­tan­çy­lyk-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni gu­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da Ýa­rag­ly Güýç­le­riň ha­tar­la­ryn­dan äti­ýaç­ly­ga goý­ber­mek we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň ýaz­ky ça­gy­ryş möw­sü­mi bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň de­giş­li de­re­je­de, ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da ge­çi­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly­dy­gy­ny nyg­tap, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na, go­ran­mak mi­nist­ri­ne bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy sö­zü­ni do­wam edip, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe hä­zir­den taý­ýar­lyk gör­lüp baş­lan­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Baş pro­ku­ror B.At­da­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni ulan­mak bo­ýun­ça ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň alyp bar­ýan anyk iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren, şol san­da iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň sü­tün­le­ri­ni ber­kit­mek­de, ada­lat­ly­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mek­de pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şun­dan ugur al­nyp, pro­ku­ra­tu­ra iş­gär­le­ri tä­sir et­mek çä­re­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­ma­ly­dyr­lar, Türk­me­nis­tan­da ka­nun­la­ryň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň berk hem-de hem­me­ler ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­bat­da gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ly­dyr­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di we Baş pro­ku­ro­ra de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak hem-de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem IIM-niň ýol­baş­çy­sy paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ulag akym­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu eda­ra­nyň öňün­de je­na­ýat­çy­lyk­la­ry we ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk düz­gün bo­zul­ma­la­ry­ny öňün­den duý­dur­mak, ola­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni go­ra­mak ýa­ly jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. To­mus pas­ly döw­rün­de ýan­gy­na gar­şy howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­gi he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy mi­nist­re üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pe­le­ri do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin has ne­ti­je­li usul­la­ry hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­ma­ly­dy­gy­ny, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­ly­dy­gy­ny, şu­ňa la­ýyk­lyk­da, IIM-niň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy we bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Us­sa­ne­pe­sow şu ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ada­lat­ly­lyk hem-de ka­zy­ýet önüm­çi­li­gi ýö­rel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin gör­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­me­giň äh­li ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän döw­let go­rag­ly­ly­gy­nyň ne­ti­je­li gu­ra­ly hök­mün­de mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­na uly or­nuň be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu eda­ra­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri ka­nu­ny­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy hem-de düz­gün-ter­ti­bi üp­jün et­mek­den, hu­kuk düz­gün bo­zul­ma­la­ry­na ge­ti­ren se­bäp­le­ri we şert­le­ri ara­dan aýyr­mak­dan yba­rat­dyr di­ýip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy sö­zü­ni do­wam et­di hem-de eda­ra­nyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri G.An­na­ýew 2022-nji ýy­lyň bäş aýyn­da ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­ny go­ra­mak, Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, jem­gy­ýet­de yla­la­şyk­ly­ly­gy, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, bu eda­ra­nyň öňün­de, esa­san, ýur­du­my­zy gel­jek­de-de dep­gin­li ös­dür­mek üçin oňaý­ly jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ýag­da­ýyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi, döw­rüň we­him­le­ri­ne hem-de howp­la­ry­na gar­şy dur­mak ýa­ly we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­la­ry üs­tün­lik­li çöz­mek üçin hä­zir­ki za­man ylym­la­ryn­dan, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ze­rur­dyr. 

                                                                   

Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ýan­war — maý aý­la­ryn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň go­ra­gyn­da­ky ser­het go­şun­la­ry­nyň gul­luk­çy­la­ry­nyň düz­gün-ter­ti­bi­ni, sö­weş­jeň we yn­san­per­wer taý­ýar­ly­gy­ny güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ser­het­çi­le­riň öz borç­la­ry­ny bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­ti­rip, gi­je-gün­diz gu­ry ýer­de we de­ňiz­de ser­het­deş döw­let­le­riň äh­li­si bi­len dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýan hem-de iş­jeň ös­dür­ýän Wa­ta­ny­my­zyň ser­het­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­me­li­di­gi­ni bel­läp, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri tä­ze ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry ba­bat­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak hem-de öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt tej­ri­be­si we dün­ýä­niň hu­kuk ula­nyş işin­de he­re­ket ed­ýän ka­da­lar göz öňün­de tu­tu­lyp kä­mil­leş­di­ril­ýän mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ýa­kyn we uzak möh­let­le­ýin gel­je­ge ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na öw­rü­len ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm ugur­la­ry gi­ňiş­le­ýin öw­ren­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn hu­kuk öz­gert­me­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, onuň baş we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­niň umu­my ka­bul edi­len hal­ka­ra ka­da­la­ry we öl­çeg­le­ri mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk ge­tir­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di hem-de de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de bu dü­zü­miň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len yzy­gi­der­li çä­re­ler, güm­rük­ha­na­lar­da ge­çi­ril­ýän iş­ler hem-de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň mö­hüm çat­ry­gy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän geost­ra­te­gik or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ugur­da­ky iş­le­riň möç­be­ri­niň art­ma­gy gul­lu­gyň üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne has jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de ha­ryt­la­ryň we ulag se­riş­de­le­ri­niň ýur­du­my­zyň güm­rük ser­het­le­ri ar­ka­ly geç­mek düz­gü­ni­niň ber­jaý edi­li­şi­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy ta­lap et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li amal­la­ryň hal­ka­ra öl­çeg­le­riň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­çi­ri­li­şi­ne, ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy­na gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy N.Ata­ga­ra­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­sy­nyň iş­le­ri­ni ne­ti­je­li gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len, 2022-nji ýy­lyň bäş aýyn­da gör­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ýa­rag­ly Güýç­le­riň äh­li dü­züm­le­rin­de bol­şy ýa­ly, bu eda­ra­nyň işi­ne hem tä­ze­çil usul­la­ry, san­ly ul­gam­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­ly­dy­gy­ny, şun­da da­şa­ry ýurt­la­ryň oňyn tej­ri­be­si­ni ulan­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy eda­ra­nyň öňün­de dur­ýan ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri kes­git­läp, gul­lu­gyň işin­de mig­ra­si­ýa me­se­le­le­ri ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na pug­ta eýe­r­me­gi­, iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­ge il­kin­ji no­bat­da üns ber­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, biz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, dün­ýä­niň ýurt­la­ry we halk­la­ry bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýa­rys. Bi­ziň şu mak­sat­la­ra esas­la­nyp ka­bul eden Har­by dokt­ri­na­myz hem go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir. Biz go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­zyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň dü­zü­mi­ni mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­re­ris. Ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny has-da ber­ki­de­ris. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş, gul­luk, iş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­gi do­wam ede­ris di­ýip nyg­ta­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Ser­dar Berdimuhamedow mej­li­si ta­mam­lap, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk, hal­ky­my­zyň asu­da we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan jo­gap­kär­li gul­luk­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

01.06.2022
Ösüşiň kämil ugry

Sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe baş meseleler milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek bolup durýar. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şunda şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlary hem ösdürilýär. Sanly ulgam söwda kärhanalary sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga, söwdany guramak işini kämilleşdirmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge mümkinçilik berýär. Müşderiler üçin harytlaryň elýeterli bolmagy üpjün edilýär. Sanly ulgamyň kömegi bilen, amallar işi ýeňilleşýär, bu bolsa harydyň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 13-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipeleriniň durmuşa geçirilişine garalmagy bu işleriň hemişe üns merkezinde durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň 2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyryň wezipeleri amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ikinji tapgyrda «Elektron hökümet» ulgamyny doly işe girizmek meýilleşdirilýär. Häzir Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ilata edilýän jemagat hyzmatlary sanly ulgama geçirilip, hödürlenýän döwlet hyzmatlarynyň gerimi giňeldildi, olar bir bitewi döwlet hyzmatlar ulgamyna birikdirildi.  

                                                                   

Mejlisiň barşynda gurluşyk-senagat we söwda toplumlarynyň ulgamlarynda, bilim ulgamynda, oba senagat toplumynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berer. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet üçin işgärleri taýýarlamakda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda döwlet gullukçylarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gaýtadan taýýarlamak maksatnamasyny amala aşyrmak wezipesi-de bar. Institutymyzda bu ugurda hem netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýetiň talaplaryny nazara almak bilen, dürli pudaklaryň işgärleri üçin hünärini ýokarlandyrmak ulgamy ýola goýuldy. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna täsir eder. Bu ugurdaky işleriň netijeliliginiň bitewüligini üpjün etmekde ýaş hünärmenlere aýratyn orun degişlidir. Sanly ösüş ugry häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegini hem nazarlaýar. Nesip bolsa, bu ugurda bilim alýan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişerler. 

                                                                   

 Berdimyrat ORAZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Sanly ykdysadyýet» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym.
 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Sanly ulgamyň mümkinçilikleri 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu babatdaky tagallalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem sanly ulgama geçmekde, ylaýta-da sanly maglumat dolanyşygyna esaslanýan döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny raýatlara hödürlemekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Gullugymyzyň resmi internet (www.migration.gov.tm) sahypasynda hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler we täzelikler bilen okyjylaryň wagtynda tanyşmagy üçin habarlar türkmen, rus we iňlis dillerinde yzygiderli ýerleşdirilýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019—2025- nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, şeýle hem raýatlara sanly ulgam arkaly döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen, Gullugymyzyň internet sahypasy has-da kämilleşdirildi. Internet sahypamyzda «Multimedia» bölümçesi döredilip, ol ýerde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri wasp edýän wideoýazgylar we migrasiýa iş ugurlary bilen baglanyşykly suratlar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da raýatlarymyza berilýän migrasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin «Online hyzmatlary» bölüminde «Onlaýn elektron nobata ýazylyş ulgamy» işe girizildi.  

                                                                   

Döwrebap hyzmatlaryň üsti bilen raýatlara biometriki maglumatly pasport almak üçin elektron nobata ýazylmaga mümkinçilik döredildi. Bu hyzmatlar raýatlaryň gymmatly wagtyny tygşytlamaga hem-de amatly wagtda resminama tabşyrmak üçin nobata durmaga giň mümkinçilikleri döredýär.  

                                                                   

Biz — harby gullukçylara öz işlerimizi ýokary derejede ýerine ýetirip, raýatlara ýokary hilli, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

                                                                   

 Perman AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.

01.06.2022
Uzak möhletli ösüş strategiýasy

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden özbaşdak türkmen döwleti berkarar edilenden soň, geçilen ösüş ýolumyzyň her bir ýyly üstünliklere beslenýär. Şöhratly ýyllaryň hatarynda 2022-nji ýyl aýratyn bellenip geçilmelidir. Çünki «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen bu ýyl ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürilmegini üpjün etjek, türkmen halkynyň röwşen geljegine giň ýollary açjak, giň gerimli özgertmeleri özünde jemleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilen ýylydyr. Bu ýyl milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanmasyna öwrülen döwlet ýolbaşçysynyň saýlawlarynda halkyň belent ynamyna mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýylydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiýasyny öňe sürdi we onuň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bolsa ýurdumyzyň düýpli ösüşine itergi berdi. 2022-nji ýylyň geçen aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylan üstünlikler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurt boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň möçberiniň barha artmagy, köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ilatyň girdejileriniň artyp, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen merdana halkymyzyň gazanan üstünlikleridir. 

                                                                   

Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlarynyň bolmagy ýurdumyzda energetika pudagyny, senagatyň nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa, gurluşyk materiallary we gaýtadan işleýän beýleki pudaklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda ýerli çig mallary gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň ösdürilmegi halk hojalygynyň senagatlaşmak derejesini ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmakda, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uzak geljege gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini düzüm taýdan kämilleşdirmek, ony gurluş taýdan düýpli özgertmek meseleleri möhüm orun eýeleýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde milli ykdysadyýetiň durnukly we ygtybarly ösmeginiň möhüm şertleriniň biri hem hususy telekeçiligi çalt depginler bilen ösdürmekdir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususyýetçileri haryt önümçiligini ösdürmekde, iri maýa goýum taslamalaryny özleşdirmekde, önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmakda, dünýä bazarlaryna çykarylýan harytlaryň möçberlerini artdyryp, ýurduň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda saldamly işleri durmuşa geçirýärler. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy telekeçileriň başlangyçlaryny döwlet tarapyndan höweslendirmek hem-de goldamak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny giň gerim bilen ösdürmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda işlenip düzülen ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna itergi berer. Diýarymyzy ösüş-özgerişler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Gulgeldi GULGELDIÝEW,

                       

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.

31.05.2022