Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan «Durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda sanly tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mejlisler zalynda «Durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda sanly tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. 

Ylmy-amaly maslahata ykdysady, maliýe we bank toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor - mugallymlary, alymlary
 hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärler we talyplar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maliýe-ykdysady özgertmeler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça ýetilýän belent sepgitler maslahatyň gün tertibiniň esasyny düzdi.  

Hususan-da ylmy-amaly maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi barada durlup geçildi. Durmuş ulgamyny nazarlaýan çeýe ykdysady strategiýanyň maliýe, karz, býujet, salgyt baha ugruny emele getirýän häzirkizaman bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz serişde, senagat, zähmet we intellektual mümkinçilikleriň köpugurly esasda ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hemişe nygtaýar. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, bu strategiýanyň netijeliligi, onuň anyk hasaplamak, ykdysady,durmuş we demografiýa şertlerini jikme-jik seljermek arkaly ylmy esasda işlenip taýýarlananlygydyr.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň önümçilik binýatlarynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mükinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze pudaklarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär.

Bellenilişi ýaly, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary ýurt we we ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa seişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen karz serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyz milli ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn ulgamyna esaslanýan täze guralyny döretmäge girişdi. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagyny nazara alyp, durmuş ulgamyny nazarlaýan çeýe ykdyady strategiýany işläp taýýarlady.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen zerur tagallalaryň ediljekdigi barada aýdyldy.


  Parahat Meretliýew

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet 

ministrliginiň baş hünärmeni